Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 69 sah. 164—sah. 165 abz. 2
  • Merýemiň ýanyna perişde gelýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Merýemiň ýanyna perişde gelýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Perişde Merýemiň ýanyna gelýär
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Isa pygamber dogulmanka, oňa hormat goýulýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • «Men Ýehowanyň gyrnagydyryn!»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Durmuşa çykmadyk Merýem göwreli bolýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 69 sah. 164—sah. 165 abz. 2
Jebraýyl perişde Merýemiň ýanyna gelýär

69-NJY SAPAK

Merýemiň ýanyna perişde gelýär

Ýusup düýşünde perişde bilen gepleşýär

Merýem Elizabetiň garyndaşydy. Ol ýaş gyzdy. Merýem Jeliläniň Nazaret şäherinde ýaşaýardy. Ýusup Merýemi gowy görýärdi. Oňa öýlenmek isleýärdi. Ol agaç ussasydy. Bir gezek Jebraýyl perişde Merýemiň ýanyna gelýär. Şonda Elizabetiň göwreli bolanyna alty aý bolupdy. Ol Merýeme: «Salam Merýem! Hudaý saňa ýagşylyk etdi» diýýär. Merýem perişdäniň aýdan zatlaryna düşünmeýär. Perişde: «Sen göwreli bolup, ogul dograrsyň. Adyna Isa dakarsyň. Ol patyşa bolar. Onuň patyşalygyny hiç kim ýok edip bilmez» diýýär.

Merýem: «Men entek durmuşa çykmadym. Nädip çagam bolsun?» diýýär. Jebraýyl: «Ýehowa hemme zat edip bilýär. Garyndaşyň Elizabetiň basym çagasy bolar. Saňa Ýehowanyň mukaddes ruhy iner. Senem ogul dograrsyň» diýýär. Şonda Merýem: «Men Hudaýyň gyrnagy. Ýehowa näme diýse, şol hem bolsun» diýýär.

Merýem göwreli bolsa-da, Ýusup oňa öýlenýär

Merýem Elizabeti görmäge barýar. Ol Elizabet bilen salamlaşanda, onuň çagajygy gymyldaýar. Şonda Hudaý Elizabete şeýle sözleri aýtdyrýar: «Merýem, Ýehowa saňa ýagşylyk etdi. Sen bagtly aýal. Gelejekki patyşamyň ejesi öýüme geldi. Sen-ä meni begendirdiň». Merýem: «Men Ýehowa ýürekden minnetdar!» diýýär. Merýem üç aýlap Elizabetlerde bolýar. Soňra Nazarete, öýüne gaýdýar.

Ýusup Merýemiň göwrelidigini bilýär. Şonuň üçin oňa öýlenesi gelmeýär. Ýöne bir gün düýşünde perişdäni görýär. Perişde: «Gorkma, Merýeme öýlen. Ol erbet iş etmedi» diýýär. Şondan soň Ýusup Merýeme öýlenýär. Ony öýüne alyp gaýdýar.

«Gökde hem ýerde... Ýehowanyň islegi amala aşýar» (Zebur 135:6).

Soraglar: Jebraýyl perişde Merýeme näme diýdi? Seniň pikiriňçe, bolan wakalar Elizabete we Merýeme nähili täsir etdikä?

Matta 1:18—25; Luka 1:26—56; Işaýa 7:14; 9:7; Danyýar 2:44; Galatýalylar 4:4

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş