Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 81 sah. 190—sah. 191 abz. 2
  • Isanyň Dagdaky wagzy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň Dagdaky wagzy
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Isa näme üçin Beýik Mugallymdy?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Ýagşylyk ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • «Men size dostlarym diýýärin»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Saňa Hudaý barada bilmek gerek
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 81 sah. 190—sah. 191 abz. 2
Isa dagyň eteginde märekä wagyz edýär

81-NJI SAPAK

Isanyň Dagdaky wagzy

Isa 12 şägirdini saýlandan soň, dagdan düşýär. Dagyň etegi adamdan doludy. Olar Jelileden, Ýahudadan, Tirden, Sidondan, Siriýadan we Iordan derýasynyň beýleki tarapyndan gelipdirler. Olaryň arasynda her dürli keselli we içine jyn giren adamlar bardy. Isa olaryň ählisini sagaltdy. Soňra dagyň eteginde oturdy. Olara Hudaý bilen dostlaşmak üçin näme etmelidigini öwretdi. Biz hem Ýehowa bilen dostlaşmaly we Ony söýmegi öwrenmeli. Ýöne biz adamlary söýmesek, Hudaýy söýüp bilmeris. Şonuň üçin ähli adamlar, hatda duşmanlarymyz bilen hem mähirli gepleşmeli. Hemmeleri deň görmeli.

Isa şeýle diýdi: «Diňe dostlaryňyzy söýmäň. Size ýamanlyk edýän adamlary hem söýüň. Adamlary ýürekden bagyşlaň. Eger biri göwnüňize degse, onuň bilen derrew ýaraşyň. Özüňize näme etmeklerini isleseňiz, başgalara-da şony ediň».

Isa dagyň eteginde märekä wagyz edýär

Isa başga-da gowy zatlary öwretdi. Ol adamlara şeýle diýdi: «Köp pul gazanjak bolmaň. Ýehowa bilen dost boluň. Ogrular puluňy ogurlap bilýär. Ýöne Ýehowa bilen dostlugyňy hiç kim bozup bilmeýär. Näme iýerin, näme içerin, näme geýerin diýip alada etmäň. Guşlara serediň, Hudaý olara her gün iýmäge zat berýär. Alada edip kynçylygy çözüp bolmaýar. Ýehowa size nämäniň gerekdigini gowy bilýär».

Adamlar Isanyň öwredişine haýran galdylar. Dini ýolbaşçylar olara gowy zatlary öwretmeýärdi. Isa adamlara Ýehowadan öwrenen zatlaryny gürrüň berýärdi. Şonuň üçin hem ökde mugallymdy.

«Men ýumşak we pesgöwünlidirin, meniň boýuntyrygymy dakynyň, menden görelde alyň, şonda janyňyz rahatlyk tapar» (Matta 11:29).

Soraglar: Ýehowanyň dosty bolmak üçin näme etmeli? Biz adamlary nädip söýmeli?

Matta 4:24—5:48; 6:19—34; 7:28, 29; Luka 6:17—31

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş