Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • es26 sah. 98—108
  • Oktýabr

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Oktýabr
  • Her günki aýady okalyň — 2026
  • Sözbaşylar
  • 1-nji oktýabr, penşenbe
  • 2-nji oktýabr, anna
  • 3-nji oktýabr, şenbe
  • 4-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 5-nji oktýabr, duşenbe
  • 6-njy oktýabr, sişenbe
  • 7-nji oktýabr, çarşenbe
  • 8-nji oktýabr, penşenbe
  • 9-njy oktýabr, anna
  • 10-njy oktýabr, şenbe
  • 11-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 12-nji oktýabr, duşenbe
  • 13-nji oktýabr, sişenbe
  • 14-nji oktýabr, çarşenbe
  • 15-nji oktýabr, penşenbe
  • 16-njy oktýabr, anna
  • 17-nji oktýabr, şenbe
  • 18-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 19-njy oktýabr, duşenbe
  • 20-nji oktýabr, sişenbe
  • 21-nji oktýabr, çarşenbe
  • 22-nji oktýabr, penşenbe
  • 23-nji oktýabr, anna
  • 24-nji oktýabr, şenbe
  • 25-nji oktýabr, ýekşenbe
  • 26-njy oktýabr, duşenbe
  • 27-nji oktýabr, sişenbe
  • 28-nji oktýabr, çarşenbe
  • 29-njy oktýabr, penşenbe
  • 30-njy oktýabr, anna
  • 31-nji oktýabr, şenbe
Her günki aýady okalyň — 2026
es26 sah. 98—108

Oktýabr

1-nji oktýabr, penşenbe

Men gözlerimi Ýehowa dikerin (Mik. 7:7).

Biz ýygnak ýaşulularyndan, etrap gözegçilerinden, filial komitetiniň agzalaryndan we Ýolbaşçylyk maslahatyndan görkezme alýarys. Eger görkezmäniň näme üçin berlendigine düşünmesek näme? Onda berlen görkezmäniň dogrudygyna şübhelenmegimiz mümkin, hatda görkezmäni beren doganlardan kemçilik gözlemegimiz mümkin. Eger biz iman arkaly ýaşasak, guramany Ýehowanyň dolandyrýandygyna we hemme zady görýändigine ynanarys. Şeýlelikde, biz berlen görkezmä derrew we höwes bilen eýereris (Ýew. 13:17). Biz gulak assak ýygnagyň agzybirligine goşant goşarys (Efes. 4:2, 3). Şeýle-de ýolbaşçylyk edýän doganlar bikämil bolsa-da, olaryň görkezmesine eýersek, Ýehowa hökman bereket berer (1 Şam. 15:22). Eger guramada düzetmeli bir zat bar bolsa, Ýehowanyň ony öz wagtynda düzetjekdigine ynamly bolup bileris. w25.03 sah. 23, 24, abz. 13, 14

2-nji oktýabr, anna

Gökde syrlary açýan Hudaý bar (Dan. 2:28).

Biz täsin döwürde ýaşaýarys. Mukaddes Kitabyň pygamberlikleri gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Meselem, «demirgazyk patyşasy» bilen «günorta patyşasy» dünýäniň üstünden agalyk etmek üçin biri-biri bilen söweşýär (Dan. 11:40). Şu günler Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habar uly depginde wagyz edilýär. Millionlarça adamlar Hudaýyň halkyna goşulýar (Işa. 60:22; Mat. 24:14). Şeýle-de Ýehowa halkyna «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» berýär (Mat. 24:45—47). Ýehowa halkyna gelejekde boljak wakalary düşündirýär (Nak. 4:18). Näme üçin? Sebäbi ol biziň synaglarda wepaly galmagymyzy we uly betbagtçylykda dogan-uýalar bilen agzybir bolmagymyzy isleýär. w24.05 sah. 8, abz. 1, 2

3-nji oktýabr, şenbe

Ol dili bilen töhmet atmaz (Zeb. 15:3).

Mezmurçy: «Töhmet atma» diýip açyk aýdýar. Töhmet — birini masgaralamak üçin aýdylýan ýalan söz. Zebur 15:3-de Ýehowanyň çadyrynda myhman bolýan adam «goňşusyna ýamanlyk etmez, dostlaryna gara ýöňkemez» diýilýär (Zeb. 15:1). Bu sözler nämäni aňladýar? Biz bilmezlikden dogan-uýalara gara ýöňkemegimiz mümkin. Aýdaly, uýa uzak wagtly gullugyny goýýar, är-aýal Beýtel gullugyny tamamlaýar, dogan ýaşuly ýa-da hyzmatçy bolup gulluk etmegini bes edýär. Şonda biz: «Olar gödek ýalňyşlyk edendir, şonuň üçin borjundan aýrylandyr» diýip, gep-gürrüň ýaýratmaly däl. Mesihçi diňe ýalňyşanda däl-de, başga-da wajyp sebäplere görä gullugyny tamamlap biler. Gadyrly dogan-uýalar, Ýehowanyň çadyrynda ebedi myhman bolmak islesek «goňşymyza ýamanlyk etmäliň, dostumyza gara ýöňkemäliň». w24.06 sah. 11, 12, abz. 11—13

4-nji oktýabr, ýekşenbe

Hemişe Ýehowa hakda pikir ederin. Ol meniň sagymda bolsa, asla sarsmaryn (Zeb. 16:8).

Biz her gün Ýehowanyň islegine görä karara gelsek, ondan gorkmagy öwreneris. Mukaddes Kitapdan bir wakany okanyňyzda özüňize şu soragy beriň: men şol ýerde bolan bolsam näme ederdim? Aýdaly, siz Ýehowanyň wada beren ýurduny gözden geçirip gelen on içalynyň getiren şum habaryny diňläp dursuňyz. Siz olaryň aýdan habaryna ynanarsyňyzmy? Kenganlardan gorkup, Ýehowany unudarsyňyzmy? Ýa-da Ýehowa bolan söýgiňiz we Ony razy etmek islegiňiz gorkyňyzdan üstün çykarmy? Tutuş ysraýyllar Kalebiň we Ýuşanyň aýdan hakykatyna gulak asmady. Göýä olaryň gulagy gapylan ýalydy. Gynansak-da, olar Hudaýyň sylagyndan mahrum boldy, ýagny wada edilen ýurda girip bilmedi (4 Mus. 14:10, 22, 23). w24.07 sah. 10, abz. 7

5-nji oktýabr, duşenbe

Ýürekleri barlaýan Ýehowadyr (Nak. 17:3).

Hoşeýa pygamberiň aýaly Gomer ony taşlap oýnaşlary bilen ýaşap başlaýar. Indi Hoşeýa aýalyny bagyşlarmy? Ony öýüne getirermi? Ýürekleri görýän Ýehowa Hoşeýa pygambere şeýle diýýär: «Ysraýyl halky başga taňrylara sežde etse-de... Ýehowa halkyny söýýär. Aýalyň oýnaşy bolsa-da, zyna etse-de, senem ony söý» (Hoş. 3:1; Nak. 16:2). Üns beren bolsaňyz, Gomer heniz günäsine ökünmänkä, oýnaşy bilen ýaşaýarka, Ýehowa pygamberine aýalyny öýüne getirmegi, ony bagyşlamagy tabşyrýar. Edil şonuň ýaly, Ýehowa boýnuýogyn halkyndan umydyny üzmeýär. Ysraýyllar haram işlere baş goşsa-da, Ýehowa olardan ýüz öwürmedi, halkyny söýdi. Pygamberlerini gaýta-gaýta ýollap, toba etmäge, halal ýaşamaga höweslendirdi. Hoşeýa we aýaly Gomer bilen bolan wakadan görşümiz ýaly, Ýehowa agyr günä eden adamlara toba etmäge, hak ýoldan ýöremäge kömek etmek isleýär, sebäbi ol adamyň ýüregini, başdan geçirýän ýagdaýlaryny, duýgularyny bilýär. w24.08 sah. 10, abz. 7

6-njy oktýabr, sişenbe

Töwrat gelejekki ýagşy zatlaryň... kölegesidi (Ýew. 10:1).

I asyrdaky Ýewreý mesihçileri agyr synaglara döz gelmeli bolýardy. Olar Ýehowanyň saýlan halkydy, Iýerusalimde Ýehowanyň saýlan patyşalary höküm sürüpdi, ybadathanasy bolsa arassa seždäniň merkezidi. Olar Musanyň kanunyna gyşarnyksyz eýerýärdi, dini ýolbaşçylaryň aýdan-diýeninden çykmaýardy. Meselem, olar haram haýwanlaryň etini iýmeýärdi, sünnetlenmek baradaky kanuny berjaý edýärdi, başga halklar bilen gatnaşmaýardy we ybadathanada mal gurbanlyklary berýärdi. Emma Isa pygamber şirin janyny gurban berensoň, Musanyň kanuny ýatyrylýar. Ýehowa şondan soň olaryň mal gurbanlyklaryny kabul etmeýär. Indi ýewreý mesihçileri pikirini we garaýşyny düýbünden üýtgetmelidi. Sebäbi Musanyň kanuny olaryň aňyna we ganyna siňipdi (Ýew. 10:1, 4, 10). Hatda Petrus resul ýaly berk imanly mesihçilere hem aňsat däldi (Res. 10:9—14; Gal. 2:11—14). Üstesine-de, dini ýolbaşçylar olary Musanyň kanunyna eýermeýändigi üçin yzarlaýardy we azar-ýamanyny berýärdi. w24.09 sah. 9, abz. 4

7-nji oktýabr, çarşenbe

Hudaýyň sözüni öwredip, araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň (Ýew. 13:7).

Ýehowa halkynyň guramaçylykly hereket etmegini isleýär (1 Kor. 14:33). Meselem, Onuň niýetine görä, hoş habar bütin ýer ýüzüne wagyz edilmelidi. Ýehowa şu wajyp işi Isa pygambere tabşyrýar (Mat. 24:14). Isa pygamber hoş habaryň bütin ýer ýüzünde guramaçylykly wagyz edilmegine gözegçilik edýär. I asyrda ençeme ýygnaklar döredildi, dogan-uýalaryň aladasyny edip görkezme berer ýaly ýaşulular bellendi (Res. 14:23). Şeýle-de Iýerusalimde Ýolbaşçylyk maslahaty bardy we onda resullar bilen ýaşulular gulluk edýärdi. Olar ähli ýygnaklara görkezme berýärdi (Res. 15:2; 16:4). Görkezmä eýeren ýygnaklar «ruhy taýdan berkeýärdi we şägirtleriň sany gün-günden artýardy» (Res. 16:5). w24.04 sah. 8, abz. 1

8-nji oktýabr, penşenbe

Magdalaly Merýem şägirtleriň ýanyna gelip: «Halypamyzy gördüm!» diýdi (Ýah. 20:18).

16-njy nisan güni daň bilen birnäçe aýal Isanyň mazaryna barýar. Olaryň arasynda magdalaly Merýem hem bardy (Luka 24:1, 10). Merýem mazarda Isanyň jesediniň ýokdugyny görýär we Petrus bilen Ýahýa habar bermäge gidýär. Olar hem mazara gelýär we onuň boşdugyny görüp, öýlerine gaýdýar. Ýöne magdalaly Merýem mazaryň başynda oturyp, zaryn-zaryn aglaýar. Isa onuň ýanyna gelip, mähir bilen göwünlik berýär we oňa wajyp ýumşy tabşyrýar. Merýem Isanyň direlendigini doganlara habar bermelidi (Ýah. 20:17, 18). w24.10 sah. 13, abz. 7

9-njy oktýabr, anna

Müsürde köp alamat we gudrat görkezerin (2 Mus. 7:3).

Musa pygamber, kazy, baştutan we taryhçydy. Ol ysraýyl halkyny Müsürden çykardy we Ýehowanyň gudratlaryny gözi bilen görüpdi. Musa Mukaddes Kitabyň ilkinji bäş kitabyny we Zebur 90-njy baby ýazdy. Şeýle-de ol Zebur 91-nji baby we Eýýup kitabyny ýazan bolmaly. Musa pygamber ölüminiň öň ýanynda tutuş ysraýyl halkyny ýygnaýar. Sebäbi olara soňky gezek öwüt-nesihat bermek isleýär. Halkyň arasynda Ýehowanyň gudratlarynyň we Müsüre çykaran höküminiň diri şaýady bolan adamlar hem bardy (2 Mus. 7:4). Olar Gyzyl deňziniň ikä bölünişini, faraonyň goşunynyň derbi-dagyn bolşuny gözi bilen gördüler (2 Mus. 14:29—31). Ýehowa olary çölde howp-hatardan gorady, eliniň aýasynda saklady (5 Mus. 8:3, 4). Indi bolsa ysraýyl halky wada edilen ýurduň bosagasynda durdy. Musa-da olary soňky gezek ruhlandyrdy. w24.11 sah. 9, abz. 3, 4

10-njy oktýabr, şenbe

Çörekden iýen ebedi ýaşar. Çörek meniň adamzat üçin berjek bedenimdir (Ýah. 6:51).

Isanyň Ýatlama agşamynda aýdan sözleri sanlyja adama degişlidi. Jelilede aýdan sözleri bolsa, giden mähellä degişlidi. B. e. 32-nji ýylynda Isanyň ýanyna gelen ýehudylar diňe iýip-içmek hakda pikir edýärdiler. Ýöne Isa olara iýip-içmekden hem wajyp zadyň bardygyny düşündirjek bolupdy. Ol ýehudylara ebedi ýaşamak üçin näme etmelidiklerini aýtdy. Şeýle-de Isa ölen adamlaryň direlip, ebedi ýaşajakdygyny aýtdy. Ýahýa 6-njy bapda Isa ebedi ýaşaýşa diňe az sanly däl-de, sansyz-sajaksyz adamlaryň ýetip biljekdigini aýtdy. w24.12 sah. 11, abz. 10, 11

11-nji oktýabr, ýekşenbe

Ärler, aýalyňyzy hemişe söýüň (Kol. 3:19).

Ýehowa zalym, zorlugy söýýän adamy ýigrenýär (Zeb. 11:5). Ol aýalyna el galdyrýan ärleri ýazgarýar (Mel. 2:16). Aýalyny urýan äriň Ýehowa bilen dostlugy hem bozulýar. Ýehowa şeýle adamyň doga-dilegini diňlemeýär (1 Pet. 3:7). Käbir ärler aýalynyň üstüne gygyrýar, agzyna gelenini aýdýar. Emma Ýehowa «gahar-gazaby, gykylygy, sögünç sözleri» ýigrenýär (Efes. 4:31, 32). Eger är aýalyny kemsidýän bolsa, Ýehowa gynanýar. Aýalyna sögýän, gygyrýan ärler diňe bir maşgala ojagyny däl, Ýehowa bilen dostlugyny hem bozýar (Ýak. 1:26). Eger är pornografiýa görse, Ýehowa bilen dostlugyny bozar we aýalynyň mertebesini depelär. Ýehowa ärleriň hatda pikirinde-de aýalyna wepaly bolmagyny isleýär. Isa pygamber: «Bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam ýüreginde eýýäm zyna edendir» diýdi (Mat. 5:28, 29). w25.01 sah. 9, abz. 6—8

12-nji oktýabr, duşenbe

Adam... Isa Mesihe iman edip dogruçyl hasaplanýar (Gal. 2:16).

Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa dogruçyl hasaplan adamlarynyň günäsini geçýär we olary doly aklaýar. Onda Ýehowa adamlaryň günäsine göz ýumýarmy? Ol günäkär adamlary bagyşlap adalatsyzlyk edýärmi? Elbetde, ýok! Ýehowa diňe Isa pygamberiň töleg gurbanyna iman edýän adamlary dogruçyl hasaplaýar. Hiç bir adam öz güýji bilen muny gazanyp bilmez (Rim. 3:24). Ýehowanyň dogruçyl hasaplaýan adamlary nähili bereket alýar? Ýehowa Isa bilen gökde höküm sürjek saýlanan mesihçileri öz perzentleri hasaplaýar (Tit. 3:7; 1 Ýah. 3:1). Olaryň günäsini bagyşlaýar we doly aklaýar. Şeýlelikde, olar Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürmäge mynasyp bolýar (Rim. 8:1, 2, 30). Ýehowa ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlary hem dosty hasaplaýar we olaryň günäsini bagyşlaýar (Ýak. 2:21—23). w25.02 sah. 5, abz. 17, 18

13-nji oktýabr, sişenbe

Sen Hudaýyň isleýşi ýaly däl-de, adamlar ýaly pikirlenýärsiň (Mat. 16:23).

Bir gün Isa pygamber şägirtlerine Iýerusalime baranlarynda uly ruhanylaryň elinden köp ejir çekmelidigini, soňra öldürilmelidigini düşündirip başlady (Mat. 16:21). Şonda Petrus resul ör-gökden geldi. Sebäbi ol Ýehowanyň ysraýylyň umydynyň we wada edilen Mesihiň ölümine ýol berjekdigine ynanyp bilmedi (Mat. 16:16). Şonuň üçin ol Isany bir gyra çekip: «Halypam, özüňe haýpyň gelsin! Beýle zat bolmasyn» diýip garşy çykdy (Mat. 16:22). Hawa, Petrus Ýehowanyňky ýaly pikir etmändigi üçin Halypasy bilen ylalaşyp bilmedi. Elbetde, Petrus ýagşy niýet bilen «Halypam, özüňe haýpyň gelsin!» diýipdi. Emma Isa oňa gulak asmady, sebäbi Petrusyň aýdany Ýehowanyň pikirine garşy gelýärdi. Ýehowa Oglunyň özüne haýpynyň gelmegini däl-de, janyny gurban bermegini isleýärdi. Şonda Petrus Isadan Ýehowanyňky ýaly pikirlenmegi öwrenen bolsa gerek! w25.03 sah. 9, abz. 5, 6

14-nji oktýabr, çarşenbe

Ýehowa ýüregi ýaraly adama ýakyndyr, göwnüçökgünleri halas edýär (Zeb. 34:18).

Ýakynlaryň biwepalyk ýa-da dönüklik edende ýüregiňe pyçak sanjylan ýaly bolýar. Adamlaryň söýgüsi sowap, biwepalyk edip biler, emma Ýehowanyň söýgüsi hiç haçan sowamaz. Bize biwepalyk we dönüklik edenlerinde Dawudyň şu günki aýatdaky sözleri göwünlik berip biler. Bir ylmy kitapda aýdylmagyna görä, «göwnüçökgün» diýlende gelejege umydy bolmadyk adamlar göz öňünde tutulýar. Ýehowa ýüregi ýaraly adamlara nädip kömek edýär? Çagasy aglanda gujaklap köşeşdirýän ene-ata ýaly, Ýehowa-da derrew dadymyza ýetişýär. Bize dönüklik, biwepalyk edenlerinde Ýehowa özümizden beter gynanýar, derdimizi deň çekişýär. Ýehowa bizi mähri bilen çoýup derdimize derman bolýar we çöken göwnümizi galkyndyrýar. Şeýle-de onuň gowy durmuşyň boljagy hakda beren wadalary ýagty gelejege umyt edip ýaşamaga kömek edýär (Işa. 65:17). w24.12 sah. 23, abz. 13, 14

15-nji oktýabr, penşenbe

Ýehowa size hökman miras berer (Kol. 3:24).

Şu günler ýygnak ýaşululary Patyşalyk işleriniň ilerlemegi we dogan-uýalaryň aladasyny etmek üçin arman-ýadaman zähmet çekýär. Olar her bir edýän işini Ýehowanyň görýändigine we gymmat saýýandygyna ynanýar. Ýaşulular çopançylyk idegini edýär, dogan-uýalara tälim berýär we yhlasly wagyz edýär. Käbir ýaşulular guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşýar, betbagtçylyk döwri dogan-uýalaryň aladasyny edýär. Käbirleri Hassalary ideýän toparda we Keselhanalar bilen işleşýän komitetde gulluk edýär. Ýaşulular gurama Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýändigine düşünýär. Olar öz borçlaryny höwes bilen ýerine ýetirýär, sebäbi Ýehowanyň sylaglajakdygyna ynanýar (Kol. 3:23, 24). Elbetde, hemmämiz ýygnak ýaşulusy bolup bilmeýäris, ýöne her birimiz Ýehowa janymyz-tenimiz bilen gulluk edip bilýäris. Ýehowa biziň elimizde baryny edýändigimizi görüp begenýär. Ol bütindünýä wagyz işi üçin berýän ujypsyzja pul sadakamyzy gymmat saýýar. Ol mesihçiniň göwnüne degen imandaşyny bagyşlaýandygyna begenýär. Ýehowa bizi ýürekden söýýär we bol bereket eçilmek isleýär (Luka 21:1—4). w24.06 sah. 23, abz. 12, 13

16-njy oktýabr, anna

Ýüregiň ahlaksyz aýalyň ýollaryny küýsemesin, azaşyp, ýodalaryna aýak basaýma (Nak. 7:25).

Süleýman patyşanyň gürrüň beren wakasyndaky ýigit ýaly her bir mesihçi günäniň duzagyna düşüp biler. Agyr günä eden adam: «Men näme edip, näme goýanymy bilmedim, bary tötänden boldy» diýmegi mümkin. Emma ol gowy oýlansa, günä etmezden öň birnäçe ýalňyş ädim ädendigine göz ýetirer. Belki, ol erbet täsir edýän adamlar bilen tirkeşendir, erbet wideolary görendir, internet sahypalaryna girendir, aýdymlary diňländir, erbet ýerlere dynç almaga barandyr. Şeýle-de Ýehowa doga etmegini goýandyr, Mukaddes Kitaby her gün okaýan däldir, ýygnak duşuşyklaryna yzygider barýan däldir, wagyz etmegini goýandyr. Görşümiz ýaly, agyr günä eden mesihçi «tötänden boldy» diýip, öz-özüni aldaýar. Biz näme sapak edinmeli? Mesihçi günä eltýän her bir ädimden gaça durmaly. Hawa, Süleýman patyşa ýaş ýigit baradaky wakany bize duýduryş hökmünde gürrüň berdi (Mat. 5:29, 30). w24.07 sah. 16, abz. 10, 11

17-nji oktýabr, şenbe

Biz toprakdan ýaradylsak-da, gymmatly hazyna ynanyldy (2 Kor. 4:7).

Aýatdaky «gymmatly hazyna» Hudaýyň Patyşalygy hakdaky hoş habary aňladýar (2 Kor. 4:1). «Toýun küýzeler» hoş habary wagyz edýän Hudaýyň wepaly bendelerini aňladýar. Pawlusyň ýaşan döwründe täjirler uzak ýola rowana bolanlarynda iýip-içgi, şerap we altyn-kümüş teňňeleri toýun küýzelere salypdyrlar. Edil şonuň ýaly, Ýehowa hem bize gymmatly hazynany, ýagny hoş habary wagyz etmegi tabşyrdy. Biz Ýehowanyň goldawy bilen hoş habary birkemsiz wagyz edýäris. Biz käte adamlar diňlemez ýa-da üstümize gygyrar diýip wagyz etmäge gorkýarys. Gorky el-aýagymyzy ýüpsüz baglamaz ýaly näme etmeli? I asyrda atly-abraýly adamlar resullara wagyz etmegi gadagan edýär. Şonda olar gorkynyň duzagyna düşmegiň deregine, Ýehowa doga edip, «sözüni batyrgaý wagyz etmäge» kömek soradylar (Res. 4:18, 29, 31). Ýehowa hem olaryň doga-dilegine şobada jogap berýär. Eger siz hem wagyz etmäge gorkýan bolsaňyz, Ýehowa doga-dileg ediň we batyrgaýlyk soraň. Şonda adamlara söýgi ýüregiňizde kök urar, gorky bolsa zym-zyýat bolar. w24.04 sah. 16, abz. 8, 9

18-nji oktýabr, ýekşenbe

Eý gökdäki Atamyz, adyň mukaddes bolsun! (Mat. 6:9).

Şeýtan Iblis Ýehowa töhmet atyp, onuň mukaddes adyny garalady (1 Mus. 3:1—5; Eýp. 2:4; Ýah. 8:44). Biz Ýehowany janymyz-tenimiz bilen söýýäris we onuň mukaddes adyny aklamak isleýäris. Biz adamlara Ýehowanyň mähirli, rehimdar, adalatly we söýgüden doly Hudaýdygyny wagyz edýäris. Şeýle-de Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzündäki ähli kynçylyklary aýyrjakdygyny we adamlary Jennetde ebedi ýaşatjakdygyny gürrüň berýäris (Zeb. 37:10, 11, 29; 1 Ýah. 4:8). Biz adamlara Ýehowany tanatsak, Şeýtan Iblisiň ýalançydygyny subut ederis. Şeýle-de biz Ýehowanyň Şaýatlary hökmünde adymyza görä ýaşasak, Ýehowanyň mukaddes adyny aklarys. w24.05 sah. 18, abz. 12

19-njy oktýabr, duşenbe

Toý-meýlis gurnanyňda, garyplary, maýyplary, agsaklary we körleri çagyr. Şonda özüňi bagtly duýarsyň, sebäbi olar saňa gaýtaryp bilmezler. Ýöne dogruçyl adamlar direlende, saňa gaýtaryp berler (Luka 14:13, 14).

«Myhmansöýer» adam diňe bir ýakynlaryna, dost-ýarlaryna däl-de, hemmelere ýagşylyk edýär (1 Pet. 4:9). Bir sözlükde myhmansöýer adam barada şeýle diýilýär: «Onuň nätanyşlar üçin hem öýüniň, ýüreginiň gapysy hemişe açyk bolmaly». Dogan-uýalar seni myhmansöýer adam hökmünde tanaýarmy? (Ýew. 13:2, 16). Myhmansöýer doganyň ýüregi hemmeler üçin açyk bolýar. Meselem, ol hor ýaşaýan adamlara gurbunyň çatdygyndan kömek edýär. Şeýle-de ol etrap gözegçilerini we ýygnaga gelýän nutukçylary myhmançylyga çagyrýar. Sebäbi şol doganlar ýygnagy berkitmek üçin köp zähmet çekýärler (1 Mus. 18:2—8; Nak. 3:27; Res. 16:15; Rim. 12:13). w24.11 sah. 21, abz. 6

20-nji oktýabr, sişenbe

Taýýar duran gyzlar onuň bilen toý jaýyna girdiler (Mat. 25:10).

Isa pygamber öýlenýän ýigidi garşy almaga çykan on gyz baradaky mysaly gürrüň berýär (Mat. 25:1—4). Olaryň hemmesi öýlenýän ýigidi garşy alyp, toý jaýyna girmek isleýärdi. Olaryň bäşisi «paýhasly», bäşisi bolsa «akylsyzdy». Paýhasly gyzlar öýlenýän ýigit ýarygije gelse-de, tüm-garaňkyda çyralary sönmez ýaly gaba ýag salyp aldylar (Mat. 25:6—10). Paýhasly gyzlar taýýar bolansoň, öýlenýän ýigidi garşy aldylar we toý jaýyna girdiler. Edil şonuň ýaly, saýlanan mesihçiler oýa bolup, soňuna çenli wepaly bolsalar öýlenýän ýigidi, ýagny Isa Mesihi garşy alar we gökdäki Patyşalykda höküm sürer (Ylh. 7:1—3). w24.09 sah. 21, abz. 6

21-nji oktýabr, çarşenbe

Ähli milletden... uly märekäni gördüm (Ylh. 7:9).

Biz şu günler bütin dünýäde hoş habara seslenýän adamlaryň günsaýyn köpelýändigini eşidenimizde has-da yhlasly wagyz edýäris. Her ýyl millionlarça adam Ýatlama agşamyna gatnaşýar we Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlaýar. Ýüz müňlerçe adam suwa çümdürilip, hoş habary wagyz edýär. Biz ýene näçe adamyň hoş habara seslenjekdigini bilmeýäris, emma Ýehowanyň uly betbagtçylykda az sanly adamy däl-de, uly märekäni halas etjekdigini bilýäris (Ylh. 7:9, 14). Hasyl Eýesi Ýehowa entegem hoş habara köp adamlaryň seslenjekdigini bilýär. Şonuň üçin, geliň, badymyzy gowşatman Ýehowa tä «boldy» diýýänçä wagyz edeliň (Luka 10:2). Isanyň şägirtlerini hemişe yhlasly wagyzçylar diýip tanaýardylar. I asyrda resullar mertlik bilen wagyz edende, adamlar olaryň «Isanyň ýanynda bolandygyna» düşündiler (Res. 4:13). Dogan-uýalar, geliň, bizem hoş habary yhlasly wagyz edeliň. Şonda adamlar bizi hem Isa pygamberiň hakyky şägirtleri diýip tanarlar. w25.03 sah. 18, abz. 15; sah. 19, abz. 17, 18

22-nji oktýabr, penşenbe

Eý Ýehowa, adam ogluna nazar salaryň ýaly... ol kimmişin? (Zeb. 144:3).

Köpleriň ýaşlara göwni ýetmese-de, Ýehowa olary gowy görýär. Bir güni Ýehowa Şamuwel pygambere Ýessäniň ogullarynyň birini Ysraýylyň patyşasy edip bellemegi tabşyrýar. Ýesse Şamuwel pygamberiň ýanyna ýedi ogluny gezekli-gezegine çagyrýar, körpesini bolsa çagyrmaýar. Ýehowa olaryň haýsyny patyşa edip saýlandyr öýdýärsiňiz? Ol Ýessäniň ýedi ogluny däl-de, sekizinji ogluny, ýagny Dawudy saýlaýar (1 Şam. 16:6, 7, 10—12). Ýehowa Dawudyň ýüregini we berk imanyny görýär. Mähriban ýaşlar, dünýä inen günüňizden bäri, Ýehowa sizi gözüniň göreji ýaly gorap gelýär. Ol size tüýs wagtynda peýdaly maslahat berýär (Zeb. 32:8). Eger Ýehowa sizi tanamaýan ýa-da gowy görmeýän bolsa, aladaňyzy ederdimi? (Zeb. 139:1). Siz Ýehowanyň öwüt-ündewine gulak assaňyz, hiç haçan ökünmersiňiz. Onuň maslahatynyň peýdalydygyna düşünseňiz, sizi söýýändigine ynamyňyz has-da artar (1 Tar. 28:9; Res. 17:26, 27). Ýehowa siziň wepaly bolmak üçin edýän tagallaňyzy görýär. Ol siziň päk ýüregiňizi we ýagşy häsiýetleriňizi bilýär, siziň bilen dostlaşmak isleýär (Ýer. 17:10). w24.10 sah. 25, abz. 7—9

23-nji oktýabr, anna

Isa... uly märekäni görüp, ýüregi awady. Sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy (Mar. 6:34).

Sen Ýehowany janyň-teniň bilen söýýänsiň, dogan-uýalaryň aladasyny etmek isleýänsiň. Emma dogan-uýalara hyzmat etseň begenjiň çägi bolmaz. Isa-da: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýdi (Res. 20:35). Isa şu sözleri diňe bir aýtman, şoňa görä-de ýaşady. Ol adamlara ýagşylyk etmegi gowy görýärdi. Geliň, Markus 6:31—34-nji aýatlardaky waka seredeliň. Şol waka Isanyň adamlara hyzmat etmegi gowy görýändigini görkezýär. Bir gezek Isa bilen şägirtleri gaty ýadady. Olar dynç almak üçin çola ýere gitdiler. Ýöne märeke olaryň özlerinden hem öň şol ýere bardy. Sebäbi olar Isany diňläp, ondan köp zat öwrenesi gelýärdi. Isa bilen şägirtleriniň hatda nahar iýmäge-de wagtlary ýokdy. Şonuň üçin Isa märekä hiç zat öwretmän ýa-da birki zat öwredip, öýüne goýberip bilerdi. Ýöne ol adamlary gowy görýändigi üçin olara «öwredip başlady», wagtam bir çene barypdy (Mar. 6:35). w24.11 sah. 16, abz. 9, 10

24-nji oktýabr, şenbe

Eden işleriňiz sylaglanar (2 Tar. 15:7).

Ene-atalar, çagaňyzy imany hakda gürrüň bermäge höweslendiriň (Rim. 10:10). Muny saz guralyny çalmagy öwrenmek bilen deňeşdirse bolýar. Başda siz aňsat sazlary çalarsyňyz. Wagtyň geçmegi bilen ökdeleşip, kyn sazlary hem çalyp başlarsyňyz. Edil şonuň ýaly, çagaňyzam başda ýönekeýje teklipleri aýtmagy öwrenip biler. Meselem, ol klasdaşyna şeýle diýip biler: «Bilýäňmi, inženerler köp zady tebigatdan görüp ýasaýarlar. Men saňa bir gyzykly wideo görkezjekdim». Soňra ol klasdaşyna «Öz-özünden döredimi ýa-da ýaradyldy?» diýen wideolaryň birini görkezensoň, şeýle diýip biler: «Eger tebigatdan göçürip ony-muny ýasaýan adamlary öwüp, arşa galdyrýan bolsalar, onda tebigatyň özüni ýaradan hak Hudaýy has-da şöhratlandyrmaly dälmi?» Belki-de, şonda klasdaşy gyzyklanyp, Ýehowa barada köpräk bilesi geler. w24.12 sah. 19, abz. 17, 18

25-nji oktýabr, ýekşenbe

Bir adam arkaly günä we günä arkaly ölüm peýda boldy (Rim. 5:12).

Ýehowa bizi günäden we ölümden azat etmek üçin Isany töleg hökmünde berdi. Emma bir kämil adamyň jany nädip millionlarça adamlary halas edip bilýär? Pawlus resul muny şeýle düşündirýär: «Bir adamyň (Adam atanyň) gulak asmandygy üçin köpler günäli hasaplanan bolsa, bir adamyň (Isanyň) gulak asmagy bilen hem köpler dogruçyl hasaplandy» (Rim. 5:19; 1 Tim. 2:6). Diýmek, bir kämil adamyň gulak asmandygy üçin hemmeler günäniň guly bolup ölýär, ýöne bir kämil adamyň gulak asandygy üçin hemmeler günäden azat bolup bilýär. Ýehowa akýürekli adamlary şonsuzam ebedi ýaşadyp bilmezdimi? Biz bikämil bolandygymyz üçin «Ýehowa şeýle eden bolsa gowy bolardy» diýip pikir etmegimiz mümkin. Emma Ýehowa töleg tölemedik bolsa, Adam ata günä etmedik ýaly we onuň nesline günä geçmedik ýaly bolardy. Eger Ýehowa günä göz ýuman bolsa adalat bozulardy. Adalatly Hudaý Ýehowa hiç haçan beýle zada ýol bermez. w25.01 sah. 20, 21, abz. 3, 4

26-njy oktýabr, duşenbe

Biz görýän zatlarymyz bilen däl-de, iman arkaly ýaşaýarys (2 Kor. 5:7).

Pawlus resul özüniň tizden öldüriljekdigini bilse-de, durmuşyndan razydy. Ol: «Ýaryşyň soňuna çenli ylgadym, imanymy gowşatmadym» diýdi (2 Tim. 4:6—8). Pawlus bütin ömrüne Ýehowa gulluk edip ýaşandygyna ökünmedi, sebäbi Hudaýy razy edýändigine düşünýärdi. Bizem Pawlus ýaly Ýehowany razy etmek üçin dogry karara gelmeli. Ýöne muny nädip edip bileris? Pawlus mesihçilere «görýän zatlary bilen däl-de, iman arkaly ýaşamalydygyny» aýtdy. «Görýän zatlary bilen» ýaşaýan adam görýän, eşidýän we duýýan zatlary boýunça karara gelýär. Ol Mukaddes Kitapdaky maslahatlaryň peýdalydygyna we gulak asýan adamlara Ýehowanyň bereket berjekdigine ynanýar (Zeb. 119:66; Ýew. 11:6). w25.03 sah. 20, abz. 1, 2

27-nji oktýabr, sişenbe

Pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň (Rim. 12:2).

Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen zalym, gödek, ýalançy adamlar durmuşyny düýpgöter üýtgetdi (Işa. 65:25). Indi olar ýamanlykda däl-de, ýagşylykda tanalýar (Efes. 4:22—24). Elbetde, olar hem bikämil, käte ýalňyşýar. Emma olar ähli adamlary söýýär we parahat ýaşaýar (Tit. 2:11) Şeýle gudraty diňe hak Alla edip biler. Hawa, Ýehowanyň aýdan sözi hemişe ýerine ýetýär (Işa. 55:10, 11). Biz Şeýtanyň zalym dünýäsinde ýaşasak-da, özümizi howpsuz duýýarys, sebäbi ruhy jennetde dogan-uýalar bilen Ýehowa agzybirlikde sežde edýäris. (Zeb. 72:7). Biz akýürekli adamlary hem ruhy jennete çagyrýarys we Hudaýyň halkyna goşulmagyny isleýäris. Geliň, şägirt taýýarlamak işine has-da yhlasly gatnaşalyň (Mat. 28:19, 20). w24.04 sah. 23, abz. 13, 15

28-nji oktýabr, çarşenbe

Biz... Mesihiň pikir edişi ýaly pikir edýäris (1 Kor. 2:16).

Isa Ýehowany bütin aň-düşünjesi bilen söýýärdi. Ol Ýehowanyň özünden nämä garaşýandygyny bilýärdi we şoňa görä ýaşaýardy. Isa hakykat üçin ejir çekmäge-de taýyndy. Onuň durmuşynda Ýehowanyň islegi birinji orunda durýardy. Isa hiç kimi we hiç zady Ýehowadan artyk söýmeýärdi. Petrus we beýleki resullar hemişe Isanyň ýanynda bolup, onuň ýaly pikirlenmegi öwrendiler. Petrus resul Hudaýyň ylhamy bilen ýazan birinji hatynda mesihçilere Isanyň «pikir edişi ýaly pikirlenmegi ýüregine berk düwmegi» maslahat berdi (1 Pet. 4:1). Petrusyň «ýüregiňize berk düwüň» diýen sözleri harby jümle bolup, sözme-söz «ýaraglanyň» diýmegi aňladýar. Eger mesihçiler Isa Mesihiň pikirlenişi ýaly pikirlenmegi öwrenseler, güýçli ýarag edinerler. Şeýlelikde, olar günäli höweslerine we Şeýtanyň dünýäsine garşy söweşde ýan bermezler (2 Kor. 10:3—5; Efes. 6:12). w25.03 sah. 8, abz. 1—3

29-njy oktýabr, penşenbe

Ynsanyň oý-pikiri çuň guýy ýalydyr, parasatly adam çekip çykarýar (Nak. 20:5).

Siz tanyşlyk döwri ýene nämeleri göz öňünde tutmaly? Siz biri-biriňize ysnyşmankaňyz wajyp meseleler hakda gürrüň etmeli. Onuň nähili maksatlarynyň bardygyny bilmeli. Siz tanyşlyk döwri biynjalyk edýän zatlaryňyz hakda açyk gürrüňdeş bolmaly, biri-biriňizden hiç zady gizlemeli däl we ünsli diňlemeli (Ýak. 1:19). Belki, siz kafede, seýilgähde, wagyzda gürrüňdeş bolarsyňyz ýa-da dogan-garyndaşlaryňyza, dost-ýarlaryňyza myhmançylyga bararsyňyz. Şeýle-de siz biri-biriňiz bilen wagt geçirer ýaly käbir işleri planlap bilersiňiz. Şonda onuň dürli ýagdaýda we dürli adamlar bilen özüni nähili alyp barýandygyny görüp bilersiňiz. w24.05 sah. 28, abz. 6, 7

30-njy oktýabr, anna

Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň (Efes. 5:1).

Tizden adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik uly betbagtçylyk bolar. Biz Mukaddes Kitapdan hudaýhon adamlar hakda, şu günler Hudaýa wepaly bolýan imandaşlarymyz barada okamaly we Ýehowanyň olara nädip pena bolandygy barada oýlanmaly. Şonda Arkadag Ýehowa Hudaýyň biziň hem penamyz boljakdygyna göz ýetireris. Bizem onuň göreldesine eýerip, dogan-uýalaryň penasy bolup bileris. Isa pygamber Simuna Kifa (grekçe «Petrus») diýdi. Kifa «gaýanyň bölegi» diýmegi aňladýar (Ýah. 1:42). Petrus resul dogan-uýalaryň daýanjy we ýygnagyň diregi bolmalydy. Şu günler ýygnak ýaşululary «belent gaýa kimin» dogan-uýalara pena bolýar we tutuş ýygnagy howp-hatardan goraýar (Işa. 32:2). Ýöne diňe bir ýygnak ýaşululary däl-de, ähli dogan-uýalar Arkadag Ýehowanyň göreldesine eýerse, ýygnak berkär. w24.06 sah. 28, abz. 10, 11

31-nji oktýabr, şenbe

Ýehowa... ýürekden wepaly bolmagy talap edýän Hudaýdyr (5 Mus. 4:24).

Ýehowa wepaly patyşalar arassa seždäni ýürekden goldadylar. Geçmişde Ýehowa biwepalyk edip, butlara sežde eden patyşalar köpdi (1 Pat. 21:25, 26; 2 Tar. 12:1). Ýehowa näme üçin Ysraýyl patyşalaryndan arassa seždäni goldamagy talap edipdir? Birinjiden, patyşalar halkyň baştutanydy, olar raýatlarynyň arassa sežde etmegine jogapkärdi. Ikinjiden, ýurtda butparazlyk gülläp össe, halk başga-da agyr günäleri edýärdi, garyp-gasarlar ezilýärdi (Hoş. 4:1, 2). Üçünjiden, patyşalar we halk diňe Hudaýa gulluk etjekdigini söz beripdi. Mukaddes Kitapda Ýehowa äre, ysraýyl halky bolsa aýalyna meňzedilýär (Ýer. 3:8, 9). Şonuň üçin ysraýyllar butlara sežde edeninde, Ýehowa Özüne biwepalyk edilen ýaly duýýardy. Aýal ärine biwepalyk etse, onuň ýüregine bitmejek ýara salýar. Şonuň ýaly ömrüni Hudaýa bagyş eden adam Ýehowadan ýüz öwrüp butlara çokunsa, Hudaýa garşy günä edýär we onuň ýüregine ýara salýar (5 Mus. 4:23). w24.07 sah. 22, 23, abz. 12—15

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş