Ýalançy dünýäde dogruçyl boluň
ÝALANÇYLYK howa ýaly bütin dünýäni gurşap aldy. Adamlar ýalan sözleýärler, ulaldyp aýdýarlar, ogurlyk edýärler, pul karz alyp, yzyna bermeýärler we kezzapçylyk bilen edýän telekeçilik işlerine buýsanýarlar. Bu ýalançy dünýä biziň dogruçyllygymyzy hemişe diýen ýaly synaýar. Ýalançylyga iterýän ýagdaýlardan biz nädip gaça durup bileris? Geliň, häzir şeýle ýagdaýda bize kömek etjek üç zada seredeliň: Ýehowadan gorky, päk ynsap we kaýyl bolmak.
Ýehowadan gorky
Işaýa pygamber: «Ýehowa biziň Kazymyz, Ýehowa biziň Kanun çykaryjymyz, Ýehowa biziň Patyşamyz» diýdi (Iş. 33:22). Hawa, Ýehowanyň häkimiýetini boýun alyp, Ondan gorksak, ýalançylygyň ähli görnüşlerine garşy durmaga kömek eder. Süleýmanyň tymsallary 16:6-da: «Ynsan Rebden gorkmak bilen ýamanlykdan sowulýandyr» diýilýär. Bu gorky temmi berilmekden gaça durmaklygy aňlatmaýar. Biz gökdäki Atamyzy gynandyrmakdan gorkýarys, sebäbi Ol ýürekden biziň aladamyzy edýär (1 Pet. 3:12).
Şeýle gorkynyň peýdalydygyny durmuşda bolan wakalar tassyklaýar. Rikardo bilen aýaly Fernanda bankdaky maýa goýumlaryndan 700 dollar alýara. Fernanda puly sanaman gapjygyna salýar. Olar käbir zatlaryň tölegini töläp, öýlerine gelenlerinde, gapjykdaky pulunyň artykdygyny görýärler. Olar: «Bankyň hasapçysy bize köp pul beripdir» diýen netijä gelýärler. Ilki olar muny hasapça aýtmak islemeýärler, sebäbi olar entek köp zadyň tölegini tölemelidiler. Rikardo şeýle gürrüň berýär: «Biz Ýehowa doga edip, puly yzyna bermek barada güýç soradyk. Biziň Ýehowanyň göwnünden turmak islegimiz, Süleýmanyň tymsallary 27:11-däki çagyryşa seslenmäge höweslendirdi we biz puly yzyna berdik».
Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsap
Biz Mukaddes Ýazgylardan bilen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanyp, ynsabymyzy terbiýeleýäris. «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir», şonuň üçin ol biziň diňe bir pikirimize däl-de, eýsem, ýüregimize hem «batýandyr». Bu bizi «her babatda oňat (dogruçyl, TD) gezmäge» höweslendirýär (Ýew. 4:12; 13:18).
Juan bilen bolan waka seredeliň. Ol 5 000 dollarlyk karza batýar. Soňra karzyny berip bilmän başga şähere gaçyp gidýär. Sekiz ýyl geçenden soň, ol hak Hudaý barada bilim alyp başlaýar. Onuň Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsaby bergidar adamy bilen habarlaşyp, alan karzyny bermäge höweslendirýär. Juanyň aýaly we dört çagasy bardy, şol sebäpli algydar adam ondan her aýda biraz pul geçirip durmagyna razylaşýar.
«Baryňa kaýyl bolmak»
Pawlus resul: «Baryňa kaýyl bolup, Hudaýyň ýolundan ýöremek uly gazançdyr... Iýmäge, geýmäge zadymyz bar bolsa, bulara kaýyldyrys» diýip ýazdy (1 Tim. 6:6—8). Biz bu paýhasly maslahata eýersek, açgözlügiň duzagyna düşmekden halas eder; şübheli telekeçilikden ýa-da çalt baýamagy söz berýän işden gaça durmaga kömek eder (Sül. tym. 28:20). Şeýle-de Pawlusyň sözleri bize birinji orunda Hudaýyň Patyşalygyny goýsak, galan zatlaryň onuň üstüne goşulyp beriljekdigine şübhelenmäge ýol bermez (Mat. 6:25—34).
Emma «baýlyk aldawçydyr», şonuň üçin biz açgözlügiň we nebsewürligiň howpuna sowuk-sala garamaly däl (Mat. 13:22). Akan bilen bolan wakany unutmalyň. Hudaý halkyny gudrat bilen Iordan derýasyndan geçirende, Akan hem olaryň arasyndady. Emma ol Eriha şäherinde gyzyldyr kümüş we gymmat bahaly eşikleri görende, açgözlügiň duzagyna düşüp, nebsine buýrup bilmedi. Şeýdip, oňa ölüm jezasy berildi (Ýeşuw 7:1, 20—26). Şol sebäpli Isa-da: «Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir» diýip maslahat berdi (Luka 12:15).
Işde dogruçyl boluň
Geliň, häzir her babatda dogruçyl bolmak üçin batyrgaýlygyň gerekdigi baradaky käbir ýagdaýlara seredeliň. Işde dogruçyl bolmak üçin ogurlyk etmeli däl. Hatda hemmeler ogurlyk etseler-de, biz dogruçyl bolmaly (Titus 2:9, 10). Döwlet edarasynda işleýän Jurandir ýol çykdajysy barada anyk hasabat berýär. Emma onuň işdeşleri üstüne goşup aýdýarlar. Sebäbi başlygyň özi-de olaryň ýalançylygyny ýaşyrýan eken. Hatda başlyk Jurandiriň dogruçyllygyny bilip, ony hiç ýere goýbermän başlaýar. Emma edara gelen barlagçylar Jurandiri dogruçyllygy üçin öwüp, ony ýokary wezipä belleýärler.
Andre satyjy bolup işleýär. Başlygy ondan alyjylara harydy iki esse bahasyna satmagy talap edýär. Doganymyz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermek üçin Ýehowadan batyrgaýlyk dileýär (Zeb. 145:18—20). Şeýle-de ol harydy iki esse bahasyna satyp bilmejekdigini başlygyna düşündirmäge çalyşýar, emma hiç hili netije bermeýär. Andre köp aýlyk tölenýän işinden çykýar. Bir ýyla golaý wagt geçenden soň, başlygy ony işe çagyrýar. Ol harydyň indi gymmat bahadan satylmaýandygyny aýdýar. Andre iş dolandyryjy wezipesi berilýär.
Karzyňyzy beriň
Pawlus resul mesihçilere: «Biri-biriňizi söýmekden başga hiç kime bergili bolmaň» diýdi (Rim. 13:8). Mümkin, biz bergimizi bermejek bolup, karz alan adamymyzyň puly köp we ol pula mätäç däl diýip, özümizi aklaýandyrys. Emma Mukaddes Ýazgylarda: «Erbet adam karz alyp, yzyna gaýtarmaz» diýilýär (Zeb. 37:21).
Eger biz garaşylmadyk bir ýagdaý sebäpli karzymyzy berip bilmesek näme? (Wag. 9:11). Fransisko satyn alan jaýynyň puluny tölemek üçin Alfredodan 7 000 dollar karz alýar. Ýöne telekeçilik işlerinde kynçylyk döräp, ol karzyny wagtynda berip bilmeýär. Fransisko bu barada Alfredo bilen gepleşýär we ol pulunyň az-azdan berilmegine razylaşýar.
Gowy görünmekden gaça duruň
I asyrdaky mesihçiler ýygnagynyň agzasy Hananýa we Safira bilen bolan wakany ýatlalyň. Bu är-aýal ýerini satyp, puluň bir bölegini resullara getirip berýär. Emma är-aýal özlerini jomart görkezmek üçin, satylan ýeriň ähli puluny getirendigini aýdyp, resullary aldaýar. Ýöne Petrus resul Hudaýyň mukaddes ruhy arkaly olaryň ýalan jomartlygyny paş edýär we Ýehowa olara ölüm jezasyny berýär (Res. iş. 5:1—11).
Hananýa bilen Safiradan tapawutlykda, Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlar akýürekli we dogruçyldylar. Meselem, Musa özüne erk etmänligi üçin, Wada edilen diýara oňa girmäge gadagan edilendigini açyk ýazýar (San. 20:7—13). Ýunus pygamber bolsa Ninewa şäherinde wagyz etmekden gorkdy. Soňra ol Ninewa şäherine wagyz etmäge gitse-de, görkezen gowşaklygy barada ýazýar (Ýunus 1:1—3; 4:1—3).
Elbetde, hakykaty aýtmak üçin batyrgaýlyk gerek, ýöne muny köp adamlaryň halamazlygy mümkin. Şeýle wakany 14 ýaşly mekdep okuwçysy Nataliýa başdan geçirdi. Ol barlag işiň netijesini görende, mugallymyň ýalňyş diýip düzeden zadynyň, aslynda, dogrudygyna göz ýetirýär. Eger ol bu barada aýtsa, synpdaşlarynyň ony halamajakdygyny bilýär, emma ol hakykaty aýtmaga çekinmeýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Kakam we ejem maňa Ýehowanyň göwnünden turmak üçin hemişe dogruçyl bolmaly diýip öwretdiler. Eger men mugallyma aýtmadyk bolsam, ynsabym maňa ezýet bererdi». Mugallym Nataliýany dogruçyllygy üçin öwýär.
Dogruçyllyk — Ýehowa şöhrat getirýär
17 ýaşly Jizel sumka tapýar. Onuň içinde 35 dollar bilen dokument bardy. Ol sumkany eýesine gowşurmak barada mekdep ýolbaşçylaryna aýdýar. Bir aýdan mekdep müdiri synpdaşlarynyň öňünde Jizeliň dogruçyllygy, edepliligi we dini terbiýesi üçin öwgüli hat okaýar. Onuň «gowy işleri» Ýehowany şöhratlandyrýar (Mat. 5:14—16).
Biz «özüni söýýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir... mukaddeslikden mahrum» adamlaryň arasynda ýaşaýarys, şonuň üçin dogruçyl bolmaga tagalla etmeli (2 Tim. 3:2). Emma muňa garamazdan, Ýehowadan gorky, Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsap we kaýyl bolmak bize ýalançy dünýäde dogruçyl bolmaga kömek eder. Şeýle-de biz «dogry işleri söýýän» we dogruçyl Ýehowa bilen dostlugymyzy berkideris (Zeb. 11:7).
a Atlary üýtgedildi.