Biz synaglara döz gelip, Ýehowa bil baglamagy öwrendik
Gürrüň beren Ada Dello Stritto
Men edil şu wagt gündeki aýady depderçäme ýazyp boldum. Men 36 ýaşymda, ýöne şu birnäçe setiri ýazmak üçin iki sagat wagt sarp etdim. Näme üçin şeýle köp wagt gerek bolduka? Ejem muny düşündirer— Joýel
MEN ýanýoldaşym bilen 1968-nji ýylda suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň Güwäçisi boldum. Dawut we Markus atly iki sagdyn ogul dogransoň, üçünji oglum, Joýel dünýä indi. Ol 1973-nji ýylda Brýussel şäherinden takmynan 60 km günortada ýerleşýän Belgiýanyň Benş şäherindäki keselhanada biwagt doguldy. Onuň agramy 1 kg 700 gramdy. Men keselhanadan çykandan soň, Joýel biraz semremelidi.
Bir hepdeden soň oglumyzyň ýagdaýy gowulaşmandygy üçin, ärim Luiji bilen ony çaga lukmanyna görkezdik. Lukman Joýeli barlap bolansoň: «Meni bagyşlaň welin, Joýelda doganlarynda bolmadyk kemçiligi bar» diýdi. Aramyza uzak wagtlap dymyşlyk aralaşdy. Men şonda kiçi oglumyzyň ýagdaýynyň agyrdygyna düşündim. Soňra lukman ýoldaşymy bir gyra çekip: «Siziň çagaňyzyň hromosomynyň 21-nji jübüti üçem» diýdi. Muňa Daun keseli diýilýära.
Biz çaga lukmanynyň goýan diagnozyna gynanyp, başga lukman bilen maslahatlaşmakçy bolduk. Ol kiçijik Joýeli sesini çykarman bir sagada golaý gowy barlady. Şol pursat adamym we meniň üçin diýseň uzaga çekdi. Ahyry lukman bize seretdi-de, şeýle diýdi: «Çagaňyz size örän bagly bolar». Soňra ol mähirli ses bilen: «Emma Joýel bagtly bolar, çünki ata-enesi ony söýýär ahyryn!» diýdi. Men tolgunyp, Joýeli mähirli elime aldym we biz öýümize gaýtdyk. Şol wagt ol sekiz hepdelikdi.
Ýygnak we wagyz gullugy bizi goldaýar
Indiki medisina barlagy Joýeliň ýüreginde kemçiligiň we agyr rahit keseliniň bardygyny görkezýär. Onuň ýüregi örän uly bolany üçin öýkenini gysyp, ýokanç keseli bilen keselläp bilerdi. Joýele dört aý hem bolmanka, öýken çişme (pnewmoniýa) bilen keselledi we keselhana ýatyrylyp, aýrybaşga saklanyldy. Onuň çekýän ejirini görüp biz gaty gynandyk. Biz ony elimize alyp, bagrymyza basasymyz gelýärdi, emma şol hasratly on hepdede oňa elimizi degirmäge rugsat berilmedi. Men Luiji bilen onuň ýüzüne seretmekden başga hiç zat edip bilmeýärdim, şonuň üçin biri-birimizi gujaklap, Ýehowa doga edýärdik.
Şol wagtlar biz Dawut we Markus bilen ýygnaklara barýardyk. Olaryň biri 6 beýlekisi bolsa, 3 ýaşyndady. Patyşalyk zalynda biz özümizi Ýehowanyň mähirli elinde ýaly duýýardyk. Şol sagatlar biz dogan-uýalaryň arasynda bolup, ýükümizi Ýehowanyň üstüne taşlap, kalbymyzda rahatlyk duýýardyk (Zeb. 55:22). Hatda Joýele seredýän şepagat uýalary ýygnak duşuşyklarynyň bizi ruhlandyrýandygyny görýärdiler.
Şeýle-de şol günler men wagyz etmäge güýç berer ýaly, Ýehowa ýalbardym. Men öýde oturyp aglamagyň deregine, Hudaýyň keselsiz ýaşaýyş berjekdigine ynanýandygymyň näme üçin maňa güýç berýändigini adamlara gürrüň beresim gelýärdi. Her sapar wagyz edenimde, Ýehowanyň meniň dogalaryma jogap berýändigini duýýardym.
«Bu gudrat!»
Joýeli keselhanadan getirende, biziň üçin iň şatlykly gündi! Emma ertirki gün şatlygymyz gaýga öwrüldi. Joýeliň ýagdaýy birden erbetleşdi we biz ony ýene-de keselhana äkitdik. Lukman ony barlansoň: «Joýel alty aýdan uzaga çekmez» diýdi. Lukmanyň aýdyşy ýaly dört aý geçensoň, Joýel ýedi aýlaryndaka, onuň ýagdaýy erbetleşdi. Lukman biziň bilen oturyp, şeýle diýdi: «Meni bagyşlarsyňyz welin, biz Joýele hiç zat edip bilmeýäris. Ýöne oňa diňe Ýehowa kömek edip biler».
Soňra men Joýeliň palatasyna bardym. Men halys ýadasam-da, onuň ýanyndan aýrylmazlygy ýüregime düwdüm. Birnäçe uýalar meniň bilen gezekme-gezek oňa seretmäge kömek etdiler Luiji bolsa, iki uly ogluma seredýärdi. Şeýdip bir hepde geçdi. Soňra birden Joýeliň ýüreginden tutdy. Şepagat uýalary palata kürsäp girdiler, ýöne oňa kömek edip bilmediler. Birnäçe minut geçensoň, olaryň biri ýuwaşlyk bilen: «Joýel aýrylaýdy» diýdi. Men muňa çydap bilmän, aglap palatadan çykyp gitdim. Ýehowa doga etjek boldum welin, ahy-nalamy aýdara söz tapmadym. On bäş minutlardan şepagat uýasy meni çagyryp: «Joýel özüne geldi!» diýdi-de, elimden tutup: «Ýörüň, siz ony görüp bilersiňiz» diýdi. Men Joýeliň ýanyna baranda, onuň ýüregi ýene-de urýardy! Bu täzelik derrew ýaýrady. Şepagat uýalary we lukmanlar ony görmäge gelip: «Bu gudrat!» diýişdiler.
Joýeliň dört ýaşynda eden üstünligi
Çaga lukmany bize Joýeli bäbekliginden başlap «örän gowy görmelidigini» köplenç ýatladýardy. Joýel doglandan bäri men Luiji bilen Ýehowanyň söýgüsini aýratynam duýandygymyz üçin, biz hem oglumyz hakynda mähirli alada etmek isleýärdik. Muňa bizde ençeme mümkinçilik bardy, çünki ol hemme taraplaýyn kömegimize mätäçdi.
Joýel tä ýedi ýaşaýança her ýyl şu wakalar yzygiderli bolup geçdi. Oktýabr we mart aýlary aralygynda onuň keselden ýaňa gözi açylmady we biz ony ýene-de keselhana ýatyrdyk. Şonda men mümkin boldugyndan ogullarym Dawut we Markus bilen köpräk bile wagt geçirmäge jan edýärdim. Olar bolsa, Joýeliň üstünlikler etmegine ýardam edýärdiler we bu gowy netijeler berdi. Mysal üçin, birnäçe lukman Joýel hiç haçan ýöremez diýipdi. Emma günleriň biri Joýel dört ýaşyndaka, oglum Markus: «Joýel gel, ejeme näme edýäniňi görkez!» diýdi. Joýeliň äden ilkinji ädemlerine men diýseň haýran galdym! Biz şeýle begendik welin, maşgalamyz bilen Ýehowa doga edip, ýürekden minnetdarlyk bildirdik. Joýel sähelçe üstünlikler edende hem biz hemişe ony mähir bilen öwýärdik.
Joýele bäbeklikden Ýehowa barada öwretmek gowy netije berdi
Biz mümkin boldugyndan Joýeli Patyşalyk zalyna ýygnaklara äkidýärdik. Ony kesellemez ýaly, mikroblardan goramak üçin dury plastik çeholly ýörite kolýaskada oturdýardyk. Ol şol ýapyk kolýaskada otursa-da, ýygnaga gatnaşmagy gowy görýärdi.
Imandaş dogan-uýalarymyz bize söýgi bildirip we kömek berip, ruhlandyrýardylar. Bir dogan bize ýygy-ýygydan Işaýa 59:1-däki: «Halas edip bilmez ýaly, Ýehowanyň eli gysga däl, eşitmez ýaly onuň gulagy ker däl» diýlen sözleri ýatladýardy. Bu göwünlik berýän sözler bize Ýehowa bil baglamaga kömek edýärdi.
Biz Joýel ulaldygyça, Ýehowa köpräk gulluk eder ýaly oňa ýardam berýärdik. Her bir mümkinçilikden peýdalanyp, gökdäki Atasyna söýgüsini artdyrmak üçin, oňa Ýehowa barada gürrüň bererdik. Hudaý barada öwreden zatlarymyz gowy miwe berer ýaly, edýän tagallamyza Ýehowanyň ak pata bermegini dileýärdik.
Joýel ýetginjek ýaşyna ýetende, Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty adamlara gürrüň bermegi halaýandygyny görüp begendik. Ol 14 ýaşynda agyr operasiýadan soň gutulyp başlanda: «Eje, men operasiýa eden lukmana «Ebedi ýaşaýyş» diýen kitaby bersem bolýarmy?» diýip soranda, men gaty begendim. Birnäçe ýyldan soňra, Joýele ýene-de operasiýa etmeli boldy. Biz ol diri galar öýtmeýärdik. Joýel operasiýadan öň bile ýazan hatymyzy lukmana berdi. Ol hatynda gana bolan garaýşyny düşündirdi. Hirurg Joýelden: «Senem razymy?» diýip soranda, ol: «Hawa, lukman» diýip pert jogap berdi. Biz oglumyzyň Ýaradyjysyna bil baglaýanyna we oňa ýaranmak isleýänine guwanýardyk. Şeýle-de medisina işgärlerine goldandygy üçin örän minnetdar.
Joýel ruhy taýdan ösýär
Joýel 17 ýaşynda özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyryldy. Biz ol güni hiç haçan ýatdan çykarmarys! Onuň ruhy taýdan ösýänini görüp, biziň begenjimiziň çägi ýokdy. Şondan bäri, onuň Ýehowa bolan söýgüsi we hakykata yhlasy sowamady. Her ýygnak duşuşygynda ol: «Hakykat bu meniň durmuşymdyr!» diýmegi gowy görýär.
Joýel ýetginjek ýaşynda okamagy we ýazmagy öwrendi. Munuň üçin ol tagalla baryny etdi. Her bir kiçi sözi gowy ýazmak onuň üçin uly üstünlikdi. Şondan bäri ol her gün irden «Ýazgylary her gün öwrenýäris» atly broşýuradan gündeki aýady okaýar. Soňra ol gündeki aýady depderçesine göçürmek üçin jan edýär. Häzir onuň depderçesinde ençeme aýatlar bar!
Joýel ýygnak geçirilýän günler dogan uýalary mähirli garşy almak isleýär, şonuň üçin Patyşalyk zalyna irräk barýar. Ýygnakda ol jogap bermegi we sahnalara gatnaşmagy gowy görýär. Şeýle-de ol dogan-uýalara mikrofon tutup hyzmat edýär we başga ýumuşlary ýerine ýetirýär. Her hepde saglygy gowy bolsa, ol biziň bilen wagyz edýär. 2007-nji ýylda Joýeliň gulluk hyzmatçysy bolandygy ýygnakda bildiriş edildi. Biz begenjimizden ýaňa agladyk. Ýehowa, gör, nähili ak pata berdi!
Biz Ýehowanyň kömegini duýýarys
Biz 1999-njy ýylda başga bir synaga uçradyk. Biziň maşynymyz seresapsyz bir sürüjiniň maşyny bilen çaknyşdy we Luijä agyr zeper ýetdi. Onuň bir aýagyny kesip aýyrdylar we oňurgasynda birnäçe agyr operasiýa etdiler. Biz ýene-de Ýehowa bil baglap, onuň gullukçylaryna güýç berýändigini duýduk (Flp. 4:13). Luijiň maýyplygyna garamazdan, biz dogry garaýyşda bolmaga çalyşdyk. Ol işläp bilmeýändigi üçin, onuň Joýele seretmäge wagty kän. Bu maňa wagza, ýygnak duşuşyklaryna yhlasly gatnaşmaga we şahsy okuwy köpräk geçmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de Luiji maşgalamyzyň we ýygnagymyzyň ruhy zerurlyklarynyň köp aladasyny edýär, sebäbi ol ýygnakda ýaşulular maslahatynyň koordinatory bolup gulluk edýär.
Biz şeýle üýtgeşik ýagdaýa düşenimiz üçin maşgalamyz bilen köp wagtymyzy geçirýäris. Wagtyň geçmegi bilen, biz özümizden köp zady talap etmän, paýhasly bolmagy öwrendik. Biz ruhdan düşen wagty Ýehowa doga edip, içimizi dökýäris. Gynansak-da, ogullarymyz Dawut we Markus ulalansoň, öýden gidip, kem-kemden Ýehowa gulluk etmegini bes etdiler. Biz olar Ýehowa dolanar diýip, umyt edýäris (Luka 15:17—24).
Biz ençeme ýyllap Ýehowanyň kömek edýänini duýduk we ähli kynçylyklarda oňa bil baglamagy öwrendik. Işaýa 41:13-däki: «Men, seniň Hudaýyň Ýehowa, sag eliňden tutýaryn we «Gorkma, men saňa kömek ederin» diýýärin» diýen sözlerini biz has gymmat saýýarys. Ýehowanyň elimizden tutýandygy bize göwünlik berýär. Dogrudan-da, biz synaglara döz gelip, gökdäki Ýehowa Atamyza bil baglamagy öwrendik diýip bileris.
a Hromosomyň 21-nji jübüti üçem bolanda adam dogabitdi akyl taýdan haýal ösýär. Adatça, hromosomlar jübüt-jübütden bolýar, ýöne üçem hromosomly doglan çagada biri artyklyk edýär. 21-nji hromosom üçem bolanda, şol hromosoma şikes ýetýär.