Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es26 sah. 37—46
  • Aprel

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Aprel
  • Her günki aýady okalyň — 2026
  • Sözbaşylar
  • 1-nji aprel, çarşenbe
  • ÝATLAMA AGŞAMY
    Gün ýaşandan soň başlanýar
    2-nji aprel, penşenbe
  • 3-nji aprel, anna
  • 4-nji aprel, şenbe
  • 5-nji aprel, ýekşenbe
  • 6-njy aprel, duşenbe
  • 7-nji aprel, sişenbe
  • 8-nji aprel, çarşenbe
  • 9-njy aprel, penşenbe
  • 10-njy aprel, anna
  • 11-nji aprel, şenbe
  • 12-nji aprel, ýekşenbe
  • 13-nji aprel, duşenbe
  • 14-nji aprel, sişenbe
  • 15-nji aprel, çarşenbe
  • 16-njy aprel, penşenbe
  • 17-nji aprel, anna
  • 18-nji aprel, şenbe
  • 19-njy aprel, ýekşenbe
  • 20-nji aprel, duşenbe
  • 21-nji aprel, sişenbe
  • 22-nji aprel, çarşenbe
  • 23-nji aprel, penşenbe
  • 24-nji aprel, anna
  • 25-nji aprel, şenbe
  • 26-njy aprel, ýekşenbe
  • 27-nji aprel, duşenbe
  • 28-nji aprel, sişenbe
  • 29-njy aprel, çarşenbe
  • 30-njy aprel, penşenbe
Her günki aýady okalyň — 2026
es26 sah. 37—46

Aprel

1-nji aprel, çarşenbe

Atam Ogluny tanap, oňa iman eden her bir adamyň ebedi ýaşamagyny isleýär (Ýah. 6:40).

Isanyň aýdyşy ýaly, diňe töleg gurbanyna iman eden adam ebedi ýaşap bilýär (Efes. 1:7). Isanyň «başga goýunlar» diýip atlandyran topary Ýatlama agşamynda çörekden we şerapdan datmaýar (Ýah. 10:16). Ýöne olar göçme manyda ýaşaýyş berýän çörekden iýýärler. Nädip? Olar Isanyň töleg gurbanyna we ol arkaly köp bereketleri aljakdygyna iman edýärler (Ýah. 6:53). Isa bilen gökde höküm sürjekler, täze ähte degişli bolanlar çörekden we şerapdan dadýarlar. Biz gökde ýa ýerde ýaşamaga umyt edýän bolsak-da, ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin Isanyň töleg gurbanyna iman etmeli. w24.12 sah. 12, 13, abz. 14, 16

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (12-nji nisanda bolan wakalar) Matta 26:1—5, 14—16; Luka 22:1—6

ÝATLAMA AGŞAMY
Gün ýaşandan soň başlanýar
2-nji aprel, penşenbe

Gorkma, kiçi süri! Ataňyz size Patyşalygy bermek isleýär (Luka 12:32).

Ýatlama agşamynda Isa resullaryna hamyrmaýasyz çöregi uzadyp: «Çörek meniň bedenimi aňladýar» diýdi. Soňra şeraply käsäni uzadyp: «Ol... äht ganymy aňladýar» diýdi (Mar. 14:22—25; Luka 22:20; 1 Kor. 11:24). Isa oňa täze äht diýdi. Ýehowa şol ähti «(ruhy) ysraýyl», ýagny Patyşalygynda Isa bilen höküm sürjekler bilen baglaşypdy (Ýew. 8:6, 10; 9:15). Isanyň Ýatlama agşamynda aýdan sözleri sanlyja adama, ýagny «kiçi sürä» degişlidi. Şol gün Isanyň ýanynda oturan resullar «kiçi sürä degişli» ilkinji şägirtlerdi. Isa olara çörekden we şerapdan datmalydygyny aýtdy. Nyşanlardan dadýan şägirtleriň ählisi gökde Isa bilen höküm sürerler. w24.12 sah. 11, abz. 9, 10

Ýatlama agşamynyň öňünden okalýan aýatlar: (13-nji nisanda bolan wakalar) Matta 26:17—19; Markus 14:12—16; Luka 22:7—13 (14-nji nisanda Gün batandan soň bolan wakalar) Ýahýa 13:1—5; 14:1—3

3-nji aprel, anna

Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär (Ýah. 3:16).

Ine, Isa pygamberiň öldürilmeli güni geldi. Oňa töhmet atdylar, tussag etdiler, kemsitdiler, üstünden güldüler, gamçylap urdular we ölüm hökümini çykardylar. Esgerler gelip ony öldürilmeli ýere alyp gitdiler we pürse çüýlediler. Isa pygamber ejirli ölüme mertlerçe döz geldi. Emma ondanam has köp ejir çeken biri bar. Ol gökdäki Atasy Ýehowa Hudaýdy. Gudratygüýçli Allatagala söwer Oglunyň ejir çekip ölmegine näme üçin ýol berdi? Munuň sebäbi Hudaý adamlary güýçli söýýärdi. Hawa, dünýäde şundan güýçli söýgi ýok bolsa gerek! Ýehowa her birimizi ýürekden söýýär. Ol bizi günäniň we ölümiň demir penjesinden halas etmek isleýär (1 Ýah. 4:9, 10). Ýehowa bize günäli höwesler bilen göreşip, wepaly bolmaga kömek edýär. Biz Ýehowanyň kömegi bilen günäniň üstünden doly ýeňiş gazanyp bileris. w24.08 sah. 6, abz. 13, 14

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (14-nji nisanda bolan wakalar) Ýahýa 19:1—42

4-nji aprel, şenbe

Mesih hem siziň üçin horluk çekdi (1 Pet. 2:21).

Ýehowanyň bizi güýçli söýýändigine düşünmek üçin, Oglunyň ejir çekip ölüşi barada oýlanyp göreliň. Şeýtan «agyr synagda hiç bir adam Hudaýa wepaly bolmaz» diýdi. Ýehowa Şeýtanyň ýalan sözleýändigini subut etmek üçin Isanyň ejir çekip ölmegine ýol berdi (Eýp. 2:1—5). Ýehowanyň gözüniň alnynda duşmanlar Isanyň üstünden güldüler, kemsitdiler, gamçyladylar we iň soňunda pürse çüýlediler. Ol Oglunyň ençeme sagatlap pürsde asylyp durşuny görmeli boldy. Şonda onuň ýüregi para-para bolandyr (Mat. 27:28—31, 39). Ýehowa Ogluny şol pursadyň özünde halas edip bilerdi (Mat. 27:42, 43). Onuň Isany halas etmäge güýji hem ýetýärdi. Ýöne şeýle eden bolsa, töleg gurbany berilmezdi we adamlar umytsyz ýaşardy. Şonuň üçin Ýehowa Oglunyň soňky demine çenli ejir çekmegine ýol berdi. w25.01 sah. 22, abz. 7

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (15-nji nisanda bolan wakalar) Matta 27:62—66 (16-njy nisanda bolan wakalar) Ýahýa 20:1

5-nji aprel, ýekşenbe

Isa... 40 günläp şägirtlerine göründi (Res. 1:3).

B. e. 33-nji ýylynyň 16-njy nisan güni Isa pygamberiň şägirtleriniň ählisi gam-gussa batyp ýas tutýar. Şeýle-de olar Halypasyny öldüren duşmanlardan gorkýar. Isanyň iki şägirdi Emmawus obasyna ýöräp barýar. Iki şägirt bolan zatlar hakda gürrüň edip gelýärkä, ýolda bir nätanyş adam olara goşulýar. Ol Isa pygamberdi, emma özüni tanatmaýar, gaýtam Mukaddes Kitapdaky, ýagny «Musadan başlap ähli pygamberleriň» kitaplarynda özi hakda ýazylan zatlary düşündirýär. Şeýlelikde, olar Emmawus obasyna barýar we saçak başyna geçýär. Birden üýtgeşik waka bolýar, olar nätanyş adamyň Isa pygamberdigine göz ýetirýär. Hawa, şägirtleriň Halypasy ölümden direldi (Luka 24:13—35). Isa 40 gün şägirtleriniň ýanynda bolýar we olara tälim berýär. Indi şägirtleri tanar ýaly bolmaýar, sebäbi olar Halypasyny öldüren adamlardan gorkmaýardy, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge we tälim bermäge taýyndy. w24.10 sah. 12, abz. 1—3

Ýatlama agşamynyň soňundan okalýan aýatlar: (16-njy nisanda bolan wakalar) Ýahýa 20:2—18

6-njy aprel, duşenbe

Mukaddes imanyňyz bilen özüňizi berkidiň (Ýahd. 20).

Çaga gün-günden ösýär we ulalýar. Emma mesihçi tagalla etmese, aýlar-ýyllar geçse-de ruhy taýdan ösmez. Meselem, Korinf şäherindäki adamlar hoş habary kabul etdiler, suwa çümdürildiler we Hudaýyň mukaddes ruhuny aldylar. Pawlus resulyň hut özi olara tälim berdi (Res. 18:8—11). Olaryň suwa çümdürilenine birnäçe ýyl geçdi. Şonda Pawlus olara: «Entegem ulalmadyňyz» diýdi (1 Kor. 3:2). Mesihçi ruhy taýdan ösmegi ýüregine berk düwmeli. Emma «tejribesizler» bilim almak we ruhy taýdan ösmek islemeýärler (Nak. 1:22). Göz öňüne getiriň, adam ulalandan soň hem jogapkärçilikden gaçyp, ene-atasyndan özüne derek karara gelmegi haýyş edýär. Biz şeýle adama meňzemek islemeýäris, gaýtam öz jogapkärçiligimizi özümiz çekip, ruhy taýdan ösmek isleýäris. Eger siz berk imanly mesihçi bolup, ruhy taýdan ösmek isleýän bolsaňyz, Ýehowa doga ediň. Ol «siziň ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer» (Flp. 2:13). w24.04 sah. 4, abz. 9, 10

7-nji aprel, sişenbe

Ýehowa... hemmeleriň... halas bolmagyny isleýär (2 Pet. 3:9).

Erbet adam ölende Allatagala begenmeýär (Hyz. 33:11). Ýehowa örän rehimdar Hudaý, erbet adamy hem ebedilik ýok etmek islemeýär. Eger degerli sebäp tapsa, erbet adama rehim edýär. Ebedilik ýok ediljek adamlar barada näme bilýäris? Bu soraga Mukaddes Kitap jogap berýär. Meselem, Isa pygamber Iuda Iskariýotyň direlmejekdigini aýtdy (Mar. 14:21; Ýah. 17:12). Sebäbi Iuda Ýehowa we Isa pygambere garşy bilgeşleýin günä etdi (Mar. 3:29). Şeýle-de Isa özüne garşy çykan dini ýolbaşçylaryň hem ebedilik ýok ediljekdigini aýtdy (Mat. 23:33; Ýah. 19:11). Pawlus resul imandan dänenleriň direlmejekdigini ýazdy (Ýew. 6:4—8; 10:29). w24.05 sah. 4, abz. 10, 11

8-nji aprel, çarşenbe

Ýehowa wepaly gullaryny goraýar (Zeb. 31:23).

Mukaddes çadyr biziň Ýehowa bilen dostlugymyzy bozup biljek zatlardan goraýar we şu garaňky dünýäde ýagty gelejege umyt berýär. Ýehowa dostlaryny öz penasynda aman saklar we Şeýtanyň ýetiren islendik zyýanynyň öwezini dolar (1 Ýah. 3:8). Täze dünýäde biziň Ýehowa bilen dostlugymyzy hiç kim we hiç zat bozup bilmez, hatda ölüm hem aýra salyp bilmez (Ylh. 21:4). Biz Ýehowanyň çadyrynda myhman bolmagy uly hormat hasaplaýarys (Hyz. 37:27). Ýehowanyň çadyrynda ebedilik bolmak üçin näme etmeli? Aýdaly, siz dostuňyzyň öýüne myhmançylyga barýarsyňyz. Siz dostuňyzyň halamaýan zadyny etmersiňiz. Edil şonuň ýaly, Ýehowanyň çadyrynda myhmançylykda bolanymyzda Onuň halamaýan zatlaryny etmeris, gaýtam göwnüne ýaraýan zatlary etmäge jan ederis (Kol. 1:10). Biz Oňa çuňňur hormat goýmaly. Älem-jahanyň eýesi Gudratygüýçliniň çadyrynda myhmançylykdadygymyzy unutmasak, haram işleri etmeris we «Hudaýyň öňünde pälimizi pes tutarys» (Mik. 6:8). w24.06 sah. 4, abz. 8, 9

9-njy aprel, penşenbe

Jenaýatçylar üçin töwellaçy boldy (Işa. 53:12).

Bir gün Ýehowa Ybraýym pygamberiň ýanyna gelip: «Janyňdan eziz görýän ýalňyz ogluň Yshagy... maňa gurban ber» diýdi. Ybraýymyň depesinden gaýnan suw guýlan ýaly bolandyr. Emma ol derrew gerek-ýarak zatlary taýynlap ýola düşdi. Ol eline pyçagy alyp ogluny öldürjek bolup durka, Ýehowa ony saklap: «Ogluňa degme, hiç zat etme. Seniň Hudaýdan gorkýan adamdygyňa doly göz ýetirdim» diýdi. Şonda Ybraýym uludan demini alan bolsa gerek. Aslynda, Ýehowa Ybraýym pygambere özüniň gelejekde etjek işini mälim etdi. Ýehowa ýeke-täk Ogluny gurban edip, adamlary günäden we ölümden halas etmek isleýärdi (1 Mus. 22:1—18). Musanyň kanunyna görä, ysraýyllar günäsini ýuwmak üçin Hudaýa mal gurbanyny berýärdiler (3 Mus. 4:27—29; 17:11). Şol gurbanlar Ýehowanyň gelejekde adamzat üçin berjek beýik gurbanlygyny suratlandyrýardy. Pygamberler Hudaýyň ylhamy bilen wada edilen nesliň adamzady günäden we ölümden halas etmek üçin şirin janyny gurban berjekdigini aýtdylar. Muny bilmek göwnüňizi götermeýärmi näme?! (Işa. 53:1—12). w24.08 sah. 4, abz. 7, 8

10-njy aprel, anna

Seniň kanunlaryňy şeýle bir söýýärin, gije-gündiz olar hakda oýlanýaryn (Zeb. 119:97).

Siz Mukaddes Kitaby haçan okasaňyz-da, esasy zat, ony durmuşyňyzda ulanmaly. Özüňize şeýle sorag beriň: «Men şu aýatdaky maslahatlary şu gün ýa-da hepdäniň dowamynda nädip ulanyp bilerin?» Meselem, 1 Selanikliler 5:17, 18-nji aýatlarda Ýehowa hemişe doga etmek we oňa minnetdar bolmak barada aýdylýar. Siz şu aýatlary okap, saklanyň we özüňize şeýle soraglary beriň: «Men günüň dowamynda näçe sapar doga-dileg edýärin? Doga-dileglerim has manyly bolar ýaly näme edýärin? Men Ýehowanyň haýsy üç ýagşylygyna minnetdar bolup bilerin?» Görşümiz ýaly, bary-ýogy iki aýadyň üstünde oýlanmagyň köp peýdasy bar. Eger siz Mukaddes Kitaby her gün şu usul bilen okasaňyz, Hudaýyň Sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetirip, Ony razy edersiňiz. w24.09 sah. 4, 5, abz. 9, 10

11-nji aprel, şenbe

Hakykat ýolunda gazanan zatlaryňyzy ýitirmekden habardar boluň. Şonda siz Hudaýyň berjek ähli sylaglaryny alarsyňyz (2 Ýah. 8).

Ýehowa ynsany täsin edip ýaradypdyr. Adam sowgat alanda däl-de, berende has köp şatlyk tapýar. Biz imandaşlarymyza kömek etmek üçin elimizde baryny edenimize begenýäris. Olar minnetdarlyk bildirseler, sag bolsun aýtsalar, şatlygymyza şatlyk goşulýar. Ýöne olar sag bolsun aýtmasalar-da, eden ýagşylygymyzyň gadyryny bilmeseler-de, biz dogry işi edýändigimize begenýäris. Dogan-uýalar, eden ýagşylygymyz üçin «Ýehowa... has köp zat berer» (2 Tar. 25:9). Hiç bir adam Ýehowanyň eden ýagşylygynyň astyndan çykyp bilmez. Dogan-uýalar, geliň, gökdäki jomart Atamyzyň göreldesine eýereliň we sylag-serpaýyna mynasyp bolalyň! w24.09 sah. 30, 31, abz. 20, 21

12-nji aprel, ýekşenbe

Ýehowa Hudaýym, bütin ýüregim bilen öwgi aýdaýyn, adyňy ebedilik şöhratlandyraýyn (Zeb. 86:12).

Ýehowa rehimdar, mähirli we duýgudaş Hudaý (Zeb. 103:13; Işa. 49:15). Biz gynananymyzda, Olam gynanýar (Zek. 2:8). Ýehowa biziň bilen dostlaşmak üçin ilkinji ädimi özi ädýär. Şeýle-de ol pesgöwünli Hudaý (Zeb. 25:14; Res. 17:27). Mukaddes Kitapda: «Ol egilip, asmana we ýere nazar salýar. Mätäji toprakdan... galdyrýar» diýilýär (Zeb. 113:6, 7). Şeýle aladaçyl Hudaýy nädip söýmejek?! Biz adamlaryň Ýehowa bilen dostlaşmagyny isleýäris. Köp adamlar hak Hudaýy tanamaýar. Sebäbi Şeýtan Ýehowa barada ýalan-ýaşryk zatlary ýaýradyp, adamlaryň gözüni gapdy (2 Kor. 4:4). Ol: «Ýehowa ar alýan, biperwaý Hudaý. Adamlaryň ejir çekmegine-de şol günäkär» diýýär. Ýöne Şeýtan barypýatan ýalançy. Biz adamlara Ýehowanyň ýagşy häsiýetleri barada aýdyp, Şeýtanyň ýalan sözlerini paş edýäris (Işa. 43:10). w25.01 sah. 3, 4, abz. 6, 7

13-nji aprel, duşenbe

Şeýtan... bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýar (Ylh. 12:9).

Isa pygamber ýer ýüzüne gelende hiç hili günä etmedi, ençeme gudratlary görkezdi. Duşmanlar şonda-da ony aýypladylar. Meselem, Isa pygamber Hudaýyň gudratly güýji bilen adamlaryň içinden jynlary çykarýar. Emma dini ýolbaşçylar oňa: «Jynlary jynlaryň hökümdarynyň kömegi bilen kowup çykarýar» diýip töhmet atdylar (Mar. 3:22). Olar Isany Allatagala dil ýetirýän jenaýatçy hökmünde aýyplap, tussag edýärler we halky öjükdirip, ölüme tabşyrýarlar (Mat. 27:20). Isa pygamberiň şägirtleri hem hoş habary wagyz edende, duşmanlar başga milletli adamlaryň aňyny zäherläp, olara garşy öjükdirýärler (Res. 14:2, 19). 1998-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňi» žurnalynda Resullar 14:2-nji aýat şeýle düşündirilýär: «Ýehudylar hoş habary diňlemediler. Üstesine-de, başga milletli adamlar Isa pygamberiň şägirtlerini ýigrener ýaly, mesihçiler hakda ýalan gep-gürrüňleri ýaýratdylar». Şeýtan Iblis şu günlerem «bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýar» we duzagyna salýar. w24.04 sah. 11, abz. 15, 16

14-nji aprel, sişenbe

Heý-de, ýer ýüzüniň Kazysy adalatsyzlyk edermi?! (1 Mus. 18:25).

Adamyň direljegi ýa-da direlmejegi haçan ölendigine bagly däl. Ýehowanyň çykarýan hökümleri adalatlydyr (Zeb. 33:4, 5). Biz bütin «ýer ýüzüniň Kazysynyň» adalatsyzlyk etmejekdigine ynamly bolup bileris. Adamyň gelejekde halas boljagy ýa-da bolmajagy, ýaşaýan ýurduna ýa-da ýerine bagly däl. Şu günler käbir adamlar wagyz işi gadagan edilen ýurtda ýa-da adam aýagy sekmedik tokaýdyr jeňňelde ýaşaýarlar. Ýehowa olary «geçileriň» hataryna goşup ýok edermi? Elbetde, ýok! (Mat. 25:46). Biynjalyk bolmaň, Ýehowa olaryň aladasyny bizden hem gowy eder. Biz uly betbagtçylykda Ýehowanyň wakalary nädip ugrukdyrjakdygyny bilmeýäris. Şol döwür Ýehowa ähli halklara mukaddes Hudaýdygyny mälim eder. Belki, şonda akýürekli adamlar Ýehowany tanap, iman eder we halkyna goşular (Hyz. 38:16). w24.05 sah. 12, abz. 14, 15

15-nji aprel, çarşenbe

Bir-biriňizi söýüň (Ýah. 15:12).

Ýehowanyň halky imandaşlaryna höwes bilen kömek edýär (2 Kor. 8:4). Käte munuň üçin batyrgaý bolmaly. Meselem, ýurtda uruş tursa, ýaşulular dogan-uýalary ruhlandyrmak, goldamak, imanyny berkitmek we iýjek-içjegini ýetirmek üçin elinde baryny edýär. Olar dogan-uýalary şeýle söýýärler welin, janyny orta goýmaga taýýar. Dogan-uýalar bilen agzybir boluň. Filialyň görkezmesine gyşarnyksyz eýeriň (Ýew. 13:17). Ýaşulular betbagtçylykdan öň we betbagtçylyk bolanda näme etmelidigi hakdaky görkezmeleri wagtal-wagtal okamaly (1 Kor. 14:33, 40). Batyrgaý, ýöne ätiýaçly boluň (Nak. 22:3). Hereket etmezden öň oýlanyň, gözsüz batyr bolmaň. Ýehowa bil baglaň. Unutmaň, Ýehowa siziňem, dogan-uýalaryňam aman-esen bolmagyny isleýär. Ol size kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek eder. w24.07 sah. 4, abz. 8; sah. 5, abz. 11

16-njy aprel, penşenbe

Agyr dert içinde Ýehowany çagyrdym... perýadym gulagyna ýetdi (Zeb. 18:6).

Dawut Ýehowany gowy tanaýardy we oňa bil baglaýardy. Şawul patyşa Dawudyň kastyna çykyp, gije-gündiz yzarlaýar. Şonda Dawut Ýehowadan kömek sorap ýalbarýar. Ýehowa Dawudyň dilegine jogap berende, ol: «Ýehowa Biribardyr!» diýýär (Zeb. 18:46). Dawut näme diýjek boldy? Käbir terjimelerde şol aýatdaky «Biribar» sözi «diri Hudaý» diýip terjime edilen. Bir ylmy kitapda bolsa: «Dawut Ýehowanyň Gudratygüýçli Hudaýdygyna we kömek etmäge taýyndygyna ynanýardy» diýilýär. Hawa, Dawut durmuşynda Ýehowanyň elini ençeme sapar görýär. Şonuň üçin ol Beýik Biribary elmydama wasp etmegi we Oňa yhlasly gulluk etmegi ýüregine berk düwýär (Zeb. 18:28, 29, 49). Biz Ýehowanyň Beýik Biribardygyna iman etsek, Oňa janymyz-tenimiz bilen sežde ederis. Her bir synaga mertlerçe döz geleris we Ýehowa yhlasly gulluk ederis. Ýehowa bilen dostlugymyz gün-günden berkär. w24.06 sah. 20, 21, abz. 3, 4

17-nji aprel, anna

Sizi hiç kim aldaýmasyn (2 Sel. 2:3).

Pawlus resulyň Selaniklilere ýazan hatyndan näme öwrenýäris? Belki, biz Mukaddes Kitaba garşy gelýän gep-gürrüňleri ýa-da akylyňy haýran edýän habarlary eşitmegimiz mümkin. Şol habara dessine ynanmagyň deregine, onuň dogrumy ýa-da nädogrudygyny anyklamaly. Şeýle ýagdaý Sowet Soýuzy döwründe bolupdy. Doganlara bir hat gelýär. Ol hat edil Baş edaradan gelen ýalydy, aslynda, ony duşmanlar iberipdi. Şol hatda Sowet Soýuzyndaky doganlara Baş edaradan aýrylyp, özbaşdak gurama bolmak maslahat berilýärdi. Emma wepaly doganlar hatda ýazylan zatlaryň iman edýän taglymatlaryna gabat gelmeýändigine göz ýetirdiler. Şonuň üçin doganlar duzaga düşmedi. Şu günler hakykatyň duşmanlary döwrebap tehnologiýa arkaly her hili gep-gürrüňleri we ýalan maglumaty ýaýradýar, Hudaýyň halkynyň arasynda agzalalyk döretmek üçin elinde baryny edýär. Eger biz şol maglumatyň Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna garşy gelýändigine göz ýetirsek, ýalana özümizi aldatmarys we «aljyraňňylyga düşmeris» (2 Sel. 2:2; 1 Ýah. 4:1). w24.07 sah. 12, abz. 14, 15

18-nji aprel, şenbe

Eger biri günä etse... kömekçimiz... bardyr (1 Ýah. 2:1).

Ýehowa adamlary erkin edip ýaratdy. Biz her gün ençeme kararlara gelýäris. Ömrüňi Ýehowa bagyş edip halkynyň arasyna goşulmak iň wajyp kararlaryň biri. Ýehowa şu ädimi ätmegimizi isleýär. Ol bizi söýýär, ýagşylyk isleýär. Onuň dostlary ebedi ýaşar (5 Mus. 30:19, 20; Gal. 6:7, 8). Ýehowa biziň höwes bilen gulluk etmegimizi isleýär. Ol hiç bir adamy mejburlamaýar. Eger suwa çümdürilen mesihçi Hudaýyň kanunyny bozup, günä etse näme? Ol toba etmese ýygnakdan çykarylýar (1 Kor. 5:13). Ýöne Ýehowa onuň toba edip ýene-de ýygnaga dolanmagyny isleýär. Aslynda, Hudaý töleg gurbanyny adamlaryň günäsini ýuwmak üçin berdi. Ol günäkärleri hem gowy görýär. Şonuň üçin olary toba çagyrýar (Zek. 1:3; Rim. 2:4; Ýak. 4:8). w24.08 sah. 14, abz. 1, 2

19-njy aprel, ýekşenbe

Ýüregiňde akyldarlyk kök ursa, meniň kalbym şatlanar (Nak. 23:15).

Ýahýa üçünji hatyny ýazanda käbir adamlar ýygnakda ýalan taglymatlary öwredýärdi we bölünişik döredýärdi. Ýöne ýygnakda «hakykat ýolunda ýöreýänler» hem bardy. Olar Ýehowa gulak asyp, tabşyryklaryny berjaý edip ýaşaýardylar (2 Ýah. 4, 6). Şol mesihçiler Hudaýyň kada-kanunlaryna gulak asyp diňe Ýahýany däl, Ýehowany hem begendirýärdi (Nak. 27:11). Biz näme öwrenýäris? Hudaýa wepaly adam şatlanyp ýaşaýar (1 Ýah. 5:3). Biz Ýehowany razy edýändigimize begenýäris. Ol biziň şu dünýä gyzman hakykaty kabul edendigimize guwanýar. Muňa perişdeler hem şatlanýar (Luka 15:10). Biz dogan-uýalaryň Hudaýa wepaly bolýandygyny görüp diýseň begenýäris. Şeýtanyň dünýäsi ýok edilende Jennetde ebedi ýaşarys (2 Sel. 1:4). Şonda zalym dünýäniň soňunda Ýehowa wepaly bolandygymyza örän begeneris. w24.11 sah. 12, abz. 17, 18

20-nji aprel, duşenbe

Goý, her kim öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin (1 Kor. 10:24).

Doganlar, siz göwnüňize ýaraýan gyzy haçana çenli synlamaly? Eger siz derrew söz aýtsaňyz, onda howlukmaç karara gelersiňiz (Nak. 29:20). Emma uzaga çekseňiz, esasanam, gyz synlaýanyňyzy aňýan bolsa, belli bir karara gelip bilmeýän adam ýaly görnersiňiz (Nes. 11:4). Unutmaň, gyzy näçe synlasaňyz-da, onuň gowy ýanýoldaş boljagyny 100 göterim anyklap bilmersiňiz. Munuň üçin tanyşlyk açmaly. Esasy zat, siz maşgalanyň ýüküni çekmäge taýyn bolmaly we gyza göwnüňiz ýetmeli. Uýalar, biriniň sizi halaýandygyny duýsaňyz näme etmeli? Göwnüňiz ýok bolsa, onda näz edip ýörmäň, onuň duýgusyny oýnamaň, ýogsam ýüregine ýara salarsyňyz (Efes. 4:25). w24.05 sah. 23, abz. 9, 10

21-nji aprel, sişenbe

(Men) gelip, sizi öýüme alyp giderin (Ýah. 14:3).

Diňe Hudaý tarapyn saýlanan we soňuna çenli wepaly bolan adamlar Isa Mesih bilen Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürer. Olar oýa bolmasalar, gökdäki sylagyny alyp bilmez (Mat. 24:31). Biz gökde ýa-da ýer ýüzünde ýaşamaga umyt etsek-de, Isanyň duýduryşyna ünsli bolmaly, oýa bolup, soňuna çenli wepaly galmaly. Soňky günlerde Ýehowa mukaddes ruhy bilen köp adam saýlaýar. Muňa biynjalyk bolmalymy? Elbetde, ýok! Sebäbi Ýehowa Hudaýy gowy tanaýarys we her bir gelýän karary bilen doly razylaşýarys. Isa pygamber üzümçilikde zähmet çeken işgärler hakda gürrüň berdi (Mat. 20:1—16). Olaryň käbiri daň bilen, käbiri bolsa günüň ahyrynda işläp başladylar. Emma üzümçiligiň eýesi uzakly gün işlänlere-de, bir sagat işlänlere-de deň hak berdi. Hawa, Ýehowa mesihçini haçan saýlasa-da, ol dünýäniň soňuna çenli wepaly bolmaly. Şonda ol gökdäki sylagyny hökman alar. w24.09 sah. 24, abz. 15—17

22-nji aprel, çarşenbe

Mesih hem siziň üçin horluk çekip, yzyna gyşarnyksyz eýermegiňiz üçin görelde galdyrdy (1 Pet. 2:21).

Isa pygamber adalatsyzlyga döz gelip gowy görelde görkezdi. Oňa dogan-garyndaşlary, başga-da köp adamlar adalatsyzlyk etdiler. Meselem, dogan-garyndaşlary oňa akylyndan azaşypdyr diýdiler, dini ýolbaşçylar oňa jynlaryň kömegi bilen gudrat görkezýär diýip töhmet atdylar. Esgerler bolsa kemsidip üstünden güldüler, taýak bilen ýençdiler, soňunda bolsa öldürdiler (Mar. 3:21, 22; 14:55; 15:16—20, 35—37). Ýöne Isa ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap berip, ar aljak bolmady. Isadan näme öwrenýäris? (1 Pet. 2:21—23). Bizi kemsidenlerinde, töhmet atanlarynda Isadan görelde alyp bilýäris. Ol haçan dymmalydygyny, haçan jogap bermelidigini gowy bilýärdi (Mat. 26:62—64). Ol özüne atylan her bir töhmetiň ýalandygyny subut etjek bolmady (Mat. 11:19). Emma Isa hemişe dymmaýardy, gerek ýerinde jogap hem berýärdi. Duşmanlar ony kemsidenlerinde sylaşykly we mähirli gepleşýärdi. w24.11 sah. 5, abz. 9, 10

23-nji aprel, penşenbe

Isa Mesih günäkärleri halas etmek üçin dünýä geldi (1 Tim. 1:15).

Aýdaly, siz dostuňyza gowy görýän hem-de gerekli zadyny sowgat berýärsiňiz. Bir gün onuň öýüne baranyňyzda, beren sowgadyňyzyň şkafyň içinde tozan basyp durandygyny göreniňizde gynanýarsyňyz. Ýöne dostuňyzyň beren sowgadyňyzy hezil edip ulanýandygyny göreniňizde begenýärsiňiz. Edil şonuň ýaly, Ýehowa-da eziz Ogluny biziň üçin gurban berdi. Eger töleg gurbanyna minnetdar bolsak, Ýehowanyň sowgadynyň gadyryny bilsek, örän begener (Ýah. 3:16; Rim. 5:7, 8). Biz ýyllar geçdigi saýyn töleg gurbanyna ýönekeý zat ýaly garamagymyz mümkin. Göýä ony şkafyň içine salyp, tozan basdyryp goýan ýaly bolmagymyz mümkin. Elbetde, biz Ýehowanyň beren sowgadyna begenýändiris, ýöne gymmaty hakda oýlanýan däldiris. Şeýle bolmaz ýaly, Ýehowanyň we Isanyň eden uly ýagşylygy hakda her gün oýlanmaly. w25.01 sah. 26, abz. 1, 2

24-nji aprel, anna

Şol zatlar hakda oýlan, olara bar ünsüňi ber, şonda hemmeler seniň ruhy taýdan ösüşiňi görerler (1 Tim. 4:15).

«Ýaňy-ýakynda mesihçi bolan adam» ýaşuly bellenmeli däl. Elbetde, bu seniň suwa çümdürileniňe köp ýyl geçmelidigini aňlatmaýar. Emma sen ruhy taýdan berkeýänçäň wagt gerek bolar. Ýaşuly bolmak isleýän dogan Isadan görelde alyp, pesgöwünli bolmaly we ýygnakda tabşyrylan islendik ýumşy höwes bilen etmeli. Şeýle-de ýygnakda borç berilýänçä sabyrly garaşmaly (Mat. 20:23; Flp. 2:5—8). Ýaşuly bolmak isleýän dogan «wepaly» bolmaly. Ol Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaly we guramasynyň berýän görkezmesine eýermeli. Mukaddes Kitaba görä, ýaşulular «öwretmäge ukyply» bolmaly. Bu doganyň hökman ökde nutukçy bolmalydygyny aňladýarmy? Elbetde, ýok. Hemme ýaşulular ökde nutukçy bolmaýar. Ýöne olar wagyz edende, çopançylyk idegini edende Mukaddes Kitaby ökdelik bilen ulanyp, öwretmegi we dogan-uýalary ruhlandyrmagy başarmaly. w24.11 sah. 23, 24, abz. 14, 15

25-nji aprel, şenbe

Men bolsa seniň tabşyryklaryňy söýýärin, olary altyndan, sap altyndan gymmatly görýärin (Zeb. 119:127).

Mukaddes Kitaby we edebiýatlary okanyňyzda düşünmeýän ýeriňiz bar bolsa, gözleg geçiriň. Soňra günüň dowamynda Ýehowa, Isa we olaryň söýgüsi barada oýlanyň (Zeb. 119:97). Eger siz Mukaddes Kitapdan gözleg geçireniňizde her gezek täze pikirleri tapmasaňyz ýa-da täze zat öwrenmeseňiz gynanmaň. Siz edil altyn gözleýän adamlara meňzeýärsiňiz. Olar bir bölek altyny tapmak üçin birnäçe günläp arman-ýadaman gazýarlar. Sebäbi altynyň kiçijik böleginiň hem gymmatlydygyna düşünýärler. Emma Mukaddes Kitapdaky dürdäne pikirler altyndan has gymmatly (Nak. 8:10). Şonuň üçin, geliň, ýadaman-ýaltanman her gün Mukaddes Kitaby okalyň we dürdäne pikirleri tapalyň (Zeb. 1:2). w25.01 sah. 25, abz. 14, 15

26-njy aprel, ýekşenbe

Ýehowanyň sizi ýürekden bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi ýürekden bagyşlamaly (Kol. 3:13).

Ýehowa biziň kiçi dilden bärde däl-de, ýürekden bagyşlamagymyzy isleýär (Zeb. 86:5; Luka 17:4; Efes. 4:32). Biziň göwnümize ýat biri däl-de, dogan-garyndaşlarymyz, dost-ýarlarymyz degende has-da agyr bolýar (Zeb. 55:12—14). Şonda ýüregimize hanjar sanjylan ýaly bolýar (Nak. 12:18). Şeýle ýagdaýda biz: «Üns bermäýin-le, geçer-gider» diýip, pikir etmegimiz mümkin. Emma bu howply bolup biler, sebäbi duýgularymyza üns bermesek, hanjary çykarman ýüregimizde göterip ýören ýaly bolarys. Mähriban dogan-uýalar, beýle etmäliň, ýogsam ýüregimizdäki gopýan harasat içki dünýämizi ýykan-ýumran eder. Biri göwnümize degende derrew gaharlanmagymyz mümkin. Mukaddes Kitapda munuň adaty zatdygy aýdylýar. Ýöne biz gahar-gazabyň öz üstümizden agalyk etmegine ýol bermeli däl (Zeb. 4:4; Efes. 4:26). Näme üçin? Sebäbi gahar-gazaba münen adam gowy zadyň üstünden barmaýar (Ýak. 1:20). Hawa, göwnüňe degenlerinde ganyň depäňe urup biler. Ýöne gaharyň guly bolmalymy ýa-da hojaýyny, ol siziň özüňize bagly. w25.02 sah. 15, abz. 4—6

27-nji aprel, duşenbe

Akyldarlyk... adamyň janyny aman saklaýar (Nes. 7:12).

Isa pygamber «Hudaýyň öňünde baý bolman» özi üçin pul toplaýan adamyň akylsyzdygyny aýtdy (Luka 12:16—21). Sebäbi hiç kim ertir näme boljagyny bilmeýär (Nak. 23:4, 5; Ýak. 4:13—15). Üstesine-de Ýehowa iman edýändigimiz üçin köp kynçylyklara duş geleris. Isa pygamber şägirtleriniň «ähli zadyndan geçmeli» boljakdygyny aýtdy (Luka 14:33). I asyrda Ýahudada ýaşan mesihçiler köp zadyndan höwes bilen geçdiler (Ýew. 10:34). Şu günler köp dogan-uýalar olaryň göreldesine eýerýär. Syýasata goşulmaýandygy, saýlawlarda ses bermeýändigi üçin olary işden çykarýarlar (Ylh. 13:16, 17). Şonda dogan-uýalara Ýehowa bil baglamaga näme kömek edýär? Olar Ýehowanyň: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýen wadasyna 100 göterim ynanýarlar (Ýew. 13:5). Biz ertirki gün üçin gurbumyzyň çatdygyndan pul süýşürsek-de, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykanda Ýehowanyň kuwwatly goluny uzadyp kömek etjekdigine doly ynanýarys. w25.03 sah. 29, abz. 13, 14

28-nji aprel, sişenbe

Diňe bir Mesih hakdaky esasy taglymatlary öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem ruhy taýdan ösmäge jan edeliň (Ýew. 6:1).

Ýehowa bize ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Ol ýygnak ýaşulularyny «çopanlar we mugallymlar edip berdi». Olar «bize ähli zatda Mesihe meňzäp, uly adam bolmaga» kömek edýär (Efes. 4:11—13). Şeýle-de Ýehowa mukaddes ruhy arkaly Isa Mesih ýaly pikir etmegi öwredýär (1 Kor. 2:14—16). Ýehowa Injiliň dört Hoş habarynda Isa pygamberiň öwüt-ündewi we eden işleri hakda ýazdyrdy. Biz olary okasak, Halypamyz ýaly pikirleneris, onuň göreldesine eýereris we ruhy taýdan ösen mesihçi bolarys. Biz ruhy taýdan ösmek üçin «Mesih hakdaky esasy taglymatlary öwrenmeli». w24.04 sah. 4, 5, abz. 11, 12

29-njy aprel, çarşenbe

Akylyň seni gorar, parasatlylyk saňa hemaýat berer (Nak. 2:11).

Biz her gün dürli kararlara gelmeli bolýarys. Käbir zatlarda karara gelmek aňsat bolýar. Meselem, näme iýip-geýjegiňi, haçan ýatyp-turjagyňy çözmek kyn däl. Emma saglyk, maşgala, Ýehowa sežde etmek we bagtly bolmak ýaly uly meselede karara gelmezden öň gowy oýlanmak isleýäris. Sebäbi nädogry karara gelip hem özümizi, hem dogan-garyndaşlarymyzy kösemek islemeýäris. Iň esasy zat bolsa, gelýän kararymyz bilen Ýehowany gynandyrasymyz gelmeýär (Rim. 12:1, 2). Biz paýhasly karara gelmek üçin, birinjiden, ýagdaýyň anygyna-şänigine ýetmeli. Näme üçin? Aýdaly, bir adam keselläp lukmanyň ýanyna gelýär. Lukman näme eder? Elbetde, ilki bilen ol hassanyň hal-ýagdaýyny sorar we barlagdan geçirer. Soňra bejergi ýazyp berer. Edil şonuň ýaly, bizem ähli zady anyklap, soň karara gelmeli. w25.01 sah. 14, abz. 1—3

30-njy aprel, penşenbe

Ýehowa günäňi geçýär, sen ölmersiň (2 Şam. 12:13).

Ýehowa örän rehimdar Hudaý. Ol «hemme adamlaryň halas bolmagyny isleýär» (2 Pet. 3:9). Taryha ser salyp, käbir wakalar hakda gürrüň edeliň. Dawut patyşa zyna edýär we bigünä adamyň ganyna galýar. Emma günäsine ýürekden toba edende, Ýehowa oňa rehim edýär (2 Şam. 12:1—12). Manaşa patyşa barypýatan zalym adamdy. Emma ol erbet işlerine ökünende, Ýehowa bagyşlaýar (2 Tar. 33:9—16). Şu wakalardan görşümiz ýaly, Ýehowa degerli sebäp tapsa, günäkäre rehim edýär. Diýmek, hak Alla agyr günäsine toba eden adamlary gelejekde direlder. w24.05 sah. 4, abz. 12

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş