Dekabr
1-nji dekabr, sişenbe
Şägirtleri mukaddes kitaplaryň manysyna düşüner ýaly, Isa olaryň aňyny açdy (Luka 24:45).
Isa pygamberiň şägirtleri Hudaýyň Sözüne iman edýärdi we onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamak üçin elinde baryny edýärdi (Ýah. 17:6). Isa pygamber jenaýatçy hökmünde jebir pürsünde çüýlenip öldürildi. Şägirtleri Halypasynyň masgaralanyp öldürilendigini akylyna sygdyryp bilmeýär. Olar aljyrady, el-aýagyny ýitirdi, ýöne olaryň imany gowşamandy (Luka 9:44, 45; Ýah. 20:9). Isa direlende şägirtlerine Mukaddes Kitabyň esasynda pygamberlikleri jikme-jik düşündirdi. Geliň, Isa pygamberiň Emmawus obasyna barýan iki şägirdi bilen näme hakda gürrüň edendigini bileliň. Isa Emmawus obasyna barýan iki şägirdine özüni derrew tanatmaýar. Ol ilki sorag berýär, soňra şägirtleriniň pikirini bilýär, sebäbi şägirtler Isa Ysraýylyň patyşasy bolar we rimlileriň elinden halas eder öýdýärdi. Olar öz pikirini aýdansoň, Isa ýerine ýeten pygamberlikleri Mukaddes Kitabyň esasynda jikme-jik düşündirýär. Soňra Isa beýleki şägirtleriniň ýanyna baryp, olar bilen gürrüňdeş bolýar (Luka 24:33—48). w24.10 sah. 14, abz. 9, 10
2-nji dekabr, çarşenbe
Siz... hiç zady öz-özümden etmändigime düşünersiňiz. Atam näme öwreden bolsa, şony-da aýdýaryn (Ýah. 8:28).
Isa pygamber Atasynyň öwredýän zadyny aýdýardy we tabşyran işini ýerine ýetirýärdi. Şu günlerem Hudaýyň guramasy Isa Mesihiň göreldesine eýerip, görkezme we tälim berende Mukaddes Kitaba esaslanýar (2 Tim. 3:16, 17). Şol sebäpli Hudaýyň guramasy bize Mukaddes Kitaby okamak, oýlanmak we durmuşda ulanmak babatda maslahat berýär. Biz Mukaddes Kitaby her gün okasak, çuňňur oýlansak we edebiýatlar arkaly şahsy okuwyny geçirsek köp peýda alarys. Şonda biz guramanyň berýän görkezmesiniň Mukaddes Kitaba esaslanýandygyna düşüneris we oňa Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýändigine göz ýetireris (Rim. 12:2). Isa pygamber «Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary» wagyz etdi (Luka 4:43, 44). Ol şägirtlerine hem Patyşalyk barada wagyz etmegi tabşyrdy (Luka 9:1, 2; 10:8, 9). Şu günler mesihçiler nirede ýaşasa-da, hoş habary yhlasly wagyz edýär. w24.04 sah. 9, abz. 5—7
3-nji dekabr, penşenbe
Näme diýseň ederis, nirä iberseň gideris (Ýuşa 1:16).
Guramanyň görkezmesine eýeriň. Gadymy döwürde Ýehowa Musa pygamber we Ýuşa arkaly ysraýyl halkyna görkezme berdi (Ýuşa 1:17). Ysraýyllar Ýehowanyň wekillerine gulak asanda bereket alýardy. Ençeme asyrdan soňra mesihçiler ýygnagy döredi. Ýygnaga 12 resul ýolbaşçylyk edýärdi (Res. 8:14, 15). Soňra ýolbaşçylyk edýän doganlara Iýerusalimdäki ýaşulular hem goşuldy. Dogan-uýalar görkezmä eýerende «ruhy taýdan berkäp... sany gün-günden artýardy» (Res. 16:4, 5). Şu günler Ýehowanyň guramasynyň görkezmesine eýersek köp peýda taparys. w24.07 sah. 10, abz. 10
4-nji dekabr, anna
Ýessäniň ogly Dawut göwnüme ýaraýan adam (Res. 13:22).
Ýehowa Dawudy örän gowy görýärdi. Ýehowa Dawut hakda: «Ýessäniň ogly Dawut göwnüme ýaraýan adam» diýdi. Emma Dawut agyr günäleri etdi. Batşeba bilen zyna etdi we onuň ärini öldürtdi. Musanyň kanunyna görä, Dawut ölüme höküm edilmelidi (3 Mus. 20:10; 4 Mus. 35:31). Emma Ýehowa Dawuda toba etmäge mümkinçilik berdi. Ýöne Ýehowa Dawut eden günäsiniň agyrdygyna düşünip, toba edýänçä garaşyp oturdymy? Elbetde, ýok! Ol Natan pygamberi Dawudyň ýanyna iberýär. Natan Dawudyň ýüregine täsir edýän mysaly gürrüň berýär. Şonda Dawut eden işiniň agyr günädigine düşünip, toba edýär (2 Şam. 12:1—14). Zebur 51-nji bapdan Dawudyň toba edendigini, eden işine ökünip, ýürekden syzdyryp aýdan sözlerini okaýarys. Şu mezmur ençeme günä eden adamlara göwünlik berdi we toba etmäge höweslendirdi. Biz Ýehowanyň wepaly bendesi Dawuda toba etmäge kömek edendigine örän begenýäris. w24.08 sah. 10, abz. 9
5-nji dekabr, şenbe
Hudaýyň ýagşy, halaýan we kämil isleginiň nämedigine düşüniň (Rim. 12:2).
Her bir ene-ata çaga terbiýe bermegiň aňsat däldigine gowy düşünýän bolsa gerek. Eger siziňem çagalaryňyz bar bolsa, onda olaryň Hudaýa imanyny berkitmek üçin jan edýänsiňiz. Ýehowa-da muny görüp begenýär (5 Mus. 6:6, 7). Ýöne çagalar ulaldygy saýyn, ynanýan zatlary barada her dürli soraglary berýändir. Meselem, olar: «Mukaddes Kitapda näme üçin käbir zatlary etmeli däl diýilýär?» diýýändir. Çagalaryňyz şeýle soraglary berse alada edýänsiňiz. Belki-de, siz: «Çagamyň Hudaýa imany gowşadymyka ýa-da Mukaddes Kitaba ynanmaýarmyka?» diýip biynjalyk bolýansyňyz. Gadyrly ene-atalar, alada etmäň! Çagalar ulaldygyça Hudaýa imanyny berkitmek üçin şeýle soraglary bermeli (1 Kor. 13:11). Çagalaryňyz sorag berende olaryň özlerine oýlanmagy öwrediň we Hudaýyň Sözüne imanyny berkidiň. w24.12 sah. 14, abz. 1, 2
6-njy dekabr, ýekşenbe
Biz... iman arkaly janyny halas etjek adamlardandyrys (Ýew. 10:39).
Tizden Ýahudanyň üstüne Rim goşuny çozmalydy. Şonda kimiň imanynyň berkdigi ýa-da gowşakdygy mälim bolmalydy (Ýew. 10:37, 38). Isa pygamber duşman çozanda, şäheriň ilatynyň we daş-töwereginde ýaşaýan adamlaryň daglara gaçmalydygyny aýtdy (Luka 21:20—24). Emma Iýerusalimiň ilaty berk diwarly şäheriň içinde özüni howpsuz duýýardy. Olar üçin duşman çozanda, şäheri taşlap, daglara gaçmak akmaklykdy. Ýewreý mesihçilerine Isa pygamberiň maslahatyna eýermek üçin berk iman gerekdi. Ýewreý mesihçileri ýygnaga ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asmalydy, sebäbi Isa Mesih şol doganlar arkaly görkezme berýärdi. Elbetde, Iýerusalimdäki ýaşulular dogan-uýalara şäherden haçan we nädip gaçmalydygy barada anyk görkezme berendir (Ýew. 13:17). w24.09 sah. 10, abz. 9, 10
7-nji dekabr, duşenbe
Olary bereket hökmünde berdi (Efes. 4:8).
Isa pygamber ýer ýüzünde gulluk edende, Ýehowanyň islegini birkemsiz ýerine ýetirdi (Ýah. 17:4). Ol şägirtlerine göwnüýetmezçilik edip: «Sizden iş bitiren bolmaz» diýmedi, gaýtam şägirtlerine tälim berdi. Isa pygamber 40 günüň dowamynda wepaly, zähmetsöýer we yhlasly şägirtlerine wajyp ýumuşlary ýerine ýetirmegi öwretdi. Ol göge galmazynyň öň ýany, heniz 30 ýaşamadyk şägirtlerine Ýehowanyň halkynyň aladasyny etmegi, wagyz we şägirt taýýarlamak işine ýolbaşçylyk etmegi tabşyrdy. Isa pygamber şägirtlerine mähir bilen öwredýärdi, emma gerek ýerinde berk maslahat hem berýärdi (Luka 24:25—27; Ýah. 20:27). Käbir şägirtler Isanyň direlendigine şübhelenýärdi. Şonda Isa deliller getirip düşündirdi. Ol käbir şägirtlerine baýlygyň ugrunda hars urmagyň deregine, imandaşlarynyň aladasyny etmegi maslahat berdi (Ýah. 21:15). Şeýle-de Ýehowanyň jogapkärli borçlary ynanan adamlaryna bäsdeşlik we göriplik etmeli däldigini ündedi (Ýah. 21:20—22). Hudaýyň Patyşalygy haçan gelerkä diýip biynjalyk bolýan şägirtlerine hoş habary yhlasly wagyz etmegi tabşyrdy (Res. 1:6—8). w24.10 sah. 15, 16, abz. 13, 14
8-nji dekabr, sişenbe
Dogruçyl adam ýeri miras alar, onda ebedi ýaşar (Zeb. 37:29).
Gulak asýan adamlar uzak ömür sürerler. Ysraýyllar ýaly bizem täze dünýäniň bosagasynda durus. Biz tizden bütin ýer ýüzüniň Jennete öwrülişini gözümiz bilen göreris (Işa. 35:1; Luka 23:43). Şonda Şeýtan, jynlar, adamlary Ýehowadan daşlaşdyrýan ýalan dinler we raýatlaryny ezýän, kemsidýän ynsan hökümetleri bolmaz (Ylh. 20:2, 3; 17:16; 19:19, 20). Şeýle-de Jennetde erbet adamlar asla bolmaz (Zeb. 37:10, 11). Ähli adamlar Ýehowanyň adalatly kada-kanunlaryna gulak asyp, agzybir we parahat ýaşar. Olar biri-birine ýagşylyk edip, dost-dogan bolup ýaşar (Işa. 11:9). Jennetde durmuş göz öňüne getirişimizden hem gowy bolar. Eger biz Ýehowa gulak assak, täze dünýäde ýüz ýyl däl, ebedi ýaşarys (Ýah. 3:16). w24.11 sah. 9, abz. 7
9-njy dekabr, çarşenbe
Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler (Mat. 24:14).
Şu günki aýatdaky pygamberlik gözümiziň alnynda ýerine ýetýär. Häzir jw.org saýty 1 000-den gowrak dilde elýeterli. Dünýäniň dört künjeginde ýaşaýan adamlar Patyşalyk baradaky habary ene dilinde okap bilýär. Isa Mesih adamlary höküm etmäge gelýänçä şägirtleriniň ähli şäherlere aýlanyp bilmejekdigini, ýagny her bir adama wagyz edip ýetişmejekdigini aýtdy (Mat. 10:23; 25:31—33). Biz Isa pygamberiň aýdan sözleri bilen doly ylalaşýarys. Sebäbi millionlarça adamlar wagyz işiniň gadagan edilen ýurdunda ýaşaýar. Şeýle-de her minutda ýüzlerçe bäbek dünýä inýär. Elbetde, biz «her millete, her taýpa we her dile» wagyz etmek üçin elimizde baryny edýäris (Ylh. 14:6). Emma dünýäniň soňy gelýänçä her bir adama wagyz edip ýetişmejekdigimizi boýun almaly. w24.05 sah. 10, abz. 6, 7
10-njy dekabr, penşenbe
Olar iki däl, bir beden (Mat. 19:6).
Isa adamlara göwünlik berýärdi, ruhlandyrýardy. Ol hiç haçan şägirtleriniň ýüzünden almady (Luka 8:47, 48). Şeýdip, Isa pygamber ärlere gowy görelde galdyrdy. Isa pygamber ärlere aýalyna wepaly bolmagy tabşyrdy. Ol Atasy Ýehowanyň sözüne salgylanyp: «Erkek adam... aýaly bilen biriger» diýdi (Mat. 19:4—6). «Biriger» diýen grek işligi sözme-söz «ýelmeşer» diýmegi aňladýar. Är-aýal biri-birine şeýle bir ysnyşmaly welin, edil ýelimlenen ýaly bolmaly. Şonuň üçin äri ýa-da aýaly ýanýoldaşyny ynjydýan bir iş etse, olaryň ikisem ejir çeker. Aýalyny ýürekden söýýän är pornografiýanyň hiç bir görnüşini görmez. Ol oýlanyp durman, «gözüni biderek zatlardan sowar» (Zeb. 119:37). Wepaly är Eýýup pygamberiň göreldesine eýerip, «gözleri bilen äht baglaşar» we gelin-gyzlara azgyn höwes bilen seretmez (Eýp. 31:1). w25.01 sah. 10, abz. 12, 13
11-nji dekabr, anna
Hudaýymyz... doly bagyşlar (Işa. 55:7).
Adamlaryň bagyşlaýşy dürli-dürli bolýar. Bikämil adamlaryň biri-birini bagyşlamagy hak Allanyň geçirimliliginden düýbünden tapawutlanýar. Hiç bir adam Ýehowa ýaly geçirimli bolup bilmeýär. Mezmurda Ýehowa barada: «Sen örän geçirimli, şonuň üçin adamlar saňa çuňňur hormat goýýarlar» diýilýär (Zeb. 130:4). Hawa, diňe hak Alla «örän geçirimlidir». «Örän geçirimli» diýen jümläniň Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynda «hakykatdan bagyşlaýan» diýen manysy bar. Mukaddes Kitaby ýazan pygamberler şu jümläni adamlara däl-de, diňe hak Alla degişli edip ulanypdyrlar. Hawa, diňe Ýehowa Hudaý hakykatdan bagyşlap bilýär. Ýehowa adamy bagyşlansoň, onuň günäsini doly ýuwýar we mähriban gyzy, söwer ogly hökmünde kabul edýär. Ýehowa gaýta-gaýta bagyşlaýar we günämizi doly ýuwýar. Hawa, geçirimli Hudaýa taý geljek ýokdur! w25.02 sah. 8, abz. 1—3
12-nji dekabr, şenbe
Wagyz etmegi we birkemsiz şaýatlyk etmegi Isanyň özi tabşyrdy (Res. 10:42).
Siz hiç kime wagyz edip bilmeseňiz ýa-da hiç kim sizi diňlemese, ruhdan düşmäň. Iň esasy zat, siz Ýehowanyň we Isa pygamberiň tabşyrygyny ýerine ýetirýärsiňiz. Siz ýekeje adama wagyz edip bilmeseňiz-de, Hudaý edýän tagallaňyzy görýär. Ýehowa sizden razy, Ol size guwanýar! (Nak. 27:11). Siziň ýygnagyňyzdaky dogan-uýalaryň biri akýürekli adam bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçip başlasa begenýärsiňizmi? «Garawul diňi» žurnalynda wagyz işi ýiten çagany gözlemek bilen deňeşdirilýär. Çaganyň gözlegine köp adam çykýar, emma ony bir adam tapýar. Şonda tutuş topar begenýär. Edil şonuň ýaly, hoş habary wagyz etmek toparlaýyn iş hasaplanýar. Akýürekli adamyň ruhy taýdan ösmegi üçin tutuş ýygnak goşant goşýar. Ýygnagyň territoriýasynda ýaşaýan adamlara wagyz etmek üçin her bir wagyzçynyň kömegi gerek. Şeýlelikde, akýürekli adam ýygnaga gatnap başlasa, biziň ählimiz begenýäris. w24.04 sah. 18, abz. 13, 14
13-nji dekabr, ýekşenbe
Ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlar iman etdiler (Res. 13:48).
Bize ajaýyp döwür garaşýar. Biz köp adamlaryň uly betbagtçylykdan öň Ýehowa iman edip, onuň halkyna goşuljakdygyna begenýäris. Adamzat taryhynda boljak iň agyr döwürde, ýagny uly betbagtçylyk başlanda köp adamlar Şeýtanyň dünýäsiniň çüýrükdigine göz ýetirerler we hak Alla iman edip, arassa sežde ederler. Mähriban dogan-uýalar, geliň, gol gowşuryp oturmalyň! Biz dünýäde hiç haçan gaýtalanmajak işe gatnaşýarys, ýagny bütin ýer ýüzüne Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz edýäris. Şeýle-de biz adamlara höküm habaryny hem wagyz etmeli. Olar Şeýtanyň zalym dünýäsiniň tizden ýok ediljekdiginden bihabar bolmaly däl. Dogan-uýalar, goý, hoş habar ýüregiňizde ot kimin tutaşsyn. Ýehowany we adamlary ýürekden söýüň. Hak Allanyň mukaddes adyna hormat goýuň. Ýehowa «besdir» diýýänçä, badyňyzy gowşatman hoş habary wagyz ediň! w24.05 sah. 19, abz. 14—16
14-nji dekabr, duşenbe
Hemmäňiz pesgöwünli boluň, sebäbi Hudaý tekepbirlere garşy çykýar, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär (1 Pet. 5:5).
Isa pygamber ölüminiň öň ýanyndaky gije Petrusa we beýleki şägirtlerine pesgöwünli bolmagy öwretdi. Isa pygamber ýerinden turup şägirtleriniň aýagyny ýuwup başlady. Emma şägirtleri Isa haýran galyp seretdiler, sebäbi ol hyzmatkäriň işini edýärdi. Isa pygamber donuny çykardy, ýaglyk bilen bilini guşady. Soňra legene suw guýup, şägirtleriniň bir-birden aýagyny ýuwup başlady (Ýah. 13:4, 5). Elbetde, 12 şägirdiň aýagyny ýuwmak üçin wagt gerek bolandyr. Isa hatda özüne dönüklik etjegini bilse-de, Iudanyň hem aýagyny ýuwdy. Şeýdip, ol şägirtlerine pesgöwünli bolmakda görelde galdyrdy. Soňra Isa sabyrlylyk bilen şägirtlerine şeýle diýdi: «Meniň näme edendigime düşündiňizmi? Siz maňa „Mugallym“ we „Halypa“ diýýärsiňiz. Men, dogrudanam, Mugallymyňyz we Halypaňyz. Men Halypaňyz we Mugallymyňyz bolup-da, aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz hem biri-biriňiziň aýagyňyzy ýuwmaly» (Ýah. 13:12—14). w25.03 sah. 10, abz. 9—11
15-nji dekabr, sişenbe
Maslahat berip, ýol görkezýärsiň, şan-şöhrata ýetirýärsiň (Zeb. 73:24).
Şeýtanyň dünýäsinde Ýehowa wepaly bolmak aňsat däl. Köp adamlar Ýehowanyň bardygyna ynanmaýar we onuň kada-kanunlaryny äsgermän döwran sürüp ýaşaýar. Mesihçiler olara göriplik etse, imany gowşap biler. Elbetde, mesihçiler Ýehowanyň bardygyna ynanýar, ýöne aladasyny etjekdigine şübhelenip biler. Zebur 73-nji baby ýazan mezmurçynyň keýpi-sapada ýaşaýan erbet adamlara gözi gitdi. Ol Hudaýyň kanunlaryny äsgermeýän adamlaryň zada zar bolman ýaşaýandygyny görüp: «Men biderek ýere päk ýürekli bolupdyryn» diýýär (Zeb. 73:11—13). Mezmurçy derrew garaýşyny üýtgedýär. Ol Ýehowany terk eden adamlaryň ejir çekjekdigine düşünýär (Zeb. 73:18, 19, 27). Şeýle-de ol Biribar Ýehowanyň wepaly bendelerine bol bereket berjekdigi hakda oýlanýar. Biz hem synaga düşenimizde, Allatagalanyň edýän ýagşylyklary hakda oýlanmaly. w24.06 sah. 24, 25, abz. 16, 17
16-njy dekabr, çarşenbe
Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň (Ýew. 13:5).
Gadymy döwürde ysraýyllar garyp ildeşine göterimine pul berýärdi; adalatsyz kazylar para alyp, bigünä adamy höküm edýärdi. Ýehowa şeýle işleri ýigrenýär (Hyz. 22:12). Biz puluň yşkyna düşendigimizi anyklamak üçin şu soraglar hakda oýlanmaly: «Men ýatsam-tursam pul hakda oýlanýarynmy? Näme satyn alsamkam diýip oda-köze düşýärinmi? Eger karz alan bolsam, algydarym pula mätäç däl diýip, bergimi bermän ýörýärinmi? Pulum köpelse özümi hondanbärsi alyp barýarynmy? Men gysgançmy? Men garyplary äsgermän, diňe baýlar bilen tirkeşýärinmi ýa-da baý dogan-uýalary tankytlaýaryn?» Biz puluň guly bolmasak, baýlygyň yşkyna düşmesek, Ýehowanyň ebedilik dosty bolarys. Beýik Hojaýyn bizi hiç haçan terk etmez. w24.06 sah. 12, 13, abz. 17, 18
17-nji dekabr, penşenbe
Seniň sözüňi berjaý edýärin, zalymlaryň ýolundan ýöremerin (Zeb. 119:101).
Biz synaga düşmez ýaly, ýagşy zatlar hakda oýlanmagy endik edinmeli. Mukaddes Kitapda: «Erbetligi ýigreniň, ýagşylygy söýüň» diýilýär (Amos 5:15). Biz şu maslahata eýersek garaşylmadyk synaglarda ýykylmarys. Ýagşy zatlar hakda oýlansak imany berk mesihçi bolarys we Ýehowa wepaly bolmagy ýüregimize düweris. Biz imanyňy berkidýän işlere ýapyşsak, hemişe ýagşy zatlar hakda pikir ederis. Biz ýygnak duşuşyklaryna baranymyzda ýa-da wagyz edenimizde Ýehowany begendirýän zatlar hakda oýlanýandyrys (Mat. 28:19, 20; Ýew. 10:24, 25). Hudaýyň Sözüni okanymyzda ýagşylygy söýmegi we erbetligi ýigrenmegi öwrenýäris (Ýuşa 1:8; Zeb. 1:2, 3; 119:97). Isa pygamber: «Synaga düşmez ýaly oýa bolup, dyngysyz doga ediň» diýip maslahat berdi (Mat. 26:41). Onuň maslahatyna eýersek, synaglarda berk durarys we Ýehowany razy edip ýaşarys (Ýak. 4:8). w24.07 sah. 17, 18, abz. 14—16
18-nji dekabr, anna
Sen diýdiň: «Düşünje bererin, ýörejek ýoluňy görkezerin, gözüm sende bolar, öwüt-ündew bererin» (Zeb. 32:8).
Biz tälim berenimizde, jomart Hudaýyň göreldesine eýermeli. Ýadyňyzda bolsa, Ýehowa akyldarlygyny gysganman, igenmän we käýemän berýär. Edil şonuň ýaly, bizem ýürekden we yhlasly öwretmeli. Aýdaly, siz birine öwretmeli bolýarsyňyz. Şonda: «Oňa öwretsem, ýerime geçäýmesin, işsiz galaýmaýyn. Maňa-da hiç kim öwretmedi, ol hem öz başyny özi çarasyn» diýip, pikir etmeli däl. Şeýle etmek Ýehowanyň halkyna ýaraşýarmy? Elbetde, ýok! Biz diňe bir bilýän zadymyzy däl-de, janymyzy bermäge-de taýyn bolmaly (1 Sel. 2:8). Biz dogan-uýalara tälim bersek, olar hem öz gezeginde imandaşlaryna ökdelik bilen öwrederler (2 Tim. 2:1, 2). Dogan-uýalar, geliň, ýadaman, ýaltanman öwredeliň, gelejekki neslimizi gujur-gaýrata galdyralyň. Şonda olar hem ýagşylyk etmekden ýadamazlar. w24.09 sah. 28, 29, abz. 12, 13
19-njy dekabr, şenbe
Biz... bir-birimize baglydyrys (Rim. 12:5).
Sen «mende üýtgeşik ukyp-başarnyk ýok» diýip, ruhdan düşýänsiň. Ýöne ýatdan çykarma, sende dogan-uýalara hyzmat etmek üçin gerekli häsiýetler bar. 1 Korinfliler 12:12—30-njy aýatlardaky Pawlusyň sözleri hakda oýlan we olara eýerer ýaly Ýehowadan kömek sora. Pawlusyň sözlerinden görşümiz ýaly, ýygnakda her bir dogan-uýanyň, şol sanda seniňem öz ornuň bar. Ýehowa we dogan-uýalara hyzmat etmek üçin başarýan zatlaryňy et. Ýaşulularam seniň ukyp-başarnyklaryňa üns berer we ýygnakda edip biljek ýumuşlaryňy tabşyrar (Rim. 12:4—8). Biziň hemmämiz Ýehowa bilen dostlaşmaly, adamlara ýagşylyk etmeli we Hudaýy razy edip ýaşamaly. w24.11 sah. 17, abz. 12, 13
20-nji dekabr, ýekşenbe
Hanna gaýgy-hasratdan ýaňa... Ýehowa doga edip başlady (1 Şam. 1:10).
Ysraýylda Hanna atly aýal ýaşaýardy. Ol her gün diýen ýaly aglap gözýaş dökýärdi. Sebäbi äriniň Peninna atly ýene bir aýaly bardy. Peninna Hannany halamaýardy. Üstesine-de, Hannanyň çagasy hem bolmaýardy, Peninnanyň bolsa çagalary bardy (1 Şam. 1:1, 2). Ol Hannany çagasynyň bolmaýandygy üçin kemsiderdi. «Ol aglap, çöregem iýmeýärdi... Gaýgy-hasratdan ýaňa gözünden boýur-boýur ýaş dökýärdi» (1 Şam. 1:6, 7, 10). Hanna nädip derdine derman tapdy? Ol Ýehowa sežde edilýän çadyra bardy. Hanna Ýehowa: «Çekýän hasratymy görüp, meni ýatla. Ýehowa, gyrnagyňy unutma» diýip ýalbardy (1 Şam. 1:11). Ýehowa Hannanyň agyr halyny gördi, aglap eden dogasyny eşitdi we Hannanyň birnäçe çagasy boldy (1 Şam. 1:19, 20; 2:21). w24.12 sah. 21, abz. 5—7
21-nji dekabr, duşenbe
Adam ogullaryny görüp, göwnüm has-da göterilerdi (Nak. 8:31).
Töleg gurbany Isanyň ähli adamlaryň, esasanam, şägirtleriniň aladasyny edendigini görkezýär (Ýah. 13:1). Isa ýer ýüzünde ýaşanda köp kynçylyklara duş geljekdigini, hatda ejir çekip öljekdigini bilýärdi. Ýöne ol özüni borçly duýandygy üçin däl-de, adamlary söýendigi üçin ýere geldi. Isa arman-ýadaman wagyz etdi. Adamlara Hudaý barada öwretdi we köp ýagşylyk etdi. Ol hatda ölüminiň öň ýanyndaky gije şägirtleriniň aýagyny ýuwdy, olary ruhlandyrdy we tälim berdi (Ýah. 13:12—15). Isa pürsde asylgy durka-da, gapdalyndaky jenaýatça Jennet hakda wagyz edip göwünlik berdi. Şeýle-de şägirdine ejesiniň aladasyny etmegi tabşyrdy (Luka 23:42, 43; Ýah. 19:26, 27). Şeýlelikde, Isa diňe bir janyny gurban bermek bilen däl-de, bütin durmuşy bilen adamlary güýçli söýýändigini subut etdi. w25.01 sah. 24, abz. 11
22-nji dekabr, sişenbe
Biziň parahatlygymyz üçin oňa jeza berildi. Onuň ýaralary bize melhem boldy (Işa. 53:5).
Mukaddes Kitapda Ýehowanyň bagyşlan adamy gulçulykdan azat bolan adama meňzedilýär. Hawa, biz bikämil bolansoň, «günäniň guludyrys». Emma geçirimli Hudaý Ýehowa bizi «günälerimizden azat etdi» (Rim. 6:17, 18; Ylh. 1:5). Hawa, Ýehowanyň azat eden adamy uludan dem alyp, asuda ýaşaýar. Ýehowanyň beren töleg gurbany biziň ýaralarymyza melhem bolýar (1 Pet. 2:24). Keseliň adama zyýan ýetirişi ýaly, günä-de Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýar. Agyr keselinden gutulan adam özüni bagtly saýýar. Günäsi bagyşlanan adam hem Ýehowa bilen jana-jan dost bolýar we arassa ynsap bilen sežde edýär. w25.02 sah. 11, abz. 16, 17
23-nji dekabr, çarşenbe
Eger mundan beýläk-de şol häsiýetlere görä ýaşasaňyz, hiç haçan ýykylmarsyňyz (2 Pet. 1:10).
Isa pygamber batman mysalynda üç sany gul hakda gürrüň berýär. Olaryň ikisi hojaýynyna wepalydy, biri bolsa biwepady (Mat. 25:14—30). Iki wepaly gul saýlanan wepaly mesihçileri, hojaýyn bolsa Isa pygamberi aňladýar. Isa pygamber saýlananlara «meniň şatlygyma goşulyň» diýýär we olary ilkinjileriň hatarynda direldip sylaglajakdygyny wada berýär (Mat. 25:21, 23; Ylh. 20:5b). Saýlanan mesihçiler ýalta guldan sapak edinip biler. Nädip? Olar yhlasly we zähmetsöýer bolmaly. Isa pygamber batman baradaky mysaly gürrüň berende, saýlanan mesihçileriň ýalta boljakdygyny aýtmady. Eger olar yhlasly bolmasalar, nämäniň üstünden barjakdygyny duýdurdy. Olar «Hudaýyň çagyranlary we saýlanlary hökmünde wepaly bolmaga jan etmelidi», ýogsam gökdäki Patyşalyga girip bilmezdi. w24.09 sah. 22, abz. 10; sah. 23, abz. 12, 13
24-nji dekabr, penşenbe
Iň wajyp zatlara düşüniň (Flp. 1:10).
Biz özümizi we maşgalamyzy eklemek üçin işlemeli bolýarys (Nes. 7:12; 1 Tim. 5:8). Elbetde, her bir adamyň gowy aýlykly ýerde işläsi gelýär. Ýöne iş saýlanymyzda diňe tölenýän haka üns bersek ýalňyşarys. Eger biz iman bilen ýaşasak, Ýehowa bilen dostlugymyzy bozýan işe girmeris. Biz şu soraglar hakda oýlanyp bileris: eger şu işe girsem, Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etmeli bolarynmy? (Nak. 6:16—19). Ýehowa sežde etmäge päsgel berermi? Ýa-da maşgalamdan uzak wagt aýra düşmeli bolarynmy? Eger biz şu soraglara «hawa» diýip jogap bersek, başga iş tapmaýan hem bolsak şol işe girmeris. Sebäbi biz iman arkaly ýaşaýarys, Ýehowanyň aç-hor etmejekdigine, gerek-ýarak zatlarymyzy ýetirjekdigine ynanýarys (Mat. 6:33; Ýew. 13:5). w25.03 sah. 21, abz. 5, 6
25-nji dekabr, anna
Bir-biriňize mähirli boluň we rehim-şepagat ediň... biri-biriňizi ýürekden bagyşlaň (Efes. 4:32).
Biz dogan-uýalaryň bikämillik sebäpli goýberýän ýalňyşyna däl-de, ýagşy häsiýetlerine üns bermeli. Sebäbi tizden bikämillik zym-zyýat bolar, dogan-uýalaryň ýagşy häsiýetleri ebedi galar. Aramyzda düşünişmezlik dörese, derrew çözmeli. Şonda ruhy jennet gülläp öser, göze has-da ýakymly bolar, köp adamlar geler. Geliň, Ýehowanyň döreden ruhy jennetiniň gadyryny bileliň. Eger adam bagtly, parahat, asuda ýaşamak we doýup-ganmak islese, ruhy jennete girmeli, ony hiç haçan terk etmeli däl. Unutmaň, Şeýtan bizi ruhy jennetden çykarmak üçin her dürli usullary ulanýar (1 Pet. 5:8; Ylh. 12:9). Geliň, Şeýtanyň duzagyna düşmäliň! Owadan, arassa, parahat ruhy jenneti goramak üçin elimizde baryny edeliň. w24.04 sah. 24, 25, abz. 18, 19
26-njy dekabr, şenbe
Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýuň (Mat. 6:33).
Mähriban ene-atalar, siz çagalaryňyzyň kalbyna Ýehowa bolan söýgini guýuň. Siz Hudaýyň Patyşalygyny hemişe birinji orunda goýuň. Şeýle-de çagalaryňyza ýygnaklara barmagyň we wagyz etmegiň wajypdygyny düşündiriň. Ene-atalar, güýjüňizi gaýgyrmaň, çagalaryňyza kömek ediň, ýogsam çagalaryňyz Ýehowa bilen dostlaşyp bilmez. Olar siziň göwnüňizden turmak üçin ýygnaklara barar, ulalansoň arassa seždäni birinji orunda goýmaz, hatda hakykat ýolundan sowlup biler. Ýehowa hakykatdan giden adamlary yzyna kabul edýärmi? Elbetde! Ýöne munuň üçin olar ýürekden toba etmeli we ýene-de Ýehowa sežde etmeli. Olar pesgöwünli bolmaly we ýaşulularyň kömegini kabul etmeli (Ýak. 5:14). Şeýle-de Ýehowa bilen dostlugyny dikeltmek üçin elinde baryny etmeli. Olar Ýehowa dolanandygyna hiç haçan ökünmez. w24.07 sah. 25, abz. 18, 19
27-nji dekabr, ýekşenbe
Ahlaksyzlykdan gaçyň! (1 Kor. 6:18).
Tanyşlyk döwri ahlak taýdan arassa bolmaga näme kömek eder? Siz biri-biriňizi içgin tanadygyňyzça has-da ysnyşarsyňyz. Ahlaksyzlygyň duzagyna düşmez ýaly näme etmeli? Edepsiz gürrüňleri etmäň, ikiçäk galmaň we aşa köp içmäň, ýogsam höwesiňiz güýjäp, özüňize erk edip bilmersiňiz (Efes. 5:3). Siz tanyşlyk döwri belli bir çäk goýuň. Şonda siz biri-biriňiziň mertebäňize hormat goýarsyňyz we Ýehowanyň kada-kanunlaryny bozmarsyňyz (Nak. 22:3). Tanyşlyk döwri el tutuşmak, gujaklamak ýa-da ogşamak bolýarmy? Tanyşlyk döwri uzak dowam etse, biri-biriňize ysnyşarsyňyz, belki-de, el tutuşmagy, gujaklamagy we ogşamagy aýyp görmersiňiz. Emma ägä boluň! Siz çäkden çykmaň, ýogsam höwesiňiz güýjäp, dury pikirlenip bilmersiňiz, biri-biriňizi içgin tanaman, derrew toý tutmak kararyna gelersiňiz (Aýd. 1:2; 2:6). Şeýle-de özüňize erk edip bilmän, Ýehowany gynandyrýan işleri etmegiňiz mümkin (Nak. 6:27). Şonuň üçin tanyşlyk döwrüniň başynda Mukaddes Kitabyň ahlak kada-kanunlary hakda gürrüň ediň we belli bir çäk goýuň (1 Sel. 4:3—7). w24.05 sah. 29, abz. 10, 11
28-nji dekabr, duşenbe
Goý, siziň «hawa» diýeniňiz «hawa», «ýok» diýeniňiz «ýok» bolsun (Mat. 5:37).
Biz ynamdar adam hökmünde tanalmaly, esasanam, kyn güne düşen dogan-uýalaryň dadyna ýetişmeli (Nak. 17:17). Biz ynamdar adam bolmak üçin näme etmeli? Her gün mukaddes ruhuň miwesini görkezmeli, sözümizde durmaly, tabşyrylan işi wagtynda etmeli. Ýygnak ýaşululary — uly bereket. Dogan-uýalar ýaşululara, esasanam, wagyz toparynyň gözegçisine arkaýyn ýüz tutup bilmeli. Munuň üçin ýaşulular kömek etmäge taýyn bolmaly. Olar maslahat berende öz pikirini öňe sürmän, Mukaddes Kitaba we wepaly hyzmatkäriň edebiýatlaryna esaslanmaly. Ýaşulular dogan-uýalaryň syryny saklamaly we beren sözünde durmaly. Ynamdar, aladaçyl ýaşulularyň penasynda dogan-uýalar ruhy taýdan gülläp öser. w24.06 sah. 30, abz. 14, 15
29-njy dekabr, sişenbe
Olary asuda hem parahat ýaşadarsyň, sebäbi olaryň daýanjy diňe sensiň (Işa. 26:3).
Şu günler Ýehowa bizi gudrat bilen sagaltmasa-da, çydamaga güýç berer (Zeb. 41:3). Ýehowa mukaddes ruhy bilen akyldarlyk we kalbymyza parahatlyk berer (Nak. 18:14; Flp. 4:13). Şeýle-de ol tizden ähli keseli aýyrjakdygyny wada berýär. Ýehowanyň berjek şol ajaýyp durmuşy hakda oýlansaňyz, kalbyňyz aram tapar (Işa. 33:24). Ýehowa Mukaddes Kitaby biziň günlerimize çenli ýöne-ýere gorap saklamady, sebäbi ol kyn güne düşenimizde öz sözi arkaly derdimize derman bolmak isleýär (Rim. 15:4). Günbatar Afrikada ýaşaýan uýa rak keselinden ejir çekýär. Ol agyrysyna çydaman köp aglaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Işaýa 26:3 meniň iň gowy görýän aýadym. Ýehowa aýatda wada berişi ýaly ýüregime parahatlyk berýär... Ýehowanyň kömegi bilen erbet pikirleri aýryp bilýärin, bu meniň öz elimde». Dogan-uýalar, siziň hem agyr günde derdiňize derman boljak, ýüregiňize giňlik berjek gowy görýän aýadyňyz barmy? w24.12 sah. 24, abz. 17, 18
30-njy dekabr, çarşenbe
Oglan heniz uzakdaka, kakasy ony görüp, ýüregi awady. Ol ylgap bardy-da, ogluny gujaklap ogşady (Luka 15:20).
Ýaşulular ýygnakdan çykarylanlara yzyna dolanmaga kömek etmek üçin jan edýär (Luka 15:22—24, 32). Günäkär toba edende Ýehowa, Isa, perişdeler we dogan-uýalar örän begenýär (Luka 15:7). Ýehowa günäli işlere göz ýummaýar, ol toba etmeýän günäkäriň ýygnakda galmagyna ýol bermeýär. Ýöne ol günäkärden umydyny hem üzmeýär, onuň toba edip yzyna dolanmagyny isleýär. Hoşeýa 14:4-de Ýehowa şeýle diýýär: «Men olary sagaldaryn, indi maňa biwepalyk etmezler. Olary ýürekden söýerin. Sebäbi meniň gaharym köşeşdi». Şu aýat ýaşululary günäkäriň toba edýändigini görkezýän ýekeje hereketini hem görmäge höweslendirýär. Günäkäri bolsa Ýehowanyň ony gowy görýändigine, yzyna dolanmagyny isleýändigin ynandyrýar. w24.08 sah. 28, abz. 8, 9
31-nji dekabr, penşenbe
Minnetdar boluň (Kol. 3:15).
Käte eden ýagşylygymyzyň gadyryny bilmeýärler, bolaýmaly zat ýaly garaýarlar, hamala bu biziň borjumyz ýaly hasaplaýarlar. Şonda biz şatlanmagyň deregine, gam-gussa batýandyrys, ruhdan düşýändiris. Dogan-uýalar, biri eden ýagşylygymyzyň gadyryny bilse begenýäris, ýöne «bermek... has bagtly edýär» (Res. 20:35). Şonuň üçin eden ýagşylygymyzy bilsin-bilmesinler biz bagtly bolup bileris. Nädip? Jomart Hudaý Ýehowa hakda oýlanyň. Adamlar Hökmürowan Ýehowanyň eden ýagşylygynyň gadyryny bilmeseler-de, Ol ýagşylyk etmegini bes etmeýär (Mat. 5:43—48). Isa pygamber hem adamlara ýagşylyk edeniňde «yzyna garaşmaň» diýip maslahat berdi. Sebäbi älem-jahanyň Eýesiniň hut özi jomart adamlara sylag bermek isleýär (Luka 6:35). «Yzyna garaşmaň» diýlende, «sag bolsun» aýtmaklaryna-da garaşmaly däldigini aňladýar. Adamlar edýän ýagşylygymyzyň gadyryny bilsin-bilmesin Ýehowa biziň paýymyzy püre-pür edip berer. Geliň, adamlara ýürekden ýagşylyk edeliň (Nak. 19:17; 2 Kor. 9:7). w24.09 sah. 29, abz. 14—16