Aprel
1-nji aprel, şenbe
Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi (Ýah. 3:16).
Isa adamlary söýýändigi üçin şirin janyny gurban etdi (Ýah. 15:13). Biz Ýehowanyň we Isanyň eden ýagşylygynyň öwezini hiç haçan dolup bilmeris. Emma biz her gün Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşasak, olara minnetdarlygymyzy görkezip bileris (Kol. 3:15). Saýlanan mesihçiler töleg gurbanyny gymmat saýýarlar, sebäbi ol ajaýyp gelejege umyt berýär (Mat. 20:28). Ýehowa töleg gurbany arkaly saýlanan mesihçileri dogruçyl hasaplaýar we olary perzentleri hökmünde kabul edýär (Rim. 5:1; 8:15—17, 23). «Başga goýunlar» hem töleg gurbany üçin örän minnetdar! Olar Isa Mesihiň döken gany arkaly arassa ynsap bilen Hudaýa gulluk edýärler we «uly betbagtçylykdan» sag-aman geçjekdigine umyt edýärler (Ylh. 7:13—15). Iki topar hem her ýyl Ýatlama agşamyna gatnaşyp, töleg gurbanyna minnetdardygyny görkezýärler. w22.01 sah. 23, abz. 14, 15
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (10-njy nisanda bolan wakalar) Matta 21:18, 19; 21:12, 13; Ýahýa 12:20—50
2-nji aprel, ýekşenbe
Mesih bizi... satyn aldy (Gal. 3:13).
Isa ejir çekip ölmekden gorkmaýardy. Ýöne atylan töhmet ony alada goýýardy. Ony Hudaýyň adyna dil ýetirýän adam hökmünde günäkärlediler (Mat. 26:64—66). Isa muňa örän gynanýar. Şonuň üçin ol Atasyna ýalbaryp, şeýle synaga ýol berme diýýär (Mat. 26:38, 39, 42). Isanyň pürse çüýlenmegi ýehudylary näletden azat etdi (Gal. 3:10). Ýehudylar Hudaýyň kanunyny berjaý etmegi wada berdiler, ýöne sözünde durmadylar. Olar Adam atanyň nesli bolandygy üçin günälidi. Üstesine-de, olar Ýehowanyň kanunyny bozup, günä üstüne günä gazandylar (Rim. 5:12). Hudaýyň kanunyna görä, agyr günä eden adam öldürilip, pürsden asylmalydy (5 Mus. 21:22, 23; 27:26). Isa pürsdäki ölüme döz gelip, özünden ýüz öwren ýehudylar üçin töleg töledi. w21.04 sah. 16, abz. 5, 6
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (11-nji nisanda bolan wakalar) Matta 21:33—41; 22:15—22; 23:1—12; 24:1—3
3-nji aprel, duşenbe
Men janymy gurban edýärin (Ýah. 10:17).
Geliň, Isa pygamberiň ýer ýüzünde ýaşan iň soňky gününi göz öňüne getireliň. Isa öz islegi bilen Rim esgerlerine boýun egdi (Mat. 26:52—54; Ýah. 18:3; 19:1). Olar Isany rehimsizlik bilen gamçylap urdular; her gezek gamçy degende onuň arkasy dilim-dilim boldy. Soňra onuň ýaraly arkasyna agyr pürsi goýdular. Isa bar güýji bilen pürsi süýräp başlaýar, ýöne biraz wagtdan güýç-gurbaty gaçýar. Şonda esgerler bir adama Isanyň pürsüni götermegi buýurýarlar (Mat. 27:32). Şeýdip, Isa jeza berilmeli ýere gelýär. Onuň aýagyny we elini pürse çüýleýärler. Soňra pürsi ýokary galdyryp dikenlerinde, Isanyň bütin göwresi çüýden asyldy. Ol agyr jebir-jepany başdan geçirdi. Onuň dostlary, ejesi ah çekip aglaýardy (Luka 23:32—38; Ýah. 19:25). Emma ýehudy ýolbaşçylary Isa pygamberi ýaňsylap, üstünden gülýärdi. Wagt geçdigi saýyn Isanyň agyrysy has-da güýçlenýärdi. Onuň ýüregi haýal urýardy, her demini kynlyk bilen alýardy. Isa ölüminiň öň ýanynda gökdäki Atasyna soňky gezek doga edýär we başyny egip jan berýär (Mar. 15:37; Luka 23:46; Ýah. 10:18; 19:30). Isa birnäçe sagatlap ejir çekdi we jebir pürsünde masgaraçylykly ölüme döz geldi. w21.04 sah. 16, abz. 4
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (12-nji nisanda bolan wakalar) Matta 26:1—5, 14—16; Luka 22:1—6
ÝATLAMA AGŞAMY
Gün ýaşandan soň başlanýar
4-nji aprel, sişenbe
Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň (Luka 22:19).
Isa 11 resuly bilen täze äht we patyşalyk ähtini baglaşdy (Luka 22:20, 28—30). Şol ähtler saýlanan mesihçilere gökde patyşalar we ruhanylar bolup gulluk etmäge mümkinçilik berýär (Ylh. 5:10; 14:1). Şol sebäpli Ýatlama agşamynda diňe saýlanan mesihçiler çörekden we şerapdan dadýarlar. Ýehowa olara baky, ýagny ölümsiz ýaşaýşy peşgeş berer. Olar gökde Isa Mesih we beýleki saýlanan mesihçiler bilen eginme-egin işleşerler. Saýlanan mesihçiler Ýehowanyň tagtynyň öňünde hyzmat ederler (1 Kor. 15:51—53; 1 Ýah. 3:2). Olar soňky demine çenli Hudaýa wepaly bolmalydygyna düşünýärler (2 Tim. 4:7, 8). w22.01 sah. 21, abz. 4, 5
Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (13-nji nisanda bolan wakalar) Matta 26:17—19; Luka 22:7—13 (14-nji nisanda Gün batandan soň bolan wakalar) Matta 26:20—56
5-nji aprel, çarşenbe
Meniň bilen Jennetde bolarsyň (Luka 23:43).
Isanyň her tarapynda bir garakçyny pürse çüýleýärler (Luka 23:40, 41). Olaryň biri Isa iman edip: «Isa, Patyşa bolanyňda meni ýatla!» diýýär (Luka 23:42). Isa Atasynyň rehimdardygyny bilýärdi, şol sebäpli garakça Jennetde direltjekdigini wada berýär (Zeb. 103:8; Ýew. 1:3). Ýehowa eden günälerine toba edýän we Isa Mesihiň töleg gurbanyna ýürekden iman edýän her bir adamy bagyşlaýar (1 Ýah. 1:7). Belki, käbirleri öňki eden günälerini Allanyň bagyşlaýandygyna ynanyp bilýän däldir. Oýlanyp görüň, Ýehowa garakçyny Isa iman edendigi üçin bagyşlan bolsa, onda Özüne ýürekden wepaly bolýan adamlary bagyşlamazmy näme?! (Zeb. 51:1; 1 Ýah. 2:1, 2). w21.04 sah. 9, abz. 5, 6
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (14-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:1, 2, 27—37
6-njy aprel, penşenbe
Isa: «Ähli zat berjaý boldy!» diýdi (Ýah. 19:30).
Isa soňky demine çenli Ýehowa wepaly boldy we onuň tabşyran işlerini doly ýerine ýetirdi. Birinjiden, Isa pygamber Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi. Şeýtan Isany dürli ýollar bilen synady, emma ol kämil adamyň Hudaýa wepaly galyp biljekdigini görkezdi. Ikinjiden, Isa öz şirin janyny gurban edip, adamzat üçin töleg töledi. Töleg gurbanyna iman edýän adamlar Hudaý bilen dostlaşyp bilerler we ebedi ýaşaýşy miras alarlar. Üçünjiden, ol Atasynyň hökümdarlyk etmäge hakynyň bardygyny subut etdi we adyny aklady. Geliň, her gün Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düweliň! Şonda biz ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolsak-da: «Ýehowa, men saňa wepaly bolmak, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmek we seniň adyňy, hökümdarlygyňy aklamak üçin elimde baryny etdim» diýip bileris. w21.04 sah. 12, abz. 13, 14
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (15-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:62—66 (16-njy nisanda Gün batandan soň bolan wakalar) Matta 28:2—4
7-nji aprel, anna
Ine meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn. Ogluma gulak asyň! (Mat. 17:5).
B. e. 33-nji ýylynyň 14-nji nisan güni Isa pygamberi günäkärläp, ölüme höküm edipdiler. Ony urdular, üstünden güldüler, elini we aýagyny pürse çüýlediler. Ol her gezek geplände endam-jany agyrydan ýaňa syzlaýardy. Ýöne onuň aýtmaly wajyp zatlary bardy. Isa pygamberiň soňky deminde aýdan sözlerinden köp zatlary öwrense bolýar. Biz göwnümize degen adamlary bagyşlamaly we Ýehowanyň bizi bagyşlaýandygyna ynanmaly. Kyn günümizde dadymyza ýetişýän dogan-uýalarymyzyň bardygyna begenmeli. Emma olardan kömek soramaga çekinmeli däl. Biz Ýehowanyň her bir synagda goldajakdygyna ynanmaly. Biz her güne Ýehowa wepalylygymyzy subut etmäge soňky mümkinçilik hökmünde garamaly. Şeýle-de biz öz janymyzy Ýehowa ynanyp, ölümden direltjekdigine umyt etmeli. w21.04 sah. 8, abz. 1; sah. 13, abz. 17
Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (16-njy nisanda bolan wakalar) Matta 28:1, 5—15
8-nji aprel, şenbe
Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almaly (Ýah. 17:3).
Isa pygamberiň yzyna eýersek, biz ebedi ýaşarys. Bir gezek baý ýigit Isanyň ýanyna gelip, ebedi ýaşamak üçin näme etmelidigini soraýar. Isa oňa: «Meniň şägirdim bol» diýip jogap berýär (Mat. 19:16—21). Ol ýehudylara diňe şägirtleriniň öz «yzyna düşjekdigini» we «olara ebedi ýaşaýyş berjekdigini» aýdýar (Ýah. 10:24—29). Isa pygambere iman etmek üçin, onuň göreldesine eýermeli we öwreden zatlary boýunça ýaşamaly. Şonda ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöräp bileris (Mat. 7:14). Isany gowy tanasak, yzyna eýerip bileris. Isa «hakda bilim alsak», ony gowy tanarys. Biz onuň häsiýetleri, garaýşy we tabşyryklary barada näçe köp öwrensek, ony şonça-da gowy tanarys. Biz Ýehowany we Isany köp wagtdan bäri tanaýan hem bolsak, olar hakda bilim almagymyzy dowam etmeli. w21.04 sah. 4, abz. 9, 10
9-njy aprel, ýekşenbe
Men öň Hudaýa dil ýetirýärdim, halkyny yzarlaýardym (1 Tim. 1:13).
Pawlus geçen günlerini ýatlap, özüni gaty erbet duýýardy. Sebäbi ol özüni günäkärleriň «iň erbedi» hasaplaýardy (1 Tim. 1:15). Pawlus Isanyň şägirdi bolmanka şäherme-şäher aýlanyp, mesihçileri zalymlyk bilen yzarlaýardy, türmä basýardy we olara ölüm jezasy berlende, iki elläp goldaýardy (Res. 26:10, 11). Göz öňüne getiriň, Pawlus mesihçi bolansoň, bir ýaş dogan bilen tanyşýar, onuň ene-atasyna jeza berlip öldürilipdi. Pawlus olara berlen jezany goldapdy, indi bolsa eden işine ökünip, özüni erbet duýýardy. Emma geçen günleri yzyna gaýtaryp bilmejekdigine düşünýärdi. Ol Isanyň özi üçin ölendigine ynanyp: «Men Hudaýyň ýagşylygy bilen resul boldum» diýdi (1 Kor. 15:3, 10). Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowa bilen ýakyn dost bolar ýaly, Isanyň biziň üçin janyny gurban berendigine iman etmeli (Res. 3:19). Ýehowa goýberen ýalňyşlarymyzy ýatlamaýar, gaýtam şu günler we gelejekde etjek ýagşy işlerimizi wajyp hasaplaýar (Işa. 1:18). w21.04 sah. 23, abz. 11
10-njy aprel, duşenbe
Olaryň Hudaýdan gelendigini ýa-da gelmändigini anyklaň. Sebäbi dünýäde ýalan pygamberler köpeldi (1 Ýah. 4:1).
I asyrda ýaşan ýehudylar gelmeli pygamber öldüriler öýtmediler. Ýöne olar Mukaddes Kitaby ünsli okan bolsadylar, Isanyň jenaýatçy hökmünde öldüriljekdigini bilerdiler. Mukaddes Kitapda: «Ol janyny gurban etdi, jenaýatçylar bilen deň görüldi. Köp adamlaryň günäsini öz boýnuna aldy. Jenaýatçylar üçin töwellaçy boldy» diýen pygamberlik ýazylan (Işa. 53:12). Biz Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýan habaryna şübhelenmez ýaly, olary gowy tanamaly. Isa şägirtlerine «ýalan we erbet sözleriň» aýdyljakdygyny pygamberlik edipdi (Mat. 5:11). Şeýtan ýalan gep-gürrüňleri Hudaýyň halkynyň duşmanlary arkaly ýaýradýar (Ylh. 12:9, 10). Biz Ýehowanyň Şaýatlary hakda aýdylýan gep-gürrüňleri diňlemeli däl. Gep-gürrüňlerden gorkup, Hudaýa bolan imanymyzy gowşatmaly däl. w21.05 sah. 11, abz. 14; sah. 12, abz. 16
11-nji aprel, sişenbe
Gorkmaň, siz serçelerden has gymmatly (Mat. 10:31).
Okuw geçýäniňize Ýehowa bil baglamaga kömek ediň. Isa pygamber şägirtlerine Ýehowanyň söýýändigini we hemişe goldajakdygyny aýtdy (Mat. 10:19, 20, 29—30). Sizem okuw geçýäne Ýehowanyň ýardam berjekdigini ýatladyp duruň. Okuw geçýän bilen Ýehowa doga edeniňizde, onuň maksatlaryny hem aýdyň. Şonda ol Ýehowa bil baglamagy öwrener. Polşada ýaşaýan Fransişek şeýle diýýär: «Maňa sapak geçen dogan Hudaýa doga edende, meniň maksatlarymy hem agzaýardy. Ýehowanyň onuň dogalaryna jogap berýändigini görüp, menem doga edip başladym. Men ýygnaklara we kongrese barmak üçin başlygymdan rugsat alanymda, Ýehowanyň goldawyny gördüm».Ýehowa özüni tanamak isleýän we Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adamlary ýürekden söýýär. Ol wagyzçylary hem gowy görýär we olaryň edýän tagallasyny gymmat saýýar (Işa. 52:7). Siz hiç kim bilen sapak geçmeýän bolsaňyz, dogan-uýalaryň sapagyna gatnaşyp bilersiňiz. Şonda siz hem okuw geçýän adama suwa çümdürilmäge kömek edip bilersiňiz. w21.06 sah. 7, abz. 17, 18
12-nji aprel, çarşenbe
Ol Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýär. Gije-gündiz Hudaýyň kanuny hakda oýlanýar (Zeb. 1:2).
Biz Mukaddes Kitaby her gün okasak, Ýehowa minnetdardygymyzy görkezeris. Mukaddes Kitaby boş wagtym okaryn diýmegiň deregine, her gün ýörite wagt bellemeli. Eger Hudaýyň Sözüni her gün okasak, imanymyz berkär. Şu dünýäniň «akyldar hem bilimli adamlaryndan» tapawutlylykda, biziň imanymyz Mukaddes Kitaba esaslanýar (Mat. 11:25, 26). Biz Mukaddes Kitaby okap, dünýäniň ýagdaýynyň näme üçin gün-günden erbetleşýändigini we Ýehowanyň tizden nämeler etjegini bilýäris. Şol sebäpli her gün imanymyzy berkitmeli we köp adamlara Beýik Ýaradan bilen dostlaşmaga kömek etmeli (1 Tim. 2:3, 4). Tizden bütin ýer ýüzüniň adamlary: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhrata... mynasypsyň! Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň» diýerler (Ylh. 4:11). Geliň, şol güne sabyrsyzlyk bilen garaşalyň! w21.08 sah. 19, abz. 18—20
13-nji aprel, penşenbe
Biri-biriňize doganlyk söýgiňiz bolsun, birek-birege mähirli boluň (Rim. 12:10).
Ýehowa ýaşululara halkynyň aladasyny etmegi tabşyrdy. Şol sebäpli olar gerek wagty dogan-uýalara maslahat bermeli. Olar dogan-uýalara peýdaly boljak we ýüregine täsir etjek maslahaty bermeli (Nak. 27:9). Ýaşulular dogan-uýalary ýürekden söýýär we aladasyny edýär. Olar ýalňyş ädim ädýän dogana ýa-da uýa kömek etmek üçin maslahat berýärler (Gal. 6:1). Emma olar maslahat bermezden öň Pawlus resulyň: «Söýgi sabyrlydyr, mähirlidir... Söýgi ähli zada döz gelýär, ähli zada ynanýar, ähli zada umyt edýär, ähli zada çydaýar» diýen sözleri hakda oýlanmaly (1 Kor. 13:4, 7). Ýaşulular şu aýatlar hakda oýlansa, öz niýetini barlap, ýumşaklyk bilen maslahat berip bilerler. Dogan-uýalar ýaşulularyň alada edýändigini görseler, olaryň maslahatyna höwes bilen gulak asarlar (Rim. 12:10). w22.02 sah. 14, abz. 3; sah. 15, abz. 5
14-nji aprel, anna
Halk gozgalaň turuzdy, onuň mukaddes ruhuna garşy çykdy (Işa. 63:10).
Ýehowa perişdeleri we adamlary kämil edip ýaratdy. Bir perişde Adam ata bilen How enäni Hudaýa garşy gozgalaň turuzmaga iterdi. Soňra şol perişdä Şeýtan (Duşman) diýildi. Gozgalaňa birnäçe perişdeler we adamlar goşuldy (Ýahd. 6). Olar Hudaýa dönüklik etdiler. Ýehowa gozgalaňçylary ýok etjek gününe sabyrly garaşýar we çydaýar. Şol gün Hudaýa wepaly adamlar örän begener, sebäbi olar gozgalaňçylaryň süteminden azat bolar. Şeýtan Ýehowanyň wepaly bendesi Eýýuba töhmet atdy. Ol adamlaryň Ýehowa öz peýdasy üçin gulluk edýändigini aýtdy (Eýp. 1:8—11; 2:3—5). Iblis şu günlerem adamlara töhmet atýar (Ylh. 12:10). Eger biz synaglara çydap, Hudaýa wepaly bolsak, Ony söýýändigimizi we Şeýtanyň barypýatan ýalançydygyny subut ederis. w21.07 sah. 9, abz. 7, 8
15-nji aprel, şenbe
Gözümiň alnynda zalym işleri etmäň. Erbet işlerden el çekiň! (Işa. 1:16).
Pawlus resul durmuşyňy üýtgetmegiň wajypdygyny düşündirmek üçin täsin deňeşdirme getirdi. Ol «öňki häsiýetlerimizi» «pürse çüýlemelidigini» aýtdy (Rim. 6:6, çykgyt). Isa Atasynyň islegini ýerine ýetirmek üçin jebir pürsündäki ölüme razy boldy. Bizem Ýehowany begendirmek islesek «öňki häsiýetlerimizi» göçme manyda «pürse çüýlemeli». Şonda ynsabymyz arassa bolar we Ýehowany razy edip ebedi ýaşarys (Ýah. 17:3; 1 Pet. 3:21). Ýehowa biziň ýagdaýymyza görä kada-kanunlaryny üýtgetmeýär, gaýtam biz onuň kada-kanunlaryna görä durmuşymyzy üýtgetmeli (Işa. 1:17, 18; 55:9). Suwa çümdürilen mesihçiler hem günäli höwesleriň guly bolmaz ýaly aýgytly söweş alyp barýarlar. Öz güýjüňize däl-de, Ýehowa bil baglaň we mukaddes ruhuny sorap doga ediň (Gal. 5:22; Flp. 4:6). «Öňki häsiýetleri egniňden çykarmak» we asla «egniňe geýmezlik» üçin tagalla etmeli. w22.03 sah. 6, abz. 15—17
16-njy aprel, ýekşenbe
Ýehowa... seniň arkadaýanjyň bolar (Zeb. 55:22).
Biz Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny hemişe birinji orunda goýmaly. Şonda Ýehowa iýjegimizi, geýjegimizi ýetirer (Mat. 6:33). Ýöne «baýlyk adamy goraýar we bagtly edýär» diýen ýalan düşünjä ynanmaly däl. Biz diňe Ýehowanyň islegini ýerine ýetirsek, kalbymyz rahat bolar (Flp. 4:6, 7). Belki, biziň köp zatlary satyn almaga ýagdaýymyz bardyr. Emma olary ulanmaga we abat saklamaga ýeterlik wagtymyz hem-de güýjümiz bolarmy? Ýa-da satyn aljak zadymyzy janymyzdan hem eý görerismi? Biz Ýehowanyň wajyp iş tabşyrandygyny unutmaly däl. Ünsümizi hiç zada sowman, Ýehowanyň tabşyrygyny ýürekden ýerine ýetirmeli. Biz I asyrdaky baý ýigide meňzemek islemeýäris. Ol mal-mülkünden geçip bilmändigi üçin, Ýehowanyň ogly bolup bilmedi (Mar. 10:17—22). w21.08 sah. 6, abz. 17
17-nji aprel, duşenbe
Jogap bermäge hemişe taýyn boluň (1 Pet. 3:15).
Mukaddes Kitaby okanyňyzda Ýehowany ýakyndan tanajak boluň. Biz ýaradylan zatlary synlap, Ýehowanyň ajaýyp häsiýetlerini görýäris. Mukaddes Kitaby okanyňyzda hem şol häsiýetleri görjek boluň. Şonda siz ähli zady Ýehowanyň ýaradandygyna göz ýetirersiňiz (2 Mus. 34:6, 7; Zeb. 145:8, 9). Ýehowa barada näçe köp bilseňiz, şonça-da imanyňyz berkär, söýgiňiz artar we ýakyndan dostlaşarsyňyz. Beýik Ýaradan Ýehowa hakda wagyz ediň. Aýdaly, siz wagyzda Hudaýyň bardygyna şübhelenýän adama duşýarsyňyz. Ýöne Beýik Ýaradanyň bardygyny düşündirip bilmeýärsiňiz. Siz näme edip bilersiňiz? Edebiýatlarymyzdan Allatagalanyň bardygyny subut edýän delilleri tapyp, oňa gürrüň beriň. Tejribeli we ökde wagyzçylardan hem maslahat sorasaňyz gowy bolar. Siz näçe jan etseňiz-de, wagyz eden adamyňyz ynanmasa ruhdan düşmäň, sebäbi gözleg geçirip öz imanyňyzy berkidýärsiňiz. w21.08 sah. 18, abz. 14, 15
18-nji aprel, sişenbe
Size peýdaly zatlary öwretmekden çekinmedim (Res. 20:20).
Ýehowa bizden durmuşyň ähli lezzetinden we şatlygyndan geçmegi talap etmeýär (Nes. 5:19, 20). Emma Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin gowy görýän zadymyzdan geçip bilmesek, Isanyň mysalyndaky baý adama meňzäris. Baý adam Hudaý hakda pikirem etmän, aýşy-eşretde ýaşamagyň aladasyny etdi (Luka 12:16—21). Biz kyn ýagdaýa düşenimizde, kömek sorap Ýehowa doga edýäris we çykalga tapmak üçin oýlanýarys (Nak. 3:21). Ol bize dürli ýollar bilen bereket berýär. Biz Ýehowany şöhratlandyrmak üçin jan etsek, edýän ýagşylyklaryna minnetdar bolup bileris (Ýew. 13:15). Uzak wagtly gulluk etmek üçin tagalla etsek, Hudaý bize has köp bereket berer. Geliň, her gün «Ýehowany synap, goldaw berişini görmegi» ýüregimize düweliň (Zeb. 34:8). Şonda biz Isa pygamber ýaly: «Meniň çöregim meni ibereniň islegini we tabşyrygyny soňuna çenli berjaý etmekdir» diýip bileris (Ýah. 4:34). w21.08 sah. 30, 31, abz. 16—19
19-njy aprel, çarşenbe
Heläkçilikden öň tekepbirlik, ýykylmakdan öň ulumsylyk gelýär (Nak. 16:18).
Şeýtan biziň ulumsy, tekepbir bolmagymyzy isleýär. Eger biz ulumsy bolsak, Şeýtana meňzäris we ebedi ýaşaýyşdan mahrum bolarys. Pawlus resul «ulumsylyk edýäniň, Iblise çykarylan höküme sezewar boljakdygyny» aýtdy (1 Tim. 3:6, 7). Biz Ýehowany ýaňy-ýakynda tanan hem bolsak ýa-da köp ýyldan bäri gulluk edýän hem bolsak, tekepbirligiň duzagyna düşüp bileris. Ulumsy adam diňe özüni bilip ýaşaýar. Şeýtan biziň kyn ýagdaýlara duşanymyzda, Ýehowa hakda däl-de, diňe özümiz hakda oýlanmagymyzy isleýär. Meselem, size töhmet atmaklary ýa-da adalatsyzlyk etmekleri mümkin. Şonda siz Ýehowany ýa-da dogan-uýalary günäkärläp başlasaňyz, Şeýtan hezil eder. Ol ýüze çykan ýagdaýy Hudaýyň Sözüne görä däl-de, öz göwnüňize laýyk çözmegiňizi isleýär (Nes. 7:16, 20). w21.06 sah. 15, abz. 4, 5
20-nji aprel, penşenbe
Ýehowa şeýle diýýär: «Aman galan halk, mert boluň, işe başlaň!» Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Men siziň bilendirin!» (Hag. 2:4).
Ýehowa Hagaý pygambere wajyp ýumuş tabşyrýar. B. e. öň 537-nji ýylda Hagaý pygamber ildeşleri bilen Wawilon ýesirliginden azat bolup, watanyna dolanýar. Olar bilini berk guşap, Ýehowanyň öýüniň, ýagny ybadathananyň gurluşygyna başlaýarlar (Hyd. 3:8, 10). Emma köp wagt geçmänkä, gynançly waka bolýar. Duşmanlaryň garşylyklary sebäpli halkyň eli işden sowaýar (Hyd. 4:4; Hag. 1:1, 2). Ine şol sebäpli b. e. öň 520-nji ýylda Ýehowa Hagaý pygambere halky ruhlandyrmagy tabşyrýar. Olar ybadathananyň gurluşygyny doly tamamlamalydylar (Hyd. 6:14, 15). Hagaý pygamber halkyň Ýehowa bolan imanyny berkitmelidi. «Serkerdebaşy Ýehowa» diýen jümle halky ruhlandyran bolsa gerek! Olar Ýehowanyň perişdelerden ybarat ägirt uly goşunynyň bardygyna düşünmelidi we gurluşygy doly tamamlamak üçin Ýehowa bil baglamalydy. w21.09 sah. 15, abz. 4, 5
21-nji aprel, anna
Biri-biriňizi söýseňiz, siziň meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler (Ýah. 13:35).
Şu günler bütin ýer ýüzünde ýaşaýan Ýehowanyň Şaýatlary biri-birini söýýärler we agzybir ýaşaýarlar. Şeýle gurama başga hiç ýerde ýokdur. Olar dürli milletden, halkdan we ýurtdan bolsalar-da, biri-birini süýtdeş dogany ýaly gowy görýärler. Muny olaryň ýygnak duşuşyklarynda, etrap we welaýat kongreslerinde görse bolýar. Ýehowanyň Şaýatlarynyň arasyndaky doganlyk söýgi olaryň hak Hudaýa arassa sežde edýändigini subut edýär (Ýah. 13:34). Hudaýyň Sözi bizi «biri-birimizi ýürekden söýmäge» höweslendirýär (1 Pet. 4:8). Eger dogan-uýalary söýsek, olaryň bikämildigine düşünip, ýürekden bagyşlarys. Biz ähli dogan-uýalary, hatda göwnümize degenleri-de myhmançylyga çagyrmaly we olara ýagşylyk etmeli (Kol. 3:12—14). Biz biri-birimizi ýürekden söýsek, hakyky mesihçidigimizi subut ederis. w21.10 sah. 22, abz. 13, 14
22-nji aprel, şenbe
Çagasyny söýýän yhlas bilen terbiýeleýär (Nak. 13:24).
Günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmek, ony toba etmäge höweslendirermi? Elbetde! Agyr günä eden adamlaryň köpüsi ýygnak gatnaşygyndan kesilensoň akylyna aýlandy, ýürekden toba etdi we rehimdar Atasy Ýehowa dolandy (Ýew. 12:5, 6). Göz öňüňize getiriň, çopan bir goýnuň keselländigini görýär. Ol kesel goýny bejermek üçin başga agylda saklaýar. Goýunlar süri bolup ýaşaýar. Şonuň üçin kesel goýny aýry saklasaň, sürüsini küýsäp «mälemegi» mümkin. Kesel goýny başga agylda saklaýan çopana rehimsiz we zalym diýse bolarmy? Elbetde, ýok! Eger çopan ony sürä goşsa, beýleki goýunlar hem keselläp biler. Çopan tutuş süriniň aladasyny edip, kesel goýny aýry saklaýar. w21.10 sah. 10, abz. 9, 10
23-nji aprel, ýekşenbe
Siziň hem yşygyňyz adamlara şeýle nur saçsyn welin, ýagşy işleriňizi görüp, gökdäki Ataňyzy şöhratlandyrsynlar (Mat. 5:16).
Biri-birini ýürekden söýýän Hudaýyň halkynyň agzasy bolmak, biziň üçin uly hormat! Biz köp adamlaryň Ýehowa sežde etmegini isleýäris. Biz gökdäki Atamyzyň adyna ysnat getirýän we halkynyň abraýyny düşürýän erbet işleri etmeli däl. Gaýtam ýagşy işleri edip, Ýehowany şöhratlandyrmaly. Şonda köp adamlar hoş habara seslener. Ýehowa Atamyza gulak asýandygymyz üçin, käbirleri bizi kemsidip, üstümizden gülerler we yzarlarlar. Şeýle ýagdaýda adamlardan gorkup, wagyz etmäge çekinmegimiz mümkin. Ýöne Ýehowa we Isa bil baglasak, bize batyrgaýlyk hem güýç bererler. Isa şägirtlerine «näme diýerin ýa-da nädip aýdaryn diýip alada etmäň» diýdi. Näme üçin? Isa pygamber şeýle diýdi: «Siz näme diýmelidigini şol wagt bilersiňiz. Sebäbi siziň özüňiz däl, siz arkaly Ataňyzyň ruhy geplär» (Mat. 10:19, 20). w21.09 sah. 24, abz. 17, 18
24-nji aprel, duşenbe
Men Ýehowa: «Sen meniň penam hem galam...» diýerin (Zeb. 91:2).
Musa pygamber hem Ýehowanyň halkynyň penasydygyny aýdypdy (Zeb. 90:1). Ol ömrüniň ahyrynda şeýle täsirli sözleri ýazdy: «Hudaý gadymdan bäri penaňdyr, seni ebedi gollary bilen göterýär» (5 Mus. 33:27). «Seni ebedi gollary bilen göterýär» diýen sözler Ýehowa barada nämäni aýan edýär? Ýehowa — biziň penamyz. Şonuň üçin biz hiç zatdan gorkman arkaýyn ýaşaýarys. Emma käte kynçylyklar, gaýgy-aladalar sebäpli ruhdan düşüp, göreşmäge güýjümiz bolmaýar. Şeýle ýagdaýda Ýehowa bize nädip kömek edýär? (Zeb. 136:23). Mähirli Hudaý Ýehowa bize gollaryny uzadyp, aýaga galmaga kömek edýär we wepaly söýgüsi bilen çoýup, gujagynda göterýär (Zeb. 28:9; 94:18). Muny bilmegiň nähili peýdasy bar? Birinjiden, dünýäniň haýsy künjeginde ýaşasak-da, Ýehowa bizi penasynda saklar. Ikinjiden, söýgüden doly Atamyz Ýehowa hemişe aladamyzy eder. Hawa, biz Ýehowa islendik ýagdaýda bil baglap bileris. w21.11 sah. 6, abz. 15, 16
25-nji aprel, sişenbe
Siz häzir dürli synaglar sebäpli... kynçylyk çekýärsiňiz (1 Pet. 1:6).
Isa pygamber şägirtleriniň adalatsyzlyk sebäpli imanlarynyň synaljagyny bilýärdi. Ol şägirtlerine kömek etmek üçin bir wakany gürrüň berdi. Bir dul aýal adalatsyz kazynyň ýanyna gatnap, dawasyny çözüp bermegi haýyş edýär. Aýal erjellik bilen edýän tagallasynyň ýerine düşjegini bilýärdi. Kazy ahyry aýalyň dawasyny çözüp berýär. Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowa Hudaý adalatsyz kazy ýaly däl. Isa pygamber: «Eger ol (kazy) şeýle eden bolsa, onda Hudaý gije-gündiz perýat edýän saýlanlaryna sabyrly bolup, adalaty dikeltmezmi? ... Ýöne Ynsan ogly gelende, iman edýän adamlary taparmy?» diýdi (Luka 18:1—8). Eger bize adalatsyzlyk etseler, dul aýal ýaly sabyrly, erjel bolmaly we Ýehowanyň adalaty iru-giç dikeltjekdigine iman etmeli. w21.11 sah. 23, abz. 12; sah. 24, abz. 14
26-njy aprel, çarşenbe
Ýaş ýigit nädip halal ýaşap biler? Ol seniň sözüňi her gün berjaý eder (Zeb. 119:9).
Ýaşlar, käte siz Ýehowanyň kada-kanunlary erkinligiňizi eliňizden alýan ýaly duýýarsyňyzmy? Şeýtan siziň şeýle pikir etmegiňizi isleýär. Ol inli ýoly göze ýakymly, ondan ýöreýän adamlary bagtly ýaly edip görkezýär. Belki-de, siz klasdaşlaryňyza ýa-da internetdäki adamlara seredip, gowy zatdan galýan ýaly duýýansyňyz. Şeýtan Ýehowanyň kada-kanunlary durmuşyň bar lezzetinden mahrum edýär diýip pikir etmegiňizi isleýär. Ol adamlaryň inli ýoluň nirä eltýändigini bilmegini islemeýär (Mat. 7:13, 14). Emma Ýehowa insiz ýoldan ýöreýänlere ajaýyp durmuşyň garaşýandygyny açyk aýdýar (Zeb. 37:29; Işa. 35:5, 6; 65:21—23). w21.12 sah. 23, abz. 6, 7
27-nji aprel, penşenbe
Doganyňyzy ýürekden bagyşlaň (Mat. 18:35).
Biz dogan-uýalary ýürekden bagyşlamagyň wajypdygyna düşünýäris. Ýöne käte ýürekden bagyşlamak kyn bolýar. Petrus resula-da bagyşlamak aňsat düşmändi (Mat. 18:21, 22). Dogan-uýalary ýürekden bagyşlamak üçin näme etmeli? Birinjiden, Ýehowanyň bizi her gün bagyşlaýandygy barada oýlanmaly (Mat. 18:32, 33). Biz gaýta-gaýta ýalňyşsak-da, Ýehowa bizi ýürekden bagyşlaýar (Zeb. 103:8—10). Biz dogan-uýalary ýürekden bagyşlamaga we «söýmäge borçly» (1 Ýah. 4:11). Ikinjiden, bagyşlamagyň berýän peýdasy hakda oýlanmaly. Göwnümize degen adamy ýürekden bagyşlasak, onuň derdine derman bolarys, ýygnakda agzybirligiň bolmagyna ýardam ederis, Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys we özümizi rahat duýarys (2 Kor. 2:7; Kol. 3:14). Üçünjiden, bagyşlamagy öwredýän Ýehowa Hudaýa doga-dileg etmeli. Şeýtanyň biziň aramyza çöp atmagyna ýol bermäliň (Efes. 4:26, 27). Ýehowa bil baglasak, Şeýtanyň toruna düşmeris. w21.06 sah. 22, abz. 11; sah. 23, abz. 14
28-nji aprel, anna
Sen Ysraýylyň patyşasy... bolarsyň (1 Şam. 23:17).
Ysraýylyň patyşasy Şawul Dawudy öldürmegiň küýüne düşýär. Dawut başyny gutarmak üçin gaçyp gaýdýar. Ol Nob galasyna gelip, Agamälik ruhana: «Gaýrat edip, bäş çörek ýa-da iýere nämäň bolsa ber» diýýär (1 Şam. 21:1, 3). Soňra Dawut esgerleri bilen daglarda, gowaklarda gizlenip ýaşaýar (1 Şam. 22:1). Şawul patyşa Dawudy näme üçin öldürjek bolýar? Sebäbi Dawut köp ýeňiş gazanýar we il-günüň dilinden düşmeýär. Gelin-gyzlar hem ony taryplap aýdym aýdýarlar. Şeýle-de Ýehowa Şawuldan ýüz öwrüp, Dawudy Ysraýylyň patyşasy edip belläpdi (1 Şam. 23:16, 17). Şawul patyşa göriplikden ýaňa janyna jaý tapmaýardy, Dawudy öldürmek isleýärdi. Şawul bütin Ysraýyl halkynyň patyşasydy we ägirt uly goşunyň serdarydy. Onuň tarapdarlary hem köpdi. Şawul patyşa Dawudy öldürip, Ýehowanyň niýetine päsgel berip bilerin öýtdümikä? (Işa. 55:11). Mukaddes Kitapda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Ýöne biz bir zady bilýäris, Şawul patyşa öz aýagyna özi palta urdy. Ýehowanyň garşysyna çykan adam hiç haçan ýeňiş gazanyp bilmez. w22.01 sah. 2, abz. 1, 2
29-njy aprel, şenbe
Nikodim gije Isanyň ýanyna geldi (Ýah. 3:1, 2).
Isa yhlasly wagyz edýärdi. Ol adamlary gowy görýändigi üçin her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärdi (Luka 19:47, 48). Isa pygamber adamlaryň ýagdaýyna düşünýärdi we duýgudaşlyk bildirýärdi. Ony diňlemäge gelýän adamlar şeýle bir köpdi welin, onuň nahar iýmäge-de wagty bolmaýardy (Mar. 3:20). Ýehudylaryň baştutany Nikodim Isa bilen gürrüňdeş bolmak üçin, onuň ýanyna ýarygije barýar. Isa ýadaw bolsa-da, Nikodim bilen gürrüňdeş bolýar. Onuň wagyz eden adamlarynyň köpüsi şägirdi bolmady, emma ol ruhdan düşmedi. Isa wagyz etmek bilen adamlara şaýatlyk edýändigine düşünýärdi. Bizem ähli adamlara hoş habary wagyz etmek üçin elimizde baryny etmeli (Res. 10:42). Munuň üçin wagyz ediş usullarymyzy üýtgedip durmaly. Hawa, biz özümize däl-de, adamlara amatly wagty wagyz etmeli. Şonda köp adamlara şaýatlyk ederis we Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarys. w22.01 sah. 17, abz. 13, 14
30-njy aprel, ýekşenbe
Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly ekeni (Nes. 8:9).
Şu günler köp adamlar ýolbaşçylara ynanmaýarlar. Olar döwlet işgärleriniň baýlary goldap, garyplary bolsa äsgermeýändigini görýärler. Şeýle-de olar mollalaryň we ruhanylaryň edýän pyssy-pyjurlygyny görüp, hak Hudaýa ynanmaýarlar. Şol sebäpli käbirleri Mukaddes Kitap okuwyny geçip başlasalar-da, Ýehowa Hudaýa we Onuň ýer ýüzündäki wekillerine ynanyp bilmeýärler. Biz Ýehowa Hudaýa köp ýyldan bäri gulluk edýän hem bolsak, Oňa we guramasyna ýürekden bil baglamaly. Ýehowanyň görkezmeleriniň hemişe peýdalydygyna düşünmeli. Emma käte Ýehowa we Onuň guramasyna bil baglamak kyn bolup biler. w22.02 sah. 2, abz. 1, 2