Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/3 sah. 10—14
  • Adamlara «ukudan oýanmaga» kömek ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Adamlara «ukudan oýanmaga» kömek ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • RUHY TAÝDAN UKY NÄME?
  • BIZ OÝA BOLMALY
  • WAGYZ ETMEGIŇ ÄHMIÝETI
  • SYN EDIŇ
  • ADAMLAR BILEN IÇGIN GYZYKLANYŇ
  • MYLAKATLY BOLUP, ÖKDELIK BILEN WAGYZ EDIŇ
  • DOGAN-GARYNDAŞLARYŇYZY «ÝUWAŞJADAN» OÝARYŇ
  • Gürrüňdeş bolmagy öwreniň
    Wagyz mekdebi
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/3 sah. 10—14

Adamlara «ukudan oýanmaga» kömek ediň

«Biziň ukudan oýanmaly sagadymyz eýýäm geldi» (RIM. 13:11).

DÜŞÜNDIRIP BILERSIŇIZMI?

  • Mesihçiler näme üçin oýa bolmaly?

  • Wagyzçylar näme üçin ünsli bolmaly we syn etmeli?

  • Biz wagyzda näme üçin mähirli hem mylakatly bolmaly?

1, 2. Köp adamlar haýsy manyda ukudan oýanmaly?

HER ýyl müňlerçe sürüji irkilýändigi ýa-da uka gidýändigi sebäpli heläkçilige uçraýar. Käbir adamlar irden wagtynda oýanman ýa-da iş ýerinde uka gidip, işden kowulýarlar. Emma ruhy taýdan irkilmek has-da howpludyr. Şol sebäpli-de Injilde: «Oýa bolan... bagtlydyr!» diýilýär (Ylham 16:14—16).

2 Ýehowanyň beýik güni ýakynlaşsa-da, köp adamlar ruhy taýdan uklap ýatyr. Käbir dini ýolbaşçylar dindar adamlaryň hem süýji ukuda ýatandygyny aýdýar. Ruhy taýdan uky näme? Mesihçiler näme üçin oýa bolmaly? Biz adamlara ukudan oýanmaga nädip kömek edip bileris?

RUHY TAÝDAN UKY NÄME?

3. Ruhy taýdan ukudaky adamy nähili suratlandyryp bolar?

3 Ukudaky adam adatça hereketsiz ýatýar. Ruhy taýdan ýatan adamlar bolsa, gaýtam has-da başagaý bolýar, ýöne ruhy işleri etmeýär. Belki, olar durmuşyň gaýgy-aladalaryna batandyr ýa-da keýpi-sapa, at-abraýa we baýlyga kowalaşýandyr. Şonuň üçin olar Hudaý bilen dostlugyny berkitmek barada köp oýlanmaýarlar. Ruhy taýdan oýa adamlar bolsa, soňky günlerde ýaşaýandygyna düşünip, Hudaýyň islegini yhlasly ýerine ýetirmäge çalyşýarlar (2 Petrus 3:3, 4; Luka 21:34—36).

4. Pawlusyň: «Beýlekiler ýaly uklamaň» diýen maslahaty näme aňladýar?

4 1 Selanikliler 5:4—8-nji aýatlary okaň. Şu aýatlarda Pawlus resul imandaşlaryna «beýlekiler ýaly uklamaň» diýip maslahat berýär. Ol näme diýjek bolduka? Eger biz Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamasak, onda «uklamagymyz» mümkin. Şeýle-de Ýehowanyň hudaýsyz adamlary ýok etjek wagtynyň golaýlaşandygyna üns bermesek, «uka» gitmegimiz ahmal. Hawa, hudaýsyz adamlaryň işleri we pikirleri bize täsir etmez ýaly seresap bolmaly.

5. Ruhy taýdan ukudaky adamlar näme pikir edýärler?

5 Käbir adamlar eden etmişleri üçin jogap sorajak Hudaý ýokdur öýdýärler (Zeb. 53:1). Beýlekiler bolsa: «Hudaýyň biz bilen işi ýok, şonuň üçin ol barada bilmegiň näme peýdasy bar?» diýýärler. Käbir adamlar bolsa, Hudaýa ynanmak ýeterlikdir öýdýär. Şeýle adamlaryň bary ruhy taýdan ukuda ýatyr we hökman oýanmaly. Biz olara nädip kömek edip bileris?

BIZ OÝA BOLMALY

6. Biz näme üçin oýa bolmaly?

6 Biz adamlary oýarmak üçin, ilki bilen, özümiz oýa bolmaly. Munuň üçin näme etmeli? Biz ruhy taýdan ýatan adamlaryň işlerinden gaça durmaly. Hudaýyň Sözüne görä, olar «garaňkylygyň işlerini» edýärler. Meselem, olar aýşy-eşret, serhoşluk, azgynlyk, ahlaksyzlyk, dawa we içigaraçylyk edýärler (Rimliler 13:11—14-nji aýatlary okaň). Şeýle işlerden gaça durmak aňsat däl. Şoňa görä-de, hüşgär bolmaly. Sürüji ýolda uka gitse, heläkçilige uçrajakdygyny unutmaly däl. Mesihçi-de ruhy taýdan irkilse, betbagtçylyga eltjekdigini ýatda saklamaly!

7. Näme üçin adamlar hoş habary kabul etmez öýtmeli däl?

7 Aýdaly, mesihçi meýdançasynda hiç kim hoş habary asla kabul etmez öýdýär (Sül. tym. 6:10, 11). Ol şeýle pikir etmegi mümkin: «Eger hoş habary hiç kim kabul etmejek bolsa, onda der döküp wagyz etmek näme gerek?» Dogry, köp adamlar ruhy taýdan ukuda ýatyr, ýöne wagtyň geçmegi bilen, olaryň ýagdaýy we düşünjesi üýtgeýär. Olaryň käbiri oýanyp, hoş habary kabul edýär. Olara kömek etmek üçin özümiz oýa bolmaly hem-de hoş habary täze-täze usullar bilen gyzykly edip gürrüň bermeli. Şeýle-de oýa bolmak üçin wagyz etmegiň ähmiýetini unutmaly däl.

WAGYZ ETMEGIŇ ÄHMIÝETI

8. Wagyz etmek näme üçin wajyp?

8 Adamlar hoş habary diňleseler-de, diňlemeseler-de, biz wagyz edip, Ýehowany şöhratlandyrýarys hem-de onuň islegini ýerine ýetirýäris. Tizden Hudaý hoş habara boýun bolmadyk adamlary höküm eder. Hoş habary kabul etmedikler heläk bolar (2 Sel. 1:8, 9). Onsoňam, «hem dogrularyň, hem egrileriň ölümden direlişi» boljak bolsa, onda yhlasly wagyz etmegiň geregi ýokdur öýtmek nädogry bolar (Res. iş. 24:15). Hudaýyň Sözünden bilşimiz ýaly, «geçiler» toparyna degişli adamlar «ebedilik ýok ediler, TD». Biz wagyz edip, Hudaýyň rehimdarlygyny aýan edýäris we adamlara özgermäge we «ebedi ýaşaýşa» gowuşmaga mümkinçilik berýäris (Mat. 25:32, 41, 46; Rim. 10:13—15). Eger biz wagyz etmesek, onda adamlarda ýaşaýyş berýän habary eşitmäge mümkinçilik bolarmy?

9. Hoş habary wagyz etmek seniň özüňe we adamlara nähili kömek edýär?

9 Biz hoş habary wagyz edip, özümizi hem halas edýäris (1 Timoteos 4:16-ny okaň). Eýsem, adamlara Ýehowa we gökdäki Patyşalyk barada gürrüň berip, seniň imanyň berkemedimi hem Hudaýa söýgiň artmadymy? Mesihçi häsiýetleri edinmäge kömek etmedimi? Wagyz etmek bilen Hudaýa söýgiňi bildireniňde, özüňi has-da bagtly duýmaýarmyň? Hakykaty adamlara öwredýän wagyzçylar şägirdiň durmuşyna Hudaýyň ruhunyň gowy täsir edişini görüp, köp şatlyk alýarlar.

SYN EDIŇ

10, 11. a) Isa we Pawlus näme üçin ünsli bolup, syn edipdir diýse bolar? b) Wagyzda nädip ünsli bolup bileris?

10 Biz dürli ýollar arkaly adamlary hoş habar bilen gyzyklandyryp bileris. Munuň üçin wagyzda ünsli bolmaly we syn etmeli. Bu babatda Isa gowy görelde galdyrdy. Kämil ynsan Isa fariseýiň ýüregindäki nägileliligi, günäli aýalyň ýürekden toba edýändigini we dul hatynyň iň soňky puluny berendigini görüp bildi (Luka 7:37—50; 21:1—4). Isa olaryň her biriniň ýagdaýyny bilýändigi üçin kömek edip bildi. Ýöne syn etmek üçin kämil bolmak hökman däl. Munuň üçin Pawlusyň mysalyna seredeliň. Ol ähli adamlara hoş habary dürli ýollar bilen wagyz etdi (Res. iş. 17:22, 23, 34; 1 Kor. 9:19—23).

11 Eger biz hem Isa bilen Pawlus ýaly ünsli bolmaga we syn etmäge tagalla etsek, onda adamlary hoş habar bilen gyzyklandyryp bileris. Meselem, wagyzda duşýan adamlary synlap, olaryň medeniýetini, halaýan zatlaryny we maşgala ýagdaýyny biljek boluň. Belki, olaryň edip duran işine üns berip, şonuň esasynda-da gürrüň açarsyň.

12. Wagyzda edilýän özara gürrüňdeşlik barada nämäni unutmaly däl?

12 Ünsli adam wagyzda başga zatlara ünsüni sowmaýar. Wagyzda ýoldaşymyz bilen gürrüňdeşlik ruhlandyrsa-da, esasy maksadymyzyň adamlara hoş habary wagyz etmekdigini unutmaly däl (Wag. 3:1, 7). Diýmek, öýden-öýe wagyz edenimizde, özara gürrüňlerimiz wagza päsgel bermeli däl. Ünsümizi diňe wagza jemlemek üçin gyzyklanýan adama nähili pikirleri aýtjakdygymyz hakda gürrüň etsek gowy bolardy. El telefony wagyzda käte kömek etse-de, gelýän jaňlar öý eýesi bilen edýän söhbetdeşligimize päsgel bermeli däl.

ADAMLAR BILEN IÇGIN GYZYKLANYŇ

13, 14. a) Adamy näme gyzyklandyrýandygyny nädip bilmeli? b) Adamlary ruhy zatlar bilen nädip gyzyklandyryp bolar?

13 Wagyzda adamlary ünsli diňlemek örän wajyp. Sen meýdançaňdaky adamlaryň pikirini bilmek üçin nähili soraglar berýäň? Ol täze dinleriň köpelmegi, jenaýatçylygyň artmagy ýa-da hökümetleriň başarnyksyzlygy hakda alada edýärmi? Belki, sen olary ruhy zatlar bilen gyzyklandyrmak üçin ajaýyp tebigat barada birki söz aýdýansyň ýa-da Mukaddes Ýazgylaryň maslahatynyň peýdasyny gürrüň berýänsiň. Hudaýa doga-dileg etmek hakda ähli milletli adamlar, hatda Hudaýa ynanmaýan adamlar hem gyzyklanýar. Köp adamlar: «Dogalarymyzy eşidýän barmyka?» diýip oýlanýarlar. Başga adamlary şu sowallar gyzyklandyrsa gerek: Hudaý ähli dogalary diňleýärmi? Eger diňlemeýän bolsa, onda diňlär ýaly näme etmeli?

14 Onsoňam, tejribeli wagyzçylaryň gürrüňdeşlige başlaýşyndan köp zatlar öwrenip bileris. Olaryň adamlary oňaýsyz ýagdaýa salman, sorag berşine we äheňine üns ber. Olar sesi we ýüz-gözi bilen öý eýesine düşünýändigini nädip görkezýär? (Sül. tym. 15:13).

MYLAKATLY BOLUP, ÖKDELIK BILEN WAGYZ EDIŇ

15. Biz wagyzda näme üçin mylakatly bolmaly?

15 Seni süýji ukudan birden oýarsalar halarmyň? Köp adamlar halamaýar. Şeýle ýagdaýda ýuwaşlyk bilen oýarsaň, has-da gowy bolar. Adamlary ruhy taýdan oýarmak barada-da şeýle diýse bolar. Aýdaly, öýden-öýe wagyzda biri gahar-gazaba münse, näme edersiň? Bimaza edeniň üçin ötünç sorap, ýuwaşlyk bilen git (Sül. tym. 15:1; 17:14; 2 Tim. 2:24). Özüňi mylakatly alyp barsaň, belki, ol indiki geljek wagyzçyny gowy kabul eder.

16, 17. Biz nädip mylakatly hem ökde wagyz edip bileris?

16 Käbir ýagdaýlarda adamlar hoş habary diňlemek islemese-de, gürrüňdeşligi dowam edip bolýar. Käte adamlar: «Sag boluň. Meniň öz dinim bar» ýa-da «Bu meni gyzyklandyrmaýar» diýmegi mümkin. Şonda-da mylakatlylyk hem ökdelik bilen gyzykly sorag berip, öý eýesini hoş habar bilen gyzyklandyryp bilersiň (Koloseliler 4:6-ny okaň).

17 Käte biz adamlaryň gürrüň etmäge wagtynyň ýokdugyny görsek, onda olaryň ýagdaýyna düşünip, sylaşykly bolmaly we gitmeli. Başga ýagdaýda gysgaça hem manyly pikir aýtsak, ýerlikli bolar. Käbir doganlar bary-ýogy bir minudyň dowamynda Mukaddes Ýazgylardan oýlandyryjy bir aýady okaýarlar-da, öý eýesine gyzykly sorag berip gidýärler. Olaryň az gürlemegi öý eýesine şeýle täsir edýär welin, ol hatda işlerini goýup, biraz gürrüň etmäge-de wagt tapýar. Eger mümkinçilik bolsa, sen hem şeýle edip bilersiňmi?

18. Her bir ýagdaýda wagyz etmek üçin näme edip bileris?

18 Eger biz wagyz etmäge taýýarlansak, onda günüň dowamynda duşýan adamlary hoş habar bilen gyzyklandyryryp bileris. Köp dogan-uýalar jübüsinde ýa-da sumkasynda birnäçe edebiýaty göterýärler. Şeýle-de mümkinçilik dörände, wagyz eder ýaly, olar belli bir aýady ýat tutýarlar. Ýygnagyň wagyz gözegçisi ýa-da pionerler bilen gürleşseň, olar saňa şeýle ýagdaýlara taýýarlanmaga kömek edip biler.

DOGAN-GARYNDAŞLARYŇYZY «ÝUWAŞJADAN» OÝARYŇ

19. Biz näme üçin dogan-garyndaşlara wagyz etmegi goýmaly däl?

19 Biziň ählimiz dogan-garyndaşlarymyzyň hakykaty kabul etmegini isleýäris (Ýeşuw 2:13; Res. iş. 10:24, 48; 16:31, 32). Olar hoş habary derrew kabul etmese, onda gaýta-gaýta wagyz etmäge çekinýäris. Olaryň garaýşyny üýtgetmek üçin näme aýtjagymyzy ýa etjegimizi bilýän däldiris. Emma käbir wakalar dogan-garyndaşyň durmuşyny ýa-da garaýşyny üýtgetmegi ahmal. Ýa-da sen hakykaty has ökde düşündirmegi öwrenensiň, şol sebäpli indi olar diňlemegi mümkin.

20 Dogan-garyndaşlar bilen näme üçin mylakatly gürleşmeli?

20 Biz dogan-garyndaşlarymyzyň göwnüne degmeli däl (Rim. 2:4). Eýsem, olar bilen wagyzdaky ýaly mähirli gürleşmeli dälmi näme? Olar bilen mylakatly hem sylaşykly gürleşmeli. Takal okamagyň deregine, hakykatyň saňa gowy täsir edýändigini görkez (Efes. 4:23, 24). Olar Ýehowanyň saňa «peýdaly zady öwredip», durmuşyňy manyly edendigini görsünler (Iş. 48:17). Goý, dogan-garyndaşlaryň seniň mesihçi hökmünde ýaşaýandygyňa göz ýetirsinler.

21, 22. Dogan-garyndaşlara erjellik bilen wagyz etmegiň peýdasy barada mysal getiriň.

21 Ýaňy-ýakynda bir uýa şeýle ýazdy: «Men hemişe-de 13 sany dogan-uýama sözde we iş ýüzünde wagyz etmäge çalyşýardym. Men bir ýylam geçirmän, her birine hat ýazýardym. Şonda-da 30 ýylyň dowamynda maşgalamyzda diňe men Güwäçidim».

22 Soňra uýa şeýle dowam edýär: «Günlerde bir gün ýüzlerçe kilometr uzakda ýaşaýan aýal doganyma jaň etdim. Ol öz dinindäki ýolbaşçysyndan Mukaddes Ýazgylary öwretmegi haýyş edendigini, ýöne onuň hiç haçan okatmandygyny aýtdy. Şonda men oňa Mukaddes Ýazgylary höwes bilen öwredip biljekdigimi duýdurdym welin, ol maňa: «Bolýar, ýöne öňünden aýdýan: «Men hiç haçan Ýehowanyň Güwäçisi bolmaryn» diýdi. Men aýal doganyma «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitaby poçta üsti bilen iberip, oňa birnäçe günden jaň edip durdum. Ýöne ol entegem kitabyň gatyny açmandy. Ahyrsoňy, men ondan kitaby eline almagy haýyş etdim-de, 15 minudyň dowamynda telefon arkaly käbir aýatlara seretdik. Birnäçe gezek jaňlaşanymyzdan soň, ol 15 minutdan köpräk gürrüň etmek isledi. Soňra bolsa, aýal doganymyň özi okuw geçmek üçin jaň edip başlady. Käte ol irden ýaňy gözümi açyp-açmankam, käte bolsa günde iki sapar jaň ederdi. Bir ýyldan aýal doganym suwda çokundyryldy, ýene bir ýyldan bolsa, pioner gullugyna başlady.

23. Biz adamlary ruhy taýdan oýarmagy näme üçin dowam etmeli?

23 Adamlary ruhy taýdan oýarmak üçin ussatlyk hem erjellik gerek. Ençeme ýumşak adamlar hoş habary kabul edýär. Her aý ortaça 20 müňden gowrak adam suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň Güwäçisi bolýar. Şoňa görä-de, Pawlusyň I asyrasyrda ýaşan Arhipus dogana: «Dykgat et, Rebde alan hyzmatyňy bitirjek bol» diýen maslahatyna eýereliň (Kol. 4:17). Biz indiki makaladan yhlasly wagyz etmek üçin nämeler etmelidigimizi bileris.

[13-nji sahypadaky çarçuwa]

OÝA BOLMAK ÜÇIN

▪ Hudaýyň islegini yhlasly berjaý et

▪ Garaňkylyk işlerinden gaça dur

▪ Ruhy taýdan irkilmekden ägä bol

▪ Meýdançadaky adamlar hoş habary kabul etmez öýtme

▪ Adamlara täze-täze usullar bilen wagyz et

▪ Wagyz etmegiň ähmiýetini unutma

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş