Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w15 15/11 sah. 14—15
  • Ýehowanyň jomartlygyna minnetdarlygyňyzy görkeziň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň jomartlygyna minnetdarlygyňyzy görkeziň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • JOMARTLYGYŇ KÄMIL NUSGASY
  • «Edilmeli iş... uly»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • «Olaryň artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa höwes bilen berýänlere bol bereket berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Biz mätäç adamlara nädip kömek edip bileris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2015
w15 15/11 sah. 14—15
Bir aýal bank kartyny elektron enjama salýar

Ýehowanyň jomartlygyna minnetdarlygyňyzy görkeziň

ÝEHOWA jomart Hudaý (Ýakup 1:17). Gijesine ýalkym saçýan ýyldyzly asmandan gök ot bürelen meýdanlara çenli ýaradylan zatlaryň ählisi Ýehowanyň jomartlygyny yglan edýär (Zeb. 65:12, 13; 147:7, 8; 148:3, 4).

Mezmurçy Ýaradyjysyna bolan çuňňur minnetdarlykdan joşup, Ýehowanyň işlerini wasp edýän nagma düzdi. Zebur kitabynyň 104-nji babyny okasaňyz, onuň duýgularyny paýlaşyp bilersiňiz. Mezmurçy: «Men ömür boýy Rebbe nagma aýdaýyn, barkam Rebbe alkyş okaýyn» diýdi (Zeb. 104:33). Eýsem, siziň hem şeýle islegiňiz barmy?

JOMARTLYGYŇ KÄMIL NUSGASY

Ýehowa biziň jomartlyk babatda ondan görelde almagymyzy isleýär. Şeýle-de ol jomart bolmagyň degerli sebäplerini düşündirýär. Geliň, Pawlus resulyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazan sözlerine seredeliň. Ol şeýle ýazdy: «Häzirki döwürdäki baýlara tekepbir bolmazlygy tabşyr. Wepasyz baýlyga däl-de, lezzet almagymyz üçin her zady bize bolluk bilen beren diri Hudaýa umyt baglasynlar. Olara ýagşylyk etmegi, ýagşy işlere baý bolmagy, sahylygy, jomartlygy tabşyr. Soňsuz ýaşaýşa eýe bolar ýaly, geljek üçin özlerine berk bina boljak hazynany birikdirsinler» (1 Tim. 6:17—19).

Pawlus resul Korintosdaky ýygnaga ýazan ikinji hatynda adamlara ýagşylyk etmek babatda dogry garaýyşda bolmagyň wajypdygyny nygtady. Ol: «Tukatlyk ýa mejburlyk bilen däl-de, her kim öz göwnünden çykaranyny bersin. Sebäbi Hudaý begenç bilen bereni söýýändir» diýdi (2 Kor. 9:7). Soňra Pawlus jomartlyk bilen bermegiň zerurlyklary kanagatlandyrylýan mätäçlere-de, ýagşylyk edip, ruhy bereketleriň eýesi bolýan adamlara-da peýda getirýändigini belläp geçdi (2 Kor. 9:11—14).

Pawlus resul hatynyň bu bölüminiň ahyrynda Hudaýyň jomartlygynyň aýdyň subutnamasy barada agzap: «Çendenaşa sylagy üçin Hudaýa şükür!» diýdi (2 Kor. 9:15). Ýehowanyň sylagy Isa Mesih arkaly adamlara edýän ýagşylyklarynyň ählisini özünde jemleýär. Bu sowgadyň gymmatyny söz bilen beýan edip bolmaýar.

Ýehowanyň hem-de onuň Oglunyň biziň üçin eden we edýän zatlaryna minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? Munuň bir usuly Ýehowanyň arassa seždesini goldamak üçin, azlygyna ýa-da köplügine garamazdan, wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi jomartlyk bilen bermekdir (1 Ýyl. 22:14; 29:3—5; Luka 21:1—4).

Käbirleri bütindünýä wagyz işi üçin nädip sadaka berýärler?

Pawlus resulyň günlerindäki ýaly, şu günlerem köpler belli bir mukdarda «pul süýşürip», ony ýygnagyndaky «Bütindünýä wagyz işi üçin sadaka» diýen guta atýarlar (1 Kor. 16:2). Ýygnaklar her aý berilýän bu sadakalary Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýerli filialyna ýollaýarlar. Şeýle-de sadakany ýurduňyza gözegçilik edýän filiala hem ugradyp bilersiňiz. Şeýle ýagdaýda sadakaňyzy meýletin berýändigiňizi tassyklaýan gysgaça hatam ýazmaly. Käbir ýurtlarda sadakalar üçin döwlet tarapyndan salgyt salynýar.

SADAKA BERMEGIŇ BAŞGA USULLARY

Käbir ýurtlarda bütindünýä wagyz işini goldamagyň başga-da usullary bar. Olara şular degişli:

  • Gozgalmaýan emläk. Satyp bolýan gozgalmaýan emlägi gönüden-göni sadaka hökmünde filiala berse bolýar ýa-da emlägiň eýesi ömrüniň ahyryna çenli ondan peýdalanyp, soňra filiala geçiriler ýaly edip biler. Emlägi filiala sadaka bermek üçin resminamalary taýýarlap başlamazdan öň, filial bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

  • Wesýetnama. Emlägi ýa-da puly sadaka hökmünde bereniňizde, wesýetnamany kanunda görkezilen tertibe görä ýazyp, filiala geçirse bolýar. Şeýle ýagdaýda wesýetnamanyň bir nusgasyny filiala ibermegiňizi haýyş edýäris.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş