Noýabr
1-nji noýabr, ýekşenbe
Men ebedilik gaharlanmaryn (Ýer. 3:12).
Ýaşulular rehimdar Ýehowadan görelde alyp, ýygnakdan çykarylan adama kömek etmek isleýär. Ýehowa dogry ýoldan azaşan ysraýyl halkynyň özi dolanýança garaşmady. Gaýtam ysraýyllar heniz toba etmänkä kömek etmek üçin ilkinji ädimi özi ätdi. Ýehowa Hoşeýa pygambere ahlaksyzlyk edip ýören aýalyny öýüne kabul etmegi tabşyrdy (Hoş. 3:1; Mel. 3:7). Mundan Ýehowanyň günä edýän halkyna haýpy gelýändigini, olary yzyna kabul etmek isleýändigini görýäris. Ýehowa ýaly ýaşulularam günä eden adamyň yzyna dolanmagyny ýürekden isleýär. Günäkär ýaýdanman, çekinmän yzyna dolanar ýaly, ýaşulular elinde baryny edýärler. Isa pygamberiň ýiten ogul baradaky mysalynda şeýle diýilýär: «Oglan heniz uzakdaka, kakasy ony görüp, ýüregi awaýar». Ol ogly ýanyna gelip ötünç soraýança garaşman, «ylgap barýar-da, ogluny gujaklap ogşaýar» (Luka 15:20). Mysaldaky ata ýaly Ýehowa-da azaşan guzujyklarynyň yzyna dolanmagyny isleýär. w24.08 sah. 28, abz. 7, 8
2-nji noýabr, duşenbe
Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin, oňa berler, sebäbi Hudaý kemçilik gözlemän, hemmelere jomartlyk bilen berýär (Ýak. 1:5, çykgyt).
Şu günki aýatda aýdylyşy ýaly, akyldarlygyň Gözbaşy Ýehowa dilän adama akyldarlygyny gysganman, igenmän, käýemän berýär. Ol bizi görkezme soraýandygymyz üçin utandyrmaýar, gaýtam begenýär (Nak. 2:1—6). Biz akyldar Hudaýyň göreldesine eýerip, bilýän zatlarymyzy adamlara höwes bilen öwredýäris (Zeb. 32:8). Meselem, täze wagyzçy bolan dogan-uýalara yhlasly wagyz etmäge kömek edýäris. Ýaşulular sabyrly bolup, ýygnak hyzmatçylaryna tälim berýärler we täze suwa çümdürilen doganlara borçlaryny gowy ýerine ýetirmäge kömek edýär. Işine ussat dogan-uýalar guramanyň gurluşyk we bejeriş işlerinde zähmet çekmäge gelen imandaşlaryna ökde ussa bolmagy öwredýär. w24.09 sah. 28, abz. 11, 12
3-nji noýabr, sişenbe
Biz sizi ýürekden söýýäris (1 Sel. 2:8).
Ýaşuly bolmak isleýän dogan «ýazyksyz bolmaly». Ol ýygnakda ýagşy adam hökmünde tanalmaly. Dogan-uýalar ondan kemçilik tapmaly däl (1 Tim. 3:2). Şeýle-de onuň başga «adamlaryň arasynda gowy abraýy bolmaly». Ýehowa gulluk etmeýän adamlar Mukaddes Kitabyň kada-kanuny boýunça ýaşaýandygyň üçin seni ýazgaryp biler, emma olar seniň edim-gylymyňdan kemçilik tapmaly däl, halal we dogruçyl adamdygyňa şübhelenmeli däl (Dan. 6:4, 5). Özüňe şeýle sorag ber: «Dogan-uýalar we başga adamlar meni dogruçyl adam diýip tanaýarmy?» «Ýagşylygy söýmek» adamlaryň gowy häsiýetlerini görmegi we olary öwmegi aňladýar. Şeýle adam özüni borçly duýup däl-de, başgalara höwes bilen ýagşylyk edýär. Ýaşulular näme üçin «ýagşylygy söýmeli»? Eger dogan ýagşylyk etmegi söýse, dogan-uýalara kömek etmek we borçlaryny ýerine ýetirmek üçin wagtyny gaýgyrmaz (1 Pet. 5:1—3). Munuň üçin onuň köp güýji gitse-de, dogan-uýalara ýagşylyk edip şatlanar (Res. 20:35). w24.11 sah. 20, 21, abz. 3—5
4-nji noýabr, çarşenbe
Bermek almakdan has bagtly edýändir (Res. 20:35).
Hyzmatçy doganlar ýygnakda köp işleri edýärler. Pawlus resul şeýle doganlaryň gadyryny bilýärdi. Ol Filipidäki mesihçilere hat ýazanda diňe bir ýaşululary däl, ýygnak hyzmatçylaryny hem ýatlap, olara-da salam ýollaýar (Flp. 1:1). Ýaş bolsun, garry bolsun, hyzmatçy doganlar ýygnak üçin köp işleri edip bilýändigine begenýärler. Dewan atly dogan 18 ýaşynda, Luka atly dogan bolsa 50 ýaşdan geçensoň ýygnak hyzmatçysy bellenýär. Luka dogan-uýalara hyzmat edip şatlanýandygy hakda şeýle diýýär: «Ýygnak hyzmatçysy bolmak uly hormat. Dogan-uýalaryň maňa edýän ýagşylygy hakda oýlananymda, olara has köp hyzmat edesim gelýär». Lukanyň sözlerine hyzmatçy doganlar goşulýan bolsa gerek. Doganlar, siz suwa çümdürilen bolsaňyz ýygnak hyzmatçysy bolmagy maksat goýarsyňyzmy? w24.11 sah. 14, abz. 1—3
5-nji noýabr, penşenbe
Ýehowa, ýalbarýaryn... öňüňde ýagşy işleri edenimi ýadyňa sal (2 Pat. 20:3).
Ýahudanyň patyşasy Hizkiýa 39 ýaşynda agyr keselleýär. Işaýa pygamber onuň keselinden gutulman aradan çykjakdygyny aýdýar (2 Pat. 20:1). Hizkiýa patyşa üçin hiç hili umyt ýok ýalydy. Şonda ol «möňňürip aglaýar» we Ýehowa ýalbaryp doga edýär. Ýehowa Hizkiýanyň gözýaş dökýändigini görende ýüregi awady we oňa: «Dilegiňi eşitdim, gözýaşyňy gördüm, seni sagaldaryn» diýdi. Ýehowa Işaýa pygamber arkaly Hizkiýanyň ömrüni uzaltjakdygyny we Iýerusalimi assiriýalylardan halas etjekdigini wada berdi (2 Pat. 20:4—6). Belki, siz agyr keselden ejir çekýän bolsaňyz, agyryňyza çydaman aglaýansyňyz. Şonda Ýehowa ýalbaryp kömek soraň. Mukaddes Kitapda: «(Ýehowa) rehimdar Atadyr we her dürli ýagdaýda göwünlik berýän Hudaýdyr» diýilýär (2 Kor. 1:3, 4). w24.12 sah. 24, abz. 15—17
6-njy noýabr, anna
Men Hudaýyň dogruçyllary hem-de erbetleri direltmegine sabyrly garaşýaryn. Olar hem şoňa umyt edýärler (Res. 24:15).
Jennetde biz direlen adamlary gujak açyp garşy alarys. Ýehowanyň ýaradan gözel tebigaty we sansyz-sajaksyz janly-jandarlary barada köp zatlary öwreneris (Zeb. 104:24; Işa. 11:9). Esasy zat bolsa, günä Ýehowa sežde etmäge hiç hili päsgel bermez. Siz şol bereketleri «günäniň wagtlaýyn lezzetine» çalşarsyňyzmy? (Ýew. 11:25). Jennetde boljak durmuş dünýäniň häzirki eşretinden müň esse gowy bolar. Jennetdäki durmuş ýöne bir arzuw-hyýal däl. Biz tizden şol durmuşa ýeteris. Eger Ýehowa bizi söýüp, Ogluny gurban bermedik bolsa, onda şol bereketleriň hiç birini alyp bilmezdik. w25.01 sah. 29, abz. 12
7-nji noýabr, şenbe
Ýehowanyň eli gysgadyr öýdýäňmi? (4 Mus. 11:23).
Ýewreýler kitabynda berk imanly adamlaryň atlary ýazylan. Olaryň iň tanymaly Musa pygamber (Ýew. 3:2—5; 11:23—25). Ýehowa Musanyň tamasyny puç etmedi. Ol gudrat bilen gurak çölde halkynyň iýjek-içjegini ýetirip durdy (2 Mus. 15:22—25; Zeb. 78:23—25). Musa pygamberiň Hudaýa imany berkdi. Ýöne ysraýyllaryň Müsürden azat bolanyna bir ýyl geçip-geçmänkä, ol Ýehowanyň halka «bir aýlap et iýdirerin» diýen wadasyna şübhelendi. Sebäbi Musa çäge syrap ýatan çölde millionlarça adama ýeterlik et tapyp boljagyny hiç akylyna sygdyryp bilmedi. Şonda Ýehowa Musadan: «Näme, Ýehowanyň eli gysgadyr öýdýäňmi?» diýip sorady (4 Mus. 11:21—23). Başgaça aýdanyňda, Ýehowa Musa şeýle diýjek boldy: «Heý-de, meniň başarmajak zadym barmy?!» w25.03 sah. 26, abz. 1, 2
8-nji noýabr, ýekşenbe
(Hudaý) gadymy dünýäni hem ýok etmän goýmady (2 Pet. 2:5).
Biz Nuhuň tupanynda bolan ýagdaýlar gelejekde uly möçberde ýerine ýeter diýip garaşmalymy? Ýok! Sebäbi Mukaddes Kitapda bu barada hiç zat aýdylmaýar. Dogry, Isa pygamber: «Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan ogly gelende-de şeýle bolar» diýipdi. Emma ol tupandaky ähli jikme-jiklikler gelejekde ýerine ýeter ýa-da gäminiň gapysynyň ýapylmagynyň pygamberlik manysy bar diýmedi (Mat. 24:37—39). Emma Nuhuň tupanynda bolan ýagdaýlar köp zatlara düşünmäge kömek edýär. Ýehowa Nuh pygambere tupanyň boljakdygyny aýdanda, ol gämi gurup başlady. Şeýdip, imanyny iş ýüzünde görkezdi (Ýew. 11:7; 1 Pet. 3:20). Şu günlerem adamlar Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary eşidýär. Ýehowa olaryň hem imanyny iş ýüzünde görkezmegine garaşýar (Res. 3:17—20). Petrus resul Nuh pygambere «dogruçyllyk hakda wagyz etdi» diýdi. Şonuň ýaly bizem Patyşalyk baradaky hoş habary bütin dünýäde yhlasly wagyz edýäris. Emma dünýäniň soňy gelýänçä, biz her bir adama wagyz edip ýetişmesek gerek. w24.05 sah. 9, 10, abz. 3—5
9-njy noýabr, duşenbe
Ol... Ýehowadan gorkýanlara hormat goýar (Zeb. 15:4).
Biz Ýehowanyň dostlaryna ýagşylyk etmeli we sylag-hormat goýmaly (Rim. 12:10). Munuň üçin biz «zyýanymyza bolsa-da, beren sözümizde durmaly». Eger biz beren sözümizde durmasak, ýakynlarymyzy kösäris (Mat. 5:37). Ýehowa är-aýalyň toý güni biri-birine wepaly bolmak barada beren wadasyna görä ýaşamagyny isleýär. Şeýle-de ene-atalaryň borjuny gowy ýerine ýetirip, çagalarynyň aladasyny etmegine garaşýar. Eger biz Ýehowany we adamlary ýürekden söýsek, beren wadamyzda durmak üçin elimizde baryny ederis. Biz jomart bolsak, Ýehowanyň dostlaryny myhmançylyga çagyrsak, olara hormat goýýandygymyzy görkezeris (Rim. 12:13). Biz dogan-uýalar bilen gezelenç etsek, saçak başynda oturyp süýji-süýji söhbet etsek, ýakyndan dostlaşarys we imanymyz has-da berkär. Biz myhmansöýer bolsak, Beýik Hojaýyn Ýehowanyň göreldesine eýereris. w24.06 sah. 12, abz. 15, 16
10-njy noýabr, sişenbe
Ýatlap aladasyny ederiň ýaly, başy ölümli ynsan kimmişin? (Zeb. 8:4).
Ýehowa hakykaty diňe pesgöwünli adamlara açýar (Mat. 11:25). Biz Mukaddes Kitabyň hakykatyny pesgöwünlilik bilen kabul etdik (Res. 8:30, 31). Emma seresap bolmasak, tekepbirligiň duzagyna düşüp bileris. Tekepbir adam öz pikirini Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryndan we guramanyň görkezmesinden has dogry hasaplaýar. Biz tekepbirligiň duzagyna düşmez ýaly Gudratygüýçli Ýehowanyň ýanynda hiç zatdygymyza düşünmeli (Zeb. 8:3, 4). Şeýle-de biz pesgöwünli we ýumşak bolmak barada doga edip, Ýehowadan kömek soramaly. Şonda Ýehowa bize mekir ýüregimize gulak asman, Mukaddes Kitabyň maslahatyna we guramanyň görkezmesine eýermäge kömek eder. Siz Mukaddes Kitapdan Ýehowanyň pesgöwünli adamlary söýüp bereket berendigi we ulumsy, tekepbir adamlara temmi berendigi baradaky wakalary okaň hem-de sapak ediniň. Eger siz jogapkärli borçlary ýerine ýetirýän bolsaňyz, pesgöwünli bolmak üçin iki esse tagalla ediň. w24.07 sah. 10, abz. 8, 9
11-nji noýabr, çarşenbe
Az adamdan müň adam, ejizden güýçli halk dörär. Men, Ýehowa muny öz wagtynda tizleşdirerin (Işa. 60:22).
1919-njy ýylda Isa Mesih saýlanan mesihçileriň sanlyjasyna, ýagny wepaly hem paýhasly hyzmatkäre wajyp iş tabşyrýar. Wepaly hem paýhasly hyzmatkär Hudaýyň halkyna wagtly-wagtynda nahar paýlaryny berýär we bütin ýer ýüzünde wagyz işiniň guramaçylykly alnyp barylmagyna ýolbaşçylyk edýär (Luka 12:42). Hak Alla olaryň edýän tagallasyna ak pata berýär (Işa. 65:13, 14). Eger biz guramaçylykly bolmasak, Isa pygamberiň tabşyran ýumşuny birkemsiz ýerine ýetirip bilmezdik (Mat. 28:19, 20). Göz öňüne getiriň, her bir ýygnaga wagyz etmek üçin ýörite territoriýa bellenmedik bolsa, bir ýerde gaýta-gaýta wagyz edilerdi, başga ýerde bolsa asla wagyz edilmezdi. Belki, siz guramaçylykly bolmagyň başga-da köp peýdaly taraplaryny bilýänsiňiz. Isa pygamber ýer ýüzünde gulluk edende, guramaçylykly wagyz etmegiň ajaýyp nusgasyny galdyrdy. w24.04 sah. 8, 9, abz. 2—4
12-nji noýabr, penşenbe
Eger dogry ýola düşseň, senden hoşal bolmarynmy? Päliňden gaýtmasaň, günä bosagada garawullap ýatyr. Ol seni penjesine düşürjek bolýar (1 Mus. 4:7).
Kabyl Adam ata bilen How enäniň nowbahar ogludy. Oňa ene-atasyndan günä miras geçdi. Kabyl günä garşy göreşmedi. Mukaddes Kitapda onuň «işleriniň zalymdygy» aýdylýar (1 Ýah. 3:12). Belki, şonuň üçin Ýehowa Kabyldan razy bolman, beren gurbanlygyny kabul eden däldir. Şonda Kabyl durmuşyny üýtgetmegiň deregine, «gaharlanyp gaşyny çytdy». Indi Ýehowa näme eder? Ol Kabyl bilen mähirli gepleşdi (1 Musa 4:3—7). Ýagşy işleri etse bereket aljakdygyny, erbet işleri etse günäniň içine batjakdygyny düşündirdi. Ýehowa Kabyla goldaw bermek üçin sag elini uzatdy. Emma Kabyl gökdäki Atasynyň kömeginden ýüz öwürdi. Şonda Ýehowa mundan beýläk günäkärlere kömek etmerin, olara sag golumy uzatmaryn diýdimi? Elbetde, ýok! w24.08 sah. 10, abz. 8
13-nji noýabr, anna
Ýaşaýşy saýlaň, şonda... uzak ömür sürersiňiz (5 Mus. 30:19).
Ysraýyl halkyna ajaýyp durmuş garaşýardy. Ýehowa ysraýyllary süýt we bal akýan ýurtda uzak ýaşatmak isleýärdi. Ysraýyllaryň ýaşajak ýurduny, miweli agaçlaryny, mes toprakly ýerlerini görmäge göz gerekdi. Musa pygamber ol ýurdy taryplap şeýle diýdi: «Öz eliňiz bilen gurmasaňyz-da, uly, owadan şäherlerde ýaşarsyňyz, özüňiz gazanmasaňyz-da, öýüňiz zatdan doly bolar, gazmadyk guýularyňyzdan suw içersiňiz, ekmedik üzümleriňizi, zeýtunlaryňyzy hezil edip iýersiňiz» (5 Mus. 6:10, 11). Musa pygamber ysraýyllara duýduryş hem berdi. Olar süýt we bal akýan ýurtda uzak ýaşar ýaly, Ýehowanyň kada-kanunlaryna gulak asmalydylar. Musa pygamber olara «ýaşaýşy saýlamalydygyny», «Ýehowa... gulak asyp, wepaly bolmalydygyny» aýtdy (5 Mus. 30:20). Ýöne ysraýyl halky Ýehowadan ýüz öwürdi. Şonuň üçinem Hudaý ilki assiriýalylara, soňra wawilonlylara olaryň ýurduny basyp alyp, halkyny bolsa sürgün etmäge ýol berdi (2 Pat. 17:6—8, 13, 14; 2 Tar. 36:15—17, 20). w24.11 sah. 9, abz. 5, 6
14-nji noýabr, şenbe
Meni iberen Atam getirmese, hiç kim meniň ýanyma gelip bilmez (Ýah. 6:44).
Şu günler köp adamlar Isa ynansaň, ony halasgäriň hasaplasaň ýeterlikdir öýdýärler. Ýöne bu ýeterlik däl (Ýah. 6:29). Sebäbi Jelilede hem köpler başda Isa ynansa-da, soňra yzyna eýermegi bes etdiler. Näme üçin? Märekäniň köpüsi Isanyň yzyna öz peýdasy üçin eýerýärdi. Sebäbi Isa olary sagaldýardy, doýurýardy we peýdaly zatlary öwredýärdi. Ýöne Isa ýer ýüzüne adamlaryň islegini kanagatlandyrmak üçin gelmändi. Ol adamlara yzyna gyşarnyksyz eýermegi öwretmek üçin gelipdi. Adamlar hem Isanyň: «Ýanyma geliň» diýen çakylygyna gulak asyp, ondan görelde alyp ýaşamalydy (Ýah. 5:40). w24.12 sah. 12, abz. 12, 13
15-nji noýabr, ýekşenbe
Mesihiň ýygnagy söýşi... ýaly, ärler, siz hem aýalyňyzy elmydama söýüň! (Efes. 5:25).
Ärlere erbet endigini we garaýşyny düzetmäge näme kömek eder? Olar Isa pygamberiň göreldesine eýermeli. Ärler onuň şägirtleri bilen özüni alyp barşyndan köp zatlary öwrenip biler. Geliň, ärleriň Isa pygamberiň göreldesine haýsy iki ýagdaýda eýerip biljekdigine seredeliň. Isa pygamber şägirtleri bilen özüni mähirli, sylaşykly alyp barýardy. Ol gödek däldi, şägirtlerine gaty-gaýrym söz aýtmaýardy. Isa olaryň üstünden agalyk etjek bolmaýardy. Gaýtam pesgöwünlik bilen şägirtlerine hyzmat edýärdi (Ýah. 13:12—17). Ol şägirtlerine: «Men ýumşak we pesgöwünlidirin... menden görelde alyň, şonda janyňyz rahatlyk tapar» diýdi (Mat. 11:28—30). Hawa, Isa pygamber ýumşakdy. Ýumşak adam ejiz däl, güýçli bolýar, sebäbi ol özüne erk edip bilýär. Isa pygamberiň şägirtleri ýalňyşsa-da, tamasyny ödemese-de, ol gaharlanmady, gaýtam özüni rahat alyp bardy. w25.01 sah. 10, abz. 10, 11
16-njy noýabr, duşenbe
Her işde Ýehowa bil bagla (Nak. 16:3).
Dünýäniň soňy golaýlaşýar. Şonuň üçin köp ýurtlaryň ykdysadyýeti pese düşýär. Biziň ýurdumyzda hem syýasy ýagdaýlaryň üýtgemegi, uruşlaryň, tebigy betbagtçylygyň bolmagy ýa-da ýokanç keseliň ýaýramagy mümkin. Şol sebäpli işden çykarylmagymyz, köp zadymyzy ýitirmegimiz, hatda öýümizi goýup gitmeli bolmagymyz mümkin. Şeýle ýagdaýda Ýehowa bil baglap karara gelmäge näme kömek eder? Gaýgy-aladany ýeňmegiň iň gowy usuly Ýehowa doga etmekdir. Ýehowadan dogry karara geler ýaly akyldarlyk we kyn ýagdaýlarda çendenaşa alada etmez ýaly kalbyňyza parahatlyk diläň (Luka 12:29—31). Baryňyza kaýyl bolup ýaşamagy öwrener ýaly Hudaýa gaýta-gaýta doga ediň (1 Tim. 6:7, 8). Şeýle-de pulsuzlykdan köseneniňizde edebiýatlardan gözleg geçirseňiz, gowy maslahatlary taparsyňyz. Köp dogan-uýalara jw.org saýtyndaky wideolar we makalalar kömek etdi. w25.03 sah. 28, 29, abz. 10, 11
17-nji noýabr, sişenbe
Hudaý maňa hiç bir adamy haram hasaplamaly däldigini aýtdy (Res. 10:28).
Petrus Ýehowanyňky ýaly pikirlenmegi öwrenmek isleýärdi. Ýehowa başga milletden bolan adamlary öz halkynyň arasyna goşup başlady. Ol Petrusa Korneliýiň öýüne gidip wagyz etmegi tabşyrýar. Munuň üçin Petrus garaýşyny üýtgetmelidi, sebäbi ýehudylar başga halklar bilen gatnaşmaýardy. Emma Petrus Ýehowanyň islegine düşünýär we garaýşyny üýtgedýär. Ol «ýaýdanman» Korneliýiň öýüne gidýär (Res. 10:28, 29). Petrus Korneliýe we onuň tutuş maşgalasyna wagyz edýär, olaryň hemmesi suwa çümdürilýär (Res. 10:21—23, 34, 35, 44—48). Şeýlelikde, Korneliý başga halkdan bolan mesihçileriň ilkinjileriniň biri bolýar. Birnäçe ýyldan soň Petrus resul imandaşlaryna «bir pikirde» bolmagy maslahat berdi (1 Pet. 3:8). Biz Mukaddes Kitaby okap, Ýehowanyň pikirine düşünsek, dogan-uýalar bilen bir pikirde bolup bileris. w25.03 sah. 9, abz. 7, 8
18-nji noýabr, çarşenbe
Her hili üýtgeşik taglymatlaryň täsirine düşüp, ýoldan azaşmaň (Ýew. 13:9).
Toba etmeýän günäkäriň ýygnakdan çykarylýandygy üçin, bizi zalym we doňýürek saýýarlar. Şeýle pikirleri kim ýaýradýar? Olar dünýäniň täsirine düşen, ahlak kada-kanunlaryna eýermeýän we Ýehowadan daşlaşan adamlardyr (Nak. 17:15). Mähriban dogan-uýalar, geliň, her bir söze ynanmalyň, ýagşy bilen ýamany saýgaryp bileliň, ýalana gulak gabartmalyň. Sebäbi şeýle gürrüňler ruhdan düşürýär we hakykat ýolundan azaşdyrýar. Biz Pawlus resulyň maslahatyna eýerip, ruhy taýdan ösmegimizi dowam etmeli. Mesihçi ömrüni Hudaýa bagyş edip, suwa çümdürilenden soň: «Men ruhy taýdan ösen mesihçi boldum» diýip, arkaýynlaşsa bolarmy? Elbetde, ýok! Biz Ýehowa näçe ýyl bäri gulluk edýän bolsak hem, Mukaddes Kitaby her gün okamaly we çuňňur şahsy okuwyny geçirmeli (Zeb. 1:2). Şahsy okuwyny geçirýän adamyň imanyny hiç zat sarsdyryp bilmez. Muny Pawlus resul hem nygtap geçdi (Ýew. 11:1, 6). w24.09 sah. 10, abz. 7, 8
19-njy noýabr, penşenbe
Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar (Ýak. 4:8).
Biz Hudaýy iman gözi bilen edil ýanymyzda duran ýaly görsek, synagda berk durarys. Geliň, gadymy döwürde ýaşan Ýusup pygamber hakda gürrüň edeliň. Potifaryň aýaly Ýusuby ahlaksyzlyk etmäge yrjak boldy. Emma Ýusup Ýehowany iman gözi bilen görýärdi, edil ýanynda duran ýaly duýýardy. Ol Ýehowany gynandyrmak islemedi (1 Mus. 39:9). Eger biz Ýehowa doga etsek we Mukaddes Kitaby okasak, görünmez Hudaýy göreris, imanymyz gün-günden berkär. Biz Ýehowa bilen ýakyndan dostlaşarys we onuň ýigrenýän işlerini etmeris. Käbir mesihçiler Ýehowanyň Biribar Hudaýdygyna şübhelenýärler we onuň kada-kanunyny bozýarlar. Geliň, çölde ýaşan ysraýyllar hakda gürrüň edeliň. Olar Ýehowanyň bardygyna ynanýardylar, ýöne aladasyny etjekdigine şübhelenýärdiler (2 Mus. 17:2, 7). Soňra Ýehowa garşy çykdylar. Boýnuýogyn ysraýyllardan sapak edinmegimiz üçin, Ýehowa şu wakany Mukaddes Kitaba ýazdyrdy (Ýew. 3:12). w24.06 sah. 24, abz. 14, 15
20-nji noýabr, anna
Ýehowa dogruçyllara nazar salýar, olaryň perýadyny eşidýär (Zeb. 34:15).
Dünýäniň soňy barha golaýlaşýar. Şonuň üçin bize gözýaş dökdürjek ýagdaýlar hasam köpeler. Ýehowa biziň dökýän gözýaşlarymyzy görýär we gynanýar. Ol kyn ýagdaýlara garamazdan wepaly bolýandygymyzy görüp begenýär. Şonuň üçin dertli günümizde Ýehowa ýüregimizi döküp doga edeliň, dogan-uýalardan daşlaşmalyň, gaýtam ýygnaklara baryp güýç alalyň. Şeýle-de Mukaddes Kitapdaky wadalary okap göwünlik tapalyň. Eger biz soňuna çenli wepaly bolsak, Ýehowa sylagsyz goýmaz. Ýehowa ýakynlarymyzyň aradan çykmagy, biwepalyk, dönüklik edilmegi we keselçilik sebäpli dökýän gözýaşymyzy süpürer (Ylh. 21:4). Elbetde, biz gelejekde-de gözýaş dökeris, emma gynançdan däl-de, begençden aglarys. w24.12 sah. 20, abz. 3; sah. 25, abz. 19
21-nji noýabr, şenbe
«Siz bolsa meniň şaýatlarym». Muny Ýehowa aýdýar (Işa. 43:12).
Biz Ýehowanyň Şaýatlary! Ýehowa bizi gorajagyny we batyr bolmaga kömek etjekdigini söz berýär (Işa. 43:10, 11). Allatagala şu dört usul arkaly goldaýar: birinjiden, Ol Isa pygambere wagyz işine ýolbaşçylyk etmegi tabşyrdy. Isa pygamber hoş habary wagyz edýän dogan-uýalary hemişe goldajakdygyny söz berdi (Mat. 28:18—20). Ikinjiden, Ýehowa bizi wepaly perişdeler arkaly goldaýar (Ylh. 14:6). Üçünjiden, Ýehowa mukaddes ruhy arkaly okan zadymyzy ýadymyza salýar (Ýah. 14:25, 26). Dördünjiden, Ýehowa dogan-uýalar arkaly kömek edýär. Arkamyzda hak Hudaý Ýehowa durka, ýanymyzda dogan-uýalar barka, almajak galamyz bolmaz! Siz öýden-öýe wagyz edeniňizde adamlary öýünde tapmasaňyz gynanýan bolsaňyz gerek. Şonda ruhdan düşmegiň deregine, şu soraglar hakda oýlansaňyz gowy bolar: «Häzir öý eýesi niredekä? Ol işdemi ýa-da bazara gitdimikä?» (Res. 16:13). Eger adamlary öýünde tapmasaňyz, onda köpçülik ýerlerinde wagyz etseňiz gowy bolar. w24.04 sah. 16, 17, abz. 10, 11
22-nji noýabr, ýekşenbe
Eger ol maşgalasy hakda gowy alada edip bilmeýän bolsa, Hudaýyň ýygnagy hakda nädip alada etsin? (1 Tim. 3:5).
Maşgalaly dogan ýaşuly bolmak isleýän bolsa, onuň aýalam, çagalaram göreldeli bolmaly. Munuň üçin dogan «maşgalasy hakda gowy alada etmeli». Ol aladaçyl, mähirli, jogapkärli maşgalabaşy hökmünde tanalmaly. Ol maşgala okuwyny yzygider geçirmeli, aýalyna, çagalaryna her hepde ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga, wagza gitmäge kömek etmeli. Ýaşuly bolmak isleýän doganyň çagalary ýetginjek bolsa, onda olar «gulak asýan we edepli bolmaly» (1 Tim. 3:4). Dogan olara söýgi we mähir bilen terbiýe bermeli. Elbetde, çagalar oýnamagy, wagtyny hoş geçirmegi gowy görýärler. Ýöne olara ene-ata gulak asmagy, adamlara hormat goýmagy we özüni edepli alyp barmagy öwretmeli. Şeýle-de dogan çagalaryna Ýehowa bilen dostlaşmaga, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaga we ruhy taýdan ösüp suwa çümdürilmäge kömek etmeli. w24.11 sah. 22, abz. 10, 11
23-nji noýabr, duşenbe
Dostlary üçin janyny gurban edýän adamyň söýgüsinden güýçli söýgi ýokdur (Ýah. 15:13).
Siz köpräk wagza çyksaňyz, Ýehowanyň goldawyny has köp görersiňiz. Netijede, Ýehowa imanyňyz has-da berkär (1 Kor. 3:9). Belki-de, siz makalany okap: «Men şu makalada aýdylýan zatlaryň hemmesine eýerip bilmeýärin» diýip, ruhdan düşmegiňiz mümkin. Ýöne ýatdan çykarmaň: Ýehowa sizi başgalar bilen deňeşdirmeýär. Ol siziň ýüregiňizi görýär. Ýehowa siziň töleg gurbanyna minnetdar bolup, güýjüňiziň ýetdiginden gulluk edýändigiňize örän begenýär (1 Şam. 16:7; Mar. 12:41—44). Biz diňe töleg gurbanyna iman etsek, günälerimiz bagyşlanar, Ýehowa bilen dostlaşarys we ebedi ýaşaýşa umyt edip ýaşarys. Geliň, bizi söýüp, ençeme bereketleri berýän Ýehowa Hudaýa alkyş aýdalyň (1 Ýah. 4:19). Şeýle-de bizi söýüp, şirin janyny gurban eden Isa Mesihe minnetdar bolalyň. w25.01 sah. 31, abz. 16—18
24-nji noýabr, sişenbe
Uzakly gün agyr dert çekdim (Zeb. 73:14).
Zebur 73-nji baby ýazan adam hem yzyna ser salyp ahmyr çekdi. Ol ildeşleriniň baý we döwran sürüp ýaşaýandygyny görýär (Zeb. 73:3—5, 12). Mezmurçynyň olara gözi gidýär we Ýehowa gulluk etmek üçin ähli zatdan galypdyryn diýip oýa batýar. Şeýle pikirler ony gününe goýmaýar (Zeb. 73:13, 14). Mezmurçy şübhe döredýän soraglaryna nädip jogap tapdy? Mezmurçy Ýehowanyň mukaddes mekanyna barýar (Zeb. 73:16—18). Ol asuda we parahat ýerde oýlanýar: erbet adamlar gowy durmuşda ýaşasalar-da, gelejeginiň ýokdugyna düşünýär. Mezmurçy Ýehowanyň islegini birinji orunda goýýan adamlaryň ebedi ýaşajakdygyna göz ýetirýär. Şondan soňra onuň şübhesi zym-zyýat bolýar we göwni giňäp gidýär. Şeýlelikde, onuň imany berkeýär we soňky demine çenli Hudaýa wepaly bolmagy ýüregine düwýär (Zeb. 73:23—28). w24.10 sah. 26, 27, abz. 11, 12
25-nji noýabr, çarşenbe
Goý, älem-jahan seniň adyň Ýehowadygyny bilsin, diňe seniň Allatagaladygyňa düşünsin (Zeb. 83:18).
Ýehowa bize: «Siz meniň şaýatlarym» diýdi (Işa. 43:10—12). Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalarynyň ýazan bir hatynda şeýle diýilýär: «Ýehowanyň Şaýady diýen ady götermek ynsan üçin uly hormat». Aýdaly, siziň işiňiz kazyýetde derňelýär. Şonda siz kimi şaýat edersiňiz? Dogruçyl, ynama mynasyp, gowy tanaýan we il içinde ýagşy ady bolan adamy şaýat ederdiňiz. Ýehowa hem bizi gowy tanaýar we adyny aklap biljekdigimize ynanýar, şonuň üçin bizi şaýady edip saýlady. Biz Ýehowanyň Şaýady diýen ady göterýändigimize buýsanýarys, her bir mümkinçilikden peýdalanyp Ýehowa barada şaýatlyk edýäris we adyny töhmetden aklaýarys. Geliň, adymyza mynasyp ýaşalyň! (Rim. 10:13—15). w24.05 sah. 18, abz. 13
26-njy noýabr, penşenbe
Ol... keselden ejir çekýänleriň hemmesini sagaltdy (Mat. 8:16).
Adamlara hyzmat etmek Isanyň şatlygyna şatlyk goşýardy. Ol ýanyna gelen märekä diňe bir Hudaý barada öwretmän, olaryň aladasyny hem etdi. Ol gudrat arkaly märekä iýip-içer ýaly zat berdi we şägirtlerine olary paýlamagy tabşyrdy (Mar. 6:41). Şeýdip, Isa şägirtlerine adamlara hyzmat etmegi öwretdi. Şeýle-de olara tabşyrylan ýumşa sowuk-sala garamaly däldigine düşünmäge kömek etdi. Şägirtler «adamlaryň iýip doýandygyny» görenlerinde, Isa iýmit paýlamaga kömek edendiklerine örän begenendirler (Mar. 6:42). Isa diňe şol gezek däl, köp gezek adamlaryň aladasyny edipdi (Mat. 4:23). Ol bütin ömrüni adamlara hyzmat etmäge bagyş etdi. Isa adamlara Hudaý barada höwes bilen öwredýärdi we olaryň arman-ýadaman aladasyny edýärdi. w24.11 sah. 16, abz. 10, 11
27-nji noýabr, anna
Soňky günlerde juda kyn döwür bolar (2 Tim. 3:1).
Dünýäniň ýagdaýy gün-günden erbetleşýär. Biz kynçylyga düşen dogan-uýalary güler ýüz bilen garşylap myhman almaly. Gelejekde biz dogan-uýalara has köp kömek etmeli bolarys. Biz ýygnaga gelen dogan-uýalary gujak açyp garşy almaly. Geliň, ýygnaga gelen dogan-uýalary mährimiz bilen çoýalyň. Goý, olar özüni öýünde ýaly rahat duýsun! Ýaşulular kyn günleri başdan geçirýän dogan-uýalara pena bolýar. Olar tebigy betbagtçylykdan ejir çeken, hassa ýa-da bejergä mätäç dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edýärler. Şeýle-de Mukaddes Kitap arkaly dogan-uýalaryň imanyny berkidýärler. Eger ýaşuly mähirli, duýgudaş, diňlemäge taýyn bolsa, dogan-uýalar oňa arkaýyn ýüz tutup biler. Olar ýaşulynyň Mukaddes Kitap esasynda berýän maslahatyny hem höwes bilen kabul ederler (1 Sel. 2:7, 8, 11). w24.06 sah. 29, abz. 12, 13
28-nji noýabr, şenbe
Hudaý biziň üçin... hatda Ogluny ölüme tabşyrdy (Rim. 8:32).
Ýehowa gudratygüýçli Hudaý bolandygy üçin, Onuň duýgulary ýokdur diýip pikir etmeli däl. Biz Onuň keşbinde ýaradyldyk. Eger biz begenip, gynanyp bilýän bolsak, onda Ýehowada hem duýgular bar. Mukaddes Kitapda Ýehowanyň gynanyp «ýüreginiň agyrandygy» ýazylan (Zeb. 78:40, 41). Isany pürse çüýlänlerinde Ýehowada onuň bilen deň ejir çekendir, ýüregi gyýym-gyýym bolandyr. Töleg gurbany Ýehowanyň bizi ejemizden, kakamyzdan, iň ýakyn dostlarymyzdan hem güýçli söýýändigini subut edýär (Rim. 8:32, 38, 39). Hatda Ýehowa bizi özümizdenem güýçli söýýär. Siz günäleriňiziň bagyşlanmagyny isleýärsiňizmi? Ebedi ýaşasyňyz gelýärmi? Ýehowa günäleriňizi bagyşlamagy, ebedi ýaşatmagy siziň özüňizden hem beter isleýär. Ýöne biz Ýehowanyň ýagşylygynyň gadyryny bilmeli. Munuň üçin Oňa iman etmeli we gulak asmaly. Biz töleg gurbany hakda näçe köp öwrensek, şonça-da Ýehowanyň bizi güýçli söýýändigine göz ýetireris (Nes. 3:11). w25.01 sah. 22, 23, abz. 8, 9
29-njy noýabr, ýekşenbe
Hudaýyň nämäni halaýandygyny biljek boluň (Efes. 5:10).
Biz käbir ýagdaýlarda görýän zatlarymyza görä karara gelmeli bolýarys. Ýöne diňe görýän we eşidýän zatlarymyza görä karara gelsek ýalňyşarys. Sebäbi şol zatlaryň nädogry bolmagy ahmal. Nädogry bolmasa-da, irde-giçde Hudaýyň islegine garşy gelýän zady ederis (Nes. 11:9; Mat. 24:37—39). Iman bilen ýaşasak, karara gelenimizde «Hudaýyň nämäni halaýandygyny biljek bolarys». Hudaýa gulak assak, kalbymyz rahat bolar we asuda ýaşarys (Zeb. 16:8, 9; Işa. 48:17, 18). Şeýle-de biz iman bilen ýaşasak, uzak ömür süreris (2 Kor. 4:18). Iman arkaly ýaşaýan adamy nädip tanap bolýar? Ol karara gelende diňe görýän we eşidýän zatlaryny göz öňünde tutman, Ýehowadan maslahat sorap, Oňa doly bil baglaýar. w25.03 sah. 20, 21, abz. 3, 4
30-njy noýabr, duşenbe
Biri-biriňiz bilen parahat ýaşaň (1 Sel. 5:13).
Ýehowa bize adamlary ruhy jennete çagyrmagy tabşyrdy. Ýehowa adamlary mejburlyk bilen sežde etdirmeýär, gaýtam mähir bilen özüne «çekýär». Biz Ýehowanyň göreldesine eýermeli (Ýah. 6:44, çykgyt; Ýer. 31:3). Akýürekli adamlar Ýehowanyň söýgüden doly, aladaçyl we mähirli Hudaýdygyny bilende, höwes bilen halkyna goşulýar. Biz adamlaryň ruhy jennete gelmegi üçin näme etmeli? Biz biri-birimizi söýsek we mähirli bolsak, ruhy jennetiň görküne görk goşarys. I asyrda Korinf şäherinde geçirilýän ýygnaga ilkinji sapar gelen adamlaryň käbiri mesihçileriň arasyndaky söýgini görüp: «Dogrudan-da, Alla siziň bilen eken» diýdiler. Şu günlerem ilkinji sapar ýygnaga gelen adamlar biziň ýürekden çykýan söýgimizi duýsunlar (1 Kor. 14:24, 25; Zek. 8:23). Geliň, şu günki aýatdaky maslahata her gün eýereliň. w24.04 sah. 23, 24, abz. 16, 17