Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es26 sah. 17—26
  • Fewral

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Fewral
  • Her günki aýady okalyň — 2026
  • Sözbaşylar
  • 1-nji fewral, ýekşenbe
  • 2-nji fewral, duşenbe
  • 3-nji fewral, sişenbe
  • 4-nji fewral, çarşenbe
  • 5-nji fewral, penşenbe
  • 6-njy fewral, anna
  • 7-nji fewral, şenbe
  • 8-nji fewral, ýekşenbe
  • 9-njy fewral, duşenbe
  • 10-njy fewral, sişenbe
  • 11-nji fewral, çarşenbe
  • 12-nji fewral, penşenbe
  • 13-nji fewral, anna
  • 14-nji fewral, şenbe
  • 15-nji fewral, ýekşenbe
  • 16-njy fewral, duşenbe
  • 17-nji fewral, sişenbe
  • 18-nji fewral, çarşenbe
  • 19-njy fewral, penşenbe
  • 20-nji fewral, anna
  • 21-nji fewral, şenbe
  • 22-nji fewral, ýekşenbe
  • 23-nji fewral, duşenbe
  • 24-nji fewral, sişenbe
  • 25-nji fewral, çarşenbe
  • 26-njy fewral, penşenbe
  • 27-nji fewral, anna
  • 28-nji fewral, şenbe
Her günki aýady okalyň — 2026
es26 sah. 17—26

Fewral

1-nji fewral, ýekşenbe

Dawadan daşda durýanyň abraýy artýar, akmak bolsa jenjele goşulýar (Nak. 20:3).

Ýagşy häsiýetli doganlar ýygnak üçin uly bereket. «Paýhasly» adam parahat ýaşamaga jan edýär. Ol başgalara-da parahatlygy saklamaga kömek edýär. Şeýle-de ol adamlary ünsli diňleýär we olaryň garaýşyna düşünjek bolýar. Aýdaly, sen ýaşuly bolup gulluk edýärsiň. Emma seniň ýaşulular maslahatynda gelnen karar bilen ylalaşasyň gelmeýär. Ýöne şol karar Mukaddes Kitabyň prinsiplerine garşy gelmeýän bolsa we ýaşulularyň köpüsi şol karary goldaýan bolsa, senem olar bilen ylalaşarsyňmy? Ýaşuly dogan ähli zady öz aýdyşy ýaly etdirjek bolup, aýak diräp durmaly däl. Gaýtam maslahatlaşyp dogry karara gelip bolýandygyna düşünmeli (1 Mus. 13:8, 9; Nak. 15:22). Ol adamlar bilen gödek gepleşmeli däl we jedelleşmeli däl, gaýtam ýumşak we sypaýyçylykly bolmaly. Paýhasly adam hatda dartgynly ýagdaýlarda-da parahatlygy saklaýar (Ýak. 3:17, 18). Ýumşak jogap we mähirli sözler hatda Ýehowanyň Şaýatlaryny halamaýan, olara garşy çykýan gaharjaň adamlary hem köşeşdirýär (Ser. 8:1—3; Nak. 25:15; Mat. 5:23, 24). w24.11 sah. 23, abz. 13

2-nji fewral, duşenbe

Ol perişdelerini iberer. Olar ýeriň dört künjeginden, ýeriň bir ujundan asmanyň beýleki ujuna çenli saýlananlary ýygnarlar (Mar. 13:27).

Isa «bir gezekde hemişelik» janyny gurban berip, bize uly ýagşylyk etdi (Rim. 6:10). Ol häzirem köp ýagşylyk edýär. Nädip? Ol töleg gurbany bize köp peýda berer ýaly gökde köp işleri edýär. Häzir ol biziň Patyşamyz, Baş ruhanymyz we ýygnagyň başy (1 Kor. 15:25; Efes. 5:23; Ýew. 2:17). Ol saýlanan mesihçileri we uly märekäni ýygnaýar. Şu iş uly betbagtçylygyň öňüsyrasy tamamlanar (Mat. 25:32). Isa soňky günlerde wepaly şägirtlerine ruhy iýmiti wagtly-wagtynda ýetirip durýar (Mat. 24:45). Müňýyllyk hökümdarlygynda bolsa, ol biziň üçin has köp işleri eder. Dogrudanam, Ýehowa eziz Ogluny bizden gaýgyrmady. w25.01 sah. 24, abz. 12

3-nji fewral, sişenbe

Hudaý Isa Mesihiň tölegi arkaly adamlary azat edip, dogruçyl hasaplaýar. Bu Hudaýyň ýagşylyk edip, beren berekedidir (Rim. 3:24).

Ýehowa günäkär adamy doly bagyşlaýar we günäsini hiç wagt ýatlamaýar. Biz gökdäki Atamyz Ýehowa bilen jana-jan dost bolýarys. Ýehowa söýgüden doly we rehimdar Hudaý. Ol çagalaryny ýürekden bagyşlaýar. Emma şuny unutmaly däl: biz öz güýjümiz bilen däl-de, diňe Ýehowanyň ýagşylygy bilen günäden azat bolup bilýäris. Biz Ýehowanyň «örän geçirimlidigine» minnetdar (Zeb. 130:4; Rim. 4:8). Emma ol bizden bir zady talap edýär. Isa pygamber: «Adamlaryň günäsini bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlamaz» diýdi (Mat. 6:14, 15). Diýmek, gökdäki Atamyzyň göreldesine eýerip, adamlary ýürekden bagyşlamaly. w25.02 sah. 13, abz. 18, 19

4-nji fewral, çarşenbe

Dogruçyllar hem-de erbetler direler (Res. 24:15).

Sodom we Gomorra şäherleriniň halky barada näme diýse bolar? Hudaýhon adam Lut olaryň ählisine wagyz etdimi? Biz muny anyk bilmeýäris! Sodom we Gomorranyň halky örän zalymdy we ahlaksyz ýaşaýardy. Olar hak Allanyň kada-kanunlaryny bilýärdimi? Bir gün Lutuň öýüne myhmanlar gelýär welin, «Sodomdaky erkekleriň 7 ýaşdan 70 ýaşlysyna çenli» ählisi Lutuň öýüni gabaýar we gelen myhmanlar bilen azgynçylyk etmek isleýär (1 Mus. 19:4; 2 Pet. 2:7). Ýehowa adalatly höküm çykaryp, olaryň baryny gyrýar, sebäbi halkyň arasynda 10 sanjak hem dogruçyl adamy tapmaýar (1 Mus. 18:32). Rehimdar Hudaý Ýehowa olaryň ählisini ebedilik ýok etdimi? Ýehowa Sodom we Gomorra şäherleriniň ilatynyň käbirlerini erbet adamlaryň arasynda direltmezmi? Biz muny anyk bilmeýäris. w24.05 sah. 2, abz. 3; sah. 3, abz. 8

5-nji fewral, penşenbe

Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny hemişe birinji orunda goýuň, şonda gerekli zatlar üstüne goşulyp berler (Mat. 6:33).

Käbirleri ykdysadyýetiň pese düşendigi sebäpli maşgalasyny goýup başga ýere işlemäge gidýärler. Emma olaryň köpüsi şeýle karara gelenine ökünýärler. Dogan-uýalar, iş saýlanyňyzda diňe gazanjak puluňyz hakda däl-de, şol işiň Ýehowa bilen dostlugyňyzy bozup biljekdigi hakda hem oýlanyň (Luka 14:28). Özüňize şeýle soraglary beriň: başga ýere gidip işlesem, aýalym bilen aram sowaşmazmy? Baran ýerimde yzygider ýygnaklara gatnaşyp ýa-da wagyz edip bilerinmi? Eger çagaňyz bar bolsa, onda şu wajyp sorag hakda oýlanyň: maşgalamy goýup başga ýere gitsem, çagalarymy nädip «Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyp» bilerin? (Efes. 6:4). Gadyrly dogan-uýalar, Ýehowanyň kada-kanunlaryny äsgermeýän dogan-garyndaşlaryňyzy, dost-ýarlaryňyzy diňlemäň, gaýtam Ýehowanyň öwredişi ýaly ýaşaň. w25.03 sah. 29, abz. 12

6-njy fewral, anna

Çagalar ýaly bolmalyň (Efes. 4:14).

Ruhy taýdan ösüş etmeýän mesihçi «adamlaryň hilesine we her dürli mekirligine aldanýar». Ol habar beriş serişdelerinde imandan dänenleriň aýdýan zatlaryna güpbe ynanýar. Ol adamlara göriplik edýär, dawalaşýar, öýkeleýär we synaga düşende derrew ýykylýar (1 Kor. 3:3). Mukaddes Kitapda adamyň ruhy taýdan ösüşi çaganyň ösüşine meňzedilýär (Efes. 4:15). Çaganyň agy-garany saýgarmaýandygy üçin ene-atasy oňa göz-gulak bolup, bela-beterden goramaly bolýar. Aýdaly, ejesi gyzjagazyny uly ýoldan geçirmeli bolýar. Şonda ol gyzynyň eljagazyndan tutup, nädip geçmelidigini görkezýär. Gyzjagaz agy-garany saýgaryp başlanda, ejesi onuň özüne ýoldan geçmäge rugsat edýär. Ýöne öýden çykmanka, ýoldan geçende iki tarapyna seretmelidigini ýatladýar. Gyzy ulalyp kemala gelensoň, oňa ýatlatmak gerek bolmaýar, sebäbi ol öz başyny özi çarap bilýär. Edil şonuň ýaly, ruhy taýdan ösen mesihçi Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryny, prinsiplerini öwrenip, Ýehowanyň pikirine düşünýär we oňa ýaraýan karara gelýär. w24.04 sah. 3, abz. 5, 6

7-nji fewral, şenbe

Eý Ýehowa, çadyryňa kimi myhman alarsyň? (Zeb. 15:1).

Ýehowa saçagyny has giňden ýazyp, ýer ýüzünde ýaşaýan wepaly bendelerini hem mukaddes çadyryna çagyryp başlady. Olaryň arasynda Idris, Nuh, Ybraýym we Eýýup pygamberler hem bardy. Mukaddes Kitapda olara hak Allanyň dostlary we «Hudaýyň ýolundan ýöreýänler» diýilýär (1 Mus. 5:24; 6:9; Eýp. 29:4; Işa. 41:8). Ýehowa asyrlarboýy wepaly bendelerini myhmançylyga çagyrýar (Hyz. 37:26, 27). Ol myhmanlaryny ýürekden söýýär we olary dosty hasaplaýar. Hyzkyl pygamber Hudaýyň «olar bilen parahatlyk ähtini baglaşjakdygyny» aýdýar. Hyzkylyň pygamberligi biziň günlerimizde hem ýerine ýetýär. Şu günler saýlanan mesihçiler we ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umyt edýän adamlar Ýehowanyň mukaddes çadyrynda myhmançylykda otyrlar (Ýah. 10:16). Olar Ýehowanyň bereketli saçagyndan lezzet alýarlar. w24.06 sah. 2, abz. 2; sah. 3, abz. 4, 5

8-nji fewral, ýekşenbe

Hudaýyň kömegi bilen... batyrgaý wagyz etdik (1 Sel. 2:2).

Batyrgaý dogan-uýalar Hudaýyň Patyşalygyny ýürekden goldaýarlar (Mat. 6:33). Şeýtanyň dünýäsinde Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak we Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz etmek üçin mert bolmaly. Şeýle-de agzalalygyň höküm sürýän zamanasynda bitaraplygy saklamak üçin dogumly bolmaly (Ýah. 18:36). Ýehowanyň halky bitaraplygy saklaýar, harby gulluga gitmeýär. Şol sebäpli olary kemsidýärler, urup-ýençýärler we tussag edýärler. Döwlet işgärleri olary wagyz edýändikleri üçin yzarlaýar. Elbetde, ähli adamlar ýaly bizem kösenýäris. Ýöne Ýehowanyň hökümdarlygyny mertlik bilen goldan wepaly adamlaryň göreldesine eýersek, güýjümize güýç goşular. Patyşamyz Isa Mesih ýer ýüzünde ýaşanda syýasata goşulman gowy görelde galdyrdy (Mat. 4:8—11; Ýah. 6:14, 15). Ol hemişe Ýehowa bil baglaýardy. w24.07 sah. 3, abz. 4; sah. 4, abz. 7

9-njy fewral, duşenbe

Şonuň üçin agajyň miwesinden alyp iýdi. Äri gelende, oňa-da berdi, ol hem iýdi (1 Mus. 3:6).

Ýehowa Erem bagynda bolan wakany ýöne ýere Mukaddes Kitaba ýazdyrmady. Şol wakany okanymyzda Ýehowanyň günäni ýigrenýändigine düşünýäris, sebäbi günä adamlary öldürýär, Ýehowany çagalaryndan aýra salýar (Işa. 59:2). Şeýtan bolsa muny bilip heşelle kakýar. Ol Ýehowany, adamlary ýigrenýär. Şeýtan Erem bagynda Ýehowany ýeňdim diýip pikir edýärdi, emma örän ýalňyşýardy. Sebäbi ol Ýehowanyň adamlary ýürekden söýýändiginden bihabardy. Ýehowa Adam ata bilen How ene gulak asmasa-da, günä etse-de, olaryň çagalaryny halas etmegiň ugruna çykdy (Rim. 8:20, 21). Ol Adam atanyň neslinden käbirleriniň özüne gulak asjakdygyny bilýärdi. Şol sebäpli olara halas bolmaga ýol açdy. w24.08 sah. 3, abz. 3, 4

10-njy fewral, sişenbe

Iň wajyp zatlara düşüniň (Flp. 1:10).

Biz günüň dowamynda köp işleri edýäris. Günüň nädip dogup, nädip ýaşandygyny bilmän galýarys. Şeýle-de gazanç etmek we maşgalamyzy eklemek üçin işleýäris (1 Tim. 5:8). Biz garry, ýarawsyz dogan-garyndaşlarymyzyň aladasyny etmeli bolýarys. Şeýle-de öz saglygymyza-da seretmeli bolýarys, ýygnakda-da köp işleri ýerine ýetirýäris we Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmek üçin elimizde baryny edýäris. Hudaýyň Sözünde «iň wajyp zatlara düşüniň» diýip maslahat berilýär. Hawa, Mukaddes Kitaby okamak örän wajyp! Mezmurçy: «Ýehowanyň kanunyny ýürekden söýýän, gije-gündiz onuň kanuny hakda oýlanýan adam bagtlydyr» diýýär (Zeb. 1:1, 2). Şol sebäpli biz Mukaddes Kitaby her gün okamak üçin wagt tapmaly. Siz Mukaddes Kitaby haçan okaýarsyňyz? Bu soraga her kim her hili jogap berip biler. Iň esasy zat, hiç zadyň päsgel bermejek wagty okaň. w24.09 sah. 3, abz. 5, 6

11-nji fewral, çarşenbe

Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir (Gal. 6:5).

Ruhy taýdan ösen mesihçi kömege we maslahata mätäç dälmi? Elbetde, olar hem wagtal-wagtal maslahat soraýar. Emma ruhy taýdan ösüş etmeýän adam özi karara gelmegiň deregine: «Siz meniň ýerime bolsaňyz näme edersiňiz?» diýip, dogan-uýalardan soraýar. Ruhy taýdan ösen mesihçi paýhasly we imany berk dogan-uýalar bilen maslahatlaşýar. Şol bir wagtda «öz jogapkärçiligini özi çekmelidigine» düşünýär we özi karara gelýär. Adamlaryň daş keşbiniň biri-birine meňzemeýşi ýaly, ruhy taýdan ösen mesihçileriň hem häsiýetleri tapawutlanýar. Olaryň biri paýhasly, batyrgaý bolsa, beýlekisi jomart we duýgudaş bolýar. Käte iki sany ruhy taýdan ösen mesihçi bir meselede Mukaddes Kitaba esaslanyp, ynsabyna görä dürli kararlara gelip bilýär. Şonda olar biri-birini ýazgarmagyň deregine, biri-birine hormat goýýar. Şeýlelikde, olar ýygnakda agzybirligiň bolmagyna uly goşant goşýar (Rim. 14:10; 1 Kor. 1:10). w24.04 sah. 4, abz. 7, 8

12-nji fewral, penşenbe

Meni gaýgy-alada basanda, sen göwünlik berdiň, janym aram tapdy (Zeb. 94:19).

Siz özüňizi dereksiz duýup, göwnüçökgünlige düşýän bolsaňyz näme?! Onda Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň sizi söýýändigi hakdaky aýatlary okaň we oýlanyň. Belki, siz goýan maksadyňyza ýetip bilen dälsiňiz ýa-da özüňizi dogan-uýalar bilen deňeşdirip, köp wagyz edip bilmeýändigiňiz üçin ruhdan düşýänsiňiz. Mähriban dogan-uýalar, özüňizden köp zada garaşmaň, sebäbi Ýehowa güýjüňizden artyk zady talap etmeýär (Zeb. 103:13, 14). Belki-de, çaga wagtyňyz sizi kemsidendirler we zorluk-sütem edendirler. Bolan ýagdaý üçin özüňizi günäkärlemäň, bu siziň günäňiz däl. Ýehowa size zorluk-sütem eden adamdan hökman hasabat sorar (1 Pet. 3:12). Ýehowa bizi ýürekden söýýär we işdeşi hasaplaýar. Älemiň Eýesi Ýehowa Hudaý bilen işleşmek uly hormat! (1 Kor. 3:9). Mähriban dogan-uýalar, siz kyn günleri başdan geçirdiňiz, indi siz horluk çekýän we kösenýän adamlaryň ýagdaýyna gowy düşünip, duýgudaşlyk bildirip bilýänsiňiz. w24.10 sah. 7, 8, abz. 6, 7

13-nji fewral, anna

Hudaý gije-gündiz perýat edýän saýlanlaryna sabyrly bolup, adalaty dikeltmezmi? Size diýýärin, Hudaý olar üçin adalaty hökman dikelder (Luka 18:7, 8).

Ýehowa wepaly bendelerine edilýän adalatsyzlygy görende gynanýar, sebäbi ol «adalaty söýýän» Hudaý (Zeb. 37:28). Isa pygamber Ýehowanyň bellän wagtynda «adalaty hökman dikeltjekdigini» aýtdy. Şonda bize ýetirilen ähli zyýanyň öwezini artygy bilen dolar, gaýdyp adalatsyzlyk bolmaz (Zeb. 72:1, 2). Ýehowa bütin ýer ýüzünde adalaty dikeltjekdigini wada berýär. Şol gün gelýänçä adalatsyzlyga döz gelip biler ýaly kömek edýär (2 Pet. 3:13). Nädip? Ol adalatsyzlyga uçranymyzda howlugyp, oýlanyşyksyz hereket etmez ýaly tälim berýär. Ogly Isa Mesihiň göreldesi hakda Mukaddes Kitaba ýazdyrdy. Şeýle-de adalatsyzlyga döz gelip biler ýaly peýdaly maslahatlary berýär. w24.11 sah. 3, abz. 3, 4

14-nji fewral, şenbe

Iýere zady siz beriň (Mat. 14:16).

Isa şägirtlerine adamlara iýer ýaly zat bermegi tabşyrýar. Ol ýerde 5 000-e golaý erkek adam bardy. Aýallar bilen çagalary goşsaň, 15 000 adamy doýurmaly bolýar (Mat. 14:21). Şol wagt Andreas: «Bir oglanjykda bäş arpa çörek bilen iki kiçi balyk bar. Olar uly märekä nädip ýetsin?» diýdi (Ýah. 6:9). Adatça, şol döwür adamlar arpa çöregini, kakadylan ýa-da duzlanan balyk iýipdirler. Ýöne oglanjykdaky çörekler we balyklar uly märeke üçin hiç zadam bolmaýardy. Isanyň märekäni öýüne aç-suwsuz goýberesi gelmedi. Şonuň üçin toparlara bölünip, otuň üstünde oturmagy haýyş etdi (Mar. 6:39, 40; Ýah. 6:11—13). Soňra ol adamlaryň gözüniň alnynda Atasyna doga edip, çörek we balyk üçin şükür etdi. Şeýdip, ol adamlara näz-nygmatlary diňe Hudaýyň berýändigini we minnetdarlyk aýtmalydygyny öwretdi. Bizem nahar iýmezden öň Hudaýa minnetdarlyk aýtmaly. Isa şägirtlerine adamlara çörek bilen balygy paýlamagy tabşyrdy. w24.12 sah. 2, 3, abz. 3, 4

15-nji fewral, ýekşenbe

Ýehowa Hudaýy şöhratlandyryň! (1 Tar. 29:20).

Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda köp gudrat görkezýärdi, adamlary sagaldýardy. Ýöne ol özüni däl-de, diňe Atasyny şöhratlandyrýardy (Mar. 5:18—20). Isa Ýehowa barada adamlara höwes bilen gürrüň berýärdi. Ol adamlardan elinden gelen ýagşylygy gaýgyrmaýardy. Bir gezek Isa sinagogada öwredip otyrdy. Ony diňläp oturan adamlaryň arasynda içine jyn giren aýalam bardy. Jyn ony 18 ýyl bäri köseýärdi. Ol iki bükülip, dikelip hem bilmeýärdi. Aýalyň ýagdaýy gaty gözgynydy. Isanyň ýüregi awap aýalyň ýanyna barýar-da, oňa mähir bilen: «Sen derdiňden gutuldyň» diýýär. Soňra Isa aýala elini degirýär welin, aýal dikelip, «Hudaýa alkyş aýdyp başlaýar». Şeýdip, Isa ýarym göwün aýalyň hem saglygyny, hem mertebesini dikeldýär (Luka 13:10—13). Ýehowanyň ýagşylygyny gören aýal minnetdar bolup, gökdäki Atasyna alkyş baryny aýdýar. w25.01 sah. 3, abz. 3, 4

16-njy fewral, duşenbe

Günälerimizi bagyşla (Luka 11:4).

Biz Adam ata bilen How eneden miras geçen günäniň gulçulygyndan azat bolup bilerismi? (Zeb. 49:7—9). Eger Allatagala kömek etmedik bolsa, biz günäden azat bolup bilmezdik, ebedi ýaşaýşa, direlişe umydymyz bolmazdy we haýwanlaryň ölşi ýaly öler giderdik (Nes. 3:19; 2 Pet. 2:12).Söýgüden doly Ýehowa Adam atanyň miras goýan «günäsinden» azat etmegi söz berýär. Isa pygamber şeýle diýdi: «Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär» (Ýah. 3:16). Hawa, Ýehowa adamlary diňe bir günäden halas etmän, olar bilen ýaraşmak üçin «Dostluk» köprüsini gurdy. w25.02 sah. 3, abz. 3—6

17-nji fewral, sişenbe

Sawul ýerinden turup, suwa çümdürildi (Res. 9:18).

Bir güni şan-şöhrata beslenen Isa Mesih Sawula görünýär. Şonda daş-töweregi ýagtylyk gurşap alyp, Sawulyň gözleri kör bolýar (Res. 9:3—9). Sawul üç günläp hiç zat iýip içmeýär. Şonda ol başdan geçiren wakasy hakda oýlanandyr. Hawa, Sawul Isanyň wada edilen Mesihdigine, şägirtleriniň bolsa hakykaty öwredýändigine göz ýetirýär. Biz Sawuldan köp zatlary öwrenýäris. Ol tekepbirligiň, adamdan gorkynyň duzagyna düşmedi. Sawul yzarlanjakdygyny bilse-de, mesihçi boldy (Res. 9:15, 16; 20:22, 23). Ol suwa çümdürilensoň, Ýehowanyň kömegi bilen ençeme kynçylyklara döz geldi (2 Kor. 4:7—10). Sizem suwa çümdürilip, Ýehowanyň Şaýady bolanyňyzdan soň köp kynçylyklara we synaglara duş gelmegiňiz mümkin. Emma gorkmaň, alada etmäň, hak Hudaý Ýehowa we Isa Mesih size ähli kynçylyklardan baş alyp çykmaga kömek eder (Flp. 4:13). w25.03 sah. 4, abz. 8, 9

18-nji fewral, çarşenbe

Men maksatsyz ylgamaýaryn (1 Kor. 9:26).

Siz her gün Mukaddes Kitapdan birnäçe baby okamagy maksat goýansyňyz. Gowy maksat goýupsyňyz. Emma ýene-de iki sany wajyp ädimi ätmeli. Aýdaly, siz mellegiňize tohum sepýärsiňiz. Onuň pajarlap ösmegi üçin suw gerek. Emma güýçli çabga ýagsa, toprak suwy siňdirip bilmez. Bar çeken zähmetiňiz biderek bolar. Eger ýagyş çisňäp ýagsa, toprak suwy siňdirer, eken tohumyňyz pajarlap öser we bol hasyl berer. Eger siz Mukaddes Kitaby sahypa sanyna kowalaşyp okasaňyz, oýlanmaga wagtyňyz bolmaz, hiç zat ýadyňyzda galmaz we durmuşyňyzda ulanyp bilmersiňiz (Ýak. 1:24). Siz käte Mukaddes Kitaby howlugyp ýa-da sahypa sanyna kowalaşyp okaýarsyňyzmy? Howlukman okamagy we okan zatlaryňyz hakda oýlanmagy öwreniň. w24.09 sah. 4, abz. 7—9

19-njy fewral, penşenbe

Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň (Ýew. 13:17).

Ýaşulular görkezmeleri ünsli okaýarlar we gyşarnyksyz eýermek üçin elinde baryny edýärler. Olara ýygnak duşuşyklaryny guramaçylykly geçirmek, köpçüligiň öňünde doga etmek we dogan-uýalaryň aladasyny etmek babatda görkezme berilýär. Ýaşulular görkezmä eýerseler, dogan-uýalar Ýehowanyň söýýändigini duýarlar we penasynda bolarlar. Biz ýygnak ýaşulularynyň berýän görkezmesine höwes bilen eýermeli. Şonda olar borjuny şatlyk bilen ýerine ýetirerler. Mukaddes Kitapda: «Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň we tabyn boluň» diýip maslahat berilýär (Ýew. 13:7, 17). Käte bize ýaşululara gulak asmak aňsat bolmaýar, sebäbi olaram biziň ýaly bikämil adamlar. Eger biz ýaşulularyň gowy häsiýetlerine, edýän ýagşy işlerine däl-de, olaryň goýberýän ýalňyşlaryna üns bersek, Hudaýyň duşmanlaryny goldadygymyz bolar. Nädip? Hudaýyň duşmanlary biziň ýüregimizde Ýehowanyň guramasyna şübhe döretjek bolýar. w24.04 sah. 10, abz. 11, 12

20-nji fewral, anna

Ol... adamlary iki topara böler (Mat. 25:32).

Käbirlerini şeýle sorag biynjalyk edýär: «Uly betbagtçylygyň dowamynda aradan çykjak adamlar ebedilik ýok edilermi?» (2 Sel. 1:6—10). Meselem, şol döwür käbirleri zalym adamlaryň elinden öler ýa-da keselçilik, garrylyk, tebigy betbagtçylyk sebäpli aradan çykar (Nes. 9:11; Zek. 14:13). Olar täze dünýäde «erbetleriň» hatarynda direlermi? (Res. 24:15). Biz muny bilmeýäris. Emma bir zady bilýäris: Mukaddes Kitapda Ýehowa Hudaýa we gökdäki goşunyna garşy çykjak adamlaryň Armageddon söweşinde ebedilik ýok ediljekdigi aýdylýar. Biz gelejekde boljak wakalar hakda käbir zatlary bilýäris. Meselem, Isa pygamberiň adamlary nämäniň esasynda höküm etjekdigini bilýäris (Mat. 25:40). Ol saýlanan mesihçileri goldan adamlary «goýunlaryň» hataryna, goldamadyklary bolsa «geçileriň» hataryna goşar (Ylh. 12:17). w24.05 sah. 10, 11, abz. 9—11

21-nji fewral, şenbe

Ýehowa Biribardyr! Arkadagyma şöhrat! Halasgär Hudaýyma alkyş bolsun! (Zeb. 18:46).

Mukaddes Kitapda «soňky günlerde juda kyn döwrüň boljakdygy» aýdylýar (2 Tim. 3:1). Biz ähli adamlar ýaly köp kynçylyklara duş gelýäris. Üstesine-de yzarlanýarys we dogan-garyndaşlarymyz garşy çykýar. Ýehowa ak ýürekden sežde etmäge näme kömek eder? Biz Ýehowanyň Beýik Biribardygyny unutmaly däl (Ýer. 10:10; 2 Tim. 1:12). Ýehowa — hak Hudaý. Ol biziň ähli kynçylyklarymyzy görýär we kömek etmek isleýär (2 Tar. 16:9; Zeb. 23:4). Biz Ýehowanyň Gudratygüýçli, Biribar Hudaýdygyny unutmasak durmuşda duş gelýän ähli kynçylyklary böwsüp geçeris. w24.06 sah. 20, abz. 1, 2

22-nji fewral, ýekşenbe

Dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy kimindir, ol süýr günortana çenli barha ýagtylýar (Nak. 4:18).

Biz Ýehowanyň guramasynyň her bir görkezmesine eýermeli. Käte Ýolbaşçylyk maslahaty Mukaddes Kitabyň hakykatyny täzeçe düşündirýär we guramada käbir özgerişlikleri edýär. Olar şeýle uly özgerişlikleri etmäge gorkmaýar. Sebäbi Ýehowany razy etmek isleýär. Olar Hudaýyň Sözüne esaslanyp karara gelmek üçin elinde baryny edýär. Şeýlelikde, Ýehowanyň halky «sagdyn sözlere» eýerip ýaşaýar. Pawlus resul: «Sagdyn sözlere... berk ýapyşyň» diýip maslahat berdi (2 Tim. 1:13). «Sagdyn sözlere» Mukaddes Kitapda ýazylan Isa pygamberiň öwreden zatlary degişli (Ýah. 17:17). Şol taglymatlar biziň imanymyzyň özenidir. Ýehowanyň guramasy bize şol taglymatlar boýunça ýaşamagy öwredýär. Eger gurama gulak assak bereket alarys. w24.07 sah. 11, abz. 12, 13

23-nji fewral, duşenbe

Ýehowa... sabyr edýär. Sebäbi ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär (2 Pet. 3:9).

Petrus resul Ýehowanyň geçirimliligine örän minnetdardy. Şonuň üçin adamlary ýürekden toba etmäge höweslendirýärdi. Pentikost baýramçylygyndan soň Petrus ýehudylara Hudaýyň bellän Mesihini öldürendiklerini batyrgaýlyk bilen wagyz edýär. Soňra ol mähir bilen: «Günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň, erbet ýoluňyzdan dönüň. Şonda Ýehowa ýüregiňize rahatlyk berer» diýýär (Res. 3:14, 15, 17, 19). Petrus ýehudylara toba etseler, ýagny pikirini, garaýşyny üýtgedip ýagşy işleri etseler, Ýehowany razy edip biljekdigini düşündirýär. Şeýle-de Ýehowanyň toba edýän günäkäri bagyşlaýandygyny, eden günäsini süpürip aýyrýandygyny aýdýar. Petrusyň şu sözlerini okanymyzda ýüregimiz giňäp gidýär. Biz saý-sebäp bilen günä edäýsek, rehimdar Atamyz Ýehowa gujak açyp, ogly-gyzy hökmünde kabul eder. w24.08 sah. 12, abz. 14

24-nji fewral, sişenbe

Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň (Ýew. 13:5).

Dünýäniň soňunyň golaýdygyny ýatdan çykarmasak, baýlygyň yzynda hars urmarys. Adamlar «kümüşlerini köçelere taşlarlar... Ýehowanyň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez» (Hyz. 7:19). Biz sada ýaşamaly, baýlyga kowalaşmaly däl, Ýehowa yhlasly gulluk etmeli. Şonda bergi etmeris, gerekmejek zat satyn almarys we goş-golamyň aladasyny etjek bolup wagtymyzy boş sarp etmeris. Baýlygymyza guwanyp, gije-gündiz ol hakda oýlanyp ýörmeris (Mat. 6:19, 24). Dünýäniň soňunda biziň kime bil baglaýandygymyz — Ýehowa ýa-da baýlyga — mese-mälim bolar. w24.09 sah. 11, abz. 13, 14

25-nji fewral, çarşenbe

Kim berk durun öýtse, seresap bolsun, ýykylaýmasyn (1 Kor. 10:12).

Biz käbir erbet endiklerden saplanan hem bolsak, käbirleri bilen henizem göreşip ýaşaýandyrys. Geliň, Petrus resul hakda gürrüň edeliň. Ol adamlardan gorkup, Isa pygamberden üç sapar ýüz öwürýär (Mat. 26:69—75). Emma birnäçe wagtdan soňra ol Mejlisiň öňünde batyrgaýlyk bilen wagyz etdi (Res. 5:27—29). Petrus adamdan gorkusyny doly ýeňdimi? Ýok! Bir güni ol «sünneti goldaýanlardan gorkup, başga milletlileriň ýanyndan aýrylyp, olar bilen gepleşmegini-de goýdy» (Gal. 2:11, 12). Görşümiz ýaly, Petrus şu ejizligi bilen bütin ömrüne göreşen bolmaly. Belki, siz käbir erbet endigiňizden saplanandyryn öýdýänsiňiz. Emma biz Isa pygamberiň: «Oýa boluň» diýen maslahatyna eýermäge jan etmeli (Mat. 26:41). Synaga salaýjak ýagdaýlaryň öňüni alyň we näme etjekdigiňiz hakda öňünden oýlanyň (2 Pet. 3:14). w24.07 sah. 18, 19, abz. 17—19

26-njy fewral, penşenbe

Olary bereket hökmünde berdi (Efes. 4:8).

Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşanda ähli adamlara janyny gaýgyrman ýagşylyk etdi we gudrat bilen müňlerçe adamlary doýurdy (Luka 9:12—17). Ol biziň üçin şirin janyny töleg hökmünde gurban etdi (Ýah. 15:13). Ölümden direlenden soň hem ýagşylyk etmekden ýadamady. Şeýle-de ol Ýehowadan biziň üçin mukaddes ruhuny dileýär. Ýehowa mukaddes ruhy arkaly göwünlik berýär, öwredýär we tälim berýär (Ýah. 14:16, 17; 16:13). Isa pygamber ýygnak duşuşyklary arkaly ökde mugallym bolmagy öwredýär we şägirt taýýarlamaga kömek edýär (Mat. 28:18—20). Isa pygamber adamlara köp ýagşylyk edýär. Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen Mesih göge galansoň, doganlary «bereket hökmünde berendigini» ýazdy (Efes. 4:7, 8). Isa pygamber doganlar arkaly ýygnagyň dürli tarapdan aladasyny edýär (Efes. 1:22, 23; 4:11—13). Elbetde, olar kämil däl, ýalňyşlyk goýberýär (Ýak. 3:2). Emma Isa pygamber olar arkaly biziň aladamyzy edýär. Hawa, doganlar ýygnak üçin uly bereket! w24.10 sah. 18, abz. 1, 2

27-nji fewral, anna

Parasatlylyk saňa hemaýat berer (Nak. 2:11).

Dawut ogly Süleýmana diňe Ýehowa gulak asanda eden işleriniň ugruna boljakdygyny aýtdy. Gynansak-da, Süleýman garran çagy butlara sežde etdi. Şonda Ýehowa gaty gynandy. Indi ol Süleýmana öňki ýaly akyldarlyk we bereket bermeýärdi. Şonuň üçin Süleýman ýurduny adalatly dolandyryp bilmeýärdi (1 Pat. 11:9, 10; 12:4). Biz näme öwrenýäris? Hudaýa gulak asýan adamyň eden işi ugruna bolýar (Zeb. 1:1—3). Elbetde, Ýehowa bize Süleýmanyňky ýaly baýlyk, şan-şöhrat bermeýär. Ýöne durmuşda ýalňyşmaz ýaly akyldarlyk berýär (Nak. 2:6, 7; Ýak. 1:5). Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna eýerip ýaşaýan adam işlemek, bilim almak, dynç almak we pul gazanmak meselesinde dogry karara gelýär. Ol Hudaý bilen dostlugyny bozýan zatlary etmeýär (Nak. 2:10, 11). Adamlar bilen oňşukly ýaşaýar, maşgalasy agzybir we bagtly bolýar. w24.11 sah. 10, 11, abz. 11, 12

28-nji fewral, şenbe

Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň, gowy zada berk ýapyşyň (1 Sel. 5:21).

Ene-atalar çagalaryna Mukaddes Kitap we Hudaý barada dürli ýollar bilen öwredip biler. Olar çagalaryny muzeýe gezelenje alyp gidip biler. Siz olara Mukaddes Kitabyň dogrudygyny görkezýän taryhy wakalary gürrüň berip bilersiňiz ýa-da gadymy tapyndylary görkezip bilersiňiz. Çagalaryňyza «Mowap daşy» barada gürrüň berdiňizmi? Onuň ýüzünde Hudaýyň ady ýazylan. Bu gadymy tapyndy 3 000 ýyldan bäri bar. Eger muzeýe gitmäge mümkinçiligiňiz bolmasa, onda internetden çagalaryňyza «Mowap daşynyň» suratyny görkezip bilersiňiz. Baş edaradaky «Mukaddes Kitap we Hudaýyň ady» diýen muzeýde hem «Mowap daşynyň» göçürmesi bar. Daşyň ýüzünde Mowap patyşasy Meşanyň ysraýyllara garşy çykandygy ýazylan. Mukaddes Kitapda hem bu barada aýdylýar (2 Pat. 3:4, 5). Çagalaryňyz şu subutnamalary gözi bilen görse, Mukaddes Kitabyň dogrudygyna ynanar. w24.12 sah. 14, abz. 4; sah. 15, abz. 6

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş