Mukaddes Ýazgylar meni ömür boýy goldaýar
Marso Lerua gürrüň berdi
MEN öz otagymda oturyp, «Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» diýen sözler bilen Mukaddes Ýazgylary okap başladym. Men näme üçin gizlin okaýardym? Sebäbi kakam ateizme berk ynanýardy. Eger-de ol meniň elimde Mukaddes Ýazgylary göräýse, oňa ýaramajagyny bilýärdim.
Men öň hiç haçan Mukaddes Ýazgylary okap görmändim. Gelip çykyş kitabynyň giriş sözleri maňa güýçli täsir etdi. Sebäbi onda meni hemişe geň galdyrýan fiziki kanunlaryň utgaşyklygy düşündirilýärdi. Haýran galaýmaly, men ony agşam sagat sekizden daňdan dörde çenli okapdyryn. Şeýdip, men Hudaýyň Sözüni okamagy endik edindim. Indi bolsa, rugsat etseňiz, Mukaddes Ýazgylary okamagyň maňa ömür boýy goldaw bolandygyny gürrüň bereýin!
«Sen ony her gün okamaly bolarsyň»
Men 1926-njy ýylda Fransiýanyň demirgazygyndaky Wermel atly şahtaçylaryň obasynda dünýä indim. Ikinji Jahan urşy döwründe kömür iň zerur milli harytdy. Şahtaçy bolanym üçin meni harby gullukdan boşatdylar. Men gowy ýaşamak üçin radiony we elektrikany öwrenip başladym. Maňa fiziki kanunlaryň utgaşyklygy örän gyzyklydy. 21 ýaşymda synpdaşym maňa Mukaddes Ýazgylary berip: «Bu kitaby okanyňa ökünmersiň» diýdi. Şonda men ilkinji sapar Mukaddes Ýazgylary elime alyp görüpdim. Men ony doly okanymda, Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözi bolup, adamlar üçin ýazylandygyna göz ýetirdim.
Bu kitap tanyş-bilişlerime-de ýarar diýen niýet bilen, men Mukaddes Ýazgylaryň sekiz sanysyny tapdym. Emma olar meniň üstümden gülüp, garşylyk görkezdiler. Bir yrymçy garyndaşym bolsa şeýle diýdi: «Bu kitaby okap başlan bolsaň, sen ony her gün okamaly bolarsyň». Men şeýle-de etdim we oňa hiç ökünmeýärin. Okamak maňa däp bolup galdy.
Tanyşlarymyň käbiri meniň Mukaddes Ýazgylar bilen gyzyklanýandygymy bilip, Ýehowanyň Güwäçilerinden alan edebiýatlaryny maňa berip başladylar. «Bir dünýä we bir hökümet»a (fransuz dilinde) ýaly edebiýatlarda Mukaddes Ýazgylar arkaly Hudaýyň Patyşalygynyň adamzat üçin ýeke-täk umytdygy düşündirilýärdi (Mat. 6:10). Şonda men bu umyt barada adamlara gürrüň bermegi has-da ýüregime düwdüm.
Mukaddes Ýazgylary menden ilkinji bolup çagalyk dostum Noel aldy. Ol katolik dinine uýýardy we meni ruhany bolmaga taýýarlyk görýän bir adam bilen tanyşdyrmakçy boldy. Men ýaýdanyp başladym, ýöne Zebur 115:4—8 we Matta 23:9, 10-njy aýatlardan Hudaýyň butlary hem-de dini derejeleri halamaýandygyny bilýärdim. Bu maňa täze dinimi tutanýerli wagyz etmäge güýç berdi. Şeýlelikde, Noel hakykaty kabul etdi we ol şu günlerem Hudaýa wepaly gulluk edýär.
Men aýal doganyma-da wagyz etdim. Onuň ýanýoldaşynda spiritizme degişli kitaplar bardy, şol sebäpli jynlar oňa azar berýärdi. Men ilki oňa kömek edip bilmerin öýtdüm, emma Ýewreýler 1:14 we şuňa meňzeş aýatlar Ýehowanyň perişdeler arkaly meni goldajakdygyna ynandyrdy. Giýewimiz Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerip, okkultizme degişli ähli zatlaryny ýok edende, ol jynlaryň täsirinden azat boldy. Olaryň ikisi-de Ýehowanyň yhlasly Güwäçileri boldy.
1947-nji ýylda amerikaly Artur Emiot atly Güwäçi meniň gapymy kakdy. Men begenip, ondan Güwäçileriň nirede duşuşýandygyny soradym. Ol maňa Lýewende kiçiräk toparyň bardygyny aýtdy. Ol takmynan 10 km uzaklykda ýerleşýärdi. Şol döwürler welosiped satyn almak hem aňsat däldi. Şonuň üçin men duşuşyga birnäçe aýlap pyýada gatnadym. Fransiýada Ýehowanyň Güwäçileriniň wagyz işi gadagan edilendi. Bu sekiz ýyla çekdi. Ol ýerde bary-ýogy 2 380 Güwäçi bardy — olaryň aglabasy Polşadan göçüp gelenlerdi. Emma 1947-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Fransiýada biziň wagyz işimiz ýene-de resmileşdirildi. Parižiň Willa Gwibert köçesinde filial dikeldildi. Fransiýada bir pionerem ýokdy, şol sebäpli 1947-nji ýylyň dekabr aýynda çykan «Maglumatçyda» (häzir «Hudaýa gullugymyz») wagyzçylar pioner bolmaga çagyryldy. Olar aýda 150 sagat wagyz etmelidiler (1949-njy ýyldan başlap 100 sagat boldy). Men Isanyň Ýahýa 17:17-däki «Seniň sözüň (Hudaýyň sözi) hakykatdyr» diýen sözleri bilen doly razylaşyp, 1948-nji ýylda suwda çokundyryldym. 1949-njy ýylda pioner gullugyna başladym.
Türmeden Dýunkerke dolanýaryn
Ilkibaşda meni Fransiýanyň günortasynda ýerleşýän Ajen şäherine bellediler. Men ol ýerde köp gulluk etmedim. Sebäbi şahtaçylyk işini goýanym üçin, meni harby gullugyna çagyrdylar. Harby gullugyna gitmekden boýun gaçyranymda, meni türmä basdylar. Ol ýerde Mukaddes Ýazgylary okamak gadagandy, muňa garamazdan, men Zebur kitabynyň birnäçe sahypalaryny ýanym bilen aldym. Men olary okap ruhlanýardym. Türmeden boşanymdan soňra özüme şeýle sorag berdim: Ornaşyp gidýänçäm, pioner gullugyny goýmalymy? Maňa ýene-de Mukaddes Ýazgylardan okan aýatlarym kömek etdi. Men Pawlusyň Filipililer 4:11—13-nji aýatlardaky sözleri barada oýlandym. Onda şeýle diýilýär: «Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn». Şonda men pioner gullugyny dowam etmegi ýüregime düwdüm. 1950-nji ýylda meni Dýunkerk şäherine bellediler. Men ol ýerde öňem wagyz edipdim.
Ol ýere baranymda, meniň hiç zadym ýokdy. Ikinji Jahan urşy zerarly şäheriň käbir ýerleri harabaçylykdy; ýaşaýyş jaýyny tapmak kyndy. Men öň bu şäherde bir är-aýala wagyz edipdim. Men olaryň öýüne barmaly diýen karara geldim. Gapyny kakanymda, aýaly meni görüp: «O-ho, Jenap Lerua, sizi türmeden boşatdylarmy?! Meniň ýanýoldaşym “dünýäde siziň ýaly adamlar köp bolan bolsady, uruş hiç haçan bolmazdy“ diýýär» diýip, begenç bilen garşy aldy. Olaryň myhmanhanasy bardy. Turistleriň gelýän döwrüne çenli olar maňa myhmanhanasyndan ýer berdiler. Şol güni Artur Emiotyň agasy Ewans maňa iş teklip etdib. Onuň özi portda terjimeçi bolup işleýärdi. Ol gije gämide garawulçylyk eder ýaly adam gözleýärdi. Ewans meni flot ofiseri bilen tanyşdyrdy. Men türmeden ýaňy boşandygym sebäpli gaty hordum. Ewans ofisere meniň ýagdaýymy düşündirende, ol maňa sowadyjydan iýere zat almaga rugsat etdi. Bir günde ýaşamaga ýer, iş we iýere zat tapyldy! Şonda Isanyň Matta 6:25—33-nji aýatlardaky sözlerine meniň ynamym has-da berkedi.
Turistleriň gelýän döwri başlananda, Simon Apolinarski diýen pioner ýoldaşym bilen ýaşamaga jaý gözlemeli bolduk. Emma biz gullugymyzy taşlamakçy däldik. Bize köne atýatakda ýaşamagy teklip etdiler. Ol ýerde biz samanda ýatardyk. Simon ikimiz uzak gün wagyz ederdik. Biz atýatagyň eýesine-de wagyz etdik. Ol hem hakykaty kabul etdi. Şondan soň ýerli gazetde «Dýunkerk Ýehowanyň Güwäçilerinden doldy» diýip, ilata duýduryş berildi. Aslynda bolsa, bu şäherde diňe Simon, men we birnäçe Güwäçi bardy. Şeýle kynçylyklarda-da biz Mukaddes Ýazgylaryň berýän umydy we Ýehowanyň edýän aladasy hakda oýlanyp ruhlanýardyk. 1952-nji ýylda meni başga ýere bellänlerinde, Dýunkerkde 30-a golaý wagyzçy bardy.
Täze jogapkärçilige taýýarlyk
Amýen şäherinde biraz gulluk edenimden soň, meni Parižiň golaýynda ýerleşýän Bulon-Biýankure diýen ýere ýörite pioner edip bellediler. Men köp adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirdim, soňra olaryň käbiri doly wagtly gullukçy we missioner boldular. Gi Mabila atly ýaş ýigit hakykaty kabul etdi. Ol soňra etrap we welaýat gözegçisi bolup gulluk etdi. Şeýle-de ol Parižden takmynan 100 km uzaklykdaky Luwýede çaphananyň gurluşyk işlerine gözegçilik etdi. Häzir ol ýerde Beýtel ýerleşýär. Hawa, Mukaddes Ýazgylara esaslanan gürrüňdeşlik maňa Hudaýyň Sözüniň ýadymda galmagyna, ýüregimi şatlykdan doldurmaga we mugallymçylyk tärini ösdürmäge kömek etdi.
1953-nji ýylda meni garaşylmadyk ýagdaýda Elzas-Lotaringi diýen ýere etrap gözegçisi edip bellediler. Ol ýeri 1871-nji we 1945-nji ýyllar aralygy Germaniýa tarapyndan iki sapar basyp alnypdy. Şol sebäpli men az-owlak nemes dilini bilýärdim. Men etrap gözegçilik işine başlanymda, ol ýerde bary-ýogy birnäçe ulag, telewizor we çap edilýän maşyn bardy. Tranzistorly radeopriýomnik we kompýuter ýaly zatlar ýokdy. Ýöne meniň durmuşym gözgyny ýa-da gyzyksyz däldi. Gaýtam, ünsüňi sowman Ýehowa gulluk etmek üçin, Mukaddes Ýazgylardaky «gözüň sag bolsun» diýen maslahata eýermek häzirki döwre garanda aňsatdy (Mat. 6:19—22).
1955-nji ýylda Parižde geçirilen «Dabaraly Patyşalyk» atly kongresde meniň üçin ýatdan çykmajak waka boldy. Ol ýerde men Irena Kolanski atly uýa bilen tanyşdym. Ol doly wagtly gulluga menden hem öň başlapdy. Onuň ata-enesi polýakdy. Olar ençeme ýylyň yhlasly wagyzçylarydy. Olar hakykaty Fransiýada Adolf Weberden eşidipdiler. Adolf doganymyz Rasseliň bagynda işleýärdi. Ol hoş habary wagyz etmek üçin Ýewropa gelipdi. Men 1956-njy ýylda Irena bilen durmuş gurdum we ikimiz bilelikde etrap gözegçilik işini dowam etdirdik. Irena maňa gowy goldaw boldy!
Iki ýyldan maňa başga sowgat garaşýardy. Meni welaýat gözegçisi edip bellediler. Tejribeli doganlaryň azlygy sebäpli, men käbir ýygnaklara etrap gözegçisi hökmünde aýlanýardym. Men örän başagaýdym! Aýda 100 sagat wagyz edýändigime garamazdan, her hepde doklad bilen çykyş edýärdim, üç sany Kitap öwrenilýän duşuşygy ideg edýärdim, ýygnaklaryň dokumentlerini barlaýardym we hasabatyny ýöredýärdim. Men Hudaýyň Sözüni okamaga nädip wagt tapýardym? Mende diňe bir çykalga bardy: men köne Mukaddes Ýazgylaryň birnäçe sahypasyny gyrkyp alýardym we kimdir birine garaşmaly bolanymda, olary okaýardym. Bu ruhy taýdan abatlaýan birnäçe minut-da, gullugy dowam eder ýaly güýjüme-güýç goşardy.
1967-nji ýylda meniň bilen aýalymy Bulon-Biýankurdäki Beýtel maşgalasynyň agzasy bolmaga çagyrdylar. Men Gulluk bölüminde işläp başladym we bu hormatly işi 40 ýyl bäri ýerine ýetirýärin. Men Mukaddes Ýazgylara esaslanan soraglara hat arkaly jogap berýärin. Bu meniň işimiň iň şatlykly tarapy. Men Hudaýyň Sözüni çuňňur öwrenmekden we «Hoş Habary goramakdan» lezzet alýaryn! (Flp. 1:7). Şeýle-de men Mukaddes Ýazgylara esaslanan ertirlik seždäni geçirmegi gowy görýärin. 1976-njy ýylda meni Fransiýadaky Beýtel komitetiniň agzasy edip bellediler.
Iň gowy durmuş ýoly
Men ençeme kynçylyklary başdan geçirsem-de, häzirki ýagdaýymy durmuşymyň iň agyr günleri hasaplaýaryn. Sebäbi Irena ikimiz garradyk, saglyk ýagdaýymyz hem ýaramazlaşdy, şonuň üçin öňki edýän işlerimizi häzir edip bilmeýäris. Muňa garamazdan, biz Hudaýyň Sözüni bile okap, umydymyzy diri saklaýarys. Biz awtobus bilen ýygnagyň territoriýasynda wagyz etmäge gidýäris. Ikimiziň doly wagtly gullugymyzy goşsak 120 ýyldan geçýär. Biz gyzykly, şatlykly we peýdaly ýaşamak isleýänleriň ählisine şu ýoly saýlamagy maslahat berýäris. Dawut patyşa Zebur 37:25-däki sözleri ýazanda, ol «garrapdy», emma men hem onuň aýdyşy ýaly «dogry adamyň terk edilenligini... görmedim».
Ýehowa maňa hemişe Öz Sözi arkaly güýç berýärdi. Takmynan 60 ýyl mundan öň meniň garyndaşlarym Mukaddes Ýazgylary okamagy endik edinmelisiň diýipdiler. Olar mamla ekeni. Men okamagy endik edinenime hiç ökünmeýärin!
a 1944-nji ýylyň neşiri, häzir ol çap edilmeýär.
b Ewans Emiot barada köpräk bilmek üçin 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňine» serediň (sah. 22, 23., rus.).
[5-nji sahypadaky surat]
Simon we men
[5-nji sahypadaky surat]
Welaýat gözegçisi bolup gulluk eden wagtym
[5-nji sahypadaky surat]
Meniň ilkinji Mukaddes Ýazgylarym şuňa meňzeşdi
[6-nji sahypadaky surat]
Biziň toý tutan günümiz
[6-nji sahypadaky surat]
Irena bilen Hudaýyň Sözüni okaýarys