Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/7 sah. 20—23
  • Men ölümden gorkýardym, indi ebedi ýaşaýşa garaşýaryn

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Men ölümden gorkýardym, indi ebedi ýaşaýşa garaşýaryn
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Ölüm gorkusyny ýeňýärin
  • Uruşdan soň Italiýada wagyz işi
  • Missionerler üçin okuw
  • Entegem Ýehowa yhlasly gulluk edýärin
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/7 sah. 20—23

Men ölümden gorkýardym, indi ebedi ýaşaýşa garaşýaryn

Pýero Gatti gürrüň berdi

ÝUWAŞJADAN eşidilýän gümmürdiniň sesi gitdigiçe güýjäp başlady. Ondan soň adamlary gaçybatalga gaçmaga duýdurýan sirenanyň sesi eşidildi. Soňra bomba gümmürdäp ýarylyp, bar zady weýran edip, gulagyň perdesini ýarara getirdi.

Bu waka 1943—1944-nji ýyllarda Italiýanyň Milan şäherinde bolupdy. Men ýaş esger bolanym üçin, köplenç adamlaryň gizlenen gaçybatalgasyndan tanar ýaly bolmadyk bölek-bölek jesetleri ýygnaýardym. Uruşda diňe bir başga adamlaryň ölümini görmän, eýsem, özümem ölümiň gyrasynda durýardym. Käte men ölümden zordan gaçyp gutulýardym. Bir sapar men Hudaýa doga edip, şu gandöküşiklikde diri galsam, oňa gulluk etjekdigime söz berdim.

Ölüm gorkusyny ýeňýärin

Men Şweýsariýa bilen araçäge golaý Komo (Italiýa) şäherinden 10 km uzaklykda ýerleşýän obada önüp-ösdüm. Men çagalykdan ölüm ajysyny dadyp, ondan gözüm gorkdy. Ispan dümewi sebäpli iki gyz doganym aýryldy. 1930-njy ýylda ejem Luigiýa aýrylanda, men alty ýaşymdadym. Katolik maşgalasynda terbiýe alansoň, men her hepde buthana barýardym. Emma birnäçe ýyldan soň, buthanada däl-de, dellekhanada ölüm gorkusyny ýeňdim.

1944-nji ýylda Ikinji Jahan urşunda ölüm-ýitim örän kän boldy. Men on müňlerçe esgerler bilen bile bitarap Şweýsariýa gaçdym. Şol ýerde biz gaçgaklaryň lagerine bardyk. Meni ýurduň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Şteýnah obasyna iberdiler. Ol ýerde bize biraz erkinlik berildi. Şteýnah obasynyň dellekhanasynda wagtlaýyn dellek kömekçisi gerekdi. Men ol ýerde bir aý işläp, ýaşasam-da, durmuşymy özgerden bilimi aldym.

Dellekhana Şweýsariýada ýaşaýan Adolfo Tellini atly italiýaly adam saçyny bejertmäge gelýär. Ol Ýehowanyň Güwäçisidi. Men bu topar barada hiç haçan eşitmändim, muňa geň galmaly däl, sebäbi bütin Italiýada Ýehowanyň Güwäçileriniň sany 150-denem geçenokdy. Adolfo maňa Mukaddes Ýazgylardan ajaýyp hakykaty, parahat we ebedi ýaşaýyş barada gürrüň berdi (Ýahýa 10:10; Ylh. 21:3, 4). Men uruşsyz we ölümsiz gelejek hakynda eşidip, haýran galdym. Gaçgaklaryň lagerine dolanyp, Juzeppe Tubini atly bir ýaş italýan oglana hoş habary wagyz edenimde, ol hem haýran galdy. Şol wagtdan başlap, Adolfo we beýleki Güwäçiler biziň lagerimize wagtal-wagtal gelýärdiler.

Adolfo meni Şteýnahdan 10 km uzaklykda ýerleşýän Arbona äkitdi. Ol ýerde Ýehowanyň Güwäçileriniň kiçiräk topary italýança ýygnak geçirýärdiler. Ýygnakda eşiden zatlarym meni şeýle bir ruhlandyrdy welin, soňky hepde men ýygnaga pyýadalap gitdim. Biraz soňra men Sýurih şäherindäki kongres zalynda geçen Ýehowanyň Güwäçileriniň kongresine gatnaşdym. Men faşistleriň guran ölüm lagerlerindäki jesetleri görkezýän suratlary görüp, doňup galdym. Men köp sanly nemes Güwäçileriniň imany üçin gynalyp öldürilendigi barada bildim. Şol kongresde Mariýa Pissato bilen tanyşdym. Ol Ýehowanyň yhlasly wagyzçysy bolandygy üçin, Italýanyň faşistik hökümeti tarapyndan 11 ýyl türmä basylypdy.

Uruş gutaran badyna, men Italiýa dolanyp, Komo şäherindäki kiçijik ýygnaga gatnap başladym. Men Mukaddes Ýazgylary yzigiderli öwrenmesem-de, esasy taglymatlara dogry düşünýärdim. Mariýa Pissato hem şol ýygnaga barýardy. Ol maňa suwda çokundyrylmagyň ähmiýeti barada düşündirip, Marçello Martinelliniň ýanyna barmagy maslahat berdi. Ol Sondrio welaýatyndaky Kastone-Andewenno şäherinde ýaşaýardy. Faşistik hökümiýeti mesh edilen mesihçi dogan Marçello hem 11 ýyl tussag edipdi. Men onuň ýanyna barmak üçin 80 km tigirli gitdim.

Marçello Mukaddes Ýazgylar arkaly suwda çokundyrylmak üçin talaplary düşündirensoň, biz doga etdik, soňra men Adda derýasynda suwda çokundyryldym. Şonda 1946-njy ýylyň sentýabr aýydy. Bu meniň üçin ähmiýetli gündi! Men Ýehowa gulluk etjekdigime we gelejege berk umydymyň bardygyna şeýle bir tolgundym welin, şol gün 160 kilometri tigirli nädip geçenimi hem duýman galdym!

Italiýada uruşdan soň ilkinji kongres 1947-nji ýylyň maý aýynda Milan şäherinde geçirildi. Kongrese 700-e golaý adam gatnaşdy, olaryň köpüsi faşistik yzarlamalara döz gelen dogan-uýalardy. Bu kongresde täsin bir waka boldy. Gaçgaklaryň lagerinde menden hoş habary eşiden Juzeppe Tubini suwda çokundyrylýanlar üçin doklad bilen çykyş edensoň, özi hem suwda çokundyryldy!

Şol kongresde men Bruklin Beýtelinden gelen dogan Neýtan Norr bilen tanyşdym. Ol Juzeppäni we meni bütin ömrümize Hudaýa gulluk etmäge höweslendirdi. Men bir aýdan doly wagt gulluga başlamagy ýüregime düwdüm. Öýüme gelip, maşgalama bu barada aýdanymda, olaryň ählisi muny etmezlige yrjak boldular. Emma men doly wagt gulluk etmegi berk ýüregime düwüpdim. Şeýlelikde, men bir aýdan Milan şäheriniň Beýtelinde gulluk edip başladym. Şol wagt Beýtelde dört missioner gulluk edýärdi: Juzeppe (Jozef) Romano we aýaly Anjelina, Karlo Benanti we aýaly Konstansa. Beýteliň bäşinji agzasy olara ýaňyja goşulan Juzeppe Tubinidi, men bolsa, altynjysydym.

Men Beýtelde bir aý gulluk edenimdensoň, ilkinji italiýaly aýlanýan gözegçi hökmünde bellenildim. Jorj Fredýanelli 1946-njy ýylda ABŞ-dan Italiýa gelen ilkinji missionerdi, şol wagt ol aýlanýan gözegçi bolup gulluk edýärdi. Ol maňa aýlanýan gözegçiniň işini birnäçe hepdeläp öwretdi, soňra bolsa, meniň özüm ýygnaklara aýlanyp başladym. Aýratynam, meniň baran ilkinji ýygnagym — Faensa şu günki ýaly ýadymda. Oýlanyp görüň, şondan öň men hiç haçan ýygnakda çykyş etmändim! Muňa garamazdan, men hemmeleri, şol sanda ýaşlary doly wagtly gulluga höweslendirdim. Soňy bilen, şol ýaşlaryň käbiri italýan ýygnaklarda jogapkärli borçlary ýerine ýetirip başladylar.

Men aýlanýan gözegçi bolanymda, durmuşym gyzyklydy. Onda köp täsinlikler, üýtgeşikler, kynçylyklar we şadyýan pursatlar bolýardy, şeýle-de mähriban dogan-uýalar meni örän söýýärdi.

Uruşdan soň Italiýada wagyz işi

Men şol wagtky Italiýanyň ýagdaýy barada aýtsam, Katolik buthanasy höküm sürýärdi. Täze Konstitusiýa 1948-nji ýylda kabul edilse-de, Ýehowanyň Güwäçilerine erkin wagyz etmäge päsgel berýän faşistik kanunlar 1956-njy ýyla çenli ýatyrylmady. Katolik ruhanylarynyň döredýän päsgelçiligi sebäpli, köplenç etrap kongreslerini geçirip bolmaýardy. Käte bolsa, ruhanylaryň edýän tagallasy başa barmaýardy. 1948-nji ýylda Merkezi Italiýada ýerleşýän Sulmona atly şäherçede şeýle waka bolupdy.

Kongres teatrda geçirilýärdi. Ýekşenbe güni irden, kongresi men alyp barýardym, Juzeppe Romano bolsa, jemagat nutgy bilen çykyş edýärdi. Şol günler kongresiň märekesi köp bolardy. Tutuş ýurtda wagyzçylaryň sany 500-e ýetmese-de, şol teatra 2 müň adam ýygnanypdy. Çykyşyň soňunda iki ruhanynyň küşgürmegi bilen bir ýaş ýigit sahna böküp çykdy. Adamlaryň arasynda bulagaýlyk döretjek bolup, ol sesiniň ýetdiginden gygyryp, gürläp başlady. Men derrew oňa: «Eger adamlara aýtjak sözüň bolsa, teatry kärendesine al-da, islän zadyňy aýdyp bilersiň» diýdim. Kongrese gelen adamlar onuň bolşuny halaman, nägililik bildirip, gürlemäge maý bermediler. Şonda ýaş ýigit sahnadan düşdi-de, ýitirim boldy.

Şol günler aýlanýan gözegçiler her hili wakalary başdan geçirýärdi. Men käwagt bir ýygnakdan beýleki ýygnaga pyýada, tigirli, hyryn-dykyn köne awtobusly ýa-da otluda gidýärdim. Käwagt men malýatakda ýa ammarda ýatmaly bolýardym. Uruş ýaňy gutaransoň, köp adamlar garypdy, dogan-uýalar azdy, hor ýaşaýardy. Muňa garamazdan, olar Ýehowa şatlanyp gulluk edýärdi.

Missionerler üçin okuw

1950-nji ýylda Juzeppe Tubini ikimizi Gileat atly missioner mekdebiniň 16-njy klasyna okamaga çagyrdylar. Men ilki başdan iňlisçe öwrenmegiň kyn boljakdygyna düşündim. Bar güýjüm bilen yhlas etsem-de, aňsat däldi. Mukaddes Ýazgylary başdan-aýak iňlisçe okap çykmalydy. Şu maksada ýetmek üçin käte günortanlyk naharyny iýmän, Mukaddes Ýazgylary daşymdan okaýardym. Ahyry, meniň çykyş etmeli gezegim geldi. Şonda mugallymyň aýdan sözleri düýnki ýaly ýadymda: «Seniň yşaratlaryň, hyjuwyň gaty gowy, ýöne iňlisçäňe asla düşüner ýaly däl!» Muňa garamazdan, men okuwy üstünlikli gutarmagy başardym. Soňra Juzeppe ikimizi ýene-de Italiýa bellediler. Şeýle ajaýyp mekdebi gutaryp, biziň ikimiz hem dogan-uýalara has gowy hyzmat etmäge taýýardyk.

1955-nji ýylda men Lidiýa atly uýa öýlendim. Ýedi ýyl öň ol suwda çokundyrylanda, men doklad bilen çykyş edipdim. Onuň kakasy gadyrly doganymyz Domeniko faşistik hökümeti tarapyndan yzarlanyp, üç ýyllyk sürgün edilse-de, ýedi çagasyna-da hakykatda ýöremäge kömek edipdi. Lidiýanyň özi hem hakykat ugrunda köp göreşdi. Öýden-öýe wagyz etmäge kanuny hukugymyz subut edilýänçä, Lidiýanyň işi kazyýetde üç sapar seredildi. Maşgala guranymyza alty ýyl bolanda, ilkinji oglumyz Benýamino dünýä indi. 1972-nji ýylda bolsa, ikinji oglumyz Marko doguldy. Hudaýa şükür, olaryň ikisi-de maşgalasy bilen Ýehowa yhlasly gulluk edýärler.

Entegem Ýehowa yhlasly gulluk edýärin

Men dogan-uýalara şatlyk bilen hyzmat eden ýyllarym köp gyzykly wakalar boldy. 1980-nji ýyllaryň başynda gaýynatam Italiýanyň şol wagtky prezidenti Alessandro Pertinä hat ýazdy. Faşistik hökümeti höküm sürýärkä, olaryň ikisi-de, Wentotene adasyna sürgün edilipdi. Şol adada hökümetiň duşmany hasaplanylýan adamlar saklanylýardy. Meniň gaýynatam prezidente wagyz etmek üçin, onuň bilen duşuşmagy haýyş etdi. Prezident razy boldy, men hem gaýynym bilen gitdim. Ol bizi güler ýüzli garşy aldy. Dogrusyny aýtsak, biz muňa garaşmandyk. Prezident gaýynym bilen mähirli salamlaşyp, ony gujaklady. Soňra biz oňa wagyz etdik we birnäçe edebiýatlarymyzy berdik.

Aýlanýan gözegçi hökmünde 44 ýyl gulluk edip, 1991-nji ýylda gullugyň bu görnüşini goýdum. Men şol wagtyň içinde tutuş Italiýadaky ýygnaklara aýlanyp çykdym. Soňra dört ýyllap Kongres zalynyň gözegçisi bolup gulluk etdim. Ýöne ýarawsyzlyk sebäpli, jogapkärçiligimi azaltmaly boldum. Muňa garamazdan, Ýehowanyň merhemeti bilen, men häzirem doly wagt gulluk edýärin. Men güýjümiň ýetdiginden hoş habary wagyz edip öwredýärin. Hatda birnäçe Mukaddes Ýazgylar okuwyny hem geçirýärin. Doganlaryň aýtmagyna görä, men häzirem örän hyjuwly çykyş edýärin. Ýaşyma garamazdan, güýç-kuwwatymyň bardygyna Ýehowa şükür edýärin.

Ýaşlygymda ölümden gorksam-da, Mukaddes Ýazgylardan dogry bilim alyp, Isanyň aýdyşy ýaly «gurply», ýagny ebedi ýaşamaga umyt edýärin (Ýahýa 10:10). Men häzir parahat, asuda, bagtly ýaşaýşa we Ýehowanyň berjek tükeniksiz bereketlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Goý, adyny götermäge bizi mynasyp gören söýgüden doly Ýaradyjymyz şöhratlansyn! (Zeb. 83:18).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş