Iýun
1-nji iýun, duşenbe
Ýehowa, sen ýagşy, geçirimli (Zeb. 86:5).
Isanyň töleg gurbany biziň durmuşymyzy häzirden manyly edýär. Töleg gurbany berlendigi üçin Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlaýar. Ol özüni borçly duýandygy üçin däl-de, bizi gowy görýändigi üçin günälerimizi geçýär (Zeb. 103:3, 10—13). Käbir adamlar eden günäsini ýatlap: «Ýehowa meni hiç haçan bagyşlamaz. Men beýle uly ýagşylyga mynasyp däl» diýip pikir edýär. Aslynda, biziň hiç birimiz muňa mynasyp däl. Pawlus hem: «Resul adyny götermäge-de mynasyp däldirin» diýdi. Ýöne ol soňra: «Hudaýyň ýagşylygy bilen resul boldum» diýip ýazdy (1 Kor. 15:9, 10). Eger günälerimize toba etsek, Ýehowa bizi bagyşlar. Ýehowa bizi mynasyp bolandygymyz üçin däl-de, gowy görýändigi üçin bagyşlaýar. Eger siz: «Ýehowa meniň günälerimi hiç haçan bagyşlamaz, men muňa mynasyp däl» diýip pikir edýän bolsaňyz, şuny ýatdan çykarmaň: Ýehowa töleg gurbanyny kämil adamlar üçin däl-de, günäsine toba edýän adamlar üçin berdi (Luka 5:32; 1 Tim. 1:15). w25.01 sah. 26, 27, abz. 3, 4
2-nji iýun, sişenbe
Mähirli adam haýyr tapar, gödek adam öz başyny bela sokar (Nak. 11:17).
Biz adamlaryň pikirini we kararlaryny üýtgedip bilmesek-de, özümiz dogry garaýyşda bolup bilýäris. Dogry garaýyşly adam geçirimli bolýar we Ýehowany söýýär. Ol Ýehowanyň öz günälerini bagyşlamagyny isleýär. Biz geçirimli bolman, gahar-gazaba münsek, «akmaklyk ederis» we saglygymyza zyýan ýetireris (Nak. 14:17, 29, 30). Biz geçirimli bolsak ýüregimizi öýke-kine bilen zäherlemeris, gaýtam aýgytly ädimler bilen öňe ýöräris. Käte gahar-gazap, öýke-kine bilen näçe göreşsek-de, olary ýeňip bilmeýäris. Elbetde, köşeşmek üçin wagt gerek bolýar. Adamyň eli ýa-da aýagy döwülse, lukmana ýüz tutmaly bolýar. Ýöne döwlen süňküň bitmegi üçin wagt gerek bolýar. Edil şonuň ýaly, biziň hem ýürek ýaralarymyz bitip, adamy bagyşlar ýaly wagt gerek. Hawa, wagt agyr derdiň dermanydyr (Nes. 3:3; 1 Pet. 1:22). Ýehowa doga-dileg etseňiz, göwnüňize degen adamy bagyşlamak aňsat bolar. w25.02 sah. 16, abz. 8—11
3-nji iýun, çarşenbe
Agyr nahar ruhy taýdan ösen adamlar üçindir (Ýew. 5:14).
«Esasy taglymatlara» günäli işlere toba etmek, Hudaýa iman etmek, suwa çümdürilmek we direliş hakdaky hakykatlar degişli (Ýew. 6:1, 2). Şol hakykatlar mesihçileriň imanynyň özeni bolup durýar. Petrus resul Pentikost baýramynda şu zatlar hakda adamlara wagyz etdi (Res. 2:32—35, 38). Biz Isa Mesihiň şägirdi bolmak üçin esasy taglymatlara iman etmeli. Pawlus resul direliş hakyndaky taglymata iman etmeýän adamyň Isa Mesihiň şägirdi bolup bilmejekdigini açyk aýtdy (1 Kor. 15:12—14). Ruhy taýdan ösmek üçin esasy taglymatlary bilmek ýeterlik däl. Mukaddes Kitabyň esasy taglymatlaryny bilýän adam Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýar. Emma «agyr nahar» iýýän adam Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça ýaşaýar we Ýehowanyň pikirine düşünýär. Biz «agyr nahary» siňdirmek üçin Hudaýyň Sözüni okamaly, oýlanmaly we öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanmaly. Şonda biz hemişe Ýehowany begendirýän kararlara geleris. w24.04 sah. 5, abz. 12, 13
4-nji iýun, penşenbe
Kyýamat güni Ninewiýanyň halky... direler (Mat. 12:41).
Ýehowa gahardan ýarylaýjak bolýan Ýunus pygamberi köşeşdirýär we ninewiýalylaryň «ýagşy-ýamany bilmeýändigini» düşündirýär (Ýun. 1:1, 2; 3:10; 4:9—11). Birnäçe asyrdan soň Isa pygamber Ýehowanyň adalatly we rehimdar Hudaýdygyny düşündirýär. Isa pygamber «Kyýamat güni» diýende nämäni göz öňüne tutdy? Ol «höküm edilmek üçin direljekler» hakda aýtdy (Ýah. 5:29). Ol döwür Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygyny aňladýar. Müňýyllyk hökümdarlykda «dogruçyllar we erbetler» direler (Res. 24:15). Erbetler höküm edilmek üçin direler. Belki, Ýehowa gelejekde ninewiýalylardan käbirini direlder. Şonda olara Ýehowa hem-de Isa hakda bilim berler. Olar durmuşyny bütinleý üýtgetmeli bolar. Eger ninewiýalylar Ýehowa arassa sežde etmek islemese, ebedilik ýok ediler (Işa. 65:20). Ýehowa wepaly bolup, arassa sežde etjek adamlar ebedi ýaşarlar (Dan. 12:2). w24.05 sah. 5, abz. 13, 14
5-nji iýun, anna
Ynsan ogly ýiten adamlary gözläp tapmaga we olary halas etmäge geldi (Luka 19:10).
Isa Atasynyň göreldesine doly eýerýärdi (Ýah. 14:9). Isa pygamberiň aýdýan sözlerinden, edýän işlerinden Ýehowanyň rehimli Atadygy, günäkär adamlaryň durmuşyny üýtgedip hakykat ýolundan ýöremegini isleýändigi görünýärdi. Isa pygamber günäkär adamlary durmuşyny üýtgetmäge we şägirdi bolmaga höweslendirýärdi (Luka 5:27, 28). Isa pygamber özüne nähili ölümiň garaşýandygyny bilýärdi. Ol özüne dönüklik ediljekdigini we pürse çüýlenip öldüriljekdigini şägirtlerine gürrüň berdi (Mat. 17:22; 20:18, 19). Isa ejirli ölüme döz gelse, bütin adamzadyň günäsini ýuwup biljekdigine düşünýärdi. Isa şirin janyny gurban edensoň, «ähli halklary ýanyma getirerin» diýip hem şägirtlerine aýtdy (Ýah. 12:32). Adamlar günäden azat bolup hak Allany razy etmek üçin Isa pygamberiň Halypasydygyna ynanmalydy we onuň yzyna gyşarnyksyz eýermelidi (Rim. 6:14, 18, 22; Ýah. 8:32). Isa pygamber adamzady ölümden halas etjekdigi barada oýlanyp, ejir çekip ölmäge taýyn boldy (Ýah. 10:17, 18). w24.08 sah. 5, abz. 11, 12
6-njy iýun, şenbe
Ilki bilen Patyşalyk baradaky hoş habar ähli milletlere wagyz ediler (Mar. 13:10).
Siz Hudaýyň Sözünden hakykatlary eşiden günüňizi ýadyňyza salyň. Şonda gökdäki Ýehowa Atamyzyň sizi söýýändigini, ogul-gyzy hökmünde kabul etmek isleýändigini, çekýän jebir-jepaňyzy ýok etjekdigini, aradan çykan dogan-garyndaşlaryňyzy direltjekdigini we şuňa meňzeş ençeme hakykatlary bildiňiz (Mar. 10:29, 30; Ýah. 5:28, 29; Rim. 8:38, 39; Ylh. 21:3, 4). Siz özüňizi bagtly duýansyňyz (Luka 24:32). Şu hakykatlar siziň ýüregiňizde ot bolup tutaşandyr, içiňizde saklap bilen dälsiňiz (Ýermeýa 20:9-y deňeşdiriň). Isa pygamber: «Adamyň ýüregindäki dilindedir» diýdi (Luka 6:45). Eger hoş habar ýüregimizde kök ursa, her bir adama wagyz ederis. Bizem I asyrdaky resullaryň: «Gören-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýen sözlerine goşulýarys (Res. 4:20). Hawa, Hudaýyň Sözündäki hakykat ýüregimizde ot bolup tutaşsa, dymyp oturyp bilmeris. w24.05 sah. 15, abz. 5; sah. 16, abz. 7
7-nji iýun, ýekşenbe
Ýehowa begenip gulluk ediň (Zeb. 100:2).
Biz adamlara näme üçin wagyz edýäris? Biz Ýehowany gowy görýäris we adamlara Ony tanatmak isleýäris. Käbirleri wagyz işinden hiç hili şatlyk tapmaýar. Näme üçin? Käbirleri çekinjeň bolany üçin özüni ynamsyz duýýar, käbiri ýat adamyň gapysyny kakmaga gorkýar. Olar nätanyş adam bilen söhbetdeş bolmaga ýaýdanýarlar. Size hoş habary wagyz etmek kyn bolýarmy? Ruhdan düşmäň! Siz özüňize ynamly bolmasaňyz ýa-da wagyz etmäge çekinýän bolsaňyz, onda siz pesgöwünli adamsyňyz. Ýat adamyň gapysyny kakmaga ýa-da dawa-jenjel turmagyndan gorkýan bolsaňyz, onda siz parahatlygy söýýän adamsyňyz. Elbetde, edilen ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap berilse, hiç bir adam halamasa gerek. Ýehowa siziň nähili kynçylyklar bilen göreşýändigiňizi görýär we size kömek etmek isleýär (Işa. 41:13). w24.04 sah. 14, abz. 1, 2
8-nji iýun, duşenbe
Akyldarlyk bolsa pespäller bilendir (Nak. 11:2).
Siz bir günüň içinde ýagşy häsiýetleriň ählisini öwrenip bilmersiňiz, şonuň üçin pespäl boluň. Belki, siz düzetmeli häsiýetleriňiziň sanawyny ýazarsyňyz, soňra bir-birden düzedip başlarsyňyz. Siz bir ýagşy häsiýeti öwrendiňiz. Soňra ikinji häsiýetiň üstünde işläň. Emma haýsy häsiýetden başlamalydygyny nädip bilmeli? Belki, siz çalt düzedip biljek häsiýetiňiziň üstünde işlärsiňiz ýa-da durmuşda iň gerekli häsiýetiňizden başlarsyňyz. Munuň üçin edebiýatlarymyzdan gözleg-barlag geçiriň. Şeýle-de Ýehowa doga-dileg ediň, şonda Ol «siziň ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer» (Flp. 2:13). Soňra öwrenen zatlaryňyzy durmuşyňyzda ulanyň. Siz bir maksadyňyza ýeteniňizden soň özüňize has-da ynamly bolarsyňyz we ýene-de maksat goýup öňe ýörärsiňiz. Bir ýagşy häsiýeti ösdürseňiz, beýlekilerini ösdürmek aňsat bolar. w24.09 sah. 6, abz. 13, 14
9-njy iýun, sişenbe
Şu meselede hemme zady dogry etdiňiz (2 Kor. 7:11).
Belki, siziň eden ýalňyşyňyz sebäpli kimdir biri kösenendir ýa-da zyýan çekendir. Siz ýetiren zyýanyňyzyň öwezini dolmak üçin eliňizde baryny ediň we ýürekden ötünç soraň . Ýehowa doga edip, ejir çeken adama kömek etmegini diläň. Gökdäki Atamyz siziň hem, ejir çeken adamyň hem kalbyna parahatlyk berer. Ýalňyşyňyzdan sapak ediniň we Ýehowa wepaly gulluk ediň. Geliň, Ýunus pygamber hakda gürrüň edeliň. Allatagala Ýunus pygambere Ninewiýa gitmegi tabşyrýar, emma ol gorkup başga ýurda gaçyp gidýär. Ýehowa Ýunus pygambere temmi berýär, Ýunus ýalňyşyna düşünýär we sapak edinýär (Ýun. 1:1—4, 15—17; 2:7—10). Ýehowa: «Ýunusdan adam bolmaz!» diýip, ondan ýüz öwürdimi? Ýok! Hak Alla pygambere ýene bir mümkinçilik berýär. Bu sapar Ýunus Ýehowanyň tamasyny doly ödedi. Ol goýberen ýalňyşy hakda oýlanyp ruhdan düşüp oturman, gaýtam Ýehowanyň tabşyran işini yhlasly ýerine ýetirýär (Ýun. 3:1—3). w24.10 sah. 9, abz. 10, 11
10-njy iýun, çarşenbe
Günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň, erbet ýoluňyzdan dönüň. Şonda Ýehowa ýüregiňize rahatlyk berer (Res. 3:19).
Şu aýatda «bagyşlamak» diýen söz asyl nusgada «süpürip aýyrmagy» aňladýar. Ýehowa diňe bir bergimizi geçmän, ony süpürip aýyrýar. Hojaýyn hyzmatkäriniň bergisini geçende hasabat depderçesinden bergisiniň üstüni çyzýar. Emma hyzmatkäriniň näçe bergisiniň bolandygy barybir görnüp durýar. Gadymy döwürde kömür, gara sakgyç we suw garylyp syýa ýasalypdyr. Ony öl esgi bilen süpürip aýyrýan ekenler. Hojaýyn hyzmatkäriniň bergisini öl esgi bilen süpürip aýranda, onuň näçe bergisiniň bolandygyny hiç kim görüp bilmeýär. Edil şonuň ýaly, Ýehowa biziň bergimiziň diňe bir üstüni çyzman, öl esgi bilen süpürip aýyrýar. Älemiň Eýesiniň günälerimizi süpürip aýyrýandygyny bilmek, biziň göwnümizi göterýär we ýüregimiz minnetdarlykdan püre-pür bolýar (Zeb. 51:9). w25.02 sah. 10, abz. 11
11-nji iýun, penşenbe
Ruhdan düşüp, egri ýola sowulma (Zeb. 37:8).
Hakymyzy iýenlerinde, adalatsyz höküm çykaranlarynda Ýehowanyň ähli zady görýändigine we şol meseläni irde-giçde adalatly çözjekdigine ynanýarys. Adalatly kazy Ýehowa bil baglasak gaharlanyp ýörmeris, adamlary ýigrenmeris. Mähriban dogan-uýalar, gahar-gazap, öýke-kine, ýigrenç Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýar, kalbymyzdaky şatlygy alýar. Biz Isa pygamberiň göreldesine doly eýerip bilmeris. Käte biz aýtmasyz zady aýdyp ýa-da etmesiz zady edip, soňra ökünip ýörýäris (Ýak. 3:2). Üstesine-de, adalatsyz adamlar ýüregimize bitmejek ýara salýar, olaryň derdinden ýaňa bütin ömrümize kösenip ýaşaýarys. Ýöne Ýehowanyň ýagdaýymyzy görýändigini we duýgularymyza düşünýändigini ýatdan çykarmalyň. Biziň ýaly adalatsyzlyga döz gelen Isa pygamberem göwünlik berip, ýürek ýaralarymyzy bitirmek isleýär (Ýew. 4:15, 16). Ýehowa Mukaddes Kitaba adalatsyzlyga döz gelmäge kömek edýän peýdaly maslahatlary hem ýazdyrdy. w24.11 sah. 6, abz. 12, 13
12-nji iýun, anna
Hudaýy razy etmek üçin, onuň iberenine iman ediň (Ýah. 6:29).
«Ebedi ýaşaýşy» almak üçin Isa pygambere iman etmeli (Ýah. 3:16—18, 36; 17:3). Ýehudylaryň köpüsi Isa ynanmadylar. Şonuň üçin oňa: «Alamat görkez, saňa iman edeli. Bize nähili alamat görkezjek?» diýdiler (Ýah. 6:30). Soňra olar Hudaýyň geçmişde ata-babalary iýer ýaly her gün gökden manna ýagdyrandygyny aýtdylar (Neh. 9:15; Zeb. 78:24, 25). Hawa, olar henizem garnyny doýurmak hakda pikir edýärdiler. Isa «hakyky çöregiň» hem manna ýaly gökden inýändigini, ýöne ebedi ýaşaýyş berýändigini aýtdy (Ýah. 6:32). Ýehudylar Isanyň sözleriniň manysyna düşünjek hem bolmadylar. Olaryň gara gaýgysy gara garny bolansoň, Isanyň ebedi ýaşaýyş barada jan edip öwredýän zatlaryny diňlemek islemediler. w24.12 sah. 6, abz. 10, 11
13-nji iýun, şenbe
Ähli zady Hudaý ýaratdy (Ýew. 3:4).
Çagalaryňyz mekdepde tebigatda duş gelýän başga-da şekilleri öwrenýändir. Meselem, gar tozgalarynyň şekili fraktal görnüşde bolýar. Özüne meňzeş şekillerden düzülen görnüşe fraktal diýilýär. Tebigatda fraktal görnüşdäki zatlar köp ýerde duş gelýär. Şeýle owadan şekiller öz-özünden döredimi ýa-da olary biri ýaratdy? Eger çagalaryňyz şeýle soraglar barada oýlansa, ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna iman eder. Çagalaryňyz ulaldygy saýyn, olara Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyň peýdalydygyny düşündiriň. Munuň üçin olara şeýle sorag beriň: «Eger bizi Allatagala ýaradan bolsa, bagtly bolmak üçin gerekli maslahaty hem bermezmi?» Soňra olara peýdaly maslahatlary Mukaddes Kitapdan tapyp bolýandygyny aýdyň. w24.12 sah. 16, abz. 8
14-nji iýun, ýekşenbe
Men siziň araňyzda biriniň öz kakasynyň aýaly bilen ýaşaşýandygyny eşitdim. Hatda başga halklar hem şeýle ahlaksyzlyk etmeýärler (1 Kor. 5:1).
Pawlus resul Hudaýyň ylhamy bilen toba etmeýän günäkäri ýygnakdan çykarmalydygyny aýtdy (1 Kor. 5:13). Toba etmeýän günäkär bilen dogan-uýalar özüni nähili alyp barmalydy? Pawlus: «Onuň bilen gatnaşmaň, hatda bir saçak başynda-da oturmaň» diýdi (1 Kor. 5:11). Adatça, saçak başynda oturanlar dymman, özara gürrüň edýärler. Pawlus hem «onuň bilen gatnaşmaň» diýende, toba etmeýän günäkär bilen gepleşmezligi göz öňünde tutupdy. Şeýdip, tutuş ýygnagy günäkäriň erbet täsirinden gorap bolýardy (1 Kor. 5:5—7). Onsoňam, günäkär Ýehowany gynandyrýandygyna düşünip, eden işine utanyp toba edip bilýärdi. w24.08 sah. 15, abz. 4, 5
15-nji iýun, duşenbe
Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi (Ýah. 3:16).
Ysraýyllar ýylda bir gezek Günä geçilýän güni belleýärdi. Şol gün baş ruhany halkyň günäsi üçin mal gurbanyny berýärdi. Mallaryň gany Hudaýyň keşbinde ýaradylan adamlaryň günäsini ýuwup bilmeýärdi, emma ysraýyllar eden günäsine toba edip, mal gurbanyny berseler, Ýehowa olaryň günäsini geçýärdi (Ýew. 10:1—4). Mal gurbanlary ysraýyllara günälidiklerini ýatladýardy. Emma Allatagala adamlaryň günäsini hemişelik geçmek üçin bir çäräni ýola goýdy. Ýehowanyň ýeke-täk Ogly «janyny bir gezekde hemişelik gurban berip, köpleriň günälerini öz üstüne aldy» (Ýew. 9:28). Hawa, Isa pygamber «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi» (Mat. 20:28). w25.02 sah. 4, abz. 9, 10
16-njy iýun, sişenbe
Synaga düşmez ýaly oýa bolup, dyngysyz doga ediň (Mat. 26:41).
Isa pygamber: «Ýürek yhlasly, ýöne beden ejiz» diýdi (Mat. 26:41b). Hawa, Isa pygamber bikämil adamlaryň ýagdaýyna gowy düşünýärdi. Diýmek, şägirtler Hudaýa wepaly bolmak üçin öz güýjüne bil baglamaly däldi. Şol güni şägirtler agzyny dolduryp, Halypasyna: «Seniň bilen ölmeli bolsak-da, senden asla ýüz döndermeris» diýdiler (Mat. 26:35). Olar muny ak ýürekden aýdypdylar, Halypasyny gowy görýärdiler. Emma olar synaga düşende wepaly boldularmy? Gynansak-da, şägirtler Isa pygamberiň şu günki aýatdaky maslahatyna eýermediler. Duşmanlar Isany tussag etmäge geldiler. Şonda ölmäge taýyn bolan şägirtler sözünde durdularmy? Ýok, olar Halypasyny taşlap gaçyp gitdiler (Mat. 26:56). w24.07 sah. 14, abz. 1, 2
17-nji iýun, çarşenbe
Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşdyk (Rim. 5:10).
Adam ata bilen Howa ene Erem bagynda ýaşaýarka, Ýehowanyň ogly-gyzydy. Emma olar günä edip, Ýehowanyň duşmany boldular we Erem bagyndan kowuldylar. Soňra olardan dünýä inen çagalar hem Ýehowanyň duşmany boldy (Luka 3:38; 1 Mus. 3:23, 24; 4:1). Olar hem Ýehowa bilen ýaraşmalydy (Rim. 5:10, 11). Bir ylmy kitapda aýdylmagyna görä, aýatdaky «ýaraşmak» diýen grek işligi «duşmanyň bilen dostlaşmagy» aňladýar. Haýran galaýmaly, Adam ata bilen How ene günä etse-de, ýaraşmak üçin Ýehowanyň özi ilkinji ädimi ätdi. Nädip? Ýehowa bikämil adamlar bilen dostlaşmak üçin, ilki bilen, olaryň günäsini geçmelidi. Injiliň asyl nusgasynda «günäni geçmek» diýen jümläniň «öwezini dolmak» diýen manysy bar. «Öwezini dolmak» alan zadyň ýerine şonça gymmaty bolan başga bir zady bermegi aňladýar. w25.02 sah. 3, 4, abz. 7, 8
18-nji iýun, penşenbe
Hudaýy razy etmek üçin gynanýan adam halas bolýandyr (2 Kor. 7:10).
Pawlus resul öweý ejesi bilen ýaşaşan adam hakda şeýle diýdi: «Şeýle adamy köpçüligiň ýazgarany ýeterlikdir» (2 Kor. 2:5—8; 1 Kor. 5:1). Näme üçin? Sebäbi ol ýygnakdan çykarylandan soň agyr günä edendigine düşünip toba etdi. Şonuň üçinem oňa mundan artyk temmi bermek gerek däldi (Ýew. 12:11). Pawlus Korinfdäki mesihçilere toba eden dogany «ýürekden bagyşlaň we göwünlik beriň... şeýle adam söýgiňizi görsün» diýdi. Olar doganyny göwünli-göwünsiz däl-de, ýürekden kabul etmelidiler. Ony gowy görýändiklerini, bagyşlaýandyklaryny diňe bir aýtman, iş ýüzünde görkezmelidiler. Şonda ol özüni edil öýüne gelen ýaly, ýygnakda rahat we arkaýyn duýardy. w24.08 sah. 15—17, abz. 4, 6—8
19-njy iýun, anna
Sizi köpçüligiň öňünde masgaralaýardylar we ýowuz daraşýardylar (Ýew. 10:33).
Pawlus resul çydamly bolmak hakda çekinmän maslahat berdi. Ol kynçylyklarda özüňe däl-de, Ýehowa bil baglamagyň wajypdygyny aýdyp: «Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn» diýdi (Ýew. 13:6). Şu günler döwlet işgärleri käbir dogan-uýalary ýowuz yzarlaýarlar. Biz imandaşlarymyz üçin Hudaýa doga etmeli we elimizden gelen kömegi gaýgyrmaly däl. Mukaddes Kitapda «Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisiniň yzarlanjakdygy» aýdylýar (2 Tim. 3:12). Geliň, geljekde boljak synaglara we yzarlamalara häzirden taýýarlanalyň, Ýehowa ýürekden bil baglalyň, çydamly bolmaga kömek etjekdigine doly ynanalyň! Beýik Hudaý bellän wagtynda ähli erbetligi we zalymlygy ýok eder, halkyny bolsa halas eder (2 Sel. 1:7, 8). w24.09 sah. 12, 13, abz. 17, 18
20-nji iýun, şenbe
Korinflileriň köpüsi hem hoş habary eşidip, iman etdiler we suwa çümdürildiler (Res. 18:8).
Korinfliler suwa çümdürilýär (2 Kor. 10:4, 5). Olar Hudaýyň Sözi we mukaddes ruhuň kömegi arkaly durmuşyny bütinleý üýtgetdi (Ýew. 4:12). Korinf şäherinde ýaşaýan arakhorlar, ogrular, hatda azgyn erkekler Mesih hakdaky hoş habary kabul etdiler we erbet endiklerini taşladylar (1 Kor. 6:9—11). Korinflilere ganyna siňen erbet endiklerini taşlamak aňsat bolan däldir. Emma olar gol gowşuryp oturmady, ebedi ýaşaýşa eltýän insiz ýoldan ýöremek üçin elinde baryny etdi (Mat. 7:13, 14). Dogan-uýalar, belki, size-de erbet endikleriňiz ýa-da gylyk-häsiýetleriňiz suwa çümdürilmäge päsgel berýändir. Ýan bermäň, göreşmegiňizi bes etmäň. Erbet höwesleri ýeňer ýaly Ýehowadan mukaddes ruhuny diläň. w25.03 sah. 6, abz. 15—17
21-nji iýun, ýekşenbe
Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin (Ýak. 1:5).
Dogry karara geler ýaly Ýehowa akyldarlyk berjegini wada berýär. Ol akyldarlygy «igenmän, hemmelere jomartlyk bilen berýär». Ýehowadan kömek soranyňyzdan soň, Ony ünsli diňläň. Aýdaly, siz uly şäherde azaşýarsyňyz. Şonda siz barmaly ýeriňizi ýaşaýjylaryň birinden soraýarsyňyz. Ol size ýoly salgy berende diňlemän gidersiňizmi? Elbetde, gitmersiňiz. Ony soňuna çenli ünsli diňlärsiňiz. Edil şonuň ýaly, Ýehowadan akyldarlyk soranyňyzdan soň, Mukaddes Kitapdan ýagdaýyňyza degişli prinsipleri we kada-kanunlary gözläň. Oturylyşyga gitmek meselesinde Ýehowanyň garaýşyny nädip bilmeli? Siz keýpi-sapaly oturylyşyklar, erbet dost-ýarlar, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmak baradaky aýatlary tapyň we olar hakda oýlanyň (Mat. 6:33; Rim. 13:13; 1 Kor. 15:33). w25.01 sah. 16, abz. 6, 7
22-nji iýun, duşenbe
Gullarym iýip doýarlar, siz bolsa aç galarsyňyz (Işa. 65:13).
Işaýa pygamber ruhy jennetde ýaşaýan we ýaşamaýan adamlaryň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawudyň bardygyny aýtdy. Ýehowa özüne sežde edýän adamlara bolluk bilen ruhy iýmiti berýär, mukaddes ruhy bilen goldaýar, Sözi we edebiýatlar arkaly hakykatyny açýar. Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, biz «iýip doýýarys... içýäris... şatlanýarys» (Ylham 22:17-ni deňeşdiriň). Emma ruhy jennetde ýaşamaýan adamlar «aç galýar... suwsaýar... masgara bolýar», sebäbi olar hak Allany tanamaýar (Amos 8:11). Ýehowa ruhy jennetde ýaşaýan adamlara ruhy iýmiti jomartlyk bilen berer (Ýow. 2:21—24). Şu pygamberlik gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Ýehowa Mukaddes Kitap, edebiýatlar, jw.org saýty, ýygnaklar, etrap we welaýat kongresleri arkaly bolluk bilen ruhy iýmiti berýär. Şeýlelikde, biz hak Hudaý bilen ýakyndan dostlaşýarys we imanymyz gün-günden berkeýär. w24.04 sah. 21, abz. 5, 6
23-nji iýun, sişenbe
Sözleriňiz ýakymly bolsun (Kol. 4:6).
Siz biri bilen duşuşmak isleýärsiňiz. Onuň bilen ýüzbe-ýüz görşüň ýa-da oňa jaň ediň. Siz gyzy gowy görýändigiňizi we ony ýakyndan tanamak isleýändigiňizi açyk aýdyň (1 Kor. 14:9). Ol oýlanjak diýse, wagt beriň, howlukdyrmaň (Nak. 15:28). Gyz sizde göwnüniň ýokdugyny aýtsa, kararyna hormat goýuň we ýüregine düşmäň. Biri size söz aýtsa näme etmeli? Oňa duýgusyny aýtmak aňsat bolan däldir. Şonuň üçin mähirli we sylaşykly gepleşiň. Eger oýlanmaga wagt gerek bolsa çekinmän aýdyň. Emma tizräk jogap berjek boluň (Nak. 13:12). Göwnüňiz ýok bolsa mähir bilen we açyk aýdyň. Söz aýdan doganda göwnüňiz bar bolsa, ony ýakyndan tanamak isleýändigiňizi aýdyň we tanyşlyk döwrüni nädip geçirjekdigiňiz hakda gürrüň ediň. Sebäbi isleg-arzuwlaryňyz biri-biriňiziňkiden tapawutlanyp biler. w24.05 sah. 23, 24, abz. 12, 13
24-nji iýun, çarşenbe
Men bolsa Serkerdebaşy Ýehowanyň ady bilen barýaryn (1 Şam. 17:45).
Bir gün Dawut Ysraýyl goşunynyň düşelgesine barýar. Görse, piliştli Jalut Ysraýyl esgerlerine agzyna gelenini aýdyp masgaralap dur (1 Şam. 17:10, 11). Esgerler bolsa gorkudan ýaňa sandyraşýardylar. Olar Jalutyň boý-syratyna seredip, haýbat atyşyny eşidip, güýç-kuwwatdan gaçdylar (1 Şam. 17:24, 25). Ýöne ýetginjek Dawut äpet pälwanyň Ýehowanyň ýanynda hiç zatdygyny bilýärdi. Jalut diňe bir Ysraýyl goşunyna däl-de, Ýehowa Hudaýa dil ýetirýärdi (1 Şam. 17:26). Dawut Jalutdan gorkmaýar. Ýehowa Dawuda ýyrtyjy haýwanlary öldürmäge kömek eden bolsa, Jaluty hem ýeňmäge güýç-kuwwat berer. Hawa, Dawut ýekeje daş bilen äpet pälwany ýere ýazýar (1 Şam. 17:45—51). w24.06 sah. 21, abz. 7
25-nji iýun, penşenbe
Gorkma, men seniň bilendirin, howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn. Men saňa güýç bererin, kömek ederin, seni adalatly sag golum bilen goldaryn (Işa. 41:10).
Biz Ýehowadan ýüz öwren adamyň bagtly ýaşamajakdygyny unutmaly däl. Şonda biz soňky demimize çenli Ýehowa wepaly bolarys we mezmurçynyň: «Men bolsa Hudaý bilen dostlaşmagy saýladym» diýen sözlerine goşularys (Zeb. 73:28). Biz hem kynçylyklara döz gelip bileris, sebäbi arkamyzda «diri hem hak Hudaý» dur (1 Sel. 1:9). Ýehowa — Gudratygüýçli Hudaý. Ol wepaly bendeleriniň dadyna ýetişer. Beýik Biribar gadymy döwürden bäri halkyny gorap, goldap gelýär. Ýehowa bizi gelejekde boljak uly betbagtçylykda-da ýeke goýmaz. Geliň, biz «Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn» diýen sözleri dilimizde sena edeliň! (Ýew. 13:5, 6). w24.06 sah. 25, abz. 17, 18
26-njy iýun, anna
Siz dogruçyl adam bilen erbediň... arasyndaky tapawudy görersiňiz (Mel. 3:18).
Mukaddes Kitapda Ysraýyl topragynda patyşa bolan 40-dan gowurak adam hakda aýdylýar. Meselem, Dawut patyşa Ýehowa wepalydy. Ýehowa: «Gulum Dawut... öňümde diňe dogry işleri edipdi» diýdi (1 Pat. 14:8). Dawut agyr günäleri hem etdi. Ol Batşeba bilen zyna etdi, onuň äri Uryýa öler ýaly söweşiň iň gazaply ýerinde goýmagy tabşyrdy (2 Şam. 11:4, 14, 15). Emma Hudaýa wepaly bolmadyk käbir patyşalar halkynyň aladasyny etdiler. Meselem, Mukaddes Kitapda Rehobam patyşanyň Hudaýyň nazarynda «erbet işleri edendigi» aýdylýar (2 Tar. 12:14). Ýöne ol ýagşy işleri hem edipdi. Ol Hudaýyň emrine gulak asyp on taýpaly ysraýyllar bilen söweşmedi we goşunyny yza çekdi. Şeýle-de halkynyň aladasyny edip galalary gurdy we şäherleri berkitdi (1 Pat. 12:21—24; 2 Tar. 11:5—12). Ýehowa agyr günä eden patyşany wepaly hasaplady, emma halkynyň aladasyny eden patyşany biwepa hasaplady. Ýehowa nämäniň esasynda şeýle karara geldi? Ýehowa özüni ýürekden söýýänleri, toba edýänleri we arassa seždäni goldaýanlary wepaly hasaplady. w24.07 sah. 20, abz. 1—3
27-nji iýun, şenbe
Çagalaryňyzy... Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň (Efes. 6:4).
Kämillik ýaşyna ýetmedik suwa çümdürilen mesihçi agyr günä etse näme? Onda ýaşulular maslahaty onuň bilen görüşjek iki ýaşulyny bellär. Iki ýaşuly onuň bilen mesihçi ene-atasynyň ýanynda gürleşer. Olar ene-atasynyň çaga kömek etmek üçin nämeler edendigini biljek bolar. Eger çaganyň garaýşy gowy bolsa, ene-atasy hem gerekli kömegi berýän bolsa, onda iki ýaşuly çaganyň işine seretmek üçin ýaşulular komitetini düzmegiň geregi ýok diýen karara gelip biler. Sebäbi Ýehowa ene-atalara çagasyna terbiýe bermegi, düzetmegi tabşyrdy (5 Mus. 6:6, 7; Nak. 6:20; 22:6; Efes. 6:2—4). Günä eden çaga gerekli ruhy kömegiň berilýändigine göz ýetirmek üçin ýaşulular ene-atasy bilen wagtal-wagtal habarlaşyp durar. Eger çaga günä etmegini dowam etse näme? Onda ýaşulular komiteti günä eden çaga we ene-atasy bilen görşer. w24.08 sah. 24, abz. 18
28-nji iýun, ýekşenbe
Bermek almakdan has bagtly edýändir (Res. 20:35).
Adam sowgat alanda begenýär. Emma sowgat berýän adamyň şatlygyny söz bilen beýan edip bolmaýar. Hawa, adamlaryň şatlanmagy we bagtly bolmagy başgalara däl-de, özüne bagly. Adam näçe jomart bolsa, şonça-da bagtly bolýar. Eýsem biz täsin ýaradylmadykmy näme?! (Zeb. 139:14). Mukaddes Kitapda jomart adamyň bagtlydygy aýdylýar. Şonuň üçin ynsany Ýaradan Ýehowa-da «bagtly Hudaý» diýilýär (1 Tim. 1:11). Ol jomartlygyň Gözbaşy, ýagşylyga baý Hudaý. «Biz ol arkaly ýaşaýarys, hereket edýäris» (Res. 17:28). «Her bir gowy we kämil sowgat ýokardan, asmandaky nurlar Atasyndan inýändir» (Ýak. 1:17). Biz Ýehowa Atamyzdan görelde alyp jomart bolsak, özümizi bagtly duýarys (Efes. 5:1). w24.09 sah. 26, abz. 1—4
29-njy iýun, duşenbe
Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň (Flp. 3:16).
Ýygnakdaky hyzmatçy doganlaryň käbiri hiç haçan ýaşululardan edilýän talaplara laýyk gelip bilmerin diýip pikir edýärler. Ýöne şuny ýatdan çykarma: Ýehowa-da, guramasy hem şol talaplara kämil derejede laýyk gelmegiňe garaşmaýar (1 Pet. 2:21). Ýehowa saňa mukaddes ruhuny berip, ýaşululardan talap edilýän häsiýetleri ösdürmäge kömek eder (Flp. 2:13). Belki, sen haýsydyr bir häsiýetiňi gowulandyrmak isleýänsiň. Onda Ýehowa doga et, şol häsiýet hakda gözleg geçir we ýaşulularyň birinden maslahat sora. Dogan-uýalara has köp kömek etmek üçin maksat goý. Ýehowadan tälim alyp, ýygnakda has köp işleri edip biler ýaly ondan kömek sora (Işa. 64:8). Goý, Ýehowa seniň ýaşuly bolmak üçin edýän tagallaňa ak pata bersin! w24.11 sah. 25, abz. 17, 18
30-njy iýun, sişenbe
Siz mukaddeslere häzire çenli hyzmat edip gelýärsiňiz. Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir (Ýew. 6:10).
Biz ençeme ýyllap Ýehowa wepaly gulluk edendigimiz üçin: «Hudaýyň rehimdarlygyny gazandym» diýip pikir etsek nädogry bolar. Elbetde, Ýehowa biziň yhlasly we wepaly bolandygymyzy, eden işlerimizi hiç haçan unutmaz. Ýöne Ol töleg gurbanyny gulluk eden ýyllarymyzyň haky hökmünde däl-de, sowgat hökmünde berdi. Eger biz: «Men Ýehowanyň rehimdarlygyna mynasyp. Ol meni hökman bagyşlamaly» diýip pikir etsek, onda Mesihiň töleg gurbanynyň hiç hili peýdasy ýok diýdigimiz bolar (Galatýalylar 2:21-i deňeşdiriň). Pawlus resul edýän işleri bilen Hudaýyň rehimdarlygyny gazanyp bilmejekdigine düşünýärdi. Onda näme üçin ol yhlasly gulluk etdi? Pawlus Ýehowanyň rehimdarlygyna mynasypdygyny subut etmek üçin däl-de, Hudaýyň ýagşylyklaryna minnetdardygy üçin janyny aýaman gulluk etdi (Efes. 3:7). Bizem Pawlus ýaly Ýehowa näçe köp gulluk etsegem, Onuň rehimdarlygyny gazanyp bilmejekdigimize düşünýäris. Ýöne ýüregimiziň minnetdarlykdan püre-pür bolandygy üçin, Oňa janaýaman gulluk edýäris. w25.01 sah. 27, abz. 5, 6