Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es23 sah. 17—26
  • Fewral

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Fewral
  • Her günki aýady okalyň — 2023
  • Sözbaşylar
  • 1-nji fewral, çarşenbe
  • 2-nji fewral, penşenbe
  • 3-nji fewral, anna
  • 4-nji fewral, şenbe
  • 5-nji fewral, ýekşenbe
  • 6-njy fewral, duşenbe
  • 7-nji fewral, sişenbe
  • 8-nji fewral, çarşenbe
  • 9-njy fewral, penşenbe
  • 10-njy fewral, anna
  • 11-nji fewral, şenbe
  • 12-nji fewral, ýekşenbe
  • 13-nji fewral, duşenbe
  • 14-nji fewral, sişenbe
  • 15-nji fewral, çarşenbe
  • 16-njy fewral, penşenbe
  • 17-nji fewral, anna
  • 18-nji fewral, şenbe
  • 19-njy fewral, ýekşenbe
  • 20-nji fewral, duşenbe
  • 21-nji fewral, sişenbe
  • 22-nji fewral, çarşenbe
  • 23-nji fewral, penşenbe
  • 24-nji fewral, anna
  • 25-nji fewral, şenbe
  • 26-njy fewral, ýekşenbe
  • 27-nji fewral, duşenbe
  • 28-nji fewral, sişenbe
Her günki aýady okalyň — 2023
es23 sah. 17—26

Fewral

1-nji fewral, çarşenbe

Ýehowa adyny çagyrýanlaryň ählisine... ýakyndyr (Zeb. 145:18).

Ýehowa wepaly halkynyň aladasyny edýär. Ol gam-gussa batyp, özüni ýeke duýýan adamlaryň penasy bolýar (Zeb. 145:18, 19). Geliň, ruhdan düşen Ylýas pygambere Ýehowanyň nädip kömek edendigini bileliň. Şol döwür Ysraýylda ýalan din möwç urýardy. Ýehowanyň wepaly bendelerini zalymlyk bilen yzarlaýardylar. Ylýas pygamberi öldürjek hem boldular (1 Pat. 19:1, 2). Ol Ýehowa: «Pygamberleriňi gylyçdan geçirdiler, diňe men galdym» diýdi (1 Pat. 19:10). Ýehowa wepaly bendesine kömek etmek üçin derrew aýaga galdy. Ol perişdesini ýollap, Ylýas pygamberiň ýeke däldigini, köp hudaýhon ysraýyllaryň bardygyny aýtdy (1 Pat. 19:5, 18). Isa-da şägirtlerine ençeme doganlarynyň we uýalarynyň boljakdygyny aýtdy (Mar. 10:29, 30). Ýehowa aladaçyl ata hökmünde wepaly ogul-gyzlaryny goldajagyny we ýeke goýmajagyny söz berýär (Zeb. 9:10). w21.06 sah. 8, 9, abz. 3, 4

2-nji fewral, penşenbe

Hudaýyň perzentleri Hudaýy diňleýändir (Ýah. 8:47).

Adamlar biziň aýdýan habarymyzy diňlemeýärler. Sebäbi biz Mukaddes Kitap arkaly ýalan dini taglymatlary we däp-dessurlary paş edýäris. Dini ýolbaşçylar Allanyň günäli adamlary dowzah odunda gynaýandygyny aýdýarlar. Ýalan dini düşünjelere ynanýan adamlar bütin ömrüne gorkuda ýaşaýarlar. Söýgüden doly Ýehowa gulluk edýän adamlar ýalan taglymatlara ynanmaýarlar. Olar akýürekli adamlara hakykaty gürrüň berýärler. Dini ýolbaşçylar adam ölensoň, ruhy ýaşaýar diýýärler. Eger olaryň aýdýany dogry bolsa, Ýehowa Mukaddes Kitapda ölen adamlaryň direljekdigi hakda ýazdyrmazdy. Biz ýalan taglymatlary Mukaddes Kitap arkaly paş edýäris. Şeýle-de dini ýolbaşçylar «Allanyň ýazanyna kaýyl bolmaly» diýip öwredýärler. Biz bolsa adamlaryň erkin ýaradylandygyny we Hudaýa gulluk etmegi her kimiň özüniň çözýändigini aýdýarys. Şol sebäpli biziň aýdýan habarymyza dini ýolbaşçylaryň gahary gelýär. Eger biz hakykaty söýsek, Ýehowanyň aýdýanlaryna gulak asarys (Ýah. 8:45, 46). Şeýtan hemişe ýalan sözleýär. Biz bolsa hemişe hakykaty aýdýarys. Biz hiç haçan imandan dänmeris (Ýah. 8:44). Hudaý halkynyň «erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşmagyny» we Isa pygamberden görelde almagyny isleýär (Rim. 12:9; Ýew. 1:9). w21.05 sah. 10, abz. 10, 11

3-nji fewral, anna

Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar (Ýak. 4:7).

Biz tekepbirligiň ýa-da açgözlügiň duzagyna düşen bolsak näme?! Biz halas bolup bilerismi? Elbetde! Pawlus resul: «Iblisiň duzagyna düşenler... halas bolarlar» diýdi (2 Tim. 2:26). Unutmalyň, Ýehowa Şeýtandan has güýçli. Biz Ýehowanyň kömegi bilen Şeýtanyň ähli duzagyndan halas bolup bileris. Ýöne biz şol duzaga düşmän hem bileris. Munuň üçin özümize däl-de, Ýehowa bil baglamaly. Biz men-menlik etmeli däl. Sebäbi Ýehowa köp wagtdan bäri gulluk edýän dogan-uýalar hem tekepbirligiň we açgözlügiň duzagyna düşdüler. Şeýle erbet häsiýetler aňymyza, ganymyza siňmez ýaly, her gün Ýehowa doga edip kömek soramaly we ýüregimizi barlamagy haýyş etmeli (Zeb. 139:23, 24). Geliň, tekepbirligiň we açgözlügiň ýüregimize kök urmagyna ýol bermäliň! Şeýtan müňlerçe ýyl bäri aw-awlap gelýär. Ýöne ol tizden öz gazan çukuryna özi düşer we ýok ediler (Ylh. 20:1—3, 10). Biz şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şol gün gelýänçä, Şeýtanyň duzagyna düşmäliň. Tekepbir we açgöz bolmaz ýaly elimizde baryny edeliň. Geliň, «Iblise garşy duralyň, şonda ol bizden gaçar». w21.06 sah. 19, abz. 15—17

4-nji fewral, şenbe

Hasyl ýygnamaga işçi iberer ýaly, hasyl Eýesine ýalbaryň (Mat. 9:38).

Ýehowa ýekeje adamyň Mukaddes Kitapdan okuw geçýändigini we öwrenen zatlaryny adamlara gürrüň berýändigini görüp begenýär (Nak. 23:15, 16). Ýehowa bütin ýer ýüzünde şägirt taýýarlamak işiniň uly depginde alnyp barylýandygyna hasam guwanýar. Koronawirus keseliniň (Covid-19) ýaýrandygyna garamazdan, 2020-nji gulluk ýylynda 7 705 765 adam bilen Mukaddes Kitap okuwy geçildi. 241 994 adam bolsa özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürildi. Olar hem adamlar bilen okuw geçip, şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşarlar (Luka 6:40). Adamlara Isa pygamberiň şägirdi bolmaga kömek etsek, Ýehowanyň bizden göwni hoş bolar. Şägirt taýýarlamak üçin köp zähmet çekmeli. Biz adamlara Ýehowany söýmäge kömek edip bileris, sebäbi Ol bizi goldajagyny wada berýär. Şonuň üçin iň bolmanda bir adam bilen okuw geçmegi maksat edinmeli. Geliň, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, adamlara Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip edeliň. w21.07 sah. 6, 7, abz. 14—16

5-nji fewral, ýekşenbe

Hudaýymyň öýüne söýgim güýçli bolansoň... hazynamdaky altyn-kümüşden bermek isleýärin (1 Tar. 29:3).

Dawut patyşa ybadathananyň gurluşygyny goldamak üçin, öz hazynasyndan köp altyn-kümüş berdi (1 Tar. 22:11—16). Şu günlerem garry dogan-uýalar Dawut patyşa ýaly jomart bolup bilerler. Olar guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşyp bilmeseler-de, ýagdaýynyň çatdygyndan pul sadakasyny berip bilerler. Şeýle-de olar baý durmuş tejribesini ýaşlar bilen paýlaşyp bilerler. Pawlus resul hem jomart bolmakda gowy görelde galdyrdy. Pawlus Timoteosy wagyz syýahatyna äkidýär we oňa hoş habary ökdelik bilen wagyz etmegi öwredýär (Res. 16:1—3). Ol Pawlusyň tälimini alyp, ökde wagyzçy we mugallym bolup ýetişýär (1 Kor. 4:17). Soňra Timoteos hem dogan-uýalara ökde wagyzçy bolmaga kömek edýär. w21.09 sah. 12, abz. 14, 15

6-njy fewral, duşenbe

Siz henizem... göriplik edip, dawalaşýaňyz (1 Kor. 3:3).

Apollos bilen Pawlusyň göreldesine eýermek üçin näme etmeli? Olaryň ikisi hem Mukaddes Kitaby gowy bilýärdi, atly-abraýlydy we ökde mugallymdy. Ikisi hem köp adamlara Isanyň şägirdi bolmaga kömek etdi. Ýöne olar bir-birine göriplik etmeýärdi (Res. 18:24). Pawlus resul Apollosa ýene-de Korinf şäherine dolanmagy haýyş edýär. Apollos hoş habary ökdelik bilen wagyz etdi we dogan-uýalaryň imanyny berkitdi. Şeýle-de ol pesgöwünli adamdy. Akila bilen Priskilla «Hudaýyň ýoluny has dogry düşündirende», ol öýkelemedi (Res. 18:24—28). Pawlus resul Apollosyň ýagşy işleriniň gadyryny bilýärdi. Ol Apollosy bäsdeşi hasaplamaýardy. Biz Pawlusyň korinflilere ýazan hatyndan onuň kiçigöwünli, pespäl we paýhasly adamdygyny bilýäris (1 Kor. 3:4—6). w21.07 sah. 18, abz. 15—17

7-nji fewral, sişenbe

Köpler dogruçyl hasaplandy (Rim. 5:19).

Adam ata bilen How ene Hudaýyň perzendi bolmakdan mahrum boldular we nesillerine-de zyýan ýetirdiler. Olar gökdäki Atasyna bilgeşleýin gulak asman, ony gynandyrdylar. Ýöne Hudaý Adam atanyň nesillerini ogul-gyzlary hökmünde kabul etmek isleýär. Munuň üçin ol söwer Ogluny gurban berdi (Ýah. 3:16). Ýehowa töleg gurbanyna iman edýän 144 000 saýlanan mesihçileri ogullary hökmünde kabul edýär (Rim. 8:15—17; Ylh. 14:1). Şu günler millionlarça adamlar Ýehowany razy edip ýaşaýarlar. Olar Müňýyllyk hökümdarlygyň soňunda boljak synagda Hudaýa wepaly bolsalar, onuň ogul-gyzlary bolarlar (Zeb. 25:14; Rim. 8:20, 21). Olar Ýehowa häzirden «Atamyz» diýip ýüzlenýärler (Mat. 6:9). Gelejekde ölüm ukusyndan oýanjak adamlaryň Ýehowanyň niýetleri hakda öwrenmäge mümkinçiligi bolar. Olar hem Ýehowa gulak asyp ýaşasa, onuň ogul-gyzlary bolarlar. w21.08 sah. 5, abz. 10, 11

8-nji fewral, çarşenbe

Iň wajyp zatlara düşün (Flp. 1:10).

Pawlus hoş habary wagyz etmegi hemme zatdan wajyp hasaplaýardy. Ol «jemagatyň öňünde we öýden-öýe aýlanyp» wagyz edýärdi (Res. 20:20). Pawlus her bir mümkinçilikden peýdalanýardy. Ol Afinada Silas bilen Timoteosa garaşýarka atly-abraýly adamlara wagyz etdi we olaryň käbiri iman etdiler (Res. 17:16, 17, 34). Hatda ol gollary zynjyrly türmede otursa-da, ýanyna gelýän adamlara wagyz edýärdi (Flp. 1:13, 14; Res. 28:16—24). Pawlus resul wagtyny paýhasly ulanýardy. Ol ýaş doganlar bilen wagyz edýärdi. Pawlus birinji wagyz syýahatyna Markusy alyp gitdi, ikinjisinde bolsa Timoteos bilen wagyz etdi (Res. 12:25; 16:1—4). Pawlus olara ýygnagyň işlerini ýola goýmagy, çopançylyk ideglerini etmegi öwredendir we ökde mugallym bolmaga kömek edendir (1 Kor. 4:17). w22.03 sah. 27, abz. 5, 6

9-njy fewral, penşenbe

(Hudaý) hiç kimden uzakda däldir (Res. 17:27).

Käbir adamlar hak Alla iman etmeýärler, olar diňe gözüniň görýän zatlaryna ynanýarlar. Emma olar ýeli görüp bilmeseler-de, onuň bardygyny boýun alýarlar. Edil şonuň ýaly, biz Beýik Biribary görüp bilmesek-de, onuň bardygyny subut edýän ençeme deliller bar (Ýew. 11:1). Şol delilleri okap öwrenmek üçin wagt sarp etmeli we tagalla etmeli. Ýöne köp adamlar okamagy we öwrenmegi halamaýarlar. Şeýlelikde, olar Hudaýyň bardygyna ynanmaýarlar. Käbir alymlar subutnamalary öwrenip, Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyna iman etdiler. Olar Hudaýyň ähli zady ýaradandygyna ynanmaýardylar. Sebäbi ýokary okuw jaýlarynda ýaradylyş barada öwredilmeýär. Emma olar häzir Ýehowa hakda bilim alyp, oňa iman etdiler. Biz Allatagalanyň ähli zady ýaradandygyna imanymyzy her gün berkitmeli. w21.08 sah. 14, abz. 1; sah. 16, abz. 6, 7

10-njy fewral, anna

Ýehowa ýaradanlarynyň ählisine ýagşylyk edýär, ähli işlerinde rehimdarlygy görünýär (Zeb. 145:9).

Isa pygamberiň ýiten ogul baradaky mysalynda söýgüden doly Ýehowanyň rehimdarlygy gowy suratlandyrylýar. Ýaş ýigit ähli zadyny ýygnap, başga ýurda gidýär, «ol keýpi-sapada ýaşap, ähli zadyny ýele sowurýar» (Luka 15:13). Soňra ol ahlaksyzlyga baş goşandygyna ökünip, toba edýär we öýüne dolanýar. Indi kakasy ogluny bagyşlarmyka? Isa şeýle gürrüň berýär: «Oglan heniz uzakdaka, kakasy ony görüp, ýüregi awady. Ol ylgap bardy-da, ogluny gujaklap ogşady». Kakasy ogluna käýemedi, oňa rehimi inip bagyşlady we gujak açyp garşy aldy. Ýaş ýigit agyr günä eden hem bolsa, ýürekden toba edýär, kakasy hem ogluny bagyşlaýar. Mysaldaky rehimdar ata ýaly Ýehowa hem ýürekden toba edýän günäkärleri bagyşlamaga hemişe taýýar (Luka 15:17—24). w21.10 sah. 8, abz. 4; sah. 9, abz. 6

11-nji fewral, şenbe

Hudaý başga milletli adamlary saýlap, adyny göterjek halky döredýär (Res. 15:14).

Şu günler dini ýolbaşçylar Hudaýyň adyny adamlara tanatmazlyk üçin elinde baryny edýärler. Olar Mukaddes Kitabyň terjimelerinden Hudaýyň adyny aýyrýarlar we buthanada Hudaýyň adyny tutmagy gadagan edýärler. Ýehowanyň Şaýatlarynyň Hudaýyň adyna hormat goýýandygyny we şöhratlandyrýandygyny hiç bir adam inkär edip bilmez. Biz adamlara Hudaýyň adyny tanadýarys. Biz Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady göterýäris we şol ada mynasyp ýaşamak üçin elimizde baryny edýäris (Işa. 43:10—12). Biz 240 milliondan gowrak «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesini» çap etdik. Şol terjimede asyl nusgada duş gelýän ähli ýerde Ýehowanyň ady ýazyldy. Şeýle-de biz müňden gowurak dilde Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlary çap edýäris. Olaryň ählisinde Ýehowanyň ady ulanylýar. w21.10 sah. 20, abz. 9, 10

12-nji fewral, ýekşenbe

Bir doganyňyz garyp düşse, doňýürek bolmaň, zadyňyzy gysganmaň (5 Mus. 15:7).

Mätäç dogan-uýalary goldamak — arassa seždäniň bir bölegi. Ysraýyllar garyp düşen doganlaryny goldanlarynda, Ýehowa olara bol bereket berýärdi (5 Mus. 15:10). Biz mätäç dogan-uýalara kömek etsek, «Ýehowa karz berýäris» (Nak. 19:17). Pawlus türmede otyrka Filipidäki dogan-uýalar oňa sowgat iberýärler. Pawlus olaryň sowgadyna «Hudaýyň halaýan ýakymly ysly gurbanlygy» diýdi (Flp. 4:18). Biz ýygnakdaky dogan-uýalaryň haýsysyna kömek etsemkäm diýip oýlansak gowy bolardy. Mätäç dogan-uýalar üçin wagtymyzy, güýjümizi, ukybymyzy gaýgyrmasak, el kömegini we pul kömegini bersek Ýehowany razy ederis. Şeýdip, hak Hudaýa arassa sežde edýändigimizi görkezeris (Ýak. 1:27). Ýehowa sežde etmek üçin wagt hem güýç sarp etmeli, emma muny etmek kyn däl (1 Ýah. 5:3). Sebäbi biz Ýehowany we dogan-uýalary ýürekden söýýäris. w22.03 sah. 24, abz. 14, 15

13-nji fewral, duşenbe

Ol Güni hem erbetleriň, hem ýagşylaryň üstünden dogurýar (Mat. 5:45).

Biz dogan-uýalaryň duş gelýän kynçylyklary barada oýlansak, duýgudaş bolup, ýürekden kömek ederis. Aýdaly, uýa agyr keselden ejir çekýär. Belki, ol ýagdaýy barada aýdýan däldir. Ýöne kömek etsek, ol begener. Belki, biz oňa nahar bişirmäge, öýüni syryp-süpürmäge kömek ederis. Ýa-da dogany işden çykarandyrlar. Ol iş tapýança, pul kömegini bersek gowy bolmazmy?! Belki-de, dogany oňaýsyz ýagdaýa salmazlyk üçin, puly kimiň berendigini aýtmarys. Biz dogan-uýalar kömek soraýança garaşman, jomartlyk bilen ýagşylyk etsek, Ýehowa Atamyzyň göreldesine eýereris. Ýehowa Gününi ähli adamlaryň üstünden dogurýar. Gün şöhlesi diňe Alla alkyş aýdýanlary däl-de, ähli adamlary çoýýar. Ýehowa ýaşaýyş üçin zerur zatlary berip, adamlary söýýändigini görkezýär. Jomart Atamyz Ýehowa alkyşlar bolsun! w21.09 sah. 22, 23, abz. 12, 13

14-nji fewral, sişenbe

Ýehowa, sen ýagşy, geçirimli, özüňi çagyrýanlardan wepaly söýgiňi gaýgyrmaýarsyň (Zeb. 86:5).

Wepaly söýgä baý Hudaý Ýehowa ýürekden bagyşlaýar. Eger günäkär toba etse we durmuşyny bütinleý üýtgetse, Ýehowa oňa wepaly söýgüsini bildirip bagyşlaýar. Dawut patyşa Ýehowa hakda: «Günälerimize görä jeza bermez, ýalňyşymyza görä temmi bermez» diýdi (Zeb. 103:8—11). Dawut Ýehowanyň «geçirimli» Hudaýdygyna göz ýetirdi. Sebäbi ol agyr günä edipdi, ynsaby köseýärdi. Ýehowa Dawudy näme üçin bagyşlady? Soragyň jogaby şu günki aýatda ýazylan. Dawut Ýehowa Hudaýa ýüregini döküp doga etdi, Ýehowa hem ony bagyşlady. Ýehowa toba edýän adamlary bagyşlaýan we wepaly söýgä baý Hudaý. Günä eden adamyň ynsaby ezýet berýän bolsa, bu gowulygyň alamaty. Sebäbi ol toba edýär we durmuşyny üýtgetmek üçin aýgytly ädimleri ädýär. w21.11 sah. 5, abz. 11, 12

15-nji fewral, çarşenbe

Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun! (Mat. 6:9).

Ýehowa öz adyna hormat goýulmagyny isleýär (Işa. 42:8). Hudaýyň adyna 6 000 ýyldan bäri töhmet atylýar (Zeb. 74:10, 18, 23). Ilkinji sapar Iblis (Töhmetçi) Hudaýyň adyna töhmet atdy. Ol Adam ata bilen How enä: «Hudaý sizden gowy zady gizleýär» diýdi (1 Mus. 3:1—5). Şol günden bäri «Hudaý adamlaryň bagtly ýaşamagyny islemeýär» diýlip, oňa töhmet atylýar. Isa pygamber Atasynyň adyna töhmet atylýandygyna juda biynjalyk bolýardy. Ýehowa iň gowy Hökümdar. Onuň gökde we ýerde höküm sürmäge haky bar (Ylh. 4:11). Emma Şeýtan: «Hudaýyň hökümdarlyk etmäge haky ýok» diýip, perişdeleri we adamlary ynandyrmaga çalyşýar. Ýehowa tizden jedelli meseläni doly çözer. Şonda Hudaýyň höküm sürmäge haklydygyna hiç kim şübhelenip bilmez. Ähli adamlar Hudaýyň iň gowy Hökümdardygyna we onuň Patyşalygynyň ýer ýüzünde parahatlygy, asudalygy dikeltjekdigine göz ýetirer. w21.07 sah. 9, abz. 5, 6

16-njy fewral, penşenbe

Ýehowa hakda oýlanyp şatlanaryn, Halasgär Hudaýymyň işlerine guwanaryn (Hab. 3:18).

Maşgalabaşylar aýalynyň we çagalarynyň iýjek-içjegini, geýjegini ýetirip, zada zar etmän ýaşatmak isleýärler. Belki, siz pulsuzlykdan, ýeter-ýetmezçilikden we işsizlikden kösenýänsiňiz. Eger siz şeýle kyn günleri başdan geçirýän bolsaňyz, imanyňyzy berkitmek üçin jan ediň. Allatagala doga-dileg ediň we Matta 6:25—34-nji aýatlary okap, Isa pygamberiň aýdan sözleri hakda oýlanyň. Şeýle-de Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýan dogan-uýalaryň terjimehalyny okaň we Ýehowanyň olaryň aladasyny edişi hakda oýlanyň. Şonda siziň imanyňyz berkär (1 Kor. 15:58). Gökdäki Atamyz olaryň aladasyny eden bolsa, siziň hem aladaňyzy eder. Ýehowa size nämäniň gerekdigini we siziň nädip aladaňyzy etmelidigini gowy bilýär. Eger durmuşyňyzda Ýehowanyň goldaw berşini görseňiz, Oňa ýürekden iman edersiňiz we gelejekde boljak agyr synaglara taýýar bolarsyňyz. w21.11 sah. 20, abz. 3; sah. 21, abz. 6

17-nji fewral, anna

Eger biri günä etse, Atanyň ýanynda kömekçimiz... Isa Mesih bardyr (1 Ýah. 2:1).

Mesihçiler Isanyň töleg gurbanyna iman edýändikleri üçin ähli synaglara döz gelýärler. Olar garşylyklara garamazdan, ömrüniň soňuna çenli hoş habary wagyz edýärler. Geliň, Ýahýa resul hakda gürrüň edeliň. Ol 60 ýyldan gowrak Isa pygamber we onuň beren töleg gurbany barada wagyz edýär. Rim imperiýasy Ýahýany howply jenaýatçy hasaplap, Patmos adasyna sürgün edýär. Şonda ol 100 ýaşlaryndady. Ýahýa resul «Hudaý we Isa barada wagyz edýärdi», ýöne ony jenaýatçy hasaplaýarlar (Ylh. 1:9). Ýahýanyň berk imany we çydamlylygy haýran galdyrýar! Ol ýazan hatlarynda Isa pygamberi söýýändigini we töleg gurbanyny gymmat saýýandygyny ençeme sapar nygtap geçýär. Onuň hatlarynda töleg gurbany we onuň peýdasy hakda 100 gezekden gowrak agzalýar (1 Ýah. 2:2). Dogrudan-da, Ýahýa resul töleg gurbany üçin örän minnetdardy! w21.04 sah. 17, abz. 9, 10

18-nji fewral, şenbe

Ker adama sögme, köri büdretjek bolup, öňüne zat goýma (3 Mus. 19:14).

