Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 84
  • Perişde Merýemiň ýanyna gelýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Perişde Merýemiň ýanyna gelýär
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Merýemiň ýanyna perişde gelýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • «Men Ýehowanyň gyrnagydyryn!»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Isa pygamber dogulmanka, oňa hormat goýulýar
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Ol «ähli aýdylan zatlary ýüreginde saklady»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 84

84-NJI HEKAÝA

Perişde Merýemiň ýanyna gelýär

BU OWADAN gyzyň ady Merýem. Bu ysraýylly gyz Nasyra şäherinde ýaşaýar. Hudaý onuň asylly gyzdygyny bilýärdi. Şonuň üçin Hudaý onuň bilen gürleşmäge Jebraýyl perişdäni iberýär. Gel, Jebraýyl perişdäniň Merýeme näme diýenini bileli.

Perişde Merýeme:

— Salam, eý gözel gyz! Ýehowa seniň bilen — diýýär. Merýem perişdäni öň görmändi. Merýem onuň näme diýjek bolýanyna düşünmän aljyraýar. Emma Jebraýyl perişde şobada ony köşeşdirýär:

— Gorkma, Merýem. Sen Hudaýdan merhemet tapdyň. Şol sebäpli hem Hudaý seniň üçin bir täsin zat etmekçi. Seniň ogluň bolar, onuň adyna Isa dakarsyň — diýýär. Soňra perişde oňa:

— Ol uly bolar, Oňa hemmelerden Beýik Hudaýyň Ogly diýler. Ýehowa ony Dawut ýaly patyşa eder. Ýöne Isa baky patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz! — diýýär.

Merýem perişdä:

— Bu nähili bolar? Men äre barmasam, erkek adam bilen ýaşamasam, menden nädip çaga bolar? — diýdi.

Jebraýyl perişde:

— Hudaýyň güýji seniň üstüňe iner, şonuň üçin hem doguljak çaga Hudaýyň Ogly diýler. Ine, garyndaşyň Elizabeti ýadyňa sal. Adamlar oňa çaga dogrardan garry diýýärdiler. Emma basym onuň ogly bolar. Görýäňmi, Hudaýyň başarmajak zady ýokdur — diýýär.

Merýem:

— Ine, men Ýehowanyň gyrnagy. Maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun — diýip, dessine ylalaşýar. Perişde bolsa gözden ýitýär.

Merýem Elizabetiň ýanyna barmaga howlugýar. Elizabet Merýemiň salamyny eşidende, göwresindäki çaga şatlykdan ýaňa böküp başlaýar. Elizabet Hudaýyň ruhundan dolup, şatlyk bilen: «Sen aýallar içinde bagtlysyň» diýdi. Merýem Elizabetlerde üç aýa golaý bolup, soňra öýüne gaýdýar.

Tiz wagtdan Merýem Ýusup atly bir adama durmuşa çykmalydy. Emma Ýusup Merýemiň göwrelidigini eşidende, oňa öýlenmejek bolýar. Şonda Hudaýyň perişdesi oňa: «Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, oňa Hudaý ogul berdi» diýýär. Şonuň üçin Ýusup Merýeme öýlenýär. Olar Isanyň dogulmagyna garaşýarlar.

Luka 1:26—56; Matta 1:18—25.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş