Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • scl sah. 3—5
  • Giriş

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Giriş
  • Mukaddes Kitapdan maslahatlar
Mukaddes Kitapdan maslahatlar
scl sah. 3—5

Giriş

Käte biz maslahatlara we kömege mätäç bolýarys. Şu kitap arkaly siz Mukaddes Kitapdan gerekli aýatlary we mysallary aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz. Şeýle-de siz adamlary ruhlandyryp, olara dogry karara gelmäge kömek edip bilersiňiz. Siz gerekli temany saýlap, oňa degişli soraglary we Mukaddes Kitapdan mysallary tapyp bilersiňiz («Kitaby nädip ulanmaly» diýen çarçuwa serediň). Kitapda peýdaly maslahatlar, görkezmeler we ruhlandyrýan aýatlar bar. Kitapdan tapan dürdäne pikirleriňizi başgalara gürrüň berseňiz, olary ruhlandyryp kynçylyklaryny ýeňmäge kömek edersiňiz we peýdaly maslahatlary berip goldap bilersiňiz.

Kitaby nädip ulanmaly?

Gerekli temany tapmak üçin gözleg düwmesine basyp, temanyň adyny ýazmaly ýa-da tema degişli bölümi saýlamaly. Şu kitapda ýedi sany bölüm bar. Olar: «Edim-gylym», «Häsiýetler», «Hudaý bilen dostluk», «Kynçylyklar», «Maşgala», «Mesihçiniň durmuşy», «Ýygnak». Her bölümde bolsa birnäçe temalar bar. Gerekli bölüme girip, gözleýän temaňyzy saýlaň. Gözleýän temaňyzyň haýsy bölüme degişlidigini bilmeseňiz, «Ähli temalar» diýen ýere basyp, şol ýerden tapyp bilersiňiz. Her temanyň aşagynda goýy harplar bilen ýazylan sözbaşylar bar. Olaryň käbiri sorag görnüşinde. Sözbaşylaryň aşagynda bolsa oňa degişli aýatlar bar. Şol aýatlary okanyňyzda, olaryň sözbaşy bilen nähili baglanyşygynyň bardygy hakda oýlanyň. Gözleýän maglumatyňyzy çalt tapmak üçin käbir temalar kiçiräk bölümlere bölündi. «Serediň» diýen sözden soňra şol tema degişli başga-da aýatlar we salgylar getirilýär. Käbir sözbaşylarda «Mukaddes Kitapdan mysallar» getirilýär we birki sözlemde aýatlaryň esasy pikiri ýa-da olardan näme öwrenip biljekdigimiz düşündirilýär. Şol pikirler aýady okap oýlanmaga kömek eder.

Şu kitapda tema degişli diňe käbir aýatlar getirilýär. Şol aýatlaryň üsti bilen tema degişli başga-da aýatlary tapyp bolýar (Nak 2:1—6). «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasy» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi» arkaly bolsa has çuňňur gözleg geçirip bilersiňiz. Gözleg geçireniňizde aýatlaryň soňky düşündirilişine degişli maglumatlary tapmak üçin soňky çykan edebiýatlara serediň.

«Mukaddes Kitapdan maslahatlar» kitaby Hudaýyň Sözüne gowy düşünmäge, dogry bilim almaga we paýhasly karara gelmäge kömek eder diýip umyt edýäris. Şu kitaby ulansaňyz, «Hudaýyň sözüniň diri hem güýçlüdigine» göz ýetirersiňiz (Ýew 4:12).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş