Minnetdarlygyňyzy artdyryň
«Pikirleriň... nähili gymmatly, eý Hudaý! Olaryň jemi nähili köp!» (ZEBUR 139:17).
1, 2. Biz näme üçin Hudaýyň Sözüni gymmat saýmaly, mezmurçy minnetdarlygyny nädip bildirdi?
NÄHILI ajaýyp açyşlyk. Iýerusalimde Ýehowanyň ybadathanasynda bejeriş işleri geçirilende, Baş ruhany Hilkiýa takmynan 800 ýyl mundan öň ýazylan «Taňrynyň [Ýehowanyň] Musanyň eli bilen beren Kanun kitabyny tapdy»! Bu kitaby Hudaýdan gorkýan Ýoşiýa patyşanyň öňünde goýanlarynda, ol özüni nähili duýandygyny, göz öňüne getirip bilermiň? Ol Ýazgylary gymmat saýýardy, şonuň üçin ony mürzesi Şafana sesli okamagy buýurýar (2 Taryhlar 34:14—18, MKS).
2 Şu günler millionlarça adamlar Mukaddes Ýazgylary tutuşlygyna ýa-da onuň käbir böleklerini okap bilýär. Eýsem, bu Ýazgylaryň gadyr-gymmatyny gaçyrýarmy? Elbetde ýok! Mukaddes Ýazgylarda Gudraty Güýçliniň pikirleri bar, olar biziň peýdamyz üçin ýazylan (2 Timoteos 3:16, 17). Mezmurçy Dawut Hudaýyň Sözüne bolan duýgulary barada şeýle diýdi: «Pikirleriň meniň üçin nähili gymmatly, eý Hudaý! Olaryň jemi nähili köp!» (Zebur 139:17).
3. Dawudyň ruhy taýdan ýetişen adamdygyny näme görkezýär?
3 Dawudyň Ýehowa we onuň Sözüne, hakyky seždä bolan minnetdarlygy hiç haçan kemelmedi. Dawut ençeme owadan mezmurlarynda öz duýgularyny bildirýär. Meselem, Zebur 27:4-de ol şeýle diýýär: «Rebden bir zat diledim, islegim şu: Rebbiň gözelligine seredip, Onuň ybadathanasynda doga etmek üçin ömrümiň ähli günleri Rebbiň öýünde mesgen tutmak». «Gözelligine seretmek» diýen gadymy ýewreý jümlesi howlukman oýlanyp, ünsli bolup, keýp we lezzet alyp seretmegi aňladýar. Elbetde, Dawut ruhy taýdan ýetişen adamdy, ol Ýehowanyň berýän ähli ruhy zatlaryny gymmat saýýardy, açýan hakykatyna ýürekden minnetdarlyk bildirýärdi. Onuň minnetdarlyk bildirişi göreldä mynasyp (Zebur 19:7—11).
Hakykaty bilýäniňiz üçin minnetdar boluň
4. Isa näme üçin «Mukaddes Ruh arkaly şatlandy?»
4 Hudaýyň Sözüne düşünmek adamyň ukybyna ýa-da tekepbir bolmaga iterýän dünýewi bilime bagly däl. Ol kiçigöwünli we ruhy zerurlygyna düşünýän akýürekli adamlara Ýehowanyň bildirýän merhemetine bagly (Matta 5:3; 1 Ýahýa 5:20). Isa käbir bikämil adamlaryň atlarynyň gökde ýazyljakdygy barada «Mukaddes Ruh arkaly şatlanyp diýdi: «Eý, Ýeriň-gögüň Rebbi Atam, Seniň bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, kiçijik çagalara aýan edeniňe şükür edýärin!» (Luka 10:17—21).
5. Näme üçin Isanyň şägirtleri Patyşalyk barada açylýan hakykaty gymmat saýmalydylar?
5 Isa ýürekden doga edenden soň, şägirtlerine ýüzlenip diýdi: «Siziň görýän zatlaryňyzy görýän gözler ne bagtly! Size aýdýaryn, köp pygamberler, patyşalar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýöne eşitmediler». Hawa, Isa wepaly şägirtlerini Hudaýyň Patyşalygy barada açylýan hakykaty gymmat saýmaga höweslendirdi. Bu hakykat Hudaýyň irki gullukçylaryna we Isanyň günlerindäki «akyldar, düşünjeli» adamlara açylmady! (Luka 10:23, 24).
6, 7. a) Hudaýyň açýan hakykatyna minnetdarlyk bildirmäge bizde nähili sebäpler bar? b) Şu günler hakyky din bilen ýalan diniň arasynda nähili tapawut görýäris?
6 Şu günler Ýehowanyň «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly açýan hakykatyna düşünýändigimiz üçin minnetdar bolmaga bizde köp sebäp bar (Matta 24:45; Daniýel 12:10). Soňky günler barada Daniýel pygamber şeýle diýdi: «Köpler okar we bilim artar» (Daniýel 12:4). Siz Hudaýyň biliminiň «artýandygy» we Ýehowanyň gullukçylarynyň ruhy iýmiti bol alýandygy bilen ylalaşýaňyzmy?
7 Hudaýyň halkynyň ruhy taýdan ösüşi bilen Beýik Babyl dinleriniň arasyndaky uly tapawudyny görýäris! Netijede, adamlaryň köpüsi ýalan dinden lapykeç bolup, ony ýigrenip, hakyky seždä goşulýarlar. Goýuna meňzeş bu adamlar «[Beýik Babylyň] günälerine şärik bolup, onuň belalaryna uçramak» islemeýärler. Ýehowa we onuň gullukçylary şeýle adamlaryň ählisini mesihçileriň ýygnagyna çagyrýar (Ylham 18:2—4; 22:17).
Minnetdar adamlar Hudaýa gelýärler
8, 9. Haggaý 2:7-däki sözler şu günler nädip ýerine ýetýär?
8 Ruhy sežde edilýän ybadathanasy barada Ýehowa: «Men ähli halklary silkerin, bütin halklardan arzyly adamlar geler we öýümi şöhratdan dolduraryn» diýip welillik etdi (Haggaý 2:7). Bu ajaýyp pygamberlik Haggaýyň döwründe Hudaýyň halky Iýerusalimdäki ybadathanany dikeldende berjaý boldy. Şu günler Haggaýyň sözleri Ýehowanyň uly ruhy ybadathanasynda ýerine ýetýär.
9 Millionlarça adamlar Hudaýa «ruhda we hakykatda» sežde etmek üçin göçme manydaky ybadathana eýýäm geldiler we oňa ýylda ýüz müňlerçe «bütin halklardan arzyly adamlar gelmegini» dowam edýärler (Ýahýa 4:23, 24). Meselem, 2006-njy gulluk ýylynyň hasabatyna görä, bütin dünýäde 248 327 adam Ýehowa özüni bagyş edip, suwda çokundyryldy. Ortaça her gün 680 adam hakykata geldi! Şeýle adamlaryň hakykata bolan söýgüsi hem-de Patyşalygyň wagyzçylary hökmünde Ýehowa gulluk etmek islegi, olary Hudaýyň gönükdirendigini subut edýär (Ýahýa 6:44, 65).
10, 11. Mukaddes Ýazgylardaky hakykata minnetdarlygyny bildirýän adamlaryň mysalyny getiriň.
10 Akýürekli adamlaryň köpüsini hakykat özüne çekdi, sebäbi olar «dogrularyň we erbetleriň, Hudaýa gulluk edýänleriň we etmeýänleriň tapawudyny» gördüler (Malaki 3:18). Weýn bilen Wirdžiniýanyň mysalyna seredeliň. Bu är-aýal protestant buthanasyna degişli bolsalar-da, köp sowallaryna jogap tapmaýardy. Olar urşy ýigrenýärdi, dini ýolbaşçylaryň esgerlere we ýaraglara pata berýändigini görende has hem ynjalyksyzlandylar. Wirdžiniýa ençeme ýyl dini mekdepde sapak berenem bolsa, soňabaka bu garry är-aýal buthanada hiç kime gerekmeýändigini duýup başladylar. Olar şeýle gürrüň berýär: «Biziň öýümize hiç kim gelmeýärdi, ruhy ýagdaýymyz bilen gyzyklanmaýardy. Buthanadakylara diňe biziň pulumyz gerek. Biziň tamamyz çykmady». Olar buthananyň gomoseksuallyga ýol berýändigini bilende, has hem ruhdan düşdüler.
11 Şol wagtlar Weýn bilen Wirdžiniýanyň gyzy we agtygy Ýehowanyň Güwäçisi bolýar. Olar ilki halamasalar-da, soňra pikirini üýtgetdiler we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladylar. Weýn şeýle gürrüň berýär: «Mukaddes Ýazgylar barada ýetmiş ýylyň içinde bilmedigimizi üç aýyň içinde bildik! Biz Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny hiç haçan eşitmändik, Patyşalyk we ýer ýüzündäki boljak Jennet barada hem hiç zat bilmeýärdik». Tizden olar Ýehowanyň Güwäçileriniň ýerli ýygnagyna hem-de wagyz gullugyna gatnaşyp başladylar. Wirdžiniýa: «Biz ähli adamlara hakykaty gürrüň bermek isleýäris» diýýär. Olaryň ikisi-de 2005-nji ýylda 80 ýaşynda suwda çokundyryldy. Olar: «Biz Hudaýyň hakyky gullukçylaryny tapdyk» diýdi.
«Her bir oňat iş üçin taýynlyga» minnetdar boluň
12. Ýehowa gullukçylaryny hemişe näme bilen üpjün edýär we ondan peýda alar ýaly näme etmeli?
12 Ýehowa gullukçylaryna islegini ýerine ýetirmäge hemişe kömek edýär. Meselem, Nuh gämi ýasamak üçin anyk görkezme alyp, ony birinji sapardan dogry ýasamalydy! Ol berlen tabşyrygy ýerine ýetirip bildi. Näme üçin? Sebäbi «Nuh şeýle edip, Hudaýyň özüne aýdanlarynyň hemmesini ýerine ýetirdi» (Barlyk 6:14—22). Şu günler hem Ýehowa islegini ýerine ýetirmek üçin gullukçylaryny taýýarlaýar. Elbetde, biz, ilki bilen, Hudaýyň höküm sürýän Patyşalygy barada wagyz etmeli we mynasyp adamlara Isa Mesihiň şägirdi bolmaga kömek etmeli. Nuh pygamber ýaly biz hem Hudaýa gulak assak üstünlik gazanarys. Biz Ýehowanyň öz Sözi we guramasy arkaly berýän görkezmesine doly gulak asmaly (Matta 24:14; 28:19, 20).
13. Ýehowa bize nädip bilim berýär?
13 Biz esasy guralymyz bolan Hudaýyň Sözüni «dogry ulanmagy» öwrenmeli, çünki ol «Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 2:15; 3:16, 17). I asyrdaky ýaly Ýehowa bize-de mesihçiler ýygnagy arkaly gymmatly bilim berýär. Şu günler bütin dünýäde 99 770 ýygnak bolup, olarda her hepde geçirilýän Teokratik gulluk mekdebi we Gulluk duşuşygy wagyz etmäge kömek edýär. Siz bu wajyp duşuşyklara yzygiderli gatnaşyp, öwrenýän bilimleriňizi ulanyp, minnetdarlygyňyzy bildirýärmisiňiz? (Ýewreýler 10:24, 25).
14. Ýehowanyň gullukçylary hormatly gulluga nädip minnetdarlyk bildirýärler? (Jogap bereniňizde žurnalyň 27—30-njy sahypalaryndaky hasabaty ulanyň).
14 Hudaýyň bütin dünýädäki millionlarça gullukçylary güýjüni gaýgyrman gulluk edip, berilýän bilime minnetdarlyk bildirýärler. Mysal üçin, 2006-njy gulluk ýylynda 6 741 444 sany Patyşalygyň wagyzçylary 1 333 966 199 sagat gulluk edip, 6 286 618 sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdiler. Şeýle netijeler bizi örän ruhlandyrýar. Bu maglumatlar bütindünýä hasabatynda jikme-jik görkezilýär. Sizi ýyllyk hasabatyna seretmäge çagyrýarys. I asyrdaky doganlarymyz wagyz işiniň üstünligi barada eşidende ruhlanyşlary ýaly, siziň hem ruhlanjakdygyňyzy bilýäris (Resullaryň işleri 1:15; 2:5—11, 41, 47; 4:4; 6:7).
15. Ýehowa bütin jany bilen gulluk edýänler näme üçin lapykeç bolmaly däl?
15 Mesihçiler Ýehowany bilýändigine we ol barada güwälik edýändigine çuňňur minnetdarlyk bildirip, her ýyl Hudaýy hemmä äşgär edip şöhratlandyrýarlar (Işaýa 43:10). Dogrudan-da, gartaşan, keselli ýa-da ýarawsyz dogan-uýalaryň öwgi gurbanlaryny dul aýalyň beren sowgady bilen deňeşdirse bolar. Elinden gelenini edip, bütin jany bilen gulluk edýän dogan-uýalardan Ýehowanyň we onuň Oglunyň ýürekden minnetdardygyny unutmalyň (Luka 21:1—4; Galatýalylar 6:4).
16. Soňky onýyllykda Ýehowa nähili esbaplar bilen üpjün edýär?
16 Ýehowa diňe bilim bermek bilen çäklenmän, guramasy arkaly ajaýyp esbaplar bilen üpjün edip, gulluk etmegi öwredýär. Soňky onýyllykda «Ebedi ýaşaýşa eltýän hakykat», «Sen ýer ýüzünde ebedi ýaşap bilersiň», «Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim», ýaňy ýakynda bolsa «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaplar çap edildi. Şu edebiýatlary gullukda ulansak, ýürekden minnetdarlygymyzy bildirip bileris.
«Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby ulanyň
17, 18. a) Siz «Mukaddes Ýazgylar öwredýär»diýen kitabyň haýsy bölümlerini gullukda ulanmagy halaýarsyňyz? b) Aýlanýan bir gözegçi bu kitap barada näme diýdi?
17 «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap 19 bapdan ybarat bolup, düşnükli we sada dilde ýazylan, ondaky jikme-jik düşündirilýän Goşmaça maglumatlar gullukda uly kömek edýär. Mysal üçin, 12-nji bapda «Hudaýy begendirip ýaşa» diýen tema seredilýär. Bu bapda okuw geçýän adama Hudaýyň dosty bolup biljekdigi barada düşündirilýär. Mümkin, bu barada adamlaryň köpüsi hiç haçan oýlanyp görenem däldir (Ýakup 2:23). Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip bolýan bu kitap barada adamlar nähili seslenýär?
18 Awstraliýada aýlanýan bir gözegçi şeýle gürrüň berýär: «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap arkaly wagyz edeniňde, adam bilen gürrüňdeşlige derrew başlap bolýar. Ony ulanmak aňsat we Patyşalygyň köp wagyzçylaryna ynamly, şatlykly gulluk etmäge kömek edýär. Şonuň üçin köp adamlaryň bu kitaby gymmat bahaly daş bilen deňeýändikleri geň däl!»
19—21. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitabyň gymmatyny görkezýän mysallary gürrüň beriň.
19 Gaýanada bir pioner dogan öýden-öýe wagyz edende, bir aýal oňa: «Sizi meniň ýanyma Hudaý iberdi» diýdi. Ol aýaly ýaňy ýakynda oýnaşy iki çagasy bilen taşlap gidýär. Pioner dogan kitabyň 1-nji babyndaky «Hudaý adalatsyzlyga nähili garaýar?» diýen sözbaşy bilen başlanýan 11-nji abzasy okap berýär. Pioner dogan şeýle gürrüň berýär: «Bu sözler onuň ýüregine şeýle bir täsir etdi welin, ol gaty ses bilen aglady we ynjalmak üçin bir tarapa çekildi». Bu aýal golaýynda ýaşaýan bir uýa bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge razylaşyp, ruhy taýdan ösüp başlaýar.
20 Ispaniýaly Hoseniň aýaly awariýa düşüp ölýär. Hose teselli tapmak üçin narkotik ulanyp başlaýar we maslahat gözläp psihologlara ýüz tutýar. Emma psihologlar onuň: «Näme üçin Hudaý meniň aýalymy aldy?» diýip, biynjalyk edýän soragyna jogap berip bilmeýärler. Hose bir kompaniýada işleşýän Françesk atly işdeşi bilen tanyşýar. Françesk oňa «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyň 11-nji babyndaky «Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?» diýen tema esasynda gürrüňdeş bolmagy teklip edýär. Bu bapda Mukaddes Ýazgylardaky taglymatlaryň düşündirilişi, mugallym bilen okuwçynyň mysaly Hose örän täsir edýär. Ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny yhlasly geçip başlaýar, etrap kongresine barýar, häzir bolsa Patyşalyk Zalynda geçirilýän ýygnaklara gatnaşýar.
21 Polşaly Roman atly 40 ýaşyndaky söwdagär Hudaýyň Sözüne hemişe hormat goýýardy. Emma ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçse-de, işi bilen başagaý bolup, ruhy taýdan ösüp bilmeýärdi. Muňa garamazdan, ol welaýat kongresine gatnaşýar we «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby alýar. Şondan soň onuň okuwa bolan garaýşy düýpli özgerýär. Ol şeýle diýýär: «Bu kitapdaky her bir taglymat Mukaddes Ýazgylara esaslanyp, umumylykda bir suraty görkezýär». Roman häzir Mukaddes Ýazgylar okuwyny yzygiderli geçýär we ruhy taýdan ösýär.
Minnetdarlygyňyzy artdyryň
22, 23. Gelejege bolan umyda nädip minnetdarlyk bildirip bileris?
22 Hudaýyň wadasy we Isa Mesihiň döken gany arkaly boljak «ebedi gutulyşy» küýseýän mesihçiler üçin «Gutulyş golaýlady!» diýen welaýat kongresi tolgundyryjy bolandyr. Bu «Diri Hudaýa ybadat etmegimiz üçin... ölüm getirýän işlerden» tämizlenmegimizi dowam edip, gymmatly umyda bütin ýüregimizden minnetdarlyk bildirmek üçin iň gowy ýoldur (Ýewreýler 9:12, 14).
23 Köp adamlaryň öz bähbidi üçin ýaşaýandygyna garamazdan, alty milliondan gowrak Patyşalygyň wagyzçylarynyň Hudaýa wepaly gulluk edýändigi, dogrudan-da, uly gudrat. Şeýle-de bu Ýehowanyň gullukçylarynyň hormatly gulluga örän minnetdardygyny subut edýär, çünki olar «zähmetiniň Rebde boş däldigini» bilýärler. Goý, olaryň minnetdarlygy hemişe artsyn! (1 Korintoslylar 15:58; Zebur 110:3).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Mezmurçynyň ruhy zatlar üçin Hudaýa minnetdarlyk bidirişinden näme öwrenip bileris?
• Haggaý 2:7-däki sözler şu günler nädip ýerine ýetýär?
• Wagyz işi üstünlikli bolar ýaly Ýehowa gullukçylaryny näme bilen üpjün edýär?
• Ýehowanyň ýagşylygyna minnetdarlygyňyzy nädip görkezip bilersiňiz?