Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w09 15/8 sah. 3—7
  • Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş — Hudaýyň beren umydy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş — Hudaýyň beren umydy
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Ýaradylyş (ynsan)... puçluga tabyn boldy... (çünki) umyt bardy»
  • «Içimdäki ruh darykýar»
  • «Çukura düşmez ýaly, ony halas et!»
  • Ölüm ýerden ýok ediler
  • Hakyky dost peýdaly maslahat berýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
  • Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş — bu mesihçileriň umydymy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Umyt edip şatlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Ýehowa oňa «dostum» diýdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
w09 15/8 sah. 3—7

Ýer ýüzünde ebedi ýaşaýyş — Hudaýyň beren umydy

«Ýaradylyş (ynsan)... puçluga tabyn boldy... (çünki) umyt bardy» (RIM. 8:20, 21).

1, 2. a) Ýer ýüzündäki ebedi ýaşaýyş umydy bize näme üçin wajyp? b) Näme üçin köp adamlar ýerde ebedi ýaşaýşyň boljagyna ynanmaýar?

SIZ tizden adamlaryň garraman we ölmän ýer ýüzünde ebedi ýaşajagyny eşidip, begenendigiňizi ýada salýansyňyz (Ýahýa 17:3; Ylh. 21:3, 4). Megerem, size Mukaddes Ýazgylardaky umyt barada adamlara gürrüň bermek örän ýakymly bolandyr. Ebedi ýaşaýşa bolan umyt biziň wagyz edýän hoş habarymyzyň esasy bölegidir. Bu biziň ýaşaýşa bolan garaýşymyza täsir edýär.

2 Hristian dinleriniň köpüsi ýer ýüzünäki ebedi ýaşaýşa bolan umyda üns bermeýärler. Mukaddes Ýazgylarda janyň ölýändigi barada aýdylsa-da, buthanalaryň köpüsinde adamyň jany ölmän ruhy dünýäde ýaşaýar diýip öwredýärler (Ezek. 18:20). Şol sebäpli adamlaryň köpüsi ýer ýüzündäki ebedi ýaşaýşa ynanmaýar. Biz özümize şeýle soraglar berip bileris: «Bu umyt, hakykatdan-da, Mukaddes Ýazgylara esaslananmy? Eger şeýle bolsa, Hudaý muny ilkinji gezek adamlara haçan aýtdyka?

«Ýaradylyş (ynsan)... puçluga tabyn boldy... (çünki) umyt bardy»

3. Adamzat taryhynyň başlangyjynda Hudaýyň adamlar babatda niýeti nädip görünýärdi?

3 Adamzat taryhynyň başlangyjynda, Ýehowanyň adamlar babatda niýeti aýdyň görülýärdi. Hudaý Adam ata gulak assa, onuň ebedi ýaşajakdygyny aýtdy (Gel. çyk. 2:9, 17; 3:22). Adam atanyň ilkinji nesilleri ynsanyň kämilliginiň ýitirilendigini bilýärdi. Muny göze görnüp duran zatlar subut edýärdi: Erem bagynyň girelgesi ýapykdy we adamlar garrap, ölýärdi (Gel. çyk. 3:23, 24). Gitdigiçe, ynsanyň ömri gysgalýardy. Adam ata 930 ýyl ýaşady. Tupanda diri galan Sam 600 ýyl, ogly Arpakşad 438 ýyl ýaşady. Ybraýymyň kakasy Terah 205 ýyl, Ybraýym 175, ogly Yshak 180 we Ýakup 147 ýyl ýaşady (Gel. çyk. 5:5; 11:10—13, 32; 25:7; 35:28; 47:28). Adamlaryň köpüsi ömrüň gysgalmagynyň näme aňladýandygyna, ýagny ebedi ýaşaýşyň ýitirlendigine düşünýärdi! Ebedi ýaşaýşyň ýene-de boljagyna ynanmaga olarda sebäp bardymy?

4. Gadymy döwürdäki wepaly adamlarda Adam atanyň ýitiren berekedini Hudaýyň gaýdyp berjekdigine ynanmaga nähili sebäp bardy?

4 Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Ýaradylyş (ynsan)... puçluga tabyn boldy... (çünki) umyt bardy» (Rim. 8:20, 21). Bu nähili umyt? Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji pygamberliginde «nesliň» ýylanyň başyny tokmaklajakdygy aýdylýar (Gelip çykyş 3:1—5, 15-nji aýatlary okaň)a. Hudaýa wepaly adamlara Nesil barada pygamberlik, Onuň adamlar babatda niýetinden ýüz öwürmejekdigine umyt berýär. Habyl we Nuh ýaly adamlar bu barada bilip, Adam atanyň ýitiren berekedini Hudaýyň gaýdyp berjekdigine ynanýardy. Olar Nesliň topugynyň tokmaklanmagy, ganyň dökülmegini aňlatjakdygyna düşünen bolmaly (Gel. çyk. 4:4; 8:20; Ýew. 11:4).

5. Ybraýym direlişe ynanýandygyny nädip görkezdi?

5 Geliň, Ybraýymyň näme edendigine seredeliň. Ybraýym synalanda «Yshagy gurban hökmünde hödürledi» (Ýew. 11:17). Ol näme üçin ogluny gurban bermäge taýyndy? (Ýewreýler 11:19-y okaň). Ol direlişe ynanýardy! Onda direlişe ynanmaga sebäp bardy. Çünki Ýehowa Ybraýymyň we aýaly Saranyň garran çagynda ogly bolar ýaly mümkinçilik döredipdi (Gel. çyk. 18:10—14; 21:1—3; Rim. 4:19—21). Şeýle-de Ybraýym Hudaýyň beren sözüni unutmady. Hudaý oňa şeýle wada beripdi: «Seniň adyň Yshagyň nesliniň üsti bilen dowam eder» (Gel. çyk. 21:12). Şonuň üçin Ybraýym Hudaýyň Yshagy direltjekdigine berk ynanýardy.

6, 7. a) Ýehowa Ybraýym bilen nähili äht baglaşdy? b) Ýehowanyň Ybraýyma beren wadasy adamlara nähili umyt berýär?

6 Ybraýymyň berk imany bardy, şol sebäpli Ýehowa onuň bilen «nesli» babatda äht baglaşdy (Gelip çykyş 22:18-i okaň)b. Isa Mesih «nesliň» esasy bölegi boldy (Gal. 3:16). Ýehowa Ybraýyma: «Seniň nesliňi asman ýyldyzlarydyr deňiz ýakasynyň çägelerideý köpelderin» diýdi, ýagny Ybraýym nesliniň näçe boljagyny bilmeýär (Gel. çyk. 22:17). Emma soňra onuň sany belli boldy. Şol «nesle» Isa Mesih we Hudaýyň Patyşalygynda onuň bilen höküm sürjek 144 müň adam degişli (Gal. 3:29; Ylh. 7:4; 14:1). Hudaýyň Patyşalygy arkaly «ýer ýüzüniň ähli milletleri... pata alarlar».

7 Ybraýym Ýehowa bilen baglaşan ähtiniň ähmiýetine doly düşünmeýär. Muňa garamazdan, ol «berk esasly şähere garaşýardy» (Ýew. 11:10). Ol Hudaýyň Patyşalygydy. Ybraýym Hudaýyň Patyşalygynyň bereketlerini almak üçin direler. Şeýle-de ol ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga mümkinçilik alar. Armageddondan geçen we ölümden direlen adamlarda ebedi ýaşamaga mümkinçilik bolar (Ylh. 7:9, 14; 20:12—14).

«Içimdäki ruh darykýar»

8, 9. Näme üçin Eýýup kitabynda diňe Eýýubyň synagy barada gürrüň berilmeýär?

8 Ybraýymyň çowlugy Ýusupdan soň, Musa pygamberden öň, Eýýup atly bir adam ýaşaýar. Mukaddes Ýazgylardaky Eýýup kitaby Musa ýazan bolmaly. Ol Ýehowanyň näme üçin Eýýubyň horluk çekmegine ýol berendigini we onuň başyna inen betbagtçylyklaryň nähili tamamlanandygyny düşündirýär. Emma bu kitapda diňe bir Eýýubyň synagy däl, eýsem, bütin äleme degişli jedelli mesele barada ýazylan. Eýýup kitaby Ýehowanyň hökümdarlygynyň adalatlydygyny we ýerdäki ähli Hudaýyň gullukçylarynyň aýpsyzlygy hem-de olaryň ebedi ýaşamagy Erem bagynda orta atylan jedelli meselä baglydygyny görkezýär. Eýýup bu jedelli mesele barada bilmese-de, ol üç dostuna özüniň aýypsyzlygyny gowşatmaga ýol bermedi (Eýýup 27:5). Onuň görkezen göreldesi biziň imanymyzy berkidip, aýypsyz galmaga we Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap biljekdigimize göz ýetirmäge kömek edýär.

9 Eýýubyň üç ýalan dosty sözüni tamamlansoň, «Buzly Barakeliň ogly Elihu jogap berdi». Ony sözlemäge näme höweslendirdi? Elihu şeýle diýýär: «Sözden dolup, içimdäki ruh darykýar» (Eýýup 32:5, 6, 18). Ol Hudaý tarapyn Eýýupda berjaý bolan sözleri, ýagny onuň bar ýitiren zadyny yzyna aljakdygyny aýtsa-da, onuň sözleri başga adamlara hem degişlidi. Bu Hudaýa aýypsyz gulluk edýän adamlaryň ählisine umyt berýär.

10. Ýehowanyň bir adama aýdýan habary käwagt ähli adamlara degişlidigini nireden bilse bolýar?

10 Käwagt Ýehowanyň bir adama aýdýan habary ähli adamlara degişli bolýar. Meselem, Daniýeliň pygamberliginde Babylyň patyşasy Nebukadnezar düýş görýär. Onuň düýşünde uly agaç çapylýar (Dan. 4:10—27). Bu düýş Nebukadnezara degişli bolsa-da, onuň uly ähmiýeti bardy. Düýşden görnüşi ýaly, b. e. öň 607-nji ýyldan 2 520 ýyl geçenden soň, Dawut patyşanyň neslinden bolan patyşa bellenende, ýer ýüzünde Hudaýyň hökümdarlygy dikeldilmelidic. 1914-nji ýylda gökde Isa Mesih patyşa bolanda, ýerde Hudaýyň hökümdarlygy ykrar edildi. Hudaýa gulak asýan adamlaryň umydyny, tizden Hudaýyň Patyşalygynyň amala aşyrjagy barada oýlanyp görüň!

«Çukura düşmez ýaly, ony halas et!»

11. Biz Elihunyň aýdan sözlerinden Hudaý barada nämäni bilýäris?

11 Eýýup Elihuna jogap berip, «ynsana näme etmelidigini aýtjak müňden bir Habarçy we Töwellaçy barada» aýtdy. Eger şol Habarçy «Hudaýyň merhemeti barada ýalbarsa» näme bolar? Ine, Elihunyň aýdan sözleri: «Şonda Hudaý oňa merhemet edip, şeýle diýdi: «Çukura düşmez ýaly, ony halas et! Men töleg tapdym! Goý, onuň bedeni ýaşlyk döwründen hem juwan bolsun. Ol ýaşlyk günlerindäki güýjüne dolansyn» (Eýýup 33:23—26). Bu sözler Hudaýyň toba edýän adamlar üçin «tölegi» kabul etmäge taýynlygyny görkezýär (Eýýup 33:24).

12. Elihunyň sözleri adamlara nähili umyt berýär?

12 Belki, Elihu-da, ençeme ýyl soň pygamberlik eden Daniýel ýaly, tölegiň manysyna doly düşünen däldir (Dan. 12:8; 1 Pet. 1:10—12). Emma onuň sözlerinden görnüşi ýaly, bir wagt adamlar Hudaýyň töleg gurbanyny kabul edip, garrylykdan we ölümden halas boljagyny aýdýar. Şeýle-de onuň sözleri ebedi ýaşaýşa umyt berýär. «Eýýup» kitabynda direlişiň boljakdygy-da aýdylýar (Eýýup 14:14, 15).

13. Elihunyň sözleri mesihçiler üçin nämäni aňladýar?

13 Elihunyň sözleri zalym dünýä ýok edilende diri galmaga umyt edýän millionlarça mesihçilere-de degişlidir. Diri galanlaryň arasyndaky gartaşanlar ýaşlyk günlerine dolanarlar (Ylh. 7:9, 10, 14—17). Şeýle-de Hudaýyň wepaly gullukçylary direlen adamlaryň hem ýaşlyk günlerine dolanjagyny görmäge umyt edip, begenýärler. Isanyň töleg gurbanyna iman edip, mesh edilen mesihçiler gökde ölümsiz ýaşaýşy we «başga goýunlar» ýerde ebedi ýaşaýşy alar (Ýahýa 10:16; Rim. 6:23).

Ölüm ýerden ýok ediler

14. Ysraýyllylar ebedi ýaşaýşa umyt eder ýaly, Musanyň kanunyndan başga olara ýene näme gerekdi?

14 Hudaý bilen Ybraýymyň nesli äht baglaşyp, aýratyn millet boldy. Ýehowa olara Kanun berip, şeýle diýdi: «Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden adam aman galar (Lew. 18:5). Ysraýyllylar Musanyň Kanunyny doly berjaý etmedi, şol sebäpli Kanun olary ýazgarýardy; olara Kanunyň gargyşyndan azat bolmak gerekdi (Gal. 3:14).

15. Dawut gelejekdäki haýsy bereket barada ýazdy?

15 Ýehowa Musadan soň Mukaddes Ýazgylary ýazan başga adamlary hem ebedi ýaşaýşa bolan umyt barada belläp geçmegi ylhamlandyrdy (Zeb. 21:4; 37:29). Meselem, mezmurçy Dawut Sion dagynda hak Hudaýa sežde edýän adamlaryň agzybirligi barada ýazan mezmuryny şeýle sözler bilen tamamlady: «Çünki ol ýerde Reb bereket, ebedi ýaşaýyş bolsun diýip, tabşyryk berdi» (Zeb. 133:3).

16. Ýehowa Işaýa arkaly «bütin ýer ýüzünde» näme etjekdigini aýtdy?

16 Ýehowa ýerde ebedi ýaşaýyş baradaky pygamberligi Işaýa ýazdyrtdy (Işaýa 25:7, 8-nji aýatlary okaň)d. Günä we ölüm «örtgi» kimin, adamlara agram salýar. Ýehowa öz halkyna «bütin ýer ýüzünden» günäni we ölümi ýok etjekdigini aýtdy.

17. Isa Mesih ebedi ýaşaýşa ýoly nädip açar?

17 Geliň, günäni alyp gidýän erkeç barada Musanyň Kanunynda näme diýilýänine seredeliň. Ýylda bir gezek günäden saplanma güni baş ruhany erkejiň başyna iki elini goýup, ysraýyl halkynyň bar günälerini aýdyp, olaryň günäsini geçä geçirýärdi; erkeç olaryň ähli ýazyklaryny göterip, çöle äkidýärdi (Lew. 16:7—10, 21, 22). Işaýa şeýle ýumşy ýerine ýetirjek Isa Mesihiň geljekdigi barada pygamberlik etdi. Isa «köp adamyň günäsini», «keselini», «agyrysyny» äkidip, ebedi ýaşaýşa ýol açar (Işaýa 53:4—6, 12-nji aýatlary okaň)e.

18, 19. Işaýa 26:19-da we Daniýel 12:13-de nähili umyt barada aýdylýar?

18 Ýehowa ysraýyl halkyna Işaýa arkaly şeýle diýdi: «Seniň ölüleriň direler. Biziň öli bedenimiz ýerden galar. Eý toprakda ýatanlar, oýanyň we şatlykly gygyrşyň! Seniň çygyň malwanyň çygy kimindir; ýer ölülerini tabşyrar» (Iş. 26:19). Töwrat, Zebur we Pygamberler kitabynda ýer ýüzünde direlişiň hem ýaşaýşyň boljagy aýdyň görkezilýär. Meselem, Daniýel pygamber 100 ýyl ýaşanda, Ýehowa oňa: «Sen dynç alarsyň, emma soňky günlerde sen bijäňi almak üçin turarsyň» diýdi (Dan. 12:13).

19 Marta hem direlişiň boljagyna ynanýardy. Şol sebäpli ol ölen dogany barada Isa şeýle diýdi: «Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin» (Ýahýa 11:24). Bu umyt Isanyň taglymatlarynda we şägirtleriniň ýazan sözlerinde üýtgedildimi? Ýehowa henizem adamlara ýer ýüzünde ebedi ýaşaýşy bermekçimi? Biz şu soraglaryň jogabyny indiki makalada bileris.

a Gelip çykyş 3:1 Ýylan Reb Hudaýyň ýaradan haýwanlarynyň hemmesinden mekirdi. Ýylan aýaldan: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady. 2 Aýal ýylana şeýle jogap berdi: «Bagdaky agaçlaryň miwelerinden iýmäge biziň ygtyýarymyz bar. 3 Ýöne Hudaý: «Siz bagyň ortasyndaky agajyň miwesinden iýmelem dälsiňiz, oňa degmelem dälsiňiz, ýogsam ölersiňiz diýdi». 4 Ýylan aýala şeýle diýdi: «Ýok, ýok! Ölmersiňiz. Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy bilýär». 15 «Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasynda, duşmançylyk salaryn Men. Onuň nesli seniň kelläňi owradar, sen bolsaň, onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.

b Gelip çykyş 22:18 «Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar» diýdi.

c «Daniýeliň pygamberligine üns beriň!» atly kitabyň (rusça) VI babyna serediň.

d Işaýa 25:7 Ol bu dagda halklary örtýän örtgini we ähli milletleriň ýüzüne ýapylan perdäni ýok eder. 8 Ol ölümi ebedilik ýok eder. Hökümdar Ýehowa ähli ýüzden gözýaşlary süpürer. Ol bütin ýer ýüzünde halkynyň aýybyny aýyrar, çünki muny Ýehowa aýdýar.

e Işaýa 53:4 «Biziň syrkawçylyklarymyzy Ol ýük edindi we agyrylarymyzy çekdi; onda-da biz Ony Hudaý urup, azaba we muşakgata duçar edendir diýip pikir etdik. 5 Emma Ol biziň jenaýatlarymyzdan ýaňa ýaralanyp, biziň ýazyklarymyzdan ötri ejir çekipdi; bize parahatlyk getiren jeza onuň başyna geldi; biz onuň ýaralaryndan şypa tapdyk. 6 Ählimiz goýun kimin azaşdyk; her birimiz öz ýolumyza sowuldyk; Ýehowa bolsa ählimiziň günämizi onuň üstüne ýükledi. 12 Şol sebäpli oňa milletleriň arasyndan miras bererin; ol oljasyny güýçlüler bilen paýlaşar; çünki ol janyny ölüme tabşyrdy we şer iş edýänlerden saýyldy; ol köp adamyň günälerini öz üstüne aldy we jenaýatçylaryň tarapynda durdy.

Siz nähili düşündirersiňiz?

• «Puçluga tabyn» bolan ýaradylyşyň, ýagny adamlaryň nähili umydy bar?

• Ybraýym direlişe iman edýändigini nädip görkezdi?

• Elihunyň Eýýuba aýdan sözleri adamlara nähili umyt berýär?

• Töwrat, Zebur we Pygamberler kitabynda ýerde direlişiň hem ebedi ýaşaýşyň boljakdygyny nädip görkezilýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş