64-NJI AÝDYM
Hasyla höwes bilen gatnaşalyň
Çap edilen görnüşi
	- 1. Hasyl ýygylýan döwür geldi, - Serediň ekin meýdana. - Goşant goşalyň höwes bilen, - Işleri goýup bir ýana. - Isa boldy gowy görelde, - Hasyla gatnaşdy günde. - Biz hem öýden-öýe aýlanalyň, - Wagza gatnaşalyň günde. 
- 2. Wagt barka bolalyň yhlasly, - Söýeliň her bir ynsany. - Wagyz edeliň, öwredeliň, - Gaýgyrmalyň şirin jany. - Geliň, şatlanalyň ýürekden, - Ýehowa berer bereket. - Iň soňuna çenli gatnaşalyň, - Edip aýgytly hereket. 
(Serediň: Mat. 24:13; 1 Kor. 3:9; 2 Tim. 4:2)