Ýanwar
1-nji ýanwar, çarşenbe
Adamlar dul aýalyň ýekeje oglunyň tabydyny göterip gelýärdiler (Luka 7:12).
Isa zar-zar aglaýan «enäni görende, oňa haýpy gelýär» (Luka 7:13). Ol ýöne bir gynanyp, aglaşyp barýan adamlaryň deňinden geçip gitmedi. Isa pygamber aýala duýgudaşlyk bildirmek üçin ýanyna baryp, mähir bilen: «Aglama!» diýdi. Soňra hiç kim haýyş etmese-de, oglany ölümden direltdi we ejesine gowşurdy (Luka 7:14, 15). Isa pygamberiň görkezen gudratyndan duýgudaş bolmagy öwrenýäris. Biz Isa pygamber ýaly duýgudaş bolup bileris. Siz ýakynlary aradan çykan dogan-uýalara göwünlik berip ýa-da kömek edip bilersiňizmi? (Nak. 17:17; 2 Kor. 1:3, 4; 1 Pet. 3:8). Unutmaň, ýekeje söz ýa-da ýagşylyk ýürek ýaralara melhem bolup bilýär. w23.04 sah. 5, 6, abz. 13—15
2-nji ýanwar, penşenbe
Onuň keseli ölüm bilen tamamlanmaz, ol Hudaýy we Ogluny şöhratlandyrar (Ýah. 11:4).
Habarçy Isanyň ýanyna baranda Lazar aradan çykýar. Ýöne Isa şol obada ýene iki gün galýar. Soňra Betaniýa tarap ýola düşýär. Isa gelende Lazaryň ölenine dört gün bolupdy. Isa pygamber Ýehowany şöhratlandyrmak we Marta bilen Merýeme ýagşylyk etmek isleýärdi (Ýah. 11:6, 11, 17). Isa pygamber dostlary üçin näme eder? Marta bilen Merýem Isany Betaniýa çagyrmandy. Olar doganynyň keselläp ýatandygyny aýtdylar (Ýah. 11:3). Isa pygamber aradan çykan Lazary uzakdan hem direldip bilerdi, emma ol Marta bilen Merýeme göwünlik bermek üçin Betaniýa gelýär. Siziň hem aladaly günüňizde dadyňyza ýetişýän dostlaryňyz barmy? Eger bar bolsa, olara ýüz tutmankaňyz ylgap geljegine şübhelenýän dälsiňiz (Nak. 17:17). Geliň, bizem Isa pygamberiň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň hak dosty bolalyň. w23.04 sah. 10, abz. 10, 11
3-nji ýanwar, anna
Wadany beren ynamdardyr (Ýew. 10:23).
Eger kynçylyklaryň yzy üzülmese, täze dünýä gelmejek ýaly bolup görnüp biler. Bu siziň imanyňyzyň gowşandygyny aňladýarmy? Göz öňüne getiriň, siz aýazly gyşda daşarda dursuňyz, sowukdan ýaňa eňegiňiz titreýär. Şonda gyş asla gutarmajak ýaly bolup görünmegi mümkin, emma tomus öz wagtynda geler. Kynçylyklar, synaglar aýazly gyş ýaly uzak wagt dowam etse, täze dünýä gelmejek ýaly bolup görünmegi mümkin. Eger imanymyz berk bolsa, täze dünýäniň geljekdigine asla şübhelenmeris (Zeb. 94:3, 14, 15; Ýew. 6:17—19). Biz hemişe Hudaýa edýän seždämizi birinji orunda goýarys. Wagyz işi biziň imanymyzyň nähilidigini görkezýär. Käte adamlar: «Siz ertekä ynanýarsyňyz, bolmajak zatlary aýdýarsyňyz» diýýärler (Mat. 24:14; Hyz. 33:32). Eger seresap bolmasak, olaryň garaýşy bize-de täsir edip, imanymyzy gowşadyp biler. w23.04 sah. 27, abz. 6, 7; sah. 28, abz. 14
4-nji ýanwar, şenbe
Ondan dilän zadymyzy... alarys (1 Ýah. 5:15).
Dünýäniň dört künjeginde ýaşaýan dogan-uýalar agyr kynçylyklary başdan geçirýärler. Olar Ýehowa ýalbaryp doga edýärler, ýöne kynçylyklary aýrylmansoň dogalary jogapsyz galýan ýaly bolup görünýär. Siz hem yzy üzülmeýän kynçylyklar bilen göreşýärsiňizmi? Doga-dilegleriňiz jogapsyz galýan ýaly bolup görünýärmi? Ýehowanyň wepaly bendeleriniň dogalaryna jogap berýändigine näme üçin ynamly bolup bileris? Mukaddes Kitapda Ýehowanyň bizi söýýändigi we gymmatly dürdäne hasaplaýandygy ýazylan (Hag. 2:7; 1 Ýah. 4:10). Hak Alla kyn ýagdaýlara düşenimizde doga etmegimize garaşýar (1 Pet. 5:6, 7). Ol biziň synaglara döz gelip, wepaly bolmagymyzy isleýär. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň wepaly bendeleriniň dogalaryna jogap berendigi ýazylan. w23.05 sah. 8, abz. 1—4
5-nji ýanwar, ýekşenbe
Merýem alkyş aýdyp: «Ýehowa şöhrat bolsun!» diýdi (Luka 1:46).
Merýem: «Meniň imanymy ärim berkider» diýip, gol gowşuryp oturmady. Ol Mukaddes Kitaby gowy bilýärdi. Şeýle-de ol Ýehowa hakda köp oýlanýardy (Luka 2:19, 51). Şu günlerem köp uýalar Merýemiň göreldesine eýerýär. Emika uýa şeýle gürrüň berýär: «Men durmuşa çykmankam imanymy berkitmek üçin Ýehowa doga edýärdim, Mukaddes Kitaby okaýardym we oýlanýardym. Durmuşa çykanymdan soňra bularyň hemmesini ärim edýärdi. Men özüme bir zat ýetmeýän ýaly duýdum. Soňra Ýehowa bilen dostlugymy berkitmek üçin özbaşdak doga etdim, Mukaddes Kitaby okadym we oýlandym» (Gal. 6:5). Mähriban gelinler, Ýehowa bolan imanyňyzy berkitmek üçin jan etseňiz, äriňiz sizi ýürekden söýer we başyna täç eder (Nak. 31:30). w23.05 sah. 22, abz. 6
6-njy ýanwar, duşenbe
Ýehowadan gorkmagy öwredeýin (Zeb. 34:11).
Ýehowadan gorky nesilden-nesle geçmeýär. Adamyň özi Ýehowadan gorkmagy öwrenmeli. Eger biz Ýehowanyň ýaradan zatlaryna syn etsek we oýlansak, Onuň söýgüden doly, akyldar we Gudratygüýçli Hudaýdygyna düşüneris. Şonda Oňa çuňňur hormat goýarys we ýürekden söýeris (Rim. 1:20). Ýehowadan gorkmagy öwrenmek üçin ýene näme etmeli? Biz Hudaýa hemişe doga-dileg etmeli. Biz näçe köp doga etsek, şonça-da Ýehowa bilen dostlaşarys, Onuň göwnüne degýän we dostlugymyzy bozýan işleri etmeris. Ýehowa söýgüden doly Hudaý, ol biziň üçin ýeke-täk Ogluny gurban etdi. Şeýle-de Ýehowa Gudratygüýçli Hudaý, ol bize synaglara döz gelmäge güýç berýär. Onsoňam, Ýehowa akyldarlygyň Gözbaşy, ol bize kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmak üçin akyldarlyk berýär. Eger biz şu zatlar hakda oýlanyp, doga etsek, Ýehowa çuňňur hormat goýarys we Ony gynandyrmakdan gorkarys. w23.06 sah. 15, abz. 6, 7
7-nji ýanwar, sişenbe
Ýehowa Kanun çykaryjymyzdyr! (Işa. 33:22).
Beýik Kanun çykaryjy Ýehowa halkyna hemişe kanunlaryny düşündirýär. Meselem, I asyrda ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary mesihçileriň haýsy üç ýagdaýda berk bolmalydygyny düşündirýär. Birinjiden, butlara däl-de, Ýehowa sežde etmeli. Ikinjiden, gany mukaddes hasaplamaly. Üçünjiden, Mukaddes Kitabyň ýokary ahlak kada-kanunlary boýunça ýaşamaly (Res. 15:28, 29). Biz şeýle ýagdaýlarda imanymyzyň berkdigini nädip görkezip bileris? Biz butlara däl-de, Ýehowa sežde edýäris. Allatagala ysraýyllara ýürekden wepaly bolmagy tabşyrdy (5 Mus. 5:6—10). Şeýtan Isa pygamberi synanda, ol diňe Ýehowa sežde etmelidigini açyk-aýdyň aýtdy (Mat. 4:8—10). Şol sebäpli biz butlara sežde etmek hakda pikir hem etmeli däl. Şeýle-de biz butparazlygyň başga görnüşlerinden seresap bolmaly. Meselem, biz dini, syýasy ýolbaşçylara, sport we sungat ýyldyzlaryna sežde etmeýäris. Biz ýeri-gögi ýaradan hak Hudaý Ýehowa sežde edýäris (Ylh. 4:11). w23.07 sah. 14, 15, abz. 3, 4
8-nji ýanwar, çarşenbe
Ýehowadan gorky erbet ýoldan goraýar (Nak. 16:6).
Şeýtanyň dünýäsi ahlaksyzlykdan we pornografiýadan doly (Efes. 4:19). Nakyllar 9-njy bapda akyldarlyk we akylsyzlyk hakda gürrüň edilýär hem-de olar aýallara meňzedilýär. Aýallaryň ikisem tejribesizleri myhmançylyga çagyrýar we saçagyny giňden ýazyp, näz-nygmatdan doldurýar (Nak. 9:1, 4—6). Emma akylsyz aýalyň myhmanlary mazara inýär, akyldar aýalyň myhmanlary uzak ömür sürýär. «Akylsyz aýal» utanman düşünjesizlere: «Bärik geliň!» diýip, öýüne myhmançylyga çagyrýar (Nak. 9:13—18). Emma Mukaddes Kitapda: «Aýalyň öýi merhumlaryň mekanydyr, myhmanlary mazara inýär»; şeýle-de «onuň öýüne baran diri çykmaz, ýollary mazara eltýär» diýilýär (Nak. 2:11—19). Nakyllar 5:3—10-njy aýatlarda hem «azgyn aýal» hakda aýdylýar we «onuň aýaklary ölüme, ädimleri mazara alyp gidýär» diýilýär. w23.06 sah. 21, 22, abz. 6, 7
9-njy ýanwar, penşenbe
Goý, hemmeler sizi paýhasly adam hökmünde tanasyn (Flp. 4:5).
Ýaşulular paýhasly we eglişikli bolmaly (1 Tim. 3:2, 3). Gadyrly doganlar, beýleki ýaşuly doganlardan ýaşyňyzyň uludygy üçin öz sözüňizi gögertjek bolmaň. Unutmaň, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly islendik ýaşulyny pikirini aýtmaga höweslendirip, ýaşulular maslahatyna paýhasly karara gelmäge kömek edýär. Paýhasly we eglişikli ýaşuly belli bir meselede başgaça pikir edip biler. Ýöne ol Mukaddes Kitabyň kada-kanuny bozulmaýan bolsa, ýaşulular maslahatynda köpçüligiň kararyny goldar. Biz eglişikli bolup köp bereketleri alýarys. Meselem, dogan-uýalar bilen dostlaşýarys we ýygnakda agzybirlik höküm sürýär. Biz medeniýeti, terbiýesi we häsiýeti dürli-dürli bolan dogan-uýalar bilen agzybir maşgala bolup gökdäki Atamyza şatlyk bilen gulluk edýäris. Esasanam, eglişikli we paýhasly Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýerip, özümizi bagtly duýýarys. w23.07 sah. 25, abz. 16, 17
10-njy ýanwar, anna
Akyldarlar düşünerler (Dan. 12:10).
Danyýar pygamberlikleri öwrenmekde gowy görelde galdyrdy. Birinjiden, ol golýazmalary ýagşy niýet bilen, ýagny hakykaty bilmek üçin öwrenýärdi. Ikinjiden, Danyýar pesgöwünlidi. Ol Ýehowanyň dostlaryna we ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýan adamlara hakykaty açýandygyny bilýärdi (Dan. 2:27, 28). Şeýle-de Danyýar pesgöwünli bolandygy üçin hemişe Ýehowadan kömek soraýardy (Dan. 2:18). Üçünjiden, ol gözleg-barlag geçirýärdi. Danyýar gadymy golýazmalary we pygamberleriň kitabyny çuňňur öwrenýärdi (Ýer. 25:11, 12; Dan. 9:2). Siz Danyýaryň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz? Niýetiňizi barlaň. Siz Mukaddes Kitaby hakykata düşünmek üçin okaýarsyňyzmy? Eger şeýle bolsa, Ýehowa size pygamberliklere düşünmäge kömek eder (Ýah. 4:23, 24; 14:16, 17). Käbirleri Mukaddes Kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylmandygyny subut etmek üçin öwrenýärler. Olar Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary bilen ýaşaman, ýagşynyň we ýamanyň nämedigini özleriniň çözmäge hakynyň bardygyny subut etjek bolýar. Şol sebäpli Mukaddes Kitaby ýagşy niýet bilen okamak örän wajyp. w23.08 sah. 9, 10, abz. 7, 8
11-nji ýanwar, şenbe
Ruhdan düşseň, göreşmäge güýjüň bolmaz (Nak. 24:10).
Siz dogan-uýalar bilen özüňizi deňeşdirip, elýetmez maksatlary goýsaňyz ruhdan düşersiňiz (Gal. 6:4). Üstesine-de, bäsdeşligiň we göripligiň duzagyna düşersiňiz (Gal. 5:26). Siz biri bilen özüňizi hemişe deňeşdirip ýörseňiz, güýjüňiziň ýetmeýän işini etjek bolarsyňyz we agyr ýüküň astynda galarsyňyz. Eger «uzaga çeken tama ýürege dert» bolýan bolsa, elýetmez maksatlary goýsaňyz özüňizi dereksiz duýarsyňyz (Nak. 13:12). Şeýlelikde, güýç-kuwwatdan gaçarsyňyz we ylgaw ýolunda badyňyz gowşar. Ýehowa sizden başarmajak zadyňyzy talap etmeýär. Sizem güýjüňiziň ýetmejek işini etjek bolmaň (2 Kor. 8:12). Ýehowa sizi dogan-uýalar bilen deňeşdirmeýär (Mat. 25:20—23). Ol sizi söýýär, sebäbi siz oňa janyňyz-teniňiz bilen gulluk edýärsiňiz. w23.08 sah. 29, abz. 10, 11
12-nji ýanwar, ýekşenbe
Indi men damagym kepäp ölmelimi? (Ser. 15:18).
Hak Alla Şimşonyň dilegine jogap berdi we gudrat bilen çukurdan suw çykardy. Şimşon çeşmäniň suwundan gandy we «özüne gelip kuwwatlandy» (Ser. 15:19, çykgyt). Şol çeşme Serdarlar kitabyny ýazan Şamuwel pygamberiň döwründe hem bardy. Ysraýyllar her sapar çeşmäniň deňinden geçenlerinde, Ýehowanyň wepaly bendeleriniň dadyna ýetişýändigi hakda oýlanan bolmaly. Biz zehinli we ukyp-başarnykly bolsak-da, guramada köp işleri etsek-de, öz güýjümize däl-de, Ýehowa bil baglamaly. Biz hak Hudaýyň goldawy bolmasa, hiç haçan üstünlik gazanyp bilmejekdigimizi pesgöwünlilik bilen boýun almaly. Şimşon Ýehowanyň beren suwundan ganyp, güýç-kuwwat aldy. Bizem Ýehowanyň göçme manydaky «suwundan içsek», güýjümize güýç goşular (Mat. 11:28). w23.09 sah. 4, abz. 8—10
13-nji ýanwar, duşenbe
Ýumşak jogap gahary köşeşdirýär, gödek söz gazaby tutaşdyrýar (Nak. 15:1).
Siziň içiňizi ýakjak bolup, Hudaýyň adyna ysnat getirseler ýa-da aýdýan zatlaryňyzy toslama hasaplasalar näme edersiňiz? Siz özüňize erk edip, paýhasly jogap berer ýaly Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň. Eger özüňize erk edip bilmän, gödek gepleşen bolsaňyz näme? Onda ýalňyşyňyzy gaýtalamaz ýaly, Ýehowa doga ediň. Ol size synaglarda özüňize erk etmäge we mylakatly bolmaga mukaddes ruh arkaly kömek eder. Mukaddes Kitapdaky käbir aýatlar gaharymyzy getirjek bolanlarynda dilimizi saklap, göwnümizi giň tutmaga kömek edýär. Hudaýyň mukaddes ruhy öz wagtynda şol aýatlary ýadymyza salar (Ýah. 14:26). Meselem, Nakyllar kitabyndaky maslahatlar ýumşak, mylakatly adam bolmaga kömek edýär (Nak. 15:18). Şol kitapda özüňe erk etmäge kömek edýän başga-da köp maslahatlar ýazylan (Nak. 10:19; 17:27; 21:23; 25:15). w23.09 sah. 15, abz. 6, 7
14-nji ýanwar, sişenbe
Men şol zatlary elmydama ýatladyp duraryn (2 Pet. 1:12).
Petrus resul Ýehowa ençeme ýyl gulluk etdi, Halypasyndan köp zatlary öwrendi we başga milletli adamlara wagyz etdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk etdi. Indi Petrus garrylyk çagyna ýetdi. Şonda Ýehowa oňa wajyp iş tabşyrýar. Takmynan b. e. 62—64-nji ýyllarynda Petrus Hudaýyň ylhamy bilen iki sany hat ýazýar (2 Pet. 1:13—15). Petrus resul dürli synaglar bilen göreşýän dogan-uýalaryň imanyny berkitmek we ruhlandyrmak üçin iki hat ýazdy (1 Pet. 1:6). Şol döwri ýalan mugallymlar bölünişik döredýärdi we haýasyz işleri edýärdi (2 Pet. 2:1, 2, 14). Iýerusalimde ýaşaýan mesihçilere agyr synaglar garaşýardy. Tizden «ähli zadyň soňy golaýlamalydy», ýagny Rim goşuny Iýerusalimi basyp alyp, ybadathanany ýok etmelidi (1 Pet. 4:7). Petrus resulyň ýazan hatlary dogan-uýalara synaglar bilen göreşmäge we gelejekde boljak kynçylyklara taýýarlyk görmäge kömek etdi. w23.09 sah. 26, abz. 1, 2
15-nji ýanwar, çarşenbe
(Mesih) görgi görüp, gulak asmagy öwrendi (Ýew. 5:8).
Bizem Isa pygamber ýaly kyn ýagdaýlarda gulak asmaga taýyn bolmaly. Meselem, koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran wagty Ýygnak jaýlaryna barmaly däl, öýden-öýe wagyz etmeli däl diýip görkezme berildi. Elbetde, şol görkezmä gulak asmak kyn bolandyr. Emma siz gulak asyp janyňyzy goradyňyz, dogan-uýalaryň agzybirligine goşant goşduňyz we Ýehowany razy etdiňiz. Hawa, siz ýürekden gulak asmagy öwrendiňiz. Uly betbagtçylykda-da köp görkezmeler berler. Şolara gulak assaňyz janyňyzy halas edersiňiz (Eýp. 36:11). Biz öz bähbidimiz üçin däl-de, Ýehowany söýýändigimiz, Ony razy etmek isleýändigimiz üçin gulak asýarys (1 Ýah. 5:3). Biz Ýehowanyň eden ýagşylyklarynyň hiç haçan öwezini dolup bilmeris (Zeb. 116:12). Ýöne biz Ýehowa we erk-ygtyýar beren adamlaryna gulak asmaly. Gulak asýan adam paýhaslydyr, ol Ýehowanyň ýüregini şatlandyrýar (Nak. 27:11). w23.10 sah. 11, abz. 18, 19
16-njy ýanwar, penşenbe
Ýeri-gögi... Ýaradana sežde ediň! (Ylh. 14:7).
Aýdaly, perişde size hoş habar aýdýar. Siz ony diňlärsiňizmi? Şu günler Hudaýyň perişdesi «her millete, her taýpa, her dile we her halka» wajyp habary yglan edýär. Ol nähili habar? Perişde: «Hudaýdan gorkuň, ony şöhratlandyryň... Ýeri-gögi, deňzi we çeşmeleri Ýaradana sežde ediň!» diýýär (Ylh. 14:6, 7). Ýehowa ýeri-gögi we älem-jahany ýaradan hak Alla. Şonuň üçin biz diňe oňa sežde etmeli. Biz hak Hudaýa uly ruhy ybadathanasynda sežde etmäge mümkinçilik berendigine örän minnetdar! Ruhy ybadathana nämäni aňladýar? Ol göni manydaky beýik binany aňlatmaýar. Ruhy ybadathana — Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly ýaramly sežde etmek üçin Ýehowanyň ýola goýan çäresi. Ruhy ybadathana baradaky jikme-jiklikleri nireden tapyp bileris? Bu barada Pawlus resul I asyrda Ýahudada ýaşan ýewreý mesihçilerine ýazan hatynda giňişleýin düşündirýär. w23.10 sah. 24, abz. 1, 2
17-nji ýanwar, anna
Aýdan zatlarym goşun ýa-da ynsan güýji bilen däl-de, meniň ruhum bilen amala aşar (Zek. 4:6).
Ýehudylara goňşy halklar garşy çykýar. B. e. öň 522-nji ýylda Pars patyşasy ybadathananyň gurluşygyny togtatmak barada perman çykarýar. Emma Zekerýa pygamber halky ruhlandyryp, Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen islendik böwetden geçip biljekdiklerini aýtdy. B. e. öň 520-nji ýylda Dariý patyşa ybadathananyň gurluşygyny dowam etmäge rugsat berýär we gerek-ýarak zatlar bilen üpjün edýär (Hyd. 6:1, 6—10). Ýehowa ybadathananyň gurluşygyny dowam etseler, ýehudylary goldajakdygyny wada berdi (Hag. 1:8, 13, 14; Zek. 1:3, 16). Hagaý bilen Zekerýa pygamberleriň sözleri halky ruhlandyrdy we olar b. e. öň 520-nji ýylda ybadathananyň gurluşygyna başlady. Ýehudylar bäş ýyl bolmanka gurluşygy tamamladylar. Olar kynçylyklara garamazdan, Ýehowanyň islegini birinji ýerde goýdular. Ýehowa-da olaryň imanyny berkitdi. Şeýlelikde, olar Ýehowa şatlanyp sežde etdiler (Hyd. 6:14—16, 22). w23.11 sah. 15, abz. 6, 7
18-nji ýanwar, şenbe
Ybraýym... Hudaýa iman edip, onuň ýolundan ýöreýänleriň atasy (Rim. 4:12).
Adamlaryň käbiri Ybraýym pygamber hakda eşitse-de, onuň durmuşy hakda köp zady bilmeýär. Emma biz Ybraýym pygamberiň Hudaýy razy edip ýaşandygyny we dogruçyl adam bolandygyny bilýäris. Mukaddes Kitapda Ybraýym pygambere «iman eden ähli... adamlaryň atasy» diýilýär (Rim. 4:11). Belki, siz: «Ybraýym pygamber ýaly Hudaýa berk iman edip bilerinmi?» diýip oýlanýansyňyz. Alada etmäň, siz hem Hudaýa berk iman edip bilersiňiz. Ybraýym pygamberiň göreldesine eýermek üçin Mukaddes Kitaby okamaly. Ybraýym Allatagala gulak asyp, kaşaň jaýyny goýup gaýdýar we çadyrda ýaşaýar. Hatda eziz ogluny hem gurban etmäge taýyndy. Eger Ybraýym pygamber Hudaýa iman etmedik bolsa, şeýle işleri edip bilmezdi. Ol imanyny iş ýüzünde görkezip, Hudaýy razy etdi we onuň dosty boldy (Ýak. 2:22, 23). Ýehowa biziň bilen hem dostlaşmak isleýär. Şol sebäpli Pawlus resula we Ýakup şägirde Ybraýym pygamber hakda Mukaddes Kitaba ýazdyrdy. w23.12 sah. 2, abz. 1, 2
19-njy ýanwar, ýekşenbe
Her bir adam diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl (Ýak. 1:19).
Adamlar bilen gepleşmegi öwreniň. Mesihçileriň hemmesi söhbetdeş bolmagy başarmaly. Ýakup şägirt şu günki aýatda gowy maslahat berdi. Siz söhbetdeş bolýan adamyňyzy ünsli diňleseňiz, onuň derdine düşünersiňiz we «duýgudaş» bolarsyňyz (1 Pet. 3:8). Eger siz onuň näme diýjek bolýanyna düşünmeseňiz, ýerlikli soraglary beriň. Emma geplemezden öňürti biraz oýlanyň (Nak. 15:28). Bu babatda size şu soraglar kömek eder: «Men hakyky, dogry zady aýdýarynmy? Ony ruhlandyrarynmy? Men sylaşykly we mähirli gepleşip bilerinmi?» Şeýle-de siz dile çeper uýalaryň göreldesine eýeriň. Olaryň adamlaryň sözüni bölmän diňleýşine we mähir bilen gepleýşine üns beriň (Nak. 31:26). Siz adamlar bilen gepleşmegi öwrenseňiz, joralaryňyz köp bolar. w23.12 sah. 21, abz. 12
20-nji ýanwar, duşenbe
Il-güne goşulmaýan... ähli akyldarlyga garşy gidýär (Nak. 18:1).
Şu günler Ýehowa dogan-garyndaşlarymyz, dost-ýarlarymyz ýa-da ýaşuly doganlar arkaly güýjümize güýç goşýar. Emma ruhdan düşenimizde käte ýeke bolmak isleýändiris. Bu adaty zat, ýöne Ýehowa bizi goldar ýaly käbir ädimleri ätmeli. Ýeke galjak bolup, dostlaryňyzdan gaçmaň. Eger siz köpçülige goşulman ýeke galsaňyz, diňe özüňiz we kynçylygyňyz hakda pikir edip başlarsyňyz. Şeýlelikde, paýhasly karara gelip bilmersiňiz. Elbetde, biziň her birimiz käte ýeke galmak isleýäris. Esasan-da, agyr günler başymyza düşende, köpçülige çykasymyz gelmeýär. Emma hemişe dostlaryňyzdan gaçyp gezseňiz, onda Ýehowanyň goldawyndan ýüz öwren ýaly bolarsyňyz. Şonuň üçin dogan-garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz we ýaşuly doganlar bilen görşüp duruň. Unutmaň, Ýehowa sizi şolar arkaly goldaýar (Nak. 17:17; Işa. 32:1, 2). w24.01 sah. 24, abz. 12, 13
21-nji ýanwar, sişenbe
Onuň başyna päki degmeli däldir (4 Mus. 6:5).
Musanyň kanunyna görä nezir bolan adamlar saçyny syrmaly däldi. Olar saçyny ösdürmek bilen Ýehowa doly tabyn bolýandygyny görkezýärdi. Gynansak-da, ysraýyllar nezirleri äsgermeýän, sylamaýan wagtlaram bolupdy. Şol döwürde ýaşan nezirlere başgalardan saýlanmak we Ýehowa beren wadasyny doly berjaý etmek üçin batyrgaýlyk gerekdi (Amos 2:12). Biz Ýehowany razy edip ýaşaýandygymyz üçin bu dünýädäki adamlardan düýbünden tapawutlanýarys. Işdeşlerimize, synpdaşlarymyza Ýehowanyň Şaýadydygymyzy aýtmak üçin batyrgaýlyk gerek bolýar. Şu günler adamlaryň gylyk-häsiýeti gün-günden erbetleşýär. Şonuň üçin bize Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak we adamlara hoş habary wagyz etmek barha kynlaşýar (2 Tim. 1:8; 3:13). Mähriban dogan-uýalar, unutmalyň, şu dünýäniň akymyna gitmesek, köpçülikden saýlanmaga gorkmasak, Ýehowanyň «ýüregini şatlandyrarys» (Nak. 27:11; Mel. 3:18). w24.02 sah. 16, abz. 7; sah. 17, abz. 9
22-nji ýanwar, çarşenbe
Bir-biriňizi kabul ediň (Rim. 15:7).
Rimdäki ýygnakda Musanyň kanuny aňyna siňen ýehudylar we başga milletden bolan adamlar gulluk edýärdi. Şeýle-de gullar, olaryň hojaýynlary we azat-erkin adamlar bardy. Olaryň medeniýeti, alan terbiýesi biri-biriniňkiden tapawutlanýardy. Ýöne olar imandaşlaryny söýýärdi. Olara imandaşlaryny söýmäge näme kömek etdi? Mesihçiler Pawlus resulyň: «Biri-biriňizi kabul ediň» diýen maslahatyna eýerdiler. «Kabul ediň» diýen jümle birini güler ýüz bilen myhman almagy we ýakyndan dostlaşmagy aňladýar. Meselem, Pawlus Filimuna guly Onesimi «mähirli kabul etmegi» maslahat berdi (Flm. 17). Şeýle-de Priskilla bilen Akila Apollosy «öz öýüne aldylar» we Isa Mesihiň taglymatyny öwretdiler (Res. 18:26). I asyrdaky mesihçiler dürli-dürli milletden bolsa-da, biri-birini ýürekden söýdüler we Ýehowa agzybir sežde etdiler. w23.07 sah. 6, abz. 13
23-nji ýanwar, penşenbe
Ýehowa beren wadalarymy... berjaý ederin (Zeb. 116:14).
Siz Ýehowany ýürekden söýüp, ömrüňizi oňa bagyş etdiňiz. Siziň söýgiňiz ýöne bir duýga däl-de, Hudaý hakdaky «dogry bilime» esaslanýar. Şeýle-de siz «ruhy zatlara çuňňur düşünýärsiňiz» we Ýehowa bolan söýgiňiz gün-günden artýar (Kol. 1:9). Siz Mukaddes Kitaby okap 1) Ýehowanyň hak Hudaýdygyna, 2) Mukaddes Kitabyň onuň ylhamlanan Sözüdigine we 3) guramasy arkaly görkezme berýändigine göz ýetirdiňiz. Ömrüni Ýehowa bagyş eden adam Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny bilýär we şolar boýunça ýaşaýar. Ol imany hakda adamlara wagyz edýär (Mat. 28:19, 20). Ol Ýehowany jany-teni bilen söýýär we ömrüniň ahyryna çenli wepaly galmagy ýüregine düwýär. w24.03 sah. 4, 5, abz. 6—8
24-nji ýanwar, anna
Olar bir beden bolar (1 Mus. 2:24).
Abygaýyl Nabal atly adamyň aýalydy. Mukaddes Kitapda Nabalyň gödek hem zalym adam bolandygy aýdylýar (1 Şam. 25:3). Abygaýyla dereksiz adam bilen ýaşamak aňsat düşen däldir. Bir gün Nabal Dawudyň ýigitleriniň üstünden gülüp, olary kowup goýberýär. Muny eşiden Dawut gahar atyna atlanyp, Nabalyň tohum-tijini gyrmagy ýüregine düwýär (1 Şam. 25:9—13). Ine, Abygaýyl üçin amatly pursat döredi. Ol geljekki Ysraýylyň patyşasy Dawudyň niýetini bilen badyna goşuny düwüp, derrew gaçyp gidip bilerdi. Emma Abygaýyl beýle etmeýär, gaýtam ol maşgalasynyň abadançylygy üçin janyny pida etmäge taýyndy (1 Şam. 25:23—27). Ol näme üçin şeýle karara gelýär? Abygaýyl hak Hudaýy söýýärdi. Onuň maşgala babatda beren kada-kanunlaryna ýürekden eýerýärdi. Ol hak Allanyň maşgala ojagyny mukaddes hasaplaýandygyny bilýärdi. Abygaýyl Ýehowany razy etmek isleýärdi. Hojalygyny, hatda Nabaly halas etmek üçin hemme zada taýyndy w24.03 sah. 16, 17, abz. 9, 10
25-nji ýanwar, şenbe
Sizi ruhlandyrardym (Eýp. 16:5).
Belki, siz Ýehowa köpräk gulluk etmek üçin baýlyga kowalaşman, sada ýaşaýan dogan-uýalary tanaýansyňyz. Ýa-da mekdepde deň-duşlarynyň täsirine düşmän, Ýehowanyň Şaýadydygyny çekinmän aýdýan ýaşlary bilýänsiňiz. Belki-de, siz dogan-garyndaşlarynyň garşylygyna garamazdan, Ýehowany razy edip ýaşaýanlary tanaýansyňyz. Geliň, Ýehowa batyrgaýlyk bilen gulluk edýän dogan-uýalary her mümkinçilikden peýdalanyp öweliň (Flm. 4, 5, 7). Ýehowa beren wadamyza görä ýaşamak üçin köp zadymyzdan geçmäge taýyndygymyzy bilýär. Ýehowa biziň janymyzy aýaman gulluk etjekdigimize we ony ýürekden söýjekdigimize ynanýar (Nak. 23:15, 16). Geliň, hiç zadymyzy gaýgyrman, Ýehowa elimizde baryny edip gulluk etmegi ýüregimize berk düweliň! w24.02 sah. 19, abz. 14, 16
26-njy ýanwar, ýekşenbe
Isa ähli ýerlere aýlanyp, ýagşy işleri etdi... adamlary sagaltdy (Res 10:38).
B. e. 29-njy ýylynyň ahyrlarydy. Isa pygamber Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz edip başlaýar. Bir gün Isany we ejesini Kana şäherine toýa çagyrýarlar. Toý eýeleri Merýemden myhmanlara hyzmat etmegi haýyş edýärler. Toý şatlyk-şagalaň bilen dowam edýärdi, emma toýda şerap gutarýar. Merýem Isanyň ýanyna baryp: «Oglum, şerap gutarypdyr» diýýär (Ýah. 2:1—3). Isa pygamber bolsa suwy şeraba öwrüp, ilkinji gudratyny görkezýär (Ýah. 2:9, 10). Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda ençeme gudratlary görkezýär we on müňlerçe adamlara kömek edýär. Meselem, Isa pygamber 27 000-den gowrak adamy gudrat bilen doýurýar. Bir gezek ol aýallary we çagalary hasaba almanyňda, 5 000 erkek adamy; ýene bir gezek bolsa 4 000 erkek adamy doýurýar (Mat. 14:15—21; 15:32—38). Isa şol iki ýagdaýda-da syrkaw adamlary sagaldýar (Mat. 14:14; 15:30, 31). w23.04 sah. 2, abz. 1, 2
27-nji ýanwar, duşenbe
Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn. Sag eliňden berk tutup: „Gorkma, saňa kömek ederin!“ diýýän Hudaýyňdyryn (Işa. 41:13).
Agyr günleri başdan geçirenimizde, biz güýç-kuwwatdan gaçýarys we ruhdan düşýäris. Edil Ylýas pygamber ýaly, käte ýerimizden galman ýatasymyz gelýär (1 Pat. 19:5—7). Bize Beýik Lukman Ýehowanyň goldawy gerek. Biz hak Allanyň kömegi bilen aýaga galyp, ýene-de yhlasly wagyz ederis. Ýehowa bize şu günki aýatdaky sözleri wada berýär. Dawut patyşa-da Ýehowanyň kömegini öz gözi bilen gördi. Ol agyr güne düşende we duşmanlardan gaçanda, hak Hudaýa: «Sag eliň bilen meni goldaýarsyň» diýdi (Zeb. 18:35). Ýehowa bizi köplenç dostlarymyz arkaly goldaýar. Bir sapar Dawut güýç-kuwwatdan gaçýar. Şonda Ýehowa ony dosty Ýonatan arkaly ruhlandyrýar we goldaýar (1 Şam. 23:16, 17). Hak Hudaý Alyşa arkaly Ylýas pygamberi goldaýar (1 Pat. 19:16, 21; 2 Pat. 2:2). w24.01 sah. 23, 24, abz. 10—12
28-nji ýanwar, sişenbe
Ýehowa akyldarlyk berýär, ol bilimiň we parasatlylygyň gözbaşydyr (Nak. 2:6).
Ýehowa adamlara akyldarlygy jomartlyk bilen berýär. Munuň şeýledigini Nakyllar 9-njy bap subut edýär. Ol ýerde akyldarlyk «aýala» meňzedilýär. Nakyllar 9:2-de şeýle diýilýär: «(Akyldar aýal) mallaryny soýdy, güýçli şerap ýasady, saçagyny näz-nygmatdan doldurdy». Şeýle-de Nakyllar 9:4, 5-nji aýatlarda akyldar aýalyň tejribesizlere ýüzlenip: «Bärik geliň... saçak başyna geçiň» diýip, çagyrýandygy hakda ýazylan. Biz näme üçin akyldar aýalyň öýüne myhmançylyga barmaly? Sebäbi Ýehowa biziň maňlaýymyzyň daşa degip sapak edinmegimizi däl-de, howp-hatary öňünden görüp goranmagymyzy we paýhasly bolmagymyzy isleýär. Mukaddes Kitapda: «Alla akyldarlygy dogruçyllara berýär» diýilýär (Nak. 2:7). Eger biz Ýehowadan gorksak, ony her gün razy edip ýaşarys we gökdäki Atamyzyň öwüt-ündewine gulak asyp bagtly bolarys (Ýak. 1:25). w23.06 sah. 23, 24, abz. 14, 15
29-njy ýanwar, çarşenbe
Hudaý şol işleriňizi... unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir (Ýew. 6:10).
Belki, bizem garrylyk, keselçilik we maşgala borçlarymyz sebäpli Ýehowa köpräk gulluk edip bilýän däldiris. Emma gökdäki Atamyz biziň ýürekden edýän tagallamyzy görüp örän begenýär. Ýehowa Zekerýa pygambere Wawilonda ýaşaýan ýehudylaryň iberen «altynyndan we kümşünden täç ýasamagy» tabşyrýar (Zek. 6:11). Şol täç geljekki nesillere olaryň jomartlygyny ýatlatmalydy (Zek. 6:14). Edil şonuň ýaly, Ýehowa biziň hem wepaly bolmak üçin edýän tagallamyzy hiç haçan unutmaz. Biz soňky günlerde ýaşaýarys. Dünýäniň ýagdaýy gitdigiçe erbetleşýär. Şol sebäpli biz köp kynçylyklara duş geleris (2 Tim. 3:1, 13). Emma biz çendenaşa biynjalyk bolmaly däl. Sebäbi Ýehowa Hagaý pygamber arkaly: «Men siziň bilendirin! Gorkmaň» diýýär (Hag. 2:4, 5). Biz Ýehowanyň islegini birinji orunda goýsak, onuň goldajagyna ynamly bolup bileris. w23.11 sah. 19, abz. 20, 21
30-njy ýanwar, penşenbe
Men bir günäli adam (Luka 5:8).
Ýehowa Mukaddes Kitaba Petrus resulyň eden ýalňyşlaryny ýazdyrman hem bilerdi, emma biziň sapak edinmegimiz üçin ýazdyrdy (2 Tim. 3:16, 17). Petrus resulyň wakasy Ýehowanyň bizden kämillige garaşmaýandygyna düşünmäge kömek edýär. Gökdäki Atamyz biziň käte ýalňyşlyk goýberjekdigimizi bilýär, ýöne ol biziň ýan bermän göreşmegimizi we tutanýerli bolmagymyzy isleýär. Tutanýerli bolmagyň nähili peýdasy bar? Biz köp tagalla edip, käbir erbet endikleri ýeňendiris, emma käte ýene-de şony etmegimiz ahmal. Biz ýan bermeli däl, ýalňyşymyzdan sapak edinmeli. Ýehowa edýän tagallamyzy görüp, bizi goldar (1 Pet. 5:10). Petrus resul ýalňyşsa-da, Isa oňa wajyp iş tabşyrdy. Sebäbi Petrus göreşdi, gol gowşuryp oturmady. Diýmek, biz hem öz üstümizde işlesek, Ýehowany razy edip bileris. w23.09 sah. 20, 21, abz. 2, 3
31-nji ýanwar, anna
Halypam, ýanynda bolan bolsaň, doganym ölmezdi (Ýah. 11:21).
Martanyň aýdyşy ýaly, Isa Lazary sagaldyp bilerdi. Ýöne ol has täsin gudrat görkezmek isleýärdi. Isa Marta: «Doganyň direler» diýýär. Soňra: «Direldýänem, ýaşadýanam mendirin» diýýär (Ýah. 11:23, 25). Ýehowa Isa pygambere ölümiň we ýaşaýşyň üstünden ygtyýar beripdi. Isa bir gezek aradan çykan gyzjagazy köp wagt geçmänkä direldýär. Soňra ýaş ýigidi ölen güni direldýär (Luka 7:11—15; 8:49—55). Emma Isa aradan çykanyna dört gün bolan we jesedi porsap başlan Lazary direldip bilermi? Lazaryň uýasy Merýem hem Isany garşylamaga çykýar. Ol Isanyň ýanyna baryp, dyza çökýär-de: «Halypam, ýanynda bolan bolsaň, doganym ölmezdi» diýýär (Ýah. 11:32). Isa Merýemiň we ýanyndaky adamlaryň aglaýandygyny görüp, damagy dolýar we gözünden boýur-boýur ýaş dökülýär. Hawa, Isa pygamber ölümiň adamyň ýüregine bitmejek ýara salýandygyny bilýärdi. Tizden ol adamy iki bükýän ölümi hemişelik ýok eder. w23.04 sah. 10, 11, abz. 12, 13