Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es23 sah. 118—128
  • Dekabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dekabr
  • Her günki aýady okalyň — 2023
  • Sözbaşylar
  • 1-nji dekabr, anna
  • 2-nji dekabr, şenbe
  • 3-nji dekabr, ýekşenbe
  • 4-nji dekabr, duşenbe
  • 5-nji dekabr, sişenbe
  • 6-njy dekabr, çarşenbe
  • 7-nji dekabr, penşenbe
  • 8-nji dekabr, anna
  • 9-njy dekabr, şenbe
  • 10-njy dekabr, ýekşenbe
  • 11-nji dekabr, duşenbe
  • 12-nji dekabr, sişenbe
  • 13-nji dekabr, çarşenbe
  • 14-nji dekabr, penşenbe
  • 15-nji dekabr, anna
  • 16-njy dekabr, şenbe
  • 17-nji dekabr, ýekşenbe
  • 18-nji dekabr, duşenbe
  • 19-njy dekabr, sişenbe
  • 20-nji dekabr, çarşenbe
  • 21-nji dekabr, penşenbe
  • 22-nji dekabr, anna
  • 23-nji dekabr, şenbe
  • 24-nji dekabr, ýekşenbe
  • 25-nji dekabr, duşenbe
  • 26-njy dekabr, sişenbe
  • 27-nji dekabr, çarşenbe
  • 28-nji dekabr, penşenbe
  • 29-njy dekabr, anna
  • 30-njy dekabr, şenbe
  • 31-nji dekabr, ýekşenbe
Her günki aýady okalyň — 2023
es23 sah. 118—128

Dekabr

1-nji dekabr, anna

Olar sesime... gulak asarlar (Ýah. 10:16).

Isa özüni aladaçyl çopana, şägirtlerini bolsa goýunlara meňzetdi (Ýah. 10:14). Näme üçin? Sebäbi goýunlar çopanyň sesini tanaýar we oňa gulak asýar. Munuň şeýledigine bir syýahatçy göz ýetirdi. Ol şeýle diýýär: «Biz goýun sürüsini surata düşürjek bolduk. Olary näçe çagyrsak-da ýanymyza gelmediler, sebäbi sesimizi tanamaýardylar. Soňra bir ýerlerden çopan oglanjyk çykdy. Ol goýunlary çagyrdy welin, hemmesi onuň yzyna düşüp gidiberdi». Syýahatçy bilen bolan waka Isa pygamberiň: «Goýunlarym... sesimi eşidip, maňa gulak asarlar» diýen sözlerine düşünmäge kömek edýär. Diýmek, şägirtler Isa pygambere gulak asmaly. Emma Isa gökde. Biz oňa nädip gulak asyp bileris? Munuň üçin Halypamyz Isanyň aýdan öwüt-nesihatyna gulak asmaly we şolar boýunça ýaşamaly (Mat. 7:24, 25). w21.12 sah. 16, abz. 1, 2

2-nji dekabr, şenbe

Adamlaryň ählisi günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular (Rim. 3:23).

Pawlus resul mesihçileri zalymlyk bilen yzarlaýardy. Soňra ýalňyşyna düşünip, garaýşyny we häsiýetlerini üýtgedýär (1 Tim. 1:12—16). Pawlus Ýehowanyň kömegi bilen mähirli, duýgudaş, pesgöwünli ýaşuly bolýar we dogan-uýalaryň aladasyny edýär (Rim. 7:21—25). Ol ejizlikleri hakda çendenaşa biynjalyk bolmagyň deregine, Ýehowanyň geçirimli Hudaýdygy hakda oýlanýar. Pawlus özünden köp zada garaşmaýar. Ol ýagşy häsiýetleri ösdürýär. Ýehowa bil baglap, tabşyrylan işleri ýürekden ýerine ýetirýär (1 Kor. 9:27; Flp. 4:13). Doganlar kämil bolandygy üçin ýaşuly bellenmeýärler. Ýehowa ýaşulularyň ýalňyşyny boýun almagyny we ruhuň miwesini ösdürmegini isleýär (Efes. 4:23, 24). Munuň üçin olar Mukaddes Kitaby okamaly, oýlanmaly we öz üstünde işlemeli. Şonda Ýehowa olara borjuny şatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek eder (Ýak. 1:25). w22.03 sah. 29, 30, abz. 13—15

3-nji dekabr, ýekşenbe

Adamlary ýazgarmaň (Mat. 7:1).

Biz dogan-uýalary ýazgarýan bolsak näme etmeli? Biz olary söýmäge borçludygymyzy unutmaly däl (Ýak. 2:8). Şeýle-de «adamlary ýazgarmaz ýaly kömek et» diýip, Ýehowa ýürekden doga etmeli. Soňra eden dogamyza görä hereket edip, imandaşymyz bilen dostlaşmaga jan etmeli. Onuň bilen wagyz etmeli we myhmançylyga çagyrmaly. Şonda ony has gowy tanap, ýagşy häsiýetlerini göreris. Şeýdip, Ýehowa bilen Isanyň göreldesine eýereris we mähirli çopanymyzyň «adamlary ýazgarmaň» diýen maslahatyna gulak asarys. Goýunlar çopanyň sesini tanaýar. Biz hem Isa pygambere gulak asýarys. Biz «kiçi sürä» ýa-da «başga goýunlara» degişli bolsak-da, aladaçyl çopanymyz Isa gulak asyp, oňa tabyn bolmaly (Luka 12:32; Ýah. 10:11, 14, 16). w21.12 sah. 19, abz. 11; sah. 21, abz. 17, 18

4-nji dekabr, duşenbe

Rehobam ýaşulularyň beren maslahatyny diňlemedi (1 Pat. 12:8).

Ysraýylyň patyşasy Rehobam tagta geçende halk onuň huzuryna gelip: «Kakaň gerdenimize agyr ýük goýdy... ýükümizi ýeňlet» diýip haýyş edýärler. Rehobam aksakgallardan we ýaşululardan maslahat soraýar. Olar Rehobama halkyň haýyşyny bitirse, hemişe oňa wepaly boljakdygyny aýdýarlar (1 Pat. 12:3—7). Ol ýaşulularyň maslahatyny göwnemän, öz deň-duşlaryna sala salýar. Patyşanyň deň-duşlary halkyň ýüküniň üstüne ýene ýük goşmagy maslahat berýärler (1 Pat. 12:9—11). Patyşa Ýehowa doga edip, görkezme soramalydy. Gynansak-da, ol deň-duşlarynyň maslahatyna eýerdi. Netijede, tutuş Ysraýylyň üstüne betbagtçylyk indi. Biz mundan näme öwrenýäris? Biz göwnümize ýaramasa-da, Hudaýyň Sözüne esaslanyp berlen maslahata eýermeli. w22.02 sah. 9, abz. 6

5-nji dekabr, sişenbe

Güýç-kuwwat ýaşlaryň şöhratydyr (Nak. 20:29).

Pesgöwünli, pespäl garry doganlar ýaşlaryň kemçiligine däl-de, ukyp-başarnygyna we güýç-gaýratyna üns berýärler. Olar ýaşlary bäsdeşi däl-de, işdeşi hasaplaýarlar. Garrylar ýaş dogan-uýalaryň edýän işiniň gadyryny bilýärler we olary Ýehowanyň berekedi hasaplaýarlar. Garry dogan-uýalar güýç-kuwwatynyň gaçandygyna düşünýärler. Olar ýygnagyň işlerini höwes bilen ýerine ýetirýän ýaşlara guwanýarlar. Mukaddes Kitapda garry ene Nagomy hakda aýdylýar. Ol gelni Rutuň kömegini minnetdarlyk bilen kabul edýär. Rutuň äri aradan çykansoň, Nagomy gelnine atasynyň öýüne gitmegi haýyş edýär. Emma Rut gaýynenesini taşlamajagyny, onuň bilen Beýtullahama gitjegini çürt-kesik aýdýar. Nagomy gelniniň goldawyny ýürekden kabul edýär (Rut 1:7, 8, 18). Ýehowa olaryň ikisine-de ak pata berýär (Rut 4:13—16). Garrylar pesgöwünli bolsalar, Nagomynyň göreldesine eýererler. w21.09 sah. 10, 11, abz. 9—11

6-njy dekabr, çarşenbe

Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir (Ýew. 6:10).

Gökdäki Atamyz Ýehowa biziň edip bilýän we edip bilmeýän zadymyzy gowy bilýär. Käbirimiz dogan-uýalara garanda köp işleri edip bilýändiris. Käbirimiz bolsa maşgala borçlarymyz, garrylyk we ýarawsyzlyk sebäpli öňkimiz ýaly Ýehowa üçin köp işleri edip bilýän däldiris. Geliň, özümizi başgalar bilen deňeşdirmäliň (Gal. 6:4). Sebäbi Ýehowa her bir ogul-gyzynyň edýän işini gymmat saýýar. Eger biz ýürekden we ýagşy niýet bilen sežde etsek, gökdäki Atamyzy begendireris. Ýehowa biziň köp işleri etmek isleýändigimizi bilýär. Emma ol biziň başarýan işlerimizi edip şatlanmagymyzy isleýär. Biz kyn ýagdaýlarda howsala düşmeýäris, sebäbi Ýehowanyň kömege taýýardygyny bilýäris (Işa. 41:9, 10). Biz ýeriň-gögüň eýesi Beýik Hudaý Ýehowa sežde edýändigimize buýsanýarys. Ol «şöhrata, hormata, alkyşa mynasyp» Alladyr! (Ylh. 4:11). w22.03 sah. 24, abz. 16; sah. 25, abz. 18

7-nji dekabr, penşenbe

Men eglenmerin, howlugaryn, tabşyryklaryňy berjaý ederin (Zeb. 119:60).

Biziň hiç birimiz Isa pygamberiň göreldesine doly eýerip bilmeris (Ýak. 3:2). Emma biz ruhdan düşmeli däl. Şägirt derrew halypasy ýaly ussat sazanda bolup bilmez, emma türgenleşse we halypasyndan görelde alsa, ökde sazanda bolup biler. Edil şonuň ýaly, bizem Mukaddes Kitaby okasak, öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulansak we öz üstümizde işläp, ýagşy häsiýetleri ösdürsek, Isa pygamberiň göreldesine eýereris (Zeb. 119:59). Şu dünýäde adamlar diňe özüni bilip ýaşaýar, emma Ýehowanyň Şaýatlary olardan düýbünden tapawutlanýar. Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda adamlara kömek etmek üçin wagtyny we güýjüni gaýgyrmady (1 Pet. 2:21). Eger dogan-uýalara janymyzy aýaman hyzmat etsek, Ýehowany razy ederis we bagtly ýaşarys. w22.02 sah. 24, abz. 16; sah. 25, abz. 18

8-nji dekabr, anna

Onuň hatlarynyň käbirine düşünmek kyn (2 Pet. 3:16).

Ýehowa şu günler halkyna Mukaddes Kitap arkaly görkezme berýär. Eger biz Hudaýyň Sözüni okap oýlansak, onuň görkezmesine eýereris we yhlasly wagyz ederis (1 Tim. 4:15, 16). Ýehowa halkyna «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly görkezme berýär (Mat. 24:45). Emma käte bize wepaly hyzmatkäriň berýän görkezmesine düşünmek kyn bolýandyr. Aýdaly, wepaly hyzmatkär tebigy betbagtçylyga taýýarlanmak hakda görkezme berýär. Şonda biz: «Bu görkezme maňa degişli däl. Sebäbi meniň ýaşaýan ýurdumda tebigy betbagtçylyk bolmaýar» diýýändiris. Bize görkezmelere ýürekden eýermäge näme kömek eder? Biz Mukaddes Kitapdaky wakalar hakda oýlanyp bileris. Käte ysraýyl halkyna Ýehowanyň beren görkezmesine eýermek mümkin däl ýaly bolup görünýärdi. Ýöne görkezmä eýeren adamlar janyny halas etdiler (Ser. 7:7; 8:10). w22.03 sah. 18, abz. 15, 16

9-njy dekabr, şenbe

Atam, janymy saňa ynanýaryn (Luka 23:46).

Isa pygamber ynam bilen şu günki aýatdaky sözleri aýtdy. Isa gelejeginiň Ýehowa baglydygyny bilýärdi we ölümden direltjekdigine iman edýärdi. Isa pygamberiň sözlerinden näme öwrenýäris? Biz janymyzy Hudaýa ynanmaly. Munuň üçin «Ýehowa bütin ýüregimiz bilen bil baglamaly» (Nak. 3:5). Geliň, 15 ýaşly Joşua hakda gürrüň edeliň. Ol agyr keselläpdi, ýöne Hudaýyň kanunyna garşy gelýän bejergiden boýun gaçyrdy. Ol ölüminiň öň ýanynda ejesine şeýle diýdi: «Eje, men janymy Ýehowa ynanýaryn... Ol meniň ýüregimi görýär, söýýändigimi bilýär. Eje jan, Ýehowanyň meni ölümden direltjekdigine ýürekden ynanýaryn». Geliň, özümize şeýle sorag bereliň: «Eger menem synaga düşsem, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolsam, janymy Ýehowa ynanarynmy? Ölümden direltjekdigine umyt ederinmi?» w21.04 sah. 12, 13, abz. 15, 16

10-njy dekabr, ýekşenbe

Suw berene suw berler (Nak. 11:25).

Ýehowa hoş habary wagyz edýän halkyna güýç berýär. Adamlar bizi diňlese-de, diňlemese-de, hoş habary yhlasly wagyz etsek, ruhlanarys we güýjümize güýç goşular. Käbir dogan-uýalar köp wagyz edip bilmeýändikleri üçin gynanýarlar. Belki, siz hem özüňizi şeýle duýýansyňyz. Unutmaň, Ýehowa edýän tagallaňyzy gymmat saýýar! Siz garrylyk ýa-da keselçilik sebäpli öýden çykyp bilmeseňiz-de, Ýehowa edýän tagallaňyzy gymmat saýýar. Ol siziň tagallaňyza ak pata berýär. Şepagat uýalaryna we lukmanlara wagyz edip biler ýaly mümkinçilik döredýär. Eger siz öňki wagyz edişiňiz bilen häzirki wagzyňyzy deňeşdirseňiz, göwnüçökgünlige düşersiňiz. Emma şu günler Ýehowanyň size edýän kömegini görseňiz, güýjüňize güýç goşular we kynçylyklara şatlyk bilen döz gelersiňiz. Biz eken hakykat tohumymyzyň haýsynyň gögerjegini bilmeýäris (Nes. 11:6). w21.05 sah. 24, 25, abz. 14—17

11-nji dekabr, duşenbe

Ýehowanyň ýigrenýän işini edip, näme üçin kanunyny bozduň? (2 Şam. 12:9).

Ýehowa Dawut patyşa baýlyk, at-abraý berdi we duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek etdi. Dawut Ýehowanyň eden ýagşylyklarynyň «sanardan köpdügini» aýdypdy (Zeb. 40:5). Ýöne ol açgözlügiň toruna düşüp, Allatagalanyň ýagşylyklarynyň gadyryny bilmedi. Dawudyň ençeme aýallary bolsa-da, hetlerden bolan Uryýanyň aýaly Batşeba göz gyzdyryp, onuň bilen zyna etdi. Soňra Batşeba göwreli boldy. Dawut muny hem az görýän ýaly, Uryýany öldürmegiň küýüne düşdi (2 Şam. 11:2—15). Dawut näme barada oýlandyka? Eden işlerini Ýehowa görmeýändir öýtdümikä? «Süýji-süýji iýmäniň, ajy-ajy gägirmesi bolar» diýlişi ýaly, Dawut köp ejir çekmeli boldy. Emma Dawut ýalňyşyna düşünip toba etdi, Ýehowa hem ony bagyşlady (2 Şam. 12:7—13). w21.06 sah. 17, abz. 10

12-nji dekabr, sişenbe

Hudaý ukyp bermese, tabşyran işini öz güýjümiz bilen ýerine ýetirip bilmeris (2 Kor. 3:5).

Belki, özümizi ynamly duýýan däldiris. Biz: «Mukaddes Kitapdan okuw geçmek üçin bilimli we ökde mugallym bolmaly» diýip özümize göwnümiz ýetýän däldir. Bize özümizi ynamly duýmaga näme kömek eder? Birinjiden, Ýehowa biziň şägirt taýýarlap biljekdigimize ynanýar. Ikinjiden, «gökde we ýerde ähli ygtyýara» eýe bolan Isa Mesih bize şägirt taýýarlamagy tabşyrýar (Mat. 28:18). Üçünjiden, dogan-uýalardan ökde mugallym bolmagy öwrenip bilýäris. Isa pygamber hem Atasynyň öwredişi ýaly tälim berýärdi. Bizem Isanyň göreldesine eýerip bileris (Ýah. 8:28; 12:49). Biz Mukaddes Kitap okuwyny geçirip biler ýaly wagyz toparynyň gözegçisinden, tejribeli pionerlerden we ökde wagyzçylardan maslahat sorap bileris. Şeýle-de olaryň okuwyna gatnaşyp, ökde mugallym bolmagy öwreneris. w21.07 sah. 5, abz. 12

13-nji dekabr, çarşenbe

Az zatda ynamdar adam köp zatda-da ynamdardyr. Az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdar däldir (Luka 16:10).

Şu dünýäniň soňy golaýlaşyp gelýär. Şol sebäpli Ýehowa öňküden hem köp bil baglamaly. Sebäbi uly betbagtçylykda beriljek görkezmeler geň, düşnüksiz we eýermek kyn ýaly bolup görünmegi mümkin. Elbetde, uly betbagtçylykda Ýehowa gökden her birimize näme etmelidigimizi aýtmaz. Ol ýer ýüzündäki wekilleri arkaly görkezme berer. Şol döwür: «Dogrudanam, görkezmäni Ýehowa berdimi ýa-da doganlaryň özleri oýlap tapdymy?» diýip şübhelenmegiň wagty däl. Biz Ýehowa we Onuň ýer ýüzündäki wekillerine ýürekden ynanmaly. Eger biz Ýehowanyň guramasy arkaly berýän görkezmelerine häzirden eýersek, uly betbagtçylykda hem şeýle ederis. w22.02 sah. 6, abz. 15

14-nji dekabr, penşenbe

Siz menden has köp zat etdiňiz (Ser. 8:2).

Gedeýon we 300 esgeri Ýehowanyň kömegi bilen uly ýeňiş gazanýarlar. Olar duşmany ýeňendiklerine örän begenýärler. Ýöne efraýymlar olary öwmegiň deregine, Gedeýon bilen dawalaşyp başlaýarlar. Efraýymlar urşa çagyrmandyklary üçin gaharlanýarlar (Ser. 8:1). Gedeýon olara Ýehowanyň has köp ýeňişleri berendigini ýatladýar. Şonda efraýymlaryň «gahary köşeşýär» (Ser. 8:3). Gedeýon özüni peseldip, Hudaýyň halkynyň arasynda parahatlygyň bolmagyna ýardam edýär. Biz efraýymlaryň ýalňyşyndan sapak edinmeli. Öz at-abraýymyz hakda däl-de, Ýehowany şöhratlandyrmak hakda oýlanmaly. Ýaşulular bilen maşgalabaşylar hem Gedeýonyň göreldesine eýermeli. Kimdir biri sizden nägile bolup, gaty görendigini aýtsa, onuň ýagdaýyna düşünjek bolmaly. Şeýle-de ony edýän ýagşy işleri üçin öwmeli. Dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybir sežde etmek, biziň at-abraýymyzdan has wajypdyr. w21.07 sah. 16, 17, abz. 10—12

15-nji dekabr, anna

Gel, öz keşbimizde... ynsan ýaradaly (1 Mus. 1:26).

Ýehowa adamlary öz keşbinde ýaradyp, başyna şöhrat täjini geýdirdi. Şonuň üçin biz Ýehowa ýaly adamlary söýüp, rehimdar we adalatly bolup bileris (Zeb. 86:15; 145:17). Biz Hudaýdan görelde alsak, ony şöhratlandyrarys we minnetdardygymyzy görkezeris (1 Pet. 1:14—16). Gökdäki Atamyz bizi ogul-gyzy etmek üçin, Öz keşbinde ýaratdy. Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürsek, özümiz hem bagtly bolarys. Ýehowa adamzat üçin owadan Ýer şaryny ýaratdy. Hudaý heniz Adam atany ýaratmanka, onuň üçin owadan öýi, Erem bagyny döretdi (Eýp. 38:4—6; Ýer. 10:12). Ýehowa paýhasly we jomart Hudaý. Ol adamlar hezil edip ýaşar ýaly ir-iýmişleri berdi (Zeb. 104:14, 15, 24). Hudaý ýaradan zatlaryna göz aýlap, ählisiniň «juda gowudygyny» gördi (1 Mus. 1:10, 12, 31). w21.08 sah. 3, abz. 5, 6

16-njy dekabr, şenbe

Mukaddes ruhuň miwesi bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, gowulyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik (Gal. 5:22, 23).

Isa pygamber bize hoş habary wagyz etmegi we şägirt taýýarlamagy tabşyrdy (Mat. 28:19, 20; Rim. 10:14). Siz ökde wagyzçy bolmaga jan edýärsiňizmi? Belki, siz «Öwreniň» broşýurasyny okamagy we ondaky maslahatlara eýermegi maksat edinersiňiz. Ýehowa köpräk gulluk etmegi maksat goýanyňyzda, ýagşy häsiýetleri ösdürmegi hem unutmaň (Kol. 3:12; 2 Pet. 1:5—8). Biziň ählimiziň Ýehowa uzak wagtly gulluk edesimiz gelýär, ýöne gynansak-da ýagdaýymyz çäkli. Gelejekde biz Ýehowa ebedilik gulluk ederis. Emma şol güne çenli ruhdan düşmän, Ýehowa elimizde baryny edip gulluk edeliň we ýürekden şatlanalyň. Geliň, «bagtly Hudaý» Ýehowa alkyş aýdalyň! (1 Tim. 1:11). Başarýan işimizi yhlasly edip, ýürekden şatlanalyň! w21.08 sah. 25, abz. 18—20

17-nji dekabr, ýekşenbe

Hudaýa ýakynlaşýan adam onuň bardygyna... iman etmeli (Ýew. 11:6).

Belki, siz Ýehowany çagalykdan tanaýansyňyz. Kakaňyz, ejeňiz size Ýehowanyň älem-jahany ýaradandygy barada gürrüň berendir. Siz Ýehowanyň häsiýetlerini, ýer ýüzüni Jennete öwürjekdigini bilýänsiňiz (1 Mus. 1:1; Res. 17:24—27). Köp adamlar Allatagalanyň älem-jahany ýaradandygyna, hatda Onuň bardygyna şübhelenýärler. Olar ýaşaýşyň öz-özünden dörändigine ynanýarlar we ýönekeý öýjükleriň çylşyrymly öýjüklere öwrülendigini öňe sürýärler. Muňa ynanýanlaryň arasynda abraýly we ýokary bilimli adamlar hem bar. Olaryň aýtmagyna görä, ylym Mukaddes Kitapda ýaradylyş barada aýdylýan zatlaryň ýalandygyny subut edýär we Ýaradyjynyň bardygyna diňe sada, bilimsiz adamlar ynanýar. Biz Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýän bolsagam, her gün imanymyzy berkitmeli. Şonda biz Mukaddes Kitaba ynanmaýan adamlaryň aýdýan boş zatlaryna, ýagny «dünýäniň düşünjelerine, akyldarlygyna» aldanmarys (Kol. 2:8). w21.08 sah. 14, abz. 1—3

18-nji dekabr, duşenbe

Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhrata, hormata, alkyşa mynasypsyň! (Ylh. 4:11).

Habyl, Nuh, Ybraýym, Eýýup pygamberler Ýehowany söýýärdiler we oňa çuňňur hormat goýýardylar. Olar Hudaýa gulak asýardylar, iman edýärdiler we mal gurbanlyklaryny berýärdiler. Biz olaryň Ýehowa hormat goýup arassa sežde edendigine şübhelenmän bileris. Soňra Ýehowa ysraýyl halkyna Musa pygamber arkaly kanun berýär. Şol kanunda Ýehowa nädip sežde etmelidigi hakda ýazylandy. Isa Mesih ölümden direlensoň Ýehowa Musanyň kanunyny ýatyrdy (Rim. 10:4). Ol täze kanuny, ýagny «Mesihiň kanunyny» berdi (Gal. 6:2). «Mesihiň kanunynda» näme etmeli ýa-da näme etmeli däldigi hakda birgiden düzgün ýokdy. Mesihçiler «Mesihiň kanunyny» nädip berjaý etmelidi? Olar Isa Mesihiň göreldesine eýermelidiler we onuň öwreden zatlary boýunça ýaşamalydylar. Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlary Isa Mesihiň göreldesine eýerip, Hudaýa arassa sežde edýärler we özlerini bagtly duýýarlar (Mat. 11:29). w22.03 sah. 20, 21, abz. 4, 5

19-njy dekabr, sişenbe

Isa bolsa Hudaýa doga etmek üçin köplenç çola ýere gidýärdi (Luka 5:16).

Ýehowa ogul-gyzlarynyň edýän doga-dileglerini hemişe diňleýär. Isa ýer ýüzünde ýaşanda Ýehowa onuň ençeme dogalaryny diňländir. Ýehowa Oglunyň wajyp kararlara gelmek üçin eden dogalaryny hem diňländir. Meselem, Isa 12 resulyny saýlamanka, Atasyna doga edipdi (Luka 6:12, 13). Hudaý Isanyň gam-gussa batyp eden dogalaryny hem diňledi. Isa ölüminiň öň ýanyndaky gijesi duş geljek agyr synaglary barada Ýehowa ýalbaryp doga etdi. Ýehowa eziz Oglunyň dogalaryny diňe bir diňlemän, ony ruhlandyrmak üçin perişdesini iberdi (Luka 22:41—44). Şu günlerem Ýehowa biziň doga-dileglerimizi diňleýär we öz wagtynda jogap berýär (Zeb. 116:1, 2). Geliň, Hindistanda ýaşaýan uýa barada gürrüň edeliň. Ol dogalaryna Ýehowanyň öz wagtynda jogap berýändigine göz ýetirdi. Uýa ýygy-ýygydan howsala düşýärdi. Ol Ýehowa doga edip, ýürek derdini aýdýar. Uýa şeýle ýazýar: «Men 2019-njy ýylyň maý aýyndaky teleýaýlymy gördüm. Onda howsala düşmek keseline döz gelen dogan-uýalar hakda görkezildi. Şonda men Ýehowanyň dilegime tüýs wagtynda jogap berendigine düşündim». w21.09 sah. 21, 22, abz. 6, 7

20-nji dekabr, çarşenbe

Daglara gaçyň (Luka 21:21).

Öýüni, mal-mülküni taşlap gaýdan I asyrdaky mesihçileriň ýagdaýyny göz-öňüne getiriň. Olara täze ýere öwrenişmek, jaý we iş tapmak kyn bolandyr. Olar her gün iýjek-içjegini tapmak üçin Ýehowa bil baglamalydylar. Olara Pawlus resulyň beren maslahaty kömek eden bolmaly. Rimlileriň Iýerusalimi gabamazyndan bäş ýyl öň Pawlus resul ýewreýlere şeýle hat ýazypdy: «Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň, bar zadyňyza kaýyl boluň, sebäbi Hudaý: „Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn“ diýendir. Şonuň üçin biz ynam bilen: „Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler?“ diýýäris» (Ýew. 13:5, 6). Pawlusyň maslahatyna eýeren mesihçiler bar zadyna kaýyl bolup, sada ýaşadylar. Olar Ýehowanyň zerur zatlaryny ýetirjekdigine ýürekden ynandylar. w22.01 sah. 4, abz. 7, 9

21-nji dekabr, penşenbe

Ýehowanyň... ähli işlerinde rehimdarlygy görünýär (Zeb. 145:9).

Rehimdar adam mähirli, ýumşak, duýgudaş bolýar we jomartlyk bildirýär. Isa pygamber rehimdar samariýaly adam hakda gürrüň beripdi. Samariýaly adamyň ýolda çalajan ýatan ýehuda «rehimi inýär». Ýehudynyň ýaralaryny görüp, «ýüregi gyýylýar» we aladasyny edýär (Luka 10:29—37). Samariýaly adam rehimdar Hudaý Ýehowany gowy suratlandyrýar. Ýehowa bizi ýürekden söýýär we her gün aladamyzy edip, rehimdarlyk bildirýär. Rehimdar adamyň ýene bir aýratynlygy bar. Ol günäkäre temmi bermän, ony ýürekden bagyşlaýar. Ýehowa biziň her gün ýazyklarymyzy bagyşlap, rehimdarlyk bildirýär. Mezmurçy Hudaýyň «günälerimize görä jeza bermeýändigini» aýdýar (Zeb. 103:10). Käte Ýehowa agyr günä eden adama berk temmi hem berýär. w21.10 sah. 8, abz. 1, 2

22-nji dekabr, anna

Saňa bolan söýgim sowamaz (Işa. 54:10).

Ýehowa diňe dostlaryna wepaly söýgüsini bildirýär. Dawut patyşa Hudaýa: «Özüňi tanaýanlara wepaly söýgiňi bildir» diýdi. Şeýle-de ol: «Ýehowa hudaýhonlara ebedilik wepaly söýgüsini bildirýär» diýdi. Danyýar pygamber hem: «Hak Hudaýym Ýehowa, sen ähtiňe wepalysyň, hudaýhonlara, tabşyryklaryňy berjaý edýänlere wepaly söýgiňi bildirýärsiň» diýdi (Zeb. 36:10, çykgyt; 103:17, çykgyt; Dan. 9:4, çykgyt). Diýmek, Ýehowa özüni tanaýanlara, hudaýhonlara we tabşyryklaryny berjaý edýänlere wepaly söýgüsini bildirýär. Hawa, Ýehowanyň arassa sežde edýän halkyna bolan wepaly söýgüsi hiç haçan sowamaýar. Ýehowa bizi hakykata gelmänkäk hem söýýärdi (Zeb. 104:14). Oňa sežde edip başlanymyzda bolsa, bizi wepaly söýgüsi bilen çoýdy. w21.11 sah. 4, abz. 8, 9

23-nji dekabr, şenbe

Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli (Mat. 4:10).

Biz Isa pygamberiň şu sözlerine eýermegi ýüregimize düwdük. Şu günler köp adamlar buthanalara baryp, dilewar dini ýolbaşçylaryň wagzyny diňleýärler. Olar dini ýolbaşçylary şeýle bir gowy görýärler welin, hatda olara tagzym edýärler. Adamlar olaryň buthanasyna barýarlar, dini kitaplaryny satyn alýarlar we köp pul sadaka berýärler. Olar dini ýolbaşçylaryň agzyndan çykýan her bir söze ynanýarlar. Ruhanylary görenlerinde, edil Isa pygamberi gören ýaly örän begenýärler. Biz ýygnakda ýolbaşçylyk edýän doganlara hormat goýýarys, emma adama sežde etmeýäris. Biz Isanyň «siziň baryňyz... dogansyňyz» diýen sözlerine eýerýäris (Mat. 23:8—10). Biz dini, syýasy ýolbaşçylara tagzym etmeýäris we olaryň syýasatyny goldamaýarys. Biz bitaraplygy saklaýarys we dünýäniň işlerine goşulmaýarys. Şol sebäpli hristian dinine uýýan adamlardan düýbünden tapawutlanýarys (Ýah. 18:36). w21.10 sah. 20, abz. 6, 7

24-nji dekabr, ýekşenbe

Men siziň... Hudaýyňyz Ýehowa. Menden başga hudaýyňyz bolmasyn (2 Mus. 20:2, 3).

Mukaddes bolmak isleýän mesihçi hiç kime we hiç zada Ýehowa bilen dostlugyny bozdurmaly däl. Biz Ýehowanyň Şaýatlary, şonuň üçin onuň mukaddes adyna ysnat getirýän hiç hili erbet iş etmeli däl (3 Mus. 19:12; Işa. 57:15). Ysraýyllar Ýehowany Hudaýy hasaplaýandygyny subut etmek üçin, Onuň kanunlaryny ýerine ýetirmelidiler. 3 Musa 18:4-de: «Hökümlerimi we kada-kanunlarymy berjaý edip ýaşaň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn» diýilýär. 3 Musa 19-njy bapda şol kanunlaryň käbiri ýazylan. Meselem, 5—8-nji we 21, 22-nji aýatlarda mal gurbanlyklaryny nädip bermelidigi barada kanunlar ýazylan. Ysraýyllar gurbanlyklary kabul bolar ýaly şol kanunlary berjaý etmelidiler. Eger olar şol kanunlary bozsalar, Ýehowa gurbanlyklary haram hasaplap, kabul etmeýärdi. Şu aýatlar bizi Ýehowa berýän «öwgi gurbanlarymyz» hakda oýlanmaga höweslendirýär (Ýew. 13:15). Biz hemişe Ýehowanyň göwnüne ýaraýan «öwgi gurbanlaryny» bermek isleýäris. w21.12 sah. 5, 6, abz. 14, 15

25-nji dekabr, duşenbe

Ýaşlygyňda öýlenen aýalyň bilen şatlan (Nak. 5:18).

Ýaş çatynjalar Ýehowa bil baglaýan är-aýallardan köp zatlary öwrenip bilerler. Olaryň käbiri köp ýyldan bäri Ýehowa uzak wagtly gulluk edýärler. Ýaş çatynjalar, siziň nähili maksatlaryňyz bar? Siz uzak wagtly gulluk edýän är-aýallardan maslahat sorasaňyz, Ýehowa bil baglaýandygyňyzy görkezersiňiz (Nak. 22:17, 19). Maşgalany Ýehowa döretdi (Mat. 19:5, 6). Ol är-aýalyň bagtly ýaşamagyny isleýär. Ýaş çatynjalar, siz maşgalany döreden Ýehowa nädip minnetdar bolup bilersiňiz? Munuň üçin goýan maksatlaryňyz hakda oýlanyň we Ýehowa doga ediň. Onuň sizden nämä garaşýandygyna düşünmek üçin Mukaddes Kitapdan gözleg geçiriň we görkezmesine eýeriň. Eger Ýehowa gulluk etmegi durmuşyňyzda birinji orunda goýsaňyz, siz bagtly bolarsyňyz we köp bereketleri alarsyňyz. w21.11 sah. 19, abz. 16, 18

26-njy dekabr, sişenbe

Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys (Ýak. 3:2).

Ýakup özüne ýokary baha bermeýärdi. Ol: «Men Isa Mesih bilen bir maşgalada önüp-ösdüm ýa-da ýygnakda jogapkärli borçlarym bar» diýip, özüni hondanbärsi alyp barmaýardy. Ol imandaşlaryna «eziz doganlarym» diýip ýüzlenýärdi (Ýak. 1:16, 19; 2:5). Ýakup özüni kämil, hiç haçan ýalňyşmaýan adam ýaly alyp barmaýardy. Ol: «Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys» diýdi (Ýak. 3:2). Biziň üçin sapak: ähli adamlaryň bikämildigini unutmaly däl. Biz özümizi okuw geçýän adamdan ýokary hasaplamaly däl we ýalňyşýandygymyzy boýun almaly. Näme üçin? Eger özümizi kämil, hiç haçan ýalňyşmaýan adam ýaly alyp barsak, okuw geçýän «Hudaýyň kada-kanunlaryna hiç haçan eýerip bilmerin» diýip ruhdan düşer. Şol sebäpli okuw geçýäne käte bize-de Hudaýyň kada-kanunlaryna eýermegiň kyn düşýändigini we kynçylyklary ýeňmäge Ýehowanyň kömek edýändigini gürrüň bermeli. Şonda ol goýberýän ýalňyşlary sebäpli ruhdan düşmän, Ýehowa ýürekden gulluk eder. w22.01 sah. 11, 12, abz. 13, 14

27-nji dekabr, çarşenbe

Isa Mesihiňki ýaly pikirde we garaýyşda boluň (Flp. 2:5).

Biz «Mesihiň pikir edişi ýaly pikirlensek», onuň göreldesine eýereris, ýagşy işleri ederis we Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdüreris (Ýew. 1:3). Belki, käbirimiz: «Isa pygamber kämil. Men oňa hiç haçan meňzäp bilmerin» diýip ruhdan düşýändiris. Şeýle pikir sizi hem biynjalyk edýärmi? Onda şu üç zady ýatdan çykarmaň: birinjiden, biz Hudaýyň we Isa pygamberiň keşbinde ýaradyldyk (1 Mus. 1:26). Diýmek, biz olaryň göreldesine eýerip bileris. Kämil derejede bolmasa-da, olara meňzäp bileris. Ikinjiden, Ýehowa bize iň kuwwatly güýji, ýagny mukaddes ruhy berýär. Mukaddes ruhuň kömegi bilen biz özümiziň başarmajak zatlarymyzy edip bileris. Üçünjiden, Ýehowa biziň Isa pygamberiň göreldesine kämil derejede eýermegimize garaşmaýar. Söýgüden doly Atamyz Ýehowa biziň kämillige ýetmegimiz üçin müň ýyl wagt berýär (Ylh. 20:1—3). Emma Ýehowa şu günler biziň özüne bil baglamagymyzy we Isanyň göreldesine eýermek üçin elimizde baryny etmegimizi isleýär. w22.03 sah. 9, abz. 5, 6

28-nji dekabr, penşenbe

Eý Ýehowa, agzymdan söz çykmanka, näme diýjegimi bilýärsiň (Zeb. 139:4).

Biz Hudaýa diňe bir doga edenimizde däl, Mukaddes Kitaby okanymyzda we ýygnak duşuşygyna gatnaşanymyzda hem sežde edýäris. Ýehowa sežde edenimizde hiç zat ünsümizi bölmez ýaly näme etmeli? Munuň üçin şu soraglar hakda oýlanmaly: ýygnak duşuşygynda we şahsy okuwyny geçirenimde haýsy zatlar ünsümi bölüp biler? Telefon jaňlarymy, SMS-lermi, elektron poçta gelýän hatlarmy ýa-da başga zatlar? Eger ýygnakda ünsli diňläp bilmeseňiz we şahsy okuwyny geçireniňizde başga zadyň pikirini etseňiz, Ýehowadan kömek soraň. Käte ýygnaga baranymyzda gaýgy-aladalardan ýaňa ünsli diňlemek kyn bolýar, ýöne ünsüňi jemlemek üçin jan etmeli. Şeýle ýagdaýda Hudaýdan kömek sorap doga edeliň. Şonda Ýehowanyň berýän parahatlygy biziň «ýüreklerimizi we pikirlerimizi gorar» (Flp. 4:6, 7). w22.01 sah. 29, 30, abz. 12—14

29-njy dekabr, anna

Akyldaryň sözüni diňle, gulak as (Nak. 22:17).

Geliň, berlen maslahata eýermedik Uzyýa patyşa hakda gürrüň edeliň. Ol ybadathana girip tütetgi ýakjak bolýar. Ýehowanyň ruhanylary oňa: «Uzyýa, seniň Ýehowa tütetgi ýakmaga hakyň ýok. Tütetgini diňe Harunyň neslinden ruhanylar ýakmaly» diýýärler. Uzyýa pesgöwünlilik bilen maslahata gulak asan bolsa we ybadathanadan derrew çykan bolsa, Ýehowa ony bagyşlardy. Emma Uzyýanyň olara gahary gelip, gany depesine urýar. Ol näme üçin maslahata gulak asmadyka? Uzyýa patyşa bolandygy üçin kellesine gelen zady edip bilerin öýdendir. Emma Ýehowa Uzyýanyň eden işini halamady we tekepbir patyşa jeza berdi. Uzyýanyň maňlaýynda heýwere döredi. Ol ömrüniň ahyryna çenli şol keselden gutulmady (2 Tar. 26:16—21). Biz mundan näme öwrenýäris? Biziň nähili borjumyz bolsa-da, Mukaddes Kitaba esaslanyp berlen maslahata gulak asmaly, ýogsam Ýehowany razy edip bilmeris. w22.02 sah. 9, abz. 7

30-njy dekabr, şenbe

Günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň, erbet ýoluňyzdan dönüň. Şonda Ýehowa ýüregiňize rahatlyk berer (Res. 3:19).

«Öňki häsiýetlere» günäli işler we erbet pikirler degişli (Kol. 3:9). «Öňki häsiýetlerini egninden çykarmadyk» adam diňe özüni bilýär, gaharjaň, gadyrbilmez, ulumsy bolýar we ahlaksyz, zorluk-sütemli filmleri hem-de pornografiýa görýär. Belki-de, onuň gowy häsiýetleri bardyr ýa-da eden erbet işleri üçin ynsaby ezýet berýändir, ýöne durmuşyny üýtgedesi gelýän däldir (Gal. 5:19—21; 2 Tim. 3:2—5). Biziň ählimiziň bikämil bolandygymyz üçin günäli işler we erbet pikirler aňymyza, ganymyza siňipdir. Şol sebäpli biz käte aýdan sözümize ýa-da eden işimize ökünýäris (Ýer. 17:9; Ýak. 3:2). Eger «öňki häsiýetlerimizi egnimizden çykarsak», günäli işleriň, erbet pikirleriň guly bolmarys we günäniň üstümizden agalyk etmegine ýol bermeris (Işa. 55:7). w22.03 sah. 3, abz. 4, 5

31-nji dekabr, ýekşenbe

Pesgöwünli boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň (Flp. 2:3).

Ýaşulular, Pawlus resulyň göreldesine eýeriň we dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetine üns beriň. Elbetde, dogan-uýalar bikämil, ýöne olaryň her birinde Ýehowa ýaraýan häsiýetler bar. Ýaşulular käte dogan-uýalara maslahat bermeli, emma olaryň her bir aýdýan sözünden ýa-da edýän işinden bahana gözläp ýörmeli däl. Gaýtam dogan-uýalaryň Ýehowany söýýändigi, kynçylyklara döz gelýändigi we gelejekde köp ýagşy işleri etjekdikleri hakda oýlanmaly. Şonda dogan-uýalar ýygnakda özüni öýünde ýaly duýarlar. Ýaşulular, Ýehowa sizden kämillige garaşmaýar. Ol siziň wepaly bolmagyňyzy isleýär (1 Kor. 4:2). Ýehowa siziňem edýän işleriňiziň gadyryny bilýär. Sebäbi «siz mukaddeslere häzire çenli hyzmat edip gelýärsiňiz. Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz» (Ýew. 6:10). w22.03 sah. 31, abz. 19, 21

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş