Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w15 15/11 sah. 15
  • Jomartlyk bereket getirýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Jomartlyk bereket getirýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Meňzeş maglumat
  • Ol Halypasyndan bagyşlamagy öwrendi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • «Ýygnaklara asudalyk aralaşdy»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Ol synaglarda wepaly galdy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Petrus resul ýaly tutanýerli boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
w15 15/11 sah. 15

Jomartlyk bereket getirýär

BU WAKA I asyrda Ortaýer deňziniň kenarýaka şäheri Ýafada bolup geçýär. Ýokarky otagda syrkawlap, aradan çykan aýal ýatyrdy. Oňa Tabita (grekçe Dorkas) diýýärdiler we ol Isa Mesihiň şägirdidi. Dorkas ýogalanda, golaýdaky Lidda şäherinden Petrus resuly alyp gelmekleri üçin, iki sany adamy ýollaýarlar.

Petrusy ýokarky otaga eltenlerinde, aýallar aglaşyp otyrdy. Olar Dorkasy gowy görýärdiler, sebäbi ol köp ýagşy işleri edipdi. Bu aýallar Petrusa Dorkasyň olara tikip beren egin-eşiklerini görkezýärler. Elbetde, Dorkas Isanyň şägirdi hökmünde Hudaýyň Patyşalygy barada-da yhlasly wagyz edendir. Emma indi ol ölensoň Petrus onuň üçin näme edip biler?

Petrus ilki hemmeleri daşary çykarýar. Soňra dyza çöküp doga edýär-de, jesede tarap öwrülip: «Tabita, tur!» diýýär. Ol hem gözlerini açýar! Görsene, Tabita direlýär! Şondan soň Petrus ony ýerinden turuzýar.

Soňra Petrus beýlekileri çagyrýar. Göz öňüne getiriň, olar Dorkasyň direlendigini we janynyň sagdygyny görenlerinde nähili begenendirler! Dogrudan-da, ölümden direlmek hakyky gudrat hem-de bereket! (Res. iş. 9:36—42).

Biz mundan wajyp sapak edinip bileris. Bu waka wagtyny, güýjüni we ukyplaryny jomartlyk bilen sarp edip, başgalara kömek etmäge çalyşýan adamyň bol bereketleri aljakdygyny görkezýär. Dorkasy eden ýagşy işleri üçin diňe bir şol aýallar däl, eýsem, Ýehowa Hudaý hem gowy görýärdi. Ine, şonuň üçin-de Hudaý Petrusa ony ölümden direltmäge güýç berdi.

Şol sebäpli, geliň, şu wajyp zady unutmalyň: Eger biz jomart bolsak, onda adamlar bizi söýgi bilen ýatlarlar. Şeýle-de bizi Ýehowanyň ýatlamagy üçin görkezmeli häsiýetlerimiziň biri jomartlykdyr. Hudaý bolsa bizi dogrulyk höküm sürjek täze dünýäsinde ebedi ýaşaýyş bilen sylaglap bilýär (Sül. tym. 11:25; 1 Ýahýa 2:17).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş