Awgust
1-nji awgust, şenbe
Şonda şeýle bir uly betbagtçylyk bolar, ol dünýä döräli bäri şu güne çenli ne bolandyr (Mat. 24:21).
«Beýik Wawilon» ýok edilende käbir adamlar Ýehowa iman ederler we halas bolarlar. Şol sebäpli biz şu günler ýalan dinleriň ýok ediljekdigi baradaky höküm habaryny batyrgaýlyk bilen wagyz etmeli. Unutmaň, gelejekde pygamberlik ýerine ýetip başlanda käbirleri biziň aýdanlarymyzyň dogrudygyna göz ýetirer (Hyzkyl 33:33-i deňeşdiriň). Belki, olar duýduryşa gulak asyp, arassa seždä goşular we Ýehowa iman edip halas bolar. I asyrda Filipi şäherinde «güýçli ýertitreme bolanda» türmäniň gözegçisi Ýehowa iman edip halas boldy. Edil şonuň ýaly, tizden «Beýik Wawilon» ýok edilende, göçme manyda bütin dünýä sarsar. Şonda käbir adamlar türmäniň gözegçisi ýaly hak Alla iman edip halas bolar (Res. 16:25—34). w24.05 sah. 17, abz. 9, 10
2-nji awgust, ýekşenbe
Mesihden soň Musanyň kanuny ýatyryldy (Rim. 10:4).
Biz Pawlusyň Ýewreýlere ýazan hatyndan köp zatlary öwrenip bilýäris. Ýehudy mesihçileriň käbiri ruhy taýdan ösmeýärdi. Olara «agyr nahar däl-de, süýt bermelidi» (Ýew. 5:12). Ýehowa mesihçiler ýygnagy arkaly hakykaty ýuwaş-ýuwaşdan açýardy. Emma olar şol hakykatlary kabul etmeýärdi (Nak. 4:18). Meselem, olaryň käbiri Ýehowany razy etmek üçin Musanyň kanuny boýunça ýaşamaly diýip pikir edýärdi. Aslynda, şondan 30 ýyl öň Isa pygamber janyny gurban edip, Musanyň kanunyny ýatyrypdy (Tit. 1:10). Emma olar hiç hili özgerişlik etmek islemedi. Şol sebäpli Pawlus olara «agyr nahar» iýmegi maslahat berdi. Pawlus hatynda Isa pygamber arkaly Ýehowa sežde etmegiň Musanyň kanunyna eýermekden has wajypdygyny düşündirdi we ildeşleriniň garşylyklaryna garamazdan, batyrgaýlyk bilen wagyz etmegi tabşyrdy (Ýew. 10:19—23). w24.04 sah. 6, abz. 15
3-nji awgust, duşenbe
Dogruçyllar hem-de erbetler direler (Res. 24:15).
Adam ata bilen How ene Şeýtanyň tarapyna geçip, Ýehowa garşy gozgalaň turuzdy. Olar bütin adamzat nesline günäni we ölümi miras galdyrdy. Olaryň käbiri, ýagny 144 000 saýlananlar Mesih bilen höküm sürmek üçin gökde direler we baky ýaşaýşy sylag alar (Ylh. 14:1). Ýehowa wepaly bolup aradan çykan erkekdir aýallaryň köpüsi bolsa, «dogruçyllaryň» hatarynda direler. Eger olar Isanyň Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňuna çenli we soňky synagda Ýehowa wepaly bolsalar ebedi ýaşaýyş sylagyny alarlar (Dan. 12:13; Ýew. 12:1). Hak Hudaýy tanamadyk zalym adamlar «erbetleriň» hatarynda direler. Müňýyllygyň dowamynda olara Ýehowa sežde edip, durmuşyny üýtgetmäge mümkinçilik berler (Ýah. 5:29; Luka 23:42, 43). Emma käbir adamlar hiç haçan direlmez, sebäbi erbetlik olaryň aňyna, ganyna siňen (Luka 12:4, 5). w24.05 sah. 2, abz. 3; sah. 5, abz. 15; sah. 6, abz. 17
4-nji awgust, sişenbe
(Olar) diňe dilinde maňa hormat goýýar, emma ýüregi menden uzakdadyr (Işa. 29:13).
Ýehowanyň çadyrynda myhman bolýan adam «ýüreginde hakykaty aýtmaly» (Zeb. 15:2). Ol ýalan sözlemeli däl, hemişe hakykaty aýtmaly we dogry işleri etmeli (Ýew. 13:18). Sebäbi «Ýehowa mekirleri ýigrenýär, dogruçyllar bolsa onuň dostudyr» (Nak. 3:32). «Ýüreginde hakykaty aýdýan adam» Hudaýa göz üçin gulluk etmeýär. Ol mekirlige ýüz urmaýar. Mekir adam Ýehowanyň kada-kanunlarynyň dogry, peýdalydygy bilen ylalaşmaýar we özüni aklaýar (Ýak. 1:5—8). Ol durmuşyň käbir ýagdaýlarynda Hudaýa gulak asmasaň hem bolar diýip pikir edýär. Mekir adam edýän erbet işiniň netijesini birbada görmese, ýüregi gataýar, Hudaýyň beýleki kada-kanunlaryny hem bozup başlaýar we ikiýüzli ýaşaýar (Nes. 8:11). Emma biz Hudaýyň çadyrynda ebedi galmak islesek, dogruçyl ýaşamaly, hiç haçan ýalan sözlemeli däl. w24.06 sah. 10, abz. 7, 8
5-nji awgust, çarşenbe
Berk durup, biliňize hakykat guşagyny daňyň (Efes. 6:14).
Biz Hudaýyň Sözündäki hakykata iman edýäris we şoňa görä ýaşaýarys (Rim. 10:17). Biz ýygnak duşuşyklarynyň «hakykatyň diregi hem daýanjydygyna» ynanýarys (1 Tim. 3:15). Şeýtan biziň Mukaddes Kitaba imanymyzy gowşatmak we Hudaýyň guramasyna şübhe döretmek üçin elinde baryny edýär. Şeýtan tizden Ýehowa hakda ýalan gep-gürrüňleri ýaýradyp, ähli halklary oňa garşy aýaga galdyrar (Ylh. 16:13, 14). Şeýle-de ol Hudaýyň halkyny azdyrmak üçin hüjümini has-da güýçlendirer (Ylh. 12:9). Şol sebäpli biz häzirden nämäniň hakykatdygyny we nämäniň ýalandygyny bilmeli hem-de «Hudaýyň hakykatyna gulak asmaly» (Rim. 6:17; 1 Pet. 1:22). Şonda uly betbagtçylykdan sag-aman geçeris. w24.07 sah. 8, abz. 1—3
6-njy awgust, penşenbe
Size berýän tabşyrygym kyn ýa-da elýetmez däldir (5 Mus. 30:11).
Ýehowa ysraýyllar bilen äht baglaşdy, olary öz halky edip saýlady. Eger ysraýyllar Ýehowa gulak asyp, kada-kanunlaryny berjaý edip ýaşasalar, Ýehowa olary gorajakdygyny we bereket berjekdigini wada berdi. Eger ysraýyllar ähti bozsa, Ýehowa olaryň bereketden mahrum boljakdygyny we kösenip ýaşajakdygyny aýtdy. Ýöne ysraýyllar üçin umyt bardy. Olar Hudaýyna dolanyp tabşyryklaryna gulak assalar, Ýehowa olary gujak açyp garşy alar (5 Mus. 30:1—3, 17—20). Olar eden günäsine toba etseler, ýene-de Ýehowanyň halky bolup bilýärdi we öňküden hem köp bereketleriň eýesi bolardylar. Ysraýyl halky Ýehowanyň kada-kanunlaryny gaýta-gaýta bozup, onuň göwnüne degdiler. Şeýlelikde, hak Hudaýdan daşlaşyp, köp ejir çekdiler. Emma Ýehowa saýlan halkyndan ýüz öwürmedi. Ol ysraýyllary toba getirmek üçin pygamberlerini gaýta-gaýta ýollady (2 Pat. 17:13, 14). w24.08 sah. 9, abz. 4, 5
7-nji awgust, anna
Iýerusalimdäki ýygnagy güýçli yzarlap başladylar (Res. 8:1).
B. e. 33-nji ýylynda Isa pygamberi pürse çüýläp öldürdiler. Şondan birnäçe wagt geçensoň mesihçiler ýygnagy döreýär. Dini ýolbaşçylar Ýahudada we Iýerusalimde ýaşaýan ýewreý mesihçilerini zalymlyk bilen yzarlap başlady. Takmynan 20 ýyl geçipdi, ýewreý mesihçileriň ýagdaýy has-da erbetleşdi. Tutuş ýurtda açlyk höküm sürýärdi, halk ýeter-ýetmezçilikden kösenýärdi (Res. 11:27—30). B. e. 61-nji ýylynda ýagdaý biraz gowulaşypdy, ýagny yzarlamalar öňküsi ýaly güýçli däldi, ýurduň ykdysadyýeti ösüpdi. Pawlus resul şol döwri ýewreý mesihçilerine hat ýazýar. Ol tüýs wagtynda hat ýazypdy, sebäbi ýewreý mesihçileri şol wagt asuda döwürde ýaşaýardy. Emma tizden Isa pygamberiň aýdan betbagtçylygy bolmalydy. w24.09 sah. 8, abz. 1, 2
8-nji awgust, şenbe
Olar maňa köp göwünlik berdiler (Kol. 4:11).
Biz jebir-jepa çekenimizde, ejizlänimizde Ýehowa Atamyz dogan-uýalar arkaly goldaw berýär. Imandaşlarymyz bizi ünsli diňleýär, duýgudaşlyk bildirýär we dertli günümizde ýanymyzda bolýar. Olar aýat okap, bizi ruhlandyrýar we biziň bilen Hudaýa dileg edýär (Rim. 15:4). Käte kynçylyklar sebäpli aljyranymyzda ýa-da howsala düşenimizde, dogan-uýalar Ýehowanyň bizi söýýändigini ýatladýar. Şonda ýüregimiz giňäp gidýär we gaýgy-aladalar bilen göreşmäge güýjümiz bolýar. Şeýle-de imandaşlarymyz nahar bişirip berýär we elinden gelen kömegini gaýgyrmaýar. Emma biz olara başdan geçirýän duýgularymyzy we nähili kömegiň gerekdigini aýtmasak, olar bizi goldap bilmez (Nak. 17:17). Şonuň üçin ýürek derdimizi imany berk dostumyza gürrüň bermeli (Nak. 14:10). Belki, biz ýanynda özümizi rahat duýýan, çekinmän ýürek derdimizi aýdyp bilýän bir ýa-da iki ýaşula gürrüň bereris. Käbir uýalar bolsa imany berk jorasyna gaýgy-aladasyny gürrüň berip, göwünlik tapýar. w24.10 sah. 10, 11, abz. 15, 16
9-njy awgust, ýekşenbe
Atam Ogluny tanap, oňa iman eden her bir adamyň ebedi ýaşamagyny isleýär (Ýah. 6:40).
Köp adamlar ömrüni uzaltjak bolup ýokumly iýmitleri iýýär we maşk edýär. Olar näme etseler-de, wagtyň geçmegi bilen garraýar we ölýär. Şonuň üçinem adamlar ebedi ýaşaýşyň boljagyna ynanmaýar. Ýöne Isa pygamber Ýahýa 3:16-njy we 5:24-nji aýatlarda adamlaryň «ebedi ýaşap» biljekdigini aýtdy. Isa gudrat bilen müňlerçe adamlary çörek we balyk bilen doýranda märeke haýran galypdy. Ýöne Isanyň ertesi günki aýdan sözleri adamlary hasam geň galdyrdy. Märeke Isanyň yzyna düşüp Kapernawuma geldi. Isa olara ölen adamlaryň direljekdigini we ebedi ýaşajakdygyny aýtdy (Ýah. 6:39, 40). Isanyň märekä aýdan sözleri siziňem, direlen adamlaryňam gelejekde ebedi ýaşajakdygyny subut edýär. w24.12 sah. 8, abz. 1, 2
10-njy awgust, duşenbe
Ärler... aýalyňyza... ejiz gap ýaly garap, hormat goýuň (1 Pet. 3:7).
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habar bermegine görä, ärleriň köpüsi aýalyny urýar, sögýär we kemsidýär. Belki, olar köpçülikde aýalyna şa gyzy ýaly seredip, aladasyny edýänsireýändir. Emma öýünde hakyky ýüzüni görkezip, ony hyzmatkäri hasaplaýar. Ärler aýaly bilen özüni näme üçin gödek alyp barýar? Belki, olaryň kakasy ejesini urandyr, sögendir. Şonuň üçin edýän hereketini olaram dogry hasaplaýandyr. Käbirleriniň bolsa önüp-ösen ýerindäki adamlar özüni aýaly bilen gödek alyp barýandyr. Şonuň üçinem olar: «Aýal depäňe çykmaz ýaly, wagtal-wagtal oňa edep sapagyny geçmeli» diýýärler. Başgalary özüne we gaharyna erk edip bilmeýär. Käbirleri bolsa, pornografiýa görýändigi üçin gelin-gyzlara islän zadyňy etseň bolýar diýip pikir edýär. Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwründen bäri şu kynçylyklar has-da köpeldi. Emma ärler ýokarda agzalan zatlary bahana edip özüni aklap bilmez. w25.01 sah. 8, abz. 2, 3
11-nji awgust, sişenbe
Mesih ynsan bedeninde görgi görüpdi. Siz hem onuň pikir edişi ýaly pikirlenmegi ýüregiňize berk düwüň (1 Pet. 4:1).
Isa pygamber şägirtlerine Musanyň kanunyndaky iň wajyp tabşyrygyň nämedigini düşündirip: «Ýehowa Hudaýyňy bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin güýjüň we bütin aň-düşünjäň bilen söý» diýdi (Luka 10:27). Biz Ýehowany bütin ýüregimiz bilen söýsek, oňa höwes bilen, şatlanyp gulluk ederis. Biz Ýehowany bütin janymyz bilen söýsek, oňa soňky demimize çenli wepaly bolarys. Biz bütin güýjümiz bilen söýsek, Hudaýa güýç-kuwwatymyzy gaýgyrman gulluk ederis. Şeýle-de biz bütin aň-düşünjämiz bilen söýsek, ähli zatda Ýehowanyňky ýaly pikirlenmäge jan ederis. Elbetde, biz Ýehowanyň pikirlerine doly akyl ýetirip bilmesek-de, onuň ýaly pikirlenjek bolmaly. Munuň üçin biz «Mesihiň pikir edişi ýaly pikirlenmegi» öwrenmeli. Sebäbi Isa ähli zatda Atasynyň göreldesine eýerdi (1 Kor. 2:16). w25.03 sah. 8, abz. 1
12-nji awgust, çarşenbe
Hudaý Oglunyň döken gany bilen töleg töläp, bizi gulçulykdan azat etdi. Hawa, Hudaý uly ýagşylyk edip, günälerimizi bagyşlady (Efes. 1:7).
Isa pygamber kämil janyny gurban berip, Adam atanyň ýitiren zadynyň öwezini doldy (1 Kor. 15:45). Şeýlelikde, Isa pygamber «soňky Adam» boldy (Rim. 5:19). Indi adamlary günäden azat etmek üçin başga gurbanlyk gerek däldi, sebäbi Isa «özüni bir gezekde hemişelik gurban etdi» (Ýew. 7:27; 10:12). Günäni geçmek bilen tölegiň nähili baglanyşygy bar? Ýehowa bikämil adamlar bilen ýaraşmak üçin, olaryň günäsini geçmelidi. Adamlaryň günäsini geçmek üçin töleg tölemelidi. Töleg bolsa Isa pygamberiň gurban eden kämil janyny aňladýar (Ýew. 9:14). w25.02 sah. 4, 5, abz. 12, 13
13-nji awgust, penşenbe
Hudaý beren sözünde durup, siziň döz gelip bilmejek synaglaryňyza ýol bermez. Synagda soňuna çenli çydap biler ýaly çykalga-da açar (1 Kor. 10:13).
Siz kynçylyklara duş geleniňizde jedelli mesele hakda oýlanyň. Şeýtan Iblis mesihçi kynçylykda ejizläp, Ýehowadan ýüz öwrer diýip töhmet atýar. Eger biz kynçylyklarda Hudaýa wepaly galsak, ony söýýändigimizi we Şeýtan Iblisiň barypýatan ýalançydygyny subut ederis (Eýp. 1:10, 11; Nak. 27:11). Belki, sizi döwlet işgärleri yzarlaýandyr, ýeter-ýetmezçilikden kösenýänsiňiz, adamlar hoş habary diňleýän däldirler we başga-da kynçylyklara duş gelýänsiňiz. Eger şeýle bolsa, ruhdan düşmäň, gaýtam mertlik bilen döz geliň. Şonda Ýehowanyň ýüregini şatlandyrarsyňyz. Ýadyňyzda bolsun, Ýehowa döz gelip bilmejek synaglaryňyza ýol bermez. Ol size çydamly bolmaga güýç-kuwwat berer. w24.06 sah. 22, abz. 9
14-nji awgust, anna
Her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar (Ýak. 1:14).
Siz öz ejiz taraplaryňyzy bilýäňizmi? Belki, siz: «Men ejiz däl, güýçlüdirin. Synaglarda ýykylmaryn» diýip, özüňize göwnüňiz ýetýändir (1 Ýah. 1:8). Pawlus resul «ruhy taýdan ösenleriň» hem seresap bolmasa, synagda ýykylyp biljekdigini aýtdy (Gal. 6:1). Gadyrly dogan-uýalar, öz-özümizi aldamalyň, ejiz tarapymyzy boýun alalyň (2 Kor. 13:5). Ejiz tarapyňyzy bilenden soňra ätiýaçly boluň, ejizlikleriňiz bilen göreşer ýaly hemişe taýyn boluň. Gadymy döwürde berk galalaryň ejiz tarapy derwezeleri bolupdyr. Şol sebäpli esgerler derwezeleri gije-gündiz garawullapdyr. Biz hem ejiz tarapymyzy bilenimizden soňra synaga düşmez ýaly hemişe oýa bolmaly (1 Kor. 9:27). w24.07 sah. 15, abz. 5—7
15-nji awgust, şenbe
Ýagşy işleri edip, miwe bermegiňizi, Hudaý hakda has-da köp dogry bilim almagyňyzy dileýäris (Kol. 1:10).
Şu günki aýatdan görnüşi ýaly, hoş habary wagyz etmek ýagşy iş hasaplanýar. Biz Mukaddes Kitaby okasak, çuňňur oýlansak, imanymyz berk bolar we Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmegiň wajypdygyna düşüneris. Siz Mukaddes Kitaby okanyňyzda sahypa sanyna kowalaşmaň, gaýtam çuňňur oýlanyň we gözleg-barlag geçiriň. Eger bir aýada düşünmeseňiz, saklanyň, oýlanyň, soňra «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi» ýa-da «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasy» esasynda gözleg-barlag geçiriň. Siz Hudaýyň Sözüni howlukman okasaňyz, ondaky pygamberlikleriň hakykatdygyna göz ýetirersiňiz (1 Sel. 5:21). Şonda siziň imanyňyz berkär we hoş habary adamlara şatlyk bilen wagyz edersiňiz. w24.04 sah. 15, abz. 4, 5
16-njy awgust, ýekşenbe
Hatymy siziň ähli zatda gulak asyşyňyzy görmek üçin ýazypdym (2 Kor. 2:9).
Dawut pygamber: «Ýehowa, sen ýagşy, geçirimli» diýdi (Zeb. 86:5). Mikaý hem: «Halkynyň ýazyklaryny bagyşlaýan, günälerini geçýän seniň ýaly Hudaý barmy?» diýdi (Mik. 7:18). Işaýa pygamber bolsa: «Erbet adam ýaman ýolundan dänsin, zalym adam pälinden gaýtsyn. Ol Ýehowa dolansyn, oňa rehim eder. Hudaýymyza gelsin, ony doly bagyşlar» diýip ýazdy (Işa. 55:7). Korinfdäki dogan-uýalar Ýehowanyň göreldesine eýerip, toba eden adamy mähirli garşy alyp, onuň dolanyp gelenine begenýändigini görkezmelidiler. Şeýdip, olar Pawlusyň beren maslahatyna eýerip, Hudaýa «ähli zatda gulak asýandygyny» subut ederdiler. Günä eden adamyň ýygnakdan çykarylanyna bary-ýogy birnäçe aý geçdi. Ýöne ol şol wagtyň içinde eden ýalňyşyna düşündi, toba etdi. Şol sebäpli ýaşululara ony ýygnakda dikeltmek üçin ýene birnäçe aý garaşmak gerek däldi. w24.08 sah. 17, abz. 12, 13
17-nji awgust, duşenbe
Iki daýhanyň biri alnar, beýlekisi galar (Mat. 24:40).
Höküm güni ýetip gelýär. Tizden Isa pygamber bütin ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň üstünden höküm çykarar. Şägirtler Halypasyndan: «Seniň gelendigiňi we dünýäniň soňuny haýsy alamatdan bilse bolar?» diýip sorady (Mat. 24:3). Isa pygamber olara «soňky günleriň» alamatlaryny düşündirdi. Olar Matta 24-nji, 25-nji baplarda, Markus 13-nji we Luka 21-nji baplarda ýazylan. Isa pygamber şägirtlerine soňky günleriň alamatlaryny düşündirenden soňra üç sany mysaly gürrüň berdi. Olar goýunlar we geçiler, paýhasly we akylsyz gyzlar we batman mysallary. Isa pygamber şu günler bütin ýer ýüzünde ýaşaýan adamlara syn edýär. Ol adamlaryň edýän işine we özlerini alyp barşyna görä höküm eder. w24.09 sah. 20, abz. 1, 2
18-nji awgust, sişenbe
Ähli işleri söýgi bilen ediň (1 Kor. 16:14).
Isa pygamber adamlara hyzmat edip, ajaýyp görelde galdyrdy. Ol atasy Ýehowany we adamlary söýýärdi. Şonuň üçin arman-ýadaman zähmet çekdi, hatda adamlaryň pes hasaplaýan işlerini hem höwes bilen etdi (Mat. 20:28; Ýah. 13:5, 14, 15). Gadyrly doganlar, eger siz Ýehowany we adamlary söýseňiz, maksadyňyza ýetip, ýygnak hyzmatçysy bolup bilersiňiz (1 Pet. 5:5). Şu dünýäde köplenç atly-abraýly, wezipeli adamlary sylaýarlar. Ýöne Ýehowanyň guramasynda beýle däl. Isanyň göreldesine eýerýän doganlar başgalardan beýik boljak bolmaýar ýa-da özüni elýetmez adam edip görkezmeýär. Eger at-abraýa, wezipä gyzýan dogan ýygnakda ýaşuly ýa-da hyzmatçy bellense, ol pes hasaplanýan, göze ilmeýän işleri edesi gelmez. Sebäbi ol «şeýle işler meniň mertebämi peselder, abraýdan düşürer» diýip pikir etmegi mümkin (Ýah. 10:12). w24.11 sah. 15, abz. 6, 7
19-njy awgust, çarşenbe
Mukaddes ruh sizi... gözegçi edip belledi (Res. 20:28).
Şu günler Hudaýyň halky gün-günden artýar. Şonuň üçin ýygnak hyzmatçylary, ýaşululary we etrap gözegçileri gerek (Efes. 4:8). Suwa çümdürilen doganlar, siziň imandaşlaryňyza hyzmat edesiňiz gelýärmi? (Nak. 3:27). Onda ýygnak hyzmatçysy bolmagy maksat goýuň. Eger siz ýygnak hyzmatçysy bolsaňyz, ýaşuly bolmaga jan ediň. Belki, siz Hoş habarçylar mekdebinde okarsyňyz. Şonda siz öz ýygnagyňyz üçin uly bereket bolarsyňyz we Isa pygamberiň tabşyran ýumşuny birkemsiz ýerine ýetirersiňiz. Eger siz şeýle maksatlary goýmaga özüňizi mynasyp görmeýän bolsaňyz näme?! Onda Ýehowa ýürekden doga ediň. Ol size mukaddes ruhuny bolluk bilen berer we siz her bir tabşyrylan işi çöp döwen ýaly edersiňiz (Luka 11:13). Dogan-uýalar, geliň, aladaçyl, mähirli we jomart Patyşamyz Isa Mesihe minnetdar bolalyň! Ol «bereket hökmünde berlen» doganlar arkaly gije-gündiz biziň aladamyzy edýär (Mat. 28:20). Şeýle-de arman-ýadaman zähmet çekýän ýygnak hyzmatçylaryna, ýaşululara we etrap gözegçilerine sag bolsun aýdalyň. w24.10 sah. 23, abz. 16, 17
20-nji awgust, penşenbe
Öňki zatlar ýada düşmez (Işa. 65:17).
Ruhy jennetde ýaşaýan adamlar hem gaýgy-hasrat çekýär, kösenýär, ýöne tizden olaryň ähli «gaýgy-aladasy unudylar, (Hudaýyň) gözüniň öňünden ýok bolar» (Işa. 65:16). Hawa, Ýehowa kynçylyklary aýransoň, ýuwaş-ýuwaşdan ýürek ýaralarymyz biter, erbet ýatlamalar aňymyzdan ýiter. Biz Şeýtanyň dünýäsinde ýaşaýandygymyz üçin her gün dürli kynçylyklar bilen göreşmeli bolýarys. Emma ýygnaklara gelenimizde ähli gaýgy-aladamyzy unudýarys, özümizi rahat duýýarys. Sebäbi ol ýerdäki dogan-uýalar ruhuň miwesini, ýagny söýgi, şatlyk, parahatlyk, mähribanlyk, ýumşaklyk ýaly häsiýetleri görkezýär (Gal. 5:22, 23). Hudaýyň halkynyň agzasy bolmak uly hormat! Tizden ruhy jennetde ýaşaýan adamlar Ýehowanyň «men täze gökleri, täze ýeri ýaradýaryn» diýen sözleriniň doly ýerine ýetişini görer. w24.04 sah. 22, abz. 9, 10
21-nji awgust, anna
Eger adam Hudaýa howlukmaç wada berse, beren wadasy hakda soňundan oýlansa, şeýle adam duzaga düşýär (Nak. 20:25).
Ýaşlar tanyşlyk döwrüniň oýun-oýunjak zat däldigine düşünmeli. Olar maşgala gurmak üçin biri-birini gowy tanamaly. Olar toý güni biri-birini jany-teni bilen söýjekdigini we bütin ömrüne hormat goýjakdygyny wada berer. Muňa toýa gelen myhmanlar we Ýehowa şaýat bolar. Adam uly işiň başyny tutanda ýedi ölçäp, bir kesýär. Şonuň ýaly, wada bermänkäňiz gowuja oýlanyň. Ýehowa siziň beren wadaňyzda durmagyňyzy isleýär. Käbir ýaşlar tanyşlyk döwrüniň soňunda ýa toý tutýarlar, ýa-da duşuşmagyny bes edýärler. Eger siz duşuşmagy bes eden bolsaňyz: «Bary biderek boldy» diýip gynanmaň. Sebäbi siz onuň taýyňyz däldigine göz ýetirdiňiz. Käbir ýaşlar tanyşlyk döwrüniň nämedigine düşünmeýär. Olar maşgala gurmaga taýýar bolmasa-da, çem gelene söz aýdyp ýörýär. w24.05 sah. 26, 27, abz. 3, 4
22-nji awgust, şenbe
Halypamyz hakda wagyz etmäge... utanma (2 Tim. 1:8).
Käte ýaşlar özüniň Ýehowanyň Şaýadydygyny aýtmaga we ynanýan zatlary barada gürrüň bermäge çekinýärler. Ewolýusiýa barada tema geläýse dagy, olaryň dili tutulýar. Näme üçin? Sebäbi mugallymlar ewolýusiýa taglymatynyň dogrudygyny şeýle bir ynamly aýdýarlar welin, çagalar näme diýip, näme goýjagyny bilmeýär. Ene-atalar, çagalaryňyza Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlarynyň dogrudygyna şübhelenmez ýaly nädip kömek edip bilersiňiz? Çagalaryňyz ýaradylyş barada hakykaty bilýändigine utanmaly däl. Hatda köp alymlaram ýaşaýşyň öz-özünden döremändigi bilen ylalaşýarlar. Olar: «Çylşyrymly öýjükleriň, akylyňy haýran edýän zatlaryň öz-özünden döremegi mümkin däl» diýýärler. Şonuň üçin alymlar oňa ynanmaýarlar. Çagalaryňyz Beýik Ýaradana imanyny berkitmek üçin, dogan-uýalardan: «Älem-jahany Allatagalanyň ýaradandygyna sizi näme ynandyrýar?» diýip sorap biler. w24.12 sah. 18, abz. 14, 15
23-nji awgust, ýekşenbe
Isa örän şatlandy we mukaddes ruhdan doldy (Luka 10:21).
Isa köp adamlaryň hoş habara seslenjekdigine ynanýardy. Şonuň üçin ol janaýaman yhlasly wagyz etdi. B. e. 30-njy ýylynyň ahyrynda Isa köp adamlaryň hoş habara seslenýändigini görüp, olary ýetişen hasyla meňzetdi (Ýah. 4:35). Şondan bir ýyl geçensoň, ol şägirtlerine: «Hasyl bol» diýdi (Mat. 9:37, 38). Birnäçe wagtdan soň aýdan pikirini nygtap: «Hasyl bol... Şonuň üçin hasyl ýygnamaga işçi iberer ýaly, hasyl Eýesine ýalbaryň» diýdi (Luka 10:2). Isa adamlar hoş habara seslenmez diýip, olardan umydyny üzmeýärdi. Gaýtam akýürekli adamlar hakykata gelende örän begenýärdi. Isa pygamber şägirtlerine yhlasly wagyz etmek üçin adamlardan umydyny üzmeli däldigini düşündirdi. w25.03 sah. 18, 19, abz. 15, 16
24-nji awgust, duşenbe
Ýehowa meniň galam bolar (Zeb. 94:22).
Ýehowa penadyr. Gadymy döwürde äpet gaýalar apy-tupan turanda adamlara pena bolupdyr. Şu günler biziň başymyza apy-tupan ýaly kynçylyklar inende, Ýehowa penamyz bolýar. Hudaý halkyna düzedip bolmajak zyýan ýetirilmegine ýol bermez. Gelejekde bolsa Arkadagyň penasynda ýaşajak adamlar asuda, parahat durmuşda döwran sürerler (Hyz. 34:25, 26). Biz Arkadag Ýehowa Hudaýa doga-dileg etsek, biziň penamyz bolar, «Hudaýyň parahatlygy» ýüregimizde höküm sürer we dury pikirlenmäge kömek eder (Flp. 4:6, 7). Mukaddes Kitapda «Ýehowa ebedilik Arkadagdyr» diýilýär (Işa. 26:3, 4). Ýehowa biziň dogalarymyzy eşidýär, hemişe kömek edýär we beren sözünde durýar. Biz Ýehowa doly bil baglap bileris, sebäbi ol wepaly Hudaýdyr (2 Şam. 22:26). Ol biziň eden ýagşylygymyzy unutmaz, wepaly bendelerini sylagsyz goýmaz (Ýew. 6:10; 11:6). w24.06 sah. 27, abz. 4—6
25-nji awgust, sişenbe
Ýüregiňi gora, sebäbi ol ýaşaýşyň gözbaşydyr (Nak. 4:23).
Biz imanymyzy gowşadýan zatlardan gaça durmaly. Göwün açmanyň zyýanly görnüşi, erbet dost-ýarlar, baýlygyň yşkyna düşmek biziň ýüregimizi zäherläp biler. Biz nämedir bir zadyň Hudaýa söýgimizi sowadýandygyny, ýagşy häsiýetlerimizi bozýandygyny duýan badymyza aýgytly hereket etmeli (Mat. 5:29, 30). Erbet zatlar biziň ýüregimizi zäherläp biler. Biz: «Men Ýehowa yhlasly gulluk edýärin» diýip erbet zatlary edip ýörsek, öz-özümizi aldarys. Aýdaly, siz gyş pasly ýüzüňi ýalap barýan sowukda üşäp öýe gelýärsiňiz. Siz ýylynmak üçin peji ýakýarsyňyz, emma öýüň gapysy giňden açyk dursa, siz hiç haçan ýylnyp bilmersiňiz. Edil şonuň ýaly ýüregimizde Ýehowa söýgi alawlap ýanar ýaly Patyşalygyň işleri bilen başagaý bolmak ýeterlik däl. Biz Şeýtanyň dünýäsiniň täsiri ýüregimizi zäherlemez ýaly göçme manydaky gapyny ýapmaly (Efes. 2:2). w24.07 sah. 21, abz. 6, 7
26-njy awgust, çarşenbe
Duşmanlaryňyzy söýüň, sizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň (Mat. 5:44).
Isanyň çeken jebrini söz bilen beýan edip bolmaýar. Isa adalatsyzlyk edenlerinde ýüregini gatatmady. Ol özüne ýamanlyk eden esgerlere gargaman, gaýtam olar üçin doga etdi: «Atam, olary bagyşla, olar näme edýänini bilmeýär» (Luka 23:34). Eger bizem göwnümize degen, töhmet atan ýa-da adalatsyzlyk eden adamlar üçin doga etsek, ýüregimizde öýke-kinä we gahar-gazaba orun bermeris, olary ýigrenip ar aljak bolmarys. Şu dünýäniň soňy gelýänçä, biz adalatsyzlykdan gaçyp gutulup bilmeris. Ýöne makaladaky maslahatlar bize adalatsyzlyga döz gelmäge kömek edýär. Geliň, hemişe Ýehowa doga edeliň, Isadan görelde alalyň we Mukaddes Kitabyň maslahatlaryna ýürekden eýereliň. Şonda Ýehowa bize bol bereket berer (1 Pet. 3:8, 9). w24.11 sah. 7, abz. 16, 17, 19
27-nji awgust, penşenbe
Sen zalym işleri ýigrenýärsiň, erbetler huzuryňa gelip bilmez (Zeb. 5:4).
Ýehowa günäli işlere göz ýummaýar (Zeb. 5:4—6). Ol adamlardan adalatly kada-kanunlary boýunça ýaşamagy talap edýär. Emma Ýehowa adamlaryň käte ýalňyşjakdygyna düşünýär. Şonuň üçinem olardan başarmajak zadyny talap etmeýär (Zeb. 130:3, 4). Gynansak-da, erbet adamlar «Hudaýymyzyň ýagşylygyny öz peýdasyna ulanyp, haýasyzlygyny aklaýarlar» (Ýahd. 4). Şol sebäpli Mukaddes Kitapda Hudaýyň Armageddon söweşinde «hudaýsyz adamlary» ýok etjekdigi aýdylýar (2 Pet. 3:7; Ylh. 16:16). Ýehowa hiç bir adamyň heläk bolmagyny islemeýär. Mukaddes Kitapda onuň «hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýändigi» aýdylýar (2 Pet. 3:9). Ýaşulular hem Ýehowadan görelde alyp, günä eden adama dogry ýola düşmäge, Ýehowa bilen ýene-de dost bolmaga kömek etmek üçin elinde baryny edýärler. w24.08 sah. 26, abz. 1, 2
28-nji awgust, anna
Sen jomartlyk bilen eliňi açýarsyň, her bir adamy we haýwany näz-nygmatdan doýurýarsyň (Zeb. 145:16).
Bizem Ýehowanyň göreldesine eýerip, dogan-uýalara ýagşylyk edip bileris. Ýehowa biz arkaly olara kömek eder. Siz hor-homsy, garyp ýaşaýan dogan-uýalara kömek edýärsiňizmi? Ýehowanyň Şaýatlary betbagtçylyk döwri biri-birini goldaýarlar. Meselem, koronawirus (COVID-19) keseli ýaýran döwri dogan-uýalar imandaşlaryny iýmit, egin-eşik we başga-da gerekli zatlar bilen üpjün etdiler. Köpleri pul sadakasyny berip, dünýäniň dört künjeginde ýaşaýan mätäç doganlaryny goldadylar. Hawa, olar şu aýada ýürekden eýerdiler: «Ýagşylyk etmegi we başgalar bilen zadyňyzy paýlaşmagy unutmaň, sebäbi Hudaý şeýle sadakalary halaýandyr» (Ýew. 13:16). w24.09 sah. 27, abz. 6, 7
29-njy awgust, şenbe
Iň wajyp zatlara düşüniň (Flp. 1:10).
Aýdaly, siz iş gözleýärsiňiz we iki sany iş tapýarsyňyz. Siz olar barada hemme zady anyklaýarsyňyz. Meselem, näme iş etmelidigini, näçe sagat işlemelidigini, işe gidip-gelmek üçin näçe wagtyň gitjekdigini we ş. m. zatlaryň hemmesini bilýärsiňiz. Işleriň ikisem gowy. Siz haýsysyny saýlasaňyz hem Mukaddes Kitabyň prinsiplerini bozmaýarsyňyz. Siz näme edersiňiz? Belki, olaryň biri siziň arzuw edýän işiňizdir. Hatda aýlygy hem gowujadyr. Siziňem şol işe giresiňiz gelýändir. Ýöne siz karara gelmezden öň, başga-da ýagdaýlary göz öňünde tutmaly. Saýlajak işiňiz sebäpli ýygnaklardan galmaly bolarsyňyzmy? Maşgalaňyzyň Hudaýa imanyny berkitmäge, aýalyňyza, çagalaryňyza üns bermäge, olar bilen gepleşmäge we dynç almaga wagtyňyz bolarmy? Şeýle soraglar «iň wajyp zatlara düşünmäge», ýagny özüňiziň, maşgalaňyzyň Hudaý bilen dostlugyny hemme zatdan öňde goýmaga kömek eder. Şonda siz Ýehowany razy edýän karara gelersiňiz. w25.01 sah. 17, 18, abz. 11—13
30-njy awgust, ýekşenbe
Ýehowa ýüregi ýaraly adama ýakyndyr (Zeb. 34:18).
Size zorluk-sütem eden bolsalar, Ýehowanyň sizi gowy görýändigi we ýürekden söýýändigi hakda oýlanyň. Käte geçmişde bolan wakalary ýatlap, ruhdan düşeniňizde, Ýehowanyň siziň ýagşy häsiýetiňizi görendigi we dostlaşmak üçin ilkinji ädimi ädendigi hakda oýlanyň (Ýah. 6:44). Ol size kömek etmäge hemişe taýýar, sebäbi siz onuň eziz ogly, mähriban gyzy. Isa pygamber aladaçyl we mähriban Atasy Ýehowanyň göreldesine doly eýerýär. Ol ýer ýüzünde gulluk eden döwri kemsidilýän, äsgerilmeýän adamlary görende gynanýardy we mähir bilen olaryň aladasyny edýärdi (Mat. 9:9—12). Bir güni agyr keselden ejir çekýän aýal sagalmak üçin Isa pygamberiň donundan birugsat tutýar. Şonda Isa oňa käýemegiň deregine, göwünlik berýär we imany üçin öwýär (Mar. 5:25—34). Isa pygamber edil Atasy ýaly mähirlidi, aladaçyldy (Ýah. 14:9). Dogan-uýalar, Ýehowa siziň gadyryňyzy bilýär, imanyňyzy we söýgiňizi görýär. Siz muňa doly ynamly bolup bilersiňiz. w24.10 sah. 7, abz. 4, 5
31-nji awgust, duşenbe
Ýalbarýaryn, gözýaşlarymy meşigiňde sakla (Zeb. 56:8).
Dawut pygamber ajy günleri başdan geçirdi. Şonuň üçin ol köp gözýaş dökdi. Oňa dost-ýarlary, ýakynlary dönüklik etdi (1 Şam. 19:10, 11; 2 Şam. 15:10—14, 30). Dawut şeýle diýdi: «Ahy-nala çekip, gurbatym gaçdy, bütin gije aglaý-aglaý ýassygym myžžyk boldy, gözýaşlarym sil deý akyp, ýatan ýerim köle döndi» (Zeb. 6:6). Dostlary arkasyndan pyçak soksa-da, Dawut Ýehowanyň ony gowy görýändigine şübhelenmeýärdi. Ol: «Ýehowa ahy-nalamy eşider» diýdi (Zeb. 6:8). Şu günki aýatda Ýehowanyň mähir bilen edýän aladasy şahyrana sözler bilen beýan edilýär. Ol Ýehowanyň «gözýaşlaryny meşiginde saklaýandygyny... kitabyna ýazýandygyny» aýdýar. Dawut çekýän jebir-jepasyny Ýehowanyň görýändigini bilýärdi. Hawa, Ýehowa diňe bir Dawuda edilen dönükligi däl-de, eýsem onuň kalbynda, ýüreginde gopýan harasady hem görýärdi. w24.12 sah. 22, abz. 11, 12