Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es26 sah. 26—36
  • Mart

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mart
  • Her günki aýady okalyň — 2026
  • Sözbaşylar
  • 1-nji mart, ýekşenbe
  • 2-nji mart, duşenbe
  • 3-nji mart, sişenbe
  • 4-nji mart, çarşenbe
  • 5-nji mart, penşenbe
  • 6-njy mart, anna
  • 7-nji mart, şenbe
  • 8-nji mart, ýekşenbe
  • 9-njy mart, duşenbe
  • 10-njy mart, sişenbe
  • 11-nji mart, çarşenbe
  • 12-nji mart, penşenbe
  • 13-nji mart, anna
  • 14-nji mart, şenbe
  • 15-nji mart, ýekşenbe
  • 16-njy mart, duşenbe
  • 17-nji mart, sişenbe
  • 18-nji mart, çarşenbe
  • 19-njy mart, penşenbe
  • 20-nji mart, anna
  • 21-nji mart, şenbe
  • 22-nji mart, ýekşenbe
  • 23-nji mart, duşenbe
  • 24-nji mart, sişenbe
  • 25-nji mart, çarşenbe
  • 26-njy mart, penşenbe
  • 27-nji mart, anna
  • 28-nji mart, şenbe
  • 29-njy mart, ýekşenbe
  • 30-njy mart, duşenbe
  • 31-nji mart, sişenbe
Her günki aýady okalyň — 2026
es26 sah. 26—36

Mart

1-nji mart, ýekşenbe

Ölen adam günäden azat bolýar (Rim. 6:7).

Mukaddes Kitapda dogruçyl adamlaryň Ýehowadan ýüz öwrendigi hakda ýazylan. Meselem, Süleýman patyşa Ýehowany çagalykdan tanaýardy. Hak Alla oňa köp bereketleri berdi. Emma Süleýman Ýehowadan ýüz öwrüp, butlara sežde etdi. Ýehowanyň oňa gahary geldi. Süleýmanyň eden günäsi sebäpli ysraýyl halky ençeme asyr kösenip ýaşady. 1 Patyşalar 11:43-de: «Süleýman aradan çykyp, kakasy Dawudyň şäherinde jaýlandy» diýilýär. Şu aýadyň asyl nusgasynda «Süleýmanyň ata-babalarynyň ýanynda jaýlanandygy» aýdylýar (1 Pat. 11:5—9, 43; 2 Pat. 23:13). Emma her bir adam direlişe mynasyp bolup bilmez. Ýehowa diňe özüne ebedi gulluk etmäge mynasyp gören adamlaryny direlder (Eýp. 14:13, 14; Ýah. 6:44). Direliş söýgüden doly Hudaýyň sylagydyr. Onda Süleýman patyşa direlermi? Biz muny bilmeýäris. Muny diňe hak Alla bilýär. Emma bir zady bilýäris: Ýehowa hemişe adalatly höküm çykarar. w24.05 sah. 4, abz. 9

2-nji mart, duşenbe

Çadyryňda ebedilik ýaşaryn (Zeb. 61:4).

Biz Ýehowa ömrümizi bagyş edip suwa çümdürilenden soňra mukaddes çadyrda myhman bolup bilýäris (Zeb. 61:4). Hudaý saçagyny giňden ýazyp, gelen myhmanlara hezzet-hormat edýär. Ýehowanyň çadyry belli bir ýerde ýerleşmeýär. Ol wepaly bendeleriniň üýşen ýerinde çadyryny dikýär (Ylh. 21:3). Ölüm ukusynda ýatan hudaýhon adamlar hem Ýehowanyň mukaddes çadyrynda myhmançylykda bolup bilýärler. Sebäbi Hudaý olary hiç haçan unutmaýar. Olar Ýehowanyň nazarynda diridir. Munuň şeýledigini Isa pygamber hem nygtap geçýär: «Ölüleriň direljekdigi hakda Musa pygamber hem aýdypdy. Ol ýanyp duran ýandak baradaky wakany gürrüň berende, Ýehowa „Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýdi. Ol ölüleriň däl, dirileriň Hudaýy. Sebäbi olaryň ählisi Hudaý üçin diridir» (Luka 20:37, 38). w24.06 sah. 3, 4, abz. 6, 7

3-nji mart, sişenbe

Ýehowa güýjüm, galkanym (Zeb. 28:7).

Sadyk Hebrona barýar (1 Tar. 12:38). Esger bolmasa-da, onuň bili berk guşalandy, eli ýaraglydy. Ol söweş tilsimlerini bilmeýärdi, ýöne batyrgaýdy, Dawut patyşany we halky goramak üçin janyny orta goýmaga taýyndy. Sadyk mert bolmagy kimden öwrendi? Ol gerçek ýigitleriň göreldesine eýerdi. Sadyk Ysraýylyň serkerdesi we dosty Dawutdan görelde alýardy. Dawut söweşe çykanda, bütin halk ony goldardy (1 Tar. 11:1, 2). Ol batyrgaý bolsa-da öz güýjüne däl-de, Ýehowa bil baglaýardy (Zeb. 138:3). Şeýle-de Sadyk edermen Ýehoýadanyň we onuň ogly Binaýanyň, öz tiresinden 22 serkerdäniň göreldesine eýerýärdi (1 Tar. 11:22—25; 12:26—28). w24.07 sah. 3, abz. 5, 6

4-nji mart, çarşenbe

Hudaý... seniň toba etmegiň üçin ýagşylyk edýär (Rim. 2:4).

Tarsusly Sawul Isa Mesihiň şägirtlerini zalymlyk bilen yzarlapdy, olara zulum-sütem edipdi. I asyrdaky dogan-uýalar: «Kim mesihçi bolsa-da, Sawul bolmaz» diýendir. Emma Ýehowa Hudaý we Isa Mesih onuň ýagşy häsiýetlerini görýärdi, toba etjekdigini bilýärdi. Isa Sawul hakda: «Ol meniň saýlan gulum» diýdi (Res. 9:15). Ol Sawuly toba getirmek üçin gudrat hem görkezdi (Res. 7:58—8:3; 9:1—9, 17—20). Soňra Sawul Isanyň şägirdi bolýar we Pawlus ady bilen tanalýar. Pawlus hatlarynda köplenç Ýehowanyň hem Isanyň ýagşylygyna, rehimdarlygyna minnetdardygyny ýazýardy (1 Tim. 1:12—15). Ol Korinf şäherinde ahlaksyzlyk edýän adamyň ýygnakdan çykarylmandygyny eşidýär. Ol Korinfdäki dogan-uýalara hat ýazyp, Ýehowanyň söýgi bilen temmi berýändigini we toba edýän günäkäre rehimdarlyk bildirýändigini düşündirýär. w24.08 sah. 13, abz. 15, 16

5-nji mart, penşenbe

Hudaýyň Ogly bolsa Iblisiň işlerini ýok etmäge geldi (1 Ýah. 3:8).

Adamlar günä edip Ýaradandan daşlaşdylar. Emma taryha ser salsak, Ýehowany razy edip, onuň bilen dostlaşan adamlar hem bar. Meselem, Adam ata bilen How enäniň ikinji ogly Habyl Ýehowany söýýärdi, onuň bilen dostlaşmak isleýärdi. Ol çopandy, sürüsinden iň gowy guzularyny Ýehowa üçin gurbanlyk bererdi. Mukaddes Kitapda: «Ýehowa Habyldan hoşal bolup, gurbanlygyny kabul etdi» diýilýär (1 Mus. 4:4). Nuh pygamber hem hudaýhon adamdy. Ol hem edil Habyl ýaly Ýehowa üçin gurbanlyk bererdi (1 Mus. 8:20, 21). Ýehowa-da günäli adamlaryň gurbanlyklaryny kabul edip, olardan razydygyny, dostlaşmak isleýändigini subut etdi. w24.08 sah. 3, abz. 5, 6

6-njy mart, anna

Dogry ýoldan tas sowlupdym, aýaklarym taýypdy (Zeb. 73:2).

Adalatsyzlyk edilende agyr degýär, gaýgy-gama batýarys, gaharymyz gelýär (Nes. 7:7). Adalatsyzlyk edilende her bir adam özüni şeýle duýýar. Hatda Eýýup, Habakuk pygamberlerde hem şeýle duýgular bolupdy (Eýp. 6:2, 3; Hab. 1:1—3). Ýöne gaharymyzy saklajak bolmaly, ýogsam oýlanyşyksyz hereket edip, soňra ahmyr etmegimiz mümkin. Başgalaryň hakyny iýýän, adalatsyzlyk edýän adamlaryň edenini edip ýaşaýandygyny görenimizde, dogruçyl bolmagyň peýdasy ýok diýip pikir etmegimiz mümkin. Mezmurçy hem halal ýaşaýan adamlaryň kösenýändigini, adalatsyzlyk edýänleriň bolsa döwran sürýändigini görüp jany ýanýardy. Ol: «Erbetleriň eden işi ugrunadyr» diýdi (Zeb. 73:12). Mezmurçy adalatsyzlyklary görüp, şeýle bir ruhdan düşýär welin, Ýehowa wepaly bolmagyň peýdasy ýok diýip pikir edýär. Ol: «Muňa düşünjek bolup jan etsem-de, beter howsala düşdüm» diýdi (Zeb. 73:14, 16). w24.11 sah. 3, 4, abz. 5—7

7-nji mart, şenbe

Eý tire-taýpalar, Ýehowa alkyş aýdyň! Güýçli hem şan-şöhratly Ýehowa alkyş aýdyň! (Zeb. 96:7).

Biz Ýehowa çuňňur hormat goýýarys. Sebäbi ol Gudratygüýçli Hudaý. Onuň güýjüniň çägi ýok (Zeb. 96:4—7). Ýehowanyň ýaradan zatlaryndan akyldarlygy görünýär. Ol — ýaşaýşyň Gözbaşy. Adamlara ýaşamak üçin ähli gerek zady berýär (Ylh. 4:11). Ýehowa — wepaly Hudaý (Ylh. 15:4). Onuň niýetleri hemişe amala aşýar, beren sözünde durýar (Ýuş. 23:14). Ýermeýa pygamber Ýehowa barada şeýle sözleri ýazdy: «Eý Ýehowa... halklaryň we patyşalyklaryň akyldarlarynyň hiç biri Saňa taý gelmez» (Ýer. 10:6, 7). Hawa, gökdäki Atamyza näçe hormat goýsaň-da az. Ýöne Ýehowa diňe hormat goýmagymyza däl, söýmegimize-de mynasyp. w25.01 sah. 3, abz. 5, 6

8-nji mart, ýekşenbe

Erbet adamy araňyzdan aýryň (1 Kor. 5:13).

Hudaýyň guramasy diňe peýdaly görkezme berýär, emma duşmanlar şonda-da ony tankytlaýar. Ýehowa özüne sežde edýän adamlaryň beden, ahlak we ruhy taýdan arassa bolmagyny isleýär. Ol haram işlere baş goşup toba etmedik günäkäri ýygnak gatnaşygyndan kesmegi tabşyrýar (1 Kor. 5:11, 12; 6:9, 10). Biz Mukaddes Kitaba esaslanan şu görkezmä höwes bilen gulak asýarys. Emma duşmanlar bizi doňýürek, adamlary söýmeýän we dünýägaraýşy dar diýip tankytlaýar. Biz ýalan gep-gürrüňleri kimiň ýaýradýandygyny bilmeli. Hudaýyň guramasy hakda ýalan gep-gürrüňleri Şeýtan Iblis ýaýradýar (Ýah. 8:44; 1 Mus. 3:1—5). Mukaddes Kitapda oňa «ýalanyň atasy» diýilýär. Biz Şeýtanyň we onuň tarapdarlarynyň Hudaýyň guramasy barada ýalan gep-gürrüňleri ýaýradýandygyna geň galmaýarys. w24.04 sah. 10, abz. 13, 14

9-njy mart, duşenbe

Olar hökman amala aşar (Hyz. 33:33).

Uly betbagtçylyk başlanda «Beýik Wawilon», ýagny ýalan dinler ýok ediler. Şonda käbir adamlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdany dogry eken diýer. Belki, şol döwür käbir adamlar Ýehowa iman eder (Ylh. 17:5). Şeýle waka gadymy döwürde-de bolupdy. Ysraýyllar Müsür gulçulygyndan azatlyga çykanda, olara müsürliler we başga milletli adamlar goşuldy. Sebäbi olar Musa pygamberiň aýdan on jezasynyň diri şaýady boldular we hak Hudaýa iman etdiler (2 Mus. 12:38). Edil şonuň ýaly, «Beýik Wawilon» ýok edilenden soň käbir adamlar Hudaýyň halkyna goşulmagy mümkin. Şonda biz: «Men-ä şunça ýyllap Hudaýa wepaly boljak bolup, köp kynçylyklara döz geldim. Bular bolsa derrew halas boldular. Hany bärde adalat?!» diýip gynanarysmy? Elbetde, ýok! Biz gökdäki Atamyz Ýehowanyň göreldesine eýerýäris. Ol «rehimdar, mähirli, giň göwünli, wepaly söýgä baý, sözünde durýan» Hudaýdyr (2 Mus. 34:6). w24.05 sah. 11, abz. 12, 13

10-njy mart, sişenbe

Sagdyn sözlerimi görelde edinip, olara berk ýapyş (2 Tim. 1:13).

«Sagdyn sözlere» berk ýapyşmasak näme bolar? I asyrda Selanikdäki mesihçileriň arasynda «Ýehowanyň güni eýýäm geldi» diýen myş-myş ýaýraýar. Belki, olara Pawlus resulyň adyndan bir hat gelendir. Olar haty Pawlusyň ýazandygyny ýa-da ýazmandygyny anyklamagyň deregine, güpbe ynandylar, başgalara-da gürrüň berdiler. Selanikdäki mesihçiler Pawlus resulyň öwreden «sagdyn sözlerine» berk ýapyşan bolsadylar, ýalan gep-gürrüňe ynanmazdylar (2 Sel. 2:1—5). Şonuň üçin Pawlus olara her bir söze ynanmazlygy maslahat berdi. Onda Selanikdäki mesihçiler onuň hut özüniň hat ýazandygyny nädip anyklap bilerdiler? Pawlus resul şeýle jogap berýär: «Men Pawlus, size salam aýdýaryn, muny öz elim bilen ýazdym. Men ähli hatymy şeýdip tassyklaýaryn» (2 Sel. 3:17). w24.07 sah. 11, 12, abz. 13, 14

11-nji mart, çarşenbe

Çydamly boluň (Ýew. 10:36).

Tizden ýewreý mesihçileri agyr synaglara döz gelmelidi. Olar häzirden çydamly bolmagy öwrenmelidi. Öň dini ýolbaşçylar olaryň käbirini ýowuz yzarlapdylar, häzir bolsa ýygnaklara parahatlyk aralaşypdy. Şol döwür ençeme akýürekli ýewreýler mesihçi boldy. Emma olar Halypasy Isa ýaly wepalylygyny subut etmek üçin «heniz gan döküp göreşmändi» (Ýew. 12:4). Mesihçileriň sany barha artýardy, dini ýolbaşçylar ýene-de gahar-gazaba münüp, olary zalymlyk bilen yzarladylar. Pawlus Ýewreýlere hat ýazmazyndan birnäçe ýyl öň adamlar onuň üstüne topulypdy, hatda 40-dan gowrak adam: «Biz Pawlusy öldürýänçäk, hiç zat iýmeris» diýip ant içipdi (Res. 22:22; 23:12—14). Hawa, dini ýolbaşçylar mesihçileri şeýle ýigrenýärdi welin, olary ýok etmek üçin hemme zada taýyndy. Ýewreý mesihçilerine ýygnaklara barmak, hoş habary wagyz etmek we Hudaýa iman etmek üçin çydamlylyk gerekdi. w24.09 sah. 11, abz. 15

12-nji mart, penşenbe

Isa ejesine... «Eje, ine seniň ogluň!» diýdi (Ýah. 19:26).

Ýahýa Isanyň gowy görýän dosty hem şägirdidi (Mat. 10:2). Ol Isa bilen şäher-şäher, oba-oba aýlanyp wagyz etdi, gudratlarynyň şaýady boldy. Kyn günlerde Isany taşlap gitmedi. Şeýle-de ol Isanyň höküm edilişini we direlişini gözi bilen gördi. Ýahýa resul I asyrda az sanly şägirtleriň köpelip uly ýygnaklaryň dörändigini, «hoş habaryň gök astyndaky ähli adamlara wagyz edilendigini» gördi (Kol. 1:23). Ýahýa resul Hudaýyň ylhamy bilen birnäçe kitaplary ýazdy. Ol mukaddes ruhuň kömegi bilen Ylham kitabyny ýazdy (Ylh. 1:1). Şeýle-de adyny göterýän Hoş habary we üç sany hat ýazdy. Ol üçünji hatyny Gaý atly şägirde ýazdy. Ýahýa resul ony ogly ýaly gowy görýärdi (3 Ýah. 1). Goja Ýahýanyň hatlary şu günler bizi hem ruhlandyrýar. w24.11 sah. 12, abz. 15, 16

13-nji mart, anna

Ärler... aýalyňyza... hormat goýuň (1 Pet. 3:7).

Aýalyny söýýän är onuň gadyryny bilýär. Ol gaýratly gelni Ýehowanyň berendigine düşünip, ony gözüniň göreji ýaly goraýar (Nak. 18:22; 31:10). Ol aýaly bilen mähirli bolýar we ony ynjytjak işleri etmeýär. Ol jynsy gatnaşykda aýalyndan özüni oňaýsyz duýjak, mertebesini peseltjek ýa-da ynsabyny kösejek işleri etmegi talap etmez. Şeýle-de Ýehowanyň öňünde ynsaby arassa bolar ýaly, onuň özi hem şeýle işleri etmez (Res. 24:16). Ärler, Ýehowa siziň aýalyňyza hormat goýmak üçin edýän her bir işiňizi görýär we gadyryňyzy bilýär. Şonuň üçin aýalyňyzyň mertebesini peseldýän işleri etmäň. Gaýtam olar bilen mähirli boluň, hormat goýuň we ýürekden söýüň. Şonda aýalyňyz siziň gadyryny bilýändigiňizi we söýýändigiňizi görer. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa sizden razy bolar we dosty hasaplar (Zeb. 25:14). w25.01 sah. 13, abz. 17, 18

14-nji mart, şenbe

Mesih biziň üçin janyny gurban berip... azat etdi. Ol bizi eziz halky edip saýlady we ýagşy işlere yhlasly etmek üçin arassalady (Tit. 2:14).

Şu günler köp adamlar özüni Isa pygamberiň şägirdi hasaplaýar, emma diňe Ýehowanyň Şaýatlary Isanyň göreldesine eýerip, hoş habary yhlasly wagyz edýär. Hoş habary yhlasly wagyz etmäge näme kömek eder? Biz wagza yhlasymyz gowşamaz ýaly, Isa pygamberiň göreldesine eýermeli. Ýer ýüzünde gulluk edende onuň yhlasy hiç gowşamady, gaýtam günsaýyn ot kimin tutaşdy (Luka 13:6—9). Isa pygamberiň gürrüň beren mysalynda bagban üç ýyllap hasyl almasa-da, injir agajynyň düýbüni ýumşadýar, dökün dökýär. Isa-da edil bagban ýaly takmynan üç ýyllap ýehudylara wagyz edipdi. Olaryň köpüsi diňlemese-de, injiri çapmadyk bagban ýaly, Isa-da olardan umydyny üzmedi. Biz onuň göreldesine eýersek we öwreden zatlary boýunça ýaşasak yhlasly bolup bileris. w25.03 sah. 14, 15, abz. 1—4

15-nji mart, ýekşenbe

Ätiýaçly adam paýhasly ädim ädýär (Nak. 13:16).

Siz birini halasaňyz, derrew söz aýtmalymy? Mukaddes Kitaba görä, paýhasly adam bir zat etjek bolsa, öňünden sorap-idäp görýär. Siz hem söz aýtmazdan öň, birnäçe wagtlap gyzyň oturyşyny-turuşyny, häsiýetlerini, edim-gylymyny we özüni alyp barşyny ünsli synlaň. Doganlar, siz göwnüňize ýaran gyzy nädip synlap bilersiňiz? Siz ýygnakda, oturylyşykda onuň özüni nähili alyp barýandygyna, häsiýetlerine üns beriň we şu soraglar hakda oýlanyň: ol Ýehowa berk iman edýärmi? Joralary kim? Ol näme hakda gürrüň etmegi halaýar? (Luka 6:45). Maksatlarymyz gabat gelýärmi? Onuň nähili abraýy bar? (Rut 2:11). Siz ol hakda ýaşululardan ýa-da ony gowy tanaýan dogan-uýalardan sorap bilersiňiz (Nak. 20:18). Uýany synlanyňyzda, oňaýsyz ýagdaýa salmakdan seresap boluň. Ony gowy tanajak diýip, her bir ädimini yzarlap ýörmäň. w24.05 sah. 22, abz. 7, 8

16-njy mart, duşenbe

Ahyry günälerimi boýun aldym (Zeb. 32:5).

Isa Mesihden görelde alýan ýaşulular belli bir netijä gelmäge howlukmaýar we günäkär hiç haçan toba etmez diýip pikir etmeýär. Käbirleri ýaşulular komiteti bilen birinji gezek görşende toba edýär. Käbirlerine bolsa köpräk wagt gerek bolýar. Şonuň üçin ýaşulular onuň bilen birnäçe gezek görşüp biler. Belki, birinji duşuşykdan soň günäkär ýaşulularyň aýdan zatlary hakda oýlanar, özüni kiçeldip Ýehowa doga eder we ötünç sorar (Zeb. 38:18). Ikinji duşuşykda bolsa, günäkäriň ýüregi ýumşap ýaşulularyň maslahatyny kabul eder. Ýaşulular günä eden adama toba etmäge kömek etmek üçin, onuň ýagdaýyna düşünjek bolýar we mähirli gepleşýär. Olar Ýehowa gaýta-gaýta doga edýär, günäkärden umydyny üzmeýär. Olar Ýehowanyň tagallasyna ak pata berjekdigine we günäkäre akylyna aýlanyp, toba etmäge kömek etjekdigine ynanýar (2 Tim. 2:25, 26). w24.08 sah. 22, 23, abz. 12, 13

17-nji mart, sişenbe

Men hiç bir adamyň ölmegini islemeýärin. — Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar. — Toba edip, uzak ýaşaň (Hyz. 18:32).

Ýehowa hiç bir adamyň heläk bolmagyny islemeýär. Ol günäkärleriň toba etmegini isleýär. Ýehowa asyrlarboýy dogry ýoldan sowlan halkyny gaýta-gaýta toba etmäge, yzyna dolanmaga çagyrdy (2 Kor. 5:20). Ýaşulular hem agyr günä eden adamlara toba etmäge kömek edip, Ýehowa bilen eginme-egin işleşýärler (Rim. 2:4; 1 Kor. 3:9). Günäkär toba etse gökde uly baýram, uly toý bolýar. Gökdäki Atamyz Ýehowa guzujyklarynyň biri yzyna dolansa örän begenýär. Rehimdar, duýgudaş Hudaý Ýehowa barada oýlansak, oňa bolan söýgimiz has-da artar. Biz ýagşylyga baý Hudaý Ýehowa örän minnetdar (Luka 1:78). w24.08 sah. 31, abz. 16, 17

18-nji mart, çarşenbe

Adamlar Isany patyşa etjek bolanlarynda, ol daga çykyp gitdi (Ýah. 6:15).

Eger Isa patyşa bolan bolsa, syýasata goşulardy. Sebäbi şol wagt ýehudylar rimlileriň golastyndady. Adamlar näme etse-de, näme diýse-de, Isa syýasata goşulmady. Şeýdip, bize gowy görelde galdyrdy. Elbetde, hiç kim bizden gudrat arkaly açlary doýurmagy, kesel adamlary sagaltmagy we patyşa bolmagy haýyş etmez. Ýöne saýlawlarda ses bermegi ýa-da kimdir biriniň tarapyny tutmagy talap edip bilerler. Isanyň näme edendigi ýadyňyza düşýärmi? Ol syýasata asla goşulmady. Ol: «Meniň Patyşalygym şu dünýäden däl» diýipdi (Ýah. 17:14; 18:36). Bizem Isanyň göreldesine eýerip, hatda pikirimizde-de syýasata goşulmaly däl. Gaýtam Isa ýaly Hudaýyň Patyşalygynyň tarapyny tutmaly, ol barada adamlara gürrüň bermeli we Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi barada doga etmeli (Mat. 6:10). w24.12 sah. 4, abz. 5, 6

19-njy mart, penşenbe

Tabşyryklarymy kabul edip, berjaý edýän adam meni söýýändir. Meni söýýän adamy Atam hem söýer. Men hem ol adamy söýerin we özümi tanadaryn (Ýah. 14:21).

Şahsy okuw geçireniňizde öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda nädip ulanyp biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Ýehowanyň adalatyndan görelde alyp, adamlary ala tutmaň. Isanyň Atasyny söýşi ýaly, kösenmeli bolsaňyz hem, Ýehowanyň adyny aklaň. Isa ýaly dogan-uýalar üçin eliňizden gelen kömegi gaýgyrmaň. Şeýle-de adamlara hoş habary wagyz ediň. Şonda akýürekli adamlar Ýehowanyň ýagşylyklary hakda eşidip, iman ederler. Töleg gurbany barada näçe köp öwrensek, onuň gadyryny bilsek, Ýehowany we Isany söýeris. Olaram söýgüsi bilen gurşap alar (Ýak. 4:8). Geliň, Mukaddes Kitap we guramanyň çykarýan edebiýatlary arkaly töleg gurbany barada has köp öwreneliň. w25.01 sah. 25, abz. 16, 17

20-nji mart, anna

Ähli günälerimi arkaňa atdyň (Işa. 38:17).

Şu günki aýatdan görnüşi ýaly, Ýehowa toba eden adamy bagyşlandan soňra onuň günälerine hiç haçan seretmeýär. Muny Mikaý pygamber hem tassyklaýar (Mik. 7:18, 19). Ol Ýehowanyň «günälerimizi... deňziň düýbüne atýandygyny» aýdýar. Gadymy döwürde adamlar gerekmejek, halamaýan zadyny deňze oklaýardylar. Şondan soň ony tapaýyn diýselerem tapyp bilmeýärdiler. Mukaddes Kitapdaky deňeşdirmeler Ýehowanyň örän geçirimli Hudaýdygyny subut edýär. Ýehowa bizi bagyşlanda egnimizden agyr ýük aýrylan ýaly bolýar. Dawut pygamber: «Ýazyklary ötülen we günäsi bagyşlanan adam bagtlydyr!» diýdi (Rim. 4:7). Hawa, geçirimli Ýehowa Hudaýa taý geljek ýokdur! w25.02 sah. 9, abz. 7, 8

21-nji mart, şenbe

Ýaratjak zatlarymy görüp, ebedilik şatlanyň (Işa. 65:18).

Şu günler ýer ýüzünde Erem bagy ýaly ajaýyp, owadan ýer bar. Ol ýerde millionlarça hudaýhon adamlar agzybir ýaşaýarlar. Olar şeýle bir bagtly welin, ol ýerden gitmezligi ýüreklerine berk düwdüler. Olar beýleki adamlary hem şol ýerde ýaşamaga çagyrýarlar. Ol ýer ruhy jennetdir! Şeýtanyň golastyndaky dünýäde zorluk-sütem, ýigrenç höküm sürýär (1 Ýah. 5:19; Ylh. 12:12). Ýehowa adamlaryň gaýgy-alada batyp, jebir-jepa çekýändigini görýär; olaryň bagtly ýaşamaklary üçin asuda we parahat ýeri, ýagny ruhy jenneti döretdi. Muňa gudrat diýse bolar! Mukaddes Kitapda ruhy jennetiň «gaçybatalga» boljakdygy we «suwa ganan bag-bakja kimin» gülläp ösjekdigi hakda pygamberlik edildi (Işa. 4:6; 58:11). Biz soňky günlerde juda kyn döwürde ýaşasak-da, hiç zatdan gorkmaýarys, sebäbi biz Ýehowanyň ruhy jennetinde ýaşaýarys (Işa. 54:14; 2 Tim. 3:1). w24.04 sah. 20, abz. 1, 2

22-nji mart, ýekşenbe

Hudaýa... dileg ediň we ýalbaryň (Flp. 4:6).

Siz: «Ýehowa, maňa mynasyp ýanýoldaş tapmaga kömek edäý!» diýip doga edýärsiňizmi? Elbetde, Ýehowa size derrew ýanýoldaş tapyp bermez. Emma ol mynasyp ýar tapmak üçin gerekli maslahat berer, sebäbi sizi söýýär, aladaňyzy edýär. Siz Ýehowa doga edip, isleg-arzuwyňyzy we duýgyňyzy aýdyp duruň (Zeb. 62:8). Şeýle-de sabyrly we paýhasly bolmak barada doga ediň (Ýak. 1:5). Eger siz mynasyp ýanýoldaş tapmaýan bolsaňyz, gynanmaň, Ýehowa hökman siziň aladaňyzy eder, zada zar etmez we söýgüsi bilen çoýar (Zeb. 55:22). Dogan-uýalar, özüňize mynasyp ýar gözläp, akyl-huşuňyzy ýitirmäň (Flp. 1:10). Unutmaň, hakyky bagt adamyň maşgala gurandygyna ýa-da gurmandygyna däl-de, Ýehowa bilen dostlugyna bagly (Mat. 5:3). Siz sallah wagtyňyz Ýehowanyň işine berk ýapyşyň, güýjüňizi, wagtyňyzy gaýgyrmaň. Şonda hiç haçan ökünmersiňiz (1 Kor. 7:32, 33). w24.05 sah. 21, abz. 4; sah. 22, abz. 6

23-nji mart, duşenbe

Diňe öz peýdaňyzy däl-de, başgalaryň hem peýdasyny gözläň (Flp. 2:4).

Tanyşlyk döwri näçe wagt dowam etmeli? Mukaddes Kitapda howlugyp karara gelýän adamlaryň kösenýändigi aýdylýar (Nak. 21:5). Birini tanamak üçin wagt gerek bolýar. Şonuň üçin tanyşlyk döwri gysga bolmaly däl. Emma tanyşlyk döwri uzaga-da çekmeli däl. Mukaddes Kitapda: «Uzaga çeken tama ýürege dertdir» diýilýär (Nak. 13:12). Eger siz duşuşýan ýaşlary tanaýan bolsaňyz, olary nädip goldap bilersiňiz? Belki, olary myhmançylyga, maşgala okuwyna ýa-da gezelenje çagyrarsyňyz (Rim. 12:13). Şonda olar biri-birini içgin tanap biler. Belki, olar ikiçäk galmaz ýaly ýanlarynda biriniň bolmagyny islärler ýa bir ýere gitmek üçin ulag gerek bolar, ýa-da arkaýyn gürrüňdeş bolar ýaly ýer tapýan däldirler. Siz olara kömek edip bilersiňizmi? (Gal. 6:10). Eger sizden üçünji adam bolmagy haýyş etseler, muny kyn görmäň, olary goldamaga taýyn boluň. Ýaşlary ikiçäk goýmaň, emma olar biri-biri bilen arkaýyn gürrüň edip biler ýaly mümkinçilik hem dörediň. w24.05 sah. 30, abz. 13, 14

24-nji mart, sişenbe

Men oňa toba etmäge wagt berdim (Ylh. 2:21).

Ýaşulular adamyň günä etmegine sebäp bolan ýagdaýlary anyklajak bolmaly. Meselem, olar şu zatlary biljek bolmaly: ol yzygider şahsy okuwyny geçirmändigi, wagyz etmändigi, Ýehowa her gün doga etmändigi ýa-da ýüzleý doga edendigi üçin ruhy taýdan gowşadymy? Ol uzak wagtlap erbet zatlaryň pikirini edip ýördümi? Ol erbet adamlar bilen dostlaşdymy ýa-da ýaramaz filmleri, wideolary görüp, aýdym-sazlary diňledimi? Onuň şu eden zatlary garaýşyna nähili täsir etdi? Ol günä edip, Ýehowany gynandyrandygyna düşünýärmi? Ýaşulular adama şeýle soraglary berip, onuň Ýehowa bilen dostlugynyň bozulmagyna we günä etmegine nämäniň sebäp bolandygyny düşündirmeli. Emma olar gerekmejek jikme-jiklikleri biljek bolup ýerliksiz soraglary bermeli däl (Nak. 20:5). Şeýle-de ýaşulular mysallary gürrüň berip, günäkäre eden işine düşünmäge kömek edip biler. Belki, günäkär birinji gezek görşenlerinde eden işine utanyp gynanar, hatda toba etmegi hem mümkin. w24.08 sah. 22, abz. 9—11

25-nji mart, çarşenbe

Men Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary başga şäherlerde-de wagyz etmeli, sebäbi men şonuň üçin geldim (Luka 4:43).

Isa pygamber «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» yhlasly wagyz edýärdi, sebäbi Ýehowanyň wagyz etmek üçin ýer ýüzüne iberendigini bilýärdi. Isa üçin wagyz etmekden wajyp zat ýokdy. Ol ömrüniň soňky günlerinde hem «şäher-şäher, oba-oba aýlanyp» wagyz etdi (Luka 13:22). Isa şägirtlerine hem wagyz etmegi öwretdi (Luka 10:1). Ýehowa we Isa Mesih biziň hoş habary wagyz etmegi hemme zatdan wajyp hasaplamagymyzy isleýär (Mat. 24:14; 28:19, 20). Bizem adamlary gowy görsek, hoş habary yhlasly wagyz ederis. Hudaý hemme adamlaryň hoş habary eşitmegini we hakykat ýolundan ýöremegini isleýär (1 Tim. 2:3, 4). Şonuň üçin Ol bize adamlaryň janyny halas edýän hoş habary wagyz etmegi öwredýär. Köp adamlar hoş habara seslenmese ruhdan düşmeli däl. Sebäbi uly betbagtçylyk döwri olar: «Ýehowanyň Şaýatlarynyň aýdýany dogry eken» diýip, Hudaýyň halkyna goşulmagy mümkin. w25.03 sah. 15, 16, abz. 5—7

26-njy mart, penşenbe

Oňa salam berýän adam erbet işlerine şärik bolýandyr (2 Ýah. 11).

Ýygnakdan çykarylan adam ýygnaga gelse, salamlaşmaly ýa-da salamlaşmaly däldigini her bir mesihçiniň özi çözýär. Käbirleriniň muňa ynsaby çatsa, käbiriniňki çatman biler. Ýöne biz şonda-da olar bilen uzak wagt gepleşmeris, dynç almarys ýa-da wagtymyzy bile geçirmeris. Belki, käbirleri: «Günä edýänler bilen salamlaşmaň diýilýär. Eger biz ýygnakdan çykarylanlar bilen salamlaşsak, olaryň erbet işlerine şärik bolmarysmy?» diýip biler (2 Ýah. 9, 11). Aýadyň kontekstine görä, biz imandan dänenler we başgalary günä etmäge höweslendirýän adamlar bilen salamlaşmaly däl (Ylh. 2:20). Eger ýygnakdan çykarylan adam imandan dänen bolsa ýa-da başgalaryň imanyny gowşadýan bolsa, ýaşulular ony idemeli däl. Belki, ol bir gün akylyna aýlanar, günäsine-de toba eder. Ýöne şoňa çenli biz oňa salam hem bermeli däl, ýygnaga-da çagyrmaly däl. w24.08 sah. 30, 31, abz. 14, 15

27-nji mart, anna

Olar... manysyna entegem düşünmeýärdiler (Mar. 6:52).

Isa märekäni doýrandan soň şägirtlerine Kapernawuma gitmegi tabşyrýar. Özi bolsa patyşa etjek bolýan adamlardan gaçyp daga gidýär (Ýah. 6:16—20). Şägirtler gaýykda barýarkalar deňizde güýçli apy-tupan turýar, tolkunlar möwç urup başlaýar. Şonda Isa suwuň ýüzünden ýöräp, şägirtleriniň ýanyna barýar. Ol Petrusa hem suwuň ýüzünden ýöräp ýanyna gelmäge rugsat berýär (Mat. 14:22—31). Isa gaýyga münende ýel ýatýar. Şägirtler gözlerine ynanman: «Dogrudan-da, sen Hudaýyň Ogly» diýişdiler (Mat. 14:33). Haýran galaýmaly, şägirtler şu sözleri Isa gudrat bilen adamlary doýranda däl-de, suwuň ýüzünden ýörände aýtdylar. Şu waka barada Markus hem käbir jikme-jiklikleri ýazýar: «(Şägirtler) muňa haýran galdylar. Olar Isanyň bäş çörek bilen görkezen gudratyndan hiç hili sapak edinmändirler» (Mar. 6:50—52). Olar Ýehowanyň Isa diňe bir adamlary doýurmak üçin däl-de, has köp işleri etmek üçin güýç berendigine düşünmediler. w24.12 sah. 5, abz. 7

28-nji mart, şenbe

Hudaý ähli adamlaryň halas bolmagyny we hakykat barada dogry bilim almagyny isleýär (1 Tim. 2:4).

Biz Ýatlama agşamyndan birki hepde öň we soň yhlasly gulluk edip, töleg gurbanyna minnetdardygymyzy görkezip bileris. Biz Ýatlama agşamyna tanyş-bilişlerimizi hem çagyryp bileris. Çagyran adamlarymyza Ýatlama agşamynyň nähili geçirilýändigini düşündirmek üçin jw.org saýtyndaky «Isa pygamber näme üçin öldi?» we «Isa pygamberiň ölümini ýatlaň» diýen wideolary görkezip bileris. Ýaşulular wagyz etmeýän wagyzçylary Ýatlama agşamyna çagyrmaly. Ýehowanyň azaşan guzujyklarynyň yzyna dolananyny görüp, hem gökde, hem ýerde uly şatlyk bolar (Luka 15:4—7). Geliň, Ýatlama agşamyna gelen myhmanlary we köpden bäri ýygnaga gelmeýänleri mähir bilen garşy alalyň. Goý, olar özüni öýüne gelen ýaly rahat duýsun (Rim. 12:13). w25.01 sah. 29, abz. 15

29-njy mart, ýekşenbe

Hudaý bizi söýüp, günälerimiz üçin Ogluny ýaraşdyrýan gurban hökmünde berdi (1 Ýah. 4:10).

Ýehowa töleg gurbanyny berip, diňe bir adalatlydygyny däl-de, adamlary söýýändigini hem görkezdi (Ýah. 3:16; 1 Ýah. 4:9, 10). Ýehowa bizi diňe bir ebedi ýaşatman, ogly-gyzy hökmünde kabul etmek isleýär. Adam ata bilen How ene günä edensoň, Atasyndan ýüz öwürdi. Şeýlelikde, olaryň özleri hem, nesilleri hem Ýehowanyň ogly-gyzy bolup bilmeýär. Ýöne Ýehowa töleg gurbany arkaly günälerimizi bagyşlaýar. Netijede, Hudaýa iman edýän we gulak asýan adamlaryň ählisi gelejekde Onuň perzentleri bolup bilýär. Ýehowa häzirem biziň günälerimizi bagyşlaýar. Şonuň üçin Onuň bilen ýakyn dost bolup, dogan-uýalar bilen agzybir sežde edýäris. Hawa, Ýehowa bizi söýgüsi bilen çoýýar (Rim. 5:10, 11). w25.01 sah. 21, abz. 6

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (9-njy nisanda bolan wakalar) Ýahýa 12:12—19; Markus 11:1—11

30-njy mart, duşenbe

Hudaýyň söýgüsini şundan bilýäris (1 Ýah. 4:9).

Töleg gurbany Ýehowanyň beren iň gymmatly sowgady (2 Kor. 9:15). Ýehowa bizi söýýändigi üçin töleg gurbanyny berdi. Oňa näçe minnetdar bolsak, şonça-da az. Isa pygamber Ýehowa bilen dostlaşmagymyz we ebedi ýaşamagymyz üçin şirin janyny gurban berdi (Rim. 5:8). Ýehowanyň we Isa pygamberiň eden ýagşylyklaryny ýatdan çykarmaz ýaly, Isa her ýyl Ýatlama agşamyny bellemegi tabşyrdy (Luka 22:19, 20). Şu ýyl Ýatlama agşamy 2-nji aprelde, penşenbe güni geçiriler. Her birimiz şu wajyp çärä gatnaşmak üçin häzirden taýýarlyk görýändiris. Ýatlama agşamyndan birki hepde öň we soň Ýehowanyň hem Isa pygamberiň eden ýagşylyklary barada oýlansak gowy bolar. w25.01 sah. 20, abz. 1, 2

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (10-njy nisanda bolan wakalar) Ýahýa 12:20—50

31-nji mart, sişenbe

Kümşe derek, terbiýe al, sap altyna derek, bilim al (Nak. 8:10).

Ýehowanyň we Isanyň eden ýagşylyklary hakda oýlansaňyz, olary ýakyndan tanamak islärsiňiz. Belki, Ýatlama agşamy döwri dört Hoş habaryň birini ýa birnäçesini okarsyňyz. Siz sahypa sanyna kowalaşmaň, gaýtam howlukman okaň we Ýehowanyň, Isanyň siziň üçin ýene nähili ýagşylyklary edendigi hakda oýlanyň. Şonda Ýehowany we Isany has köp söýersiňiz. Eger köp ýyl bäri hakykatda bolsaňyz, onda: «Hudaýyň adalaty, söýgüsi we töleg gurbany hakda hemme zady bilýärin, öwrenmäge täze zat ýok» diýmegiňiz mümkin. Ýöne Mukaddes Kitabyň hakykatlaryny öwrenip soňuna çykyp bolmaýar. Şonuň üçin guramanyň çykarýan edebiýatlaryny okaň we öwreniň. w25.01 sah. 24, 25, abz. 13—15

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (11-nji nisanda bolan wakalar) Luka 21:1—36

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş