Broşýurany nädip ulanmaly?
Şu broşýurada her gün üçin aýat we oňa degişli maglumat berilýär. Gündeki aýady we oňa degişli maglumaty islendik wagty okap bolsa-da, köpler irden okamagy peýdaly hasaplaýar. Şonda olar okan pikirleri barada günüň dowamynda oýlanyp bilýärler. Şeýle-de her günki aýady maşgala bolup ara alyp maslahatlaşylsa has peýdaly bolýar. Bütin dünýädäki Beýtel maşgalalary ertirlik edinmezden öň şeýle edýärler.
Her maglumatyň soňunda onuň alnan ýeri görkezilýär. Meselem, maglumatyň soňunda şuňa meňzeş salgy getirilýär: «w24.04 sah. 2, abz. 1, 3». Salgyda getirilen sanlaryň näme aňladýandygy aşakda görkezilýär. Aýada degişli goşmaça maglumaty makalanyň özünden tapsa bolýar.
w24 |
«Garawul diňiniň» çykan ýyly (2024) |
04 |
«Garawul diňiniň» çykan aýy (Aprel) |
sah. 2 |
Aýadyň we oňa degişli maglumatyň ýerleşýän sahypasy |
abz. 1, 3 |
Aýadyň we oňa degişli maglumatyň ýerleşýän abzaslary |