Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/11 sah. 15—16
  • «Häzir maýyp, ýöne hemişelik däl!»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Häzir maýyp, ýöne hemişelik däl!»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Kynçylyklara döz gelýärin
  • Garaşylmadyk teklip
  • Bu kesel näme üçin meniň başyma düşdi?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Keselime nädip döz gelip bilerin? (III bölüm)
    Ýaşlaryň sowallary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/11 sah. 15—16

«Häzir maýyp, ýöne hemişelik däl!»

Sara Wan Der Mond gürrüň berdi

Adamlar köplenç maňa: «Sara, sen şeýle mähirli ýylgyrýaň. Sen näme üçin hemişe şadyýan?» diýýärler. Men olara: «Men häzir maýyp, ýöne hemişelik däl!» diýip, umydymyň bardygyny aýdýaryn.

MEN 1974-nji ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde dünýä indim. Ejem meni kynlyk bilen dogurýar. Soňra mende beýni ysmaz keseli anyklanylýar. Men elimi-aýagymy gymyldadyp bilmeýärdim, aýdýan sözlerime bolsa düşünmek kyndy. Şeýle-de mende garaguş keseli peýda boldy. Bedenim ýokanç kesellere garşy durup bilmeýärdi.

Men iki ýaşymdakam maşgalamyz Awstraliýanyň Melburn şäherine göçdi. Kakam iki ýyldan ejem ikimizi taşlap gitdi. Şonda men özümi Ýehowa has-da ýakyn duýupdym. Ejem Ýehowanyň Güwäçisi bolany üçin, meni hemişe ýygnaga äkiderdi. Men ýygnakda Hudaýyň meni söýýändigini we aladamy edýändigini bildim. Şol bilim hem-de ejemiň söýgüsi we mähirli sözleri kynçylyklara garamazdan, özümi arkaýyn duýmaga kömek etdi.

Onsoňam, ejem maňa Ýehowa doga etmegi öwretdi. Aslynda, men doga etmegi geplemekden has aňsat görýärdim. Doga edýän mahalym, men sözleri daşymdan aýtmaly bolmaýardym, ýöne aňymda döreýän pikirleri gowy «eşidýärdim». Meniň gepleýşim düşnükli bolmasa-da, Ýehowanyň içimden aýdýan sözlerime-de, dilim pelteklese-de, her bir zada düşünýändigini bilýärdim (Zeb. 65:2).

Kynçylyklara döz gelýärin

Men bäş ýaşymda, ysmaz keselim erbetleşip, ýörite enjamsyz ýöräp bilmeýärdim. Men sandyrap-sandyrap ýöreýärdim! 11 ýaşymda hatda ýöräp hem bilmedim. Soň-soňlar el bilen dolandyrylýan elektrik göteriji bolmasa, düşegimden motorly inwalid arabama geçip bilmeýärdim.

Dogry, käte maýyplygym sebäpli göwnüçökgin bolýaryn. Ýöne men maşgala şygarymyzy ýatlaýaryn: «Edip bilmeýän zatlaryňa üns berme-de, başarýan zadyňy et!». Şeýdip men ata münmegi, gaýykly ýüzmegi, syýahat etmegi, hatda biraz maşyn sürmegi hem öwrendim! Men sungat bilenem meşgullanýaryn, meselem, surat çekýärin, tikin tikýärin, jorap örýärin we toýundan her hili gaplar ýasaýaryn.

Agyr keselim sebäpli, käbir adamlar meniň Hudaýa sežde etmäge ukybym barada şübhelendi. On sekiz ýaşymdakam, bir mekdep mugallymy maňa öýden gidip, ejemiň dininden «halas» bolmagy maslahat berdi. Ol hatda ýaşara jaý hem tapyp berjegini aýtdy. Emma men oňa dinimi hiç haçan taşlamajagymy, öýümden bolsa diňe özbaşdak ýaşamaga taýýar bolan wagtym gitjekdigimi aýtdym.

Mugallym bilen bolan wakadan onçakly wagt geçmänkä, men Ýehowanyň Güwäçisi hökmünde suwda çokundyryldym. Iki ýyldan men kiçiräjik öýe göçdüm. Ol ýerde maňa gerekli goldawam, özbaşdaklygam bar.

Garaşylmadyk teklip

Ýyllaryň geçmegi bilen, meniň imanym başgaça-da synaldy. Günleriň biri, bir maýyp mekdep ýoldaşym maňa durmuşa çykmagy teklip etdi. Ilkibada, men begenjimden uçaýjak boldum. Her bir gyz ýaly, meniňem durmuşa çykasym gelýärdi. Ýöne onuň hem men ýaly maýyplygy maşgalamyzyň bagtly boljagyny aňlatmaýardy. Onsoňam, ol ýaş ýigit meniň dinime uýmaýardy. Biziň ynançlarymyz, güýmenjelerimiz we maksatlarymyz düýbünden tapawutlanýardy. Şeýle adam bilenem bile ýaşap bolarmy? Şeýle-de men Hudaýyň diňe imandaşyň bilen durmuş gurmaly diýen aýdyň görkezmesine gulak asmagy ýüregime düwüpdim (1 Kor. 7:39). Şol sebäpli-de, men ýaş ýigide teklibinden ýüz öwürýändigimi sypaýyçylyk bilen aýtdym.

Şu günlerem gelen dogry kararyma ökünmeýärin. Hudaýyň wada beren täze dünýäsinde bagtly boljagyma asla şübhäm ýok (Zeb. 145:16; 2 Pet. 3:13). Şol wagta çenli, Ýehowa wepaly bolup, häzirki ýagdaýyma kanagat etmegi ýüregime berk düwdüm.

Men inwalid arabamdan düşüp, keýik kimin ylgajak günüme sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Şonda begenjimden ýaňa: «Men maýypdym, indi ebedi ýaşamak üçin janym tut ýaly sagdyn!» diýip, gygyraryn.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş