Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es26 sah. 88—97
  • Sentýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sentýabr
  • Her günki aýady okalyň — 2026
  • Sözbaşylar
  • 1-nji sentýabr, sişenbe
  • 2-nji sentýabr, çarşenbe
  • 3-nji sentýabr, penşenbe
  • 4-nji sentýabr, anna
  • 5-nji sentýabr, şenbe
  • 6-njy sentýabr, ýekşenbe
  • 7-nji sentýabr, duşenbe
  • 8-nji sentýabr, sişenbe
  • 9-njy sentýabr, çarşenbe
  • 10-njy sentýabr, penşenbe
  • 11-nji sentýabr, anna
  • 12-nji sentýabr, şenbe
  • 13-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 14-nji sentýabr, duşenbe
  • 15-nji sentýabr, sişenbe
  • 16-njy sentýabr, çarşenbe
  • 17-nji sentýabr, penşenbe
  • 18-nji sentýabr, anna
  • 19-njy sentýabr, şenbe
  • 20-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 21-nji sentýabr, duşenbe
  • 22-nji sentýabr, sişenbe
  • 23-nji sentýabr, çarşenbe
  • 24-nji sentýabr, penşenbe
  • 25-nji sentýabr, anna
  • 26-njy sentýabr, şenbe
  • 27-nji sentýabr, ýekşenbe
  • 28-nji sentýabr, duşenbe
  • 29-njy sentýabr, sişenbe
  • 30-njy sentýabr, çarşenbe
Her günki aýady okalyň — 2026
es26 sah. 88—97

Sentýabr

1-nji sentýabr, sişenbe

Imanyňyzy... barlap duruň (2 Kor. 13:5).

Mesihçi ruhy taýdan ösdüm diýip, gol gowşuryp oturmaly däl, ol hemişe imanyny berkidip durmaly. Ol tekepbirligiň duzagyna düşmeli däl (1 Kor. 10:12). Munuň üçin ol her gün: «Men ruhy taýdan ösýärinmi?» diýip, özüni barlap durmaly. Pawlus resul Kolosdaky mesihçilere-de imanyny her gün berkidip durmagy maslahat berdi. Elbetde, Kolosdaky dogan-uýalar ruhy taýdan ösen mesihçidi. Emma Pawlus olara dünýäniň düşünjeleriniň, akyldarlygynyň ýesiri bolmaz ýaly seresap bolmagy maslahat berdi (Kol. 2:6—10). Epafras Kolosdaky dogan-uýalary gowy tanaýardy we imanda berk durmaklary üçin «hemişe yhlasly doga edýärdi» (Kol. 4:12). Diýmek, Pawlusam, Epafrasam mesihçiniň imany gowşamaz ýaly tagalla etmelidigine we Hudaýyň goldawyna bil baglamalydygyna düşünýärdi. Olar Kolosdaky mesihçilere kynçylyklara döz gelip, mundan beýläk hem ruhy taýdan ösmegi we imanyny berkitmegi ündedi. w24.04 sah. 6, 7, abz. 16, 17

2-nji sentýabr, çarşenbe

Biziň arkamyzda... Ýehowa dur. Olardan gorkmaň (4 Mus. 14:9).

Biz Ýehowany söýsek, ony gynandyrmakdan gorkarys we ýigrenýän işlerini etmeris. Biz halal bilen haramyň, hakykat bilen ýalanyň tapawudyny bileris we her gün Ýehowany razy edip ýaşarys (Nak. 2:3—6; Ýew. 5:14). Biz adamdan gorksak, hakykat ýolundan sowlup bileris. Gadymy döwürde ysraýyllar Ýehowanyň wada eden ýurduny gözden geçirmek üçin 12 baştutany saýlap ýolladylar. Olaryň onusy şum habar, ikisi hoş habar bilen dolanyp geldi. On içaly kenganlaryň pälwan adamlaryndan örän gorkupdy. Olaryň gorkusy Ýehowa bolan söýgüsinden üstün çykdy. On içaly halka: «Biz olar bilen söweşip bilmeris. Olar bizden has güýçli» diýdiler (4 Mus. 13:27—31). Hawa, kenganlar ysraýyllardan güýçlüdi. Emma on içaly «olar bilen söweşip bilmeris» diýip, Ýehowanyň goldajakdygyna ynanmadylar we ýalan sözlediler. w24.07 sah. 9, abz. 5, 6

3-nji sentýabr, penşenbe

Heý-de, ýer ýüzüniň Kazysy adalatsyzlyk edermi?! (1 Mus. 18:25).

Biz Ýehowanyň ähli hökümleriniň adalatlydygyna ynanyp bilerismi? Elbetde! Ybraýym pygamber Ýehowanyň adalatly, kämil we rehimdar Kazydygyna göz ýetirdi. Ýehowa Ogluna-da kazylyk etmegi tabşyrdy (Ýah. 5:22). Isa pygamber hem Atasy ýaly ynsan ýüregini bilýär (Mat. 9:4). Biz Ýehowanyň hem, Isanyň hem her bir adama adalatly höküm çykarjagyna doly ynamly bolup bileris. Geliň, Ýehowanyň hemişe adalatly höküm çykarýandygyna ynamly bolalyň! (Işa. 55:8, 9). Ýehowanyň we Isanyň adalatly kazylyk etjekdigine doly ynanalyň. Isa rehimdar we adalatly Atasynyň göreldesine kämil derejede eýerýär (Işa. 11:3, 4). w24.05 sah. 7, abz. 18, 19

4-nji sentýabr, anna

Ýehowa mekirleri ýigrenýär, dogruçyllar bolsa onuň dostudyr (Nak. 3:32).

Ýehowanyň päk ýürekli adamlary gowy görýändigini bir waka subut edýär. Filipus dosty Natanaýyly Isa pygamber bilen tanyşdyrmak isleýär. «Isa Natanaýylyň gelýänini görüp: „Ine hakyky ysraýyl ogly. Onda hiç hili mekirlik ýokdur“ diýýär» (Ýah. 1:47). Ol Natanaýylyň päk ýürekli, akgöwünli adamdygyny aýdýar. Natanaýyl bikämildi, emma onda mekirlik, hilegärlik we ýasamalyk ýokdy. Isa Natanaýyly akýürekli adamdygy üçin öwýär. Zebur 15-nji bapda adamlar bilen sylaşykly bolmalydygy hakda jikme-jik ýazylan. Zebur 15:3-de şeýle diýilýär: «Ol dili bilen töhmet atmaz, goňşusyna ýamanlyk etmez, dostlaryna gara ýöňkemez». Biz şeýle işleri etsek, adamlaryň durmuşyna awy gatarys (Ýak. 1:26). w24.06 sah. 10, abz. 7; sah. 11, abz. 9, 10

5-nji sentýabr, şenbe

Halypa, seniň adyňy tutanymyzda, jynlar hem tabyn bolýardy (Luka 10:17).

Hoş habary wagyz etmäge gitmezden öňürti gowy taýýarlyk görseňiz özüňizi ynamly duýarsyňyz. Isa pygamber şägirtlerini iki-ikiden wagyz etmäge ýollanda, olara näme aýtmalydygyny we nädip aýtmalydygyny öwretdi (Luka 10:1—11). Olar Isa pygamberiň maslahatyna doly eýerip, ökdelik bilen wagyz etdiler we şatlyk bilen dolanyp geldiler. Wagza nädip taýýarlyk görmeli? Teklipleri ýat tutmaň, öz sözleriňiz bilen aýdyň. Ýerli halky göz öňünde tutup, olaryň berip biläýjek soraglary hakda oýlanyň we şol soraglara jogap tapyň. Wagyz etjek adamyňyzyň ýanyna baryň, özüňizi rahat duýuň, ýylgyryň we salamlaşyň. w24.04 sah. 15, 16, abz. 6, 7

6-njy sentýabr, ýekşenbe

Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhrata, hormata, alkyşa mynasypsyň! Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň (Ylh. 4:11).

Hoş habary wagyz etmegimiziň esasy sebäbi: biz Ýehowa Hudaýy bütin janymyz-tenimiz bilen söýýäris we onuň mukaddes adyna çuňňur hormat goýýarys. Biz hoş habary wagyz edip Ýehowany şöhratlandyrýarys. Biz Ýehowany nädip şöhratlandyryp, hormat goýup bileris? Munuň üçin biz adamlara Ýehowanyň älem-jahany ýaradandygy we ýaşaýyş demini berendigi üçin borçludygymyz barada wagyz etmeli. Biz nädip hak Alla alkyş aýdyp bileris? Munuň üçin biz wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi gaýgyrman hoş habary adamlara wagyz etmeli (Mat. 6:33; Luka 13:24; Kol. 3:23). Biz Ýehowany şeýle bir söýýäris welin, ol hakda hemmelere gürrüň beresimiz gelýär, adyny aýdyp, manysyny düşündiresimiz gelýär. w24.05 sah. 17, abz. 11

7-nji sentýabr, duşenbe

Hudaý... ýürekden agtarýanlary sylaglar (Ýew. 11:6).

Ýehowa bize bol bereket, kalbymyza rahatlyk berer we gelejekde ebedi ýaşaýşy peşgeş berer. Mähriban dogan-uýalar, Ýehowanyň beren wadalaryna ynanyň. Sebäbi Ol bizi gowy ýaşatmak isleýär, muny etmäge güýji hem ýetýär. Geliň, Biribaryň beren wadalaryna şübhelenmäliň, şonda oňa janymyz-tenimiz bilen gulluk ederis. I asyrda ýaşan Timoteos Hudaýa wepaly bolup, bize gowy göreldi görkezdi (Ýew. 6:10—12). Timoteos Biribar Ýehowanyň sylaglajakdygyna ynanýar, şonuň üçin janyny aýaman gulluk edýär (1 Tim. 4:10). Timoteos ökde mugallymdy, täsirli nutuk bilen çykyş edýärdi. Ol ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli mesihçilere gowy görelde görkezýärdi. Şeýle-de ol käbir imandaşlaryna käýeýär, öwüt-ündew berýär, dogry ýoldan sowulmazlyga kömek edýär (1 Tim. 4:11—16; 2 Tim. 4:1—5). Timoteos Ýehowanyň sylaglajakdygyna ýürekden ynanýardy (Rim. 2:6, 7). w24.06 sah. 22, abz. 10, 11

8-nji sentýabr, sişenbe

Ýehowa pygamberleri... arkaly Ysraýyl bilen Ýahuda halkyna... duýdurýardy (2 Pat. 17:13).

Ýehowa pygamberleri arkaly boýnuýogyn ysraýyl halkyna toba etmese, kösenip ýaşajakdygyny duýdurdy we hak ýola dolanyp, halal ýaşamaga höweslendirdi. Meselem, Ýehowa halkyna şeýle diýdi: «Eý dönük Ysraýyl... Men saňa gahar bilen bakmaryn, sebäbi men wepalydyryn... Men ebedilik gaharlanmaryn. Günäleriňi boýun al, sebäbi sen Hudaýyň Ýehowa garşy gozgalaň turuzdyň» (Ýer. 3:12, 13). «Bütin ýüregiňiz bilen maňa dolanyň» (Ýow. 2:12, 13). «Ýuwnuň, tämizleniň! Gözümiň alnynda zalym işleri etmäň. Erbet işlerden el çekiň» (Işa. 1:16—19). «Heý-de, men erbet adamyň ölmegini isleýärinmi?.. Eýsem, erbet işlerini taşlap, uzak ýaşamagyny islemeýärinmi? Men hiç bir adamyň ölmegini islemeýärin... Toba edip, uzak ýaşaň» (Hyz. 18:23, 32). Görşümiz ýaly, günäkär toba etse, Ýehowa örän begenýär, oňa guwanýar, ebedi ýaşamagyny isleýär. w24.08 sah. 9, abz. 5, 6

9-njy sentýabr, çarşenbe

Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazylyp... peýdalydyr (2 Tim. 3:16).

Ýehowa tutuş halkyny ruhlandyrýar, aladasyny edýär, görkezme berýär we goraýar. Ýehowa mukaddes çadyryna gelen myhmanlaryň ählisine deň derejede hezzet-hormat edýändigini ýene bir zat subut edýär. Ýehowa dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan adamlaryň Mukaddes Kitaby ene dilinde okap bilmeginiň aladasyny etdi. Mukaddes Kitabyň asyl nusgasy ýewreý, arameý we grek dilinde ýazylan. Hudaýyň Sözüni şu dillerde okap bilýän adamlar Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşýarmy? Elbetde, ýok (Mat. 11:25). Ýehowanyň dosty bolmak üçin ýokary bilimli bolmak ýa-da Mukaddes Kitabyň asyl nusgasyny okap bilmek hökman däl. Ýehowa diňe bilimli adamlaryň däl-de, sada adamlaryň hem Mukaddes Kitaby okap bilmeginiň aladasyny etdi. Şu günler Mukaddes Kitap müňlerçe dile terjime edildi. Her bir adam ony okap, maslahatlaryna eýerip, Ýehowa bilen dostlaşyp bilýär we köp peýda alýar (2 Tim. 3:16, 17). w24.06 sah. 6, 7, abz. 13—15

10-njy sentýabr, penşenbe

Iýerusalim... tizden harabaçylyga öwrüler (Luka 21:20).

Tizden Isa pygamberiň aýdan betbagtçylygy bolmalydy, ýagny Iýerusalim şäheri derbi-dagyn edilmelidi. Ýewreý mesihçileri ätiýajy elden bermän, Hudaýa berk iman etmelidi we her bir ýagdaýa döz gelmegi, çydamly bolmagy öwrenmelidi (Ýew. 10:25; 12:1, 2). Pawlus resulyň maslahatyna eýeren ýewreý mesihçileri Iýerusalim şäheri derbi-dagyn edilende halas boldular (Mat. 24:21; Ylh. 16:14, 16). Şu günler biz has uly betbagtçylygyň öň ýanynda durus, Ýewreýler kitabyndaky maslahata eýersek, bizem halas bolarys. Pawlus resul ýewreý mesihçilerine Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmegi maslahat berýär (Ýew. 5:14—6:1). Ol Töwrada salgylanyp, mesihçi bolmagyň Musanyň kanunyna eýermekden has wajypdygyny düşündirýär. Ýewreý mesihçileri Mukaddes Kitapdan gözleg-barlag geçirse, Hudaýyň garaýşyna has gowy düşünerdi. Şonda olar nämäniň dogry, nämäniň ýalandygyny saýgaryp, hakykat ýolundan sowulmazdy. w24.09 sah. 8, abz. 2, 3; sah. 10, abz. 6

11-nji sentýabr, anna

Dogrudanam, Halypamyz direlipdir! (Luka 24:34).

Isanyň şägirtleri ruhdan düşüpdi, sebäbi olar öýüni, dogan-garyndaşlaryny hem-de gowy görýän kärini taşlap, Isanyň yzyna düşdüler (Mat. 19:27). Käbirlerini bolsa Isanyň şägirdi bolandygy üçin sinagogadan kowdular (Ýah. 9:22). Olar Isanyň wada edilen Mesihdigine iman edýändikleri üçin köp zatlaryndan geçdiler (Mat. 16:16). Indi bolsa olaryň umydy puja çykypdy, sebäbi olaryň Halypasyny pürse çüýläp öldürdiler. Şägirtler Halypasynyň aradan çykandygy üçin ýas tutýardy. Emma olaryň imany gowşamandy, Isa hem muny gowy bilýärdi. Şonuň üçin ol şägirtleriniň ýanyna ýekän-ýekän baryp, olaryň her birini ruhlandyrýar. Meselem, ol mazaryň başynda aglap oturan magdalaly Merýemi ruhlandyrýar (Ýah. 20:11, 16); Emmawus obasyna barýan iki şägirdini ruhlandyrýar; soňra Petrus resula göwünlik berýär. w24.10 sah. 13, abz. 5, 6

12-nji sentýabr, şenbe

Umydyňyz hakda sorana jogap bermäge hemişe taýyn boluň (1 Pet. 3:15).

Ene-atalar, çagaňyza ynanýan zatlaryny gürrüň bermegi öwrediň. Siz çagaňyz bilen jw.org saýtyndaky «Ýaşlaryň sowallary. Ýaradylyşmy ýa-da ewolýusiýa taglymaty?» diýen makalalary okap bilersiňiz. Soňra haýsy pikir arkaly Ýaradyjynyň bardygyny subut edip bolýandygy hakda gürrüň ediň. Eger klasdaşlarynyň biri gyzyklansa, ýönekeýje subutnamalary getirip düşündirmegi öwrediň. Aýdaly, klasdaşlarynyň biri: «Men diňe görýän zatlaryma ynanýan, Hudaýy bolsa hiç haçan görmedim» diýýär. Şonda çagaňyz şeýle jogap berip biler: «Mysal üçin, sen tokaýyň içinden geçip barýarsyň. Daş-töweregiňde-de adam-gara ýok. Birdenem öňüňden owadan jaý çykýar. Şonda sen: „Bäh, jaý öz-özünden gurlaýypdyr“ diýmersiň-ä?! Eger jaýyň ussasy bar bolsa, onda älem-jahanyň hem Ýaradyjysy bolaýmaly». w24.12 sah. 18, abz. 16

13-nji sentýabr, ýekşenbe

Akyldarlyk garrylarda dälmi? Düşünje uzak ömürde dälmi? (Eýp. 12:12).

Durmuşda ýalňyşmaz ýaly her birimize maslahat gerek bolýar. Biz gowy maslahaty ýaşululardan we ruhy taýdan ösen dogan-uýalardan alyp bileris. Elbetde, biz garry dogan-uýalaryň hem öwüt-ündewine gulak asmaly. Biz: «Indi döwür üýtgedi, garrylaryň maslahatynyň peýdasy ýok» diýip pikir etmeli däl. Ýehowa biziň garry dogan-uýalardan köp zat öwrenmegimizi isleýär. Sebäbi olar köpi gören, düşünjeli we paýhasly adamlar. Geçmişde Ýehowa wepaly gojalar arkaly halkyny ruhlandyrypdyr we görkezme beripdir. Geliň, Musa, Dawut pygamber we Ýahýa resul hakda gürrüň edeliň. Olar dürli döwürde ýaşadylar we durmuşy hem biri-birinden tapawutlanýardy. Musa-da, Dawut pygamberem, Ýahýa resul hem ömrüniň ahyrynda ýaşlara öwüt-nesihat berdiler. Olar Ýehowa gulak asýan adamyň bagtly ýaşaýandygyny ýazdylar. Olaryň beren maslahaty ýaşlara-da, garrylara-da peýdaly (Rim. 15:4; 2 Tim. 3:16). w24.11 sah. 8, abz. 1, 2

14-nji sentýabr, duşenbe

Ynsan oglunyň bedenini iýmeseňiz we ganyny içmeseňiz, ýaşaýşa gowuşmarsyňyz (Ýah. 6:53).

Tupandan soň Hudaý Nuh pygambere gandan gaça durmagy tabşyrypdy (1 Mus. 9:3, 4). Ýehowanyň ysraýyllara beren kanunynda hem şol tabşyryk bardy. Gan iýen islendik adam ölüme höküm edilmelidi (3 Mus. 7:27). Isa-da ýehudylara Musanyň kanunyndaky tabşyryklary berjaý etmegi öwredýärdi (Mat. 5:17—19). Öň ol ýehudylara hiç haçan bedenini iýip, ganyny içmelidigini aýtmaýardy. Isa köplenç öwredende deňeşdirme getirýärdi. Bir gezek ol samariýaly aýala: «Meniň berjek suwum... ebedi ýaşaýyş berýär» diýdi (Ýah. 4:7, 14). Isa samariýaly aýal bilen gepleşende göni manydaky çeşmäniň suwuny içseň ebedi ýaşarsyň diýjek bolmady. Edil şonuň ýaly, Isa Kapernawuma gelen ýehudylara-da ebedi ýaşamak üçin göni manydaky bedenini iýmelidigini, ganyny içmelidigini aýtjak bolmady. w24.12 sah. 9, abz. 4—6

15-nji sentýabr, sişenbe

Bedeniňizi diri, mukaddes we Hudaýa ýaraýan gurban hökmünde hödürlemegi haýyş edýärin (Rim. 12:1).

Şu günler köpleriň gelin-gyzlara bolan garaýşy ýoýlan. Doganlar şeýle garaýyşdan seresap bolmaly. Sebäbi adam nämäniň pikirini etse, özüni şeýle-de alyp barýar. Pawlus resul Rimde ýaşaýan saýlanan mesihçilere: «Dünýäniň täsirine düşmäň» diýip maslahat berdi (Rim. 12:1, 2). Pawlus hatyny ýazanda Rim şäherinde ýygnagyň döränine birnäçe wagt bolupdy. Gynansak-da, olaryň käbiri ýaşaýan ýerindäki adamlaryň täsirine düşüpdi. Şonuň üçinem Pawlus olara: «Pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň» diýdi. Pawlusyň maslahaty bize-de degişli. Şu günlerem käbir doganlar dünýäniň täsirine düşüp, özüni aýaly bilen gödek alyp barýar. w25.01 sah. 9, abz. 4

16-njy sentýabr, çarşenbe

Size ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň (1 Pet. 5:2).

Şu günler ýaşulular köp işleri ýerine ýetirýär. Olar her bir mümkinçilikden peýdalanyp hoş habary wagyz edýär (2 Tim. 4:5). Ýaşulular wagyz duşuşygyny gurnaýar, dogan-uýalara ökde wagyzçy we mugallym bolmaga kömek edýär. Käte dogan-uýalardan biri agyr günä edýär. Ýaşulular onuň işine seretmek üçin düzediş çäresini geçirýär. Şonda ýaşulular rehimdar we adalatly Ýehowanyň göreldesine eýerýär. Olar günä eden adamyň Hudaý bilen dostlugyny dikeltmäge kömek etmek üçin elinde baryny edýär. Şeýle-de ýaşulular ýygnagy ahlak we ruhy taýdan arassa saklamak üçin tagalla edýär (1 Kor. 5:12, 13; Gal. 6:1). Mukaddes Kitapda ýaşulularyň «Hudaýyň sürüsini bakýandyklary» hakda ýazylan (1 Pet. 5:1—3). Aladaçyl doganlar ruhlandyryjy nutuklar bilen çykyş edýär, dogan-uýalary gowy tanap, olar bilen dostlaşýar we çopançylyk ideglerini edýär. Käbir ýaşulular Ýygnak jaýynyň gurluşyk we bejeriş işlerine gatnaşýar, kongresleri gurnaýar, Keselhanalar bilen işleşýän komitetde, Hassalary ideýän toparda gulluk edýär, başga-da köp borçlary ýerine ýetirýär. Ýaşuly doganlaryň janyna berekella! w24.10 sah. 20, abz. 9

17-nji sentýabr, penşenbe

Adam ata arkaly hemmeleriň ölşi ýaly, Mesih arkaly-da hemmeler ýaşarlar (1 Kor. 15:22).

Mukaddes Kitapda ulanylan «halas etmek» diýen jümle töleg töläp birini azat etmegi we yzyna satyn almagy aňladýar. Petrus resul muny şeýle düşündirýär: «Bilip goýuň, sizi ata-babalaryňyzdan galan biderek ýaşaýyşdan altyn-kümüş ýaly çüýreýän zatlar halas edip bilmedi (sözme-söz: satyn almady). Emma siz ýazyksyz we şikessiz guzynyň, ýagny Mesihiň gymmatly gany bilen halas bolduňyz» (1 Pet. 1:18, 19; çykgyt). Töleg gurbany arkaly biz zalym hojaýynyň, ýagny günäniň we ölümiň gulçulygyndan azat bolduk (Rim. 5:21). Biz Ýehowa Atamyza näçe minnetdar bolsak-da az. Biz Onuň ýagşylygyny hiç haçan yzyna gaýtaryp bilmeris. Şeýle-de biz Isa pygambere-de örän minnetdar, sebäbi ol bizi halas etmek üçin şirin janyny gurban etdi. w25.02 sah. 5, abz. 15, 16

18-nji sentýabr, anna

Hudaýdan gorkýanlar bagtlydyr (Nak. 28:14).

Synaga düşmez ýaly näme etmeli? Nakyllar 7-nji bapda ýaş ýigit barada gürrüň edilýär. Ol azgyn aýal bilen ahlaksyzlyk edýär. Nakyllar 7:22-de ýigidiň «şol bada» ahlaksyz aýalyň yzyna düşendigi aýdylýar. Aýatda «şol bada» diýen jümle ýigidiň azgyn aýala tötänden duşup, süýji sözlerine derrew yrlandygyny görkezýär. Emma baby tutuşlygyna okasaň, ýigidiň ahlaksyz aýala duşmak üçin birnäçe ädim ädendigine göz ýetirýärsiň. Ýaş ýigit näme üçin günäniň duzagyna düşdi? Gün ýaşyp, garaňky düşüpdi. Ýigit ahlaksyz «aýalyň öýüne golaý çatryga bardy» (Nak. 7:8, 9). Ol aýalyň öýüne tarap howlugyp başlady. Ýigit aýaly görende yzyna dolanyp bilerdi, emma ol beýle etmedi. Aýal ýigidi gujaklap öpdi, ýigit bolsa hiç hili garşylyk görkezmedi. Soňra aýal: «Parahatlyk gurbanlyklaryny berdim» diýip, süýji sözler bilen ýigidiň göwnüni awlady. Ýigit: «Gurbanlyk beren bolsa, ýagşy niýetli aýal ekeni» diýip, pikir eden bolmaly (Nak. 7:13, 14, 21). Ýigit seresap bolan bolsady, aýalyň duzagyna düşmezdi we agyr günä etmezdi. w24.07 sah. 16, abz. 8, 9; sah. 19, abz. 19

19-njy sentýabr, şenbe

Ony ýürekden bagyşlaň we göwünlik beriň (2 Kor. 2:7).

Ýehowa agyr günälere göz ýummaýar. Ýehowa toba etmeýän günäkäre rehim etjek diýip, ony ýygnakdan çykarman, wepaly gullukçylarynyň imanynyň gowşamagyna ýol bermeýär. Ýehowa rehimdar Hudaý, ýöne biperwaý däl. Ol hiç kime adalatly kada-kanunlaryny bozmaga, edenini edip ýaşamaga ýol bermeýär (Ýahd. 4). Eger Ýehowa toba etmeýän günäkäri ýygnakdan çykarmaýan bolsa, onda oňa rehimdar Hudaý diýip bolmazdy. Sebäbi günäkär sebäpli tutuş ýygnak ejir çekerdi (Nak. 13:20; 1 Kor. 15:33). Ýehowa hiç bir adamyň heläk bolmagyny islemeýär. Ol günäsine ökünip toba edýän we Hudaýy razy edip ýaşamak isleýän adamlara rehimdarlyk etmäge hemişe taýyn (Hyz. 33:11; 2 Pet. 3:9). Şol sebäpli Ýehowa Pawlus resula Korinfdäki dogan-uýalara hat ýazmagy tabşyrdy. Olara ýürekden toba eden doganyny ýygnakda gujak açyp garşy almagy maslahat berdi. w24.08 sah. 16, abz. 7; sah. 18, 19, abz. 14, 15

20-nji sentýabr, ýekşenbe

Eger doganlarymyň iň kiçilerinden birine ýagşylyk eden bolsaňyz, onda maňa ýagşylyk etdigiňiz bolar (Mat. 25:40).

Isa pygamber goýunlar we geçiler mysaly arkaly adamlary nämäniň esasynda höküm etjekdigini düşündirdi (Mat. 25:31—46). Ol «uly betbagtçylykda» adamlara syn edip, Armageddonyň öň ýanynda olara iň soňky höküm çykarar (Mat. 24:21). Şonda Isa pygamber hoş habara seslenen, saýlanan mesihçileri goldan adamlary «goýunlaryň» hataryna, hoş habary kabul etmedik we saýlanan mesihçileri goldamadyk adamlary «geçileriň» hataryna goşar. Mukaddes Kitapda Ýehowa Isa pygamberiň adalatly höküm çykarjakdygy hakda pygamberlik ýazdyrdy (Işa. 11:3, 4). Isa adamlaryň özlerini alyp barşyna, garaýşyna, gepleýşine we saýlanan mesihçilere gulak asyşyna syn edýär (Mat. 12:36, 37). Isa pygamber kimleriň «goýun», kimleriň «geçidigini» gowy bilýär. Ol saýlanan mesihçileri goldaýan, esasan-da, yhlasly wagyz edýän adamlary «goýunlaryň» hataryna goşýar. w24.09 sah. 20, 21, abz. 3, 4

21-nji sentýabr, duşenbe

Her bir zadyň dogry ýa nädogrudygyny barlaň (1 Sel. 5:21).

Biz şübhe döredýän soraglara Mukaddes Kitapdan jogap tapmaly. Aýdaly, ýaş dogan ýa-da uýa: «Ýehowa meni söýýärmikä? Aladamy edýärmikä?» diýip oýlanýar. Ol mekir ýüregine derrew ynanmagyň deregine, Mukaddes Kitapda näme diýilýändigini bilmeli. Ýehowa Mukaddes Kitap arkaly şübhe döredýän ähli soraglarymyza jogap berýär. Emma bizem tagalla etmeli. Ilki bilen, Ýehowa doga edip, ak pata bermegini we Öz pikirine düşünmäge kömek etmegini soramaly. Soňra guramanyň wideolary we edebiýatlary arkaly gözleg-barlag geçirmeli (Nak. 2:3—6). Şonda biynjalyk edýän ýa-da şübhe döredýän ähli soraglara jogap taparys. Belki, Ýehowa soraglarymyza bir aýat ýa-da edebiýatlardaky bir pikir arkaly jogap berer. w24.10 sah. 25, abz. 4, 5

22-nji sentýabr, sişenbe

(Söýgi) öz peýdasyna çapmaýar (1 Kor. 13:5).

Ýehowa tekepbir, öz peýdasyna çapýan adamyň işini hiç haçan ugruna etmeýär (1 Kor. 10:24, 33; 13:4). Käte Isanyň jana-jan dostlary hem at-abraýa gyzypdyr. Bir gezek Ýakup bilen Ýahýa Isadan Patyşalygynda özleri üçin aýratyn orun soraýarlar. Şonda Isa olary öwmedi, gaýtam olaryň nädogry garaýşyny düzetdi. Isa 12 şägirdine şeýle diýdi: «Araňyzda uly bolmak isleýän beýlekilere hyzmat etmeli. Araňyzda uly wezipäni eýelemek isleýän hemmeleriň guly bolmaly» (Mar. 10:35—37, 43, 44). Ýagşy niýet bilen hyzmatçy bolmak isleýänler ýygnakda köp işleri edip bilerler (1 Sel. 2:8). w24.11 sah. 15, 16, abz. 7, 8 

23-nji sentýabr, çarşenbe

Maslahatçy köp bolsa, maksada ýetilýär (Nak. 15:22).

Karara gelenimizde söýgi pespäl bolup, «öz peýdaňy däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlemäge» kömek eder (1 Kor. 10:23, 24, 32; 1 Tim. 2:9, 10). Netijede, gelýän kararlarymyzdan adamlary söýýändigimiz we olara hormat goýýandygymyz görner. Aýdaly, siz uly işiň başyny tutjak bolýarsyňyz. Ilki bilen ýedi ölçäp bir kesiň. Isa pygamber «çykdajylary hasaplamagy» maslahat berdi (Luka 14:28). Siz näçe wagtyňyzyň, puluňyzyň we güýjüňiziň gitjekdigi hakda oýlanyň. Maşgala agzalaryňyz bilenem maslahatlaşsaňyz gowy bolar. Şonda olaryň her biri size goldaw berip biler. Belki, olar maksadyňyza ýetmek üçin käbir zatlary üýtgetmegi maslahat berer ýa-da peýdaly boljak düýbünden başga zady teklip eder. Eger olaryň pikirini diňleseňiz, elinden gelen kömegini gaýgyrmazlar. Siziňem işiňiz rowaçlanar. w25.01 sah. 18, 19, abz. 14, 15

24-nji sentýabr, penşenbe

Ebedilik şatlanyň (Işa. 65:18).

Işaýa pygamber ruhy jenneti Ýehowanyň döredendigini aýdýar. Biz muňa örän «şatlanýarys» (Işa. 65:19). Ýehowa şu günler ruhy taýdan teşne adamlara gynanýar, olary bag-bakjaly we bol suwly ruhy jennete çagyrýar. Allatagala şu ýumşy halkyna tabşyrdy. Eger biz Hudaý baradaky bilimiň berýän bereketleri hakda oýlansak, ýüregimiz minnetdarlykdan dolar we akýürekli adamlary ruhy jennete höwes bilen çagyrarys (Ýer. 31:12). Gelejekde aljak umydymyz hakda oýlananymyzda begenýäris we ýüregimiz minnetdarlykdan dolýar. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Jaý gurup, onda ýaşarys, üzüm baglaryny ekip, miwesini iýeris». Biz «biderek ýere zähmet çekmeris». Bize «Ýehowanyň ýalkany» diýerler. Ýehowa biziň asuda, parahat, bagtly ýaşamagymyzy isleýär. Ol «her bir adamy... näz-nygmatdan doýurjakdygyny» söz berýär (Işa. 65:20—24; Zeb. 145:16). w24.04 sah. 22, 23, abz. 11, 12

25-nji sentýabr, anna

Hudaý arkadagym hem penamdyr (Zeb. 62:7).

Biz Arkadag Ýehowa bil baglasak, ol penamyz bolar. Biz nähili ýagdaý bolaýanda-da, Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozmaly däl. Şonda Ýehowa bize guwanar we bereket berer (Işa. 48:17, 18). Kynçylyklarda Ýehowanyň elini görsek, gelejekde-de goldaw berjekdigine ynamly bolarys. Ol berk gaýa kimin ygtybarly. Ýagdaý üýtgese-de, onuň häsiýeti we niýeti üýtgemeýär (Mel. 3:6). Erem bagynda Adam ata bilen How ene gozgalaň turuzdy. Şonda ýagdaý üýtgedi, emma Ýehowa üýtgemedi. Pawlus resul Ýehowa «öz-özüne garşy gidýän däldir» diýdi (2 Tim. 2:13). Daş-töwerekde apy-tupan tursa-da, adamlar näme etse-de, Ýehowa häsiýetini, niýetini we kada-kanunlaryny üýtgetmeýär. Biz kynçylyga düşenimizde Ýehowadan kömek soramaly, onuň dadymyza ýetişjekdigine ynamly bolmaly. Sebäbi ol üýtgemeýän Hudaýdyr (Zeb. 62:6, 7). w24.06 sah. 27, 28, abz. 7, 8

26-njy sentýabr, şenbe

(Adamyň) häsiýetleri... hiç haçan solmaýan gözellikdir (1 Pet. 3:4).

Tanyşlyk döwri biri-biriňizi içgin tanajak boluň. Şonda siz maşgala gurmalymy ýa-da gurmaly däldigine göz ýetirersiňiz. Elbetde, siz synlaýan döwrüňiz onuň käbir häsiýetlerini bilensiňiz, emma tanyşlyk döwri ony has gowy tanajak boluň. Onuň Ýehowa berk iman edýändigini, dünýägaraýşyny biljek boluň we şeýle soraglar hakda oýlanyň: «Ol maňa gowy ýanýoldaş bolarmy? (Nak. 31:26, 27, 30; Efes. 5:33; 1 Tim. 5:8). Biz biri-birimiz bilen syrdaş, dertdeş bolup bilerismi? Göwnüme ýaramaýan ownuk-uşak häsiýetleri bilen oňşup ýaşap bilerinmi?» (Rim. 3:23). Maşgala ojagynyň bagtly bolmagy iki adamyň gylyk-häsiýetiniň meňzeş bolmagyna däl-de, dörän meseläni agzybir çözüp bilmegine baglydyr. w24.05 sah. 27, abz. 5

27-nji sentýabr, ýekşenbe

Men Ýehowanyň öňünde günä etdim (2 Şam. 12:13).

Dawut patyşa agyr günäleri etdi. Natan pygamber Dawudyň günäsini ýüzüne aýdanda, ol özüni kiçeldip ýürekden toba etdi. (Zeb. 51:3, 4, 17, sözbaşy). Hizkiýa patyşa hem Ýehowa garşy günä etdi. Hizkiýa atasy Dawut ýaly özüni kiçeltdi (2 Tar. 32:26). Ýehowa ony «dogry işleri edendigi» üçin öwdi we wepaly patyşa hasaplady (2 Pat. 18:3). Biz olardan näme öwrenýäris? Biz günä etsek toba etmeli we hiç haçan gaýtalamazlygy ýüregimize düwmeli. Ýygnak ýaşululary bize ýönekeý ýaly görünýän meselede maslahat berse-de, ýürekden kabul etmeli. Biz Ýehowadan we ýaşululardan öýkelemeli däl. Ýehowa wekilleri arkaly Ysraýylyň wepaly patyşalaryna-da käýäpdi (Ýew. 12:6). Eger maslahat berseler 1) pesgöwünli bolalyň, 2) öz üstümizde işläliň we 3) Ýehowa bütin ýüregimiz bilen gulluk edeliň. Şonda Ýehowa bizi ýürekden bagyşlar we eden günämizi hiç haçan ýatlamaz (2 Kor. 7:9, 11). w24.07 sah. 21, abz. 8; sah. 22, abz. 9, 11

28-nji sentýabr, duşenbe

Erbet adamy araňyzdan aýryň (1 Kor. 5:13).

Toba etmeýän günäkär şu görkezmäni gowy bilýär. Şonuň üçin ýygnakdan gitmegi onuň özi saýlaýar, sebäbi ýaşulular näçe kömek etjek bolsalaram, ol olaryň kömeginden ýüz öwürýär (2 Pat. 17:12—15). Şeýtmek bilen, ol Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak islemeýändigini görkezýär (5 Mus. 30:19, 20). Ýygnakda onuň mundan beýläk Ýehowanyň Şaýady hasaplanmaýandygy bildiriş edilýär. Şeýle bildiriş ony utandyrmak üçin däl-de, dogan-uýalary habarly etmek üçin edilýär. Şonda dogan-uýalar Mukaddes Kitapdaky «onuň bilen gatnaşmaň», «saçak başynda oturmaň» diýen görkezmä eýerip biler (1 Kor. 5:9—11). Şol görkezme tutuş ýygnaga peýda berýär. Pawlus resul: «Azajyk hamyrmaýa tutuş hamyry turşadýar» diýdi (1 Kor. 5:6). Eger toba etmedik günäkär ýygnakdan çykarylmasa, onda dogan-uýalar Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamasaň hem bolýan eken diýip pikir eder (Nak. 13:20; 1 Kor. 15:33). w24.08 sah. 27, abz. 3, 4

29-njy sentýabr, sişenbe

Maňa güýç berýän Hudaý arkaly ähli zada güýjüm ýetýändir (Flp. 4:13).

Eger biz dogan-uýalardan elimizden gelen kömegi gaýgyrmasak, olaryň daýanjy bolarys. Meselem, garry, syrkaw dogan-uýalaryň öýlerini syryp-süpürmäge kömek edip bileris ýa-da gerek-ýarak zatlaryny bazardan getirip bileris. Şeýle-de Ýygnak jaýynyň arassaçylyk we bejeriş işlerine gatnaşyp bileris. Siz ruhdan düşen dogany ýa uýany tanaýarsyňyzmy? Belki, siz onuň göwnüni götermek üçin öwersiňiz ýa-da myhmançylyga çagyrarsyňyz, ýa hal-ýagdaýyny soramaga bararsyňyz. Şeýle-de oňa jaň edip, hat ýa-da SMS ýazyp bilersiňiz. Ruhlandyrmak üçin ençeme owadan sözleri ýazmalydyr öýtmäň. Birki söz aýdyp, onuň göwnüni galdyrarsyňyz we Hudaýa wepaly bolmaga kömek edersiňiz. Ýürekden çykan söz, ýürege barýandyr (Nak. 12:25; Efes. 4:29). w24.09 sah. 27, 28, abz. 8—10

30-njy sentýabr, çarşenbe

Kim gözegçi bolmak isleýän bolsa, gowy zady arzuw edýär (1 Tim. 3:1).

Sen ýygnakda köpden bäri hyzmatçy bolup gulluk edýän bolsaň, ýaşuly bolmagy hem maksat goýansyň. Onda sen «gowy zady arzuw edýärsiň». Maksadyňa ýetmek üçin näme etmeli? Ýaşulular ýygnakda nähili işleri edýärler? Olar yhlasly wagyz edýärler, çopançylyk idegini edýärler, öwredýärler, ruhlandyrýarlar we görelde bolýarlar. Şonuň üçinem ýaşululara Mukaddes Kitapda «bereket hökmünde berlen» adamlar diýilýär (Efes. 4:8). Ýaşuly bolmak isleýän dogan näme etmeli? Adatça, işe alanlarynda ukyp-başarnygyňa seredýärler. Ýöne ýaşuly bolmak üçin ukyp-başarnykly bolmak ýeterlik däl. Munuň üçin ökde wagyzçy we mugallym bolmaly. Şeýle-de dogan 1 Timoteos we Titus kitaplaryndaky talaplara laýyk gelmeli (1 Tim. 3:1—7; Tit. 1:5—9). w24.11 sah. 20, abz. 1—3

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş