Biri-biriňizi bagyşlaň
«Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (EFES. 4:32).
1, 2. Geçirimli bolmak barada näme üçin oýlanmaly?
MUKADDES ÝAZGYLARDA Ýehowanyň günä eden adamlara hem-de olaryň eden günäsine garaýşy gürrüň berilýär. Şeýle-de Hudaýyň geçirimlidigi barada aýdylýar. Geçen makalada biz Ýehowanyň näme üçin Dawudy we Manaşeni bagyşlandygyna seredipdik. Olar eden etmişini Ýehowanyň öňünde boýun alyp, köp ökündiler we soňra şol günäleri gaýtalamazlygy ýüregine düwdüler. Olar ýürekden toba edip, ýene-de Ýehowanyň razylygyny gazandylar.
2 Geliň, indi özümiz hem geçirimli bolmagy öwreneliň. Eger dogan-garyndaşlaryňdan biri Manaşe sebäpli aradan çykan bolsa, özüňi nähili duýardyň? Manaşeni bagyşlap bilerdiňmi? Bu örän ýerlikli soraglar, çünki biz zalym, rehimsiz hem nebsewür dünýäde ýaşaýarys. Biz näme üçin geçirimli bolmagy öwrenmeli? Eger saňa ýamanlyk eden bolsalar, onda saňa duýgularyňa erk edip, muňa Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaga we geçirimlilik etmäge näme kömek eder?
NÄME ÜÇIN GEÇIRIMLI BOLMALY?
3—5. a) Geçirimli bolmagyň ähmiýetini düşündirmek üçin Isa nähili mysal getirdi? b) Isanyň Matta 18:21—35-nji aýatlarda aýdan mysalyndan näme sapak edinýäris?
3 Biziň göwnümize degen mesihçi bolsa-da, bolmasa-da, biz hemişe bagyşlamaly. Şeýtsek, onda maşgala agzalarymyz, dost-ýarlarymyz, başga adamlar hem-de Ýehowa bilen agzybirligi saklarys. Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, adamlar näçe sapar göwnümize degseler-de, olary bagyşlamak — her bir mesihçiniň borjy. Isa pygamber muny düşündirmek üçin bir bergidar hyzmatkär barada mysal getirýär.
4 Hyzmatkär hojaýynyna örän köp pul borçly ekeni. Onuň eden bergisi bir işçiniň 60 million günüň dowamynda gazanyp biljek puluna deňdir. Ýöne hojaýyn onuň bergisini geçýär. Emma şol hyzmatkär başga birine karz pul beren ekeni. Onuň beren karzy bir işçiniň 100 günde gazanyp biljek puluna deňdi. Ikinji hyzmatkär garaşmagy haýyş edýär, emma ummasyz bergisi bagyşlanan hyzmatkär rehim etmegiň deregine, ony zyndana saldyrýar. Olaryň agasy bu barada eşidende, gaty gahary gelip: «Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?» diýýär-de, «agasy gazaplanyp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline berýär» (Mat. 18:21—34).
Şu tymsal arkaly Isa näme diýjek boldy?
[27-nji sahypadaky surat]
5 Isa şu tymsal arkaly näme öwretjek boldy? Ol sözüni şeýle jemleýär: «Siziň hem her biriňiz öz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň Gökdäki Atam hem sizi şeýle eder» (Mat. 18:35). Isanyň öwreden sapagy düşnükli. Biz bikämil ömrümiziň dowamynda şeýle köp günä edýäris welin, hiç haçan Ýehowanyň kadalaryna doly laýyk gelip bilmeris. Şonda-da Hudaý bizi bagyşlap, şol günäleri göýä hiç haçan bolmadyk ýaly hasaplaýar. Diýmek, Ýehowanyň dosty bolmak isleýän mesihçi hem beýleki adamlaryň kemçiliklerini bagyşlamaga borçly. Isa pygamber Dagdaky wagzynda-da: «Siz adamlaryň ýazyklaryny bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar. Adamlaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz» diýipdi (Mat. 6:14, 15).
6. Bagyşlamak näme üçin hemişe aňsat däl?
6 Belki, siz: «Bagyşlamak dilde aňsat, ýöne durmuşda muny etmek kyn» diýýänsiňiz. Dogry, öýke-kine köplenç ýürege ýara salýar. Göwnüne deglen adamyň gahary gelýändir, ol özüne dönüklik edilendir öýdýär, adalaty gözleýär, hatda ar alasy gelýändir. Ol käte göwnüne degen adamy hiç haçan bagyşlap bilmerin öýdýär. Eger sende-de şeýle duýgular döreýän bolsa, onda Ýehowanyň öwredişi ýaly, geçirimli bolup bilersiňmi?
SEN NÄMÄ GAHARLANÝARSYŇ?
7, 8. Biri özüni gödek alyp barsa, saňa bagyşlamaga näme kömek eder?
7 Biziň göwnümize degseler ýa-da göwnümize degilýän ýaly bolup görünse, gaty gaharymyz gelip biler. Bir ýaş ýigit öz gahary barada şeýle gürrüň berýär: «Bir gezek... gahardan ýaňa ganym gyzyp, öýden çykyp gitdim, hiç haçan öýe dolanmajagyma ant içdim. Tomus günleriniň biridi, öýümizden ep-esli arany açypdyryn. Şol gidişime daş-töweregiň ümsümligi we tebigatyň owadanlygy kem-kemden gaharymy köşeşdirip, kalbyma rahatlyk ornaşdyrdy welin, soňra öz bolşuma özüm utanyp, gaharymdan nam-nyşan galmady. Birnäçe sagatdan ökünip öýe dolandym». Şu wakadan görnüşi ýaly, köşeşmäge biraz wagt tapyp, başyňa düşen ýagdaý barada dury kelläňe pikirlenseň, gahardan ýaňa edilýän hereketleriň öňüni alyp bilersiň (Zeb. 4:4; Sül. tym. 14:29; Ýakup 1:19, 20).
8 Şonda-da ýakymsyz duýgular aýrylmasa, näme etmeli? Gaharyň näme üçin gelýändigi barada pikirlen. Belki, saňa garşy adalatsyzlyk edilendir? Belki, biri özüni gödek alyp barandyr? Mümkin, ol bilgeşleýin göwnüme degjek bolýar diýip pikir edýänsiň? Ol, hakykatdan-da, ýamanlyk etjek bolýarmy? Eger-de gaharyňy getirýän zadyň sebäbini anyklamaga jan etseň, ýakymsyz duýgularyňa hötde gelmäge kömek edýän prinsipleri taparsyň we Ýehowanyň garaýşy ýaly garamagy öwrenersiň (Süleýmanyň tymsallary 15:28; 17:27-nji aýatlary okaň). Eger sen duýgularyň barada däl-de, ýokarda agzalan zatlar hakda çuňňur oýlansaň, gözýetimiň giňär we has geçirimli bolarsyň. Başyňa düşen ýagdaýa şeýle garamak näçe kyn bolsa-da, goý, Hudaýyň Sözi «ýüregiň düşünjeleridir niýetlerini» derňäp, saňa Ýehowa ýaly geçirimli bolmagy öwretsin (Ýew. 4:12).
HER BIR ZADY GÖWNÜŇE ALARSYŇMY?
9, 10. a) Göwnüňe deglen ýaly bolsa, näme etmeli? b) Adamlary bagyşlamagy we ýagdaýa dogry garamagy öwrenseň, özüňi nähili duýarsyň?
9 Durmuşda bolýan köp wakalar gaharymyzy getirmegi mümkin. Meselem, maşynly barýarkaňyz, başga biri siziň maşynyňyza degjek-degjek bolup geçip gidýär. Siz näme edersiňiz? Käbir adamlaryň gahary gelip, onuň özündenem beter bolýarlar. Ýöne mesihçiler, elbetde, beýle etmez.
10 Ilki, ýüze çykan ýagdaý hakda biraz oýlanyp görüň. Mümkin, siziň ünsüňiz sowlup, özüňizde-de günä bardyr. Ýa-da beýleki sürüjiniň maşynyna bir zat bolandyr. Eger-de biz şeýle oýlanyp, sebäbine düşünip bilsek, ýagdaýa dogry baha bersek we geçirimlilik etsek, onda derrew gaharymyz gelmez, gaty görmeris ýa-da beýleki ýaramaz duýgular döremez. Wagyzçy 7:9-da: «Tizgahar bolma, çünki gahar (öýke-kine, TD) akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar» diýilýär. Şonuň üçin öýkelemäň. Köp ýagdaýlarda seniň göwnüňe degjek bolandyrlar öýdýänsiň. Aslynda welin, adam bikämil bolany üçin ýalňyş hereket edýär. Belki-de, biz bolup geçen ýagdaýyň esasy sebäbine düşünen däldiris. Şonuň üçin edilen işiň ýa-da aýdylan sözüň hemme sebäplerini doly bilmeýändigiňi ýadyňda sakla. Şonda adamlary söýgi bilen bagyşlamak aňsat bolar. Şeýle etseň, has-da bagtly bolarsyň (1 Petrus 4:8-i okaň).
«PARAHATLYK... ÝENE ÖZÜŇIZE ÖWRÜLSIN»
11. Adamlar hoş habara nähili garasa-da, biz özümizi nähili alyp barmaly?
11 Wagyzda gödek adama duşsaňyz, özüňize nädip erk edip bilersiňiz? Isa 70 şägirdini wagyz etmäge ugradyp: «Bu öýe parahatlyk!» diýmegi tabşyrdy. Ol sözüni dowam edip: «Ol öýde parahatlygy söýýän adam bar bolsa, salamyňyz onuň üstüne gonar, ýok-da bolsa, ýene özüňize öwrüler» diýdi (Luka 10:1, 5, 6). Adamlar hoş habary kabul etseler, olar köp bereketler alýar, bizi hem örän begendirýär. Ýöne hemişe bizi parahatlyk bilen garşy almaýarlar. Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Isa şonda-da parahatlygyň biziň özümizde galmalydygyny aýtdy. Öý eýesi özüni nähili alyp barsa-da, biz ol öýden gaýdanymyzda kalbymyzda parahatlyk bolmaly. Eger-de biz öý eýesiniň gödekligi sebäpli gaharlansak, Isanyň aýdan parahatlygy bizde bolmaz.
12. Pawlusyň Efesliler 4: 31, 32-nji aýatlarda aýdan sözlerine laýyklykda, biz näme etmeli?
12 Diňe wagyzda däl-de, başga ýagdaýlarda-da parahatlygy saklajak bol. Göwnüňe degen adamy bagyşlamak onuň nädogry hereketini makullamagy ýa-da onuň ýetiren zyýanyna biparh garamagy aňlatmaýar. Bagyşlamak ýalňyş hereket sebäpli dörän öýke-kinäni unudyp, parahatlygy saklamagy aňladýar. Käbir adamlar ýaramaz pikirler we edilen adalatsyzlyk hakda gaýta-gaýta oýlanyp, başga biriniň hereketi sebäpli şatlygyny ýitirýärler. Gahar-gazap saňa agalyk etmesin. Içiňde öýke-kine bar bolsa, bagtly bolup bilmersiň. Şonuň üçin geçirimli bol! (Efesliler 4:31, 32-nji aýatlary okaň).
ÝEHOWANY BEGENDIRIŇ
13. a) Mesihçi nädip duşmanynyň «başyna közler guýup» biler? b) Ýumşak jogabyň näme peýdasy bar?
13 Käte mesihçi däl biri saňa ýamanlyk etmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda ony hakykat bilen gyzyklandyrmaga mümkinçilik döremegi ahmal. Pawlus resul: «„Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, suwsan bolsa gandyr, sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň“ diýip ýazylgydyr. Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň» diýdi (Rim. 12:20, 21). Adamlar özüni gaharly alyp barsa-da, seniň ýumşaklygyň olaryň garaýşyny üýtgedip, özüni gowy alyp barmaga höweslendirer. Göwnüňe degen adamyň ýagdaýyna düşünseň, duýgudaşlyk bildirseň, belki, onuň hakykaty-da öwrenesi geler. Nähili bolaýanda-da, ýumşak jogaplaryň bilen ony oýlandyrarsyň (1 Pet. 2:12; 3:16).
14. Adamlar bize näçe ýamanlyk etse-de, öýke-kinäni ýeňmäge näme kömek eder?
14 Käbir adamlar bilen gatnaşmak nädogry. Meselem, muňa bir wagtlar ýygnagyň agzasy bolup, soňra günä edip, toba etmekdik we gatnaşykdan kesilen adamlar degişli. Elbetde, saňa ýamanlyk eden adam toba edensoňam, bagyşlamak örän kyndyr, sebäbi ýürek ýarasynyň bitmegi üçin wagt gerek. Şeýle ýagdaýda toba eden günäkäri bagyşlap bilmegiň üçin, Ýehowadan kömek etmegi sora. Onsoňam, adamyň ýüregini kim bilýär? Diňe Ýehowa bilýär. Ol adamyň içki dünýäsini görüp, günäkärlere sabyr-takatly bolýar (Zeb. 7:9; Sül. tym. 17:3). Şol sebäpli-de Injilde şeýle diýilýär: «Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň. Ähli adamlaryň öňünde oňat işlere üns beriň. Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň. Eý, söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini Men bererin» (Rim. 12:17—19). Biz Ýehowadan tapawutlylykda ähli zady bilmeýäris, şol sebäpli-de başgalary höküm etmäge, ýagny ýazgarmaga hakymyz ýok (Mat. 7:1, 2). Geliň, Ýehowanyň hökman adalaty dikeltjekdigini unutmalyň.
15. Göwnümize degen adama gaharlanyp ýörmez ýaly näme etmeli?
15 Eger-de göwnüňize degen adam toba etse-de, siz ony bagyşlap bilmän ejir çekýän bolsaňyz, onda onuň özüniň hem ejir çekýändigini ýatlasaňyz gowy bolardy. Ol hem bikämillik sebäpli kösenýär (Rim. 3:23). Ýehowanyň ähli bikämil adamzada haýpy gelýär. Şol sebäpli göwnüňe degen adam üçin doga etseň, dogry bolardy. Şeýle etseň, hemişe oňa gaharlanyp ýörmeseň gerek. Şeýle-de hemişe öýkäläp ýörmeli däldigimiz Isanyň sözlerinden hem görünýär: «Duşmanlaryňyzy söýüň... yzarlaýanlar üçin doga ediň» (Mat. 5:44).
16, 17. Ýygnak ýaşululary günäkär toba edýär diýen karara gelseler, sen näme etmeli we näme üçin?
16 Ýehowa agyr günä eden adamlaryň işine seredip, karar kabul etmegi ýygnak ýaşulularyna tabşyrdy. Hudaýdan tapawutlykda, doganlar ähli zady bilmeýärler, ýöne mukaddes ruhuň kömegi bilen, Mukaddes Ýazgylar esasynda dogry karara gelmäge çalyşýarlar. Şeýlelikde, Ýehowadan kömek sorap olaryň gelen karary Ýehowanyň garaýşyna laýyk gelýär (Mat. 18:18).
[30-njy sahypadaky surat]
17 Şeýle ýagdaýlarda wepaly bolmak wajyp. Sen hem toba eden günäkäri bagyşlap, oňa söýgiňi «tassyklarsyňmy»? (2 Kor. 2:5—8). Eger-de seniň özüň ýa-da dogan-garyndaşlaryňdan biri toba eden günäkär sebäpli ejir çeken bolsa, ony bagyşlamak aňsat bolmasa gerek. Emma Ýehowa bil baglap, onuň ýygnakdaky işleri dogry çözýändigine ynansaň, paýhasly bolar. Şonda ýürekden bagyşlap bilersiň (Sül. tym. 3:5, 6).
Bagyşlamak — her bir mesihçiniň borjy
18. Geçirimli bolmagyň näme peýdasy bar?
18 Geçirimli bolmasak, köp zyýan ýetirýär: jan-saglygyň erbetleşýär, kellagyry köpelýär, adamlar bilen araň bozulýar we açyk gürrüňdeşlik bolmaýar. Başga tarapdan, lukmanlaryň aýtmagyna görä, geçirimli bolmak örän peýdaly: adamyň saglygyny zaýalaýan duýgulardan we pikirlerden azat edýär, hatda adamlar bilen gatnaşygyň berkäp, has bagtly bolýarsyň. Iň wajyp zat bolsa, geçirimli bolsak, gökdäki Atamyz Ýehowa bilen dostlugymyz has-da berkär (Koloseliler 3:12—14-nji aýatlary okaň).