Sen adamlara Ýehowa ýaly garaýarmyň?
«Tende hiçbir bölünişik bolman, agzalar deňlik bilen biri-biriniň aladasyny etsin» (1 KOR. 12:24).
1. Sen ruhy jennetde özüňi nähili duýduň?
BIZ bu zalym dünýäden çykyp, Ýehowanyň halky bilen tanşanda, dogan-uýalaryň gyzgyn söýgüsini we edýän aladasyny duýmak ýakymlydy. Olar Şeýtanyň gol astynda ýaşaýan gödek, zalym we igenjeň adamlardan nähili tapawutlanýarlar! Biz parahatlyk we agzybirlik höküm sürýän ruhy jennede düşdük (Iş. 48:17, 18; 60:18; 65:25).
2. a) Biziň adamlara bolan garaýşymyzy näme ýoýup biler? b) Biz nämäni özgertmeli bolarys?
2 Emma biz wagtyň geçmegi bilen mümkin, doganlarymyza ýoýup görkezýän linza, ýagny bikämil gözümiz arkaly seredip başlandyrys. Biz kämilsizlik sebäpli imandaşlarymyzyň gowy häsiýetlerine üns bermegiň deregine, käte olaryň kemçiliklerini ulaldýarys. Başgaça aýdanda, biz olara Ýehowa ýaly garamagy unudýarys. Eger şeýle bolsa, garaýşymyzy barlap, Ýehowanyň garaýşyna laýyk geler ýaly düzetmeli (Çyk. 33:13).
Ýehowa doganlara nähili garaýar
3. Mukaddes Ýazgylarda mesihçiler ýygnagy näme bilen deňeşdirilýär?
3 1 Korintoslylar 12:2—26-njy aýatlarda Pawlus resul mesh edilen mesihçiler ýygnagyny teniň «[köp] agzalary» bilen deňeşdirýär. Teniň agzalary biri-birinden tapawutlanyşy ýaly, ýygnagyň agzalary-da häsiýetleri we ukyplylygy bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Emma Ýehowa biziň ählimizi kabul edýär. Ol her bir gullukçysyny söýýär we gymmat saýýar. Şol sebäpli Pawlus mesihçilere: «biri-biriňiziň aladaňyzy ediň» diýip maslahat berýär. Munuň kyn bolmagy mümkin, çünki biz biri-birimizden tapawutlanýarys.
4. Biz näme üçin doganlarymyza bolan garaýşymyzy üýtgetmeli bolarys?
4 Biz hatda doganlarymyzyň diňe gowşak taraplaryna üns bermegimiz mümkin. Şeýtsek, biz aslynda, dar burçly obektiwe serederis. Bizden tapawutlykda göçme manyda aýdanda, Ýehowa giň burçly obýektiwi ulanýar we diňe bir zady däl, eýsem onuň daş-töweregindäki ähli zady-da görýär. Mümkin biz adamda halamaýan häsiýetlerimize üns berýändiris, Ýehowa bolsa adamyň ähli häsiýetlerini we şol sanda gowy häsiýetlerini-de görýär. Ýehowadan näçe köp görelde almaga çalyşsak, şonça-da ýygnakda söýgi we agzybirligiň bolmagyna ýardam ederis (Efes. 4:1—3; 5:1, 2).
5. Näme üçin adamlary ýazgarmak nädogry?
5 Isa bikämil adamlaryň köplenç ýazgarmaga ýykgyndygyna düşünýärdi. Ol şeýle maslahat berdi: «Üstüňizden höküm çykarylmaz ýaly, başgalaryň üstünden höküm çykarmagyňyzy bes ediň» (Mat. 7:1, TD). Üns beren bolsaňyz, Isa: «Höküm çykarmaň» diýmedi, ol: «Höküm çykarmagyňyzy bes ediň» diýdi. Ol diňleýjileriniň köpüsiniň adamlary ýazgarmagy eýýäm endik edendigini bilýärdi. Biz barada näme diýse bolýar? Eger bizde şeýle endik bolsa, üstümizden höküm çykarylmaz ýaly ony düýbünden aýyrmaly. Aslynda, Ýehowanyň käbir jogapkärçiligi ynanan adamyny ýazgar ýaly we ol ýygnagyň agzasy bolup bilmez diýer ýaly biz kim? Eger bir doganyň kemçiligi bolup, Ýehowa-da ony kabul edýän bolsa, biz ony inkär etmelimi? (Ýahýa 6:44). Biz, hakykatdan-da, Ýehowanyň guramasyna gözegçilik edýändigine we özgerişikler gerek bolsa, ony öz wagtynda etjekdigine ynanýarysmy? (Rimliler 14:1—4-nji aýatlary okaň).
6. Ýehowa gullukçylaryna nähili garaýar?
6 Ýehowanyň ajaýyp ukyby bar. Ol biziň täze dünýäde kämillige ýetenimizde nähili boljakdygymyzy görýär. Şeýle-de ol biziň ruhy taýdan eden üstünliklerimizi bilýär. Şol sebäpli ol biziň her bir gowşaklygymyza üns bermeýär. Zebur 103:12-de şeýle diýilýär: «Gündogar günbatardan nähili uzak bolsa, şonça-da Ol jenaýatlarymyzy bizden uzaklaşdyrdy». Munuň üçin biz oňa örän minnetdar! (Zeb. 130:3).
7. Ýehowa barada onuň Dawuda bolan garaýşyndan biz näme öwrenýäris?
7 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň adamlaryň gowy häsiýetine üns berýän ajaýyp ukybynyň bardygy hakda ençeme sapar aýdylýar. Hudaý Dawut barada şeýle diýdi: «Meniň gullukçym Dawut tabşyryklarymy ýerine ýetirdi we meniň öňümde ýaraýan zatlary edip, bütin ýüregi bilen maňa eýerdi» (3 Pat. 14:8). Biz, elbetde, Dawudyň birnäçe günä iş edendigini bilýäris. Muňa garamazdan, Ýehowa onuň gowy häsiýetlerini görüp, olary gymmat saýýardy, sebäbi ol Dawudyň sap ýürekli adamdygyny bilýärdi (1 Tar. 29:17).
Doganlara Ýehowa ýaly garaň
8, 9. a) Biz nämede Ýehowadan görelde alyp bileris? b) Muny haýsy mysal görkezýär we ondan nähili sapak edinip bileris?
8 Ýehowadan tapawutlykda biz adamyň ýüregini bilmeýäris. Bu adamlary ýazgarmazlygyň bir sebäbi bolup biler. Biz adamlaryň ähli pikirini we niýetini bilmeýäris. Şol sebäpli Ýehowadan görelde almaga jan edip, adamyň kämilsizligine üns bermez ýaly öňümizde maksat goýsak gowy bolardy, çünki kämilsizlik iňsoňy bolmaz. Şeýdip, dogan-uýalarymyz bilen parahat gatnaşygyň bolmagyna ýardam ederis (Efes. 4:23, 24).
9 Idegsiz öýi göz öňüne getir. Onuň suw akýan turbalary gopup, aýnalary döwlüpdir, potologyndan bolsa suw geçýär. Köp adamlar bu jaýy görüp: «ony tizräk ýykyp aýyrsadylar, ýogsam gelşigi bozup dur». Emma kimdir biri muňa düýbünden başgaça garaýar. Ol geçip barýan adamlardan tapawutlykda jaýyň berk gurlandygyny we täzeden dikeldip boljakdygyny görýär. Ol bu jaýy satyn alýar, remont edip, onuň kemçiliklerini bejerýär we daşky görnüşini gowulandyrýar. Indi ýoldan geçip barýan adamlar jaýyň owadanlygyny görmek üçin durup seredýärler. Biz hem betgelşik jaýy dikeltmek üçin tagalla eden adam ýaly bolup bilerismi? Dogan-uýalaryň daşky kemçiligine üns bermegiň deregine, olaryň gowy häsiýetlerini we gelejekde ruhy taýdan ösüp biljekdigini görmäge çalyşsak gowy bolmazmy? Eger şeýtsek, biz hem Ýehowa ýaly doganlarymyzy ruhy taýdan owadanlygy üçin söýeris (Ýewreýler 6:10-y okaň).
10. Filipililer 2:3, 4-nji aýatdaky maslahat bize nädip kömek eder?
10 Pawlus resul bize ýygnakdakylaryň ählisi bilen gowy gatnaşyk etmäge kömek edýän käbir maslahatlary berýär. Ol mesihçileri şeýle höweslendirdi: «Hiç bir zady igenjeňlik, şöhratparazlyk bilen etmän, eýsem kiçigöwünlilik bilen beýlekileri özüňizden üstün saýyp ediň. Her kim diňe öz peýdasyny däl-de, beýlekileriň hem peýdasyny gözlesin» (Flp. 2:3, 4). Kiçigöwünlik bize adamlara dogry garaýyşda bolmaga kömek eder. Şeýle-de eger dogan-uýalaryň ýürekden aladasyny edip, gowy taraplaryny görmäge çalyşsak, olara Ýehowa ýaly garamaga öwreneris.
11. Dünýädäki özgerişikler ýygnakdakylaryň käbirine nähili täsir etdi?
11 Soňky döwürlerde dünýäniň ýagdaýy özgerýändigi üçin adamlaryň köpüsi başga ýurtlara göçýärler. Käbir şäherlerde dünýäniň dürli künjeginden göçen adamlar ýaşaýar. Olaryň käbiri Mukaddes Ýazgylardaky hakykat bilen gyzyklandylar we biziň bilen Ýehowa sežde edýärler. Olar «her milletden, her taýpadan, her halkdan we her dilden bolan» adamlar (Ylh. 7:9). Şonuň üçin ýygnaklaryň köpüsini köpmilletli diýse bolýar.
12. Bir-birimize nähili garaýyşda bolmaly we bu näme üçin käte kyn bolup biler?
12 Ýygnaklarda biri-birimize dogry garaýyşda bolmak örän wajyp. Munuň üçin Petrus resulyň «hilesiz dogan söýgüsi üçin... birek-biregi ýürekden yhlas bilen söýüň» diýen maslahatyna eýermek zerur (1 Pet. 1:22). Köpmilletli ýygnakda käte akýürekli söýgini ösdürmek we ysnyşmak kyn bolýar. Imandaşlarymyzyň medeniýeti, bilimi we durmuş ýagdaýy biziňkiden örän tapawutlanmagy mümkin. Olaryň pikirine ýa-da käbir zada bolan garaýşyna düşünmek saňa kynmy? Belki, olaram sen barada şeýle pikir edýändir. Muňa garamazdan, biziň ählimize şeýle tabşyryk berilýär: «[Ähli, TD] doganlary söýüň» (1 Pet. 2:17).
13. Käwagt pikirimizde nähili özgerişler etmeli?
13 Doganlaryň ählisine söýgimizi ösdürmek üçin käte pikirimizi özgertmeli bolar (2 Korintoslylar 6:12, 13-nji aýatlary okaň). Käwagt biz: «Men olara erbet diýemok, ýöne şonda-da...» diýip, soňra şol millete mahsus bolan ýaramaz häsiýetleri sanap başlaýarsyňmy? Eger şeýle bolsa, onda entek sende çuňňur ornaşan ikiýüzlülik bar. Özüňe şeýle sorag berip bilersiň: «Medeniýeti meniňkiden tapawutlanýan dogan-uýalar bilen ýakyndan tanyşmaga çalyşýarynmy?» Şeýle sorag garaýşyňy özgertmäge we halkara doganlygy gymmat saýmaga kömek eder.
14, 15. a) Başgalara garaýşyny özgerden adamlaryň mysalyny getiriň. b) Biz şeýle mesihçilerden nädip görelde alyp bileris?
14 Mukaddes Ýazgylarda başgalara bolan garaýşyny özgerden adamlaryň mysaly bar. Olaryň biri Petrus resuldy. Ol ýehudy bolany üçin özge milletden bolan adamyň öýüne barmaýardy. Emma oňa Kornelius atly sünnetlenmedik ýehudy däl adamyň öýüne barmaly diýlende, özüni nähili duýandygyny göz öňüne getirip gör! Ýöne Petrus Hudaýyň islegi boýunça, ähli milletdäki adamlar mesihçiler ýygnagynyň agzasy bolmalydygyna düşünende, pikirini özgerdýär (Res. iş. 10:9—35). Pawlus resul bolan Saul hem özgerişik edip, ters pikirini goýmaly boldy. Ol mesihçileri ýigrenýändigini boýun alyp, şeýle diýdi: «Men Hudaýyň ýygnagyna çendenaşa azar berip, ony weýran etdim». Emma Rebbimiz Isa Pawlusy düzedende, ol gaty uly özgerişler etdi, hatda öň yzarlan doganlaryň görkezmesine eýerdi (Gal. 1:13—20).
15 Ýehowanyň ruhunyň kömegi bilen biz hem garaýşymyzy üýtgedip bileris. Eger biz özümizde ters pikirleriň bardygyny duýsak, onda ony köki bilen sogurmaly we «ruhuň birligini parahatlyk bagy bilen goramaly» (Efes. 4:3—6). Mukaddes Ýazgylar bizi «kämil birligiň bagy bolan söýgini geýmäge» çagyrýar (Kol. 3:14).
Gullukda Ýehowadan görelde al
16. Hudaýyň adamlara näme niýeti bar?
16 Pawlus resul: «Hudaýyň ýüz görmesi ýokdur» diýip ýazdy (Rim. 2:11). Ýehowa ähli halkdan bolan adamlaryň oňa sežde etmegini isleýär (1 Timoteos 2:3, 4-nji aýatlary okaň). Ol islegini ýerine ýetirmek üçin «her millete we taýpa, her dile we her halka... ebedi Hoş habary» yglan etdirýär (Ylh. 14:6). Isa: «Ekin meýdany... dünýädir» diýdi (Mat. 13:38). Bu seni we seniň maşgalaňy nämä höweslendirýär?
17. Biz ähli milletdäki adamlara nädip kömek edip bileris?
17 Ähli adamlar daş ýurtlara gidip, Patyşalyk baradaky habary wagyz edip bilmeýär. Muňa garamazdan, biz ýaşaýan ýerimizdäki başga ýurtdan gelen adamlara wagyz edip bileris. Biz hemişeki wagyz edip ýören adamlara däl-de, başga milletdäki adamlara-da wagyz etmäge çalyşýarysmy? Hoş habary heniz eşitmedik adamlara wagyz etmek üçin öňümizde maksat goýsak gowy bolmazmy? (Rim. 15:20, 21).
18. Isa nädip adamlaryň aladasyny etdi?
18 Isa ähli adamlara kömek etmegi özüniň borjy hasaplaýardy. Şonuň üçin ol diňe bir ýerde wagyz etmeýärdi. Mukaddes Ýazgylarda ol «şäher-şäher, oba-oba aýlanýardy» diýilýär. Bir gezek «Isa märekäni görüp, olara haýpy geldi» we şägirtlerine olara kömek etmelidigini aýtdy (Mat. 9:35—37).
19, 20. Biz ähli milletdäki adamlara kömek edende, Ýehowadan we Isadan nädip görelde alyp bileris?
19 Biz nädip şeýle garaýyşda bolup bileris? Käbir wagyzçylar ýygy-ýygydan wagyz edilmeýän ýerlerde, meselem, işlenýän ýerlerde, seýilgählerde, aeroportda, wokzalda we goralýan jaýlaryň golaýynda güwälik etmek üçin öňünde maksat goýdular. Käbirleri bolsa başga ýurtdan gelen adamlara ýa-da öň seýrek wagyz edilen adamlara hoş habary aýtmak üçin täze dil öwrenýärler. Olaryň ene dilinde salamlaşmagy öwrensek, ýürekden aladasyny edip, kömek etmek isleýändigimizi görkezip bileris. Eger başga dili öwrenip bilmesek, olary öwrenýänleri ruhlandyryp bilerismi? Elbetde, biz başga ýurtdan gelen adamlara wagyz etmek üçin dil öwrenýän dogan-uýalarymyz barada ýaramaz zatlary aýtmakdan gaça durarys we ters pikirde bolmarys. Her bir adamyň jany Ýehowanyň gözünde gymmatly, biz hem şeýle garaýşy ösdürmeli (Kol. 3:10, 11).
20 Şeýle garaýyşda bolmaklyk adamlaryň nähili durmuş alyp barýandygyna garamazdan, hoş habary wagyz etmäge höweslendirer. Biz öýsüz, hapa geýimli ýa-da ahlaksyz ýaşaýan adama duşmagymyz mümkin. Eger adam biziň bilen özüni gödek alyp barsa, onda bu olaryň bütin milleti ýa-da tiresi barada erbet pikirde bolmaga ýol bermeýär. Pawlusa-da ýamanlyk etdiler, ýöne ol gaharlanmady we şol ýerdäki adamlara wagyz etmegini bes etmedi (Res. iş. 14:5—7, 19—22). Ol şeýle adamlaryň käbiri hoş habara seslener diýip umyt edýärdi.
21. Adamlara Ýehowa ýaly garasaň saňa nädip kömek eder?
21 Diýmek, eger biz adamlara Ýehowa ýaly garasak, dogan-uýalarymyz bilen gowy gatnaşyk saklarys, halkara doganlygymyzy gymmat saýarys we dürli milletdäki adamlara wagyz ederis. Ýehowanyň garaýşyny näçe köp ösdürsek, şonça-da parahatlyga we agzybirlige ýardam ederis. Biz adamlara «ala tutmaýan», ýöne ähli adamlaryň söýgi bilen aladasyny edýän Ýehowa Hudaýy tanamaga we söýmäge kömek ederis, çünki «ähli adamlar onuň elleriniň işidir» (Eýýup 34:19).
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Dogan-uýalara nähili garamakdan gaça durmaly?
• Adamlara Ýehowa ýaly garamak näme aňladýar?
• Biz halkara doganlygymyza nähili garamaly?
• Ýehowadan görelde alyp, gullukda adamlara nähili garamaly?