Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Aprel sah. 8—13
  • «Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWANYŇ DOSTLARY BAGTLY
  • ÝEHOWANYŇ DOSTLARY GELEJEGE UMYTLY
  • ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY GORAŇ
  • RUHDAN DÜŞENIŇIZDE ÝEHOWA HAS-DA ÝAKYNLAŞYŇ
  • ÝEHOWA BILEN EBEDI DOST BOLUŇ
  • Dogan-uýalar bilen dostlaşmak «nähili gowy!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Beýik Biribara bil baglaň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýürekde döreýän şübhäni ýeňiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Aprel sah. 8—13

15-NJI MAKALA

30-NJY AÝDYM Hudaýym, Dostum, Atam

«Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr»

«Maňa bolsa Hudaýa ýakynlaşmak gowudyr» (Zeb. 73:28, çykgyt).

ESASY PIKIR

Ýehowa bilen dostlaşyň we bereket alyň.

1, 2. a) Dost tutunmak üçin näme etmeli? b) Şu makalada näme hakda gürrüň ederis?

SIZIŇ dostuňyz barmy? Siz onuň bilen nädip dostlaşdyňyz? Belki, siz onuň bilen köp gatnaşansyňyz, durmuşynda bolan ýagdaýlary, halaýan we halamaýan zatlaryny bilensiňiz. Siz dostuňyzyň gowy häsiýetlerini görüp, oňa meňzemek islänsiňiz. Şeýdip, jana-jan dost bolansyňyz.

2 Dostluk bir günde döremeýär, munuň üçin köp wagt gerek we onuň bilen ýakyndan gatnaşmaly. Ýehowa bilen hem dost bolmak üçin ony gowy tanamaly. Makalada Ýehowa bilen dostlaşmak üçin näme etmelidigini bileris. Geliň, ilki bilen, Ýehowa bilen dostlaşýan adamlaryň nähili bereket alýandygyny bileliň.

3. Ýehowa bilen dostlaşmagyň gowudygy hakda näme üçin oýlanmaly? Mysal getiriň.

3 Biz Ýehowa bilen dostlaşyp bilýändigimize begenýäris. Ýöne Ýehowa bilen dostlaşmagyň gowudygy hakda näçe köp oýlansak, şonça-da onuň bilen dostlugymyz berkär (Zeb. 63:6—8). Meselem, biz sagdyn bolmak üçin ýokumly iýmitleri iýmelidigini, beden maşkyny etmelidigini, wagtynda ýatyp, wagtynda turmalydygyny we köpräk suw içmelidigini bilýändiris. Ýöne köp adamlar şu maslahatlara eýermeýär. Olar saglygynyň aladasyny etmeýär. Eger biz şu maslahatlaryň peýdasy hakda oýlansak, olara eýeresimiz geler. Şonuň ýaly biz Ýehowa bilen dostlaşyp bilýändigimize diňe bir begenmän, Hudaýa ýakynlaşmagyň gowudygy hakda näçe köp oýlansak, şonça-da gökdäki Atamyz bilen dostlugymyz berkär (Zeb. 119:27—30).

4. Zebur 73:28-de mezmurçy duýgularyny nädip beýan edýär?

4 Zebur 73:28-i okaň. Zebur 73-nji baby ýazan mezmurçy lewi taýpasyndandy. Ol Ýehowanyň ybadathanasynda saz çalýardy. Mezmurçy birnäçe ýyllap Ýehowa wepaly gulluk edendir. Ýöne ol Ýehowa bilen dostlaşmagyň gowudygy hakda oýlanmalydy we başgalara-da muny etmegi maslahat berdi. Ýehowa bilen dostlaşmagyň nähili peýdasy bar?

ÝEHOWANYŇ DOSTLARY BAGTLY

5. a) Ýehowanyň dostlary näme üçin bagtly? b) Mukaddes Kitabyň maslahatlary size nähili peýda berdi we nämelerden gorady? (Nakyllar 2:6—16).

5 Ýehowanyň dostlary örän bagtly (Zeb. 65:4). Sebäbi olar Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerip köp peýda alýarlar. Şeýlelikde, olar erbet işleri etmeýärler we nädogry ýola gadam basyp ökünip ýörmeýärler (Nakyllar 2:6—16-njy aýatlary okaň). Mukaddes Kitapda: «Akyldarlygy gözläp tapan, parasatly bolmagy öwrenen bagtlydyr» diýip, ýöne ýere aýdylmaýar (Nak. 3:13).

6. Mezmurçy näme üçin ruhdan düşdi?

6 Ýehowanyň dostlary hem käte gaýgy-gama batýar. Zebur 73-nji baby ýazan mezmurçy erbetleriň döwran sürýändigini, hudaýhon adamlaryň bolsa kösenip ýaşaýandygyny görende ruhdan düşýär. Ol hatda Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermeýän adamlaryň gowy ýaşaýandygyna göriplik edýär. Mezmurçy «gopbamsy, ulumsy adamlaryň mal-mülki dünýä sygmaýar, janlary tut ýaly sagdyn, kösenip ýaşamaýar» diýip nädogry netijä gelýär (Zeb. 73:3—7, 12). Ol şeýle bir ruhdan düşýär welin, Ýehowa gulluk etmek üçin janyňy gynanyňa degmeýär diýýär. Mezmurçy gamlanyp: «Men biderek ýere päk ýürekli bolupdyryn, elimi arassa saklapdyryn» diýýär (Zeb. 73:13).

7. Kalbymyzda harasat gopanda, mezmurçydan nädip görelde alyp bileris? (Surata serediň).

7 Mezmurçy ruhdan düşende gol gowşuryp oturmaýar, gaýtam aýgytly hereket edýär. Ol «Hudaýyň mukaddes mekanyna girýär», Ýehowa-da oňa nädogry garaýşyny düzetmäge kömek edýär (Zeb. 73:17—19). Ýehowa bize-de ruhdan düşenimizde kömek eder, sebäbi Ol biziň iň ýakyn Dostumyz we bizi hemmeden gowy tanaýar. Eger doga edip Ýehowadan kömek sorasak, Mukaddes Kitap we ýygnaklar arkaly berýän maslahatyna gulak assak, gaýgy-gama batyp oturman, gullugymyzy dowam etmäge güýjümiz bolar. Käte kynçylyklar sebäpli kalbymyzda harasat gopsa, Ýehowa göwünlik berip köşeşdirer (Zeb. 94:19)a.

Lewi ybadathananyň eýwany bilen gurbanlyk ojagynyň aralygynda dur.

Zebur 73-nji baby ýazan lewi «Hudaýyň mukaddes mekanynda dur» (7-nji abzasa serediň).


ÝEHOWANYŇ DOSTLARY GELEJEGE UMYTLY

8. Hudaý bilen dostlaşýan adamlar nähili bereketleri alýar?

8 Ýehowanyň dostlary azyndan iki bereket alýarlar. Birinjiden, olar häzirden Hudaýa sežde edip bagtly ýaşaýarlar. Ikinjiden, olar gelejekde gowy durmuşda ýaşamaga umyt edýärler (Ýer. 29:11). Geliň, şol bereketleriň her birine aýratynlykda seredeliň.

9. Hudaýa sežde edýän adamlar näme üçin bagtly ýaşaýar?

9 Ýehowanyň dostlary oňa sežde edip bagtly ýaşaýarlar. Emma Hudaýa iman etmeýän, hatda onuň bardygyna ynanmaýan adamlar: «Durmuşda many ýok, adamzadyň gelejegi garaňky görünýär» diýýärler. Ýöne Mukaddes Kitapdan bilşimiz ýaly, Hudaýy «ýürekden agtarýanlaryň sylag aljakdygyna» ynanýarys (Ýew. 11:6). Adamlar Hudaýa sežde etmek üçin ýaradyldy. Bizem gökdäki Atamyz Ýehowa sežde edýändigimiz üçin häzirden bagtly ýaşaýarys (5 Mus. 10:12, 13).

10. Zebur 37:29-a görä, Ýehowanyň dostlary nähili gelejege umyt edýär?

10 Hudaýa iman etmeýän adamlar ýagty gelejege umyt etmeýärler. Olar gysgajyk ömründe «işläýin, durmuş guraýyn, çaga edineýin, pensiýa çykyp, çeken zähmetimiň hözirini göreýin» diýip ýaşaýarlar. Emma Hudaý adamlary 70-80 ýyl ýaşap, ölüp gitmeli diýip ýaratmady. Olardan tapawutlylykda Ýehowanyň dostlary Hudaýyň niýetlerini bilýärler (Zeb. 25:3—5; 1 Tim. 6:17). Şonuň üçin Oňa iman edýärler we beren wadasyny ýerine ýetirjekdigine ynanýarlar. Mundan başga-da olar ýer ýüzi Jennet bolanda Ýehowa ebedi sežde etjek günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar (Zebur 37:29-y okaň).

11. Ýehowa bilen dostlaşyp ýene nähili bereket alýarys we Ýehowany nädip begendirip bilýäris?

11 Ýehowanyň dostlary başga-da köp bereket alýar. Meselem, Ýehowa toba edýän adamlaryň günäsini geçýär (Işa. 1:18). Şeýlelikde, olar geçmişde eden günäsi sebäpli öz etini özleri iýip ýörmeýär (Zeb. 32:1—5). Ýehowa-da olaryň özi bilen dostlaşmak üçin tagalla edýändigini görende begenýär (Nak. 23:15). Dogan-uýalar, siz Ýehowa bilen dostlaşyp, başga-da köp bereket alansyňyz. Ýöne biz mundan beýläk hem Hudaý bilen dostlugymyzy berkitmek üçin näme etmeli?

ÝEHOWA BILEN DOSTLUGYŇYZY GORAŇ

12. Ýehowa bilen dostlaşmak üçin nämeleri etdiňiz?

12 Siz suwa çümdürilmänkäňiz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin eliňizde baryny edensiňiz. Ýehowa Hudaý, Isa Mesih hakda hakykaty bilensiňiz, geçmişde eden günäleriňize toba edensiňiz. Hudaýa iman edýändigiňizi iş ýüzünde görkezensiňiz we oňa gulak asyp ýaşamak üçin jan edensiňiz. Ýöne Hudaý bilen dostlaşmak üçin mundan beýläk-de köp tagalla etmeli (Kol. 2:6).

13. Ýehowa bilen dostlugymyzy has-da berkitmäge haýsy üç ädim kömek eder?

13 Ýehowa bilen dostlugymyzy has-da berkitmek üçin üç ädim ätmeli. 1) Her gün Mukaddes Kitaby okamaly we şahsy okuwyny geçirmeli. Biziň maksadymyz Hudaý barada ýöne bir bilim almak bolmaly däl, gaýtam Hudaýyň islegine düşünip, prinsiplere görä ýaşamagy öwrenmeli (Efes. 5:15—17). 2) Ýehowanyň bizi söýüp edýän ýagşylyklary hakda oýlanyp imanymyzy berkitmeli. 3) Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny ýigrenmeli we erbet adamlar bilen dostlaşmaly däl (Zeb. 1:1; 101:3).

14. 1 Korinfliler 10:31-e görä, Ýehowany her gün razy etmek üçin näme edip bileris? (Surata serediň).

14 1 Korinfliler 10:31-i okaň. Biz Ýehowany razy etmek üçin onuň islegine düşünmeli. Munuň üçin diňe wagyz etmek, ýygnaklara barmak ýeterlik däl. Biz her gün Ýehowany begendirip ýaşamaly. Meselem, biz ähli zatda dogruçyl bolsak, hiç kimi aldamasak, adamlara elimizden gelen ýagşylygy etsek, Ýehowa şatlanar (2 Kor. 8:21; 9:7). Ýehowa biziň janymyzyň gadyryny bilmegimizi isleýär. Ýaşaýşy beren Ýehowa bilen dostlugymyz bozulmaz ýaly iýermen, içegen bolmaly däl. Şeýle-de sagdyn bolmak üçin elimizde baryny etmeli. Şonda Ýehowa biziň kiçi zatlarda hem ony razy etmek isleýändigimizi görüp monça bolar (Luka 16:10).

Surat: Biz dört ýagdaýda Ýehowany begendirip ýaşamaly. 1) Ulagy seresap sürmeli. Ulag sürýän dogan gyzyl yşykda durýar. 2) Jan-saglyga seretmeli. Dogan saglygy üçin tiz-tiz ýöreýär. 3) Dogry iýmitlenmeli. Jamyň içinde her dürli gök-önüm bar. 4) Myhmansöýer bolmaly. Uýa elini döwdüren garry uýa nahar bişirip getirýär hem-de gül berýär.

Ulagy seresap sürsek, maşk etsek, ýokumly iýmitleri iýsek we myhmansöýer bolsak, Ýehowany begendireris (14-nji abzasa serediň).


15. Biz adamlar bilen özümizi nähili alyp barmaly?

15 Ýehowa gowy adamlara-da, erbet adamlara-da ýagşylyk edýär (Mat. 5:45). Ol biziň hem özünden görelde almagymyzy isleýär. Biz adamlara göwne degiji sözleri aýtmaly däl, dawalaşmaly däl, «ähli adamlar bilen mylakatly» bolmaly (Tit. 3:2). Şeýle-de biz Hudaýa iman etmeýän adamlary äsgermezlik etmeli däl (2 Tim. 2:23—25). Eger biz hemişe adamlar bilen mähirli bolsak, olaryň ýagdaýyna düşünsek, Ýehowa bilen has-da dostlaşarys.

RUHDAN DÜŞENIŇIZDE ÝEHOWA HAS-DA ÝAKYNLAŞYŇ

16. Mezmurçy nähili duýgulary başdan geçirdi?

16 Käte biz: «Meniň kemçiliklerim köp, Ýehowa meniň bilen hiç haçan dostlaşmaz» diýip pikir edýändiris. Mezmurçy hem şeýle duýgulary başdan geçiripdi. Ol: «Dogry ýoldan tas sowlupdym, aýaklarym taýypdy» diýip ýazdy (Zeb. 73:2). Şeýle-de ol Ýehowa ýüzlenip: «Men düşünjesiz... seniň öňüňde haýwan ýaly akylsyz bolupdyryn» diýýär (Zeb. 73:21, 22). Emma mezmurçy kemçilikleri hakda oýlanyp, «Ýehowa meni bagyşlamaz, indi meniň bilen dostlaşmaz» diýip pikir etdimi?

17. a) Mezmurçy ruhdan düşüp özünden göwni geçende näme etdi? b) Biz ondan näme öwrenýäris? (Surata serediň).

17 Mezmurçy az wagtlyk ruhdan düşüp, Ýehowa meni söýmeýär diýip pikir etdi. Ýöne ol derrew özüni ele aldy. Ol ruhdan düşüp özünden göwni geçen wagty Ýehowa has-da ýakynlaşmalydygyna düşündi. Muny mezmurçynyň Ýehowa aýdan sözlerinden hem görse bolýar: «Sen sag elimden tutduň, indi ýanyňdan aýrylmaryn. Maslahat berip, ýol görkezýärsiň, şan-şöhrata ýetirýärsiň» (Zeb. 73:23, 24). Biz hem kemçiliklerimiz ýa-da ejizliklerimiz sebäpli ruhdan düşsek, Ýehowadan daşlaşman, gaýtam oňa tarap has köp ädim ätmeli (Zeb. 73:26; 94:18). Eger aýagymyz taýyp, dogry ýoldan sowulsak, onda Ýehowa dolanmaly, sebäbi Ýehowa örän «geçirimli» Hudaý (Zeb. 86:5). Biz ruhdan düşüp, halys çökenimizde Ýehowa ýakynlaşmak üçin iki esse tagalla etmeli (Zeb. 103:13, 14).

Surat: 1) Dogan ruhdan düşüp otyr. 2) Soňra ol ýygnakda är-aýal bilen ýylgyryp salamlaşýar.

Ruhdan düşüp, halys çökenimizde Ýehowa ýakynlaşmak üçin öňküdenem köp doga etmeli we ýygnaklardan galmaly däl (17-nji abzasa serediň).


ÝEHOWA BILEN EBEDI DOST BOLUŇ

18. Ýehowanyň dosty bolar ýaly näme üçin hemişe tagalla etmeli?

18 Biz Ýehowa bilen dostlaşmak üçin hemişe tagalla etmeli, sebäbi Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ýollaryna, akyldarlygyna we bilimine «akyl ýetirip bolýan däldir» diýilýär (Rim. 11:33). Biz Jennetde Ýehowa hakda ebedi bilim alyp dostlugymyzy günsaýyn berkideris.

19. Mezmurçynyň sözleri bizi nämä ynandyrýar?

19 Zebur 79:13-de: «Seniň halkyň, öri meýdandaky süriň, saňa ebedilik alkyş aýdar, seni nesilden-nesle şöhratlandyrar» diýilýär. Bizem Ýehowa bilen dostlaşyp, ondan ebedi bereket aljakdygymyza şübhelenmäliň. Geliň, mezmurçy ýaly: «Hudaý arkadagymdyr, ebedilik paýymdyr» diýeliň (Zeb. 73:26).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Ýehowa bilen dostlaşmagyň gowudygy hakda näme üçin oýlanmaly?

  •  Hudaý bilen dostlaşyp nähili bereketleri alýarys?

  •  Ýehowa bilen dostlugymyz bozulmaz ýaly näme etmeli?

32-NJI AÝDYM Ýehowanyň tarapyna geçiň

a Eger adam uzak wagtlap göwnüçökgünlige, howsala düşüp, gaýgy-alada edýän bolsa, oňa lukmanyň kömegi gerek bolar (wp23-U No. 1).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş