Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/3 sah. 30—31
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Pornografiýa güýmenjemi ýa-da zäher?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Pornografiýadan näme üçin gaça durmaly?
    Ýaşlaryň sowallary
  • Pornografiýadan näme üçin gaça durmaly?
    Ýaşlaryň sowallary — peýdaly maslahatlar, II tom
  • Şeýtanyň duzagyna düşmekden ägä boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/3 sah. 30—31

Okyjylaryň sowallary

Pornografiýa seredýänler ýygnakdan çykarylyp bilermi?

▪ Hawa, çykarylyp biler. Şol sebäpli žurnallarda, filmlerde, wideofilmlerde, Internetde pornografiýanyň ýazuw arkaly beýan edilýän ýa-da şekil arkaly görkezilýän görnüşlerinden gaça durmagy ýüregiňe düwmek örän wajyp.

Pornografiýa bütin dünýäde ýaýrady. Internet ony öňküden-de has elýeterli edýär we azýanlaryň sanyny gün-günden köpeldýär. Käbir garrylar we ýaşlar Internetiň pornografiýa sahypalaryna bilmän girýär. Käbirleri bolsa, oňa bilgeşleýin girýär. Olara şol sahypalara girmäge hiç zat päsgel bermeýär, sebäbi olar öýünde ýa-da işinde gizlin pornografiýany okaýarlar ýa-da oňa seredýärler. Näme üçin mesihçilere pornografiýa howply?

Munuň esasy sebäbini Isa: «Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» diýip düşündirdi (Mat. 5:28). Är-aýalyň arasyndaky jyns gatnaşygynda hiç hili aýyp zat ýok, çünki olar mundan lezzet alýar (Sül. tym. 5:15—19; 1 Kor. 7:2—5). Emma pornografiýada şeýle gatnaşyklar göz öňünde tutulmaýar. Onda azgyn jyns gatnaşygy görkezilip, Isanyň duýdurşy ýaly hapa pikirleri oýarýar. Pornografiýany okamak ýa-da görmek Hudaýyň: «Ýerdäki tebigatyňyza mahsus bolan zyna, hapalyk, şehwet, höwesler we butparazlyga barabar bolan husytlyk ýaly islegleriňizi öldüriň» diýen tabşyrygyna garşy gelýär (Kol. 3:5).

Eger mesihçi pornografiýany bir-iki gezek gören bolsa näme? Şeýle ýagdaýda ol Asaf ýaly howply ýagdaýa düşmegi mümkin. Asaf şeýle diýdi: «Meniň bolsa aýaklarym tas sürçüpdi, ädimlerim taýmaga golaýdy». Mesihçi ýalaňaç erkekdir, aýalyň suratyny ýa-da jynsy ahlaksyzlyk edýänini görüp, nädip ynsabyny arassa we Hudaý bilen ýakyn gatnaşygyny saklap biler? Ol özüni «her gün mergä sezewar boldum, ertirlerine jeza çekdim» diýen Asaf ýaly duýar (Zeb. 73:2, 14).

Ahlaksyzlyk toruna düşen mesihçi aklyna aýlanyp, kömege mätäçdigine düşünmeli. Ol şeýle kömegi ýygnakda alyp biler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Bir adam bir ýazyk üstünde tutulsa, Ruha uýan siz beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getiriň. Sen hem synalmaz ýaly, özüňe seret» (Gal. 6:1). Bir ýa-da iki ýaşuly oňa kömek berip, onuň üçin doga edip bilerler, çünki «iman dogasy syrkawa şypa berer... günä eden bolsa, bagyşlanar» (Ýakup 5:13—15). Pornografiýa seretmek endigini taşlamak üçin kömek soran mesihçiler Asaf ýaly «Hudaýa ýakynlaşmagyň gowudygyna» göz ýetirdiler (Zeb. 73:28).

Emma Pawlus resulyň aýtmagyna görä, günä edenleriň käbiri «murdarlyklaryndan, zyna we ahlaksyzlyklaryndan toba etmediler»a (2 Kor. 12:21). Professor Marwin Winsentiň aýtmagyna görä, grek dilinde «murdarlyk» diýip terjime edilen söz, ýigrenç döredýän bozuklygy aňladýar. Pornografiýanyň käbir görnüşlerinde ýalaňaç erkekdir aýallaryň jynsy ahlaksyzlyk edýäninden has beteri görkezilýär. Şeýle nejis, ýigrenji pornografiýa gomoseksualizm (bir jynsdaky adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyk), toparlaýyn jyns gatnaşyk, mal bilen jyns gatnaşygy, toparlaýyn zorlamak, aýallary masgaralamak, sadizm ýa-da mazohizm (fiziki güýç bilen awundyryp, öz haram nebsini kanagatlandyrmaklyk) we çaga pornografiýasy hem degişli. Pawlusyň günleri «aň-düşünjeleri garaňkylykdaky» adamlar «bütin duýgularyny ýitirip, açgözlük bilen her hili hapa işi ýerine ýetirip, özlerini ahlaksyzlyga berdiler» (Efes. 4:18, 19).

Pawlus Galatýalylar 5:19-da hem «murdarlyk» sözüni ulandy. Britaniýaly bir din öwrenýän alymyň aýtmagyna görä, «şu ýerde ulanylan bu söz ähli tebigy däl höwesleri aňladyp bilýär». Haýsy mesihçi ýokarda agzalan nejis, azgyn jynsy gatnaşykly pornografiýa görnüşleriniň «tebigy däl höweslere» degişlidigini we ýigrenç döredýändigini inkär eder? Pawlus resul Galaýatlylar 5:19—21-nji aýatlarda «bulary edýänler», ýagny hapa işler bilen meşgullanýanlar, «Hudaýyň Patyşalygyny miras almaz» diýip, sözlerini jemleýär. Diýmek, mesihçi köp wagtyň dowamynda azgyn jynsy gatnaşykly nejis pornografiýa görüp, toba etmese we öwrenen endigini goýmasa, onda mesihçileriň ýygnagynda galyp bilmez. Ýygnagyň ruhuny gorap, arassa saklar ýaly, şeýle adamy ýygnakdan çykarmaly bolýar (1 Kor. 5:5, 11).

Nejis pornografiýa seretmek endigi bolan käbir mesihçileriň ýaşululara ýüz tutup, doly özgerişik eder ýaly, ruhy taýdan kömek alandygy bize teselli berýär. Isa Sardisdäki mesihçilere şeýle maslahat berdi: «Galan we öljek zatlary güýçlendir... alanyňy, eşideniňi ýada sal-da, berjaý et, toba gel. Oýanmasaň... Meniň haýsy sagatda üstüňe geljegimi-de bilmän galarsyň» (Ylh. 3:2, 3). Hakykatdan-da, toba edip, «otdan» gutulyp bolýar (Ýahuda 22, 23).

Emma biziň her birimiz şol howply zada asla ýanaşmazlygy ýüregimize berk düwsek, gowy bolardy. Biz pornografiýanyň ähli görnüşlerinden gaça durmagy ýüregimize düwmeli!

[Çykgyt]

a «Murdarlyklaryň, zynanyň we ahlaksyzlyklaryň» tapawudyna «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 2006-njy ýylyň 15-iýulda çykan sanynyň 29—31-nji sahypalarynda seredilýär.

[30-njy sahypadaky sitata]

Ahlaksyzlyk toruna düşen mesihçi aklyna aýlanyp, kömege mätäçdigine düşünmeli

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş