Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/9 sah. 12—16
  • Hakyky din agzybirligi bilen tapawutlanýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hakyky din agzybirligi bilen tapawutlanýar
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hakyky din adamlary nädip agzybir edýär?
  • Ruhy görkezmäni diňe Ýehowa berýär
  • Ulumsylyga we göripçilige garşy göreşiň
  • Hristian dünýäsindäki agzalalyk
  • Hakyky din milletparazlygy ýeňer
  • Mesihçileriň agzybirligi Hudaýa şöhrat getirýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Şu günler agzybir sežde etmek näme aňladýar?
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/9 sah. 12—16

Hakyky din agzybirligi bilen tapawutlanýar

«Goýun agylyndaky süri ýaly, olary bir ýere jemlärin». (Mika 2:12)

1. Hudaýyň ýaradan zatlary arkaly onuň akyldarlygy nädip görünýär?

MEZMURÇY: «Ýa Reb, Seniň işleriň nähili köp! Sen olaryň ählisini akyldarlyk bilen etdiň; ýer Seniň baýlygyňdan doly» diýip ýazdy (Zeb. 104:24). Hudaýyň akyldarlygy çylşyrymly janly tebigatdaky millionlarça ösümlikleriň, mör-möjekleriň we haýwanlaryň özara baglanyşykly ýaşaýşyndan görünýär. Şeýle-de biziň bedenimizdäki dürli-dürli müňlerçe uly organlardyr kiçijik öýjükler özara sazlaşykly işleşip, sag-aman ýaşamaga ýardam edýär.

2. I asyrda ýaşan mesihçileriň agzybirligi näme üçin köpleri haýran galdyran bolmaly?

2 Ynsan maşgalasynda dürli jynsly, häsiýetli hem ukyply adamlar bar. Emma Hudaý ilkinji ynsan jübütini sazlaşykly we bir-birine bagly ýaşar ýaly, Özüne mahsus häsiýetler bilen ýaratdy (Gel. çyk. 1:27; 2:18). Ýöne adamlar Hudaýdan daşlaşyp, agzybirlige ýetip bilmediler (1 Ýahýa 5:19). Geliň, indi I asyrdaky mesihçiler ýygnagy barada gürrüň edeliň. Ol ýygnak her dürli adamlardan, ýagny gullardan, abraýly grek aýallaryndan, sowatly ýehudylardan we öňki butparazlardan ybaratdy. Olaryň agzybirligi köpleri haýran galdyran bolmaly (Res. iş. 13:1; 17:4; 1 Sel. 1:9; 1 Tim. 6:1).

3. Mesihçileriň agzybirligi Injilde nähili suratlandyrylýar we biz haýsy sowallara serederis?

3 Hakyky din bir bedeniň agzalary ýaly Hudaýa agzybir gulluk etmäge ýardam edýär (1 Korintoslylar 12:12, 13-nji aýatlaryny okaň). Biz şu makalada şeýle soraglara serederis: Hakyky din adamlary nädip agzybir edýär? Dürli milletli millionlarça adamlary näme üçin diňe Ýehowa jebisleşdirip bilýär? Agzybir bolmaga näme päsgel berýär we ony ýeňmäge Ýehowa nädip kömek edýär? Mesihçiler hristian dünýäsinden näme bilen tapawutlanýar?

Hakyky din adamlary nädip agzybir edýär?

4. Hakyky din adamlary nädip agzybir edýär?

4 Hakyky dine uýýan adamlar ähli zady Ýehowanyň ýaradandygyna we onuň älemiň hökümdarygyna ynanýarlar (Ylh. 4:11). Şeýlelikde, mesihçiler köp ýurtlarda we dürli ýagdaýlarda ýaşasalar-da, Hudaýyň kanunlaryny berjaý edýärler we Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerýärler. Olar Ýehowa «Atamyz» diýip ýüzlenýärler (Iş. 64:8; Mat. 6:9). Diýmek, olaryň ählisi ruhy doganlar bolup, agzybir ýaşaýarlar. Bu barada mezmurçy şeýle diýýär: «Doganlaryň bile (agzybir, TD) ýaşamagy, gör, nähili gowy, nähili ýakymly!» (Zeb. 133:1).

5. Hakyky dine uýýan adamlara agzybir bolmaga näme kömek edýär?

5 Mesihçiler bikämil bolsa-da, olar birek-biregi söýmegi öwrenip, Hudaýa agzybirlikde sežde edýärler. Ýehowa ýaly hiç kim söýmegi öwredip bilmeýär (1 Ýahýa 4:7, 8-nji aýatlary okaň). Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Biri-biriňize mähriban, gamhor boluň, Hudaýyň sizi Mesihde bagyşlaýşy ýaly, siz hem biri-biriňizi bagyşlaň» (Efes. 4:32). Şeýle-de Injilde bize söýgini geýmek barada maslahat berilýär, çünki ol «kämil birligiň bagydyr» (Kol. 3:14). Kämil birligiň bagy bolan söýgi mesihçileri düýbünden tapawutlandyrýan häsiýetdir. Sen hem hakyky diniň agzybirligi bilen tapawutlanýandygyna göz ýetirensiň? (Ýahýa 13:35).

6. Hudaýyň Patyşalygyna bolan umyt bize agzybir bolmaga nädip kömek edýär?

6 Şeýle-de hakyky dine uýýan adamlar Hudaýyň Patyşalygyny adamzadyň ýeke-täk umydy hasaplaýarlar. Olar Hudaýyň Patyşalygynyň tizden ynsan hökümetlerini ýok edip, gulak asýan adamlara hakyky, tükenmez parahatçylygy berjekdigine ynanýarlar (Iş. 11:4—9; Dan. 2:44). Şol sebäpli mesihçiler Isanyň şägirtlerine: «Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar-da dünýäden däldirler» diýen sözlerine aýratyn üns berýärler (Ýahýa 17:16). Mesihçiler bu dünýäniň dawalaryna goşulmaýarlar. Ýaşaýan ýerinde uruş bolsa-da, olar agzybirligi saklaýarlar.

Ruhy görkezmäni diňe Ýehowa berýär

7, 8. Mukaddes Ýazgylardaky görkezme biziň agzybir bolmagymyza nädip ýardam edýär?

7 I asyrda ýaşan mesihçiler agzybirdiler, sebäbi olaryň ählisine bir görkezme berilýärdi. Olar Iýerusalimdäki resullardan we ýaşululardan ybarat bolan Ýolbaşçylyk maslahaty arkaly Isanyň tälim hem görkezme berýändigine düşünýärdiler. Bu wepaly mesihçiler Hudaýyň Sözüne esaslanyp karara gelýärdiler we olary aýlanýan gözegçiler arkaly ýygnaklara ýetirýärdiler. Bu barada Injilde şeýle diýilýär: «Olar şäherleriň içinden geçip, doganlara Iýerusalimdäki resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara eýermekligi tabşyrýardylar» (Res. iş. 15:6, 19—22; 16:4).

8 Şu günler hem mesh edilen mesihçilerden ybarat bolan Ýolbaşçylyk maslahaty bütin dünýädäki ýygnagyň agzybir bolmagyna ýardam edýär. Ýolbaşçylyk maslahaty dürli dilde ruhlandyryjy edebiýatlary çap edýär. Bu ruhy iýmit Hudaýyň Sözüne esaslanýar. Şol sebäpli olar adamdan däl-de, Ýehowadandyr! (Iş. 54:13).

9. Hudaýyň tabşyran ýumşy bize agzybir bolmaga nädip kömek edýär?

9 Şeýle-de ýygnakdaky gözegçi doganlar wagyz işine ýolbaşçylyk edip, agzybirlige ýardam edýärler. Hudaýa bilelikde gulluk edýän adamlaryň dostlukly gatnaşygy bu dünýädäki adamlaryň gatnaşygyndan tapawutlanýar. Mesihçiler ýygnagy adamlaryň diňe bir agzybir bolmagy üçin däl-de, eýsem, Ýehowany şöhratlandyrmak, hoş habary wagyz etmek, şägirt taýýarlamak we ýygnagy abatlamak üçin döredildi (Rim. 1:11, 12; 1 Sel. 5:11; Ýew. 10:24, 25). Şonuň üçin Pawlus resul hem mesihçileriň bir ruhda berk durup, Hoş Habara bolan iman üçin bir jan bolup göreşmegini» isleýärdi (Flp. 1:27).

10. Hudaýyň halky näme üçin agzybir?

10 Hawa, Ýehowanyň halky agzybir. Sebäbi biz Ýehowanyň hökümdarlygyny ykrar edýäris, doganlary söýýäris, Hudaýyň Patyşalygyna umyt edýäris we Hudaýyň bellän gözegçilerine gulak asýarys. Bikämillik agzybirligi bozmaz ýaly, Ýehowa bize käbir häsiýetlere garşy göreşmäge kömek edýär (Rim. 12:2).

Ulumsylyga we göripçilige garşy göreşiň

11. Näme üçin ulumsylyk adamlary agzala edýär we oňa garşy göreşmäge Ýehowa nädip kömek berýär?

11 Ulumsylyk adamlaryň arasynda agzalalyk döredýär. Ulumsy adam özüni ýokary tutup, köplenç öwünmek bilen öz göwnüni hoşlaýar. Ýöne şeýle häsiýet agzybir bolmaga päsgel berýär, çünki öwünjeňlik adamlarda bahyllyk döredýär. Bu barada Ýakup şägirt: «Beýle magtanmalaryň bary erbetdir» diýdi (Ýakup 4:16). Şeýle adam başgalary kemsidip, olary söýmeýändigini görkezýär. Ýehowa bikämil adamlar bilen Özüni kiçigöwünli alyp baryp, bize ajaýyp görelde görkezýär. Dawut şeýle ýazýar: «Sen (Hudaý) kiçigöwünliligiň bilen meni beýgeldýärsiň» (2 Sam. 22:36). Hudaýyň Sözi bize dogry düşünjeli bolmagy öwredip, ulumsylyga garşy durmaga kömek edýär. Pawlus şeýle soraglar berýär: «Kim seni beýlekilerden parhly edýär? Almadyk nämäň bar? Alan bolsaň, almadyk ýaly, öwünmäň näme?» (1 Kor. 4:7).

12, 13. a) Näme üçin göripçilik adama mahsus? b) Adamlara Ýehowanyň garaýşy ýaly garamak näme üçin peýdaly?

12 Göripçilik hem agzybir bolmaga päsgel berýär. Biz bikämil, şol sebäpli göripçilik etmek adama mahsusdyr (Ýakup 4:5). Hatda ençeme ýyldan bäri mesihçi bolup gulluk edýän doganlar başgalaryň ýaşaýşyna, emlägine, üstünligine, ukybyna göripçilik etmegi mümkin. Meselem, maşgalaly dogan pioner doganyň edýän işlerine göripçilik edýändir. Pioner dogan bolsa maşgalaly, çagaly dogana biraz bahyllyk edýär. Biz agzybirligi bozýan göripçiligi nädip ýeňip bileris?

13 Ýadyňda bolsa, Injilde mesh edilen mesihçiler ýygnagy bedeniň agzalary bilen deňeşdirilýär. Bu barada oýlansak, göripçilige garşy göreşmäge kömek eder (1 Korintoslylar 12:14—18-nji aýatlary okaň). Meselem, gözüňi görüp, ýüregiňi görmeseň-de, olaryň ikisi-de saňa wajyp dälmi näme? Şonuň ýaly-da, ýygnakda käbir doganlaryň ady has belli bolsa-da, Ýehowa ýygnagyň ähli agzalarynyň gadyry bilýär. Geliň, biz hem doganlara Ýehowanyň garaýşy ýaly garalyň. Şonda imandaşlara göripçilik etmän, olaryň aladasyny edip, içgin gyzyklanarys. Şeýdip, mesihçileriň hristian buthanalarynyň agzalaryndan tapawutlanýandygyny görkezeris.

Hristian dünýäsindäki agzalalyk

14, 15. Imandan dänen hristiançylyk nädip bölündi?

14 Mesihçileriň agzybirligi hristian buthanasyndaky dawalardan tapawutlanýar. IV asyrda imandan dänen hristiançylyk dini giňden ýaýrap başlady. Hatda Rimiň butparaz imperatory hem ony kabul edip, gol astyna alýar we ýalan diniň has-da ýaýramagyna ýardam edýär. Soňra döwletleriň köpüsi Rimden aýrylyp, öz milli buthanalaryny döredýär.

15 Olaryň köpüsi asyrlaryň dowamynda biri-birine garşy söweşdiler. XVII we XVIII asyrlarda Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň we ABŞ-nyň halky watana wepaly bolmak düşünjäni öňe sürüp başladylar. Netijede, watanyňa we milletiňe buýsanmak hem dine öwrüldi. XIX we XX asyrlarda bolsa, bu düşünjä köp adamlar eýerip başladylar. Şeýlelikde, hristian buthanalary ençeme dini toparlara bölündi, olaryň köpüsi milletparazlygy goldaýarlar. Hatda buthana agzalary başga döwletdäki dindeşlerine garşy söweşdiler. Şu günler hem hristian dünýäsinde milletparazlyk we dürli taglymatlar sebäpli agzybirlik ýok.

16. Hristian dünýäsi haýsy meseleler sebäpli agzala?

16 XX asyrda käbir hristian toparlary dinleri birleşdirmäge jan etdiler. Olar onlarça ýyl tagalla etseler-de, bary-ýogy birnäçe buthana birleşdi. Sebäbi olar ewolýusiýa, abort, gomoseksuallyk we aýallara ruhanylyk derejesini bermek ýaly meselelerde, bir pikire gelip bilmeýärler. Hristian dünýäsiniň käbir buthana ýolbaşçylary dürli dini toparlara gatnaşýan adamlary özüne çekmek üçin, agzalalyk döredýän taglymatlaryň ähmiýetini peseldýärler. Emma munuň netijesinde adamlaryň imany gowşady we hristian dünýäsini agzybir edip bilmedi.

Hakyky din milletparazlygy ýeňer

17. Pygamberlige görä, «günleriň soňunda» hakyky din adamlary nädip agzybir eder?

17 Şu günler adamlaryň arasynda agzalalyk artsa-da, hakyky dine uýýanlar agzybirligi bilen tapawutlanýar. Mika pygamber Hudaýyň: «Goýun agylyndaky süri ýaly, olary bir ýere jemlärin» diýen wadasyny aýdýar (Mika 2:12). Mika pygamber hakyky diniň başga seždelerden, ýagny ýalan hudaýlara we watana sežde etmekden beýgeljekdigini öňünden aýtdy. Ol şeýle diýýär: «Günleriň soňunda Taňry öýüniň dagy daglaryň başynda berkarar edilip, depelerden belent bolar, halklar oňa tarap eňer. Çünki bütin halklar, olaryň her biri öz taňrysynyň ady bilen gezýär; biz hem mydama we ebedilik Hudaýymyz Taňrynyň (Ýehowanyň, TD) ady bilen gezeris» (Mika 4:1, 5, MKS).

18. Hakyky din bize özgermäge nädip kömek etdi?

18 Mika pygamber hakyky diniň kömegi bilen duşmanlaryň hem agzybir boljakdygy hakda welilik etdi: «Köp milletler gelip diýerler: geliň, Taňrynyň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň; Ol bize öz ýollaryny öwreder, biz-de Onuň ýollaryndan ýöräris... Olar gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar; millet millete garşy gylyç syrmaz, uruşmagy öwrenmezler» (Mika 4:2, 3, MKS). Olar ynsan eli bilen ýasalan taňrylara hem watana sežde etmegi goýup, Ýehowa sežde edip başladylar we bütin dünýäde agzybir ýaşaýarlar. Hudaý olara birek-biregi söýmegi öwredýär.

19. Millionlarça adamlaryň hakyky dine agzybir sežde etmegi nämäni görkezýär?

19 Şu günler mesihçileriň bütin dünýäde agzybir ýaşamagy haýran galdyrýar. Bu Ýehowanyň öz halkyna mukaddes ruhy arkaly ýolbaşçylyk edýändigini görkezýär. Dürli milletli adamlar hiç haçan şeýle agzybir ýaşamandylar. Şeýlelikde, Ylham 7:9, 14-nji aýatlardaky sözler ýerine ýetýär we bu zalym dünýäni ýok etmek üçin tizden Hudaýyň perişdeleriniň «dört ýeli» goýberjekdigini görkezýär (Ylham 7:1—4, 9, 10, 14-nji aýatlary okaň). Bütin dünýäde ýaşaýan doganlar bilen Hudaýa agzybir gulluk etmek uly hormat dälmi näme?! Biziň her birimiz ýygnagyň agzybirligine ýardam etmek üçin näme edip bileris? Bu barada indiki makalada gürrüň ederis.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Hakyky din adamlary nädip agzybir edýär?

• Agzybirligi bozýan göripçilige garşy durmak üçin näme edip bileris?

• Milletparazlyk hakyky dine uýýan adamlara näme üçin täsir etmeýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş