Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/5 sah. 21—25
  • Siz halas bolmak üçin taýýarmy?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz halas bolmak üçin taýýarmy?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Nuhuň günleriniň biziň günlerimiz bilen meňzeşligi
  • Halas bolmak üçin iman etmeli
  • Halas bolmak üçin edilen özgerişler
  • Halas bolmak üçin taýýar bol
  • «Ol Hudaýyň huzurynda gezdi»
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Nuh gämi gurýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Nuhuň ýasan gämisi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Nuhuň tupany. Kim gulak asdy, kim asmady?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/5 sah. 21—25

Siz halas bolmak üçin taýýarmy?

«Bütin içeriň bilen gämä gir; çünki Men seni Öz öňümde bu nesil içinde dogry gördüm» (BARLYK 7:1).

1. Nuhuň günlerinde Ýehowa adamlary halas etmek üçin näme etdi?

NUHUŇ günlerinde Ýehowa «hudaýsyzlar dünýäsiniň başyna tupan turuzdy». Ýöne ol adamlara gutulmaga mümkinçilik hem berdi (2 Petrus 2:5). Hak Hudaý Bütindünýä Tupanynda Nuh pygamber halas bolar ýaly, oňa gämini nädip ýasamalydygyny aýtdy (Barlyk 6:14—16). Hudaýyň gullukçylary-da Nuh ýaly «Hudaýyň özüne aýdanlarynyň hemmesini ýerine ýetirmeli». Munuň üçin «[hut] şeýle etmeli». Biz şu günler Nuhuň gulak asandygy sebäpli ýaşaýarys (Barlyk 6:22).

2, 3. a) Nuhuň döwürdeşleri onuň edýän işine nähili garaýardy? b) Nuh gämä girende, onuň imany nähilidi?

2 Gämini ýasamak aňsat iş däldi. Nuh bilen onuň maşgalasynyň gämini ýasamagy köp adamlary haýran galdyran bolsa gerek. Şonda-da olar gämä girip gutuljakdygyna ynanmadylar. Ahyrsoňy erbet adamlara Hudaýyň sabrynyň soňy geldi (Barlyk 6:3; 1 Petrus 3:20).

3 Nuhuň maşgalasy onlarça ýyl agyr zähmet çekensoň, Ýehowa Nuha: «Bütin içeriň bilen gämä gir; çünki Men seni Öz öňümde bu nesil içinde dogry gördüm» diýdi. Ýehowanyň sözüne ynanyp, «Nuh we ogullary we aýaly we ogullarynyň aýallary özi bilen bile gämä girdiler». Ýehowa olaryň yzyndan gapyny ýapdy. Ýer ýüzüne tupan gelende, diňe gämä girenler halas boldy (Barlyk 7:1, 7, 10, 16).

Nuhuň günleriniň biziň günlerimiz bilen meňzeşligi

4, 5. a) Isa özüniň Patyşa bolmaly wagtyny haýsy günler bilen deňedi? b) Biziň günlerimiz bilen Nuhuň günleriniň näme meňzeşligi bar?

4 «Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar» (Matta 24:37). Isa şu sözler bilen özüniň gökde göze görünmeýän patyşa boljak wagtyny aýdyp, Nuhuň günlerine meňzetdi, bu dogrudanam şeýle boldy. Aýratynam, 1919-njy ýyldan bäri duýduryş habary Nuhuň duýduryşy ýaly, hemme milletlere yglan edilýär. Şu günlerem adamlar, Nuhuň günlerindäki adamlar ýaly seslenýär.

5 Ýehowa ýer ýüzüne tupan getirip, «zorlukdan doly» dünýäniň soňuna çykdy (Barlyk 6:13). Nuh we onuň maşgalasy beýle zorluga goşulman arkaýyn gämini ýasaýardy, bu olara syn edýänlere-de aýdyňdy. Biziň günlerimizem şol günlere meňzeýär. Akýürekli adamlar indi «Erbetleriň we dogrularyň Hudaýa gulluk edýänleriň we etmeýänleriň tapawudyny» görýär (Malaki 3:18). Akýürekli adamlar Ýehowanyň Güwäçileriniň saplygyna, merhemetine, parahatlygyna, janaýamazlygyna haýran galyp, Hudaýyň halkynyň bu dünýäden tapawutlanýandygyny görýärler. Ýehowanyň Güwäçileri zorlugyň dürli görnüşlerinden gaça durup, Ýehowanyň ruhunyň kömek etmegine ýol berýär. Şonuň üçin Ýehowanyň ruhy olara parahatçylygy berýär we dogry adam bolmaga kömek edýär (Işaýa 60:17).

6, 7. a) Nuhuň günlerindäki adamlar nämä göz ýetirmedi we biziň günlerimizde-de nähili meňzeşlik bar? b) Ýehowanyň Güwäçileriniň başga adamlardan tapawutlanýandygyny haýsy mysallar görkezýär?

6 Nuhuň döwürdeşleri Hudaýyň Nuhy goldap, görkezme berýändigine göz ýetirmediler. Şonuň üçin olar Nuhuň duýduryşyna çynlakaý garamady. Biziň günlerimiz barada näme diýse bolar? Ençeme adama Ýehowanyň Güwäçileriniň edýän işi täsir etse-de, köpüsi wagza we Mukaddes Ýazgylardaky duýduryşa çynlakaý garamaýarlar. Mesihçileriň goňşulary, başlyklary, dogan-garyndaşlary olaryň gowy häsiýetleri üçin öwseler-de, ýöne: «Ýehowanyň Güwäçisi bolmadyk bolsady!» diýip zeýrenýärler. Bu adamlar Ýehowanyň Güwäçileriniň söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklyk ýaly häsiýetleri Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly ösdürýändigine göz ýetirmeýärler (Galatýalylar 5:22—25). Bu häsiýetler Ýehowanyň Güwäçileriniň wagyz edýän habarynyň hakykatdygyna adamlaryň ynanmagyna kömek etmeli.

7 Meselem, Russiýada Ýehowanyň Güwäçileri Patyşalyk Zalyny gurýarkalar, geçip barýan bir adam aýak çekip, gurluşykçylaryň birinden: «Görýän welin, bu örän täsin gurluşyk meýdançasy hiç kim çilim çekenok, hapa söz aýdanok, serhoş adamam ýok! Aýtsaňyz-la, siz Ýehowanyň Güwäçileri dälmi?» diýip sorady. Gurluşykçy oňa: «Eger ýok, diýsem, ynanarmysyňyz?» diýdi. Ol adam: «Ýok, ynanmaryn» diýip jogap berdi. Russiýanyň beýleki şäherinde, şäher häkimine Ýehowanyň Güwäçileriniň täze Patyşalyk Zalynyň gurlup gutarylyşy gaty täsir etdi. Ol başga dini guramalar bilen tanyş bolsa-da, Ýehowanyň Güwäçileri ýaly iş ýüzünde akýürekli, nebsine çapmaýan adamlary görmändigini aýtdy. Bu Ýehowanyň gullukçylaryny Mukaddes Ýazgylar boýunça ýaşamaýan adamlardan tapawutlanýandygyny görkezýän birki mysal.

8. Bu dünýäniň soňy gelende, biziň halas bolmagymyz nämä bagly?

8 Tupanda ýok edilen «Gadym dünýäniň» soňky günlerinde Nuh wagyz edip, «dogrulyk wagyzçysy» boldy (2 Petrus 2:5). Bu soňky günlerem Ýehowanyň halky Hudaýyň dogry kadalaryny yglan edýär we halas bolup, Jennetde ýaşamak baradaky hoş habary wagyz edýär (2 Petrus 3:9—13). Nuh we onuň hudaýhon maşgalasy gämä girip halas bolşy ýaly, şu günlerem adamlar halas bolmak üçin Hudaýa iman etmeli we Ýehowanyň ýer ýüzündäki guramasyna wepaly bolup, onuň bilen işleşmeli.

Halas bolmak üçin iman etmeli

9, 10. Şeýtanyň dünýäsi ýok edilende, halas bolar ýaly, näme üçin iman etmeli?

9 Şeýtanyň dünýäsiniň soňy gelende, halas bolmak üçin näme etmeli? (1 Ýahýa 5:19). Ilki bilen, goragyň gerekdigine düşünmeli. Soňra goragy ulanmaly. Nuhuň günlerindäki adamlar gündeki aladalary bilen başagaý bolup, ýetip gelýän beladan goranmalydygyna göz ýetirmediler. Şeýle-de olaryň Hudaýa bolan imany gowşakdy.

10 Nuh we onuň maşgalasy bolsa, halas bolmak üçin goraga mätäçdigine düşünýärdi. Şeýle-de olar Älemiň Hökümdary Ýehowa Hudaýa ynanýardy. Pawlus resul şeýle diýdi: «Iman etmezden Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir. Iman arkaly Nuh entek görülmedik wakalar hakda Hudaýdan duýduryş alanda, Hudaýdan gorkup, içerisiniň gutulmagy üçin bir gämi ýasady. Şonuň bilen dünýä höküm etdi, imana daýanan dogrulygyň mirasçysy boldy» (Ýewreýler 11:6, 7).

11. Geçmişde Ýehowanyň beren goragyndan biz näme öwrenýäris?

11 Bu dünýäniň soňy gelende, halas bolar ýaly, onuň ýok ediljekdigine ynanmak ýetirlik däl. Biz imanymyzy iş ýüzünde görkezip, halas bolmak üçin Ýehowanyň berýän ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaly. Isanyň töleg gurbanyna iman etmeli (Ýahýa 3:16, 36). Şeýle-de Tupanda diňe gämä girenleriň halas bolandygyny ýatda saklamaly. Gadymy Ysraýylda biri tötänden adam öldüren bolsa halas bolmak üçin gaçybatalga şäherleri bardy. Ol adam goranmak üçin baş ruhany aradan çykýança, gaçybatalga şäherinden çykmaly däldi (Sanlar 35:11—32). Musanyň günlerinde Müsüre berlen onunjy jezada müsürlileriň nobaharlary ölende, ysraýyllylaryň nobaharlary ölmedi. Sebäbi Ýehowa Musa öňünden şeýle diýdi: «Olar [Ysraýyllylar] onuň [guzynyň] ganyny alyp, ony iýjek öýüniň gapysynyň söýelerine sepsinler. .  .  . We hiç kim ertire çenli öýüniň gapysyna çykmasyn» (Çykyş 12:7, 22). Hudaýyň duýduryşyna äsgermezlik edip, gan sepilen gapydan ilkinji doglanlarynyň biri ýürek edip, çykyp bilermidi?

12. Biz özümize nähili sorag bermeli we näme üçin?

12 Şonuň üçin biz özümize şeýle sorag bermeli: Ýehowanyň ruhy taýdan berýän goragyny ulanýanmy? Agyr muşakgat gelende, goragdan peýdalananlar begener we alkyş aýdar. Goragdan peýdalanmadyklar bolsa, gussadan we ökünçden ýaňa göz ýaş döker.

Halas bolmak üçin edilen özgerişler

13. a) Özgerişler näme maksat bilen edildi? b) Käbir özgerişleriň mysallaryny getir?

13 Ýehowa ýer ýüzündäki guramasyny kem-kemden özgerdýär. Bu bolsa öz gezeginde biziň goragymyzy, berkidýär we güýçlendirýär. 1870-nji ýyldan 1932-nji ýyla çenli ýaşululary we gulluk hyzmatçylaryny ýygnagyň agzalary ses berme arkaly saýlaýardy. 1932-nji ýyldan ýygnak indi ýaşululary däl-de, gulluk komitetini saýlap başlady. Şol gulluk komiteti bellenen gulluk ýolbaşçysyna kömek etmelidi. 1938-nji ýyldan ýygnakdaky hemme gullukçylar teokratik ýol bilen bellenilýär. 1972-nji ýyldan Ýehowanyň Güwäçileriniň Ýolbaşçylyk maslahatynyň gözegçiligi astynda ýaşululary we gulluk hyzmatçylary bellemek üçin hödürleýärler, hödürlenen doganlary makullasalar, ýygnak şol doganlaryň teokratiki taýdan bellenendigi hakda hat alýar. Gitdigiçe Ýolbaşçylyk maslahatynyň işi köpeldi şol sebäpli olaryň işini ýeňilleşdirmek üçin özgerişler edildi.

14. 1959-njy ýyldan nähili okuw geçirilip başlandy?

14 1950-nji ýyllarda Zebur 45:16-njy aýada ünsli seredilip, okuw programmasy girizildi. Aýatda şeýle diýilýär: «Seniň ogullaryň seniň atalaryň ornuna geçer, olary bütin ýer ýüzünde hökümdar edersiň». Ýaşulularyň häzir we Armageddondan soňam ýygnakda teokratiki borjuny ýerine ýetirer ýaly öwredýärler (Ylham 16:14, 16). Patyşalyk gulluk mekdebi 1959-njy ýylda gurnaldy. Şol wagt Patyşalyk gulluk mekdebi bir aý geçirilýärdi. Ilki onda diňe häzir ýygnak gözegçileri diýlip tanalýan ýygnak hyzmatçylary okaýardy. Häzir bolsa bu mekdep hemme gözegçiler we gulluk hyzmatçylary üçin geçirilýär. Bu doganlar bolsa öz gezeginde ýygnagyndaky dogan-uýalara öwredýär. Şeýdip, olar doganlaryň ruhy taýdan ösmegine we ökde wagyzçy bolmagyna ýardam edýärler (Markus 13:10).

15. Ýygnagy ruhy taýdan arassa saklamak üçin nähili iki ýol bar?

15 Mesihçi bolmak isleýänler Hudaýyň talaplaryny ýerine ýetirmeli. Nuhuň günlerindäki ýaňsylaýjylary gämä girizilmeýşi ýaly, häzirki ýaňsylaýjylary-da ýygnaga kabul etmeýärler (2 Petrus 3:3—7). Aýratynam, 1952-nji ýyldan Ýehowanyň Güwäçileri ýygnagy goramak üçin günä edip, toba etmeýänleri ýygnak gatnaşygyndan kesýärler. Elbetde günä eden adam toba etse, «aýaklary üçin göni ýollar ýasar» ýaly, söýgi bilen kömek edilýär (Ýewreýler 12:12, 13; Süleýmanyň tymsallary 28:13; Galatýalylar 6:1).

16. Ýehowanyň halkynyň ruhy ýagdaýy nähili?

16 Ýehowanyň halkynyň ruhy taýdan gülläp ösmegi ýöne ýerden däl. Bu babatda Ýehowa Işaýa pygamber arkaly şeýle diýdi: «Ine, meniň gullukçylarym iýer, siz bolsa aç bolarsyňyz. Ine, meniň gullukçylarym içer, siz bolsa suwsarsyňyz. Ine, meniň gullukçylarym begener, siz bolsa utanarsyňyz. Ine, meniň gullukçylarym ýüregindäki parahatlykdan ýaňa begenip gygyrarlar, siz bolsa ýüregiňizdäki agydan ýaňa gygyrarsyňyz, synyk ruhdan ýaňa nalarsyňyz» (Işaýa 65:13, 14). Ýehowa bizi ruhy taýdan güýçlendirýän ruhy iýmit bilen bolelin we öz wagtynda iýmitlendirýär (Matta 24:45).

Halas bolmak üçin taýýar bol

17. Halas bolmak üçin taýýarlanmaga bize näme kömek eder?

17 Şu günler «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýmalyň» (Ýewreýler 10:23—25). Ýehowanyň Güwäçileriniň 98 müňden gowrak ýygnagynyň biri bilen yhlasly wagyz etsek halas bolmagymyza taýýarlar. Biziň «täze ýaradylyşy» geýinýänimizi we Ýehowanyň halas etmek üçin beren zadyny adamlara ak ýürekden tanyşdyrýanymyzy görüp, imandaşlarymyz goldar (Efesliler 4:22—24; Koloseliler 3:9, 10; 1 Timoteos 4:16).

18. Näme üçin biz ýygnakdan daşlaşmazlygy ýüregimize berk düwdük?

18 Şeýtan we erbet dünýä bizi ýygnakdan daşlaşdyrjak bolup jan edýär. Muňa garamazdan, biz ýygnakda galyp bileris we bu dünýäniň soňy gelende, halas bolarys. Ýehowa bolan söýgimiz we onuň edýän kömegine minnetdarlygymyz Şeýtanyň güýjüne aýgytly garşy durmaga kömek eder. Şu günler alýan bereketlerimiz barada oýlansak, hyjuwlylygymyzy artdyrar. Alýan bereketlerimiziň käbirine indiki makalada serederis.

Nähili jogap berersiňiz?

• Nuhuň günleri bilen biziň günlerimiziň näme meňzeşligi bar?

• Halas bolmak üçin näme etmeli?

• Halas bolmagymyz üçin guramada nähili özgerişler edildi?

• Halas bolmaga taýýar bolar ýaly, biziň her birimiz näme edip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş