Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Fewral sah. 14—19
  • Geçirimli Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýeriň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Geçirimli Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýeriň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • DUÝGYŇYZA DÜŞÜNJEK BOLUŇ
  • ERBET DUÝGULAR BILEN GÖREŞIŇ
  • ÝAGŞY HÄSIÝETLERINI GÖRÜŇ
  • GEÇIRIMLI BOLMAGYŇ PEÝDASY
  • Biri-biriňizi bagyşlaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa ýürek «ýaralary saraýar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Dogan-uýalar bilen dostlaşmak «nähili gowy!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Ýehowa geçirimli adamlara bereket berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Fewral sah. 14—19

8-NJI MAKALA

130-NJY AÝDYM Geçirimli bolalyň

Geçirimli Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýeriň!

«Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamaly» (Kol. 3:13).

ESASY PIKIR

Geçirimli bolmaga kömek edýän üç maslahat.

1, 2. a) Bize näme üçin bagyşlamak kyn bolýar? b) Diana uýa geçirimlidigini nädip görkezdi?

SIZIŇ ýüregiňize bitmejek ýara saldylarmy? Şonda siz ony derrew bagyşladyňyzmy? Bikämil adamlaryň köpüsine bagyşlamak kyn bolýar. Emma biz şu makaladaky maslahatlara eýersek bagyşlap bileris we ýaraly ýüregimize melhem taparys. Dianaa uýa geçirimlilik babatda gowy görelde galdyrdy. Ol 2017-nji ýylda bütin maşgalasy bilen Ýehowanyň Şaýatlarynyň Baş edarasyna syýahata barýar. Olar öýüne gelýärkäler bir maşyn olaryň ulagyny kakýar. Diana özünden gidýär. Ol özüne gelende çagalarynyň agyr ýaralanandygyny, äri Braýnyň aradan çykandygyny bilýär. Diana: «Men bolan wakany akylyma sygdyryp bilmedim» diýýär. Soňra ol sürüjiniň rulda wagty içgili däldigini we ünsüni hiç zada sowmandygyny bilýär. Emma äriniň ölümine sebäp bolan adamy bagyşlamak aňsat bolmaýar. Şonuň üçin Diana: «Ýehowa, kalbyma giňlik ber!» diýip dileg edýär.

2 Sürüjini adam öldürmekde aýypladylar. Kazy höküm çykarmazyndan öň Diana şaýatlyk etmegi haýyş edýär we onuň şaýatlygyna görä, sürüjä höküm çykaryljakdygyny aýdýar. Kazynyň sözüni eşidende Diananyň üstünden gaýnan suw guýlan ýaly bolýar, sebäbi şol pajygaly güni ýene-de ýatlamaly bolýar. Birnäçe hepdeden soň Diana kazyýete gelýär we söwer ýaryndan aýra salan günäkär barada şaýatlyk edýär. Sözüniň soňunda Diana günäkäre rehim etmegi haýyş edýärb. Şonda kazy gözüne ýaş aýlap şeýle diýýär: «Men 25 ýyl bäri şu kürsüde otyryn. Ýöne şeýle ýagdaýa birinji sapar duş gelýärin. Siz ejir çekseňiz-de, duşman saýmaly adamyňyza rehim etmegi dileýärsiňiz. Men siziň mähirli sözleriňize we geçirimliligiňize haýran galýaryn».

3. Diana bagyşlamaga näme kömek etdi?

3 Diana uýa geçirimli bolmaga näme kömek etdi? Ol geçirimli Hudaý Ýehowadan görelde aldy (Mik. 7:18). Bizem Ýehowanyň günälerimizi bagyşlaýandygy hakda oýlansak, göwnümize degen adamy bagyşlamak aňsat bolar.

4. Ýehowa bizden nämä garaşýar? (Efesliler 4:32).

4 Ýehowa biziň göreldesine eýerip geçirimli bolmagymyzy isleýär (Efesliler 4:32-ni okaň). Ýehowa biziň kiçi dilden bärde däl-de, ýürekden bagyşlamagymyzy isleýär (Zeb. 86:5; Luka 17:4). Şu makalada biz geçirimli bolmaga kömek edýän üç maslahata serederis.

DUÝGYŇYZA DÜŞÜNJEK BOLUŇ

5. Nakyllar 12:18-e görä, adamlar göwnümize degende özümizi nähili duýýarys?

5 Biziň göwnümize ýat biri däl-de, dogan-garyndaşlarymyz, dost-ýarlarymyz degende has-da agyr bolýar (Zeb. 55:12—14). Şonda ýüregimize hanjar sanjylan ýaly bolýar (Nakyllar 12:18-i okaň). Şeýle ýagdaýda biz: «Üns bermäýin-le, geçer-gider» diýip, pikir etmegimiz mümkin. Emma bu howply bolup biler, sebäbi duýgularymyza üns bermesek, hanjary çykarman ýüregimizde göterip ýören ýaly bolarys. Mähriban dogan-uýalar, beýle etmäliň, ýogsam ýüregimizdäki gopýan harasat içki dünýämizi ýykan-ýumran eder.

6. Göwnümize degenlerinde özümizi nähili alyp barmagymyz mümkin?

6 Biri göwnümize degende derrew gaharlanmagymyz mümkin. Mukaddes Kitapda munuň adaty zatdygy aýdylýar. Ýöne biz gahar-gazabyň öz üstümizden agalyk etmegine ýol bermeli däl (Zeb. 4:4; Efes. 4:26). Näme üçin? Sebäbi duýgularymyz gelýän kararlarymyza täsir edýär. Gahar-gazaba münen adam gowy zadyň üstünden barmaýar (Ýak. 1:20). Hawa, göwnüňe degenlerinde ganyň depäňe urup biler. Ýöne gaharyň guly bolmalymy ýa-da hojaýyny, ol siziň özüňize bagly.

Göwnüňe degenlerinde ganyň depäňe urup biler, ýöne gaharyň guly bolmalymy ýa-da hojaýyny, ol siziň özüňize bagly

7. Göwnümize degenlerinde ýene nähili duýgulary başdan geçirip bileris?

7 Göwnümize degenlerinde gahar-gazapdan başga-da düşnüksiz duýgulary başdan geçirýäris. Meselem, Anna uýa şeýle gürrüň berýär: «Çagakam kakam ejemi hem meni taşlap gitdi. Ol başga aýala öýlendi. Ol aýal ýat biri däldi, meniň enekämdi. Soňra olaryň çagalary boldy. Şonda men özümi hiç kime gerekmejek ýaly duýdum. Kakam menden dynyp bilmän ýören eken-ow diýdim». Jorjetta uýa äriniň ikilik edendigini bilende ýüregi para-para bolýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ol meniň çagalyk dostumdy. Biz pioner gullugyna bileje başladyk. Emma ol meniň gül ömrümi kül etdi». Naomi uýa şeýle gürrüň berýär: «Ärim pornografiýa görer diýip ýatsam-tursam kelläme gelmeýärdi. Ärim maňa pornografiýa görýändigini aýdanda özümi aldanan ýaly duýdum. Arkamdan pyçak sokulan ýaly boldy».

8. a) Geçirimli bolmak näme üçin wajyp? b) Geçirimli bolmagyň nähili peýdasy bar? («Biri ýüregiňe bitmejek ýara salsa näme etmeli?» diýen çarçuwa serediň).

8 Biz adamlaryň pikirini we kararlaryny üýtgedip bilmesek-de, özümiz dogry garaýyşda bolup bilýäris. Dogry garaýyşly adam geçirimli bolýar we Ýehowany söýýär. Ol Ýehowanyň öz günälerini bagyşlamagyny isleýär. Biz geçirimli bolman, gahar-gazaba münsek «akmaklyk ederis» we saglygymyza zyýan ýetireris (Nak. 14:17, 29, 30). Kristina uýa şeýle gürrüň berýär: «Gahar-gazap, öýke-kine meni gaplap alanda gülki ýadyma düşmeýärdi. Men ýokumsyz zatlary iýýärdim, gijelerine ýatyp bilmeýärdim, sähelçe zada gaharlanýardym, ärim bilenem, başgalar bilenem oňşugym ýokdy».

Biri ýüregiňe bitmejek ýara salsa näme etmeli?

Bagyşlamak ýüregiňdäki gahar-gazaby, öýke-kinäni aýyrmagy aňladýar. Mähriban dogan-uýalar, siz göwnüňize degen adamy bagyşlasaňyz onuň ýalňyşyna göz ýumýandygyňyzy, mertebäňizi depeletmäge ýol berýändigiňizi aňlatmaýar. Biz öýke-kinäni, gahar-gazaby ýüregimizden köki-damary bilen sogrup aýyrsak, ýürek ýaramyza melhem taparys, dünýämiz giňär, saglygymyza zyýan ýetirmeris we ynamly ädim bilen öňe ýöräris. Unutmaň, siz göwnüňize degen adamy bagyşlasaňyz-da, ol eden işi üçin Hudaýyň öňünde jogap bermeli bolar. Mezmurçy: «Gaýgy-aladaňy Ýehowa tabşyr» diýip maslahat berýär (Zeb. 55:22). Biz geçirimli bolsak, meseläni Ýehowanyň eline tabşyrýarys we Onuň adalatly höküm çykarjakdygyna berk ynanýarys. Mähriban dogan-uýalar, Beýik Kazy Ýehowa meseläni ýatsak-tursak kellämize gelmejek usulda çözer.

9. Öýke-kinäni ýüregimizden näme üçin köki bilen sogurmaly?

9 Göwnümize degen adam eden işine ökünmese we ötünç soramasa näme etmeli? Biz onuň garaýşyny üýtgetjek bolmaly däl-de, öz garaýşymyzy üýtgetmeli. Jorjetta uýa biwepalyk eden äri bilen aýrylyşýar. Uýa şeýle diýýär: «Öýke-kinäni köki bilen sogurmak üçin wagt gerek boldy. Meniň ýuwaş-ýuwaşdan gaharym köşeşdi, ýüregime parahatlyk aralaşdy». Hawa, biz geçirimli bolsak ýüregimizi öýke-kine bilen zäherlemeris, gaýtam aýgytly ädimler bilen öňe ýöräris (Nak. 11:17). Ýöne bagyşlap bilmesek näme etmeli?

ERBET DUÝGULAR BILEN GÖREŞIŇ

10. Biz näme üçin sabyrly bolmaly? (Surata serediň).

10 Käte gahar-gazap, öýke-kine bilen näçe göreşsek-de, olary ýeňip bilmeýäris. Elbetde, köşeşmek üçin wagt gerek bolýar. Adamyň eli ýa-da aýagy döwülse, lukmana ýüz tutmaly bolýar. Ýöne döwlen süňküň bitmegi üçin wagt gerek bolýar. Edil şonuň ýaly, biziň hem ýürek ýaralarymyz bitip, adamy bagyşlar ýaly wagt gerek. Hawa, wagt agyr derdiň dermanydyr (Nes. 3:3; 1 Pet. 1:22).

Surat: şikes alan dogan wagtyň geçmegi bilen sagalýar. 1) Lukmanlar dogany tiz kömek ulagyna mündürýär. 2) Lukmanlaryň bejergisi arkaly dogan ýöräp başlaýar. 3) Dogan ynamly ädimler bilen ýöreýär.

Döwlen süňküň bitmegi üçin wagt gerek bolýar. Biziň hem ýürek ýaramyzyň bitmegi üçin wagt gerek (10-njy abzasa serediň).


11. Doga-dileg bagyşlamaga nädip kömek edýär?

11 Ýehowa doga-dileg etseňiz, göwnüňize degen adamy bagyşlamak aňsat bolarc. Anna uýa doga etmegiň peýdasy hakda şeýle gürrüň berýär: «Men Ýehowadan maşgalamyzyň her bir agzasyny bagyşlamagy üçin doga-dileg etdim. Sebäbi biziň hemmämiz ýalňyşdyk, aýtmasyz sözleri aýtdyk, etmesiz işleri etdik. Men kakama we ejeligime hat ýazyp, olary bagyşlaýandygymy aýtdym. Muny etmek aňsat bolmady. Men geçirimli Atamyz Ýehowanyň göreldesine eýerdim. Ýazan hatym olaryň ýüregine täsir eder diýip umyt edýärin. Belki, olar Ýehowany ýakyndan tanamak islär».

12. Biz näme üçin ýüregimizi däl-de, Ýehowany diňlemeli? (Nakyllar 3:5, 6).

12 Biz ýüregimizi däl-de, Ýehowany diňlemeli (Nakyllar 3:5, 6-njy aýatlary okaň). Ýehowa bize nämäniň peýdalydygyny özümizden hem gowy bilýär (Işa. 55:8, 9). Oňa gulak assak, biz hiç wagt ökünmeris. Eger Ýehowa bagyşla diýýän bolsa, biz bagyşlamaga taýyn bolmaly (Zeb. 40:4; Işa. 48:17, 18). Emma biz ýüregimizi diňlesek hiç haçan bagyşlap bilmeris (Nak. 14:12; Ýer. 17:9). Naomi uýa şeýle gürrüň berýär: «Başda men ärimi hiç bagyşlap bilmedim. Öýkelemäge hakym bar diýip, özümi aklaýardym. Eger ony bagyşlasam, gözýaşlarymy unudar, ýüregime ýene-de ýara salar diýip gorkýardym. Elbetde, Ýehowa meniň duýgularyma düşünýär, ýürek ýaramyň bitmegi üçin wagtyň gerekdigini bilýär. Ýöne Ol öýkeläp oturmagymy däl-de, Öz göreldesine eýerip bagyşlamagymy isleýär»d.

ÝAGŞY HÄSIÝETLERINI GÖRÜŇ

13. Rimliler 12:18—21-nji aýatlara görä, biz näme etmeli?

13 Ýürekden bagyşlamak nämäni aňladýar? Ýürekden bagyşlaýan adam geçeni geçdi bilýär, könäni ýatlap oturmaýar (Mat. 5:23, 24). Ol dogan-uýalar bilen agzybir bolmak üçin elinde baryny edýär (Rimliler 12:18—21-nji aýatlary okaň; 1 Pet. 3:9). Onuň ýüreginde öýke-kine gahar-gazap däl-de, rehimdarlyk we geçirimlilik höküm sürýär.

14. Biz näme etmeli we näme üçin?

14 Ýehowa adamyň diňe ýagşy häsiýetini görýär. Biz göwnümize degen adama Ýehowanyň garaýşy ýaly garamaly (2 Tar. 16:9; Zeb. 130:3). Adamyň erbet häsiýetini görmek gaty aňsat. Emma biz gowy häsiýetini görmek üçin jan etsek, göwnümize degen adamy ýürekden bagyşlarys. Jerod dogan şeýle diýýär: «Men göwnüme degen adamyň ýagşy häsiýetleri hakda oýlanýaryn. Şonda onuň eden ýekeje ýalňyşy hiç zat bolup galýar. Maňa doganymy ýürekden bagyşlamak aňsat bolýar».

15. «Men seni bagyşlaýaryn» diýen üç gudratly sözi aýtmak näme üçin wajyp?

15 Siz göwnüňize degen adama bagyşlandygyňyzy açyk aýdyň. Näme üçin? Naomi uýa şeýle gürrüň berýär: «Bir gün ärim ýanyma gelip: „Sen meni bagyşladyňmy?“ diýip sorady. Men oňa bagyşladym diýjek boldum welin, dilim tutuldy. Görüp otursam, ony ýürekden bagyşlamandyryn. Ýöne wagtyň geçmegi bilen: „Men seni bagyşlaýaryn“ diýip, üç gudratly sözi aýtmagy başardym. Şonda ärimiň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi, egninden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Meniňem göwnüm giňäp gitdi, kalbyma rahatlyk aralaşdy. Hawa, ol ýene-de meniň ynamymy gazandy we agzybir ýaşap başladyk».

16. Bagyşlamaga haýsy üç ädim kömek edýär?

16 Ýehowa biziň biri-birimizi ýürekden bagyşlamagymyzy isleýär (Kol. 3:13). Elbetde, bikämil adam üçin bagyşlamak kyn bolýar. Ýöne biz wajyp üç ädimi ätsek, almajak galamyz bolmaz. Birinjiden, öz duýgularymyza düşünmeli. Ikinjiden, erbet duýgularymyz bilen göreşmeli. Üçünjiden, göwnümize degen adamyň ýagşy häsiýetini görjek bolmaly («Bagyşlamaga kömek edýän üç ädim» diýen çarçuwa serediň).

Bagyşlamaga kömek edýän üç ädim

Uýa gamgyn halda aýnadan seredýär.

DUÝGYŇYZA DÜŞÜNJEK BOLUŇ

  • Duýgularyňyza düşünjek boluň. Eger şeýle etmeseňiz, ýüregiňizde gopýan harasat içki dünýäňizi ýykan-ýumran eder.

Ol Ýehowa içini döküp doga edýär.

ERBET DUÝGULAR BILEN GÖREŞIŇ

  • Wagt agyr derdiň dermanydyr.

  • Ýehowa doga-dileg ediň.

  • Ýüregiňizi däl-de, Ýehowany diňläň.

Uýa bilen äri ýylgyryp dur.

ÝAGŞY HÄSIÝETLERINI GÖRÜŇ

  • Göwnüňize degen adama Ýehowanyň garaýşy ýaly garaň.

  • Ony bagyşlamak üçin Ýehowadan kömek soraň.

  • Oňa bagyşlandygyňyzy aýdyň.

GEÇIRIMLI BOLMAGYŇ PEÝDASY

17. Geçirimli bolmagyň nähili peýdasy bar?

17 Geçirimli bolmagyň ençeme peýdasy bar. Birinjiden, Geçirimli Atamyz Ýehowanyň göreldesine eýerýäris we Ony razy edýäris (Luka 6:36). Ikinjiden, Ýehowa Hudaýa minnetdardygymyzy görkezýäris (Mat. 6:12). Üçünjiden, saglygymyz gowy bolýar we köp dogan-uýalar bilen dostlaşýarys.

18, 19. Geçirimli bolmagyň ýene nähili peýdasy bar?

18 Geçirimli adam köp bereketleri alýar. Meselem, Diana uýa ajy hasrat çekdiren adam kazyýetden soň janyna kast etmekçi eken. Diana mundan bihabardy. Uýa kazyýetde jenaýatçyny bagyşlandygyny aýdanda, ol aňk-taňk bolýar we janyna kast etmek pikirinden dänip, Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar.

19 Elbetde, bagyşlamak aňsat bolmaýar. Eger geçirimli bolsak, köp bereketleriň eýesi bolarys (Mat. 5:7). Dogan-uýalar, geliň, geçirimli Hudaý Ýehowadan görelde alalyň we Ony razy edip ýaşalyň.

BIRI GÖWNÜŇE DEGENDE NÄME ÜÇIN...

  •  öz duýgularyňa düşünjek bolmaly?

  •  erbet duýgularyň bilen göreşmeli?

  •  onuň ýagşy häsiýetlerini görmeli?

125-NJI AÝDYM «Rehimli adamlar bagtly»

a Käbir atlar üýtgedildi.

b Şeýle ýagdaýda her bir mesihçiniň özi karara gelmeli.

c JW.ORG saýtyndan «Bir-biriňizi bagyşlaň», «Bagyşlaýyn» we «Dost bolmaly» diýen şekilli aýdymlary görüp bilersiňiz.

d Pornografiýa görýän adam günä edýär we ýanýoldaşynyň ýüregine ýara salýar. Ýöne Mukaddes Kitap pornografiýa görýän ýanýoldaşyň bilen aýrylyşmaga rugsat bermeýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş