Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/10 sah. 16—20
  • Durmuşy nädip manyly etmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Durmuşy nädip manyly etmeli?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Seniň durmuşyňyň manysy näme?
  • «Hakyky ýaşaýyş» näme?
  • Ýaramly gurbanlar bermek
  • «Dünýäden [doly, TD] peýdalanmaýanlar ýaly boluň»
  • Hudaýyň islegini durmuşyňyzda birinji orunda goýuň
  • Hudaý adamlary näme üçin ýaratdy?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Şu günler Hudaýyň niýetini berjaý edýäris
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Durmuşyň manysy näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/10 sah. 16—20

Durmuşy nädip manyly etmeli?

«Dem alýan ähli jemende Rebbe sena etsin» (ZEBUR 150:6).

1. Bir ýaş ýigit durmuşyny manyly etmek üçin näme etdi?

«MEN adamlara kömek etmek maksat bilen lukmançylyk okuwyny okadym. Men lukman bolup abraý, köp pul gazanaryn we bagtly bolaryn öýtdüm» diýip, Koreýada önüp-ösen Säň Jin diýen bir adam özi barada ýatlaýara. Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Hakykatdan, lukmanyň adamlara doly kömek edip bilmeýändigine düşünenimde, men lapykeç boldum. Soňra men sungat bilen meşgullandym. Meniň eden işlerim adamlara köp peýda bermeýärdi, şol sebäpli men muny diňe özüm üçin edýän ýaly duýdym. Ahyry mugallym boldum, tizden men diňe bilim berip bilýändigime, ýöne hakyky bagta ýol görkezip bilmeýändigime göz ýetirdim». Säň Jin köp adamlar ýaly durmuşyny manyly etmek isleýärdi.

2. a) Durmuşyňy manyly etmek näme? b) Biz babatda Ýaradyjynyň aýratyn niýetiniň bardygyny nireden bilýäris?

2 Manyly durmuş — bu anyk maksat goýmagy, näme üçin ýaşaýandygyňa we nämä tagalla edýändigiňe düşünmegi aňladýar. Dogrudan-da, adamlaryň durmuşy şeýle manyly bolup bilermi? Hawa! Ýaradyjy bizi akyl-paýhas, wyždan we oýlanmak ukyby bilen ýaratdy. Bu Hudaýyň biz babatda aýratyn niýetiniň bardygyny görkezýär. Şol sebäpli, biz diňe Ýaradyjynyň islegine we niýetine görä ýaşasak, durmuşymyzy manyly edip bileris.

3. Hudaýyň adamlar barada näme niýeti bar?

3 Mukaddes Ýazgylarda adamlar we Hudaýyň niýeti barada köp zatlar aýdylýar. Mysal üçin, biziň täsin tärde ýaradylmagymyz Hudaýyň bize bolan söýgüsini görkezýär (Zebur 40:5; 139:14). Şol sebäpli, Hudaýyň niýetine görä ýaşamak, Hudaýyň adamlary ak ýürekden söýşi ýaly söýmegi aňladýar (1 Ýahýa 4:7—11). Şeýle-de biz Hudaýyň tabşyrygyny berjaý etmeli, bu Hudaýyň söýgüli niýetine görä ýaşamaga kömek edýär (Wagyzçy 12:13; 1 Ýahýa 5:3).

4. a) Durmuşy nädip manyly etmeli? b) Her bir adam nähili gowy maksat goýmaly?

4 Hudaý adamlaryň bir-biri bilen we beýleki ýaradan zatlary bilen bagtly hem parahat ýaşamagyny isleýär (Barlyk 1:26; 2:15). Biz özümizi bagtly we kalbymyzda rahatlyk duýar ýaly näme etmeli? Çaga ata-enesiniň ýanynda özüni bagtly, howpsuz duýşy ýaly, biz hem durmuşda gowy maksat goýmak üçin gökdäki Atamyz bilen ýakyn gatnaşykda bolmaly (Ýewreýler 12:9). Şeýle gatnaşykda bolar ýaly Hudaý bize özüne ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär we dogalarymyzy diňleýär (Ýakup 4:8; 1 Ýahýa 5:14, 15). Biz iman edip, «Hudaýyň huzurynda gezsek» we gökdäki Atamyz bilen dostlaşsak, ony şatlandyrarys hem-de şöhratlandyrarys (Barlyk 6:9; Süleýmanyň tymsallary 23:15, 16; Ýakup 2:23). Şeýle gowy maksady her bir adam goýmaly. Mezmurçy: «Dem alýan ähli jemende Rebbe sena etsin» diýdi (Zebur 150:6).

Seniň durmuşyňyň manysy näme?

5. Näme üçin maddy zatlary birinji orunda goýmak paýhassyz bolar?

5 Hudaýyň ýene-de bir niýeti özümiziň we maşgalamyzyň fiziki we ruhy taýdan aladasyny etmeklikdir. Ýöne biz has wajyp ruhy işlerden gündeki aladalar ünsümizi sowmaz ýaly paýhasly bolmaly (Matta 4:4; 6:33). Gynansakda, köp adamlar diňe baýamaga üns berýärler. Emma biziň ähli zerurlyklarymyzy diňe maddy zatlar bilen kanagatlandyryp bolmaýar. Aziýa ýurtlarynyň birinde millioner adamlar bilen sorag geçirilenden soň, «baýlar abraý gazanyp, islegini amala aşyrsalar-da, olaryň köpüsi biynjalyk bolup, özüni ynamly duýmaýarlar» diýen netijä gelindi (Wagyzçy 5:11).

6. Isa baýlyga kowalaşýanlara nähili maslahat berdi?

6 Isa: «Baýlyk aldawçydyr» diýdi (Markus 4:19). Baýlyk nädip aldaýar? Adamlar baýlyk bagtly eder öýdýärler, aslynda bu beýle däl. Süleýman patyşa şeýle diýdi: «Kümşi söýýän, kümüşden doýmaz» (Wagyzçy 5:10). Hem baýlyga kowalyşyp, hem bütin janyň bilen Hudaýa gulluk edip bolýarmy? Ýok. Isa şeýle düşündirdi: «Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez; çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem-de mammona hyzmat edip bilmersiňiz. Isa şägirtlerine Hudaýyň öňünde gowy at gazanmak üçin, ýer ýüzünde hazyna ýygnamaly däl-de, «gökde hazyna» ýygnamalydygyny aýtdy. Çünki Hudaý «size näme zatlaryň gerekdigini, Ondan dilemänkäňiz bilýär» (Matta 6:8, 19—25).

7. Biz nädip «hakyky ýaşaýşa eýe bolup» bileris?

7 Pawlus resul işdeşi Timoteosa ýazan hatynda, baýlyk barada berk tabşyryk berdi. Ol Timoteosa şeýle diýdi: «Baýlara... wepasyz baýlyga däl-de, lezzet almagymyz üçin her zady bize bolluk bilen beren diri Hudaýa umyt baglasynlar... olara... sahylygy, jomartlygy tabşyr. Soňsuz [hakyky] ýaşaýşa eýe bolar ýaly, geljek üçin özlerine berk bina boljak hazynany birikdirsinler» (1 Timoteos 6:17—19).

«Hakyky ýaşaýyş» näme?

8. a) Näme üçin köp adamlar baýlyga we abraýa kowalaşýarlar? b) Baýlyga kowalaşýan adamlar näme üçin bagtsyz?

8 Adamlaryň köpüsi bolelinlikde we keýpi-sapada ýaşamagy «hakyky ýaşaýyşdyr» öýdýärler. Aziýada çykarylýan žurnallarynyň birinde şeýle diýilýär: «Wideofilmler we telewideniýe adamlarda bolelin ýaşaýşa hem-de görýän zatlaryny edinmäge höweslendirýär». Köp adamlar üçin durmuşyň manysy baýamak we abraý gazanmak. Olar şu zatlara ýetmek üçin özüniň ýaşlygyny bagyş edýärler we saglygyndan, maşgalasyndan hem ruhy baýlygyndan geçýärler. Ekranda «bu dünýäniň ruhuny», ýagny köp adamlaryň höwesini görkezilýändigine diňe käbir adam düşünýär. Ol ruh adamlary Hudaýyň niýetine görä ýaşamazlyga höweslendirýär (1 Korintoslylar 2:12; Efesliler 2:2). Şol sebäpli, şu günler köp adamlaryň bagtsyzdygy geň galdyrmaýar! (Süleýmanyň tymsallary 18:11; 23:4, 5).

9. Adamlar nämä hiç haçan ýetip bilmez we näme üçin?

9 Adamlaryň bähbidi üçin açlygy, keseli we adalatsyzlygy köki bilen aýyrmak ugrunda ak ýürekden zähmet çekýänler barada näme diýse bolar? Olaryň ak ýürekden özüni aýaman edýän tagallalary adamlara köp peýda getirýär. Emma olaryň bu edýän tagallalary dünýäni özgerdip, adalaty dikeldip bilmez. Näme üçin? «Bütin dünýä... iblisiň goly astyndadygy» sebäpli, ol bu zalym dünýäniň özgermegini islemeýär (1 Ýahýa 5:19).

10. Hudaýa wepaly adamlar haçan «hakyky ýaşaýşa» ýeterler?

10 Diňe şu dünýä umyt baglaýan adamlara nebsiň agyrýar! Pawlus resul: «Biz diňe bu ýaşaýyşda Mesihe umyt baglan bolsak, onda bütin ynsanlaryň iň bagtygarasydyrys» diýdi. Ol diňe bu ýaşaýşa umyt baglaýan adamlaryň höwesini gowy beýan etdi: «Onda iýeliň, içeliň, çünki ertir öleris» (1 Korintoslylar 15:19, 32). Emma biziň gelejegimiz bar. «Biz Onuň [Hudaýyň] wadasyna görä täze göklere, täze ýere garaşýarys; olarda bolsa dogrulyk höküm sürer» (2 Petrus 3:13). Şol döwürde mesihçiler gökde ýa-da Hudaýyň Patyşalygynyň adalatly hökümdarlygy astynda, ýerde kämillige «ebedi ýaşaýşa», «hakyky ýaşaýyşa» ýeterler! (1 Timoteos 6:12).

11. Näme üçin Hudaýyň Patyşalygynyň bähbidi ugrunda zähmet çekmek wajyp?

11 Adamlaryň aladalaryny diňe Hudaýyň Patyşalygy doly çözer. Şol sebäpli Hudaýyň Patyşalygynyň bähbidi ugrunda zähmet çekmek iň gowy işdir (Ýahýa 4:34). Bu işi ýerine ýetirip, gökdäki Atamyz bilen ýakyn gatnaşykdan şatlanarys. Şeýle-de biz şonuň ýaly maksat goýan millionlarça ruhy dogan-uýalarymyz bilen gulluk edip begeneris.

Ýaramly gurbanlar bermek

12. Bu dünýä bilen «hakyky ýaşaýşyň» nähili tapawudy bar?

12 Mukaddes Ýazgylarda: «Dünýä we onuň höwesleri geçip gider» diýilýär. Şeýtanyň dünýäsindäki şöhrat we baýlyk ýok ediler, ýöne «kim Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar» (1 Ýahýa 2:15—17). Bu zalym dünýäniň wepasyz baýlygyndan, wagtlaýyn şöhratyndan we biderek güýmenjelerinden tapawutlykda, Hudaýyň Patyşalygy astyndaky ebedi ýaşaýyş, ýagny «hakyky ýaşaýyş» hemişelik we biziň berýän Hudaýa ýaramly gurbanlaramyza mynasyp.

13. Bir maşgala nähili ýaramly gurbanlar berdi?

13 Genri bilen Sýuzannanyň mysalyna seredeliň. Olar Hudaýyň Patyşalygyny kim birinji orunda goýsa, Ýehowanyň kömek etjekdigine berk ynanýardylar (Matta 6:33). Şol sebäpli, olar iki gyzy bilen ruhy işlere köp wagt sarp etmek üçin, ýönekeý jaýda ýaşamagy saýladylar, sebäbi kaşaň jaýda ýaşamak üçin ikisi-de dünýewi işde işlemeli bolardy (Ýewreýler 13:15, 16). Sýuzananyň bir jorasy olaryň bu kararyna düşünmeýär. Ol gowy niýet bilen Sýuzanna: «Jora jan, sen haçanda bolsa bir wagt kaşaň jaýda ýaşamak isleseň, bir zatdan geçmeli bolarsyň» diýdi. Emma Genri bilen Sýuzanna durmuşynda Ýehowany birinji orunda goýsalar, «häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasyna eýe boljakdygyny» bilýärdiler (1 Timoteos 4:8; Titus 2:12). Olaryň gyzlary ulalansoň doly wagtly yhlasly wagyzçy boldular. Olar maşgala hökmünde «hakyky ýaşaýşa» ýetmek üçin köp tagalla edip, bol bereketler aldylar we hiç hili gymmatly zady ýitirmändigini bildiler (Filipililer 3:8; 1 Timoteos 6:6—8).

«Dünýäden [doly, TD] peýdalanmaýanlar ýaly boluň»

14. Hakyky maksatdan ünsümizi sowsak, bize nähili howp abanar?

14 Esasy maksadymyzdan ünsümizi sowup, «hakyky ýaşaýşa» berk ýapyşmazlyk howpludyr. Bize «ýaşaýşyň gaýgysy, baýlygy, keýpi-sapasy» howp salyp biler (Luka 8:14). Eger biz höweslerimize garşy durman, «ýaşaýşyň gaýgylaryna» köp wagt sarp etsek, bu dünýäniň işleri bilen başagaý bolup bileris (Luka 21:34, çykgyt). Gynansak-da, köp adamlar baýlygyň yşgyna düşüp, «imandan azaşdylar, köp sanjylar bilen özlerini gynadylar», hatda Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyny ýitirdiler. Olar «soňsuz ýaşaýşa eýe bolmagyny» bes edip, uly ýitgä sezewar boldular! (1 Timoteos 6:9, 10; Süleýmanyň tymsallary 28:20).

15. Bir maşgala «bu dünýäden doly peýdalanmadygy» üçin nähili bereketler aldy?

15 Pawlus resul şeýle diýýär: «Dünýäden peýdalanýanlar hem [doly, TD] peýdalanmaýanlar ýaly bolsun» (1 Korintoslylar 7:31). Kit bilen Bonni şu maslahata eýerdiler. Kit şeýle gürrüň berýär: «Men diş bejeriş mekdebi tamamlamankam, Ýehowanyň Güwäçisi boldum. Mende saýlamaga mümkinçilik bardy. Men köp syrkawy bejerip kän pul gazanyp bilerdim, ýöne bu Hudaýa gulluk etmegime zyýan ýetirerdi. Emma men maşgalamyň ruhy we duýgy zerurlyklaryna köp wagt sarp etmek üçin syrkawlary az kabul etdim, sebäbi wagtyň geçmegi bilen meniň bäş gyzym boldy. Biziň kätä artyk pulumyz bolsa-da, tygşytly sowmagy öwrendik we iň gerekli zatlarymyz bizde hemişe bardy. Biziň maşgalamyz agzybir, mähirli we şadyýan ýaşaýardy. Ahyry, biziň ählimiz doly wagtly wagyzçy bolduk. Häzir gyzlarymyz maşgalaly we olaryň üçüsiniň hem çagalary bar. Olaryň maşgalasy Ýehowanyň islegini birinji orunda goýýandyklary üçin bagtly ýaşaýarlar.

Hudaýyň islegini durmuşyňyzda birinji orunda goýuň

16, 17. Mukaddes Ýazgylarda zehinli adamlaryň nähili mysallary bar we olar nämede meşhur boldular?

16 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň islegine görä ýaşan we ýaşamadyk adamlaryň ençeme mysallary bar. Bu mysallardan dürli ýaşdaky, medeniýetdäki we nähili ýagdaýda ýaşaýandygyna garamazdan, ähli adamlar sapak edinip bilerler (Rimliler 15:4; 1 Korintoslylar 10:6, 11). Nemrut uly şäherler gursa-da, ol Ýehowa garşy çykýar (Barlyk 10:8, 9). Mundan başga-da, ençeme gowy mysallar bar. Meselem, Musa Müsürde baý we meşhur adam bolmagy maksat edinmedi. Ol Hudaýyň beren ýumşuny «Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy» (Ýewreýler 11:26). Lukman Luka Pawlus resul we mesihçiler syrkawlanda kömek eden bolmaly. Emma Ol Injil kitabyny ýazmaga gatnaşyp, hoş habary wagyz edip, köp ýagşylyk etdi. Pawlus resul hem Kanuny gowy bilýän adam hökmünde däl-de, «özge milletleriň resuly» missioner hökmünde tanaldy (Rimliler 11:13).

17 Dawut goşunyň baştutany, sazanda, mukamçy hökmünde däl-de, «Taňry ýüregine görä bir adam» hökmünde tanaldy (1 Patyşalar 13:14, MKS). Biz Daniýeli Babylyň köşk emeldary hökmünde däl-de, Ýehowanyň wepaly pygamberi hökmünde; Esteri Pars döwletiniň şazadasy hökmünde däl-de, berk imanly mert aýal hökmünde; Petrusy, Andreasy, Ýakuby we Ýahýany ökde balykçy hökmünde däl-de, Isanyň resullary hökmünde tanaýarys. Isa-da bize özüni «agaç ussasy» ýaly däl-de, «Mesih» hökmünde tanatdy (Markus 6:3; Matta 16:16). Bu adamlaryň ählisi zehinine, emlägine we abraýyna garamazdan, durmuşda şahsy üstünlik gazanmak däl-de, Hudaýa gulluk etmekligiň wajypdygyna düşündiler. Olar Hudaýdan gorkýan adam bolmagyň iň uly abraý hem sylagdygyny bilýärdi.

18. Bir ýaş mesihçi durmuşyny nämä bagyş etdi we ol nähili netijä geldi?

18 Makalanyň başynda aýdylan Säň Jin hem iň soňy muňa düşündi. Ol şeýle diýýär: «Men bar güýjümi medisina, sungata we mugallymçylyk işine bermän, özümi Hudaýa bagyş edenime görä ýaşamagy berk ýüregime düwdüm. Häzir men wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde gulluk edip, adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirip, olara ebedi ýaşaýşa ýetmäge kömek edýärin. Men öň doly wagtly gulluk köp güýç talap etmer öýtdüm. Häzir meniň durmuşym has gyzykly boldy, sebäbi men dürli medeniýetli adamlary okatmak üçin häsiýetimi gowulandyrmaga jan edýärin. Men Hudaýyň niýetine görä ýaşamagyň iň gowy ýoldugyna göz ýetirdim».

19. Biz durmuşymyzy manyly etmek üçin näme etmeli?

19 Biz mesihçiler hökmünde ýaşaýşa we gutulyşa umyt berýän bilim aldyk (Ýahýa 17:3). Şonuň üçin «Hudaýyň merhemetini kabul edip» onuň maksadyny ýatdan çykarmalyň (2 Korintoslylar 6:1). Geliň, biz bütin ömrümize Ýehowany şöhratlandyralyň. Adamlary şu wagt bagtly edýän we olara gelejekde ebedi ýaşaýyş berjek bilimi bereliň. Şeýle etmek bilen, biz Isanyň: «Bermek almakdan bagtlydyr» diýen sözleriniň hakdygyny duýarys (Resullaryň işleri 20:35). Şonda biziň durmuşymyz manyly bolar.

a Atlaryň käbir üýtgedilen.

• Siz nähili düşündirersiňiz?

• Durmuşda iň gowy maksat näme?

• Näme üçin baýlyga kowalaşmak paýhassyz?

• Hudaýyň wada berýän «hakyky ýaşaýşy» näme?

• Biz Hudaýyň niýetine görä, durmuşymyzy nämä bagyş edip bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş