16-NJY MAKALA
87-NJI AÝDYM Geliň, ýygnakda ruhlanalyň!
Dogan-uýalar bilen dostlaşmak «nähili gowy!»
«Agzybir ýaşaýan doganlary görmek, nähili gowy, nähili ýakymly!» (Zeb. 133:1).
ESASY PIKIR
Dogan-uýalar bilen dostlaşyp, Ýehowadan köp bereket alyň.
1, 2. Ýehowany begendirmek üçin näme etmeli?
BIZ adamlar bilen mähirli bolup olaryň aladasyny etsek, Ýehowa begenýär. Isa pygamber hem ýakynymyzy özümizi söýşümiz ýaly söýmegi öwretdi (Mat. 22:37—39). Biz diňe dogan-uýalar bilen däl, hatda Ýehowa gulluk etmeýän adamlar bilen hem mähirli bolmaly. Şonda Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýereris. «Ol Güni hem erbetleriň, hem ýagşylaryň üstünden dogurýar, ýagmyry hem dogrularyň, hem egrileriň üstünden ýagdyrýar» (Mat. 5:45).
2 Ýehowa hemme adamlary söýýär. Ýöne Ol ýagşy iş edýän adamlary has gowy görýär (Ýah. 14:21). Bizem Ýehowadan görelde alyp, dogan-uýalary janymyzdan eziz görmeli. Ýehowa bize dogan-uýalary ýürekden söýmegi we mähirli bolmagy maslahat berýär (1 Pet. 4:8; Rim. 12:10). Diýmek, biz imandaşlarymyzy süýtdeş doganymyz we jana-jan dostumyz ýaly eý görmeli.
3. Söýgimiz sowamaz ýaly näme etmeli?
3 Otag gülleri pajarlap öser ýaly, olara wagtal-wagtal ideg etmeli. Dogan-uýalara bolan söýgimiz hem gülläp öser ýaly, her gün jan etmeli. Pawlus resul: «Mundan beýläk-de araňyzda doganlyk söýgüsi bolsun» diýdi (Ýew. 13:1). Imandaşlarymyza bolan söýgimiz sowamaz ýaly, Ýehowa tagalla etmegimizi isleýär. Şu makalada dogan-uýalar bilen näme üçin ýakyndan dostlaşmalydygyny we dostlugymyz bozulmaz ýaly näme etmelidigini bileris.
DOGAN-UÝALAR BILEN NÄME ÜÇIN DOSTLAŞMALY?
4. Biz dogan-uýalaryň gadyryny bilmek üçin näme etmeli? (Zebur 133:1; surata serediň).
4 Zebur 133:1-i okaň. Mezmurçy ýaly biziň üçin hem Ýehowany söýýän adamlar bilen dostlaşmak «nähili gowy, nähili ýakymly!» Adam gowy zada çalt öwrenişýär. Meselem, biz owadan, beýik dagy her gün görüp ýörsek, oňa gözümiz öwrenişip kän ünsem bermeris. Edil şonuň ýaly, biz dogan-uýalary günde-günaşa görýäris. Olar bilen agzybirlikde sežde edýäris. Ýöne biz seresap bolmasak, olara bolaýmaly zat ýaly garamagymyz mümkin. Şeýle ýagdaý bolmaz ýaly näme edip bileris? Biz her bir dogan-uýanyň gyzyldan gymmatly dürdänedigi hakda oýlansak, olary ýürekden söýeris we gadyryny bileris.
Eger seresap bolmasak, dogan-uýalar bilen agzybirligimize bolaýmaly zat ýaly garamagymyz mümkin (4-nji abzasa serediň).
5. Hudaýyň halkynyň arasyndaky söýgini görüp adamlar nämä göz ýetirýär?
5 Köp adamlar ýygnaga ilkinji gezek gelende birek-birege bolan söýgimizi görüp haýran galýarlar. Olar ýygnakda agzybirligiň höküm sürýändigini görüp: «Ine, hakyky din!» diýýärler. Isa pygamber hem: «Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» diýdi (Ýah. 13:35). Muny Çitra bilen bolan waka subut edýär. Ol uniwersitetde okaýardy we Ýehowanyň Şaýatlary bilen okuw geçýärdi. Okuw geçýän uýa ony welaýat kongresine çagyrýar. Çitra kongresiň birinji gününe gatnaşansoň, uýa şeýle diýýär: «Ejem-kakam meni hiç haçan gujaklamandy. Ýöne şu gün meni 52 dogan-uýa gujaklady. Ýehowa olar arkaly meni söýýändigini görkezdi. Menem Ýehowanyň halkynyň arasynda bolasym gelýär». Çitra Hudaý barada bilim aldy we durmuşyny üýtgetdi. Ol 2024-nji ýylda suwa çümdürildi. Dogrudanam, ýygnaga ilkinji sapar gelen adamlar biziň ýagşy edim-gylymymyzy, aramyzdaky söýgini görüp Ýehowa gulluk edip başlaýar (Mat. 5:16).
6. Dogan-uýalar bilen maşgala ýaly agzybir bolsak nähili peýdasy bar?
6 «Maşgalam — baş galam» diýlişi ýaly, dogan-uýalar bilen agzybir maşgala ýaly bolsak, olar daşymyzy gala ýaly gorar. Pawlus resul: «Her gün biri-biriňizi ruhlandyryň. Günäniň aldawyna düşüp, ýüregiňizi gatatmaň» diýdi (Ýew. 3:13). Eger biz ruhdan düşüp hakykat ýolundan sowulsak, Ýehowa imandaşlarymyz arkaly biziň dadymyza ýetişer (Zeb. 73:2, 17, 23). Dogan-uýalaryň ruhlandyryjy sözleri göwnümizi galkyndyrar we hakykat ýolundan ynamly ädimler bilen ýöremäge kömek eder.
7. Biz dogan-uýalary söýüp nähili bereket alýarys? (Koloslylar 3:13, 14).
7 Dogan-uýalar birek-birege söýgüsini görkezmek üçin elinde baryny edýärler. Şonuň üçin hem Ýehowa köp bereket berýär (1 Ýah. 4:11). Meselem, biz birek-biregi söýýändigimiz üçin «sabyrly bolýarys» we ýygnagyň agzybirligine goşant goşýarys (Koloslylar 3:13, 14-nji aýatlary okaň; Efes. 4:2—6). Ýer ýüzünde ýygnak duşuşyklary ýaly asuda we parahat ýer hiç ýerde ýokdur!
«BIRI-BIRIŇIZE ILKINJI BOLUP HORMAT GOÝUŇ»
8. Ýehowanyň Şaýatlary bir-biregi söýmegi kimden öwrenýärler?
8 Dürli milletden, dürli halkdan bolan bikämil adamlar Ýehowa agzybir sežde edýär. Muňa gudrat diýse bolar (1 Kor. 12:25). Mukaddes Kitapda: «Biri-biriňizi söýmegi Hudaýdan öwrendiňiz» diýilýär (1 Sel. 4:9). Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly birek-birek bilen nädip dost bolmalydygyny jikme-jik düşündirýär. Ýehowadan öwrenýän adamlar onuň aýdýan zatlaryna ünsli bolýarlar we durmuşynda ulanýarlar (Ýew. 4:12; Ýak. 1:25). Ýehowanyň Şaýatlary hak Hudaýdan tälim alyp, birek-biregi söýmegi öwrenýärler.
9. «Biri-birimize ilkinji bolup hormat goýmak» üçin näme etmeli? (Rimliler 12:9—13).
9 Hudaýyň Sözündäki maslahatlar dogan-uýalar bilen ýakyndan dostlaşmaga kömek edýär. Munuň şeýledigini Pawlus resulyň Rimliler 12:9—13-nji aýatlarda (okaň) aýdan sözleri hem görkezýär. Pawlusyň «biri-biriňize ilkinji bolup hormat goýuň» diýen sözleri hasam ünsüňi çekýär. Dogan-uýalara hemişe ýagşylyk etmäge taýyn bolmaly. Munuň üçin biz geçirimli, myhmansöýer we jomart bolmaly (Efes. 4:32). Diýmek, dogan-uýalar ýanymyza gelýänçä garaşman, ilkinji ädimi özümiz ätmeli. Isa pygamber: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýdi (Res. 20:35).
10. Dogan-uýalara kömek etmekde nädip «zähmetsöýer» bolup bileris? (Surata serediň).
10 Pawlus resul: «Biri-biriňize ilkinji bolup hormat goýuň» diýensoň, «ýalta däl-de, zähmetsöýer bolmagy» maslahat berdi. Zähmetsöýer adam yhlasly we tutanýerli bolýar. Ol eden işiniň kemini goýmaýar. Nakyllar 3:27, 28-nji aýatlarda: «Eliňden gelse, mätäç adamlara ýagşylyk et» diýilýär. Biz dogan-uýalaryň mätäçlik çekýändigini görenimizde derrew dadyna ýetişmeli. Biz «wagtym bolanda kömek ederin» ýa-da «başgalar kömek eder» diýmeli däl (1 Ýah. 3:17, 18).
Biz mätäç dogan-uýalar kömek soraýança garaşyp oturman, ilkinji ädimi özümiz ätmeli (10-njy abzasa serediň).
11. Dogan-uýalar bilen dostlaşmaga ýene näme kömek eder?
11 Biz biri-birimize ilkinji bolup hormat goýmak üçin göwnümize degen adamy derrew bagyşlamaly. Efesliler 4:26-da: «Gün batýança, gaharyňyz ýatsyn» diýilýär. Eger şeýle etsek, 27-nji aýatda aýdylyşy ýaly, «Iblise ýol bermeris». Ýehowa bize Mukaddes Kitap arkaly bir-biregi bagyşlamalydygyny gaýta-gaýta ýatladýar. Koloslylar 3:13-de: «Bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» diýilýär. Muny etmegiň gowy usuly, dogan-uýalaryň kemçiliklerine, goýberýän ýalňyşlaryna kän üns bermeli däl. Şonda biz «parahatlygy saklap, mukaddes ruhuň beren agzybirligini gorarys» (Efes. 4:3). Hawa, geçirimli adamlar bereketden ganýarlar. Olar ýygnagyň agzybirligine we parahatlygyna goşant goşýarlar.
12. Ýüregimize ýara salan adamy bagyşlamaga Ýehowa nädip kömek edýär?
12 Ýüregiňe ýara salan adamy bagyşlamak hemişe aňsat bolmaýar, ýöne Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen bagyşlap bileris. Pawlus resul: «Birek-birege mähirli boluň... zähmetsöýer boluň» diýenden soňra, «mukaddes ruhuň kömegi bilen yhlasly bolmagy» maslahat berdi. «Yhlasly» adam hyjuwly bolýar, mukaddes ruhuň täsiri bilen ýagşy işleri etmek islegi güýçli bolýar (Rim. 12:11). Biz Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen göwnümize degen adamy höwes bilen bagyşlap bileris. Munuň üçin Ýehowadan ýalbaryp kömek soramaly (Luka 11:13).
«ARAŇYZDA BÖLÜNIŞIK BOLMASYN»
13. Ýygnakda bölünişigiň döremegine näme sebäp bolup biler?
13 Ýehowanyň halkynyň arasynda dürli milletden, medeniýetden, dürli ýaşdaky adamlar bar (1 Tim. 2:3, 4). Eger biz seresap bolmasak garaýşy, terbiýesi we medeniýeti tapawutlanýandygy üçin olary ýazgaryp, ýygnakda bölünişik döretmegimiz mümkin. Olaryň egin-eşik, özüňe timar bermek, saglyk we dynç almak meselesinde gelýän kararlary biziňki bilen deň bolman biler (Rim. 14:4; 1 Kor. 1:10). Biz «biri-birimizi söýmegi Hudaýdan öwrendik». Şonuň üçin özümizi başgalardan ýokary saýyp, dogan-uýalara öz dogry hasaplaýan zadymyzy etdirjek bolmaly däl (Flp. 2:3).
14. Biz näme etmäge jan etmeli we näme üçin?
14 Biz dogan-uýalary hemişe ruhlandyrsak we berkitsek ýygnakda bölünişigiň bolmagynyň öňüni alarys (1 Sel. 5:11). Soňky ýyllarda ençeme wagyz etmeýän wagyzçylar we ýygnakdan çykarylanlar Ýehowa dolandylar. Biz olary gujak açyp garşy alýarys (2 Kor. 2:8). On ýyl bäri wagyz etmeýän uýa ilkinji gezek Ýygnak jaýyna gelende şeýle diýýär: «Dogan-uýalar meni güler ýüz bilen garşy aldylar» (Res. 3:19). Dogan-uýalaryň mähirli garşy almagy oňa nähili täsir etdi? Ol: «Ýehowa mähirli dogan-uýalar arkaly meniň ýüregimi şatlykdan doldurdy» diýýär. Geliň, dogan-uýalary hemişe ruhlandyralyň. Şonda Isa Mesihden görelde alyp, «ýadaw we agyr ýükli adamlaryň» güýjüne güýç goşarys (Mat. 11:28, 29).
15. Ýygnagyň agzybirligine goşant goşmak üçin ýene näme etmeli? (Surata serediň).
15 Ýygnakda agzybirlik bolar ýaly aýdýan sözlerimize ünsli bolmaly. Eýýup 12:11-de: «Diliň tagamy bilşi ýaly, gulak hem sözleri seljerýär» diýilýär. Ökde aşpez bişiren naharyny myhmanlaryň öňüne goýmanka, onuň duzuny we tagamyny dadýar. Şonuň ýaly biz hem bir zat diýmezden öň, aýtjak sözlerimiziň adamlara nähili täsir etjekdigi barada oýlanmaly (Zeb. 141:3). Biziň aýdýan sözlerimiz hemişe adamlary ruhlandyrmaly, berkitmeli we «diňleýänlere peýdaly bolmaly» (Efes. 4:29).
Bir zat diýmezden öň, aýtjak sözlerimiziň adamlara nähili täsir etjekdigi barada oýlanmaly (15-nji abzasa serediň).
16. Esasan, kimler hoş sözleri aýtmaly?
16 Esasanam, ärler aýalyndan, ene-atalar çagalaryndan hoş sözüni gysganmaly däl (Kol. 3:19, 21; Tit. 2:4). Ýaşulular hem Ýehowanyň halkyny ruhlandyrýan, göwnüni galkyndyrýan çopanlar hökmünde tanalmaly (Işa. 32:1, 2; Gal. 6:1). Süleýman pygamber hem: «Wagtynda aýdylan sözler jana hoş ýakýar» diýipdir (Nak. 15:23).
«IŞ ÝÜZÜNDE HEM-DE HAKYKATDAN SÖÝMELI»
17. Dogan-uýalary ýürekden söýýändigimizi nädip görkezip bileris?
17 Ýahýa resul: «Biz diňe sözde we dilde däl-de, iş ýüzünde hem-de hakykatdan söýmelidiris» diýip maslahat berdi (1 Ýah. 3:18). Biz dogan-uýalary kiçi dilden bärde däl-de, ýürekden söýmeli. Munuň üçin olar bilen ýakyndan gatnaşmaly, köpräk wagt geçirmeli. Ýygnaga baranyňyzda we wagza çykanyňyzda, olar bilen gyzyklanyp gürrüňdeş boluň. Wagtal-wagtal hal-ýagdaýyny sorap myhmançylyga çagyryň. Şonda biz «biri-birimizi söýmegi Hudaýdan öwrenendigimizi» görkezeris (1 Sel. 4:9). Şeýle-de mezmurçynyň: «Agzybir ýaşaýan doganlary görmek, nähili gowy, nähili ýakymly!» diýen sözlerine goşularys (Zeb. 133:1).
90-NJY AÝDYM Birek-biregi ruhlandyralyň