Ýehowa halkynyň maýyp adamlara mähirli bolup, ýürekden aladasyny etmegini isleýär. Meselem, ysraýyllar ker adama sögmeli däldi, ýagny oňa haýbat atyp, kemsitmeli däldi. Ker adam özüne sögülýändigini eşitmeýär we mertebesini gorap bilmeýär. Şonuň üçin oňa sögüp kemsitmek, barypýatan zalymlykdyr. Ýehowa halkyna «köri büdretjek bolup, öňüne zat goýmazlygy» hem tabşyrdy. Bir kitapda aýdylmagyna görä, gadym döwürde Gündogar ýurtlarynda maýyp adamlary äsgermändirler we olaryň hakyny iýipdirler. Käbir doňýürek adamlar körleriň üstünden güljek bolup ýa-da ýamanlyk etjek bolup, olaryň ýoluna zat goýupdyrlar. Gör, nähili zalymlyk! 3 Musa 19:14-däki kanun Hudaýyň halkyny körleriň we kerleriň mertebesini peseltmän, olara ýagşylyk etmäge höweslendirýärdi. w21.12 sah. 8, 9, abz. 3, 4

19-njy fewral, ýekşenbe

Ýakup gorkup, howsala düşdi (1 Mus. 32:7).

Ýakup dogduk mekanyna golaýladygy saýy, agasyndan «gorkup, howsala düşýärdi». Ol Ýehowa doga edip gaýgy-aladasyny aýtdy. Agasy Ysawa jomartlyk bilen sowgat iberdi (1 Mus. 32:9—15). Ýakup agasyna duşanda, oňa hormat goýup özüni kiçeltdi. Ol bir ýa iki gezek däl, agasyna ýedi gezek tagzym etdi. Ýakup pesgöwünli, sylaşykly bolandygy üçin, agasynyň ýüregini ýumşatdy we onuň bilen ýaraşdy (1 Mus. 33:3, 4). Biz Ýakubyň Ysaw bilen ýaraşmak üçin eden tagallasyndan köp zatlary öwrenip bileris. Ilki bilen Ýakup pesgöwünlik bilen Ýehowadan kömek sorady. Soňra ol eden dogasyna görä hereket edip, agasynyň ýüregini ýumşatmak üçin elinde baryny etdi. Ol agasynyň ýanyna baranda, özüni aklap, ony günäkärlejek bolmady. Ýakubyň maksady agasy bilen ýaraşmakdy. Bizem onuň göreldesine eýerip bileris (Mat. 5:23, 24). w21.12 sah. 25, abz. 11, 12

20-nji fewral, duşenbe

Hudaý bizi ýüregimizden has gowy tanaýar we ähli zady bilýär (1 Ýah. 3:20).

Isa pygamberiň siziň günäleriňiz üçin şirin janyny berendigi barada oýlananyňyzda: «Men beýle hormata mynasyp däl» diýýänsiňiz. Näme üçin? Sebäbi biziň bikämil we hilegär ýüregimiz: «Sen dereksiz, seni hiç kim söýmeýär» diýip, aldajak bolýar (1 Ýah. 3:19). Şeýle ýagdaýlarda Hudaýyň bizi «ýüregimizden has gowy tanaýandygyny» unutmalyň. Belki, biz özümizi Hudaýyň söýgüsine mynasyp görýän däldiris. Emma gökdäki Atamyz bizi söýýär we ýürekden bagyşlaýar. Bize Ýehowanyňky ýaly garaýyşda bolmaga näme kömek eder? Munuň üçin her gün Mukaddes Kitaby okamaly, hemişe doga etmeli we hudaýhon adamlar bilen dostlaşmaly. Bu näme üçin wajyp? Şonda Ýehowany has gowy tanarsyňyz we sizi ýürekden söýýändigine göz ýetirersiňiz. Mukaddes Kitaby her gün okasaňyz, erbet pikirleri aýyrmaga we gowy zatlar hakda oýlanmaga kömek eder (2 Tim. 3:16). w21.04 sah. 24, abz. 12, 13

21-nji fewral, sişenbe

Allany çagyraryn, ol meni eşider (Zeb. 77:1).

Imanyňy berkitmek üçin bilim almak ýeterlikli däl. Biz okan zatlarymyz hakda oýlanmaly. Geliň, 77-nji mezmury ýazan adam barada gürrüň edeliň. Ol Ýehowanyň ysraýyl halkyndan ýüz öwrendigi hakda oýlanyp ruhdan düşýär we gijelerine uklap bilmeýär (Zeb. 77:2—8). Ol näme edýär? Ol şeýle diýýär: «Seniň eden işleriň hakda oýlanaryn, gudratlaryň barada çuňňur oýa bataryn» (Zeb. 77:12). Mezmurçy Hudaýyň halkyna eden ýagşylyklaryny bilse-de, ol biynjalyk bolup: «Hudaý indi rehim etmezmi? Gahary rehimdarlygyndan rüstem geldimi?» diýýär (Zeb. 77:9). Mezmurçy Ýehowanyň geçmişde eden gudratly işleri we halkyna rehim edendigi hakda oýlanýar (Zeb. 77:11). Şeýdip, ol Ýehowanyň öz halkyny hiç haçan taşlamajakdygyna göz ýetirýär (Zeb. 77:15). w22.01 sah. 30, 31, abz. 17, 18

22-nji fewral, çarşenbe

Olaryň ählisi Hudaý üçin diridir (Luka 20:38).

Ýehowa aradan çykan wepaly bendelerini küýseýär (Eýp. 14:15). Ol Ybraýym dostuny göresi gelýändir (Ýak. 2:23). Musa pygamber bilen ikiçäk gepleşesi gelýändir (2 Mus. 33:11). Dawudyň we beýleki mezmurçylaryň alkyş aýdymlaryny ýene-de diňläsi gelýändir (Zeb. 104:33). Wepaly dostlary ölen hem bolsa, Ýehowa olary unutmaýar (Işa. 49:15). Olaryň her bir häsiýeti Hudaýyň ýadynda. Tizden Hudaý olary ölümden direlder. Ýehowa olaryň doga-dileglerini diňlär we edýän seždesini kabul eder. Siziň hem dogan-garyndaşlaryňyz aradan çykan bolsa, direlişe bolan umyt göwünlik berer. Erem bagynda gozgalaň turanda, Ýehowa dünýäniň ýagdaýynyň gün-günden beterleşjekdigini bilýärdi. Ýehowa ýer ýüzünde bolýan erbetligi, adalatsyzlygy we zalymlygy ýigrenýär. w21.07 sah. 10, abz. 11; sah. 12, abz. 12

23-nji fewral, penşenbe

Biz... iş ýüzünde hem-de hakykatdan söýmelidiris (1 Ýah. 3:18).

Dogan-uýalary söýsek, Isanyň beren töleg gurbanyny gymmat saýýandygymyzy görkezeris. Sebäbi Isa diňe biziň üçin däl, dogan-uýalar üçin hem şirin janyny gurban berdi. Isa dogan-uýalary ýürekden söýýär, hatda olar üçin ölmäge-de taýyn boldy (1 Ýah. 3:16—18). Biz hem dogan-uýalary söýsek, elimizden gelen kömegi gaýgyrmarys (Efes. 4:29, 31—5:2). Meselem, kesellän, agyr günleri başdan geçirýän ýa-da tebigy betbagtçylyga uçran dogan-uýalara kömek ederis. Ýöne dogan-uýalar biziň göwnümize degse näme? Siz öýke-kine saklaýarsyňyzmy? (3 Mus. 19:18). Eger şeýle bolsa, şu maslahata eýerip bilersiňiz: «Biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň. Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamaly» (Kol. 3:13). Dogan-uýalar göwnümize degende, olary her sapar bagyşlasak, gökdäki Atamyz Ýehowa töleg gurbany gymmat saýýandygymyzy görer. w21.04 sah. 18, abz. 12, 13

24-nji fewral, anna

Alan ukybyňyza görä birek-birege hyzmat ediň (1 Pet. 4:10).

Biz Ýehowa bilen eginme-egin işleşýäris we köp adamlara suwa çümdürilmäge kömek edýäris. Ýöne biz Ýehowanyň kömegi bilen ähli zady başarýandygymyzy unutmaly däl. Apollos bilen Pawlusdan bir wajyp zady öwrenýäris. Jogapkär doganlar ýygnagyň parahatlygyna uly goşant goşýarlar. Ýaşulularyň we hyzmatçy doganlaryň ýygnakda agzybirligiň bolmagy üçin elinde baryny edýändigini görüp örän begenýäris. Olar diňe Mukaddes Kitaba esaslanyp maslahat berýärler. Olar at-abraý gazanjak bolmaýarlar. Gaýtam dogan-uýalara Isa pygambere gulak asmaga we ondan görelde almaga kömek edýärler (1 Kor. 4:6, 7). Ýehowa biziň her birimize ukyp-başarnyk berdi. Biz edýän işimizi ujypsyz, ähmiýetsiz hasaplamagymyz mümkin. Ýöne halynyň kiçijik çitimleriniň owadan göli emele getirişi ýaly, biziň edýän her bir işimiz ýygnakda agzybirligiň bolmagyna goşant goşýar. Geliň, dogan-uýalar bilen bäsdeşlik etmän, agzybirligi we parahatlygy döretmek üçin elimizde baryny edeliň (Efes. 4:3). w21.07 sah. 19, abz. 18, 19

25-nji fewral, şenbe

Doganyň direler (Ýah. 11:23).

Biz Isanyň ölen dogan-garyndaşlarymyzy direltjegine ynanyp bileris. Isa dosty aradan çykanda aglapdy. Diýmek, ol ölen adamlary direltmek isleýär (Ýah 11:35). Dogan-garyndaşlary aradan çykan imandaşlarymyzy goldalyň. Isa pygamber Marta we Merýem bilen diňe bir aglaman, olary ünsli diňledi hem göwünlik berdi (Ýah 11:25—27). Bizem ajy hasrat çekýän adamlara teselli berip bileris. Awstraliýada ýaşaýan ýaşuly dogan Dan şeýle diýýär: «Aýalym aradan çykanda öýüm boşap galdy. Maşgalaly dogan-uýalar meniň aladamy etdiler we gije diýmän, gündiz diýmän diňlediler. Men olaryň ýanynda özümi arkaýyn duýup, ýüregimi dökýärdim we aglaýardym. Käte meniň hiç zada elim barmaýardy. Şonda olar maşynymy ýuwmaga, bazardan gerek-ýarak zatlary satyn almaga we nahar bişirmäge kömek etdiler. Olar meniň bilen bile Hudaýa doga etdiler. Dogan-uýalar meniň hak dostlarym boldular we „aladaly günümde dadyma ýetişdiler“» (Nak. 17:17). w22.01 sah. 16, abz. 8, 9

26-njy fewral, ýekşenbe

Käýinç ýaşaýyş daragtydyr, käýinji kabul edýän akyldarlar bilendir (Nak. 15:31).

Ýehowa bize hemişe ýagşylyk isleýär (Nak. 4:20—22). Ol Mukaddes Kitap, edebiýatlar, imany berk dogan-uýalar arkaly maslahat berip, söýýändigini görkezýär (Ýew. 12:9, 10). Maslahatyň berliş äheňine däl-de, özüne üns bermeli. Elbetde, biz maslahaty ýumşaklyk bilen bermeli (Gal. 6:1). Emma käte bize gödeklik bilen maslahat bermekleri mümkin. Şonda maslahatyň berliş äheňine däl-de, özüne üns bersek gowy bolar. Biz şu soraglar hakda oýlanyp bileris: dogan gödeklik bilen maslahat beren hem bolsa, belki, onuň aýdýanynyň jany bardyr? Men doganyň gödeklik bilen aýdan sözüne üns bermegiň deregine, maslahatyna eýersem gowy bolmazmy? Biz Ýehowanyň dogan-uýalar arkaly berýän ähli maslahatyna eýersek paýhasly bolarys. w22.02 sah. 12, abz. 13, 14

27-nji fewral, duşenbe

Ýehowanyň öwüt-ündewi ynama mynasyp, tejribesiz adamy paýhasly edýär (Zeb. 19:7).

Ýehowa biziň erbet endikleri we pikirleri derrew aýryp bilmejekdigimizi bilýär (Zeb. 103:13, 14). Şol sebäpli Ýehowa Sözi we mukaddes ruhy arkaly akyldarlyk, güýç berýär hem-de gerekli özgerişikleri etmäge kömek edýär. Mukaddes Kitap arkaly ýüregiňizi barlaň. Hudaýyň Sözi edil aýna ýaly adamyň içki dünýäsini görkezýär (Ýak. 1:22—25). Sebäbi Ýehowa siziň ýüregiňizi görýär, nämä mätäçdigiňizi bilýär we size hemişe kömek etmäge taýyn (Nak. 14:10; 15:11). Şol sebäpli Ýehowa doga etmegi we Mukaddes Kitaby her gün okamagy endik ediniň. Ýehowanyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna ýürekden ynanyň. Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşasak, ynsabymyz arassa bolar, mertebämizi saklarys, durmuşymyz manyly bolar we bagtly ýaşarys (Zeb. 19:8—11). w22.03 sah. 4, abz. 8—10

28-nji fewral, sişenbe

Berk diwarlaryna serediň, diňlerini ünsli synlaň, olar hakda geljekki nesillere gürrüň beriň (Zeb. 48:13).

Ýehowa sežde edilýän binalary gurmak we abat saklamak — arassa seždäniň bir bölegi. Ýehowa çadyry gurjak we ähli zadyny ýasajak ussalara akyl-paýhas berdi, sebäbi ol çadyryň gurluşygyny mukaddes iş hasaplaýardy (2 Mus. 36:1, 4). Şu günlerem Ýehowa Ýygnak jaýlarynyň we guramanyň binalarynyň gurluşygyny mukaddes iş hasaplaýar. Dogan-uýalaryň käbiri wagtyny hem güýjüni gaýgyrman gurluşyk işine gatnaşýarlar. Biz olaryň Patyşalyk işiniň ilerlemegi üçin çekýän zähmetine örän minnetdar. Olar hoş habary yhlasly wagyz edýärler. Hatda käbirleri pioner bolmak isleýärler. Köp wagtyny gurluşyga sarp edýän dogan-uýalar pioner bolmak üçin arza ýazsalar, ýaşulular olary höwes bilen goldamaly. Şeýdip, ýaşulular guramanyň gurluşyk işlerine goşant goşarlar. Eger guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşmaga mümkinçiligimiz bolmasa, biz Ýygnak jaýynyň arassaçylyk we abatlaýyş işine kömek edip bileris. w22.03 sah. 22, abz. 11, 12

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş