Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/3 sah. 25—29
  • Yza seretmäň!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Yza seretmäň!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «ÖŇLER GOWUDY»
  • YZDA GALAN ZATLAR
  • ÇEKILEN KYNÇYLYKLAR
  • Geçmişe däl-de, gelejege serediň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Meniň şägirdim boluň. Munuň üçin näme etmeli?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Duza öwrülen aýal
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Lutuň aýalyny ýada salyň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/3 sah. 25—29

Yza seretmäň!

«Eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» (LUKA 9:62).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biz näme üçin Lutuň aýalyny ýada salmaly?

  • Haýsy üç zat üçin yzymyza seretmeli däl?

  • Ýehowanyň guramasyndan yza galmaz ýaly näme etmeli?

1. Isa nähili duýduryş berdi we nähili soraglar ýüze çykýar?

«LUTUŇ aýalyny ýada salyň!» (Luka 17:32). Isa Mesihiň takmynan 2 müň ýyl mundan ozal aýdan duýduryşy häzir has-da ähmiýetli. Eýsem, Isa näme diýjek bolduka? Ýewreýler bu sözüň manysyna düşünýärdi. Sebäbi Lutuň aýalyna näme bolandygyny bilýärdiler. Maşgalasy bilen Sodom şäherinden çykyp barýarka, Lutuň aýaly aýdylana gulak asman, yzyna garap, duz sütünine öwrülýär (Gelip çykyş 19:17, 26-njy aýatlary okaň)a.

2. Lutuň aýaly näme üçin yzyna seredendir we oňa näme boldy?

2 Lutuň aýaly näme üçin yzyna garadyka? Belki, bolýan zatlary göresi gelendir. Ynanmazçylyk etdimikä ýa imany gowşadymyka? Ýa-da Sodomda galdyran zatlaryna gynanyp yzyna seretdimikä? (Luka 17:31). Nähili bolaýanda-da, ol etmişine görä jezasyny çekdi. Gör nämeler boldy! Ol Sodomyň we Gomoranyň ýaşaýjylary bilen bir günde heläk boldy. Ine, şonuň üçin Isa: «Lutuň aýalyny ýada salyň!» diýdi.

3. Isa yza seretmegiň howpludygyny nädip düşündirdi?

3 Biziň ýaşaýan döwrümizde-de, göçme manyda yza seretmek howply. Bir adam Isanyň şägirdi bolmak üçin, ilki, maşgalasy bilen hoşlaşmaga rugsat soraýar. Şonda Isa oňa: «Eline azaly alansoň, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna ýaraşmaz» diýip, muny gowy düşündirýär (Luka 9:62). Isa ondan köp zady talap etdimi? Ýok, sebäbi ol adam bahana gözläp, jogapkärçilikden gaçjak bolýardy. Isa şeýle haýal-ýagallygy «yzyňa seretmek» bilen deňeşdirdi. Eline azaly alan daýhan bir salymlyk yzyna seretse-de ýa-da azaly goýup, yzyna öwrülse-de, tapawudy näme? Iki ýagdaýda-da onuň ünsi sowulýar we edýän işiniň hiline ýaramaz täsir edýär.

4. Biz nirä seretmeli?

4 Biz yza seretmegiň deregine diňe öňe seretmeli. Bu barada Süleýmanyň tymsallary 4:25-de şeýle diýilýär: «Gözleriň dogry öňe seretsin, nazaryň göni öňe dikilsin».

5. Biz näme üçin yza seretmeli däl?

5 Eýsem, biz näme üçin yza seretmeli däl? Sebäbi biz soňky günlerde ýaşaýarys (2 Tim. 3:1). Tizden diňe iki azgyn şäher däl-de, tutuş zalym dünýä ýok ediler. Lutuň aýalynyň ýagdaýyna düşmejek bolsak, näme etmeli? Ilki bilen, yzda galan haýsy zatlaryň bizi yza seretmäge itekleýändigini bilmeli (2 Kor. 2:11). Geliň, şol zatlaryň nämedigini bilip, soňra olardan gaça durmagy öwreneliň.

«ÖŇLER GOWUDY»

6. Geçeni bolşy ýaly ýatlamak näme üçin aňsat däl?

6 Uly howplaryň biri — öňler gowudy diýmekdir. Köplenç geçeni bolşy ýaly ýatlamak aňsat däl. Belki, biz bolan kynçylyklara kän ähmiýet bermän, şatlykly tarapyna köp üns berýändiris. Şeýdip, öňler durmuş has gowy bolan ýaly görünýär. Şeýle nädogry garaýyş sebäpli, biz öňki durmuşy küýsäp başlaýarys. Emma Mukaddes Ýazgylarda şeýle duýduryş berilýär: «Öňler häzirki günlerden gowudy diýme, çünki şeýle diýmek paýhasly däldir» (Wag. 7:10). Şeýle pikir etmek näme üçin howply?

7—9. a) Ysraýyllylar Müsürde nähili ýaşaýardy? b) Olar näme üçin begenipdiler? ç) Ysraýyllylar näme sebäpli zeýrenip igendiler?

7 Geliň, Musanyň günlerinde ýaşan ysraýyllylaryň ýagdaýyna seredeliň. Başda ysraýyllylar Müsürde myhman hasaplansalar-da, Ýusubyň ölmegi bilen «müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler» (Müs. çyk. 1:11). Ahyrsoňy Faraon täze doglan her bir oglany öldürmegi buýrup, Hudaýyň halkyny gyrjak boldy (Müs. çyk. 1:15, 16, 22). Şonuň üçin Ýehowanyň Musa şeýle diýmegi geň galdyrmaýar: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin» (Müs. çyk. 3:7).

8 Gulçulykdan azatlyga çykan ysraýyl halkynyň şatlygyny göz öňüne getirip bilermiň? Olar tekepbir faraona we halkyna iberlen on jeza arkaly Ýehowanyň gudratly güýjüni gördüler (Müsürden çykyş 6:6-ny okaň)b. Aslynda, müsürliler ysraýyllylary diňe bir goýbermediler, gaýtam olardan gitmegi haýyş edip gyssadylar hem-de olara şeýle köp altyn-kümüş berdiler welin, Töwratda Hudaýyň halky «müsürlileriň baýlygyny talap gaýtdylar» diýilýär (Müs. Çyk. 12:33—36). Ysraýyllylar faraonyň we onuň goşunynyň Gyzyl deňizde heläk bolşuny görüp, has-da begendiler (Müs. çyk. 14:30, 31). Şeýle gudratly wakalary gözüň bilen görmek imanyňy berkitse gerek!

9 Gynansak-da, ysraýyllylaryň gudrat bilen azatlyga çykmagyna köp wagt geçmänkä, olar zeýrenip we igenip başladylar. Näme sebäpli? Iýmit üçin! Olar Ýehowanyň berýän zatlaryna kanagat etmän: «Müsürde mugtja iýýän balyklarymyz, hyýarlarymyz, gawunlarymyz, soganlarymyz, düýp soganlarymyz, sarymsaklarymyz ýat boldy-la. Mannadan başga görýän zadymyz bolmansoň, ysgyn-mydarymyz galmady» (San. 11:5, 6). Şeýlelikde, olaryň garaýşy şeýle bozuldy welin, hatda gulçulykda bolan ýurduna dolanmak islediler! (San. 14:2—4). Ysraýyllylar yzyna seredip, Ýehowanyň merhemetinden mahrum boldular (San. 11:10).

10. Biz ysraýyllylaryň mysalyndan nähili sapak edinip bileris?

10 Biz ysraýyllylaryň mysalyndan nähili sapak edinip bileris? Kynçylyklara duşsak, öňler, hatda hakykaty bilmänkäm, has oňatdy diýmäliň. Bolan wakalardan sapak edinmek barada oýlanmak ýa-da käbir wakalary ýakymly ýatlamak nädogry bolmasa-da, biz geçmişe paýhasly garamaly, ýogsam häzirki ýagdaýymyza has-da nägile bolup, öňki durmuşa dolanmak isläris (2 Petrus 2:20—22-nji aýatlary okaň).

YZDA GALAN ZATLAR

11. Käbir dogan-uýalar Hudaýa gulluk etmek üçin nämelerden geçdi we şol zatlara nähili garaýarlar?

11 Käbir mesihçiler Hudaýa gulluk etmek üçin köp zatdan geçdiler. Häzir bolsa, şoňa ökünip, elden giden mümkinçilik hasaplaýarlar. Belki, sende öň ýokary bilim almaga, abraýly adam bolmaga we baýamaga mümkinçilik bolandyr, emma olardan ýüz öwrensiň. Dogan-uýalaryň köpüsi köp aýlykly işde işländirler. Meselem, hususy firmasy bolandyr ýa-da meşhur aýdymçy, uniwersitetde professor ýa-da ady belli sportsmen bolandyr. Emma wagt geçdi, zalym dünýäniň soňy gelmedi. Häzir bolsa sen: «Şol zatlardan geçmedik bolsam, durmuşym nähili bolardy» diýip oýlanýarmyň?

12. Pawlus resul yzda galan zatlara nähili garaýardy?

12 Pawlus resul Isanyň şägirdi bolmak üçin köp zatlardan geçdi (Flp. 3:4—6). Ol yzda galan zatlar barada näme pikir edýärdi? Pawlus resul şeýle diýýär: «Maňa gazanç bolan her zady Mesihiň hatyrasyna zyýan saýdym». Näme üçin? Ol: «Ugrunda bar zadymy ýitiren Rebbim Mesih Isany tanamagyň artyk gymmaty üçin her zady zyýan saýýaryn, Mesihi gazanjak bolup, syr-süplük saýýaryn» diýip düşündirdic (Flp. 3:7, 8). Hapany ýa musory zyňan adam soňra zyňan zatlaryna ökünmeýär. Pawlus hem bu dünýäde galdyran mümkinçiliklerine asla ökünmeýärdi. Olary gymmat saýmaýardy.

13, 14. Biz Pawlus resulyň göreldesine nädip eýerip bileris?

13 Eger-de biz hem şol elden giden mümkinçilikler barada oýlanyp başlasak, näme etmeli? Pawlusyň göreldesine eýermeli. Nädip? Munuň üçin häzirki zatlaryň gadyryny bilmeli. Seniň Ýehowa bilen gymmatly dostlugyň bar we oňa wepaly gulluk edýärsiň (Ýew. 6:10). Heý-de bir seniň häzir alýan we gelejekde aljak ruhy bereketleriňi dünýäniň hödürleýän baýlygy we mümkinçilikleri bilen deňeşdirip bolarmy? (Markus 10:28—30-njy aýatlary okaň).

14 Soňra Pawlus resul Hudaýa wepaly gulluk etmäge kömek edýän maslahaty berýär. Ol: «Yzdaky zatlary unudyp, öňdäkilere el uzadyň» diýýär (Flp. 3:14). Üns beren bolsaňyz, Pawlus iki ädim ätmegi maslahat berýär. Birinjiden, yzda galan zatlary unutmaly, sebäbi olar barada köp alada edip, güýjümizi we gyzyldan gymmat wagtymyzy ýele sowurýarys. Ikinjiden, pellehana golaýlaşan sportsmen ýaly diňe öňe seredip, ylgawy dowam etmeli.

15. Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň göreldesi hakda oýlanmak näme üçin peýdaly?

15 Biz Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň göreldesi hakda oýlansak, onda yzda galan zatlara däl-de, diňe öňe garamaga islegimiz has-da artar. Meselem, Ybraýym we Sara Ur şäherini unutmadyk bolsalar, onda «yzlaryna dönmäge pursatlary bolardy» (Ýew. 11:13—15). Emma olar Ur şäherine dolanmadylar. Musa pygamber-de Müsürde islendik ysraýyllydan has köp zatlary galdyrypdy. Emma şol zatlaryň hiç birini küýsemändir. Gaýtam, Injile laýyklykda, ol: «Mesih ugrunda çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy. Çünki ol öz aljak sylagyna garaýardy» diýilýär (Ýew. 11:26).

ÇEKILEN KYNÇYLYKLAR

16. Çeken kynçylyklarymyz bize nähili täsir edýär?

16 Belki, biz öňler käbir kynçylyklar çekendiris. Eden günämiz ýa-da ýalňyşymyz sussupes edýändir (Zeb. 51:3). Mümkin, berlen maslahatyň ýüregimize salan ýarasy henizem biten däldir (Ýew. 12:11). Adalatsyzlyk ýa-da adalatsyz ýaly bolup görünýän ýagdaýlar bizi gaýga batyrýandyr (Zeb. 55:2). Şeýle zatlar sebäpli yza garamaz ýaly, näme edip bileris? Geliň, üç ýagdaýa seredeliň.

17. a) Pawlus näme üçin özüne «ähli mukaddesleriň iň ähmiýetsizi» diýdi? b) Pawlus gaýga batyrýan pikirlere nädip hötde geldi?

17 Edilen ýalňyşlar. Pawlus resul özüne «ähli mukaddesleriň iň ähmiýetsizi» diýýär (Efes. 3:9). Näme üçin? «Sebäbi men Hudaýyň ýygnagyna azar berdim» diýip jogap berýär (1 Kor. 15:9). Pawlus öňler yzarlan mesihçileriniň käbirine duşanda, özüni nähili duýandygy barada oýlanyp görüň. Emma ol şol pikirler sebäpli gaýga batmandyr-da, Hudaýyň görkezen merhemeti barada oýlanypdyr (1 Tim. 1:12—16). Şonda onuň ýüregi minnetdarlykdan dolup, Hudaýa has-da yhlasly gulluk edipdir. Pawlus öňki eden ýalňyşlaryny unutmagy ýüregine düwüpdir. Eger bizem Ýehowanyň görkezen merhemeti barada köpräk oýlansak, onda üýtgedip bolmajak öňki wakalar sebäpli aşa alada edip, güýjümizi biderek sarp etmeris. Biz bar güýjümiz bilen Ýehowanyň häzirki tabşyran işini ederis.

18. a) Öň berlen maslahaty öýke-kine bilen ýatlasak, näme bolar? b) Maslahaty kabul etmek babatda Süleýmanyň aýdan sözlerine nädip gulak asyp bileris?

18 Agyr degen maslahat. Belki, biz öň berlen maslahaty öýke-kine bilen ýatlap, yza seredýändiris? Şol maslahat diňe bir agyr degmän, eýsem «ruhdan düşürýändir» (Ýew. 12:5). Maslahaty kabul etmän, «äsgermezlik eden» bolsak ýa-da maslahaty kabul edip, soňra eýerip bilmän, «ruhdan düşen» bolsak — iki ýagdaýda-da biz maslahatyň peýdasyny we täsirini görmeýäris. Süleýmanyň aýdan sözlerine gulak asmak has-da gowy: «Terbiýä berk ýapyş. Ony goýberme, ony gora. Çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr» (Sül. tym. 4:13). Ýol hereketiniň düzgünlerine eýerýän sürüji ýaly, geliň, bizem maslahaty kabul edip, durmuşda ulanalyň-da, diňe öňe gideliň (Sül. tym. 4:26, 27; Ýewreýler 12:12, 13-nji aýatlary okaň).

19. Biz Habakkuk we Ýeremiýa pygamberleriň imanyndan nädip görelde alyp bileris?

19 Adalatsyzlyk ýa-da adalatsyz ýaly bolup görünýän ýagdaýlar. Bizde käte Habakkuk pygamberiňki ýaly duýgular döremegi ahmal. Ol käbir adalatsyz zatlaryň näme üçin bolýandygyna düşünmän, Ýehowadan adalaty dikeltmek barada ýalbarypdyr (Hab. 1:2, 3). Biz hem: «Men bolsa, Ýehowany beýgeltjek. Gutulyş berýän Hudaýyma şatlanjak» diýen şol pygamberiň imanyndan görelde almaly (Hab. 3:18). Eger biz gadymy döwürde ýaşan Ýeremiýa pygamber ýaly, adalatly Hudaý Ýehowa bütin ýürek bilen «garaşsak», onda ol hökman ähli zady öz wagtynda düzeder (Ýerem. ag. 3:19—24).

20. «Lutuň aýalyny ýada salsak» näme ederis?

20 Biz aýgytly döwürde ýaşaýarys. Häzir täsin wakalar bolup geçýär, gelejekde has täsin wakalar bolar. Ýehowanyň guramasy öňe ýöreýär, bizem ondan yza galmalyň. Mukaddes Ýazgylaryň maslahat berişi ýaly, yzda galan zatlara garaman, diňe öňe seredeliň. Şonda «Lutuň aýalyny ýada saldygymyz» bolar!

a Gelip çykyş 19:17. Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi. 26. Lutuň aýaly yzyna garady we ol şol bada duz sütünine öwrüldi.

b Müsürden çykyş 6:6. Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: «Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan halas ederin».

c Türkmen dilinde «syr-süplük» diýmek süpürilip taşlanan hapa, her hili galyndylar diýmegi aňladýar. Şu aýatda «syr-süplük» diýip terjime edilen söz grek dilinde «itlere berilýän zat», «tezek» we «nejesat» diýmegi aňladýar. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän bir alymyň aýtmagyna görä, Pawlusyň ulanan sözi adamyň çürt-kesik ýüz öwren zatlaryny aňladýar. Adam şol zatlary dereksiz hem ýürekbulanç hasaplap, gaýdyp göresi gelmeýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş