Ýehowa gullugy näme üçin birinji ýerde goýmaly?
«Agzym bütin gün Seniň dogrulygyňy, Seniň gutaryşyňy wagyz eder» (ZEB. 71:15).
1, 2. a) Özüňi Hudaýa bagyş etmek näme aňladýar? b) Nuhuň, Musanyň, Ýeremiýanyň we Pawlusyň gelen kararlaryna seretmek näme üçin peýdaly?
HAÇANDA sen özüňi Hudaýa bagyş edip, Isanyň suwda çokundyrylan şägirdi bolanyňda, durmuşyňda wajyp ädimi ätdiň. Başgaça aýtsak, sen Ýehowa şeýle diýdiň: «Seniň maňa Hojaýyn bolmagyňy isleýän. Men seniň guluň. Indi wagtymy nädip ulanmalydygymy, nämäni birinji orunda goýmalydygymy hem-de ukyplarymy we bar zadymy nädip peýdalanmalydygymy seniň çözmegiňi isleýän».
2 Eger-de sen suwda çokundyrylan mesihçi bolsaň, onda sen şuny Ýehowa wada berdiň. Sen örän gowy, dogry hem paýhasly karara geldiň. Eger sen Ýehowany Hojaýynyň hasaplaýan bolsaň, onda wagtyňy nämä sarp edersiň? Nuhuň, Musanyň, Ýeremiýanyň we Pawlus resulyň mysalyna seredip, şu soragyň jogabyny bileris. Olaryň ählisi-de Ýehowa ýürekden gulluk edýärdiler. Bizem şolaryňka meňzeş döwürde ýaşaýarys. Olar Hudaýa gullugy birinji orunda goýup, dogry karara geldiler. Bu bizi wagtymyzy nämä sarp edýändigimiz barada oýlanmaga höweslendirýär (Mat. 28:19, 20; 2 Tim. 3:1).
TUPANDAN ÖŇ
3. Biziň günlerimiz näme üçin Nuhuň döwrüne meňzeş diýse bolar?
3 Isa pygamber Nuhuň döwri bilen biziň günlerimiziň meňzeşdigini aýtdy: «Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň gelşi-de şeýle bolar. Çünki adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli, tupandan öňki günlerde iýip, içip, öýlenip, äre çykýardylar. Tupan turup, hemmesini äkidýänçä, olar hiç zady bilmeýärdiler» (Mat. 24:37—39). Şu günler hem köp adamlar wagtyň az galandygyny bilmeýärler. Her kim öz işi bilen başagaý. Hudaýyň gullukçylarynyň yglan edýän duýduryşyna üns bermeýärler. «Hudaýyň adamlar bilen işi ýok» diýip, hatda üstümizden gülýärler. Nuhuň günlerinde-de şeýle bolupdy (2 Pet. 3:3—7). Eýsem, şeýle adamlaryň arasynda ýaşap, Nuh wagtyny nämä sarp etdikä?
4. Hudaýdan tabşyryk alan Nuh wagtyny nämä sarp etdi we näme üçin?
4 Hudaý Nuha erbet adamlary heläk etmekçidigini aýdyp, ýörite bir tabşyryk berýär. Şol sebäpli Nuh adamlary we haýwanlary halas etmek üçin gämi gurýar (Gel. çyk. 6:13, 14, 22). Onsoňam, Nuh adamlara Ýehowanyň höküm güni barada yglan edýär. Petrus resul Nuh pygambere «dogrulyk wagyzçysy» diýýär. Diýmek, Nuh adamlara abanýan howp barada gürrüň bermek üçin güýjüni gaýgyrmandyr (2 Petrus 2:5-i okaň). Eger Nuh we maşgalasy wagtyny öz biznesini açmaga, at-abraý gazanmaga ýa-da has oňaýly jaýda ýaşamaga sarp eden bolsa, paýhasly bolardymy? Elbetde, bolmazdy. Olar Hudaýyň tabşyran işini ýerine ýetirmäge päsgel berýän ähli zatdan gaça durýardy, sebäbi Ýehowanyň zalym dünýäni ýok etjegini bilýärdiler.
MÜSÜR ŞAZADASYNYŇ PAÝHASLY KARARY
5, 6. a) Musanyň alan bilimi ony nämä taýýarlaýardy? b) Musa näme üçin müsür şazadasy hökmünde ýaşamak islemedi?
5 Geliň, indi Musanyň mysalyna seredeliň. Ol faraonyň gyzynyň öweý ogly hökmünde köşkde terbiýelendi. Ýaş şazada «müsürlileriň ähli bilimlerinden sapak berildi» (Res. iş. 7:22; Müs. çyk. 2:9, 10). Şeýdip ony faraonyň köşgünde ýokary wezipäni eýelemäge taýýarlandyrlar. Musa şol wagtky iň güýçli döwletde at-abraýly adam hökmünde köp baýlyga, hormat-sylaga we keýpi-sapaly durmuşa eýe bolup bilerdi. Emma Musa şol zatlary wajyp hasaplaýardymy?
6 Musa çagalygynda öz ene-atasyndan terbiýe alypdy. Şol sebäpli ol ata-babalary Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Ýehowanyň beren wadasy barada eşiden bolmaly. Musa şol wadalara ýürekden iman edýärdi. Ol gelejegi we Ýehowa wepaly bolmak barada ymykly oýlanan bolsa gerek. Indi Musa müsür şazadasy bolmak isleýärmi ýa-da ysraýylly gul? Muny çözmegiň wagty gelipdi. Eýsem, ol näme karara geldikä? Musa «az salym günäniň sapasyny sürmekden, Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi» (Ýewreýler 11:24—26-njy aýatlary okaň). Birnäçe wagtyň geçmegi bilen, ol Ýehowanyň görkezmesine eýerip, ömrüni Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin bagyş etdi (Müs. çyk. 3:2, 6—10). Näme üçin? Sebäbi ol Hudaýyň wadalaryna iman edýärdi. Ol Müsürde gazanjak abraýynyň wagtlaýyndygyna düşünýärdi. Sebäbi tizden Hudaý müsürlileriň üstüne on betbagtçylygy indirdi. Ýehowanyň häzirki gullukçylary mundan näme sapak edinip biler? Bu dünýäde wezipä ýa-da göwün açmalara kowalaşmagyň deregine, Ýehowa Hudaýa we oňa gulluk etmäge üns bermeli.
ÝEREMIÝA BOLJAK ZATLARY BILÝÄRDI
7. Ýeremiýanyň döwrüniň biziň döwrümiz bilen näme meňzeşligi bardy?
7 Ýehowa gullugy birinji orunda goýan adamlaryň ýene biri Ýeremiýa pygamber. Ýehowa oňa biwepa Ysraýyl we Ýahuda halkyna hökümini yglan etmegi tabşyrdy. Ýeremiýa hem «soňky günlerde ýaşapdyr» diýse bolar (Ýerem. 23:19, 20). Ol ýaşaýan ýurdunyň weýran ediljegine örän gowy düşünýärdi.
8, 9. a) Baruk näme üçin düşünjesini düzetmelidi? b) Durmuşymyzy planlaşdyranymyzda, nämäni göz öňünde tutmaly?
8 Şeýle berk imanly Ýeremiýa özüni nähili alyp bardy? Ol tizden weýran ediljek şäherde özüne amatly durmuş gözlemedi. Bu akylsyzlyk bolardy. Ýöne Ýeremiýanyň kätibi Baruk başgaça pikir edip başlady. Hudaý Ýeremiýa pygamber arkaly Baruga: «Ine, men tutuş ýurdy, guran ähli zatlarymy ýumraryn, eken zatlarymy sograryn. Sen bolsa özüňe beýik zady gözleýäň. Gözleme. Ine, men ähli adamzat üstüne heläkçilik indirerin, emma sen nirä gitseňem, saňa öz janyňy olja kimin bererin» diýýär (Ýerem. 45:4, 5).
9 Biz Barugyň gözlän «beýik zadynyň» nämedigini doly bilmeýäris. Ýöne onuň gözlän zadynyň düýbüniň çüýrükdigini bilýäris. Sebäbi babyllylar b. e. öň 607 ýylda Iýerusalimi gabap, weýran etmelidiler. Biz mundan näme sapak edinip bileris? Elbetde, biz ýaşaýşa gerek zatlary edinmek üçin öňümizde käbir maksatlary goýmaly bolýarys (Sül. tym. 6:6—11). Emma gelejegi ýok zatlary edinmek üçin köp wagtymyzy we güýjümizi gidirsek, paýhasly bolarmy? Dogry, Ýehowanyň guramasy täze Patyşalyk zallaryny, filiallary we başga gurluşyk işlerini planlaşdyrýar. Ýöne şol binalar Patyşalygyň bähbitleri üçin gurulýar we olar gelejekde-de gerek bolar. Şeýlelikde, Ýehowanyň wepaly gullukçylary durmuşyny planlaşdyranda Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmaly. Senem öňürti Patyşalygy we Ýehowanyň dogrulygyny agtarýarmyň? (Mat. 6:33).
OL «SYR-SÜPLÜK» SAÝDY
10, 11. a) Pawlus mesihçi bolmanka, nämä kowalaşýardy? b) Pawlusyň durmuşy näme üçin düýbünden üýtgedi?
10 Geliň, indi Pawlus resulyň mysalyna seredeliň. Ol mesihçi bolmanka, uly wezipä ýetmäge mümkinçiligi bardy. Pawlus şol döwrüň örän meşhur mugallymlarynyň birinden ýehudy kanunlaryny öwrendi. Oňa hatda ýehudylaryň baş ruhanysy wajyp ýumşy ynanypdy. Ol ýehudy dinini çuňňur öwrenip, köp döwürdeşlerinden ozdy (Res. iş. 9:1, 2; 22:3; 26:10; Gal. 1:13, 14). Ýehowanyň indi ýehudy halkyndan ýüz öwrendigini bilende welin, Pawlusyň durmuşy düýpgöter üýtgedi.
11 Pawlus şol döwürde wezipä kowalaşmagyň Ýehowanyň öňünde biderekdigini bilýärdi. Sebäbi ýehudy halkyna heläkçilik garaşýardy (Mat. 24:2). Ol Hudaýyň niýetine düşünip, wagyz işini uly hormat saýdy. Pawlus bir wagt wajyp hasaplan zatlaryny indi «syr-süplük saýdy». Ol ýehudy dininden çykyp, galan ömrüni hoş habary wagyz etmäge bagyş etdi (Filipililer 3:4—8, 15-nji aýatlary okaň; Res. iş. 9:15).
SEN NÄMÄNI BIRINJI ORUNDA GOÝÝARSYŇ?
12. Isa suwda çokundyrylyp, ömrüni nämä bagyş etdi?
12 Nuh, Musa, Ýeremiýa, Pawlus we başga-da ençeme adamlar köp wagtyny we güýjüni ruhy işlere sarp etdiler. Olar biziň üçin gowy görelde. Elbetde, Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň arasynda iň uly görelde — Isa pygamber (1 Pet. 2:21). Ol suwda çokundyrylyp, bütin ömrüni hoş habary wagyz etmek we Ýehowany şöhratlandyrmak üçin bagyş etdi. Isanyň göreldesine eýerýän we Ýehowany Hojaýyny hasaplaýan her bir mesihçi Ýehowa gullugy birinji orunda goýmaly. Sen hem şeýle edýärsiňmi? Biz Ýehowa köpräk gulluk edip, şol bir wagtyň özünde dünýewi işlere-de ýetişmek üçin näme edip bileris? (Zebur 71:15; 145:2-nji aýatlary okaň).
13, 14. a) Wepaly mesihçileriň ählisine näme barada oýlanmak maslahat berilýär? b) Hudaýyň halkyna näme şatlyk berýär?
13 Ençeme ýyl bäri, Ýehowanyň guramasy mesihçileri pioner gullugy barada doga etmäge gaýta-gaýta höweslendirýär. Ýehowanyň käbir wepaly gullukçylary dürli sebäplere görä her aý ortaça 70 sagat wagyz edip bilmeýär (1 Tim. 5:8). Eýsem, seniň ýagdaýyň nähili? Seniň pioner bolmaga mümkinçiligiň barmy?
14 Şu ýyl Ýatlama agşamy döwründe Hudaýyň halkynyň alan şatlygy barada oýlanyp gör. Mart aýynda kömekçi pionerlere 30 ýa 50 sagat wagyz etmäge mümkinçilik berildi (Zeb. 110:3). Millionlarça dogan-uýalar kömekçi pioner boldy. Senem ýygnagyňyzda şeýle şatlygy hem begenji görensiň. Sen hem durmuşyňy biraz üýtgedip, birnäçe aý kömekçi pioner bolup bilersiňmi? Şonda her günüň soňunda: «Ýehowa, men saňa bar güýjüm bilen gulluk etdim» diýip bilersiň.
15. Mekdepde okaýan ýaş mesihçi öňünde näme maksat goýup biler?
15 Eger sen tizden orta mekdebi gutarýan bolsaň, megerem, seniň jan-saglygyň gowudyr we borçlaryň onçakly köp däldir. Eýsem, sen pionerleriň hataryna goşulmak barada çyndan oýlanyp gördüňmi? Elbetde, mekdep mugallymlaryň seniň aladaňy edip, ýokary bilim almagyňy we uly wezipede işlemegiňi isleýändir. Olar adama we baýlyga bil baglaýarlar. Olaryň bil baglaýan zatlarynyň gelejegi ýok. Eger Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýsaň, wagtyňy paýhasly sarp etdigiň bolar we hiç haçan ökünmersiň. Şeýdip Isanyň kämil göreldesine eýerersiň. Şeýle paýhasly karar seni bagtly eder we gorar. Diýmek, sen Ýehowa özüňi bagyş edip, şoňa görä-de ýaşamagy ýüregiňe düwüpsiň (Mat. 6:19—21; 1 Tim. 6:9—12).
16, 17. Mesihçiler Ýehowa gulluk etmek babatda nähili soraglaryň üstünde oýlanmaly?
16 Şu günler Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi maşgalasyny eklemek üçin köp sagatlap işlemeli bolýar. Ýöne käbirleri gereginden artyk işleýän bolmagy mümkin (1 Tim. 6:8). Bu dünýä bizi birgiden harytlary almaga we bazarda peýda bolýan her bir täze enjamy edinmäge höweslendirýär. Hamala, şol zatlar bolmasa, ýaşap bolmajak ýaly. Emma hakyky mesihçiler Şeýtanyň dünýäsiniň badyna hallan atyp ýörmeýärler (1 Ýahýa 2:15—17). Dünýewi işinden pensiýa çykanlar bolsa, Ýehowa gullugy birinji orunda goýup, wagtyny pioner gullugyna sarp etse, gowy bolmazmy?
17 Ýehowanyň her bir wepaly gullukçysy özüne şeýle soraglary berip biler: Meniň esasy maksadym näme? Patyşalygy birinji orunda goýýarynmy? Isa ýaly janymy aýaman gulluk edýärinmi? Isanyň maslahatyna eýerip, hemişe yzyna düşýärinmi? Hoş habary köpräk wagyz etmek ýa-da beýleki ruhy işlere gatnaşmak üçin durmuşymy üýtgedip bilerinmi? Häzir köpräk gulluk etmäge mümkinçiligim bolmasa-da, jan aýaman gulluk etmegi dowam edýärinmi?
«ISLEMEK HEM-DE EMELE GETIRMEK»
18, 19. Sen näme barada doga edip bilersiň? Şeýle dogalar näme üçin Ýehowany begendirýär?
18 Hudaýyň yhlasly gullukçylaryny görmek nähili begendirýär! Ýöne käbir mesihçiler men başarmaryn öýdüp, mümkinçiligi bolsa-da, pioner bolup gulluk etmeýärler ýa-da pioner gullugyna başlamaga islegi ýok (Müs. çyk. 4:10; Ýerem. 1:6). Şeýle bolsa näme edip bolar? Ýehowa bu barada doga et. Pawlus resul imandaşlaryna: «Sizde hem islemegi, hem-de emele getirmegi hasyl edýän Hudaýdyr» diýdi (Flp. 2:13). Diýmek, köpräk gulluk etmäge islegiň bolmasa, onda Ýehowadan hem isleg, hem ukyp bermegi dile (2 Pet. 3:9, 11).
19 Nuh, Musa, Ýeremiýa, Pawlus we Isa wepaly adamlardy. Olar wagtyny we güýjini Ýehowanyň hökümlerini yglan etmäge bagyş etdiler. Olar özüne hiç bir zada päsgel berdirmediler. Häzirki dünýäniň soňy örän golaý. Biz hem ömrümizi Ýehowa bagyş etdik, şonuň üçin şu ajaýyp mysallardan görelde almak üçin güýjümizi gaýgyrmaly däl (Mat. 24:42; 2 Tim. 2:15). Olaryň göreldesine eýerip, Ýehowany begendireris we ençeme berekedini alarys (Malaki 3:10-y okaň)a.
a Malaki 3:10 Meniň öýümde azyk bolar ýaly, ammaryma ähli zatdan ondan birini getiriň-de, meni synap görüň — diýip, gökleriň Hökümdary Ýehowa diýýär — şonda seniň üçin gökleriň böwetlerini açyp, bol bereketleri eçerin welin, hiç zada mätäç bolmarsyňyz.
[21-nji sahypadaky surat]
Adamlar Nuhy diňlemediler
[24-nji sahypadaky surat]
Pionerleriň hataryna goşulmak barada çyndan oýlanyp gördüňmi?