Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es26 sah. 67—77
  • Iýul

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Iýul
  • Her günki aýady okalyň — 2026
  • Sözbaşylar
  • 1-nji iýul, çarşenbe
  • 2-nji iýul, penşenbe
  • 3-nji iýul, anna
  • 4-nji iýul, şenbe
  • 5-nji iýul, ýekşenbe
  • 6-njy iýul, duşenbe
  • 7-nji iýul, sişenbe
  • 8-nji iýul, çarşenbe
  • 9-njy iýul, penşenbe
  • 10-njy iýul, anna
  • 11-nji iýul, şenbe
  • 12-nji iýul, ýekşenbe
  • 13-nji iýul, duşenbe
  • 14-nji iýul, sişenbe
  • 15-nji iýul, çarşenbe
  • 16-njy iýul, penşenbe
  • 17-nji iýul, anna
  • 18-nji iýul, şenbe
  • 19-njy iýul, ýekşenbe
  • 20-nji iýul, duşenbe
  • 21-nji iýul, sişenbe
  • 22-nji iýul, çarşenbe
  • 23-nji iýul, penşenbe
  • 24-nji iýul, anna
  • 25-nji iýul, şenbe
  • 26-njy iýul, ýekşenbe
  • 27-nji iýul, duşenbe
  • 28-nji iýul, sişenbe
  • 29-njy iýul, çarşenbe
  • 30-njy iýul, penşenbe
  • 31-nji iýul, anna
Her günki aýady okalyň — 2026
es26 sah. 67—77

Iýul

1-nji iýul, çarşenbe

Hudaý dogruçyl adamy taşlamaýan ekeni (Zeb. 37:25).

Garry we ýarawsyz dogan-uýalar Ýehowa üçin köp zat edip bilmeýändigine gynanýar. Olar ýaş wagty gujur-gaýratlydy, arman-ýadaman hoş habary wagyz ederdi. Emma indi olaryň dyzynda kuwwaty ýok, ýöremäge haly ýok. Şonuň üçin olaryň özünden göwni geçip: «Ýehowa menden razymyka?» diýip oýlanýar. Zebur 71-nji baby ýazan mezmurçy Hudaýa doga edip: «Güýç-gurbatym gaçanda, menden ýüz öwürme» diýdi (Zeb. 71:9, 18). Ol öňküsi ýaly güýç-kuwwaty bolmasa-da, Ýehowa wepaly bolsa, ony razy edýändigine göz ýetirýär. Hawa, Ýehowa garry we ýarawsyz bendelerine guwanýar, olaryň her bir tagallasyny gymmat saýýar (Zeb. 37:23—25). Hormatly garry dogan-uýalar, Ýehowanyň sizi gowy görýändigini we söýýändigini hiç haçan unutmaň! Ol size imanda berk durmaga her gün güýç-kuwwat berer (Zeb. 92:12—15). Siz «ony etmäge, muny etmäge güýjüm ýok» diýmegiň deregine, edip biljek zatlaryňyz hakda oýlanyň. w24.10 sah. 27, 28, abz. 14—16

2-nji iýul, penşenbe

Butlara berlen sadakalar hakda gürrüň etsem, biz butlaryň peýdasyzdygyny... bilýäris (1 Kor. 8:4).

Ruhy taýdan ösüş etmedik mesihçi Mukaddes Kitabyň prinsipleri boýunça karara gelip bilmeýär. Käbirleri Mukaddes Kitapda anyk kada-kanun bolmasa, islän zadyny etmäge haky bardyr öýdýär, käbirleri bolsa anyk düzgün talap edýär. Meselem, Korinf şäherindäki mesihçiler Pawlus resuldan butlara berlen sadakalaryň etini iýmek babatda anyk görkezme soran bolmaly. Şonda Pawlus belli bir zat diýmegiň deregine, Mukaddes Kitabyň prinsiplerini düşündirdi we öz ynsabyna görä karara gelip bilýändiklerini aýtdy. Şeýle-de imandaşlaryny büdretmezligi hem ündedi (1 Kor. 8:7—9). Şeýlelikde, Pawlus Korinfdäki mesihçilere ruhy taýdan ösmäge kömek etdi we çuňňur oýlanyp, paýhasly karara gelmegiň wajypdygyny düşündirdi. w24.04 sah. 5, abz. 14

3-nji iýul, anna

Men Ýehowa, ýürekleri... barlaýaryn. Her kimiň... eden işine görä hakyny berýärin (Ýer. 17:10).

Ýunus pygamberiň günlerindäki ninewiýalylardan tapawutlylykda, Sodom bilen Gomorranyň halkynyň toba etmäge mümkinçiligi bolmady. Şeýle-de Isa pygamber «erbet adamlaryň höküm edilmek üçin direljekdigini» hem aýdypdy (Ýah. 5:29). Belki, gelejekde Sodom bilen Gomorranyňam ilatynyň käbiri direler. Şonda biz olara Ýehowa hem Isa hakda tälim bereris. Ýehowa adamyň oý-pikirini barlaýar, onuň saýlan ýoluna seredip direltmelimi ýa-da direltmeli däldigini çözýär. Ýehowa hemişe adalatly kada-kanunlaryna eýerer. Eger adam mynasyp bolmasa, ony direltmez. Emma degerli sebäp tapsa, oňa rehim edip direlder. Diýmek, Mukaddes Kitapda anyk aýdylmaýan bolsa, biz «plany direlmez» diýip bilmeýäris. w24.05 sah. 5, 6, abz. 15, 16

4-nji iýul, şenbe

Gorkma, saňa kömek ederin! (Işa. 41:13).

Taryha ser salsak, Hudaýyň sözi ençeme pygamberlere agyr ýumşy ýerine ýetirmäge güýç berdi. Geliň, Ýermeýa pygamber hakda gürrüň edeliň. Ýehowa oňa adamlara wagyz etmegi tabşyrýar. Şonda ol özüni ynamsyz duýup: «Men heniz ýaş, dile çeper däl» diýýär (Ýer. 1:6). Ýaş pygambere näme kömek etdi? Elbetde, Hudaýyň sözi! Ýermeýa şeýle diýýär: «Allanyň sözi süňkümi eretdi, ýüregimde ot bolup tutaşdy, içimde saklamakdan ýadadym» (Ýer. 20:8, 9). Adamlar Ýermeýa pygamberi diňlemediler. Emma ol Hudaýyň Sözünden güýç alyp, tabşyrylan ýumşy birkemsiz ýerine ýetirdi. Hudaýyň Sözi şu günler biziň hem güýjümize güýç goşýar. Pawlus resul koloslylara «dogry bilim almagyň» wajypdygyny düşündirýär. Şonda olar «Ýehowanyň adyna mynasyp ýaşardy we ýagşy işleri edip, miwe bererdi» (Kol. 1:9, 10). w24.04 sah. 14, 15, abz. 2—4

5-nji iýul, ýekşenbe

Sadyk ruhany... Süleýmanyň başyna ýag guýdy (1 Pat. 1:39).

Baş ruhany Abyýatar Adonyýaryň tarapyna geçip, Dawut patyşa dönüklik etse-de, Sadyk Ýehowa wepaly boldy. Dawut Sadyga janyny ynanýardy. Adonyýaryň hilesi äşgär bolanda Dawut Sadyga, Natan pygambere we Binaýa Süleýmany patyşa bellemegi tabşyrdy (1 Pat. 1:32—34). Sadyk Natan pygamberiň we beýleki Hudaýa wepaly adamlaryň Dawut patyşany goldaýandygyny görende ruhlanandyr, güýjüne güýç goşulandyr. Süleýman patyşa bolansoň «Abyýataryň deregine... Sadygy ruhany belleýär» (1 Pat. 2:35). Jana-jan dostuňyz Ýehowadan ýüz öwürse, Sadygyň göreldesine eýeriň. Mert we dogumly boluň, Ýehowa ýürekden wepaly boluň (Ýuşa 24:15). Ýehowa size güýç-kuwwat berip goldar. Hak Hudaýa gaýta-gaýta doga ediň, wepaly dogan-uýalar bilen köpräk wagt geçiriň. Unutmaň, Ýehowa siziň wepalylygyňyzy görüp begenýär we hökman sylag berer (2 Şam. 22:26). w24.07 sah. 6, 7, abz. 16, 17

6-njy iýul, duşenbe

Ýagşy işleri etmegi goýmalyň (Gal. 6:9).

Zebur 15:2-de Hudaýyň dosty bolmak isleýän adamyň «halal ýaşamalydygy, dogry işleri etmelidigi» aýdylýar. «Halal ýaşamak» we «dogry işleri etmek» diýen jümleler asyl nusgada dowamly hereketi aňladýar. Bikämil adamlar halal ýaşap bilermi? Elbetde! Biz Ýehowa gulak asmak üçin elimizde baryny etsek, bizi halal adam hasaplar. Ömrüni Hudaýa bagyş edip suwa çümdürilen adam: «Indi men Allanyň çadyrynda ebedilik galaryn» diýip arkaýynlaşmaly däl. Sebäbi suwa çümdürilmek ebedi ýaşaýyş ýolunyň başlangyjydyr. Meselem, ysraýyllar Hudaýa bagyş edilen halkdy. Emma olar Ýehowany «ak ýürekden, dogruçyllyk bilen» çagyrmasa, mukaddes çadyrda myhman bolup bilmeýärdi (Işa. 48:1). Hudaýa wepaly ysraýyllar kada-kanunlary öwrenýärdi we olara eýerip ýaşaýardy. Allatagalanyň çadyrynda ebedi myhman bolmak üçin diňe bir suwa çümdürilmek ýeterlikli däl. Biz her gün halal ýaşamaly we dogry işleri etmeli. w24.06 sah. 9, abz. 4; sah. 10, abz. 6

7-nji iýul, sişenbe

Hudaýdan görelde alyň (Efes. 5:1).

Biz daş-töweregimize syn edenimizde, Ýehowa Hudaýyň jomartdygyny görýäris. Biz baý, bolelin ýaşamasak-da, Ýehowa gerekli zatlarymyzy ýetirip durýar. Hudaýa şükür, iýjegimiz, geýjegimiz, depämizde jaýymyz bar (Zeb. 4:8; Mat. 6:31—33; 1 Tim. 6:6—8). Ýehowa Hudaý ogul-gyzlaryna igenmän, zeýrenmän, minnet etmän ýagşylyk edýär. Matta 6:25, 26-njy aýatlarda Isa: «Guşlar... ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara däne ýygnaýarlar. Emma şonda-da gökdäki Ataňyz guşlary iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmi?» diýdi. Isa Mesih näme üçin şeýle diýdi? Eger Ýehowa guşlaryň, mal-garalaryň aladasyny edýän bolsa, wepaly bendeleriniň aladasyny etmezmi? Ol edil aladaçyl ata ýaly ogul-gyzlarynyň iýjek-içjegini ýetirip durar. Hawa, Beýik Biribaryň eli gysga däldir! (Zeb. 145:16; Mat. 6:32). w24.09 sah. 26, 27, abz. 4—6

8-nji iýul, çarşenbe

Ýygnaga gowy hyzmat edýän doganlar abraý gazanýandyr we... imany hakda batyrgaý gürrüň berýändir (1 Tim. 3:13).

Suwa çümdürilen doganlar mukaddes ruh arkaly ýygnak hyzmatçysy bellenýär. Olar ýaşulularyň sag eli, ýygnakda köp işleri edýärler. Ýygnak hyzmatçylary diňe bir işeňňir däl, olaryň imany berk, Ýehowany söýýär we onuň kada-kanunlary boýunça ýaşaýar. Şeýle-de olar dogan-uýalary jany-teni bilen söýýär (Mat. 22:37—39). Doganlar ýygnakda hyzmatçy bellenmek üçin näme etmeli? Mukaddes Kitapda hyzmatçy doganlaryň nähili talaplara laýyk gelmelidigi aýdylýar (1 Tim. 3:8—10, 12). Eger sen hyzmatçy bolmak isleýän bolsaň, şol talaplary öwren we olara eýermäge jan et. Ýöne ilki bilen näme üçin ýygnak hyzmatçysy bolmak isleýändigiň hakda oýlan. w24.11 sah. 15, abz. 4, 5

9-njy iýul, penşenbe

Ony ynsan sözi hökmünde däl-de, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiňiz (1 Sel. 2:13).

Käbir adamlar Mukaddes Kitaby gaýta-gaýta okaýar, emma maslahatynyň peýdalydygyna ynanmaýar, durmuşynda ulanmaýar. Ýehowanyň Şaýatlary bolsa beýle etmeýär. Olar Mukaddes Kitabyň maslahatyna eýerip ýaşaýar. Elbetde, Mukaddes Kitaby okap, onuň maslahatlaryny durmuşyňda ulanmak käte aňsat däl. Belki-de, size Mukaddes Kitaby okamaga wagt tapmak kyn bolýandyr. Ýa-da siz sahypa sanyna kowalaşyp, oýlanman okaýansyňyz. Şeýle-de düzetmeli häsiýetleriňiziň köpdügini görüp, Mukaddes Kitaby eliňize-de alasyňyz gelýän däldir. Gadyrly dogan-uýalar, alada etmäň, Ýehowanyň kömegi bilen islendik böwedi böwsüp geçip bilersiňiz. Siz Mukaddes Kitaby her gün okap, maslahatlaryna eýerseňiz, dünýäde iň bagtly adam bolarsyňyz (Ýak. 1:25). w24.09 sah. 7, abz. 15, 16

10-njy iýul, anna

Gaýta-gaýta diläň, size berler (Luka 11:9).

Ýehowa elhenç wakalary başdan geçiren dogan-uýalara mukaddes ruhy arkaly göwünlik berýär. Dogan-uýalar, eger siz hem aýylganç wakalary başdan geçiren bolsaňyz, islendik wagty Ýehowa doga edip bilersiňiz (Zeb. 86:3; 88:1). Siz doga-dilegleri eşidýän Hudaýyň wagtyny alýan diýip pikir etmäň, Ondan gaýta-gaýta mukaddes ruhuny diläň. Ýehowa size hiç haçan ýok diýmez. Käte başdan geçiren kynçylyklary sebäpli adam durmuşdan doýýar. Şeýle ýagdaýda Ýehowa mukaddes ruhy arkaly oňa güýç-kuwwat berýär we goldaýar (Efes. 3:16). Siz Hudaýdan mukaddes ruhuny sorap doga edensiňiz. Indi eden dogaňyza görä hereket ediň. Siz ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli baryň, hoş habary yhlasly wagyz ediň we Mukaddes Kitaby her gün okap, Ýehowanyň öwüt-ündewi hakda oýlanyň (Flp. 4:8, 9). Mukaddes Kitaby okanyňyzda agyr günleri başdan geçiren pygamberler hakda oýlanyň we Ýehowanyň olary nädip goldandygy barada pikirleniň. w24.10 sah. 9, abz. 12—14

11-nji iýul, şenbe

Hudaý adamlary şeýle güýçli söýýär (Ýah. 3:16).

Ýehowa we Isa pygamber adamlary ýürekden söýýär (Nak. 8:31). Bizem olaryň göreldesine eýerýäris. Biz «Hudaýy tanamaýan» we «umytsyz ýaşaýan» adamlary görenimizde ýüregimiz para-para bolýar (Efes. 2:12). Şu dünýäniň gaýgy-aladalary apy-tupan ýaly adamlary gark edip barýar. Bizde bolsa halas ediş gursakça bar, ýagny biz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edip adamlary halas edýäris. Biz adamlara kömek etmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanyp hoş habary wagyz edýäris. Hudaýyň hoş habary olaryň ýüreginde umyt uçgunlaryny döredýär. Olar özlerini bagtly duýýarlar we «hakyky ýaşaýşa», ýagny ebedi ýaşaýşa «berk ýapyşýarlar» (1 Tim. 6:19). Biz adamlary ýürekden söýýäris we olara tizden zalym dünýäniň ýok ediljekdigini duýdurýarys (Hyz. 33:7, 8). Biz muňa gynanýarys we dünýäniň üstüne injek betbagtçylykdan habarly bolmaklaryny isleýäris. Şol sebäpli biz olara tizden ýalan diniň ýatyryljakdygyny we Armageddon söweşinde Şeýtanyň zalym dünýäsiniň ýok ediljekdigini aýdýarys (Ylh. 16:14, 16; 17:16, 17; 19:11, 19, 20). w24.05 sah. 16, 17, abz. 8, 9

12-nji iýul, ýekşenbe

Eziz doganlarym, özüňiz ar almaň, Hudaýa tabşyryň. Sebäbi «Ýehowa şeýle diýýär: „Men ar alaryn, men gaýtargy bererin“» diýip ýazylgy (Rim. 12:19).

Pawlus resul mesihçilere «özüňiz ar almaň, Hudaýa tabşyryň» diýip maslahat berdi. Diýmek, biz Ýehowanyň meseläni öz bellän wagtynda we iň gowy usulda çözjekdigine ynanmaly. Jon dogana hem adalatsyzlyk etdiler. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men adalatsyzlyk eden adamdan ar alasym gelýärdi. Ýöne Rimliler 12:19-daky maslahat meseläni özüm çözmän, Ýehowa tabşyrmaga kömek etdi». Ýehowa meseläni çözýänçä sabyrly garaşsak, hiç haçan ökünmeris. Ýehowa bil baglasak, öz etimizi özümiz iýip ýörmeris. Ol bize: «Alada etme, adalaty özüm dikelderin» diýýär. Eger biz Ýehowanyň: «Men gaýtargy bererin» diýen wadasyna ynansak, çendenaşa biynjalyk bolmarys, meseläni çöp döwen ýaly etjekdigine ynamly bolarys. w24.11 sah. 6, abz. 14, 15

13-nji iýul, duşenbe

Bize her günki çöregimizi ýetirip dur (Luka 11:3).

Biz durmuşda köp zat edinjek bolup hars urmaly däl. Pawlus resul mesihçilere ýazan hatynda muny duýdurypdy. Ol Sinaý dagynyň golaýynda ysraýyllaryň eden işlerinden sapak edinmäge höweslendirdi we «ata-babalarymyz ýaly erbet zatlary islemäliň» diýdi (1 Kor. 10:6, 7, 11). Ýehowa ysraýyllaryň iýjek-içjegini ýetirip durýardy, emma ysraýyllar açgözlük bilen köp zat isledi. Şonuň üçin Ýehowanyň gudrat arkaly beren zady olar üçin «erbet zat» boldy (4 Mus. 11:4—6, 31—34). Şeýle-de olar Ýehowa gulak asman, diňe garnynyň aladasyny etdiler. Şonuň üçinem iýip içdiler, altyn gölä sežde etdiler we şadyhorramlyk etdiler (2 Mus. 32:4—6). Pawlus mesihçilere şu duýduryşy tüýs wagtynda berdi. Şondan köp wagt geçmänkä, ýagny b. e. 70-nji ýylynda Iýerusalim we ybadathana weýran edilipdi. Pawlusyň duýduryşy bize-de degişli, sebäbi biz dünýäniň soňunda ýaşaýarys. w24.12 sah. 6, abz. 13

14-nji iýul, sişenbe

Ýaşlygyňda öýlenen aýalyň bilen şatlan (Nak. 5:18).

Ýehowa «bagtly Hudaý». Ol biziňem bagtly bolmagymyzy isleýär (1 Tim. 1:11). Ýehowa biziň her gün şatlanyp ýaşamagymyz üçin köp zatlary berýär (Ýak. 1:17). Ýehowa är-aýalyň hem bagtly ýaşamagy üçin maşgala ojagyny döretdi. Ýigit bilen gyz toý tutan güni bir-birini söýjekdigini, hormat goýjakdygyny we gadyryny biljekdigini wada berýär. Är-aýal bir-birini näçe güýçli söýse, şonça-da bagtly bolar. Gynansak-da, köpler toý güni beren wadasyny ýatdan çykarýar. Şeýlelikde, mähir-muhabbetden doly maşgala ojagy sowuk zyndana öwrülýär. Emma Ýehowa ärlere aýalyna hormat goýmagy tabşyrýar. Aýalyna hormat goýýan är onuň bilen sylaşykly gepleşýär, mähirli bolýar we söýýändigini görkezýär (1 Pet. 3:7). w25.01 sah. 8, abz. 1, 2; sah. 9, abz. 4, 5

15-nji iýul, çarşenbe

Ýehowa meniň kömekçim, men gorkmaryn (Ýew. 13:6).

Ýewreý mesihçilere agyr synag garaşýardy, emma olar Pawlus resulyň maslahatyna eýerip, janyny halas etdiler. Pawlus olara Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenmegi, Ýehowanyň niýetine we garaýşyna düşünmegi ündedi. Şonda olar nämäniň hakykat we nämäniň ýalandygyny bilerdiler, nädogry düşünjelere gulak gabartmazdylar. Şeýle-de Pawlus Halypamyz Isanyň we ýolbaşçylyk edýän doganlaryň görkezmesine eýermegi maslahat berdi. Ýewreý mesihçiler synaglara döz gelmelidi, şonda Ýehowa ýaraýan ýagşy häsiýetleri ösdürip, dogry garaýşy saklap bilerdiler. Dogan-uýalar, geliň, bizem Pawlusyň ýewreý mesihçilere beren maslahatyna ýürekden eýereliň! Şonda uly betbagtçylykda Ýehowa wepaly galarys (Ýew. 3:14). w24.09 sah. 12, abz. 17; sah. 13, abz. 19 

16-njy iýul, penşenbe

Isa Mesih bedenini gurbanlyk hökmünde bir gezekde hödürläp, bizi hemişelik mukaddes etdi (Ýew. 10:10).

Mukaddes Kitaba görä, «töleg» günäni geçmek we ýaraşmak üçin tölenýän haky aňladýar. Adam ata bilen How ene günä edip, ebedi we kämil ýaşaýyşdan mahrum boldy. Ýehowa olaryň ýitiren zadynyň öwezini dolmak üçin töleg tölemegi ýüregine düwdi (1 Tim. 2:6). Töleg tölemek üçin 1) Adam ata ýaly kämil, 2) ebedi ýaşamaga mümkinçiligi bolan we 3) adamzat üçin janyny höwes bilen gurban berjek adam gerekdi. Adamlary günäniň gulçulygyndan diňe Isa pygamber halas edip bilýärdi. Sebäbi 1) Isa kämildi, «hiç hili günä etmedi» (1 Pet. 2:22); 2) ýer ýüzünde ebedi ýaşap biljek ýeke-täk adamdy; 3) ol adamlaryň günäsini ýuwmak üçin şirin janyny gurban bermäge taýýardy (Ýew. 10:9). w25.02 sah. 4, abz. 11, 12

17-nji iýul, anna

Hudaý... mukaddes ruhuny jomartlyk bilen berýändir (Ýah. 3:34).

Dogan-uýalar, Ýehowa sizi gowy görýär we ogly-gyzy hökmünde kabul etmek isleýär. Elbetde, siz hem suwa çümdürilmek üçin köp kynçylyklary ýeňip geçensiňiz. Isa pygamber şägirtlerine: «Eger gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu daga: „Bärden başga ýere göç“ diýseňiz, ol göçer. Siziň başarmajak zadyňyz bolmaz» diýdi (Mat. 17:20). Şägirtler Isa pygamberden bary-ýogy birnäçe ýyl tälim alypdy. Olar imanyny has-da berkitmelidi. Emma Isa olary berk imanly mesihçi boljakdygyna, dag ýaly kynçylyklary ýeňip geçjekdigine ynandyrdy. Dogan-uýalar, Ýehowa I asyrdaky mesihçilere kömek eden bolsa, size-de hökman kömek eder. Eger size suwa çümdürilmäge päsgel berýän zat bar bolsa, ony derrew aýryň, gol gowşuryp oturmaň. Suwa çümdürilmek ömrüňizde geljek iň wajyp kararlaryňyzyň biridir. w25.03 sah. 7, abz. 18—20

18-nji iýul, şenbe

Ýehowa meniň tarapymda, men gorkmaryn (Zeb. 118:6).

Biz Ýehowanyň kömek etmäge taýyndygyny unutmasak ähli synaglara döz geleris (Işa. 37:17, 33—37). JW.ORG saýtynda dogan-uýalaryň beren gyzykly gürrüňleri bar. Siz hem Ýehowanyň kömek eden günlerini ýatlaň. Elbetde, siz durmuşyňyzda Ýehowanyň gudratly goluny görensiňiz. Ol size her gün hakykat ýolundan ýöremäge kömek edýär (Ýah. 6:44). Eger Ýehowanyň size kömek edendigi ýadyňyza düşmese, Ondan ýadyňyza salmagy haýyş ediň. Şonda ol size dogalaryňyza jogap berendigini, tüýs gerek wagty goldandygyny we kynçylyklara döz gelmäge kömek edendigini ýatladar. Siz Ýehowanyň Biribar Hudaýdygyna has-da ynanarsyňyz. w24.06 sah. 21, abz. 8

19-njy iýul, ýekşenbe

Ölüm hem ähli adamlara geçdi, sebäbi hemmeler günä etdi (Rim. 5:12).

Biz Ýehowa bilen dostlugymyzy hiç kime we hiç zada bozdurmarys. Emma biz bikämil, käte synaglarda ejizlemegimiz mümkin (Rim. 7:21—23). Eger biz seresap bolmasak, ajy zatlar süýji bolup görner, ýagny haram işlere höwes edip başlarys. Biz Isa pygamberiň «oýa boluň» diýen maslahatyna eýersek Ýehowa we Halypamyza wepaly bolarys. Biz erbet zatlary höwes edip bileris, sebäbi her bir adamyň öz ejiz we gowşak tarapy bolýar. Käbirleri agyr günä hasaplanýan zatlary hem höwes edýär. Meselem, käbirleri ahlaksyzlyk we ten höwesleri bilen göreşýär, käbirleri pornografiýa görmek ýa-da masturbasiýa etmek ýaly erbet endiklerini goýmak üçin jan edýär. Başgalary bolsa adamdan gorkup ýagşy işleri etmäge ýaýdanýar. Käbirleri özdiýenli ýa-da gaharyna erk edip bilmeýär. w24.07 sah. 14, abz. 3; sah. 15, abz. 5

20-nji iýul, duşenbe

Ol gaýgydan ýaňa göwnüçökgünlige düşmez ýaly, ony ýürekden bagyşlaň we göwünlik beriň (2 Kor. 2:7).

Eger ýaşulular toba eden adamy ýygnakda dikeltmeseler näme bolar? Ýa-da ýaşulular dikeldensoň dogan-uýalar oňa ýüz bermese näme bolar? Ol adam özüni alaçsyz duýup, «gaýgydan ýaňa göwnüçökgünlige düşerdi». Ol «Ýehowa meni hiç haçan bagyşlamaz, durmuşymy üýtgetmegiň peýdasy ýok» diýip pikir ederdi. Eger mesihçiler toba eden doganyny ýürekden bagyşlamasalar näme bolar? Olaryň Ýehowa bilen dostlugy bozular. Näme üçin? Sebäbi olar rehimdar, geçirimli Hudaý Ýehowanyň däl-de, zalym, doňýürek Şeýtanyň göreldesine eýererler. Olar Şeýtanyň elindäki gural bolup, doganynyň aýagyna palta urarlar (2 Kor. 2:10, 11; Efes. 4:27). w24.08 sah. 16, abz. 7; sah. 17, abz. 10, 11

21-nji iýul, sişenbe

Ol ýokaryk galyp... olary bereket hökmünde berdi (Efes. 4:8).

Isa Mesihiň «bereket hökmünde beren» adamlarynyň arasynda etrap gözegçileri hem bar. I asyrda Isa Mesihiň görkezmesine eýerip, Iýerusalimdäki ýaşulular Pawlusy, Barnabasy we başga doganlary ýygnaklary idemäge iberdi (Res. 11:22). Pawlus bilen Barnabas ýygnak ýaşululary we hyzmatçylary ýaly, dogan-uýalary ruhlandyryp, imanyny berkitmelidi (Res. 15:40, 41). Etrap gözegçileri menzil-menzil ýol sökýär. Olar her hepde ençeme ruhlandyryjy nutuklar bilen çykyş edýär, çopançylyk idegini edýär, pionerler we ýygnak ýaşululary bilen duşuşyklary geçirýär, şeýle-de wagyz duşuşyklaryny hem geçirýär. Olar etrap we welaýat kongreslerini gurnaýar, nutuklar bilen çykyş edýär, pionerler mekdebini geçirýär, özüne degişli etrapdaky ähli pionerler bilen ýörite duşuşygy gurnaýar. Käte bolsa filialyň tabşyran gaýragoýulmasyz ýumuşlaryny ýerine ýetirýär. w24.10 sah. 21, 22, abz. 12, 13

22-nji iýul, çarşenbe

Men halkymyň etmişlerini bagyşlaryn, günälerini ýatlamaryn (Ýer. 31:34).

Pawlus resul Ýermeýa pygamberiň şu günki aýatdaky sözlerine salgylanyp: «Men... olaryň günälerini ýatlamaryn» diýýär (Ýew. 8:12). «Ýatlamaryn» diýen söz nämäni aňladýar? Geliň, ilki bilen Mukaddes Kitapdaky «ýatlamak» diýen işligiň manysyny bileliň. Ýatlamak diňe bir geçmişde bolan waka hakda oýlanmagy däl-de, herekete geçmegi aňladýar. Isa pygamberiň ýanynda pürse çüýlenen jenaýatçy: «Isa, Patyşa bolanyňda meni ýatla!» diýdi. Isa oňa: «Saňa söz berýärin, meniň bilen Jennetde bolarsyň» diýdi (Luka 23:42, 43). Isanyň aýdan sözlerinden görnüşi ýaly, ol gökde Patyşa bolanda jenaýatçy hakda diňe bir oýlanman, ony direltmelidi. «Ýatlamak» diýlende belli bir herekete geçmegi aňladýan bolsa, «ýatlamazlyk» hiç hili hereket etmezligi aňladýar. Ýehowanyň «ýatlamaryn» diýmegi, bizi bagyşlansoň herekete geçmejekdigini, ýagny günämizi ýüzümize basmajakdygyny we temmi bermejekdigini aňladýar. w25.02 sah. 10, 11, abz. 14, 15

23-nji iýul, penşenbe

Mukaddes Hudaýyň bilimi düşünje berýär (Nak. 9:10).

Düşünjeli adam Ýehowanyň häsiýetlerini, niýetlerini we Onuň halaýan, ýigrenýän zatlaryny gowy bilýär. Şonuň üçin özüňize şu soraglary beriň: «Men Ýehowany gowy tanaýarynmy? Nähili karara gelsem, Ýehowa menden razy bolar?» (Efes. 5:17). Käte Ýehowany begendirmek üçin dogan-garyndaşlarymyzy gynandyrmaly bolýarys. Käbir ene-atalar gyzyny gurply ýaşaýan ýa-da köp galyň tölejek dogana durmuşa çykarasy gelýär. Ýöne dogan ruhy taýdan känbir ösen däl. Elbetde, olar gyzynyň zada zar bolman, bolelinlikde ýaşamagyny isleýändir. Ýöne ol ýigit gyzynyň Ýehowa bilen dostlugyny berkidip bilermi? Şu ýagdaýa Ýehowa nähili garaýar? Mukaddes Kitapda mesihçileriň «Hudaýyň Patyşalygyny... birinji orunda goýmalydygy» aýdylýar (Mat. 6:33). Elbetde, uýa ene-atasyna, dogan-garyndaşlaryna hormat goýýandyr, olaryň göwnüni hem ýykasy gelýän däldir. Ýöne onuň esasy maksady Ýehowany razy etmek bolmaly. w25.01 sah. 17, abz. 9, 10

24-nji iýul, anna

Halypamyz ýanymda durup, maňa güýç berdi (2 Tim. 4:17).

Yzarlama bolanda hoş habary yhlasly wagyz etmek üçin bize-de Ýehowanyň kömegi gerek (Ylh. 12:17). Biz Ýehowanyň goldajakdygyna näme üçin ynamly bolup bileris? Muňa düşünmäge Ýahýa 17-nji bapda ýazylan Isa pygamberiň dogasy kömek edýär. Isa Atasyndan resullaryny goramagy haýyş edýär. Ýehowa Oglunyň dilegine jogap berýär. Resullar kitabynda Ýehowanyň yzarlamalar döwri şägirtlere yhlasly wagyz etmäge kömek edendigi ýazylan. Şeýle-de Isa dogasynda diňe bir resullaryny däl, eýsem olaryň habaryna seslenjek adamlary hem goramagy haýyş edýär. Diýmek, Isa pygamber siziň üçin hem Atasyna doga edipdir. Ýehowa Isanyň dilegine şu günlerem jogap berýär. Ol I asyrda resullara yhlasly wagyz etmäge kömek eden bolsa, size-de kömek eder (Ýah. 17:11, 15, 20). Dünýäniň soňy golaýlaşdygyça hoş habary wagyz etmek has-da kynlaşar, emma Isa Ýehowanyň bizi ýeke goýmajakdygyny, kömek etjekdigini aýtdy (Luka 21:12—15). w25.03 sah. 18, abz. 13, 14

25-nji iýul, şenbe

Gullarym... joşup aýdym aýdarlar (Işa. 65:14).

Ruhy jennetde ýaşaýan adamlar hak Allany wasp edýärler we «joşup aýdym aýdýarlar», sebäbi olaryň ýüregi Ýehowa minnetdarlykdan doly. Ýehowa olara Mukaddes Kitap arkaly hakykatyny açýar, ajaýyp wadalary berýär, Isa pygaberiň töleg gurbany arkaly ýagty gelejege umyt berýär. Şol sebäpli olar «ýürekden şatlanýarlar», biri-birini ruhlandyrýarlar we özüni bagtly duýýarlar (Zeb. 34:8; 133:1—3). Ruhy jennetde ýaşaýan adamlar biri-birini söýýär we agzybir ýaşaýar. Täze dünýäde bolsa bütin ýer ýüzünde hakyky söýgi we agzybirlik höküm sürer (Kol. 3:14). Hawa, ruhy jennete gelen her bir adam söýgi bilen garşy alynýar. Emma bu dünýäniň adamlary siz barada erbet zatlary aýtsalar-da, ruhdan düşmäň, esasy zat, Ýehowanyň öňünde we dogan-uýalaryň arasynda ýagşy adyňyz bar (Işa. 65:15). w24.04 sah. 21, abz. 7, 8

26-njy iýul, ýekşenbe

Birek-biregi berkidiň (1 Sel. 5:11).

Maşgala gurmadyk dogan-uýalary nädip goldap bileris? Biz aýtjak sözlerimize ünsli bolmaly (Efes. 4:29). Şu soraglar hakda oýlansak gowy bolar: men olary ýaňsylap üstünden gülýärinmi? Dogan bilen uýanyň gepleşip durandygyny görenimde, olary çatjak bolýarynmy? (1 Tim. 5:13). Maşgala gurmadyklary durmuşdan yza galan hasaplamaň. Dogan-uýalar, geliň, maşgala gurmadyk imandaşlarymyza «Berekella!» diýeliň we olaryň göwnüni galkyndyralyň. Siz bir dogan bilen uýany tanyşdyrmak isleýän bolsaňyz nämeleri göz öňünde tutmaly? Mukaddes Kitapda adamlaryň duýgusyna hormat goýmalydygy aýdylýar (Rim. 15:2). Siz maşgala gurmadyk dogan-uýalary çatyp ýörmäň we olaryň garaýşyna hormat goýuň (2 Sel. 3:11). Eger mesihçiniň özi haýyş etse, oňa ýar tapmaga kömek ediň, ýöne haýyş etmese, durmuşyna goşulmaň (Nak. 3:27). w24.05 sah. 24, abz. 14, 15

27-nji iýul, duşenbe

Duşmanlaryň daýanjy Arkadagymyza taý gelmeýär (5 Mus. 32:31).

Şu günler apy-tupan ýaly kynçylyklar her birimiziň başymyza inýär we durmuşymyz göz açyp-ýumasy salymda üýtgeýär. Biz onuň goldawy bilen her bir kynçylyga döz geleris. Dawut pygamber Ýehowa «Biribar» diýenden soňra, Oňa «Arkadagym» diýip ýüzlendi (Zeb. 18:46). Geliň, Dawut pygamberiň şu sözleri näme üçin aýdandygyny bileliň. Mukaddes Kitabyň asyl nusgasyndaky «gaýa» diýen söz «Arkadag» diýip terjime edildi. Ýehowa gaýa ýa-da Arkadag diýilmegi, onuň nähili Hudaýdygyny mälim edýär. Ol ynamdar, üýtgewsiz we halkyna pena bolýan Hudaýdyr. Mukaddes Kitapda ilkinji sapar «Arkadag» sözi 5 Musa 32:4-de duş gelýär. Gadymy döwürde hudaýhon adamlar deňi-taýy bolmadyk Ýehowany wasp edenlerinde «Arkadagym» diýip ýüzlenipdir. Meselem, hudaýhon aýal Hanna «Arkadag Hudaýym ýeke-täkdir» diýýär (1 Şam. 2:2). Habakuk pygamber Ýehowa «Arkadagym» diýip ýüzlenýär (Hab. 1:12). Mezmurçy «Hudaý arkadagymdyr» diýýär (Zeb. 73:26). Şeýle-de Ýehowa özüne «Menden başga Arkadag ýok» diýýär (Işa. 44:8). w24.06 sah. 26, abz. 1, 3

28-nji iýul, sişenbe

(Ýehoşapat) Ýehowa bütin ýüregi bilen gulluk etdi (2 Tar. 22:9).

Ysraýyl patyşalary Ýehowany bütin ýüregi bilen söýenlerinde ony razy edip ýaşaýardy. Mukaddes Kitapda Ýoşyýa patyşa barada şeýle diýilýär: «Ýoşyýa ýaly bütin ýüregi... bilen Ýehowa dolanan... patyşa öňde-soňda bolmandy» (2 Pat. 23:25). Süleýman patyşa garrylyk çagynda «Hudaýa bütin ýüregi bilen wepaly bolmady» (1 Pat. 11:4). Mukaddes Kitapda biwepa patyşa Abyýam barada şeýle diýilýär: «Ol... Ýehowa Hudaýa bütin ýüregi bilen gulluk etmedi» (1 Pat. 15:3). Mukaddes Kitapda «ýürek» diýlende, adamyň içki dünýäsi, isleg-arzuwy, oý-pikiri, garaýşy, niýeti, ukyp-başarnygy we maksady göz öňüne tutulýar. Ýehowa bütin ýüregi bilen wepaly bolýan adamlar nähili bolýar? Ol göz üçin ýa-da özüni borçly duýýandygy üçin Ýehowa gulluk etmeýär. Gaýtam ol Ýehowany jany-teni bilen söýýär, kada-kanunlaryny berjaý edýär. Ol ýagşy günde-de, ýaman günde-de, ömrüniň ahyryna çenli Ýehowa wepaly bolýar. w24.07 sah. 21, abz. 4, 5

29-njy iýul, çarşenbe

Ýazyklarymy bagyşla! (Zeb. 51:9).

Mukaddes Kitapda Ýehowanyň biziň günälerimizi nädip bagyşlaýandygy barada deňeşdirme getirilýär. Ýehowa: «Günäleriň üstüni bulut bilen, ýazyklaryňy gara bulut bilen örterin» diýýär (Işa. 44:22). Gör, nähili ajaýyp deňeşdirme! Gara bulutdan günüň ýiti şöhlesi hem geçip bilmeýär. Ýehowa toba edýän adamyň günäsini hiç kim görmez ýaly gara bulut bilen örtýär. Mukaddes Kitapdaky deňeşdirmeler bize Ýehowanyň örän geçirimli Hudaýdygyna düşünmäge kömek edýär. Ýehowa bizi bagyşlansoň özümizi günäkärläp ýörmeli däl. Ýehowa söwer Oglunyň gyrmyzy gany arkaly biziň günälerimizi ýuwýar. Ýehowa biziň bergimiziň üstüni diňe bir çyzman, ony süpürip aýyrýar. Jomart we geçirimli Hudaýa arassa ynsap bilen gulluk etmek uly hormat! Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlansoň ýene-de onuň bilen dostlaşýarys we Oňa arassa ynsap bilen gulluk edýäris. w25.02 sah. 10, abz. 11—14

30-njy iýul, penşenbe

Hudaý... seniň toba etmegiň üçin ýagşylyk edýär (Rim. 2:4).

Ýaşulular komitetiniň maksady ýygnagy ruhy taýdan arassa saklamak (1 Kor. 5:7). Emma olar günäkäre toba etmäge kömek etmek üçinem elinde baryny edýärler. Ýaşulular günäkär eden işine öküner, garaýşyny üýtgeder diýip umyt edýärler. Olar «örän mähirli we rehimdar Hudaý» Ýehowanyň göreldesine eýerýärler (Ýak. 5:11). Goja Ýahýa resulam Ýehowanyň rehimdarlygyndan görelde alyp şeýle diýýär: «Balalarym, şu haty günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Eger biri günä etse, Atanyň ýanynda kömekçimiz dogruçyl Isa Mesih bardyr» (1 Ýah. 2:1). Gynansak-da, käte günä eden mesihçi toba etmeýär. Şeýle ýagdaýda ony ýygnakdan çykarmaly bolýar. w24.08 sah. 25, abz. 19, 20

31-nji iýul, anna

Imanda berk duruň (1 Kor. 16:13).

Belki, siz özüňizi dogan-uýalar bilen deňeşdirýänsiňiz. Deňeşdirmäň! Ýehowa ogul-gyzlaryny biri-biri bilen hiç haçan deňeşdirmeýär (Gal. 6:4). Meselem, Merýem «atyr ysly gymmatbaha... ýag» bilen Isa pygamberiň aýagyny ýuwýar (Ýah. 12:3—5). Garyp dul aýal bolsa bary-ýogy ikije teňňe sadaka berýär (Luka 21:1—4). Ýöne Isa pygamber olaryň ikisini hem berk imany üçin öwýär. Siz Ýehowany ýürekden söýýärsiňiz we oňa janyňyz-teniňiz bilen gulluk edýärsiňiz. Şonuň üçin gökdäki Ataňyz Ýehowa edýän ujypsyz tagallaňyzy hem gymmat saýýar. Käte her birimizde şübhe döräp biler. Hudaýyň Sözüniň kömegi bilen ýüregiňizden şübhäni aýryň. Mähriban ýaşlar, Ýehowa siziň her biriňizi gowy görýär. Gadyrly dogan-uýalar, Ýehowa siziň ýaşlykda geçen zatlaryňyzy bilýär we 100 esse edip öwezini doljakdygyny wada berýär. Hormatly garry dogan-uýalar, Ýehowa siziň gadyryňyzy bilýär we wepaly gullugyňyzy gymmat saýýar. w24.10 sah. 24, abz. 3; sah. 29, abz. 17, 18

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş