TERJIMEHAL
«Men hiç haçan ýeke bolmadym»
KÖP adamlar durmuşda bolýan ýagdaýlar sebäpli özüni ýeke duýýar. Meselem, olar ýakynlary aradan çykanda, ýat ýurtda, ýat ilde ýaşamaly bolanda özüni ýalňyz duýýar. Meniň bilenem şeýle ýagdaýlar bolupdy. Emma men geçmişe nazar salanymda bir zada göz ýetirýärin: men hiç haçan ýeke bolmadym. Geliň, size öz durmuşym barada gürrüň bereýin.
ENE-ATAMYŇ GÖRELDESI
Ejem, kakam katolik dinine uýýardy. Kakam agaç ussasydy, ol Isa pygamberiň şekilini ýasaýardy. Ene-atam Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň adyny okap haýran galýarlar we Ýehowanyň Şaýady bolýarlar. Şondan soňra kakam ussaçylyk etse-de, agaçdan Isa pygamberiň şekilini ýasamady. Ol öýümiziň birinji gatyny abatlap, ýygnak geçirmäge berdi. Şeýlelikde, öýümiziň birinji gaty San-Huan-del-Monte şäherçesindäki birinji Ýygnak jaýy boldy. Ol şäherçe Filippinleriň paýtagty Manilanyň golaýynda ýerleşýärdi.
Ene-atam we doganlarym bilen
Men 1952-nji ýylda dünýä indim. Men maşgalanyň iň körpesi. Özümden uly dört agam we üç gyz doganym bar. Ejem, kakam doganlaryma öwredişi ýaly, maňa-da Ýehowa barada köp zatlary öwretdiler. Kakam meni her gün Mukaddes Kitabyň bir babyny okamaga höweslendirýärdi we guramanyň dürli edebiýatlaryndan okuw geçýärdi. Ene-atam wagtal-wagtal etrap gözegçisini, Beýtelde gulluk edýän doganlary myhmançylyga çagyrardylar. Doganlaryň durmuşda we gullukda başdan geçiren wakalaryny diňläp hezil edýärdik. Şeýlelikde, bizem wepaly doganlaryň göreldesine eýerip, Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk edesimiz gelýärdi.
Ene-atamyň sarsmaz imany ýüregimde öçmejek yz galdyrdy. Gynansam-da, mähriban ejem keselläp aradan çykdy. Şondan köp wagt geçmänkä, ýagny 1971-nji ýylda kakam ikimiz pioner gullugyna başladyk. Ýöne 1973-nji ýylda kakam hem aradan çykdy. Şonda men 20 ýaşlarymdadym. Ýaş başyňa ýetim galmak çekip-çydardan agyr eken. Emma Mukaddes Kitabyň wadalary maňa labyr ýaly berk durmaga, ruhdan düşmezlige, imanymy gowşatmazlyga kömek etdi (Ýew. 6:19). Şondan köp wagt geçmänkä, meni çet ýerlerde ýerleşýän Koron adasyna ýörite pioner edip bellediler. Ol ada Palawan welaýatyna degişlidi.
TÄZE BORJY ÝERINE ÝETIRENIMDE ÖZÜMI ÝEKE DUÝDUM
Men 21 ýaşymda Koron adasyna bardym. Men şäher oglanydym, ada baranymda gökden düşen ýaly boldum. Sebäbi öýdäki ýaly çyra islendik wagt ýanmaýardy, akyp duran suw ýokdy, hatda kän maşyn hem ýokdy. Adadaky doganlary barmak büküp sanaýmalydy. Şonuň üçin käte wagza ýeke özüm gidýärdim. Ada baran wagtlarym bir aýlap öýümi, dost-ýarlarymy küýsedim. Gijelerine ýyldyzly asmany synlap, gözýaş döküp aglaýardym. Men gullugymy goýup öýüme dolanasym gelýärdi.
Şol kyn döwürde men Ýehowa içimi dökýärdim. Şonda Mukaddes Kitapdan we edebiýatlardan okan pikirlerim ýadyma düşýärdi. Esasanam, Zebur 19:14-däki sözler meni ruhlandyrýardy. Men Ýehowanyň eden işleri, häsiýetleri hakda oýlananymda, onuň «Arkadagym, Halasgärim» boljakdygyna göz ýetirdim. Şeýle-de «Garawul diňi» žurnalynda çykan «Siz ýeke däl»a diýen makala maňa köp kömek etdi. Men şol makalany gaýta-gaýta okadym. Meniň ýanymda Ýehowadan başga hiç kim ýokdy. Şonuň üçin oňa doga edýärdim, şahsy okuwyny geçirýärdim we oýlanýardym.
Koron adasyna baranyma köp wagt geçmänkä, meni ýaşuly bellediler. Adada menden başga ýaşuly dogan ýokdy. Men Teokratik gulluk mekdebini, wagyz duşuşygyny, Mukaddes Kitaby öwrenmek we Garawul diňi duşuşyklaryny geçirýärdim. Şeýle-de her hepde jemagat nutugyny taýýarlap çykyş edýärdim. Şondan soň meniň özümi ýeke duýmaga wagtym hem bolmady.
Men Koron adasynda köp adama Mukaddes Kitapdan okuw geçýärdim. Olaryň käbiri suwa çümdürildi. Emma kynçylyklar hem bolýardy. Ada uludy, adanyň aňry çetine gidip wagyz etmek üçin ýarym gün ýöremeli bolýardym. Gije ýatar ýaly ýerem tapmalydym. Ýygnagyň territoriýasyna köp sanly kiçiräk adalar hem degişlidi. Men ol ýerlere wagyz etmäge motorly gaýykda gidýärdim. Üstesine-de, men ýüzüp hem bilmeýärdim. Emma Ýehowa meni goldaýardy, aladamy edýärdi. Görüp otursam, Ýehowa meni has uly kynçylyklara taýýarlaýan ekeni.
PAPUA-TÄZE GWINEÝA
1978-nji ýylda doganlar meni Awstraliýanyň demirgazygynda ýerleşýän Papua-Täze Gwineýa bellediler. Ol daglyk ýurtdy. Haýran galan ýerim, ol ýurtda ýaşaýan üç milliona golaý adam 800-den gowrak dilde gepleýärdi. Meniň bagtyma, ýaşaýjylaryň köpüsi melaneziýa pidjin dilinde gepleýärdiler. Şol dile tok-pisin hem diýilýär.
Meni wagtlaýyn Port-Morsbi şäherindäki iňlis ýygnagyna bellediler. Soňra tok-pisin ýygnagyna geçip, şol dili öwrenip başladym. Men adamlara tok-pisin dilinde wagyz edemsoň, şol dili tiz öwrendim. Köp wagt geçmänkä tok-pisin dilinde jemagat nutugy bilen çykyş edip başladym. Papua-Täze Gwineýa baranyma bir ýyl geçip-geçmänkä, meni etrap gözegçisi edip bellediler. Men birnäçe welaýatlara aýlanyp tok-pisin dilindäki ýygnaklary idemelidim.
Ýygnaklaryň arasy biri-birinden uzak bolansoň, men birnäçe etrap kongreslerini gurnamaly bolýardym we uzak ýol sökýärdim. Başda maňa täze ýurda, täze dile we medeniýete öwrenişmek kyn boldy, özümi ýeke duýýardym. Meniň ideýän ýygnaklaryma barmak üçin daglyk, baýyrlyk ýerlerden geçmeli bolandygy üçin ulagly däl-de, kiçiräk uçarly gitmeli bolýardym. Men her hepde diýen ýaly uçarda gatnaýardym. Käte uçarda menden başga ýolagçy ýokdy. Men Koron adasynda gulluk edenimde ýüzüp bilmeýändigim üçin motorly gaýykda ýygnaklary idemäge gorkýardym. Edil şonuň ýaly, uçarda ýygnaklary idemek hem meniň üçin gaty gorkunçdy.
Şol döwürler diňe käbir adamlarda telefon bardy. Men ýygnaklar bilen hat arkaly habarlaşýardym. Köplenç ýazan hatymdan öň özüm ýygnaklary idemäge barýardym. Şonuň üçin ýerli ýaşaýjylardan dogan-uýalaryň ýaşaýan ýerini soramaly bolýardym. Dogan-uýalar meni gujak açyp garşy alanda bar ýadawlygym zym-zyýat bolýardy. Men dürli ýagdaýlarda Ýehowanyň goldawyny görýärdim. Onuň bilen dostlugym gün-günden berkeýärdi.
Men Bugenwil adasyndaky ýygnagy idemäge baranymda bir är-aýal ýylgyryp: «Bizi tanadyňyzmy?» diýdi. Men Port-Morsbi şäherinde ýaşaýarkam olara wagyz edipdim. Hatda Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlapdym. Soňra okuwy dowam etmegi bir dogana tabşyrypdym. Şol şäherden gaýdanymdan soň är-aýal suwa çümdürilen eken. Men Papua-Täze Gwineýada gulluk edenimde başga-da köp bereketler aldym.
MAŞGALA DURMUŞY
Adel we men
Men 1978-nji ýylda Korondan Papua-Täze Gwineýa gitmänkäm, Adel atly uýa bilen tanşypdym. Ol göwnaçykdy, janaýamazdy, pioner bolup gulluk edýärdi. Adeliň iki çagasy bardy, oglunyň ady Samuel, gyzynyň ady Şirli. Adel garry ejesiniň hem aladasyny edýärdi. Men 1981-nji ýylyň maý aýynda Filippinlere dolandym we Adele öýlendim. Biz toýdan soň pioner bolup gulluk etdik we maşgalamyzyň aladasyny etdik.
Adel, Samuel, Şirli we men (Palawan)
Maşgalaly bolsam-da, doganlar meni 1983-nji ýylda Palawan welaýatynyň Linapakan adasyna ýörite pioner edip bellediler. Biz tutuş maşgalamyz bilen şol ada göçdük. Adada ýekeje-de Ýehowanyň Şaýady ýokdy. Gynansak-da, gaýyn enem bir ýyl geçip-geçmänkä aradan çykdy. Emma biz yhlasly wagyz edýärdik. Şeýlelikde ajy hasrata döz gelip bildik. Adada biz gaty köp adama Mukaddes Kitapdan okuw geçýärdik. Bize Ýygnak jaýy gerek boldy, biz kiçiräk Ýygnak jaýyny gurduk. Ada gelenimize üç ýyl geçensoň, Ýatlama agşamyna 110 adamyň gatnaşandygyny görüp örän begendik. Olaryň köpüsi suwa çümdürildi.
1986-njy ýylda aýalym hem ýörite pioner bellendi. Bizi Kulion adasyna bellediler. Ol heýwere keselli adamlaryň ýaşaýan adasydy. Başda biz endam-janyny ýara basan adamlara wagyz etmäge gorkduk. Emma adada ýaşaýan dogan-uýalar heýwere keselli adamlaryň bejergi alandygyny we keseliň kän ýokuşmaýandygyny aýtdylar. Keselli adamlaryň käbiri uýamyzyň öýüne ýygnaga-da gelýärdiler. Wagtyň geçmegi bilen biz heýwere keselli adamlara wagyz edip başladyk. Heýwere keselli adamlar «biz Hudaýa-da, adamlara-da gerek däl» diýip pikir edýärdiler. Biz Mukaddes Kitapdaky wadalaryň olara umyt berýändigini görüp diýseň begendik. Olar Hudaýyň wadalarynyň ýerine ýetjek gününe, keselinden sagalyp, bedeniniň çaganyňky ýaly boljak döwrüne sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Luka 5:12, 13).
Çagalarymyza Kulion adasyna öwrenişmek aňsat bolmady. Biz olara kömek etmek üçin Koronda ýaşaýan iki ýaş uýany öz ýanymyza gulluk etmäge çagyrdyk. Samueliň, Şirliniň we iki ýaş uýanyň okuw geçýänleri köpdi. Olar biziň okuw geçýänlerimiziň çagalaryna-da okuw geçýärdiler. Biz 11 maşgala bilen okuw geçýärdik. Kulion adasynda Mukaddes Kitap bilen gyzyklanýan adamlaryň sany şeýle bir köpeldi welin, täze ýygnak döretmeli boldy.
Kulion adasynda menden başga ýaşuly dogan ýokdy. Filialdaky doganlar maňa her hepde Kuliondaky sekiz wagyzçy bilen, Marili adasyndaky dokuz wagyzçy bilen ýygnak duşuşygyny geçirmegi tabşyrdy. Biz Marili adasyna barmak üçin üç sagat gaýykda ýüzmelidik. Ýygnakdan soň maşgalamyz bilen Halsi obasynda ýaşaýan adamlara okuw geçmek üçin daglyk ýollardan birnäçe sagat ýol geçýärdik.
Marili we Halsi adalarynda gaty köp adamlar hoş habara seslendi we hakykata geldi. Biz iki adada hem Ýygnak jaýyny gurduk. Edil Linapakanda bolşy ýaly ýerli dogan-uýalar we gyzyklanýan adamlar gurluşyk üçin gerek materiallary berdiler hem-de el kömegini etdiler. Marilidäki Ýygnak jaýy 200 adam üçin niýetlenendi. Ýöne Ýygnak jaýyny ulaldyp, ol ýerde kongres hem geçirip bolýardy.
GAÝGY-HASRAT WE ŞATLYK
Adel ikimiz 1993-nji ýylda Filippinlerde etrap gözegçisi bolup gulluk edip başladyk. Çagalar eýýäm ulalypdy. 2000-nji ýylda bolsa, men Gullugy kämilleşdiriş mekdebinde okadym. Doganlar şol mekdepde mugallym bolar ýaly maňa tälim berdiler. Men özümi ynamsyz duýdum. Emma aýalym Adel Ýehowanyň tabşyran täze borjuny ýerine ýetirmäge güýç berjegine ynandyrdy (Flp. 4:13). Sebäbi Adeliň özem agyr kesel bilen göreşýän hem bolsa, Ýehowanyň güýç-kuwwaty bilen gullugyny ýerine ýetirip bilýärdi.
2006-njy ýylda Gullugy kämilleşdiriş mekdebinde mugallym bolup ýörkäm, Adelde parkinson keseliniň bardygy anyklanyldy. Biziň depämizden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Men Adele onuň aladasyny etmek üçin gullugymy goýjakdygymy aýdanymda, ol: «Ýok, beýtme, gaýtam maňa seretjek lukman tapaly. Ýehowanyň özi bize kömek eder» diýdi. Adel şondan soň alty ýyllap Ýehowa yhlasly gulluk etdi. Ol birjik-de igenmedi, zeýrenmedi. Soňabaka ol ýöräp bilmese-de, maýyplaryň arabasynda wagyz edýärdi. Oňa gürlemek kyn hem bolsa, ýygnakda bir ýa-da iki söz bilen jogap berýärdi. Dogan-uýalar Adele göreldesi üçin sagbolsun aýdyp, her gün diýen ýaly hat ýazýardy. Mähriban aýalym 2013-nji ýylda aradan çykdy. Biz bilelikde 30 ýyldan gowrak Ýehowa gulluk etdik. Emma aýalym ýogalansoň ajy hasrat, ýekelik duýgulary egnimden basdy.
Men gullugymy dowam etdim. Muny Adel hem isläpdi. Men ünsümi Ýehowa gulluk etmäge berip, ajy aýralyga döz geldim. 2014—2017-nji ýyllar aralygynda doganlar maňa wagyz işi çäklendirilen ýurtda ýerleşýän tagalog dilindäki ýygnaklary idemegi tabşyrdylar. Soňra men Taýwanda, ABŞ-da we Kanadada tagalog dilindäki ýygnaklary idedim. 2019-njy ýylda bolsa Hindistanda we Taýwanda iňlis dilinde geçirilen Hoş habarçylar mekdebinde mugallym boldum. Men şu ýumuşlaryň hemmesini höwes bilen ýerine ýetirdim. Hiç zat Ýehowa gulluk edeniň ýaly şatlyk bermeýär.
ÝEHOWANYŇ GOLDAWY
Men nirede gulluk etsem-de, dogan-uýalar bilen agzybir maşgala ýaly bolýardym. Şonuň üçin olary goýup gaýtmak aňsat bolmaýardy. Şonda men Ýehowa doly bil baglamagy öwrendim. Men Onuň elini hemişe görýärin. Ol maňa durmuşyň garaşylmadyk öwrümlerinde berk durmaga kömek edýär. Häzir men Filippinlerde ýörite pioner bolup gulluk edýärin. Täze gatnaýan ýygnagym edil meniň öýüm ýaly boldy. Dogan-uýalar meniň aladamy edýär. Şeýle-de ejesiniň göreldesine eýerip, Ýehowa wepaly gulluk edýän Şirli bilen Samuele hem guwanýaryn (3 Ýah. 4).
Gatnaýan ýygnagym edil meniň öýüm ýaly boldy
Men durmuşda köp kynçylyklary başdan geçirdim. Mähriban aýalymyň agyr keselden ejir çekişini we aradan çykyşyny gördüm. Şeýle-de dürli-dürli ýagdaýlara öwrenişmeli boldum. Ýehowa şonda ýanymda bolup, meni goldady (Res. 17:27). Ýehowanyň eli gysga däl (Işa. 59:1). Ol hatda çet ýerlerde ýaşaýan dogan-uýalaryň hem aladasyny edýär. Ýehowa Arkadagym, Ol her gün meniň ýanymda bolup goldaýar. Men hiç haçan ýeke bolmadym. Men Ýehowa örän minnetdar!
a 1972-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda çykan «Garawul diňi» (iňlis.) žurnalynyň 521—527-nji sahypalaryny okap bilersiňiz.