Maý
1-nji maý, anna
Hudaý hiç kimi ala tutmaýar (Rim. 2:11).
Ýehowa halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi. Soňra olar ençeme sapar ymgyr çölde düşlediler. Düşelgäniň ortarasynda Ýehowanyň mukaddes çadyry ýerleşýärdi. Hudaý çadyrda gulluk etmäge Harunyň neslinden ruhanylary we lewileri belledi. Käbir maşgalalar mukaddes çadyryň golaýjygynda ýaşaýardy, käbirleri bolsa uzakda ýaşaýardy. Ýehowa çadyryň golaýynda ýaşaýanlara has köp bereket berýärdimi? Elbetde, ýok! Ol halkyň aladasyny deň derejede edýärdi. Ysraýyllar Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşyp bilýärdi. Bütin halk çadyryň depesinde peýda bolan bulut ýa-da ot sütünini görýärdi (2 Mus. 40:38). Bulut sütüni hereket edip başlanda, çadyrdan uzakda ýaşaýan maşgalalar hem ony görüp, goş-golamyny ýygnap ýola düşýärdiler (4 Mus. 9:15—23). Şu günler Ýehowa dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan halkyny ýürekden söýýär, aladasyny edýär we goraýar. w24.06 sah. 4, abz. 10—12
2-nji maý, şenbe
Ýörüň, gaçalyň, ýogsam Abselimiň elinden diri sypmarys! (2 Şam. 15:14).
Dawut patyşanyň janyna howp abanýardy. Onuň ogly Abselim kakasyny tagtdan agdaryp, patyşa bolmagyň küýüne düşüpdi (2 Şam. 15:12, 13). Dawut derrew Iýerusalimden gitmelidi. Ol Abselimiň planlaryndan habarly bolmak üçin kimdir biriniň şäherde galmagyny isledi. Şol sebäpli Sadyga we birnäçe ruhana Iýerusalimde galmagy tabşyrdy (2 Şam. 15:27—29). Olar seresap bolmalydy. Dawut patyşa gowy plan düzdi, planyny ýerine ýetirmegi Huşaý bilen Sadyga tabşyrdy (2 Şam. 15:32—37). Dawudyň planyna görä, Huşaý Abselimiň ynamyna girmelidi we oňa biderek maslahat bermelidi. Şeýlelikde, Dawut wagt utup, söweşe taýýarlyk görüp bilerdi. Huşaý eden işlerini Sadyga we Abyýatara gürrüň bermelidi (2 Şam. 17:8—16). Olar hem Dawut patyşa habar ýollamalydy. Şeýdip, olar Dawut patyşanyň janyny goramalydy (2 Şam. 17:21, 22). w24.07 sah. 4, 5, abz. 9, 10
3-nji maý, ýekşenbe
Ýehowa şeýle diýýär: «Geliň, düşünişeliň!» (Işa. 1:18).
Käbir dogan-uýalar Ýehowany tanamankalar agyr günä etdi, käbirleri bolsa ömrüni Ýehowa bagyş edenden soň ýalňyşlyk goýberdi. Olar eden günäsini ýatlap, öz etini özleri iýýär we ynsaby ezýet berýär. Dogan-uýalar, Ýehowa töleg gurbanyny näme üçin berendir öýdýärsiňiz?! Ol sizi ýürekden söýýändigi üçin şeýle gymmatly töleg töledi. Ol siziň töleg gurbanyna iman edip, geçmişde eden günäňizi ýatlamazlygyňyzy isleýär. Ýehowa siziň bilen «düşünişenden» soň eden günäňiz üçin temmi bermeýär. Hawa, Ýehowa ýalňyşlaryň däl-de, ýagşy işleriň sanawyny ýöredýär. Muny bilmek göwnüňi göterýär (Zeb. 103:9, 12; Ýew. 6:10). Geçmişde eden günäňiz sebäpli ynsabyňyz köseýän bolsa näme?! Onda geçeni geçdi biliň, Ýehowa üçin indi näme etjekdigiňiz hakda we gelejekde aljak sylagyňyz barada oýlanyň. Dogan-uýalar, siz geçmişiňizi üýtgedip bilmersiňiz, emma häzir yhlasly wagyz edip, Ýehowanyň adyny şöhratlandyryp bilersiňiz we gelejekde aljak ajaýyp bereketleriňiz hakda oýlanyp bilersiňiz. w24.10 sah. 8, abz. 8, 9
4-nji maý, duşenbe
Täze häsiýetleri öwreniň (Kol. 3:10).
Mukaddes Kitaby okanyňyzda köp häsiýetleriňiziň üstünde işlemelidigiňizi görüp, ruhdan düşmegiňiz mümkin. Aýdaly, siz birinji gün Ýakup 2-nji baby okaýarsyňyz. Şonda adamlary ala tutmaň diýen maslahatyň üstünde oýlanýarsyňyz we hiç kimi ala tutmazlygy ýüregiňize düwýärsiňiz (Ýak. 2:1—8). Ikinji gün Ýakup 3-nji baby okaýarsyňyz. Onda diliňe erk etmek barada maslahat berilýär. Şonda siziň käte gödek sözleri aýdyp, adamlaryň göwnüni ýykýandygyňyz ýadyňyza düşýär (Ýak. 3:1—12). Indi siz mähirli sözleri aýdyp, adamlary ruhlandyrýan wakalary gürrüň bermegi ýüregiňize düwýärsiňiz. Üçünji gün siz Ýakup 4-nji baby okaýarsyňyz. Onda dünýäniň dosty bolmaň diýip maslahat berilýär. Şondan soňra siz görjek filmleriňize we diňlejek aýdymlaryňyza ünsli bolmagy maksat goýýarsyňyz (Ýak. 4:4—12). Dördünji gün bolsa Mukaddes Kitaby eliňize alýarsyňyz welin, ençeme häsiýetleriňizi düzetmelidigiňiz hakda oýlanyp ruhdan düşýärsiňiz we hemme zatdan eliňiz sowaýar. Ýöne täze häsiýetleri wagtyň geçmegi bilen ösdürip bolýandygyny ýatdan çykarmaň. w24.09 sah. 5, 6, abz. 11, 12
5-nji maý, sişenbe
Ýüregiňizde Mesihi Halypamyz hökmünde mukaddes hasaplaň. Umydyňyz hakda sorana jogap bermäge hemişe taýyn boluň, ýöne muny ýumşaklyk we çuňňur hormat bilen aýdyň (1 Pet. 3:15).
Isa pygamber Ýehowanyň ähli zady görýändigini bilýärdi, Onuň bellän wagtynda adalatsyzlygyň ýetiren zyýanyny doly aýyrjakdygyna ynanýardy. Isa pygamberiň göreldesine eýerip, haçan dymmalydygyny we haçan geplemelidigini öwrenmeli. Käte kiçiräk zatlarda göwnümize degenlerinde dymanyňdan gowusy ýok. Eger ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap bersek, ýagdaý has-da beterleşer (Nes. 3:7; Ýak. 1:19, 20). Käte bolsa göz-görtele adalatsyzlyk edenlerinde, bize töhmet atanlarynda, gurama barada ýalan gep-gürrüňleri aýdanlarynda jogap bermäge taýyn bolmaly (Res. 6:1, 2). Ýöne mähirli we ýumşak bolmagy unutmaly däl. Isa pygamberiň göreldesine eýerip, özümizi «adalatly höküm çykarýan Hudaýyň eline tabşyrýarys» (1 Pet. 2:23). w24.11 sah. 5, 6, abz. 10—12
6-njy maý, çarşenbe
Bir günäkär toba etse, Hudaýyň perişdeleri has köp begenýärler (Luka 15:10).
Günä eden adam toba etse, hemmämiz begenýäris (Luka 15:7, 10). Elbetde, ýaşulular oňa kömek etmek üçin elinde baryny edýärler. Emma alkyşa, öwgä diňe Ýehowa mynasyp. Sebäbi Pawlus resul 2 Timoteos 2:25-de Ýehowanyň günä edýänlere «toba etmäge mümkinçilik berýändigini» ýazdy. Öwrenmek üçin Mukaddes Kitapda şu aýada şeýle düşündiriliş berilýär: «Günä eden adamyň pikirini we garaýşyny adam däl-de, Ýehowa üýtgedýär. Şonuň üçin alkyşa diňe Ýehowa mynasyp. Pawlus resul toba etmegiň gowy netijesi barada aýdyp geçýär: günä eden adam hakykata has-da gowy düşünip başlaýar, akylyna aýlanýar we Şeýtanyň torundan halas bolýar» (2 Tim. 2:26). Ýaşulular toba eden adama birnäçe gezek çopançylyk idegini edýärler. Şeýtanyň duzaklaryna garşy göreşmäge, dogry ýoldan ýöremäge kömek edýärler (Ýew. 12:12, 13). w24.08 sah. 23, abz. 14, 15
7-nji maý, penşenbe
Siz meni gudrat göreniňiz üçin däl, garnyňyz doýany üçin gözleýärsiňiz (Ýah. 6:26).
Isanyň gudratyny gören adamlar diňe öz islegini kanagatlandyrjak bolýardy. Muny nireden bilýäris? Şol günüň ertesi olar Isa bilen şägirtleriniň ýokdugyny gördüler, «şol wagt Tiberiýadan gaýyklar gelipdi». Olaram şol gaýyklara münüp, Isany gözlemek üçin Kapernawuma gitdiler (Ýah. 6:22—24). Aslynda, olar Hudaýyň Patyşalygy barada bilmek üçin Isanyň yzyndan gitmändi. Olaryň bar aladasy garnyny doýurmakdy. Munuň şeýledigini Isanyň sözlerinden hem bilse bolýar. Adamlar Isany Kapernawumyň golaýyndan tapdylar. Isa adamlaryň garnyny doýurmak üçin gelendiklerini bilýärdi. Isanyň beren çöregi olaryň garnyny doýran hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen zaýalanýardy. Isa olara: «Zaýalanýan çöregi däl, zaýalanmaýan, ýagny ebedi ýaşaýyş berýän çöregi almaga jan ediň» diýdi (Ýah. 6:26, 27). Şeýle-de olara «zaýalanmaýan çöregi» Atasynyň berýändigini aýtdy. w24.12 sah. 5, abz. 8, 9
8-nji maý, anna
Paýhasly adam düşünje bilen gepleýär, aýdýan sözleri bilen ynama girýär (Nak. 16:23).
Ýaşuly «Hudaýyň ynamdar sözüni gyşarnyksyz öwretmeli». Şonuň üçin ýygnakda çykyş edeniňde ýa-da birine maslahat bereniňde Hudaýyň Sözüne esaslan. Mukaddes Kitaby we edebiýatlary çuňňur öwren (Nak. 15:28). Aýatlaryň edebiýatlarymyzda nähili düşündirilýändigine ünsli bol. Şonda olary dogry ulanyp bilersiň. Şeýle-de öwredeniňde diňleýjileri Ýehowany hasam söýmäge we öwrenen zatlaryny durmuşynda ulanmaga höweslendir. Eger sen tejribeli ýaşululardan haýsy taraplaryňy gowulandyrmalydygyňy sorasaň we olaryň maslahatlaryna eýerseň, hasam ökdeleşersiň (1 Tim. 5:17). Şeýle-de ýaşulular dogan-uýalary ruhlandyrmaly. Käte olar dogan-uýalara maslahat bermeli, hatda «käýemeli» hem bolýar. Ýöne olar muny ýumşaklyk bilen etmeli. Eger adamlar bilen mähirli gepleşseň we Hudaýyň Sözüne esaslanyp öwretseň, Beýik Mugallym Isanyň göreldesine eýerdigiň bolar (Mat. 11:28—30; 2 Tim. 2:24). w24.11 sah. 24, abz. 16
9-njy maý, şenbe
Milletlere şan-şöhratyny ýetiriň (Zeb. 96:3).
Biz Ýehowa barada wagyz edýäris. «Ýehowa aýdym aýdýarys... adyny wasp edýäris... halas edişi hakda wagyz edýäris. Milletlere şan-şöhratyny ýetirýäris» (Zeb. 96:1—3). Şeýdip, gökdäki Atamyzy şöhratlandyrýarys (Res. 4:29). Biz höwes bilen pul sadakasyny berýäris. Hudaýa wepaly adamlar hemişe-de arassa seždäni goldamak üçin emlägini, gymmatbaha zatlaryny sadaka beripdir (Nak. 3:9). Meselem, ysraýyllar ybadathananyň gurluşygy we bejeriş işleri üçin altyn-kümüşlerini getiripdirler (2 Pat. 12:4, 5; 1 Tar. 29:3—9). Käbir akýürekli adamlar Isadan we resullaryndan hiç zadyny gaýgyrman, olara hyzmat edipdirler (Luka 8:1—3). Şeýle-de I asyrdaky mesihçiler mätäçlik çekýän imandaşlaryna zerur zatlaryny ýetirip durupdyrlar (Res. 11:27—29). Şu günler bizem pul sadakasyny berip, Ýehowany şöhratlandyrýarys. w25.01 sah. 4, abz. 8; sah. 5, abz. 11
10-njy maý, ýekşenbe
Olara suwa çümdürilmäge kim garşy çykyp biler? (Res. 10:47).
Korneliý we tutuş maşgalasy hudaýhon adamlardy. Korneliý Hudaýa elmydama doga-dileg ederdi (Res. 10:2). Petrus hoş habary wagyz edende Korneliý we tutuş maşgalasy Isa Mesihe iman etdi we derrew suwa çümdürildi (Res. 10:47, 48). Ol maşgalasy bilen Ýehowa sežde etmek üçin islendik zatdan geçmäge we özgerişlik etmäge taýyndy (Ýuşa 24:15; Res. 10:24, 33). Korneliýe hem suwa çümdürilmäge wezipesi päsgel berip bilerdi. Ýöne ol muňa ýol bermedi. Mähriban dogan-uýalar, belki, siz hem suwa çümdürilmek üçin durmuşyňyzda uly özgerişlik etmeli bolýansyňyz. Eger şeýle bolsa, Ýehowa size hökman kömek eder. Ol siziň Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşamak üçin edýän tagallaňyza hökman ak pata berer. w25.03 sah. 5, abz. 12, 13
11-nji maý, duşenbe
Ýalan rowaýatlary gürrüň berýänleri diňleme (1 Tim. 4:7).
Siz Ýehowanyň guramasy, jogapkär doganlar hakda ýalan gep-gürrüňleri eşitseňiz, güpbe ynanmaň. Hudaýyň duşmanlarynyň Isa pygamberi we şägirtlerini ne güne salandygy hakda oýlanyň. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň halkynyň yzarlanjakdygy we töhmet atyljakdygy pygamberlik edilen (Mat. 5:11, 12). Eger ýalan gep-gürrüňleri Şeýtan Iblisiň ýaýradýandygyny unutmasaňyz we olary diňlemeseňiz, duzagyna düşmersiňiz. Ýalan gep-gürrüňleri diňlemäň. Pawlus resul ýalan gep-gürrüňleri diňlemeli däldigini şeýle düşündirdi: «Ýalan rowaýatlara ynanmaň... ýalan rowaýatlary gürrüň berýänleri diňlemäň» (1 Tim. 1:3, 4). Biz agy-garany saýgarmaýan çaga ýaly bolmak islemeýäris. Şol sebäpli Hudaýyň guramasy hakda aýdylýan ýalan gep-gürrüňleri diňlemeýäris, sebäbi olary kimiň ýaýradýandygyna düşünýäris we ruhy saglygymyza zyýan ýetirjekdigine, Ýehowa bilen dostlugymyzy bozjakdygyna düşünýäris. Biz sagdyn sözlere berk ýapyşmak isleýäris (2 Tim. 1:13). w24.04 sah. 11, abz. 16; sah. 13, abz. 17
12-nji maý, sişenbe
Olar süýji sözler aýdyp we ýaranjaňlyk edip, sada adamlary azdyrýarlar (Rim. 16:18).
Ýehowa agzybirlikde sežde ediň. Biz Hudaýa wepaly adamlar bilen agzybir bolmak üçin hakykata berk ýapyşmaly. Mukaddes Kitabyň taglymatyna garşy gidýän adam ýygnakda agzalalyk döredýär. Ýehowa: «Şeýle adamlardan gaça duruň» diýip maslahat berýär. Ýogsam biz olaryň yzyna düşüp hakykat ýolundan sowlarys (Rim. 16:17). Biz «sagdyn sözlere» iman etsek, hakykata berk ýapyşsak, hiç kim we hiç zat Ýehowa bilen dostlugymyzy bozup bilmez (Efes. 4:15, 16). Uly betbagtçylykda Şeýtan Ýehowa barada has köp ýalan zatlary ýaýradar. Emma biz onuň ýalan sözlerine gulak gabartmarys we Ýehowanyň penasynda bolarys. Mähriban dogan-uýalar, hakykat ýolundan saga-sola sowulmaň. Şonda «Hudaýyň parahatlygy» siziň bilen bolar (Flp. 4:8, 9). w24.07 sah. 13, abz. 16, 17
13-nji maý, çarşenbe
Isa günäleri hemişelik aýyrmak üçin bir gezek gurbanlyk berdi (Ýew. 10:12).
Isa pygamber günä sebäpli bili bükülen, ruhdan düşen adamlary görüp gynanýardy. Olara kömek edesi gelýärdi we şägirdi bolmaga çagyrýardy. Ol bar belanyň körüginiň günädigine düşünýärdi. Isa il arasynda günäkär hasaplanýan adamlara kömek etmek üçin ýanlaryna barýardy. Isa pygamber: «Lukman sag adama däl, syrkawa gerek. Men hudaýhon adamlary däl, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýipdi (Mat. 9:12, 13). Bir gezek ol günäkär aýala: «Günäleriň bagyşlandy» diýdi (Luka 7:37—50). Ýene bir gezek bolsa il arasynda ahlaksyz aýal diýip tanalýan samariýaly gelne wajyp hakykaty düşündirdi (Ýah. 4:7, 17—19, 25, 26). Hak Hudaý Isa pygambere, hatda ölümiň üstünden ygtyýar berdi. Şeýlelikde, Isa pygamber çagalary, aýal-erkekleri direltdi (Mat. 11:5). w24.08 sah. 4, abz. 9, 10
14-nji maý, penşenbe
Ol dogruçyllyk we wepadarlyk bilen, ýer ýüzüniň halklaryny höküm eder (Zeb. 96:13).
Ýehowa gelejekde höküm çykaranda adyny şöhratlandyrar. Ol mukaddes adyny garalaýan Beýik Wawilony ýok eder (Ylh. 17:5, 16; 19:1, 2). Belki, şol döwür käbir adamlar Hudaýyň halkyna goşulyp, Oňa sežde eder. Armageddonda bolsa, Ýehowa Şeýtanyň dünýäsini, tarapdarlaryny we adyna dil ýetirýän adamlary ýok eder. Ýöne Ýehowa gulak asýan, ony söýýän, adyna alkyş aýdýan adamlar halas bolar (Mar. 8:38; 2 Sel. 1:6—10). Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynyň ahyrynda boljak soňky synagdan soň Ýehowa adyny doly aklar (Ylh. 20:7—10). Şonda «deňziň suwdan doluşy deý, ýer ýüzi Ýehowanyň şöhraty hakdaky bilimden dolar» (Hab. 2:14). Gelejekde hemmeler Ýehowa alkyş aýdanda örän tolgundyryjy bolar. w25.01 sah. 7, abz. 15, 16
15-nji maý, anna
Görýän görgüleriňize terbiýe hökmünde garap, çydamly boluň (Ýew. 12:7).
Hawa, ýewreý mesihçileri çydamly bolmalydy. Pawlus resul dogry garaýşy saklamak babatda maslahat berýär. Elbetde, ýewreý mesihçileri Ýehowanyň ähli kynçylyklardan goramajakdygyna we yzarlamalara ýol berip biljekdigine düşünmelidi. Olar «görýän görgülerine terbiýe hökmünde garasalar», synaglarda Ýehowa ýaraýan ajaýyp häsiýetleri ösdürip bilerdi. Eger olar aljak sylagy, ýagny Ýehowa ýaraýan häsiýetleri ösdürjekdigi hakda oýlansalar, synaglara çydamak aňsat bolardy (Ýew. 12:11). Pawlus resul mesihçiler üçin çydamlylyk häsiýetiniň örän möhümdigini bilýärdi. Sebäbi ol mesihçileri zalymlyk bilen yzarlapdy, Isa Mesihiň şägirtleriniň çeken jebir-jepasyny görüpdi. Ol mesihçi bolansoň, şol kynçylyklary öz başyndan geçirdi we Halypasynyň hatyrasyna köp zorluk-süteme döz geldi (2 Kor. 11:23—25). w24.09 sah. 12, abz. 16, 17
16-njy maý, şenbe
Oýa boluň (Mat. 25:13).
Biz badymyzy gowşatman wagyz etmeli, sebäbi dünýäniň soňy gün-günden golaýlaşyp gelýär. Markus 13:10-a görä, Isa pygamber soňky günlerde uly depginde wagyz ediljekdigi barada pygamberlik etdi. Ol: «Hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» diýdi (Mat. 24:14). «Dünýäniň soňy geler» diýen jümle Şeýtanyň dünýäsiniň ýok ediljekdigini aňladýar. Ýehowa höküm etjek «gününi we sagadyny» belledi (Mat. 24:36; Res. 1:7). Allatagalanyň höküm güni gün-günden golaýlaşýar (Rim. 13:11). Şol sebäpli yhlasly wagyz etmeli. Bizi wagyz etmäge näme höweslendirýär? Bir söz bilen aýtsaň: söýgi. Biziň ýüregimizde hoş habar ot kimin tutaşýar welin, içimizde saklap bilmeýäris. Biz adamlary ýürekden söýýäris we olaryň halas bolmagyny isleýäris. Şeýle-de Ýehowany janymyz-tenimiz bilen söýýäris we mukaddes adyna hormat goýýarys. w24.05 sah. 14, 15, abz. 2, 3
17-nji maý, ýekşenbe
Hudaý ýaradan zatlaryna göz aýlady. Görse, ähli zat juda gowy (1 Mus. 1:31).
Ene-atalar, dag-düzlere dynç almaga gideniňizde, tebigatda duş gelýän täsin şekillere çagalaryňyzyň ünsüni çekiň. Şonda çagalaryňyz şol zatlaryň öz-özünden döremändigine, olary hökman biriniň ýaradandygyna düşüner. Meselem, tebigatda spiral görnüşli şekiller köp duş gelýär. Alymlar ony ençeme ýyl bäri öwrenýär. Nikola Femili atly biofizik şol bir görnüşli spirallaryň tebigatda dürli-dürli ýerlerde duş gelýändigini aýdýar. Haýran galdyrýan ýeri, şol spirallaryň sanlary hem gabat gelýär. Oňa ylymda Fibonaçiniň sanlary diýilýär. Spiral görnüşdäki şekilleri käbir galaktikalarda, balykgulakda, ýapraklarda we günebakarda görse bolýar. w24.12 sah. 16, abz. 7
18-nji maý, duşenbe
Ýaşaýşyňyz Hudaýa baglydyr (5 Mus. 30:20).
Biziň ýaşaýan döwrümiz Musa, Dawut pygamberleriň we Ýahýa resulyň günlerinden tapawutlanýar. Emma bizem olar ýaly hak Hudaýa gulluk edýäris, Ýehowa doga edýäris, bil baglaýarys we görkezme soraýarys. Üç hudaýhon adam ýaly bizem gulak asýan adamlara Ýehowanyň bereket berýändigine ynanýarys. Geliň, üç sany wepaly gojanyň beren öwüt-nesihatyna eýerip Ýehowa gulak asalyň. Şonda işimiz ugruna bolar, uzak ömür süreris, ýagny ebedi ýaşarys. Şeýle-de Ýehowany razy edip ýürekden şatlanarys. Gökdäki Atamyz tizden wadasyny ýerine ýetirer, bol bereket berer. Jennetde durmuş göz öňüne getirişimizden hem gowy bolar (Efes. 3:20). w24.11 sah. 13, abz. 20, 21
19-njy maý, sişenbe
Hudaý ýygnakda her kime aýratyn orun berdi (1 Kor. 12:28).
I asyrda käbir doganlar ýygnakda hyzmatçy bolup gulluk edýärdi (1 Tim. 3:8). Pawlus resul olara «hyzmat edýänler» diýdi. Hyzmatçy doganlar ýaşululara uly goldaw berýärdi. Şeýlelikde, ýaşulularyň beýleki dogan-uýalara tälim bermäge we çopançylyk idegini etmäge wagty bolýardy. Belki, hyzmatçylar Mukaddes Kitabyň golýazmalaryny göçürendirler ýa-da göçürmek üçin gerek-ýarak zatlary satyn alyp gelendirler. Şu günler ýygnak hyzmatçylary köp işleri edýär (1 Pet. 4:10). Meselem, ýygnagyň hasap-hesip işlerini ýöredýär, ýygnagyň meýdançasyna seredýär, gerekli edebiýatlary sargyt edýär we dogan-uýalara paýlaýar. Şeýle-de ýygnagyň audio-wideo enjamlaryna seredýär, ýygnaga gelenleri garşy alýar we Ýygnak jaýynyň bejeriş işlerine gatnaşýar. Olaryň tagallasy bilen bütin ýygnak sazlaşykly işleýär (1 Kor. 14:40). w24.10 sah. 19, abz. 4, 5
20-nji maý, çarşenbe
Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir (Flp. 4:13).
Ýehowanyň Beýik Biribardygyny unutmasak we goldajakdygyna iman etsek, islendik kynçylyga döz geleris. Gudratygüýçli Hudaý kynçylyga düşenimizde güýjümize güýç goşar. Kynçylyklarda ejizlemäliň, mert bolalyň! Durmuşda bolýan her bir kynçylyklarda Ýehowanyň elini görjek bolalyň. Şonda agyr synaglarda-da Beýik Biribara wepaly galarys. Geliň, Dawudyň durmuşynda bolan iki waka seredeliň. Dawut ýaş ýigitdi. Ol «kakasynyň sürüsini bakyp ýörkä, bir gezeg-ä ýolbars, bir gezegem aýy gelip, goýnuny äkidýär». Dawut ýyrtyjy haýwanlaryň yzyndan ýetip, öldürýär-de, goýunlaryny ganly penjesinden halas edýär. Şonda ýaş ýigit özüni däl-de, Ýehowa Hudaýy şöhratlandyrýar (1 Şam. 17:34—37). Dawut Ýehowanyň has agyr synaglarda-da goldajakdygyna ynanýar. w24.06 sah. 21, abz. 5, 6
21-nji maý, penşenbe
Diňlemän jogap bermek akmaklyk hem utançdyr (Nak. 18:13).
Aýdaly, sizi oturylyşyga çagyrdylar. Siz näme edersiňiz? Eger siz oturylyşygy gurnaýan adamy gowy tanamasaňyz, onda oňa şeýle soraglary berip bilersiňiz: «Oturylyşyk nirede we haçan geçiriler? Oňa näçe adam geler? Oturylyşyga kim gözegçilik edýär? Kimler gatnaşar? Oturylyşykda näme ediler, spirtli içgiler hem bolarmy?» Eger şu zatlary bilseňiz, onda dogry karara gelip bilersiňiz. Soraglaryňyza jogap tapanyňyzdan soň, ýagdaýa hemmetaraplaýyn seretjek boluň. Siz oturylyşyga Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýan adamlaryň geljekdigini, spirtli içgileriň köp goýuljakdygyny bilýärsiňiz. Üýşmeleňiň soňy keýpi-sapaly oturylyşyga ýazmazmy? (1 Pet. 4:3). Eger siz ýagdaýa hemmetaraplaýyn seretseňiz ýalňyşmarsyňyz. w25.01 sah. 15, abz. 4, 5
22-nji maý, anna
Günäleriňiz gyzyl mata ýaly bolsa-da, men olary gar ýaly ak ederin (Işa. 1:18).
Mukaddes Kitapda Ýehowanyň geçirimliligini suratlandyrýan deňeşdirme ýazylan. Gadymy döwürde egin-eşige degen tegmili aýyrmak gaty kyn bolýardy. Edil şonuň ýaly agyr günä eden adam ýazygym hiç haçan ýuwulmaz diýip ruhdan düşüp biler. Emma Ýehowa şu deňeşdirme arkaly adamyň günäsini ýuwanda, günäden nam-nyşan galmajakdygyny düşündirýär. Günä eden adam Ýehowanyň kada-kanunyny bozýar we Oňa bergidar bolýar (Mat. 6:12; Luka 11:4). Biz näçe günä etsek, şonça-da berginiň astynda galýarys. Biz öz güýjümiz bilen hiç haçan berginiň astyndan çykyp bilmeris. Emma rehimdar, geçirimli Hudaý adamy bagyşlansoň, ondan hasabat soramaýar we temmi bermeýär. Bergisi, ýagny günäsi geçilen adamyň begenjinden ýaňa ökjesi ýere degmese gerek. w25.02 sah. 9, 10, abz. 9, 10
23-nji maý, şenbe
Çagalar ene-atasyna däl-de, ene-atalar çagalaryna miras galdyrýar (2 Kor. 12:14).
Ene-atalar garran çagy çagalaryndan pul ýa-da başga-da gerek zatlaryny sorap biler, çagalary hem olara höwes bilen kömek eder (1 Tim. 5:4). Emma mesihçi ene-atalar çagalaryny «garran çagymyz sereder, eklär» diýip däl-de, «Ýehowa wepaly gulluk eder» diýip ulaltsalar has bagtly bolar (3 Ýah. 4). Ene-atalar, çagalaryňyza öz başyny çaramagy we göreldäňiz bilen Ýehowa bil baglamagy öwrediň. Çagalaryňyz kiçi bolsa-da, öýüň käbir işlerini etdiriň (Nak. 29:21; Efes. 4:28). Olary mekdepde gowy okamaga höweslendiriň. Edebiýatlardan Mukaddes Kitabyň prinsipleri hakda gözleg geçiriň we çagalara bilim almak meselesinde dogry karara gelmäge kömek ediň. Şeýtseňiz, çagalaryňyz hünär öwrenip öz gününi özi görer we Ýehowa köpräk gulluk eder, hatda pioner gullugyna hem başlar. w25.03 sah. 30, 31, abz. 15, 16
24-nji maý, ýekşenbe
Täze häsiýetleri geýiň (Efes. 4:24).
Ýehowa ruhy jennetde nähili bereket aljakdygymyz barada Işaýa pygambere ýazdyrdy. Bu barada Işaýa 65-nji bapda ýazylan. Şu pygamberlik birinji sapar b. e. öň 537-nji ýylda ýerine ýetdi. Şol döwür toba eden ýehudylar Wawilon ýesirliginden azat bolup watanyna dolandylar. Olar haraba bolup ýatan Iýerusalim şäherini we ybadathanany dikeltdiler. Şeýlelikde, ol ýer arassa seždäniň merkezi boldy (Işa. 51:11; Zek. 8:3). Işaýanyň pygamberligi ikinji sapar b. e. 1919-njy ýylynda ýerine ýetdi. Şol döwür Ýehowanyň halky Beýik Wawilonyň ýesirliginden azat boldy. Şondan soňra ruhy jennet kem-kemden giňedi. Hudaýa wepaly wagyzçylar köp ýygnaklary döretdiler we ruhy jennetiň pajarlap miwe bermegine goşant goşdular. Öň ahlaksyz, zalym, zorluk-sütem edip ýaşan adamlar indi «Hudaýyň islegine görä ýaradylan... täze häsiýetleri geýdiler». w24.04 sah. 20, 21, abz. 3, 4
25-nji maý, duşenbe
Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir (Gal. 6:5).
Käbir ýurtlarda ene-atalar ogluna gyz tapyp berýär. Käbir ýurtlarda bolsa oglanyň dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary gowuja gyz tapmaga kömek edýär. Eger sizden gyz tapmagy haýyş etseler näme etmeli? Siz iki tarapyň hem islegini göz öňünde tutuň. Gyzyň edim-gylymyny, gylyk-häsiýetini we Ýehowany jany-teni bilen söýýändigini biljek boluň. Sebäbi onuň Hudaý bilen dostlugy baýlygyndan, biliminden, kesp-kärinden we aslyndan has wajypdyr. Emma maşgala gurmalymy ýa-da gurmaly däldigini oglan bilen gyzyň çözmelidigini unutmaň. w24.05 sah. 23, abz. 11
26-njy maý, sişenbe
Hak dost elmydama söýýär (Nak. 17:17).
Biz pikirlenmän geplesek, ýaşlary oňaýsyz ýagdaýa salarys (Nak. 12:18). Meselem, dogan bilen uýanyň duşuşyp başlandygyny eşideniňizde, gowy habary hemmelere aýdasyňyz gelýändir. Belki, ýaşlar hemmeleriň eşitmegini isleýän däldir we özleriniň aýdasy gelýän adamlary bardyr. Şonuň üçin ýaşlaryň gep-gürrüňini etmäliň ýa-da gelýän kararlaryny tankytlamalyň (Nak. 20:19; Rim. 14:10; 1 Sel. 4:11). Şeýle-de ýaşlara toý bilen bagly birtopar sorag berip, oňaýsyz ýagdaýa salmalyň. Biz dogan bilen uýanyň duşuşmagyny bes edendigini eşitsek, özümizi nähili alyp barmaly? Biz olary soraga tutmaly däl ýa-da biriniň tarapyny tutup, beýlekisini ýamanlamaly däl (1 Pet. 4:15). Dogan-uýalar, oglan bilen gyz duşuşmagyny bes eden bolsa, olary tankytlamaň. Tanyşlyk döwrüniň maksady ýaşlara biri-birine gabat gelýändigini ýa-da gelmeýändigini anyklamaga kömek etmekdir. Diýmek, olar biri-birine gabat gelmeýändigine göz ýetirip dogry karara gelipdirler. Ýöne duşuşmagyny bes edenleriň ýüregi ýaraly bolýar we özlerini ýeke duýýar. Geliň, olaryň ýarasyna duz sepmäliň, gaýtam derdine derman bolalyň. w24.05 sah. 31, abz. 15, 16
27-nji maý, çarşenbe
Kyn günüňde ruhdan düşseň, göreşmäge güýjüň bolmaz (Nak. 24:10).
Maşgala agzalaryň ýa-da dost-ýarlaryň biri Ýehowadan ýüz öwrende ýüregiň para-para bolýar (Zeb. 78:40). Siziň bilen hem şeýle ýagdaý boldumy? Siz onuň bilen her gün diýen ýaly saçak başynda süýji-süýji söhbet edensiňiz, syr alşyp-berşensiňiz. Indi bolsa onuň ýeri boş dur. Siz janyňyza jaý tapýan dälsiňiz. Sadyk hem şeýle ýagdaýy başdan geçiripdi. Onuň jana-jan dosty Abyýatar Dawut patyşa we Ýehowa dönüklik edýär. Dawut patyşa ölüm ýassygynda ýatyrdy, onuň ogly Adonyýar kakasynyň tagtyny eýelejek bolýar. Emma Ýehowa tagta Süleýmanyň çykjakdygyny aýdypdy (1 Tar. 22:9, 10). Sadyk dosty Abyýataryň dönüklik edendigini eşidende ýüregi para-para bolandyr (1 Pat. 1:5—8). Olar 40 ýyllap eginme-egin işleşipdiler (2 Şam. 8:17; 15:29; 19:11—14). w24.07 sah. 6, abz. 14, 15
28-nji maý, penşenbe
Hudaýdan gorkýanlar bagtlydyr (Nak. 28:14).
Gadyrly dogan-uýalar, geliň, erbet endiklerimiz, häsiýetlerimiz we ejizliklerimiz bilen göreşeliň. Günä «wagtlaýyn lezzet» berýär, emma Ýehowanyň kada-kanunlary ebedilik bagtly edýär (Ýew. 11:25; Zeb. 19:8). Biz günäniň guly bolmak üçin däl-de, halal ýaşamak üçin ýaradyldyk (1 Mus. 1:27). Biz Allatagalany razy edip ýaşasak, ynsabymyz arassa bolar, ebedi ýaşaýşa barýan ýoldan ynamly ädimler bilen ýöräris (1 Tim. 6:12; 2 Tim. 1:3; Ýahd. 20, 21). Hawa, «beden ejiz» (Mat. 26:41). Emma biz ýeke däl, arkamyzda Gudratygüýçli Allatagala dur (2 Kor. 4:7). Ol bize gerekli güýji berer. Ýöne biz gol gowşuryp oturmaly däl, günäniň duzagyna düşmez ýaly elimizde baryny etmeli. Şonda Ýehowa biziň doga-dilegimize jogap berer, synaga döz gelmäge güýç-kuwwat berer (1 Kor. 10:13). Gadyrly dogan-uýalar, biz Ýehowanyň kömegi bilen hökman ýeňiş gazanarys. w24.07 sah. 19, abz. 19—21
29-njy maý, anna
Günä edýänlere hemmeleriň öňünde käýinç ber (1 Tim. 5:20).
Pawlus resul ýaşuly dogan Timoteosa günä eden adam babatda şu günki aýatdaky maslahaty berdi. Pawlus «hemmeler» diýende günäkäriň eden işini bilýän we ýaşululara habar beren adamlary göz öňüne tutdy. Ýaşulular diňe şol adamlara günäkäriň işine seredendiklerini we käýinç berendiklerini aýdyp biler. Käbir ýagdaýlarda Pawlusyň «hemmeler» diýen sözi tutuş ýygnagy aňladýar. Sebäbi adamyň eden agyr günäsini dogan-uýalaryň köpüsi bilýändir ýa-da gelejekde bilmegi mümkin. Şeýle ýagdaýda ýaşulular günäkäre käýinç berlendigi hakda ýygnakda bildiriş etmeli. Şonda «beýlekiler sapak edinerler». w24.08 sah. 24, abz. 16, 17
30-njy maý, şenbe
Hudaýyň şu sözleri hakdyr (Ylh. 19:9).
Biz dünýäniň soňuna çenli Ýehowanyň tabşyran her bir işine yhlasly ýapyşmaly we ýadaman-ýaltanman zähmet çekmeli. Isa pygamber iki daýhan we degirmende galla üweýän iki aýal hakda mysaly gürrüň berdi. Ol şu mysal arkaly saýlanan mesihçilere gökdäki sylagyny almak üçin soňuna çenli wepaly bolmagy maslahat berdi. Olar Halypasy Isa bilen gökde höküm sürmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Armageddondan soň gökde «Guzynyň toýy» bolar, şonda saýlananlar «gelin» hökmünde tagtda oturar (2 Sel. 2:1). Höküm güni ýetip gelýär, emma biz gorkmaly däl, sebäbi söýgüden doly gökdäki Atamyz Ýehowa «Ynsan oglunyň öňünde» wepaly durar ýaly güýç-kuwwat berer (2 Kor. 4:7; Luka 21:36). Biz gökde ýa-da ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga umydymyz bolsa-da, Isa pygamberiň gürrüň beren mysallaryndan sapak edinsek, Ýehowany razy ederis. Şonda ýagşylyga baý Hudaý biziň «adymyzy ýaşaýyş kitabyndan hiç haçan öçürmez» (Dan. 12:1; Ylh. 3:5). w24.09 sah. 24, 25, abz. 19, 20
31-nji maý, ýekşenbe
Hudaý bilen dostlaşmagy saýladym (Zeb. 73:28).
Siz biynjalyk edýän soraglaryňyza jogap tapyp bilersiňiz. Siz Ýehowa gulluk edip, alan bereketleriňiz hakda oýlanyň. Elbetde, siz ýer ýüzünde däl-de, gökde hazyna ýygnadyňyz. Ýehowa size guwanýar! Baý adamlaryň mal-mülki geçegçidir we olaryň ebedi ýaşamaga umydy ýokdur. Emma Ýehowa size ajaýyp sylagy, ýagny ebedi ýaşaýşy wada berýär (Zeb. 145:16). Şu sorag hakda oýlanyň: «Siz Ýehowany däl-de, dünýäni saýlan bolsaňyz, kösenmän, eşretli durmuşda ýaşardyňyzmy?» Siz Ýehowanyň islegini birinji orunda goýsaňyz, hem häzir, hem gelejekde bagtly ýaşarsyňyz. w24.10 sah. 27, abz. 12, 13