Hiç haçan mesihçi dogan-uýalardan daşlaşma
ÝAROSLAW bilen aýaly Beataa şeýle diýýär: «Biz on ýyllap gazanç edip, başagaý bolup, örän baýadyk. Biz hakykatda ulalsak-da, Ýehowadan şeýle daşlaşdyk welin, yzymyza dolanmaga ruhy taýdan güýjümiz ýetmedi».
Marek atly dogan bolsa, şeýle ýatlaýar: «Polşanyň sosial we syýasy ýagdaýy üýtgändigi üçin men yzly-yzyna işimi ýitirdim. Men örän lapykeç boldum. Ukybym bolmansoň, hususy telekeçilik etmäge gorkýardym. Emma soňra Hudaý bilen gatnaşygyma erbet täsir etse-de, maşgalamy has gowy eklär ýaly telekeçilige başladym. Wagtyň geçmegi bilen ýalňyşandygyma düşündim».
Gitdigiçe gymmatçyl we işsizlik köpelýän dünýäde käbir adamlar çykgynsyz ýagdaýa düşüp, paýhassyz karara gelýär. Ençeme doganlar iş wagtyndan daşary ýa-da birnäçe ýerde işlemegi, hatda tejribesi bolmasa-da, hususy telekeçilik etmegi ýüregine düwdüler. Olar maşgalasyny eklemek üçin köpräk gazanç etseler, ruhy taýdan zyýan çekmeris öýdýärdi. Garaşylmadyk ýagdaý we ykdysady durnuksyzlyk gowy niýetli planlary bozup biler. Netijede, käbir dogan-uýalar açgözlügiň duzagyna düşüp, Ýehowa gulluk etmegini goýdular (Wag. 9:11, 12).
Käbir dogan-uýalar dünýewi işler bilen şeýle başagaý welin, Mukaddes Ýazgylar şahsy okuwyny geçmäge, ýygnak duşuşyklaryna barmaga we wagyz etmäge wagt tapmaýarlar. Elbetde, bu olara ruhy taýdan zyýan ýetirýär we Ýehowa bilen gatnaşygyny bozýar. Şeýle-de olar ýene-de bir wajyp zady, ýagny «imanlylar içerisi» bilen gatnaşmagy bes edýärler (Gal. 6:10). Şeýdip, käbir mesihçiler kem-kemden dogan-uýalardan daşlaşýar. Geliň, muňa jikme-jik seredeliň.
Mesihçi dogan-uýalaryň öňünde borjumyz
Biz, dogan-uýalar hökmünde biri-birimize köplenç mähirli duýgulary bildirip bilýäris (Rim. 13:8). Ýygnagyňyzda siz «kömege mätäç» doganlary görýänsiňiz (Eýýup 29:12). Käbir dogan-uýalar zerur zatlaryna pul ýetirip bilmeýär. Ýahýa resul bize dogan-uýalara kömek bermegi ýatladyp: «Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregiýukalyk etmeýän kişide Hudaýyň söýgüsi nähili galar?» diýdi (1 Ýahýa 3:17).
Sen şeýle mätäçlik çekýän dogan-uýalara sahylyk bilen kömek edip bilersiň. Biz dogan-uýalara diňe bir maddy taýdan kömek etmeýäris. Käbir doganlar ýekesireýändigi ýa-da lapykeç bolýandygy üçin kömege mätäç. Olar agyr keselländigi ýa-da dogan-garyndaşlarynyň aýrylandygy sebäpli, özüni Ýehowa gulluk etmäge mynasyp görmeýärler. Biz olary diňläp, gürrüňdeş bolup, ruhlandyryp bileris. Şeýdip, olaryň göwnüni götereris we Ýehowa bilen gatnaşygyny berkideris (1 Sel. 5:14). Bu köplenç dogan-uýalarymyza bolan söýgimizi artdyrýar.
Esasanam, ýygnagyň ýaşululary duýgudaşlyk bildirip diňlemeli, dogan-uýalaryň ýagdaýyna düşünýändigini görkezmeli we Mukaddes Ýazgylaryň esasynda mähirli maslahat bermeli (Res. iş. 20:28). Şeýdip, ýygnagyň gözegçileri dogan-uýalara «mylakatly» bolan Pawlus resulyň göreldesine eýerýär (1 Sel. 2:7, 8).
Ýöne mesihçi sürüden azaşsa, imandaşlarynyň öňünde borjuny nädip ýerine ýetirip biler? Hatda ýygnagyň gözegçileri hem baýlyga kowalaşmagyň duzagyna düşüp biler. Mesihçi şeýle duzaga düşse, näme etmeli?
Ýaşaýşyň gaýgylary ýük bolmasyn
Ýokarda aýdylyşy ýaly, maşgalamyzyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin kän işlesek, köplenç gaýga batyp, ruhy zatlary gymmat saýmarys (Mat. 13:22). Ýokarda agzalan Marek atly dogan şeýle gürrüň berýär: «Meniň telekeçiligim başa barmansoň, köp pul gazanmak üçin daşary ýurda gitmegi ýüregime düwdüm. Men ol ýerde üç aý işläp, biraz wagtlyk öýe gelýärdim, soňra ýene-de üç aýlyk gidýärdim. Şol sebäpli, iman etmeýän aýalym göwnüçökgünlige düşdi».
Şeýle ýagdaýda diňe bir maşgala azar çekmeýär. Marek şeýle diýýär: «Jokrama yssyda işimden daşary köp sagat işläp, öz peýdasyna işledýän rehimsiz adamlara duş geldim. Olar özüni banditler ýaly alyp barýardy. Men sustupes bolup, basylýardym. Öz aladamy etmäge wagt tapmansoň, dogan-uýalara hyzmat edip biljekdigime şübhelenip başladym».
Maregiň gelen kararynyň gynançly ýagdaýa eltendigi, bizi oýlandyrmaly. Biz daşary ýurda gidip, pul meselesini çözeris öýtsek-de, bu başga kynçylyklary döretmezmi? Meselem, maşgalamyzyň ruhy we duýgy taýdan ýagdaýy nähili bolar? Daşary ýurda gitsek, ýygnakdan daşlaşmarysmy? Bu bizi dogan-uýalara hyzmat etmek hormatyndan mahrum etmezmi? (1 Tim. 3:2—5).
Siz daşary ýurtda işleýän adamyň dünýewi iş bilen başagaý bolýandygyna üns berýänsiňiz. Ýaroslaw bilen Beatanyň mysalyna seredeliň. Ýaroslaw şeýle diýýär: «Ähli zat ujypsyz zatdan başlanýar. Aýalym bilen ýaňy durmuş guran wagty, gowy ýerden hot-dog satylýan kiçijik dükan açdyk. Puly kän gazandygymyzça, köp işläp başladyk. Wagtymyzyň ýetmeýändigi sebäpli, ýygnak duşuşyklaryny sypdyrýardyk. Ozal men pioner we gulluk hyzmatçysy bolup gulluk edýärdim. Girdejimiz köpelende, uly dükan açyp, dünýewi adamlar bilen gatnaşyp başladyk. Soňra daşary ýurda gidip, millionlarça dollarlyk kontrakta gol çekdim. Men öýde kän bolmaýandygym üçin aýalym we gyzlarym bilen aram bozuldy. Iň soňy işimiz bilen başagaý bolup, Ýehowa gulluk etmegimizi goýduk. Biz ýygnakdan şeýle daşlaşdyk welin, hatda dogan-uýalar barada pikir hem etmeýärdik».
Biz mundan nähili sapak edinip bileris? Mesihçi özüne «jennet» gurmak islese, duzaga düşüp, özünden göwni hoş bolar, hatda mesihçi «eşiklerini» ýitirer (Ylh. 16:15). Şeýdip, biz öň kömek eden dogan-uýalarymyzdan daşlaşyp bileris.
Özüňizi barlaň
Biz: «Maňa näme bolar?» diýip pikir etmegimiz mümkin. Hawa, her birimiz ýaşaýyş üçin näme zerur zatlaryň gerekdegi hakynda oýlanmaly. Pawlus resul şeýle diýdi: «Biz dünýä hiç bir zat getirmedik, hiç bir zat hem äkidip bilmejegimiz bellidir. Iýmäge, geýmäge zadymyz bar bolsa, bulara kaýyldyrys» (1 Tim. 6:7, 8). Her ýurduň ýaşaýyş ýagdaýynyň biri-birinden tapawutlanýandygyny göz öňünde tutmaly. Ösen ýurtlaryň iň pes ýaşaýyş hem, başga köp ýurtlardaky bolelin ýaşaýyş ýaly görünmegi mümkin.
Ýaşaýan ýerimiziň ýagdaýyna garamazdan, Pawlus resulyň: «Baýajak bolýanlar bolsa synaglaryň duzagyna düşüp, adamlary çöküşe, heläkçilige sokýan ençeme düşnüksiz hem zyýanly höweslere ýolukýandyr» diýen sözleri barada oýlanalyň (1 Tim. 6:9). Duzak gizlin ýerde gurulýar. Şol sebäpli, oňa duýdansyz düşýärsiň. Biz «zyýanly höwesleriň» duzagyndan nädip gaça durup bileris?
Biz wajyp zatlary birinji orunda goýsak, Mukaddes Ýazgylar şahsy okuwyny geçer ýaly, köpräk wagt taparys. Mesihçi doga edip, şahsy okuw geçse, ähli zady bilip, adamlara kömek etmäge «taýyn» bolar (2 Tim. 2:15; 3:16).
Birnäçe ýyldan soň mähirli ýaşulular Ýaroslawa kömek berip, ruhlandyrdy. Ol uly özgerişler etdi. Ýaroslaw şeýle diýýär: «Bir sapar ýaşulular Mukaddes Ýazgylardan ebedi ýaşamak islän, ýöne baýlygyny bermäge taýyn bolmadyk bir baý ýaş ýigidiň mysalyny getirdiler. Soňra olar şu mysaldan meniň nähili sapak edinip biljekdigimi sypaýyçylyk bilen soradylar. Şonda meniň gözüm açyldy!» (Sül. tym. 11:28; Mar. 10:17—22).
Ýaroslaw ýagdaýyna çynlakaý seredip, uly söwdasyny goýdy. Iki ýylyň dowamynda ol we maşgalasy Ýehowa bilen gatnaşygyny berkitdi. Häzir ol ýaşuly bolup, dogan-uýalara hyzmat edýär. Ýaroslaw şeýle diýýär: «Doganlar ruhy zatlara äsgermezlik edip, iş bilen başagaý bolanda, men özümi mysal getirip, imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmegiň nähili akylsyzlykdygyny düşündirýärin. Dünýäniň teklip edýän zatlaryna garşy durup, dogruçyl bolmak aňsat däl» (2 Kor. 6:14).
Marek hem durmuşyň ajysyny dadyp, özüne sapak edindi. Ol daşary ýurda gidip, köp pul gazanyp, maşgalasyny eklese-de, onuň Hudaý we dogan-uýalar bilen gatnaşygy bozuldy. Soňra ol durmuşda nämäni wajyp saýýandygy hakynda çuňňur oýlandy. Marek şeýle diýýär: «Birnäçe ýyl meniň ýagdaýym «özüne köp zady islän» gadymy döwürdäki Barugyňky ýalydy. Ahyry, men Ýehowa bar aladamy aýdyp, ýüregimi dökdüm, häzir men ruhy taýdan oýa» (Ýerem. 45:1—5). Şu günler Marek ýygnagyň gözegçisi bolup, «oňat işi» ýerine ýetirýär (1 Tim. 3:1).
Daşary ýurda gidip, gowy tölegli işi gözlemekçi bolýan dogan-uýalara Marek şeýle maslahat berýär: «Daşary ýurtda zalym dünýäniň duzagyna düşmek örän aňsat. Şol ýeriň dilini bilmänsoň, adamlar bilen gepleşmek kyn bolýar. Belki, siz öýüňize pulluja gaýdarsyňyz, emma ýüregiňize uzak wagtlap bitmeýän, ruhy taýdan ýara salarsyňyz».
Dünýewi işe we dogan-uýalarymyzyň öňündäki borjumyza dogry garasak, Ýehowany razy ederis. Biz öz göreldämiz bilen dogan-uýalara paýhasly karara gelmäge kömek edip bileris. Aladaly dogan-uýalary goldamaly, olara duýgudaşlyk bildirmeli we başga dogan-uýalaryň gowy göreldesini mysal getirmeli. Ýygnagyň ýaşululary we ruhy taýdan ýetişen mesihçiler dogan-uýalara aladalary bilen başagaý bolman, paýhasly bolmaga kömek edip biler (Ýew. 13:7).
Hawa, biz dünýewi iş bilen başagaý bolup, hiç haçan dogan-uýalarymyzdan daşlaşmalyň (Flp. 1:10, 11). Gaýtam, geliň, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup, «Hudaýyň nazarynda baý bolalyň» (Luka 12:21).
a Käbir atlar üýtgedilen.