Ýagşylyk ediň
«Ýagşylyk etmegiňizi bes etmäň» (LUKA 6:35, TD).
1, 2. Näme üçin adamlara ýagşylyk etmek käte aňsat däl?
ADAMLARA ýagşylyk etmek käte aňsat däl. Ýagşylyk edende, olar biziň gadyrymyzy bilmezligi mümkin. Meselem, adamlaryň ruhy taýdan aladasyna edip, «mübärek Hudaýyň [onuň Oglunyň]... şöhratly Hoş Habaryny» wagyz edenimizde, olar sowuk-sala garaýarlar ýa-da minnetdarlyk bildirmeýärler (1 Tim. 1:11). «Mesihiň haçyna duşman bolup» ýigrenç bildirýänler hem bar (Flp. 3:18). Biz, mesihçiler şeýle adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly?
2 Isa Mesih şägirtlerine şeýle diýdi: «Duşmanlaryňyzy söýüň, ýagşylyk ediň» (Luka 6:35). Häzir onuň şu beren öwüt-nesihatyna ünsli serederis. Şeýle-de Isanyň adamlara ýagşylyk etmelidigi baradaky başga pikirlere-de seretsek peýdaly bolar.
«Duşmanlaryňyzy söýüň»
3. a) Matta 5:43—45-nji aýatlardaky Isanyň sözleriniň manysy näme? b) Ýehudy dini ýolbaşçylaryň aýtmagyna görä, ýehudylar we ýehudy däller bilen nähili gatnaşykda bolmalydy?
3 Isa özüniň Dag wagzynda diňleýjilerine duşmanlary söýmegi we yzarlaýanlar üçin doga etmelidigini aýtdy (Matta 5:43—45-nji aýatlary okaň). Ol Hudaýyň: «Öz halkyň ogullaryna ýamanlyk etme we öç alma, ýakynyňy özüň ýaly söý» diýen tabşyrygyny gowy bilýän ýehudylara ýüzlenipdi (Lew. 19:18). I asyrda ýehudy dini ýolbaşçylary «öz halkynyň ogullary» we «imandaşlary» diýen jümleleri diňe ýehudylara degişli hasaplaýardylar. Musanyň kanuny boýunça ysraýyllylar başga halklara goşulmaly däldiler, ýöne wagtyň geçmegi bilen ýehudy dälleriň ählisini duşman hasaplap, olary ýigrenip başladylar.
4. Isanyň şägirtleri duşmanlara nähili garamalydylar?
4 Gaýtam, Isa şeýle diýdi: «Duşmanlaryňyzy söýüň,.. yzarlaýanlar üçin doga ediň» (Mat. 5:44). Görşümiz ýaly, onuň şägirtleri duşmançylyk edýänlere söýgi bildirmelidiler. Lukanyň Hoş habaryna görä, Isa şeýle diýdi: «Meni diňleýänler, size diýýärin, duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi ýigrenýänlere ýagşylyk ediň. Özüňize gargaýanlar barada ýagşy dilegde boluň, özüňizi ynjydýanlara doga ediň» (Luka 6:27, 28). Birinji asyrdaky Isanyň sözlerini ýüregi bilen kabul edenler ýaly biz hem duşmanlara rehimli garap, «özümizi ýigrenýänlere ýagşylyk edýäris». «Özümize gargaýanlar barada ýagşy dilegde bolup», olar bilen mähirli gepleşýäris. Şeýle-de bizi yzarlap, rehimsizlik edýänler ýa-da sögýänler üçin doga edýäris. Şeýle dilegler duşmanlarymyzy söýýändigimizi görkezýär, çünki olaryň özgerişikler edip, Ýehowanyň dosty bolmagyny isleýäris.
5, 6. Biz näme üçin duşmanlarymyzy söýmeli?
5 Biz näme üçin duşmanlarymyzy söýmeli? Isa: «Göklerdäki Ataňyzyň ogullary bolar ýaly, duşmanlaryňyzy söýüň» diýdi (Mat. 5:44, 45). Eger biz bu maslahata eýersek, Ýehowadan görelde alýan Hudaýyň «ogullary bolarys», ol «Gününi ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar». Lukanyň Hoş habarynda Hudaý «gadyr bilmezlere-de, ýamanlara-da mähribandyr» diýilýär (Luka 6:35).
6 Isa şägirtleri üçin «duşmanlary söýmegiň» wajypdygyny belläp, şeýle diýdi: «Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylagyňyz bolar? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi? Diňe öz gardaşlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda, näme artykmaç iş edýärsiňiz? Milletler-de şeýle etmeýärmi?» (Mat. 5:46, 47). Eger biz diňe söýýänleri söýsek, onda hiç hili «sylagymyz» bolmaz ýa-da Hudaýy razy etmeris. Hatda ýigrenilýän salgytçylar hem olary söýýänleri söýýärdiler (Luka 5:30; 7:34).
7. Diňe «doganlarymyz» bilen salamlaşsak, näme üçin artykmaç iş edýändigimizi görkezmeýär?
7 Ýehudylar salamlaşanda «parahatlyk» sözi ulanypdyrlar (Kaz. 19:20; Ýahýa 20:19). Bu adama saglyk, bagt we üstünlik islenilýändigini aňladýardy. Eger biz diňe «doganlarymyz» bilen salamlaşsak, «artykmaç iş edýändigimizi» görkezmeýär. Isa «milletleriň-de şeýle edýändigini» aýtdy.
8. Isa: «Kämil boluň» diýende, nämä höweslendirdi?
8 Isanyň şägirtleri miras alan günä sebäpli, kemsiz ýa-da kämil bolup bilmeýärler (Rim. 5:12). Emma Isa sözüni jemläp: «Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz-de kämil boluň» diýdi (Mat. 5:48). Şeýdip, ol şägirtlerini «göklerdäki Atasy» Ýehowadan görelde alyp, söýgüsini kämilleşdirmäge höweslendirdi. Olar bu ajaýyp häsiýeti bütinleý ösdürip, duşmanlaryny söýmegi öwrenmelidiler. Biz hem şeýle etmeli.
Näme üçin ýazyklary geçmeli?
9. «Ýazyklarymyzy bagyşla» diýmek nämäni aňladýar?
9 Bize garşy günä edenleri mähirli bagyşlamak bilen biz ýagşylyk edýäris. Isanyň nusgalyk dogasynda şeýle diýilýär: «Bize ýamanlyk edýänleriň ýazyklaryny geçişimiz ýaly, Sen-de biziň ýazyklarymyzy geç» (Mat. 6:12). Görşümiz ýaly, Lukanyň Hoş habarynda Isa «ýazyk» diýende, «günäni» göz öňünde tutdy: «Günälerimizi bagyşla. Çünki biz hem özümize garşy günä edenleriň barynyň günäsini geçýäris» (Luka 11:4).
10. Bagyşlamak babatda Hudaýdan näme öwrenip bileris?
10 Biz toba edýän günäkärleri aňsatlyk bilen bagyşlaýan Hudaýdan görelde almaly. Pawlus resul şeýle höweslendirdi: «Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (Efes. 4:32). Mezmurçy Dawut şeýle nagma aýtdy: «Reb rehimdar we mähribandyr; gahary gelmezek, merhemeti boldur... Ol bize günälermize laýyk iş etmedi, ýazyklarymyza laýyk jeza bermedi... Gündogar günbatardan nähili uzak bolsa, şonça-da Ol jenaýatlarymyzy bizden uzaklaşdyrdy. Atanyň ogullaryna nähili haýpy gelýän bolsa, şonça-da Rebbiň Ondan gorkýanlara haýpy gelýändir.Çünki Ol biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň ýadynda» (Zeb. 103:8—14).
11. Hudaý kimi bagyşlaýar?
11 Adamlar özüne garşy günä edenleri bagyşlasalar, diňe şonda Hudaý olary bagyşlar (Mar. 11:25). Bu pikiri nygtap, Isa şeýle diýdi: «Siz adamlaryň ýazyklaryny bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar. Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz» (Mat. 6:14, 15). Hawa, Hudaý diňe bagyşlaýan adamlary bagyşlaýar. Eger Pawlusyň: «Mesihiň [Ýehowanyň] sizi bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň» diýen maslahatyna eýersek, ýagşylyk ederis (Kol. 3:13).
«Höküm çykarmagyňyzy bes ediň, TD»
12. Adamlara höküm çykarýanlara Isa nähili maslahat berdi?
12 Isa Dagdaky wagzynda ýagşylyk etmegiň ýene bir ýoluna üns berip, şeýle diýdi: «Höküm çykarmagyňyzy bes ediň». Bu pikiri nygtamak üçin ol aýdyň mysal getirdi (Matta 7:1—5-nji aýatlary okaň). Geliň, Isanyň nämäni göz öňünde tutandygyna seredeliň.
13. Isanyň şägirtleri nädip «bagyşlap» bilerdiler?
13 Mattanyň Hoş habarynda Isa şeýle diýdi: «Üstüňizden höküm çykarylmaz ýaly, başgalaryň üstünden höküm çykarmagyňyzy bes ediň» (Mat. 7:1, TD). Lukanyň kitabynda bolsa, Isa şeýle diýdi: «Başgalaryň üstünden höküm çykarmaň, siziň-de üstüňizden höküm çykarylmaz. Iş kesmäň, size-de iş kesilmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz» (Luka 6:37). Birinji asyrda fariseýler Ýazgylara esaslanmadyk däbe eýerip, adamlara rehimsiz ýazgarýardylar. Eger Isanyň şägirtlerinden biri şeýle eden bolsa, ol «höküm çykarmagyny bes etmelidi». Gaýtam, ol «bagyşlamalydy», ýagny adamlaryň kemçiligine geçirimlilik etmelidi. Pawlus resul hem bagyşlamak barada şuňa meňzeş maslahat berdi (Efesliler 4:32-i okaň).
14. Isanyň şägirtleri bagyşlamak bilen adamlary nämä höweslendirerdiler?
14 Isanyň şägirtleri bagyşlamak bilen adamlary bagyşlamaga höweslendirerdiler. Isa şeýle diýdi: «Nähili höküm çykarsaňyz, siziň-de üstüňizden şonuň ýaly höküm çykarylar; haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler» (Mat. 7:2). Adamlar bilen hormatly gatnaşykda bolsak, biz ekenimizi orarys (Gal. 6:7).
15. Isa aşa tankytçyl bolmagyň nädogrudygyny nädip görkezdi?
15 Isanyň aşa tankytçyl bolmagyň nädogrudygyny görkezendigini ýada salalyň: «Näme üçin sen doganyň gözündäki çöpi görýärsiň-de, öz gözüňdäki agajy saýgarmaýarsyň? Ýa-da öz gözüňde agaç barka, doganyňa nädip: «Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn» diýjek?» (Mat. 7:3, 4). Tankytçyl adam doganynyň «gözündäki» ujypsyz kemçiligini görýär. Şeýle adam, adatça, doganyny sagdyn düşünjesiz we pähimsiz hasaplaýar. Kemçiligi çöp ýaly kiçijik bolsa-da, tankytçyl adam «çöpi çykarjak» bolýar. Onuň pikiriçe, doganyna has aýdyň garaýyşda bolmaga kömek edip bilýär. Şeýtmek bilen, ol ikiýüzlüligini görkezýär.
16. Näme üçin fariseýleriň gözünde «agaç» bardy diýse bolýar?
16 Esasanam, ýehudy dini ýolbaşçylary adamlary aşa köp tankyt edýärdiler. Meselem, kör adam Mesih tarapyn sagalyp, Isanyň Hudaýdan gelendigini aýdanda, fariseýler gaharly jogap berdiler: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize ders berjek bolýarmysyň?» (Ýahýa 9:30—34). Fariseýleriň gözünde «agaç» bardy, olar ruhy taýdan kördüler we sagdyn pikir edip bilmeýärdiler. Şol sebäpli Isa şeýle diýdi: «Eý ikiýüzli, ilki öz gözüňdäki agajy çykar, onsoň doganyň gözünden çöpi çykarmak üçin oňat saýgararsyň» (Mat. 7:5; Luka 6:42). Eger biz adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmagy ýüregimize düwsek, olardan köp zat talap etmeris, göçme manyda aýdanda, gözündäki çöpi tapjak bolmarys. Gaýtam, biz bikämildigimize düşünip, imandaşlarymyzy tankytlamakdan gaça durmaly we çendenaşa talap ediji bolmaly däl.
Biz adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly
17. Matta 7:12-ä görä, adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly?
17 Isa Dagdaky wagzynda Hudaýyň söýýän ata kimin gullukçylarynyň dogasyny eşidýändigini görkezdi (Matta 7:7—12-nji aýatlary okaň). Özüňi alyp barmak babatda Isa şeýle prinsipe eýermeli diýdi: «Şoňa görä, adamlaryň özüňize näme etmegini isleýän bolsaňyz, siz hem olara şony ediň» (Mat. 7:12). Diňe şeýdip biz Isa Mesihiň hakyky şägirdidigimizi subut edip bileris.
18. Adamlaryň näme etmegini isleýän bolsak, biz hem şony etmelidigini «Kanun» nähili görkezýärdi?
18 Adamlaryň bize näme etmegini isleýän bolsak, biz hem şony etmeli diýenden soň, Isa şeýle jemledi: «Çünki kanun we pygamberler ýazgylarynyň özeni şudur». Adamlara Isanyň görkezmesi ýaly garasak, «Kanunyň» maksadyny ýerine ýetirýäris, ýagny Mukaddes Ýazgylardaky Barlykdan tä Kanunyň gaýtalanyşyna çenli ýazylanlara görä hereket edýäris. Bu kitaplarda Ýehowanyň erbedi ýok eder ýaly «nesil» berjekdigi aýdylýar, mundan başga-da b. e. öň 1513-nji ýylda Hudaýyň Musa arkaly Ysraýyl halkyna beren kanuny beýan edilýär (Bar. 3:15). Kanunda ysraýyllylaryň adalatly bolup, ýüz görmeli däldidigi we betbagtlara hem-de gelmişeklere ýagşylyk etmelidigi aýdylýar (Lew. 19:9, 10, 15, 34).
19. «Pygamberler ýazgylary» biziň ýagşylyk etmelidigimizi nädip görkezýär?
19 Isa «pygamberler ýazgylary» diýende pygamberleriň kitaby bolan Ýewreý Ýazgylaryny göz öňünde tutdy. Olarda Isa Mesihde ýerine ýeten Mesihi pygamberlikler bardy. Şeýle-de bu ýazgylarda Hudaýyň halky dogrulyk etse we adamlar bilen gowy gatnaşykda bolsa, ak pata beriljekdigi görkezilipdi. Meselem, Işaýanyň pygamberliginde ysraýyllylara şeýle maslahat berilýär: «Ýehowa şeýle diýýär: «Adalaty saklaň we dogry hereket ediň... Şeýle eden adam bagtly, muny berjaý edýän ynsan ogly,.. her bir ýamanlykdan elini saklan adam bagtly» (Iş. 56:1, 2). Hawa, Hudaý gullukçylarynyň ýagşylyk etmegini isleýär.
Hemişe ýagşylyk ediň
20, 21. Märeke Isanyň Dagdaky wagzyna nähili seslendi we näme üçin onuň sözleri barada oýlanmaly?
20 Biz Isanyň Dag wagzyndaky wajyp pikirleriň diňe käbirine seretdik. Emma Isanyň sözleri adamlara nähili täsin galdyrandygyny düşünmek üçin bu ýeterlikli. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Isa bu sözleri aýdyp bolanyndan soň, märeke Onuň taglymatyna haýran galdy. Çünki Isa olara öz kanunçylary ýaly däl-de, erk-ygtyýarly biri ýaly bolup ders berýärdi» (Mat. 7:28, 29).
21 Pygamberlikde aýdylyşy ýaly, Isa Mesih «Ajaýyp maslahatçydygyny» gürrüňsiz subut etdi (Iş. 9:6). Dagdaky wagzynda Isa gökdäki Atasy ýaly garaýandygyny doly subut etdi. Şeýle-de ol hakyky bagt, ahlaksyzlykdan gaça durmak, dogry ýaşamak, howpsuz we gelejekde bagtly ýaşar ýaly näme etmelidi barada başga-da birnäçe soraglara seretdi. Matta 5—7-nji baplary ýene-de bir gezek ünsli we doga edip okasak bolmazmy? Isanyň beren ajaýyp maslahatlary barada oýlan. Onuň nesihatlaryny durmuşyňda ulanmaga çalyş. Bu saňa adamlar bilen gowy gatnaşykda bolup, ýagşylyk etmäge we Ýehowany begendirmäge kömek eder.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Biz duşmanlarymyza nähili bolmaly?
• Biz näme üçin bagyşlamaly?
• Adamlara höküm çykarýanlara Isa näme diýdi?
• Matta 7:12-ä görä, adamlar bilen nähili gatnaşykda bolmaly?