Isanyň göreldesine eýerip, söýgi bilen okadyň
«Hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» (ÝAHÝA 7:46).
1. Isanyň sapak berişi adamlara nähili täsir etdi?
ISA adamlara sapak berende, olaryň nähili şatlanandygyny göz öňüne getiriň! Isa adamlar bilen gepleşende, olara nähili täsir galdyrandygy barada Mukaddes Ýazgylardan bilse bolýar. Meselem, Lukanyň hoş habarynda Nasyranyň ýaşaýjylary Isanyň «agzyndan çykýan mähirli sözlerine täsin galandygy» barada aýdylýar. Matta Isanyň Dagdaky wagzyny diňlän adamlaryň «Onuň taglymatyna haýran galandygyny» ýazýar. Ýahýa bolsa, Isany tussag etmäge gelen serkerdeleriň: «Hiç kim hiç haçan bu Adamyňky ýaly geplemändi» diýip, ony tussag etmän yzyna dolanandygyny ýazýar (Luka 4:22; Mat. 7:28; Ýahýa 7:46).
2. Isa okatmagyň nähili usullaryny ulandy?
2 Hawa, serkerdeler ýalňyşmandy. Isa ýer ýüzünde ýaşan iň beýik Mugallymdy. Ol aýdyň we ýönekeý okadýardy; onuň aýdanlaryny ýalana çykaryp bolmaýardy. Ol tymsallary we soraglary ussatlyk bilen ulanýardy. Isa adamlaryň meşhurlygyny we sadalygyny göz öňünde tutup, olara dürli usullar bilen sapak berýärdi. Isanyň aýdan hakykaty çuň manyly we düşnüklidi. Emma Isa diňe bularyň esasynda beýik Mugallym bolmandy.
Söýgi — iň esasy häsiýet
3. Isa mugallym hökmünde öz döwründäki dini ýolbaşçylaryndan nämede tapawutlanýardy?
3 Kanunçylaryň we fariseýleriň arasynda bilimli we okatmakda ökde adamlar bardy. Emma Isa olardan nämede tapawutlanýardy? Şol döwrüň dini ýolbaşçylary garamaýak adamlary ýigrenýärdi. Olar garamaýaklary «näletlenen» halk hasaplaýardy (Ýahýa 7:49). Isanyň bolsa olara haýpy gelýärdi, çünki «olar çopansyz goýunlar ýaly pytraňňydy, alaçsyzdy» (Mat. 9:36). Ol garamaýak adamlara mähirli we rehimlidi. Dini ýolbaşçylarda Hudaýa bolan hakyky söýgi ýokdy (Ýahýa 5:42). Isa bolsa Atasyny söýüp, onuň islegini şatlyk bilen ýerine ýetirýärdi. Dini ýolbaşçylar Hudaýyň sözüni öz bähbitleri üçin ýoýýardylar, emma Isa «Hudaýyň sözüni» söýýärdi. Ol ony okadýardy, düşündirýärdi, goraýardy we şoňa görä ýaşaýardy (Luka 11:28). Hawa, Isa durky bilen söýgüdi. Onuň söýgüsi adamlara bolan garaýşynda we öwredişinde görünýärdi.
4, 5. a) Näme üçin söýgi bilen okatmak wajyp? b) Okadanymyzda bilimiň we adamlara ony bermegi başarmagyň nähili ähmiýeti bar?
4 Biz barada näme diýse bolar? Biz wagyzda we durmuşda Isanyň göreldesine eýermek isleýäris (1 Pet. 2:21). Biziň maksadymyz diňe bir Mukaddes Ýazgylary okatmak däl, eýsem, Ýehowanyň häsiýetlerini, esasanam, söýgi häsiýetini görkezmek isleýäris. Biziň hakykat bilimimiziň we öwretmek ukybymyzyň köp ýa-da azlygyna garamazdan, wagyz eden adamlarymyza söýgimizi bildirsek, olaryň ýüregine täsir edip bileris. Biz şägirt taýýarlamak işinde üstünlik gazanmak üçin, Isanyň göreldesine eýerip, adamlara söýgi bilen sapak bermeli.
5 Elbetde, ökde mugallym bolmak üçin, ilki bilen, özümiz gowy bilim almaly, soňra ony adamlara öwretmegi başarmaly. Isa bulary şägirtlerine öwredipdi. Şu günler bolsa, Ýehowa guramasy arkaly bize-de öwredýär (Işaýa 54:13a; Luka 12:42-nji aýatlary okaň). Biz okanymyzda diňe pikirimize däl, eýsem, ýüregimize täsir eder ýaly tagalla etmeli. Bilimi, ukyby we söýgini bilelikde ulansak netijeli bolar. Biz sapak geçenimizde, adamlara söýgimizi nädip bildirip bileris? Muny Isa bilen şägirtleri nädip görkezdi? Geliň, indi bu barada bileliň.
Biz Ýehowany söýmeli
6. Biz gowy görýän adamymyz barada nädip gürrüň berýäris?
6 Biz gowy görýän zatlarymyz barada gürrüň bermegi halaýarys. Esasanam, gowy görýän adamlarymyz we zatlarymyz barada gürrüň berenimizde, biziň mähirliligimiz hem joşgunlylygymyz aýan bolýar. Adatça, biz ol adam barada bilýän zadymyzy başga adamlara gürrüň bermek isleýäris. Biz oňa hormat goýup, öwgüli sözleri aýdýarys we onuň tarapyny tutýarys. Näme üçin? Sebäbi, ony we onuň häsiýetlerini başga adamlaryň hem biziň ýaly gowy görmegini isleýäris.
7. Hudaýa bolan söýgi Isany nämä höweslendirdi?
7 Biz Hudaýy tanamasak we söýmesek, başga adamlara ony söýmäge kömek edip bilmeris. Çünki hakyky sežde Hudaýa bolan söýgä esaslanýar (Mat. 22:36—38). Isa bu babatda kämil görelde görkezdi. Ol Ýehowany bütin ýüregi, jany, düşünjesi we güýji bilen söýýärdi. Ol gökde Atasy bilen milliardlarça ýyl ýaşap, ony gowy tanady. Ine, şol sebäpli ol şeýle diýdi: «Men Atany söýýärin» (Ýahýa 14:31). Isa söýgüsini sözde we iş ýüzünde görkezdi. Bu bolsa ony hemişe Hudaýa ýaraýan zatlary etmäge höweslendirdi (Ýahýa 8:29). Isa Hudaýy söýýändigi üçin, Hudaýyň adyndan gepleýän ikiýüzli dini ýolbaşçylary ýazgarýardy. Söýgi ony Ýehowa barada gürrüň bermäge we ony adamlara tanatmaga hem-de söýmäge kömek etmäge höweslendirdi.
8. Hudaýa bolan söýgüsi Isanyň şägirtlerini nämä höweslendirdi?
8 Isa ýaly, ilkinji şägirtler hem Ýehowany söýýärdiler. Bu olary hoş habary batyrgaý we yhlasly wagyz etmäge höweslendirdi. Dini ýolbaşçylar olara garşy bolsa-da, olar öz taglymatlary bilen Iýerusalimi doldurdylar. Çünki şägirtler gören we eşiden zatlaryny gürrüň bermän saklanyp bilmediler (Res. iş. 4:20; 5:28). Şägirtler Ýehowanyň olar bilendigini we olara ak pata berjegini bilýärdiler. Hudaý, hakykatdan-da, olara ak pata berdi! Isa ölenden soň otuz ýyl geçmänkä, Pawlus resul hoş habar «gök astyndaky bütin ýaradylyşda wagyz edilendigini» aýtdy (Kol. 1:23).
9. Biz Hudaýa bolan söýgimizi nädip ösdürip bileris?
9 Biz ökde mugallym bolmak üçin Hudaýy söýmeli we oňa bolan söýgimizi ösdürmeli. Nädip? Hudaýa yzygiderli doga etmeli. Biz Hudaýyň Sözüni öwrenip we oňa esaslanan edebiýatlary okap, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, Hudaýa bolan söýgimizi berkidýäris. Biz Hudaý barada näçe köp bilim alsak, oňa bolan söýgimiz has-da artar. Biz Hudaýa bolan söýgimizi sözde we iş ýüzende görkezsek, adamlar Ýehowa ýakynlaşmak islär (Zebur 104:33, 34-nji aýatlary okaň).
Biz okadýan zatlarymyzy söýmeli
10. Gowy mugallym nämede tapawutlanýar?
10 Gowy mugallym okadýan sapagyna bolan söýgüsi bilen tapawutlanýar. Mugallym okadýan zadynyň hakykatdygyna, ähmiýetlidigine we gymmatlydygyna ynanmaly. Ol okadýan dersine parhsyz garamasa, yhlasly öwredip, okuwçylaryna gowy täsir eder. Eger mugallym dersine parhsyz garasa, okuwçylar onuň berýän bilimini gymmat saýarmy? Mukaddes Ýazgylaryň mugallymy hökmünde biziň görkezýän göreldämiz örän wajypdyr. Isa şeýle diýdi: «Kämilleşensoň... her kes öz mugallymy ýaly bolar» (Luka 6:40).
11. Näme üçin Isa öwredýän zatlaryny gowy görýärdi?
11 Isa öwredýän zatlaryny gowy görýärdi. Ol gökdäki Atasy baradaky hakykaty, «Hudaýyň sözlerini» we «ebedi ýaşaýyş sözlerini», ýagny gymmatly bilimi adamlara aýdyp biljekdigini bilýärdi (Ýahýa 3:34; 6:68). Isanyň öwredýän hakykaty ýagty yşyk kimin, ýamanlygy paş edip, ýagşylygyň gymmatlydygyny görkezdi. Ýalan din arkaly aldanan we Iblisiň gol astynda ezilen pesgöwünli adamlara hakykat umyt hem teselli berýärdi (Res. iş. 10:38). Isanyň hakykata bolan söýgüsi, onuň diňe bir taglymatlarynda däl, eýsem, edýän ähli işlerinde-de görünýärdi.
12. Pawlus resul hoş habara nähili garaýardy?
12 Şägirtler hem Isa ýaly, Ýehowa bilen Mesih baradaky hakykaty gowy görüp, gymmat saýýardylar. Hatda olaryň duşmanlary hem hoş habary wagyz etmäge päsgel berip bilmedi. Pawlus Rimdäki imandaşlaryna şeýle ýazdy: «Elimden gelenini aýaman... Hoş Habary wagyz etmäge taýyn. Çünki men Hoş Habara utanmaýaryn, sebäbi ol her bir iman edene... Hudaýyň gutulma güýjüdir» (Rim. 1:15, 16). Pawlus hakykaty yglan etmegi uly hormat saýýardy. Ol: «Men... özüme berlen merhemetiniň sylagy saýasynda... Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny milletlere wagyz etmek... maňa berildi» diýdi (Efes. 3:7—9). Pawlusyň Ýehowa we onuň niýeti barada adamlara yhlasly okatmagyny göz öňüne getirmek kyn däl.
13. Hoş habary gowy görmäge bizde nähili sebäpler bar?
13 Hudaýyň Sözündäki hoş habar bize Ýaradyjyny tanamaga we onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga mümkinçilik berýär. Hoş habar wajyp soraglara jogap berip, durmuşy özgertmäge kömek edýär, umyt berýär we betbagtçylyga uçranymyzda goldaýar. Galyberse-de, tükeniksiz manyly ýaşaýşa ýol görkezýär. Hoş habardan has gymmatly hem wajyp bilim ýokdur. Bu gymmatly sowgat uly şatlyk berýär. Biz bu sowgady adamlar bilen paýlaşsak, has-da köp şatlyk taparys (Res. iş. 20:35).
14. Biz hoş habara bolan söýgimzi nädip artdyryp bileris?
14 Siz hoş habara bolan söýgiňizi nädip artdyryp bilersiňiz? Hudaýyň Sözüni okanyňyzda, oýlanmaga-da wagt sarp ediň. Meselem, Isa ýerde gulluk eden wagty ýa-da Pawlus resul syýahat eden döwri, siz olaryň ýanyndadygyňyzy göz öňüne getiriň. Ýa-da häzirki durmuşdan tapawutlanýan täze dünýäde ýaşaýandygyňyzy göz öňüne getirip görüň. Siz hoş habary kabul edip, nähili bereketler alandygyňyz barada oýlanyň. Siziň hoş habara bolan söýgiňiz güýçli bolsa, okadýan adamlaryňyz hem duýýar. Munuň üçin biz bilýän zatlarymyz barada çuňňur oýlanmaly we öwredýän zatlarymyza ünsli bolmaly (1 Timoteos 4:15, 16-njy aýatlary okaň).
Biz adamlary söýmeli
15. Näme üçin mugallym okuwçylaryny söýmeli?
15 Gowy mugallym okuwçylaryň özlerini rahat duýmagynyň, yhlasly okamagynyň we öz pikirini gorkman aýdyp bilmeginiň aladasyny edýär. Okuwçylaryny gowy görýän mugallym olaryň gazanan üstünligi bilen gyzyklanyp, bilim berýär. Ol okuwçylarynyň zerurlyklaryny, bilim derejesini göz öňünde tutýar we olaryň ugruny tapýar. Mugalym okuwçylaryň ukybyny we ýagdaýyny hem unutmaýar. Ol şeýle söýgüsini okuwçylara bildirse, muny olar hem duýýar, şonda geçirilen sapak hem mugallyma, hem okuwçylara şatlyk berer.
16. Isa adamlara söýgüsini nädip görkezdi?
16 Isa şeýle söýgini adamlara bildiripdi. Ol adamlary halas etmek üçin kämil janyny gurban edip, çuňňur söýgüsini görkezdi (Ýahýa 15:13). Isa ýerde gulluk eden döwründe, adamlaryň beden, esasanam, ruhy zerurlyklarynyň aladasyny edýärdi. Ol adamlaryň öz ýanyna gelmegine garaşman, hoş habary wagyz etmek üçin olaryň ýanyna barardy; käwagt ol ýüzlerçe kilometr pyýada ýörärdi (Mat. 4:23—25; Luka 8:1). Ol sabyrlydy we adamlaryň ýagdaýyna düşünýärdi. Şägirtleriniň garaýşyny düzetmeli bolanda, ol muny söýgi bilen edýärdi (Mar. 9:33—37). Ol şägirtlerine hoş habaryň gowy wagyzçysy boljakdygyna ynam bildirip, ruhlandyrýardy. Adamlaryň arasynda Isa ýaly mähirli mugallym ýokdy. Isanyň şägirtlerine bildiren söýgüsi olara Isany söýmäge we onuň buýruklaryny berjaý etmäge höweslendirdi (Ýahýa 14:15-i okaň).
17. Isanyň şägirtleri adamlara bolan söýgüsini nädip görkezdi?
17 Isa ýaly şägirtleri hem wagyz edýän adamlaryna mylakatlyk bilen söýgüsini bildirdiler. Olar adamlara hoş habary wagyz edende, agyr synaglara döz gelip, janyny howp astyna saldy. Olar ruhy taýdan kömek eden adamlaryny örän söýýärdiler! Pawlus resul şeýle täsirli sözleri ýazdy: «Biz öz çagalaryny bagryna basýan ene ýaly siziň araňyzda mylakatly gezdik. Sizi şeýle küýseýän biz size diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl-de, öz janymyzy-da bermäge razydyk. Çünki bize gaty eziz bolduňyz» (1 Sel. 2:7, 8).
18, 19. a) Biz näme üçin hoş habary wagyz etmekde höwes bilen ähli zadymyzy sarp edýäris? b) Biziň söýgimiziň adamlara täsir edýändigini mysal arkaly gürrüň beriň.
18 Şu günlerem Ýehowanyň Güwäçileri bütin dünýäde Hudaýy tanamak we oňa gulluk etmek isleýän adamlary gözleýärler. Biz soňky on ýedi ýylyň içinde, her ýyl hoş habary wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine milliardlarça sagat sarp etdik. Biz bu işe höwes bilen, wagtymyzy, güýjümizi we pul serişdämizi sarp edýäris. Isa ýaly biz hem söýgüden doly gökdäki Atamyzyň ähli adamlaryň ebedi ýaşaýşa eltýän bilim almagyny isleýändigini bilýäris (Ýahýa 17:3; 1 Tim. 2:3, 4). Biz Ýehowany tanaýşymyz we söýşümiz ýaly, akýürekli adamlaryň hem Ony tanap, söýmegine kömek edýäris. Muny etmäge bizi söýgi höweslendirýär.
19 Biziň adamlara görkezýän söýgimiz bilinmän galmaýar. Meselem, ABŞ-da ýaşaýan pioner uýamyz dogan-garyndaşlaryny ýitiren adamlara teselli beriji hat ýazýar. Bir adam uýanyň hatyna şeýle jogap ýazdy: «Nätanyş adamyň maňa hat ýazyp, kyn günlerimde ak ýürekden goldaw bermegi, ilki bada, meni geň galdyrdy. Hakykatdan-da, sizde adamlara we durmuşda görkezme berýän Hudaýa bolan söýgi bar».
20. Söýgi bilen öwretmek näme üçin wajyp?
20 Söýgi we ussatlyk bilen ajaýyp eseri döredip bolýar. Biz adamlara okuw geçenimizde, olaryň Ýehowany aňy bilen tanap, ýüregi bilen söýmäge kömek etmek isleýäris. Biz Hudaýy, hakykaty we adamlary söýmän ökde mugallym bolup bilmeýäris. Biz şeýle söýgini ösdürip we ony wagyzda görkezip, diňe bir bermekden şatlanman, eýsem, Isanyň yzyna eýermekden hem-de Ýehowanyň islegini berjaý etmekden kanagatlanýarys.
a Işaýa 54:13 Seniň ähli ogullaryň Ýehowadan bilim alar, seniň ogullaryňda bol parahatlyk bolar.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Biz adamlara hoş habary wagyz edenimizde näme üçin...
Hudaýy söýmeli?
öwredýän zadymyzy gowy görmeli?
okadýan adamlarymyzy söýmeli?