Ýehowanyň sözi diri
Nahum, Habakkuk we Sefanýa kitaplaryndan peýdaly pikirler
DÜNÝÄ imperiýasy bolan Aşur on taýpaly Ysraýyl patyşalygynyň paýtagty Samariýany eýýäm basyp alypdy. Şeýle-de aşurlylar Ýahuda howp salýardy. Ýahudaly Nahum pygamber aşurlylaryň paýtagty Ninewe baradaky habary aýdýar. Bu habary Mukaddes Ýazgylaryň Nahum kitabynda b. e. öň 632-nji ýylda ýazyldy.
Aşurdan soň dünýä imperiýasy Babyl boldy. Babylda käwagt kildany patyşalar höküm sürýärdi. Habakkuk kitaby b. e. öň 628-nji ýylda ýazylan bolmaly. Ol kitapda Ýehowanyň jeza bermek üçin Babyly ulanjakdygy aýydylýar. Şeýle-de onda Babylyň ýok ediljekdigi hem pygamberlik edilýär.
Ýahudaly Sefanýa Nahum bilen Habakkuk pygamberlerden öň pygamberlik etdi. B. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilmezinden öň, Sefanýa kyrk ýyldan gowrak pygamberlik edýär we Ýahudanyň weýran bolmagyny hem-de dikelmegini yglan edýär. Sefanýa kitabynda başga halklara-da degişli hökümler bar.
«GAN DÖKÝÄN ŞÄHERIŇ GÜNÜNE WAÝ»
«Ninewe garşy habary» «tiz gaharlanmaýan we güýji beýik» Ýehowa Hudaý aýdýar. Emma pena gözleýän adamlar üçin Ýehowa «muşakgat güni daýanç» bolsa-da, Ninewe ýok edildi (Nahum 1:1, 3, 7).
«Ýehowa Ýakuby beýgelder». Aşur «birnäçe awyny ýolum-ýolum eden» şir kimin Hudaýyň halkyny zalymlyk bilen masgaralapdy. Ýehowa «[Nineweniň] harby arabalaryny tüssede ýakar. [Onuň] Gür saçly ýaş arslanlaryny gylyç ýuwudar (Nahum 2:2, 12, 13). «Gan dökýän [Ninewe] şäheriň gününe waý». «Sen hakynda habary eşidenleriň hemmesi çapak çalyp» begenerler (Nahum 3:1, 19).
Sowallaryň jogaby:
1:9 — Ninewe şäheriniň «doly ýok edilmegi» Ýahuda üçin nämäni aňladar? Ýahuda üçin Aşurdan doly azat bolmagyny aňladar, çünki «muşakgat mundan beýläk gaýtalanmaz». Hamala, Ninewe şäheri ýok ýaly, Nahum şeýle diýýär: «Seret! Hoş habary aýdýanyň, parahatlygy yglan edýäniň aýaklary daglaryň üstünde. Ýahuda, öz baýramçylyklaryňy belle» (Nahum 1:15).
2:6 — «Derýanyň derwezeleri» näme we olar nädip açyldy? Bu derwezeler Ninewe şäheriniň diwarlarynyň bir bölegidi. Ony Tigr derýasynyň suwy ýykdy. B. e. öň 632-nji ýylda babyllylar bilen midiýalylar Ninewe garşy çykanda, şäheriň ýaşaýjylary özlerini howpsuz duýdy. Sebäbi şäheriň diwarlary beýikdi we ony basyp alyp bolmajak ýaly görünýärdi. Emma güýçli ýagyş sebäpli Tigr derýasy joşdy. Taryhçy Diodor sisiliýskiýniň aýtmagyna görä, şäheriň bir bölegini suw alýar, diwarlary bolsa ýykylýar. Pygamberlik edilişi ýaly, «derýanyň derwezeleri» açyldy we Ninewe gury samanyň ýanyşy ýaly derrew ýok edildi (Nahum 1:8—10).
3:4 — Näme üçin Ninewe şäheri bozuk aýala meňzedilýär? Ninewe halklara dost hökmünde kömek etmegi teklip edýär, hakykatda bolsa, olary aldap, zulum boýuntyrgyny salýar. Mysal üçin, Siriýa bilen Ysraýyl goşunlary ýehudylaryň Ahaz patyşasyna garşy çykanda, Aşur oňa biraz kömek eden boldy. Emma soňunda bolsa, «Aşur [Ahaz] patyşanyňka gelip, ony ezip başlady» (2 Taryhlar 28:20).
Biziň üçin sapak:
1:2—6. Ýehowa özüne doly wepaly bolmadyk duşmanlardan öç alar. Bu Ýehowanyň gullukçylaryna diňe oňa wepaly bolmalydygny görkezýär (Çykyş 20:5).
1:10. Belent diwarlar bilen ýüzlerçe diňler Ýehowanyň Ninewe barada aýdan sözüniň ýerine ýetmegine päsgel bermedi. Şu günler hem Ýehowanyň halkynyň duşmanlaryny Onuň höküm etmegine hiç zat päsgel berip bilmez (Süleýmanyň tymsallary 2:22; Daniýel 2:44).
«DOGRY ADAM ÝAŞAR»
Habakkuk kitabynyň başdaky iki babynda pygamber bilen Ýehowa Hudaýyň gepleşigi beýan edilýär. Ýahudyda bolýan erbetligi görüp, Habakkuk Hudaýa şeýle sorag berýär: «Näme üçin maňa zalymlygy görmäge ýol berýärsiň we betbagtçylyga seredýärsiň? Ýehowa oňa şeýle jogap berýär: «Men gazaply we okgunly halk bolan keldanylary galdyraryn». Hudaýyň Ýahuda jeza bermek üçin «haýynlyk edýän» halky ulanjakdygyna pygamberi geň galýar (Habakkuk 1:3, 6, 13). Hudaý Habakkugy dogry adamyň ýaşajakdygyna we duşmanlaryň jezalandyrjakdygyna ynandyrýar. Galyberse-de, Ýehowa Habbakuk arkaly Ýahudanyň duşmany bolan kildanylara injek bäş sany belany yglan edýär (Habakkuk 2:4).
Habakkuk rehim barada «gaýgyly nagma» bilen doga edende, Gyzyl deňizde, çölde we Erihada Ýehowanyň kuwwatly güýjüni görkezendigini ýatlaýar. Şeýle-de pygamber Armageddonda Ýehowanyň otly gazap bilen ýörüş etjekdigini aýdýar. Onuň dogasy şeýle sözler bilen tamamlanýar: «Hökümdar Ýehowa Hudaý meniň ýaşaýyş güýjümdir. Ol aýagymy keýikleriň aýagy kimin eder we belent ýerlerimde ýöremäge mümkinçilik berer» (Habakkuk 3:1, 19).
Sowallaryň jogaby:
1:5, 6 — Näme üçin ýehudylara Iýerusalimi keldanylaryň basyp aljagyna ynanmak kyndy? Habakkuk pygamberlik edip başlan döwründe, Ýahuda Müsüriň güýçli täsiri astyndady (4 Patyşalar 23:29, 30, 34). Babyl ýaňy güýçlenip başlapdy, entek ol Neko faraony ýeňmelidi (Ýeremiýa 46:2). Galyberse-de, Iýerusalimde Ýehowanyň ybadathanasy bardy we Dawudyň neslinden bolan patyşalar yzygiderli hökümdarlyk edýärdiler. Şol sebäpli, Ýehowanyň keldanylar arkaly Iýerusilimi weýran «etjekdigine» ýehudylara ynanmak kyndy. Habakkugyň aýdan sözleri ýehudylar üçin ýerine ýetmejek ýaly bolup görünse-de, babyllylaryň Iýerusalimi weýran etjekdigi hakyndaky pygamberiň gören görnüşi «hökman ýerine ýetmelidi», ol b. e. öň 607-nji ýylda ýerine ýetdi (Habakkuk 2:3).
2:5 — Ol «adam» kim we näme üçin ol «maksadyna ýetip bilmeýär»? Göçme manydaky bu «adam» halklary tabyn edýän ökde esgerler — babyllylardy. Olar ýeňişler gazanyp, serhoş ýaly boldular. Emma bu «adam» ähli milletleri özüne ýygnap bilmez, sebäbi Ýehowa midiýalylar we parslar arkaly ony weýran eder. Şu günler bolsa ol «adam» syýasy güýçleri aňladýar. Ol özüne gaty ynamly we tekepbir bolup, serhoş boldy. Ol açgözlük bilen emlägini artdyrýar. Ýöne ol maksadyna ýetmez, ýagny «ähli milletleri özüne ýygnap bilmez». Diňe Hudaýyň Patyşalygy adamlary birleşdirer (Matta 6:9, 10).
Biziň üçin sapak:
1:1—4; 1:12—2:1. Habakkuk çyn ýürekden Ýehowa soraglar berýär, Hudaý-da oňa jogap berýär. Hak Hudaý wepaly gullukçylarynyň dogalaryny eşidýär.
2:1. Biz hem Habakkuk ýaly ruhy taýdan oýa we gullukda yhlasly bolmaly. Şeýle-de bize käýinç ýa-da maslahat berlende, pikirimizi üýtgetmäge taýyn bolmaly.
2:3; 3:16. Biz ynam bilen Ýehowanyň gününe garaşyp, geliň, ruhy taýdan oýa bolalyň.
2:4. Biz Ýehowanyň gününde diri galar ýaly, oňa wepaly we sabyrly bolmaly (Ýewreýler 10:36—38).
2:6, 7, 9, 12, 15, 19. Nähak gazanç edýän, zorlugy söýýän adamlara, ahlaksyzlara we butparazlara belalar iner. Biz bu zatlardan gaça durmaly.
2:11. Biz zalym dünýä käýemesek, «diwardaky daş zaryn gygyrar». Patyşalyk barada hoş habary batyrgaýlyk bilen wagyz etmek wajyp!
3:6. Ýehowanyň höküm etmegini hiç zat, hatda dag we baýyr ýaly berk görünýän ynsan guramalary-da togtadyp bilmez.
3:13. Biz Armageddonda ähli adamlaryň heläk bolmajagyna ynanýarys. Ýehowa wepaly gullukçylaryny halas eder.
3:17—19. Biz Armageddonda we ondan öň kynçylyklara duş gelsek-de, bizi Ýehowa «ýaşaýyş güýji» bilen berkider we oňa şatlyk bilen gulluk ederis.
«ÝEHOWANYŇ GÜNI ÝAKYNDYR»
Ýahudanyň ähli ýerinde Baala sežde edilýärdiler. Ýehowa Sefanýa arkaly şeýle diýdi: «Men elimi Ýahuda we Iýerusalimiň ähli ýaşaýjylaryna uzadaryn». Sefanýa: «Ýehowanyň güni ýakyndyr» diýip duýdurýar (Sefanýa 1:4, 7, 14). Şol güni Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edýänler gizlener (Sefanýa 2:3).
«Eziji şäher Iýerusalimiň gününe waý! Ýehowa şeýle diýýär: «Men awumy almak üçin galjak günüme çenli maňa garaşyň, sebäbi meniň höküm kararym halklary ýygnap... hökümimi olaryň üstüne ýagdyrmakdyr». Emma Hudaý şeýle wada berýär: «Men siziň gözüňiziň alynda, halkyňyzy ýesirlikden dolandyranda, ýer ýüzündäki halklaryň arasynda size at-abraý gazanyp we öwgä mynasyp bolar ýaly ederin» (Sefanýa 3:1, 8, 20).
Sowallaryň jogaby:
2:13, 14 — Doly haraba öwrülen Nineweden kimiň «aýdym aýdýan sesi» «eşidiler»? Nineweniň ýawany haýwanlaryň we guşlaryň mekanyna öwrüljekdigi sebäpli, ondan eşidilýän ses, guşlaryň sesi ýa-da weýran edilen jaýlaryň äpişgelerinden eşidilýän ýeliň şuwwuldamasy bolmaly.
3:9 — «Arassa dil» haýsy dil we onda nädip gepleşip bolýar? Bu dil Mukaddes Ýazgylardaky Hudaý baradaky hakykatdyr. Şeýle-de oňa Mukaddes Ýazgylardaky ähli taglymatlar degişlidir. Biz hakykata ynanyp, ony adamlara dogry öwredenimizde we Hudaýyň islegi boýunça ýaşanymyzda, şol arassa dilde gepleýäris.
Biziň üçin sapak:
1:8. Zefaniýanyň günlerinde käbir ýehudylar daş-töweregindäki halklaryň gollamagyny gazanmak üçin, olar «ýat ýerliniň egin-eşigini geýýärdiler». Şonuň ýaly, şu günlerem Ýehowanyň gullukçylaryna zalym dünýä meňzejek bolmaklyk paýhassyzlykdyr!
1:12; 3:5, 16. Ýehowa halkyna hökümini duýdurmak üçin, yzly-yzyna pygamberlerini iberýär. Ýehudylaryň köpüsi erbetlik edip, duýdurşa gulak asman, durlanan şerabyň çökündisine meňzeýändigine garamazdan, Ýehowa olara duýdurýardy. Olar Ýehowanyň duýduryşyna gulak asman, öz islegine görä ýaşaýardylar. Adamlaryň biperwaý bolany üçin «elimizi sowatmagyň» deregine, Hudaýyň Patyşalygyny dyngysyz wagyz etmeli, sebäbi Ýehowanyň beýik güni ýakynlaşyp gelýär.
2:3. Ýehowanyň gazap güni, bizi diňe onuň özi halas edip biler. Biz Hudaýyň merhemetinde galar ýaly, Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, ondan görkezme soramak we oňa ýakynlaşmak üçin doga edip, «Ýehowany agtarmaly». Biz ahlak taýdan arassa ýaşap, «dogrulygy gözlemeli». Biz ýumşak bolup we gulak asyp, «ýumşaklygy gözlemeli».
2:4—15; 3:1—5. Ýehowanyň höküm edýän gününde gadymy Ysraýyl hem-de onuň daş-töweregindäki milletleriň ýok edilişi ýaly, Hudaýyň halkyna garşylyk görkezen ähli milletler we hristian dünýäsi ýok ediler (Ylham 16:14, 16; 18:4—8). Biz Hudaýyň hökümlerini batyrgaýlyk bilen yglan etmeli.
3:8, 9. Biz Ýehowanyň gününe garaşýan wagtymyz «arassa dilde» gepleşmegi öwrenip, durmuşymyzy Hudaýa bagş edip, Ýehowanyň adyny çagyryp, gutulyşa taýýarlanýarys. Şeýle-de biz Ýehowanyň halky bilen «eginme-egin» oňa gulluk edýäris we Hudaýa «öwgi gurbanlaryny» berýäris (Ýewreýler 13:15).
«Ol gün çalt ýetip gelýär»
Mezmurçy şeýle diýýär: «Ýene az-kem sabyr et, erbet ýok bolar. Hawa, onuň ýerine seredersiň, ol ýokdur» (Zebur 37:10). Biz Nahum kitabyndaky Ninewe hem-de Habakkuk kitabyndaky Babyl we imandan dänen Ýahuda baradaky pygamberlikler hakynda oýlanyp, mezmurçynyň sözleriniň ýerine ýetjekdigine ynanýarys. Biz näçe wagt garaşmaly bolarys?
Sefanýa 1:14-de şeýle diýilýär: «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr. Ol gün çalt ýetip gelýär». Şeýle-de Sefanýa kitaby bize şol güni nädip gizlenmelidigini we gutulşa taýýarlanmak üçin häzirden näme etmelidigini görkezýär. Dogrudan-da, «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir» (Ýewreýler 4:12).