Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es26 sah. 7—17
  • Ýanwar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýanwar
  • Her günki aýady okalyň — 2026
  • Sözbaşylar
  • 1-nji ýanwar, penşenbe
  • 2-nji ýanwar, anna
  • 3-nji ýanwar, şenbe
  • 4-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 5-nji ýanwar, duşenbe
  • 6-njy ýanwar, sişenbe
  • 7-nji ýanwar, çarşenbe
  • 8-nji ýanwar, penşenbe
  • 9-njy ýanwar, anna
  • 10-njy ýanwar, şenbe
  • 11-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 12-nji ýanwar, duşenbe
  • 13-nji ýanwar, sişenbe
  • 14-nji ýanwar, çarşenbe
  • 15-nji ýanwar, penşenbe
  • 16-njy ýanwar, anna
  • 17-nji ýanwar, şenbe
  • 18-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 19-njy ýanwar, duşenbe
  • 20-nji ýanwar, sişenbe
  • 21-nji ýanwar, çarşenbe
  • 22-nji ýanwar, penşenbe
  • 23-nji ýanwar, anna
  • 24-nji ýanwar, şenbe
  • 25-nji ýanwar, ýekşenbe
  • 26-njy ýanwar, duşenbe
  • 27-nji ýanwar, sişenbe
  • 28-nji ýanwar, çarşenbe
  • 29-njy ýanwar, penşenbe
  • 30-njy ýanwar, anna
  • 31-nji ýanwar, şenbe
Her günki aýady okalyň — 2026
es26 sah. 7—17

Ýanwar

1-nji ýanwar, penşenbe

Düşünjäňiz... uly adamlaryňky ýaly bolsun (1 Kor. 14:20).

Çaga dünýä inende ene-ata örän begenýär. Olar balajygyny bagryna basyp, mährini siňdirýär. Çaga kadaly ösmese, olar gaty gynanýar. Edil şonuň ýaly, Ýehowa-da akýürekli adamyň hakykat ýolunda ilkinji ädimleri ädýändigini we Isa pygamberiň göreldesine eýerýändigini görende örän begenýär. Emma adam ruhy taýdan ösüş etmese, Ýehowa gynanýar (1 Kor. 3:1). Ol biziň ruhy taýdan ösüp, «uly adam» bolmagymyzy isleýär. Mukaddes Kitapda «uly adam» diýen grek jümlesi «kemala gelen, kämil, ýazyksyz» diýmegi aňladýar (1 Kor. 2:6). Çaganyň kem-kemden ösüp kemala gelşi ýaly, mesihçi hem ruhy taýdan ösüp «uly adam» bolýar. Mesihçi ruhy taýdan ösmegini hiç haçan bes etmeli däl (1 Tim. 4:15). w24.04 sah. 2, abz. 1, 3

2-nji ýanwar, anna

Çadyrymy olaryň ýurdunda dikerin... Men olaryň Hudaýy bolaryn (Hyz. 37:27).

Siz Ýehowa doga edeniňizde dostum, Atam, Hudaýym diýip ýüzlenýänsiňiz. Hawa, siz Ýehowanyň ýaradan bendeleri, perzentleri, jana-jan dostusyňyz. Siz Onuň mukaddes çadyrynda myhman bolmak barada oýlanyp gördüňizmi? Dawut patyşa Allatagalanyň adamlary myhmançylyga çagyrýandygyny aýtdy. Ol: «Eý Ýehowa, çadyryňa kimi myhman alarsyň? Mukaddes dagyňda kim ýaşar?» diýdi (Zeb. 15:1). Mähriban dogan-uýalar, Ýehowa siziň her biriňizi mukaddes çadyryna myhmançylyga çagyrýar. Älem-jahan ýaradylmazdan öň Ýehowadan başga hiç kim ýokdy. Soňra Ýehowa ilkinji Ogluny, ýagny Isa pygamberi ýaratdy we mukaddes çadyryna myhmançylyga çagyryp, törden orun berdi. Ýehowanyň myhmanyndan göwni hoş boldy, oňa guwandy. Isa hem Ýehowa bilen söhbet edip şatlanýardy (Nak. 8:30). w24.06 sah. 2, abz. 1—3

3-nji ýanwar, şenbe

Gaýduwsyz we batyr ýigit Sadyk (1 Tar. 12:28).

Hebron dagynyň etegine 340 000-den gowrak mähelle üýşüpdi. Olar Dawudy Ysraýylyň patyşasy edip tagta çykarandyklaryna begenip, dabaraly toý tutýardylar. Aýdym-sazyň sesi alyslara ýaňlanýardy (1 Tar. 12:39). Uly mähelläniň içinde ýaş ýigit Sadyk hem bardy. Oňa hiç kim üns bermese-de, Hökmürowan Ýehowa nazaryny salypdy (1 Tar. 12:22, 26—28). Sadyk ruhanydy. Ol baş ruhany Abyýatar bilen eginme-egin işleşerdi. Şeýle-de Sadyk welidi, Ýehowa oňa mukaddes syryna düşünmäge akyl-paýhas bererdi (2 Şam. 15:27). Sadyk il arasynda mert adam diýip tanalardy. Şu günlerem Şeýtan arlaýjy arslan kimin Hudaýyň halkyna topulýar (1 Pet. 5:8). Tizden Ýehowa Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok eder (Zeb. 31:24). Biz ýagdaý nähili bolsa-da, Sadyk ýaly ejizlemän batyrgaý bolmaly. w24.07 sah. 2, abz. 1—3

4-nji ýanwar, ýekşenbe

Adam ata 930 ýaşap, dünýäden ötdi (1 Mus. 5:5).

Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaratdy. Olara owadan Erem bagyny sowgat berdi we gyzykly ýumuş tabşyrdy. Olar bütin ýer ýüzüni Jennete öwürmelidi. Ogul-gyz dünýä indirip, ýer ýüzüni hak Alla wepaly adamlardan doldurmalydy. Ýehowa olara ýekeje zady gadagan edýär. Şeýle-de gulak asmasalar günä edip öljekdiklerini duýdurýar. Hemme zat gülala-güllükdi. Emma bir perişde How enäniň aladasyny edýän ýaly bolup, ony aldady. Şeýlelikde, Adam ata bilen How ene gökdäki Atasyna gulak smagyň deregine ýalançy Şeýtana ynandylar. Hawa, Ýehowanyň aýdyşy ýaly-da boldy. Adam ata bilen How ene garrady, öldi we gara topraga siňip gitdi (1 Mus. 1:28, 29; 2:8, 9, 16—18; 3:1—6, 17—19, 24). w24.08 sah. 3, abz. 3

5-nji ýanwar, duşenbe

Hudaýyň Sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetiriň (Ýak. 1:22).

Ýehowa Hudaý we Isa pygamber ähli adamlaryň bagtly ýaşamagyny isleýär. Zebur 119:2-de: «Hudaýy ýürekden gözleýän, öwüt-ündewine gulak asýan adam bagtlydyr!» diýilýär. Isa pygamber: «Hudaýyň Sözüni eşidip, berjaý edýänler bagtly!» diýýär (Luka 11:28). Ýehowa Hudaýa sežde edýän adamlar bagtlydyr. Sebäbi hak Alla olara köp bereket berýär. Şeýle-de olar Hudaýyň Sözüni okap we maslahatlaryna eýerip, özlerini bagtly duýýarlar (Ýak. 1:22—25). Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna eýerýän adam Hudaýy razy edip ýaşaýar. Hudaýyň Sözüni ýerine ýetirýän adamyň maşgala ojagynda parahatlyk höküm sürýär we imandaşlary bilen agzybir ýaşaýar (Nes. 12:13). Şeýle-de ol Hudaýyň kada-kanuny boýunça ýaşamaýan adamlardan tapawutlylykda, köp kynçylyklaryň öňüni alýar. Dawut patyşa Ýehowanyň öwüt-ündewlerini, tabşyryklaryny, buýruklaryny we hökümlerini wasp edip: «Kanunlaryňy berjaý edýän (adam) uly sylag alýar» diýýär. Bizem şu şahyrana sözlere goşulýarys (Zeb. 19:7—11). w24.09 sah. 2, abz. 1—3

6-njy ýanwar, sişenbe

Ol göwnüçökgünlere göwünlik berýär, ýaralaryny saraýar (Zeb. 147:3).

Ýehowa her bir wepaly bendesini gowy görýär. Ol biziň şatlygymyza şatlyk goşýar, derdimizi çekişýär (Zeb. 37:18). Dogan-uýalaryň gaýgy-aladasy we ýürek ýarasy bolsa-da, Ýehowa wepaly gulluk edýär, Ýehowa hem olara örän guwanýar. Arkadaýanjymyz, Penamyz bizi goldamaga we göwünlik bermäge hemişe taýýar! Ýehowa «ýaraly ýürege şypa berýär» (Zeb. 147:3, çykgyt). Ýehowa ýürek ýaralarymyzy bejerer ýaly, biz hem käbir ädimleri ätmeli. Meselem, lukman hassany sagaltmak üçin elinde baryny edýär. Edil şonuň ýaly, Ýehowa hem göwnüçökgün, ejiz, hasrat çekýän adamlara göwünlik berýär we olaryň ýüregini galkyndyrýar. Hassa adam tiz aýaga galar ýaly lukmanyň aýdan-diýeninden çykmaly däl. Biz hem ýürek ýaramyzyň tiz bitmegi üçin Ýehowa Atamyza gulak asmaly. w24.10 sah. 6, abz. 1, 2

7-nji ýanwar, çarşenbe

Olaryň bary heläk boldy (1 Mus. 7:23).

Öňler edebiýatlarda Ýehowanyň höküm eden adamlarynyň direlmejekdigi aýdylypdy. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň erbet adamlary ýok edendigi hakda ençeme wakalar ýazylan. Meselem, tupanda Ýehowa ähli adamlary gark edip, diňe Nuh pygamberiň maşgalasyny, ýagny sekiz adamy halas etdi. Ýehowa ysraýyl halkyna wada edilen ýurdy basyp almagy we ýerli ýedi halky gyrmagy tabşyrdy. Şeýle-de Allatagalanyň emri bilen perişde assiriýalylaryň 185 000 esgerini gyrdy (5 Mus. 7:1—3; Işa. 37:36, 37). Ol adamlar ebedilik ýok edildimi? Ýehowa olary hiç haçan direltmezmi? Biz muny bilmeýäris, sebäbi Mukaddes Kitapda bu barada anyk aýdylmaýar. Biz Ýehowanyň höküm çykaranda nämeleri göz öňünde tutandygyny bilmeýäris. Ol her bir adamyň ýagdaýyny göz öňünde tutdymy ýa-da tutmady? Olara Özüni tanadyp, eden günälerine toba etmäge mümkinçilik berdimi ýa-da bermedi? Biz muny bilmeýäris! w24.05 sah. 3, abz. 5—7

8-nji ýanwar, penşenbe

Ýamanlygy hemişe ýagşylyk bilen ýeňiň (Rim. 12:21).

Isa pygamber şägirtlerine dul aýal hakdaky mysaly gürrüň berýär. Dul aýal dawasyny adalatly çözüp bermek üçin gaýta-gaýta kazynyň ýanyna barýar. Isa pygamberiň gürrüň beren mysaly şägirtleriniň ýüregine jüňk bolandyr, sebäbi şol döwür adamlar adalatsyzlykdan kösenip ýaşaýardy (Luka 18:1—5). Dul aýalyň duýgularyna bizem gowy düşünýäris, sebäbi bizem ençeme gezek adalatsyzlyga duş gelendiris. Şu günler ala tutýan, gödek, açgöz adamlar gün-günden köpelýär. Şonuň üçin bize adalatsyzlyk edenlerinde geň galmaýarys (Nes. 5:8). Emma kimden garaşsak-da, dogan-uýalar adalatsyzlyk eder diýip garaşmaýarys. Gynansak-da, käte şeýle-de bolýar. Bize garşy çykýan, ýigrenýän, yzarlaýan adamlardan tapawutlylykda, dogan-uýalar hiç haçan bilgeşleýin adalatsyzlyk etmez. Halypamyz bize gowy görelde galdyrdy. Duşmanlar oňa ýowuz daraşdylar, adalatsyz höküm çykardylar. Ýöne ol şeýle ýagdaýa mertlerçe döz geldi, ejizlemedi. Bizem yzarlaýan, ýigrenýän adamlardan ar aljak bolmaly däl. Eger duşmanlarymyza geçirimli bolýan bolsak, mähriban dogan-uýalara has-da geçirimli bolmaly dälmi näme?! w24.11 sah. 2, abz. 1, 2

9-njy ýanwar, anna

Adamlara iýere çöregi nireden satyn alarys? (Ýah. 6:5).

Gadymy döwürde adamlar köplenç çörek iýýärdi (1 Mus. 14:18; Luka 4:4). Mukaddes Kitapda hem «çörek» sözi köp duş gelýär. Köplenç «çörek» diýlende nahar göz öňünde tutulýar (Mat. 6:11). Isa-da ýer ýüzünde ýaşanda gudrat arkaly adamlary iki gezek çörek bilen doýrupdy (Mat. 16:9, 10). Şol gudratlaryň biri hakda Ýahýa 6-njy bapda ýazylan. Bir gezek Isanyň şägirtleri şäher-şäher, oba-oba aýlanyp gaty ýadadylar. Şonda Isa şägirtleri bilen dynç almak üçin bir çola ýere gidýär. Olar Jelile deňzinden geçip, Beýtsaýda barýar (Mar. 6:7, 30—32; Luka 9:10). Adamlar olaryň gidenini görüp, yzlaryndan ylgaşyp gidýärler. Gaýyk kenara gelende märeke eýýäm Isa garaşyp durdy. Isa adamlary görmediksirän bolup geçip gitmedi. Gaýtam olara ýüregi awap, Hudaýyň Patyşalygy barada öwredip başlady we kesellileri sagaltdy. Agşamara adamlar ajygyp başlady. Belki-de, olaryň käbirinde az-owlak iýer-içer ýaly zat bolandyr, ýöne köpüsinde ýokdy. Muny görüp şägirtler alada edip başlady (Mat. 14:15). w24.12 sah. 2, abz. 1, 2

10-njy ýanwar, şenbe

Hudaý Halypamyz Isa Mesih arkaly ebedi ýaşaýşy berýändir (Rim. 6:23).

Adam ata bilen How ene kämildi. Olar owadan Erem bagynda ýaşaýardy (1 Mus. 1:27; 2:7—9). Adam ata bilen How ene bagtly we ebedi ýaşamalydy. Emma bir güni hemme zat çepbe çöwrülýär. Adam ata bilen How ene Erem bagyndan kowulýar we ebedi ýaşaýyşdan mahrum bolýar. Olaryň çagalaryna näme miras galdy? Mukaddes Kitap şeýle jogap berýär: «Bir adam arkaly günä we günä arkaly ölüm peýda boldy. Ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi» (Rim. 5:12). Hawa, Adam ata nesline günäni we ölümi miras goýdy. Günäni bergi bilen deňeşdirse bolýar, ony bolsa hiç bir adamyň tölemäge gurby çatmaýar (Zeb. 49:8). Adam günä edende, Hudaýyň kanunyny bozýar. Kanuny bozan adam jerime tölemeli bolýar, emma hiç kimiň ony tölemäge gurby çatmaýar. Şonuň üçin Isa pygamber günäni «bergi» bilen deňeşdirýär (Mat. 6:12; Luka 11:4). Adam her sapar günä edende Hudaýa «bergili» bolýar. Ýöne Allatagala aradan çykan adamyň «bergisini», ýagny günäsini geçýär (Rim. 6:7). w25.02 sah. 2, 3, abz. 2, 3

11-nji ýanwar, ýekşenbe

Men olara adyňy tanatdym (Ýah. 17:26).

Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmek uly hormat! Isa pygamber şu işi hemme adamlara ynanmady. Meselem, ol ýer ýüzünde gulluk edende jynlara özi hakda şaýatlyk etmegi gadagan etdi (Luka 4:41). Şu günler hoş habary wagyz etmek isleýän adam Mukaddes Kitabyň talaplaryna laýyk gelmeli. Biz şu işi gymmat saýsak, islendik wagtda, islendik ýerde yhlasly wagyz ederis. Şeýle-de Halypamyzyň göreldesine eýereris, Patyşalyk baradaky habary akýürekli adamlara wagyz ederis we olara tälim bereris (Mat. 13:3, 23; 1 Kor. 3:6). Şu günler Ýehowanyň guramasy Isa pygamberiň göreldesine eýerip, adamlara hak Hudaýyň adyny aýdýar. Meselem, «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» Ýehowa ady asyl nusgasynda duş gelýän ähli ýerde dikeldildi. Mukaddes Kitap tutuşlygyna ýa-da onuň käbir kitaplary 270-den gowrak dile terjime edildi. w24.04 sah. 9, abz. 8, 9

12-nji ýanwar, duşenbe

Äri hem taryplaýar (Nak. 31:28).

Wepaly dogan günüň dowamynda aýalyny söýýändigini dürli ýollar bilen görkezýär (1 Ýah. 3:18). Ol aýalyny mähir bilen gujaklaýar, elinden tutýar. Işe gidende aýalyna «Ýagdaýlaryň gowumy?» ýa «Seni gowy görýärin» diýip SMS ýazýar, ýa-da aýalyna sowgat alyp berip, ony begendirýär. Şeýdip, ol aýalyna hormat goýýandygyny görkezýär we maşgala ojagyny berkidýär. Aýalyna hormat goýýan är ony ruhlandyrýar we öwýär. Ol aýalyna edýän işleri we berýän goldawy üçin sagbolsun aýdýar (Kol. 3:15). Eger är aýalyny ýürekden öwse, ol monça bolar. Şeýle-de ol söýülýändigini, hormat goýulýandygyny bilip, arkasynda dag bar ýaly özüni arkaýyn duýar. w25.01 sah. 11, abz. 15; sah. 13, abz. 16

13-nji ýanwar, sişenbe

Men, Ýehowa, siziň Hudaýyňyz... ýöremeli ýoluňyzdan alyp barýaryn (Işa. 48:17).

Zebur 15-nji bapdaky maslahatlara eýermegiň nähili peýdasy bar? Zebur 15:5-de: «Şeýle adam asla sarsmaz» diýilýär. Bu sözler nämäni aňladýar? Eger biz Ýehowanyň kada-kanunlaryna gulak assak, görkezmesine eýersek bagtly bolarys, Hudaýyň berekedini alarys we penasynda aman-esen ýaşarys. Ýehowanyň hormatly myhmanlaryna ajaýyp gelejek garaşýar. Saýlanan mesihçiler Isa Mesihiň gökde taýýarlan hormatly ornunda oturar (Ýah. 14:2). Ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar Ylham 21:3-däki pygamberligiň ýerine ýetişiniň diri şaýady bolar. Hawa, Ýehowanyň dosty bolmak we onuň çadyrynda ebedi myhman bolmak her birimiz üçin uly hormat! (Zeb. 15:1—5). w24.06 sah. 13, abz. 19, 20

14-nji ýanwar, çarşenbe

Ýehowanyň adyny arşa galdyryň! (Zeb. 96:8).

Mukaddes Kitapda Beýik Hudaý Ýehowanyň haýbatlydygy aýdylýar. Ysraýyl halkynyň Müsürden azat bolanyna köp wagt geçmänkä, olar Ýehowanyň şan-şöhratyny gördi. Geliň, şol ýagdaýy göz öňüne getireliň. Millionlarça ysraýyllar Sinaý dagyna ýygnanypdy. Dagyň depesini gara bulut büredi, birdenkä güýçli ýer titredi. Göýä wulkan atylan ýaly bolup, dagyň depesini gara tüsse gaplap aldy. Ýyldyrym çakyp gök gürledi, adamlaryň duran ýeri sarsdy. Daş-töwerege güýçli surnaýyň sesi ýaňlandy (2 Mus. 19:16—18; 24:17; Zeb. 68:8). Ýehowanyň beýik güýjüni we şan-şöhratyny gören ysraýyllar aňk-taňk bolup doňup galdylar. Beýik Hudaý Ýehowany biz nädip şöhratlandyryp bileris? Biz adamlara Ýehowanyň gudratly güýji we ajaýyp häsiýetleri hakda gürrüň bermeli. Şeýle-de ukyp-başarnygymyza, gazanan üstünliklerimize buýsanman, ähli zady Ýehowanyň kömegi bilen başarýandygymyzy boýun almaly (Işa. 26:12). w25.01 sah. 2, 3, abz. 2, 3

15-nji ýanwar, penşenbe

Meni Ýehowa iberdi (4 Mus. 16:28).

Ysraýyllar çölde wagty atly-abraýly baştutanlar Ýehowanyň bellän wekili Musa garşy çykdylar. Olar: «Tutuş halk, (diňe Musa däl), adamlaryň hemmesi mukaddes, Ýehowa-da olaryň arasynda» diýdiler (4 Mus. 16:1—3). Dogry, Ýehowa tutuş halky mukaddes hasaplaýardy, emma halka baştutanlyk etmegi Musa pygambere tabşyrypdy. Aslynda, olar Musa pygambere däl, Ýehowa garşy çykypdy. Olar öz islegi boýunça ýaşamak isleýärdi, il içinde at-abraý, şan-şöhrat gazanjak bolýardy. Ýehowa gozgalaňçy baştutanlary we olara goşulan müňlerçe adamy ýok etdi (4 Mus. 16:30—35, 41, 49). Dogan-uýalar, biz bir zady unutmaly däl: Ýehowanyň bellän wekillerine gulak asmaýan adamlar temmisiz galmaz. w24.07 sah. 11, abz. 11

16-njy ýanwar, anna

Gören görnüşiň bellenen wagtynda amala aşar (Hab. 2:3).

Biz adamlara Mukaddes Kitap arkaly dünýäniň soňunyň tizden geljekdigi barada wagyz edýäris. Emma köpler bizi diňlemeýär, hatda üstümizden gülýär (2 Pet. 3:3, 4). Biz uly betbagtçylyk barada köp zatlary bilmeýäris. Şonuň üçin dünýäniň soňunyň Ýehowanyň bellän wagtynda geljekdigine we Gudratygüýçli Hudaýyň bizi uly betbagtçylykda halas etjekdigine ýürekden iman etmeli. Biz «wepaly hem paýhasly hyzmatkäre» ýürekden gulak asmaly, sebäbi Ýehowa olar arkaly halkyna ýolbaşçylyk edýär (Mat. 24:45). Uly betbagtçylyk başlanda Ýehowa jogapkär doganlar arkaly görkezme berip, bizi halas eder. Şonuň üçin häzirden doganlara ynanmaly we olara gulak asmaly. Şonda uly betbagtçylykda berlen her bir görkezmä ýürekden eýereris. w24.09 sah. 11, abz. 11, 12

17-nji ýanwar, şenbe

Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşüniň (Rim. 12:2).

Iman nesilden-nesle geçýän zat däl. Çagalaryňyz şeýle diýmegi mümkin: «Hudaýyň bardygyny nireden bileýin? Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlar dogrumyka? Oňa ynansa bolýarmyka?» Çagalaryňyz şeýle soraglary berse gorkmaň, gaýtam begeniň. Mukaddes Kitapda hem «her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlamak» maslahat berilýär (Rim. 12:1; 1 Sel. 5:21). Ene-atalar, çagalaryňyzyň imanyny berkitmäge size näme kömek edip biler? Olara soraglarynyň jogabyny «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksinden» we «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan» tapmagy öwrediň. Meselem, olary «Mukaddes Kitap» bölüminiň, «Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan» diýen ýerindäki makalalary okamaga höweslendiriň. Çagalaryňyz şol makalalary okap, Mukaddes Kitabyň diňe bir gowy kitap däl-de, Hudaýyň sözüdigine göz ýetirerler (1 Sel. 2:13). w24.12 sah. 14, 15, abz. 4, 5

18-nji ýanwar, ýekşenbe

Olary wepaly adamlara öwret. Şonda olar hem başgalara ökdelik bilen öwredip bilerler (2 Tim. 2:2).

Ýaşulular Isa pygamberiň göreldesine nädip eýerip biler? Olar ýygnakdaky doganlary we ýaşlary jogapkärli borçlary almaga höweslendirmeli. Emma ýaşulular olardan kämillige garaşmaly däl. Olar ýaş doganlara wagtal-wagtal ýerlikli maslahatlary bermeli. Şonda ýaşlar tejribe toplap, pesgöwünli, wepaly we aladaçyl ýaşuly bolup ýetişer (1 Tim. 3:1; 1 Pet. 5:5). Isa pygamber şägirtlerine diňe bir wagyz etmegi däl-de, şägirt taýýarlamagy hem tabşyrdy. Ýöne käbir şägirtler özlerini ynamsyz duýýardy. Isa pygamber: «Atamyň meni dünýä iberişi ýaly, menem sizi dünýä iberýärin» diýip, şägirtlerine ynanýandygyny aýtdy (Ýah. 20:21). w24.10 sah. 16, abz. 15; sah. 17, abz. 17

19-njy ýanwar, duşenbe

Dawut göwnüme ýaraýan adam (Res. 13:22).

Dawut Ýehowanyň bellän patyşasydy. Ol sazanda, şahyr, serkerde we pygamberdi. Dawut durmuşyň gatysyny gören adamdy. Ol görip Şawul patyşadan birnäçe ýyllap gaçyp gezmeli boldy. Patyşa bolansoňam gowy günler görmedi. Ogly Abselim atasyna baş galdyryp, tagtyny eýelejek boldy. Şonuň üçin Dawut köşgi taşlap gitmeli boldy. Dawut köp kynçylyklary görse-de, ýalňyşlyk goýberse-de, ömrüniň ahyryna çenli Hudaýa wepaly boldy. Ýehowa hem oňa: «Göwnüme ýaraýan adam» diýdi (1 Pat. 15:5). Geliň, Dawut patyşanyň ogluna, mirasdüşeri Süleýmana nähili öwüt-ündew berendigini bileliň. Süleýmany hem patyşa edip Ýehowa saýlapdy. Süleýman Ýehowa sežde eder ýaly ybadathana gurmalydy. Ýöne ol ýaşdy, etmeli işem köpdi (1 Tar. 22:5). Üstesine-de, her hili kynçylyklar ýüze çykyp bilýärdi. Dawut ogly Süleýmana nähili wesýet ederkä? Ol ogly Süleýmana Ýehowa gulak assa, eden işiniň ugruna boljakdygyny aýtdy (1 Pat. 2:2, 3). w24.11 sah. 10, abz. 9—11

20-nji ýanwar, sişenbe

Goý, Ýehowa saňa ýol görkezsin, Hudaýa bil bagla, ol saňa ýardam eder (Zeb. 37:5).

Aýalyny urýan, sögýän är Ýehowa bilen dostlaşmak we aýalynyň göwnüni tapmak üçin elinde baryny etmeli. Birinjiden, ol edýän işiniň ýalňyşdygyna we Ýehowanyň hemme zady görýändigine düşünmeli (Zeb. 44:21; Nes. 12:14; Ýew. 4:13). Ikinjiden, ol düzelip, aýalyny urmaly däl we sögmeli däl (Nak. 28:13). Üçünjiden, ol aýalyndan we Ýehowadan ötünç soramaly (Res. 3:19). Şeýle-de pikirine, sözüne we özüni alyp barşyna erk edip biler ýaly, Ýehowadan hem isleg, hem güýç dilemeli (Zeb. 51:10—12; 2 Kor. 10:5; Flp. 2:13). Dördünjiden, ol eden dogasyna görä hereket edip, zorluk-sütemi we sögünç sözleri ýigrenmeli (Zeb. 97:10). Bäşinjiden, ýygnak ýaşulularyndan kömek soramaly (Ýak. 5:14—16). Altynjydan, ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly näme etjekdigini çözmeli. w25.01 sah. 11, abz. 14

21-nji ýanwar, çarşenbe

Indi nämä otyrsyň? Tur, suwa çümdüril! (Res. 22:16).

Biz Ýehowa Hudaýymyzy ýürekden söýýäris. Sebäbi Ol ýaşaýşyň Gözbaşy. Ol biziň durmuşdan lezzet alyp ýaşamagymyz üçin her gün köp ýagşylyk edýär. Biz Ýehowa nädip minnetdar bolup bileris? Munuň üçin özümizi Ýehowa bagyş etmeli we suwa çümdürilmeli. Şu wajyp ädimi ädip, biz Ýehowanyň ogul-gyzy bolarys. Ýehowa atamyz hökmünde biziň aladamyzy eder, dostumyz hökmünde hemişe goldar (Zeb. 73:24; Işa. 43:1, 2). Biz özümizi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilsek, ebedi ýaşaýşa umyt edip ýaşarys (1 Pet. 3:21). Siz suwa çümdürilmäge ýaýdanýarsyňyzmy? Köp dogan-uýalar başda şu wajyp ädimi ätmäge çekindiler. Ýöne soň durmuşyny, garaýşyny we häsiýetlerini üýtgedip bildiler. Olar suwa çümdürilip häzir Ýehowa şadyýan gulluk edýärler. w25.03 sah. 2, abz. 1, 2

22-nji ýanwar, penşenbe

Sen örän geçirimli (Zeb. 130:4).

Mukaddes Kitapda günä agyr ýüke meňzedilýär. Dawut patyşa muny şeýle suratlandyrýar: «Ýazyklarym başymdan agdy, agyr ýük kimin gerşimden basdy» (Zeb. 38:4). Hawa, Ýehowa toba edýän adamy doly bagyşlaýar (Zeb. 25:18; 32:5). «Bagyşlamak» diýen ýewreý sözi «galdyrmagy» we «götermegi» aňladýar. Göz öňüne getiriň, Ýehowa güýçli pälwan deý adamy iki bükýän günäni göterip alyslara zyňýar. Ýehowa adamyň günäsini nähili uzaklyga zyňýar? Zebur 103:12-de: «Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly, günälerimizi şonça-da daşlaşdyrýar» diýilýär. Hawa, gündogar günbataryň gapma-garşysy. Gündogaryň günbatardan uzak bolşy ýaly, Ýehowa biziň günälerimizi göz öňüne getirip bolmajak uzaklyga zyňýar. Şu barada oýlananymyzda dünýämiz giňäp gidýär we kalbymyz rahatlanýar. w25.02 sah. 9, abz. 5, 6

23-nji ýanwar, anna

Mätäje sadaka bereniňizde... köçelerde jar çekmäň (Mat. 6:2).

Petrus resul Halypasy Isanyň göreldesine eýerip pesgöwünli boldy. Isa Mesih göge dolanansoň, Petrus gudrat bilen dogabitdi agsak adamy sagaldýar (Res. 1:8, 9; 3:2, 6—8). Märeke Petrusyň gudratyny görüp haýran galýar (Res. 3:11). I asyrda ýehudylar at-abraýa kowalaşýardy. Petrus hem şeýle adamlaryň arasynda önüp-ösüpdi. Petrus gudrat görkezensoň, özüni öwüp arşa galdyrdymy? Elbetde, ýok! Ol Ýehowanyň we Isanyň kömegi bilen agsak adamy sagaldandygyny pesgöwünlilik bilen boýun alýar. Ol şeýle diýýär: «Siziň görüp duran we tanaýan adamyňyzy Isanyň ady bilen sagaltdyk, sebäbi biz onuň adyna iman edýäris» (Res. 3:12—16). Biz Petrus resulyň göreldesine eýerip pesgöwünli bolmaly. Biz tabşyrylan işi başgalary haýran galdyrmak üçin däl-de, Ýehowany we dogan-uýalary söýýändigimiz üçin etmeli. Başgalar tagallamyzy görmese-de, Ýehowa şatlanyp gulluk etsek we dogan-uýalara hyzmat etsek, pesgöwünlidigimizi subut ederis (Mat. 6:1—4). w25.03 sah. 10, 11, abz. 11, 12

24-nji ýanwar, şenbe

Özüňi alyp barşyňa we öwredişiňe hemişe ünsli bol (1 Tim. 4:16).

Hoş habary yhlasly wagyz etmäge näme kömek edýär? Şu hakda oýlanyň, siz wagyz edip, Ýehowany we adamlary söýýändigiňizi subut edýärsiňiz (Mat. 22:37—39). Göz öňüne getiriň, Ýehowa siziň wagyz edendigiňizi görüp guwanýar; Mukaddes Kitapdan okuw geçýän adam size hak Allany tanadandygyňyz üçin ýürekden minnetdar bolýar. Şeýle-de wagyz işiniň adamlaryň janyny halas edýändigi hakda-da pikirleniň (Ýah. 6:40). Siz keselçilik ýa-da garrylyk sebäpli öýden çykyp bilmeýän bolsaňyz, onda Ýehowa we adamlara bolan söýgiňizi nädip görkezip bilersiňiz? Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri Samuwel we Danýa öýünden çykyp bilmediler. Şol kyn döwürde olar telefon we hat arkaly wagyz etdiler; Zoom programmasy arkaly Mukaddes Kitapdan okuw geçdiler. Hawa, olar keselçilik sebäpli köp wagyz edip bilmediler, emma ruhdan düşmediler, ýagdaýyna görä wagyz edip şatlyk tapdylar. w24.04 sah. 18, abz. 15, 16

25-nji ýanwar, ýekşenbe

Gaýratly gelni kim tapar? Bahasy merjenden has gymmatdyr (Nak. 31:10).

Bagtly bolmak üçin maşgala gurmak hökman däl. Ýöne şonda-da ýaşlar hem, garrylar hem söwer ýarynyň bolmagyny isleýär. Durmuş gurmak isleýän adam maşgalany ekläp bilmeli, imany berk bolmaly we maşgalanyň ýüküni çekmäge taýýar bolmaly (1 Kor. 7:36). Siz biri bilen duşuşyp başlamankaňyz, ilki nähili adam bilen maşgala gurmak isleýändigiňiz hakda oýlanyň. Ýogsam siz özüňize gabat gelmeýän adam bilen duşuşyp başlamagyňyz mümkin. Elbetde, biz diňe «Halypamyzyň şägirdi», ýagny suwa çümdürilen mesihçi bilen maşgala gurmaly (1 Kor. 7:39). Emma her bir suwa çümdürilen mesihçi mynasyp ýar bolup bilmez. Şonuň üçin özüňize şu soraglary beriň: «Men nähili maksatlara ýetmek isleýärin? Men ýanýoldaşymyň nähili adam bolmagyny isleýärin? Meniň garaşýan zatlarym ýerliklimi ýa-da men aşa köp zat isleýärinmi?» w24.05 sah. 20, abz. 1; sah. 21, abz. 3

26-njy ýanwar, duşenbe

Bir-biriňize mähirli boluň (Efes. 4:32).

Tanyşlyk döwri düşünişmezlik dörese näme etmeli? Käte siziň sözüňiz azaşyp biler, emma bu biri-biriňize gabat gelmeýändigiňizi aňlatmaýar. Ähli maşgalada-da düşünişmezlik bolýar, emma biri-birini söýýän we hormat goýýan är-aýal düşünişmezligi agzybirlikde çözýär. Siz tanyşlyk döwri düşünişmezligi nädip çözýändigiňize üns beriň. Özüňize şeýle soraglary beriň: «Biz meseläni dawalaşman çözüp bilýärismi? Sylaşykly gepleşýärismi? Biz ýalňyşymyzy boýun alyp, öz üstümizde işleýärismi? Biz eglişik etmäge, ötünç soramaga we bagyşlamaga taýynmy?» (Efes. 4:31). Eger tanyşlyk döwri hemişe dawalaşýan bolsaňyz, toýdan soň hem ýagdaý üýtgemez. Siz hiç düşünişip bilmeýän bolsaňyz, onda araňyzy kesseňiz ikiňiz üçin hem gowy bolar. w24.05 sah. 29, abz. 12

27-nji ýanwar, sişenbe

Barmaklaryma söweşmegi öwredýän Arkadagym Ýehowa alkyş bolsun! (Zeb. 144:1).

Tutanýerli bolsak, hakykat ýolundan saga-sola sowulmarys we Mukaddes Kitaba esaslanyp karara geleris. Şeýle-de dogan-uýalara gowy görelde bolarys. Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna çuňňur düşünsek imanymyz berkär, ýalan taglymatlaryň ýesiri bolmarys, dünýäniň täsirine düşmeris we şemal ýaly öwsüp durmarys (Efes. 4:14; Ýak. 1:6—8). Dogan-uýalar hem biziň göreldämize eýerip, synaglarda berk durarlar (1 Sel. 3:2, 3).Ýaşulular hem ähli zatda çägini bilýän, sagdyn düşünjeli, tertip-düzgünli we paýhasly bolmaly. Olar «Hudaýyň ynamdar sözüni gyşarnyksyz öwretmeli» (Tit. 1:9; 1 Tim. 3:1—3). Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara çopançylyk idegini etseler, ýygnaklardan galmasalar, yhlasly wagyz etseler we şahsy okuwyny geçirseler, imandaşlaryna gowy görelde bolar. Şeýle-de ýaşulular agyr günleri başdan geçirýän dogan-uýalary Ýehowa we onuň niýeti hakda oýlanmaga höweslendirmeli. w24.06 sah. 31, abz. 16—18

28-nji ýanwar, çarşenbe

Toba ediň, gökdäki Patyşalyk golaýlaşdy (Mat. 4:17).

Isa pygamber Ýehowanyň rehimdar, geçirimli Hudaýdygyny ençeme sapar adamlara gürrüň berdi. Bir gezek ol ýiten ogul mysalyny gürrüň berdi. Ýaş ýigit özüne degişli mirasy alyp, ýat ýurda keýp çekmäge gidýär. Ol bar puluny ýele sowrup, iýere zat tapman kösenýär. Soňra «akylyna aýlanyp», öýüne dolanýar. Ol heniz uzakdaka kakasy ony görýär. Ol ylgap barýar-da, ogluny gujaklap ogşaýar. Ýaş ýigit kakasynyň ogly bolmaga özüni mynasyp görmän, hakyna tutan işçisi bolmaga razydygyny aýdýar. Emma kakasy ogluna don geýdirip, barmagyna ýüzük dakyp ony maşgalasyna kabul edýär. Ol: «Sen ýitipdiň, indi tapyldyň» diýýär (Luka 15:11—32). Isa pygamber gökde Atasynyň ýanyndaka Ýehowanyň toba edýän günäkärlere rehim edendigini ençeme sapar gören bolsa gerek. Ol şu mysal arkaly Ýehowanyň rehimdar, geçirimli, mähirli Hudaýdygyny düşündirýär. w24.08 sah. 11, 12 abz. 11, 12

29-njy ýanwar, penşenbe

Sagdyn düşünjeli boluň (1 Pet. 4:7).

Sagdyn düşünjeli adam Ýehowanyň garaýşyny göz öňünde tutup karara gelýär. Ol hiç kime we hiç zada Hudaý bilen dostlugyny bozmaga ýol bermeýär. Sagdyn düşünjeli adam özüne ýokary baha bermeýär we hemme zady bilmeýändigini boýun alýar. Şeýle-de ol hemişe Ýehowa bil baglaýar we doga edip görkezme soraýar. Biz hiç haçan öz ukybymyza, tejribämize daýanmaly däl, gaýtam Ýehowadan kömek soramaly. Esasan, wajyp karara gelmeli bolanymyzda Ýehowadan görkezme soramaly. Şonda Ýehowanyň bize hemişe ýagşylyk isleýändigine ynanýandygymyzy görkezeris. Biz Ýehowa Hudaýa örän minnetdar, ol bizi öz keşbinde ýaratdy. Biz Ýehowanyň häsiýetlerinden görelde alyp bilýäris (1 Mus. 1:26). Ýöne Ýehowanyň pikirlerine doly akyl ýetirip bilmeýäris (Işa. 55:9). w25.03 sah. 11, abz. 13; sah. 13, abz. 17, 18

30-njy ýanwar, anna

Söýgi... ähli zada umyt edýär, ähli zada çydaýar (1 Kor. 13:7).

Müňkür bolmaň. Eger-de adamlar eden ýagşylygymyzyň gadyryny bilmese ýa-da taňryýalkasyn aýtmasa, ruhdan düşmäň. Gaýtam şu soraglar hakda oýlanyň: «Dogrudanam, ol gadyrbilmez adammy ýa-da taňryýalkasyn aýtmagy ýadyndan çykardymy?» Belki, onuň sag bolsun aýtmandygynyň ençeme sebäpleri bardyr. Belki, onuň ýüregi minnetdarlykdan püre-pürdür, ýöne aýtmaga çekinýändir. Belki, öň onuň özi dogan-uýalara köp kömek edendir. Indi bolsa özi kömege mätäçdir. Şonuň üçin kömegi kabul etmäge ýa-da sag bolsun aýtmaga utanýandyr. Geliň, müňkür bolmalyň, gaýtam imandaşlarymyza ýagşylyk edip şatlanalyň (Efes. 4:2). Sabyrly boluň. Akyldar Süleýman patyşa jomartlyk hakda şeýle diýýär: «Çöregiňi derýa akdyr, günler geçer, ol ýene öňüňden çykar» (Nes. 11:1). Aýatdan görnüşi ýaly, käte aýlar-ýyllar geçensoň eden ýagşylygymyza taňryýalkasyn aýdýarlar. w24.09 sah. 30, abz. 18, 19

31-nji ýanwar, şenbe

Günä edýänlere hemmeleriň öňünde käýinç ber, şonda beýlekiler sapak edinerler (1 Tim. 5:20).

Günäkär toba etse ýygnakdan çykarylmaýar. Ýöne oňa käýinç berlendigi bildiriş edilýär. Biz şeýle adamlar bilen gatnaşyp bilýäris. Sebäbi olar eden işine ökünýär we Ýehowany razy edip ýaşaýar. Biz olary ruhlandyrmaly, sebäbi olaram ýygnagyň agzasy (Ýew. 10:24, 25). Biz ýygnakdan çykarylan adam bilen özümizi başgaça alyp barýarys. Mukaddes Kitabyň görkezmesine görä, «onuň bilen gatnaşmaýarys, hatda bir saçak başynda-da oturmaýarys» (1 Kor. 5:11). Ýöne bu ýygnakdan çykarylan adamlara ýüz bermän ýörmelidigimizi aňladýarmy? Ýok, beýle däl. Elbetde, biz olar bilen gatnaşmaýarys. Ýygnakdan çykarylan adam biziň dogan-garyndaşymyz, öň okuw geçenimiz ýa-da dostumyz bolsa, ony ýygnaga çagyryp bileris. Mesihçi Mukaddes Kitap esasynda terbiýelenen ynsabyna görä hereket edip bilýär. w24.08 sah. 30, abz. 13, 14

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş