Özüni bilýän adamlara meňzemäň
KÄBIR adamlar özüne patyşa däldirin öýtmeýärler. Olar hemmeleriň daşynda pyr-pyr aýlanmagyny, özüne hormat goýmagyny, aýdan-diýeninden çykmazlygyny isleýärler. Olar islän zadyny alsa-da, kanagat etmeýärler. Biz muňa geň galmaýarys. Sebäbi Mukaddes Kitapda soňky günlerde «adamlaryň özüni bilýän... gadyr bilmez» boljakdygy pygamberlik edilen (2 Tim. 3:2).
Geçmişde özüni bilýän adamlar bolupdyr. Adam ata bilen How ene ýagşyny we ýamany özleri saýlamak isläpdir. Şonuň üçin olaryň bütin nesli ejir çekýär. Birnäçe asyr geçensoň, Ýahudanyň patyşasy Uzyýa haky bolmasa-da ybadathanada tütetgi ýakjak bolýar. Şonuň üçin Ýehowa oňa temmi berýär (2 Tar. 26:18, 19). Edil şonuň ýaly, I asyrda fariseýler bilen saddukeýler Ybraýymyň nesli bolandygy üçin özlerini Hudaýyň nazar salan adamlary hasaplapdyrlar (Mat. 3:9).
Şu günler adamlar diňe özüni bilip ýaşaýar. Olaryň garaýşy bize-de geçmez ýaly seresap bolmaly (Gal. 5:26). Ýogsam biz hem özümize köpräk hormat goýulmagyny, jogapkärli borçlaryň berilmegini talap etmegimiz mümkin. Şeýle duzaga düşmez ýaly näme etmeli? Ilki bilen, Ýehowanyň pikirine düşünjek bolmaly. Geliň, Mukaddes Kitapdan iki prinsipe seredeliň.
Kime nähili borjuň berilmelidigini diňe Ýehowa çözýär. Geliň, käbir mysallara seredeliň.
Är maşgalanyň başy. Şonuň üçin aýal ärine hormat goýmaly, är hem aýalyny söýmeli (Efes. 5:33). Är-aýal biri-birine wepaly bolmaly, olar biri-biriniň «öňündäki borjuny ýerine ýetirmeli» (1 Kor. 7:3). Çagalar ene-atasyna gulak asmaly, ene-atalar bolsa çagalaryny söýüp aladasyny etmeli (2 Kor. 12:14; Efes. 6:2).
Dogan-uýalar zähmetsöýer ýaşululara hormat goýmaly (1 Sel. 5:12). Ýaşulular dogan-uýalaryň üstünden agalyk etmeli däl (1 Pet. 5:2, 3).
Biz döwlet işgärlerine salgyt tölemeli we hormat goýmaly, sebäbi muny Ýehowa isleýär (Rim. 13:1, 6, 7).
Ýehowa bize mynasyp bolandygymyz üçin däl-de, söýýändigi üçin ýagşylyk edýär. Biz günäli bolup dogulýarys, şonuň üçin ölüme mynasyp (Rim. 6:23). Ýöne Ýehowa wepaly söýgüsi bilen çoýup, bize köp bereket berýär (Zeb. 103:10, 11). Ýehowa bize ukyply, akyl-paýhasly bolandygymyz üçin däl-de, ýagşylyk edýändigi üçin ýygnakda borçlary we bereketleri berýär (Rim. 12:6—8; Efes. 2:8).
ÖZÜŇI BILIP ÝAŞAMAZ ÝALY NÄME ETMELI?
Özüni bilýän adamlara meňzemez ýaly seresap boluň. Biz käte: «Men has köp zada mynasyp» diýip pikir edenimizi duýman galmagymyz mümkin. Isa pygamber şeýle pikiriň her bir adamda döräp biljegini mysal arkaly düşündirdi. Üzümçiligiň eýesi işgärleri hakyna tutýar we olara bir teňňe tölejekdigini aýdýar. Käbir işgärler uzakly gün ýakyp-ýandyryp barýan Günüň aşagynda işleýär. Käbirleri bolsa birje sagat işleýär. Üzümçiligiň eýesi soňky gelenlere-de bir teňňe tölände, uzakly gün işlänler närazy bolup, ondan köpräk tölemegi talap edýärler (Mat. 20:1—16). Isa pygamber şu mysal arkaly Hudaýyň berýän berekedine kaýyl bolmalydygyny öwredýär.
Uzakly gün işlän işçiler köp hak alarys öýtdüler.
Köp zat talap etmän, minnetdar boluň (1 Sel. 5:18). Pawlus resul haky bolsa-da, Korinfdäki dogan-uýalardan el kömegine we pul kömegine garaşmady (1 Kor. 9:11—14). Biz hem Pawlusyň göreldesine eýerip, dogan-uýalardan köp zat talap etmän, olaryň edýän kömegine minnetdar bolmaly.
Pawlus dogan-uýalardan pul kömegine garaşmady.
Pesgöwünli bolmagy öwreniň. Diňe özi barada pikir edýän adam tekepbirligiň duzagyna düşýär. Emma pesgöwünli adam baryna kaýyl bolýar we nebsine çapmaýar.
Danyýar pygamber pesgöwünlidi, Ýehowa ony gowy görýärdi.
Danyýar pygamber pesgöwünli bolmakda her birimize gowy görelde galdyrdy. Ol han-begleriň neslindendi, görmegeýdi, akylly-başlydy we zehinlidi. Şonuň üçin ol özüni adamlardan ýokary tutup, hormat goýmaklaryny, ýokary wezipä çekmeklerini isläp bilerdi (Dan. 1:3, 4, 19, 20). Ýöne ol pesgöwünlidi, Ýehowa-da ony gowy görýärdi (Dan. 2:30; 10:11, 12).
Geliň, özüni bilýän, gadyr bilmez adamlara meňzemäliň. Gaýtam ýagşylyga baý Hudaý Ýehowanyň berýän bereketlerine minnetdar bolup, şatlanyp ýaşalyň.