«Çaganyň ruhy taýdan ösmäge hukugy»
IKI MÜŇ sekizinji ýylyň dekabr aýynyň dokuzynda Şwesiýadaky çaganyň hukugy akademiýasynda çaganyň ruhy taýdan ösmäge haklydygy barada seminar geçirildi. Onda Şwesiýa buthanasynyň, yslam dininiň wekilleri we gumanistler, ýagny dine uýmaýan adamlar çykyş edip, birnäçe pikiri orta atdylar.
Çykyş edenleriň arasynda bir ruhany şeýle diýdi: «Çaganyň ruhy taýdan ösmegi üçin Mukaddes Ýazgylardaky hekaýalaryň uly ähmiýeti bar. Bu hekaýalar ýaly hiç kim aýdyň we dogry düşündirip bilmeýär». Mukaddes Ýazgylardaky parçalar nädip çagalaryň ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrýar?
Şol ruhany çagalar özbaşdak pikirlenip, oýlanar ýaly «Adam ata bilen How ene, Kabyl bilen Habyl, Dawut bilen Golýat, Isanyň dogluşy, salgytçy Zakkaý» ýaly hekaýalary we «ýiten ogul hem oňat samariýaly adam barada tymsallary» okamagy teklip etdi. Bu adamlaryň mysallary çaganyň pikirine täsir edip, adamyň durmuşynda haýynlyk, geçirimlilik, ýaraşmak, ýigrenç, ahlak taýdan bozuklyk, ylalaşmak, doganlyk söýgüsi we ak ýürekden söýgi ýaly wajyp meselelerde görkezme berýär». Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Çagalar durmuşynda bu adamlaryň mysallaryndan sapak edinse, olara gowy täsir eder we peýdaly bolar».
Elbetde, Mukaddes Ýazgylary okamaga höweslendirmek wajyp. Emma, çagalar Mukaddes Ýazgylardan okan zatlary barada «özbaşdak pikirlenip we oýlanyp», dogry netijä gelip bilýärmi?
Hatda uly adamlara hem Mukaddes Ýazgylardaky parçalary düşündirmeli bolýar. Meselem, Mukaddes Ýazgylarda özbaşdak oýlanyp, düşünmedik bir adam barada aýdylýar. Bu adam hebeşli wezirdi. Ol Işaýanyň pygamberligini okap, onuň manysyna düşünmedi. Wezir Filipusdan pygamberiň aýdan sözlerini düşündirmegi haýyş etdi (Res. iş. 8:26—40). Diňe bir wezire däl, eýsem biziň ählimize, esasanam, çagalara Mukaddes Ýazgylary düşündirmeli.
Mukaddes Ýazgylarda bize: «Akylsyzlyk çaganyň ýüreginde kök urandyr» diýlip, duýduryş berilýär (Sül. tym. 22:15). Çagalara nesihat we maslahat bermeli. Ata-eneler Mukaddes Ýazgylaryň we ýygnak duşuşyklarynda öwredilýän zatlaryň esasynda çagalaryna ruhy we ahlak taýdan terbiýe bermäge borçly. Çagalaryň şeýle terbiýe almaga haky bar. Çagalar «kemala gelip, ýagny saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirilip, terbiýelener» ýaly, çagalykdan ruhy taýdan ösmegi üçin, olara Mukaddes Ýazgylardan çuňňur bilim almaga kömek etmeli (Ýew. 5:14).